Hatyja binti Huweýlid at bilen meşhur hezreti Hatyjanyň (radyýallahu anha) kakasy Huweýlid kureýşiň esed urugyndandyr. Ejesiniň ady Fatyma binti Zaidedir. Hezreti Hatyja (r.a) Älemleriň Serweriniň (s.a.w) pygamberligini tassyk eden ilkinji musulmandyr hem-de ähli müminleriň enesidir.
Allanyň Resulyna (s.a.w) tüýs mynasyp ýanýoldaş bolup biljek häsiýetde ýaradylan hezreti Hatyja (r.a) yslam dinine girmek bagtyna miýesser bolmazdan öň hem nadanlyk döwrüniň batyl düşünjelerinden daş durup, ruhy päkligiň içinde ýaşapdy. Resulallany (s.a.w) ynamdar, ygtybarly kişi diýip ykrar eden mekgeliler hezreti Hatyjanyň hem adyny «tämiz, päkize» diýen manyda «Tahire» diýip tutardylar.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Hatyja (r.a) enemize aýratyn wepadarlyk görkezip, onuň hormatyny beýleki aýallaryndan has ileri tutardy. Oňa bolan sarpasy şeýle bir belentdi, hatda bu ýagdaý hezreti Aýşäniň (r.a) zenan näzikligine täsir edip, ynjalyksyzlanmagyna sebäp bolardy. Şonuň üçin hezreti Aýşe muny häli-şindi Pygamberimize (s.a.w) ýatladyp durardy.
Hezreti Hatyja (r.a) Resulallanyň (s.a.w) ilkinji ýanýoldaşy bolup, Pygamberimiziň (s.a.w) Ybraýym diýen oglundan galan perzentleriniň ejesidir. Ol bütin hanymanyny Resuly-Ekremiň (s.a.w) hak ýoly ugrunda sarp edipdi. Hezreti Hatyja (r.a) Pygamberimiz (s.a.w) bilen goş birikdirmezden öň iki gezek durmuşa çykypdy. Ol ilki Ebu Hale ibn Zürare bilen toý tutýar. Ol dünýeden gaýdansoň, Atik ibn Abide barýar. Ondan Hind we Hale atly iki perzendi dünýä inýär. Hezreti Hatyjanyň (r.a) bu iki perzendi soň-soňlar Pygamberimiziň (s.a.w) çagalary bilen hem bilelikde ýaşapdyrlar.[1]
Hezreti Hatyja (r.a) enemiz bilen Resulallanyň (s.a.w) toýy pygamberlikden on bäş ýyl öň bolup geçýär. Şol wagtlar Pygamberimiz (s.a.w) ýigrimi bäş, hezreti Hatyja (s.a.w) bolsa kyrk ýaşlaryndady.
Tanyşmaklyga barýan ýolda
Kähalatlarda garaşylmadyk bir waka ynsanyň durmuşynda täze öwrülişigiň bolup geçmegine täsir edip bilýär. Ýerlikli, asylly ädilen ýekeje ädim ynsanyň ýüreginde hemişelik orun almaga sebäp bolup bilýär. Ine, Adamzadyň Göz-Guwanjy (s.a.w) bilen zenanlyk äleminiň soltany hezreti Hatyjanyň (r.a) tapyşmagyna sebäp bolan hem ýerlikli, asylly hereketden ybarat bir ýa-da birnäçe wakadyr.
Özünden öňki gelip-geçen pygamberleriň çopanlyçyk edişi ýaly, Pygamberimiz (s.a.w) hem ýetginjek wagty goýun bakardy. Has soňra Ol (s.a.w) başga biri bilen şärikleşip, düýe bakmaga başlaýar. Bir gezek hezreti Hatyjanyň uýasy bir iş üçin Pygamberimiziň (s.a.w) düýelerini kireýine tutýar. Şonda ol Resulalla (s.a.w) hem-de onuň şärikdeşine biraz bergili bolup galýar. Şonuň üstünden birneme wagt geçenden soňra şärikdeşi Resulalla (s.a.w) ýüzlenip, şol aýalyň ýanyna gitmegi hem-de galan algylaryny soramagy teklip edýär. Emma Pyagmberimiz (s.a.w): «Men soramaga utanýaryn, iň gowusy sen gidip sorasaň» diýenden soň, şärikdeşi gidip, galan bergini üzlüşmegi soraýar. Hezreti Hatyjanyň (r.a) uýasy gelen kişiden «Hany, Muhammet ýokmy?» diýip soranda, ol: «Oňa aýtdym, emma algysyny sorap gelmäge ejap etdi, şonuň üçinem men geldim» diýýär. Şonda hezreti Hatyjanyň (r.a) uýasy «Ömrümde Onuň (s.a.w) ýaly edepli, namysjaň kişi görmedim» diýýär. Bolup geçen bu waka hem-de uýasynyň aýdan sözleri hezreti Hatyjada çuňňur täsir galdyrýar.
Hezreti Muhammet (s.a.w) ahlagy küle çöken, zynanyň we şoňa meňzeş birtopar gabha işleriň rowaç bolan jemgyýetiň içinde önüp-össe-de, pygamberligine çenli ýaşan döwründe päk ahlagyna, namysyna, edep-haýasyna çirk ýalyjagam tegmil ýokdurmandy. Oglanjyk wagty iki gezek toý görmäge diýip gidip, ikisinde-de ýolda uklap galandygyny hut Özi gürrüň berýär. Ynsanyň nebsi arzuwlarynyň iň güýçli wagty bolan ýigrimi bäş ýaşyndaka ýaşy kyrka baran, ýaşlygyndan dul galan, iki çagaly Hatyja enemize (r.a) öýlenen Pygamberimiz (s.a.w) nika gyýylýan pursaty utanjyndan burçak-burçak derländigini, mübärek ýüzüniň nar ýaly gyzarandygyny taryh kitaplary beýan edýär. Uzak ýola sapara gidýän kişiler «Gyzymy, aýalymy, ar-namysymy göz-gulak bol diýip kime tabşyryp gitsemkäm?!» diýip pikir edenlerinde, göz öňlerinde ilki bilen edep-ekramyň, ýagşy ahlagyň nusgasy bolan bu ýigidiň keşbi janlanýardy.
Belki-de, Ol (s.a.w) hakynda eşidýän öwgüli gürrüňlerden täsirlenen bolsa gerek, hezreti Hatyja (r.a) mundan beýläk sapara ýollajak kerwenlerini Pygamberimize (s.a.w) ynanmak hakynda köp oýlanýardy. Sebäbi hezreti Muhammet (s.a.w) mekgelileriň arasynda aňrybaş ynamdarlygy hem-de tämiz ahlagy bilen adygypdy. Mekgäniň bütin ýaşaýjylary oturan-turan ýerlerinde Onuň (s.a.w) dogruçyllygy, ähtibarlylygy barada gürrüň edýärdiler. Şol wagtlar hezreti Hatyjanyň (r.a) söwda dolanyşygynda ummasyz haryt jemlenipdi. Onuň şol gezekki ýollamak isleýän ýüküni äkitjek kerwen bütin kureýşlileriň üýşüp çykarjak kerwenine barabar bolup, satlyk harydy hem şonçady.
Kowmunyň arasynda asylzadalygy, akyllylygy bilen tanalýan hezreti Hatyja ýaşlygyndaky juwan gözelligini gorap saklan görmegeý zenandy. Ol şol wagta çenli iki gezek durmuşa çykypdy, emma ikisinde-de ýanýoldaşy aradan çykypdy. Söwdasynyň gerimi giň bolansoň, bu işi ýeke özi ýörederden ejizdi. Şonuň üçin ol (r.a) bu gezek hezreti Muhammede (s.a.w) ýöneldi. Çünki şol wagtlar araplarynda arasynda ynamdarlykda, ar-namyslylykda, asylzadalykda, gözel ahlaklylykda hezreti Muhammede (s.a.w) taý gelip biljek kimse ýokdy. Köp wagt geçmänkä, kerwen sapara çykmaga taýýarlanyldy. Hezreti Hatyja (r.a) hyzmatkäri Meýseräni hem Resulallanyň (s.a.w) ýanyna goşup, onuň bilen iberdi.
Saparyň dowamynda bolup geçen täsin hadysalar
Kerwen ýola düşdi. Allatagalanyň ýaradan barlyklarynyň iň Haýyrlysy (s.a.w) bu kerweniň ýolagçylarynyň baştutanydy. Kerwen az ýöräp, köp ýöräp, Busra şäherçesine bardy. Pygamberimiz (s.a.w) baryp, on iki ýaşyndaka agasy Ebu Talyp bilen bu ýere gelip görüpdi. Agyr kerweniň başyny çekip gekýän Pygamberimiz (s.a.w) Busra ýetende ýörelen uzak ýoldan soň kerwen mazaly ýadapdy. Ol (s.a.w) düşlemegi makul bilensoň, kerwendäkiler bu şäherçäniň kilisesine ýakyn bir ýerde goş ýazdyrdy. Pygamberimiz (s.a.w) bir agajyň kölegesine geçip, dynç almaga oturdy. Şol wagt kilise tarapdan gelen bir ruhany hezreti Hatyjanyň hyzmatkäri Meýseräniň ýanyna bardy. Ondan agajyň astynda oturan kişiniň kimdigini sorady. Meýsere-de Onuň (s.a.w) kureýş taýpasynyň mukaddes Käbä hyzmat edýän urugyndan bir ýaş ýigitdigini aýtdy. Meýsereden bu jogaby eşiden ruhany tolgunyp: «Bu agajyň astynda pygamberlerden başga hiç kim oturmaz. Bu agajyň kölegesi gadymdan bäri pygamberleriň düşläp geçýän ýeridir. Olar bu ýere gelenlerinde, hut şu ýerde dynç alarlar. Olardan başga hiç kim bu agajyň astynda oturmaz!» diýdi.
Soňra ruhany saýada dynç alyp oturan hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna baryp, Onuň (s.a.w) mübärek başyndan we aýaklaryndan öpdi. Yzyndanam Oňa (s.a.w) garap şeýle diýdi: «Saňa iman getirdim. Seniň Allatagalanyň Töwratda tarypyny edýän pygamberidigine şaýatlyk edýärin!» Ol Resulallanyň (s.a.w) arkasyndaky pygamberlik möhürini görende, bu möhri öpdi we «Seniň Isa (a.s) pygamberiň buşlan ümmi pygamberidigine, Allanyň iberen ilçisidine şaýatlyk edýärin!» diýdi.
Bu saparyň dowamynda başga-da birnäçe täsin hadysalar bolupdy. Bütin ýolagçylygyň dowamynda bulut şekilindäki iki sany perişde hezreti Pygamberimizi (s.a.w) kölegeläp, Ony Günden gorap gezdiler. Meýsere muny saparyň başyndan bäri haýran galyp synlap gelýärdi. Şol gezekki Şam saparynda Resulallanyň (s.a.w) eden söwdasy diýseň şowly bolupdy. Onuň gören peýdasyny şol güne çenli edilen söwdalar bilen deňeşdireniňde, aratapawudy örän köpdi.[2]
Meýsere saparyň başyndan tä soňuna çenli hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) her bir hal-hereketini synlap gezdi. Onuň (s.a.w) ýoldaşyna wepalylygyny, ýerlikli gepini-sözüni, jomartlygyny, geçirimliligini, päspälligini, her bir hereketindäki asyllylygyny, Busrada ruhanynyň Ol (s.a.w) hakynda aýdan sözlerini we beýleki gören-eşiden ähli zadyny sapardan gaýdyp gelenlerinde hezreti Hatyja birin-birin gürrüň berdi. Ýogsa-da, bir kişiniň asyl kimligi onuň bilen söwda-satyk edeniňde ýa-da uzak ýolda ýoldaş bolanyňda belli bolmaýarmy eýsem?!
Munuň ýaly kämil ahlak sypatlarynyň bir bölegi aýry-aýry adamlarda bolup bilýär. Emma iň gowy gylyk-häsiýetleriň hemmesiniň bir ynsanda jemlenmegi şol wagta çenli görlen zat däldi. Çünki Kuranda-da beýan edilişi ýaly, Resulalla (s.a.w) iň kämil ahlakda ýaradylypdy. Onuň (s.a.w) ümmi[3] bolmagy-da munuň anyk subutnamasydyr. Ýagny her bir kişini özi ýaly ynsan terbiýeleýär, her bir adamyň hereketleri başga bir ynsan tarapyndan ugrukdyrylýar. Emma Ol (s.a.w) gönüden-göni Älemleriň Ýaradyjysy tarapyndan terbiýelenensoň, başga birinden bir zatlar öwrenmegine mätäçligi ýokdy. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Özüniň üstün taraplary, ýagny Rahmanyň ahlagyny Ýer ýüzüne ýaýmak ýaly mukaddes jogapkärli wezipesinden şöhlelenýän ajaýyp ahlagy bilen töweregini haýran galdyrýardy, olary Özüne imrindirýärdi.
Bagtyýar ojagyň düýbi tutulýar!
Ine, şol wagtyň söwdasynda henize çenli görülmedik ummasyz peýda bilen Mekgä dönen Muhammedül-Emin (s.a.w) bilen baglanyşykly täsin wakalary diňlän hezreti Hatyja (r.a) kalbynyň gün-günden Oňa (s.a.w) imrinýändigini, Oňa (s.a.w) barha mähriniň inýändigini duýup başlady. Ýogsa-da, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýaly deňi-taýy bolmadyk ýaş ýigide kim höwes etmez öýdýäň?!
Öňki ýanýoldaşlary aradan çykandan soň hezreti Hatyja (s.a.w) gaty köp sözaýdyjy gelipdi, kureýşiň men diýen kişileri onu duluna geçirjek bolup, jan edipdiler. Hezreti Hatyja (r.a) bolsa şol wagtlar durmuşa çykmagy ymykly goýbolsun edip, gelenleriň hijisiniň sözüni almandy. Emma durmuş ýoly Muhammedül-Emin (s.a.w) bilen kesişenden soňra bu mübärek zenan Onuň (s.a.w) goş birikdirmegi, Onuň (s.a.w) saýasynda saýalamagy ýürekden arzuw edip ugrady.
Şol güne deňiç gelen sawçylary yzyna gaýtaran hezreti Hatyja (r.a) bu gezek durmuş gurmagy özi teklip etmeli bolupdy. Bu bir zenan maşgala üçin, ylaýta-da kureýşiň asylzada zenany hezreti Hatyja (r.a) üçin örän kyn ýagdaýdy. Emma ol ähli abraý-mertebesini orta goýup, il-günüň etjek gep-gürrüňini-de hije saýyp, bu teklibi etmegi ýüregine düwdi. Ol ýakyn syrdaşy bolan Nefise atly jorasyny hezreti Muhammediň (s.a.w) ýanyna iberip, Onuň (s.a.w) bu baradaky pikirini bilmegi tabşyrdy.
Nefise haýal etmän, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gitdi. Ol ilki hezreti Muhammediň (s.a.w) öýlenmek niýetiniň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek isledi. Resulalla (s.a.w) hem öz deňi, diýen maşgalasy gabat gelse, öýli-işikli bolmak niýetiniň ýok däldigini syzdyrdy. Nefise bu pursaty sypdyrmady. Ol hezreti Hatyjanyň (r.a) özüni hut şeýle teklip bilen iberendigini, onuň hezreti Muhammetde (s.a.w) göwnüniň bardygyny aýtdy. Hezreti Hatyjany öňden bäri tanaýan, galyberse-de täzelikde kerwenine baş bolup, sapara gidip-geleli bäri onuň asylzada, jomart, mertebeli zenandygyna hasam oňat göz ýetiren hezreti Muhammet (s.a.w) bu teklibe razylyk berdi. Bu hoş habary hezreti Hatyja (r.a) ýetiren Nefise olaryň görüşmegi üçin wagt belledi.
Hadys kitaplarynda biri-biri bilen görşenlerinde, hezreti Hatyja (r.a) enemiziň hezreti Pygamberimize (s.a.w) gözel ahlaklylygy, ynamdarlygy, dogruçyllygy üçin durmuşa çykmak isleýändigini aýdandygy beýan edilýär. Edep-haýanyň janly heýkeli hezreti Pygamberimiz (s.a.w) bu sözleri diňleýän pursaty, kim bilýär, utanjyndan nähili gyzarandyr!
Bir hadysa görä, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) kakasynyň dogany Ebu Talyp, başga bir hadysa görä hezreti Hamza (r.a) şol günüň ertesi hezreti Hatyjanyňka (r.a) sawçylyga barypdy. Şeýlelikde, hezreti Hatyja (r.a) erkek kişileriň içinde iň haýyrlysy hezreti Muhammedül-Emin (s.a.w) bilen, hezreti Muhammedül-Emin (s.a.w) hem zenanlyk äleminiň soltany hezreti Hatyja (r.a) bilen tapyşypdy!
Bu iki eziz ynsanyň resmi nikasyny gyýmak üçin mudar taýpasynyň kethudalary, Mekgäniň atly ýaşululary hem hormatlanylýan adamlary olaryň toýuna geldiler. Hezreti Hatyja (r.a) wekilçiligini kakasynyň dogany Waraka bin Newfele beripdi. Ebu Talyp bolsa hezreti Pygamberimize (s.a.w) wekilçilik edýärdi. Ol toý dabarasynda köpçülige ýüzlenip, şeýle diýdi:
– Bizi Ybraýymyň (a.s) hem-de Ysmaýylyň (a.s) neslinden kylan Alla hamdy-senalar bolsun! Ol bize Öz mukaddes Öýüniň goragçylary, Hareminiň sakçylary bolmak mertebesini bagyş etdi. Ol biziň üçin haj edilýän Beýtullany, ygtybarly mekan hökmünde Haremi nesip eýledi. Bizi halkyň häkimi kyldy. Mundan soňra aýtjak zadym, doganymyň ogly Muhammet islendik kişi bilen deňeşdirilse, deňeşdirilen her bir kişiden artykmaçdyr. Dogry, maly-mülki ýok, emma Ol ýene-de üstündir! Çünki baýlyk diýeniň wagtlaýyn zat. Hemişe adamyň üstüni alyp durmaýar. Muhammet siziň iň ýakyn garyndaşyňyzdyr. Ol Huweýlidiň gyzy Hatyja öýlenmek isleýär. Bir bölegi nagt, galany ýakynda üzmek şerti bilen on iki ýarym okka[4] altyn galyň berýär. Şuny Alladan kasam edip aýdýaryn: Onuň gelejegi örän uludyr. Ol beýik işleri amala aşyrjakdyr!
Ondan soňra hezreti Hatyjanyň wekili Waraka bin Newfel söz aldy:
– Siziň ýap-ýaňy aýdyp geçişiňiz ýaly, bize bu beýik mertebeleri bagyş eden, bizi şeýle at-abraýly kylan, üstümize sansyz lutuflaryny eçilen Alla hamdy-senalar bolsun! Biz araplaryň kethudasy hem-de olaryň dolandyryjysydyrys. Siz hem bu wasplaryň ählisine eýesiňiz. Taýpamyz siziň artykmaçlygyňyzy inkär etmeýär. Adamlaryň hiç birisi siziň buýsanmaga hakly bolan üstün taraplaryňyzy, mertebäňizi ret etmeýär. Biz hem siziň bilen garyndaşlyk açmagy özümize abraý bildik. Siziň adyňyz, mertebäňiz bilen öwünmegi arzuw etdik. Eý, kureýş jemagaty! Şaýat boluň, men Huweýlidiň gyzy Hatyjany Abdullanyň ogly Muhammede nikalap berdim!
Tebigaty wepadarlyga ýugrulan Resulalla (s.a.w) toýuna süýt enesi Halymany hem çagyrmagy unutmady. Şonda Onuň (s.a.w) mübärek ýanýoldaşy hezreti Hatyja (r.a) Älemleriň Buýsanjyna (s.a.w) süýt emdirmek ýaly mertebä eýe bolan bu bagtyýar aýala kyrk sany goýun berdi. Halyma öýüne dönende, hezreti Hatyjanyň beren goýunlaryny öňüne düşürip alyp gaýdypdy. Hezreti Hatyjanyň (r.a) bu jomartlygy är-aýalyň arasyndaky mähir-muhabbetiň artmagy, biri-birilerine hasam ýakynlaşmagy jähetinden örän ýerliklidir.
Toýdan soňra
Uly şatlyk-şagalaň bilen geçen toýdan soňra Resulalla (s.a.w) täjirçiligini hezreti Hatyjanyň (r.a) mal-döwleti bilen dowam etdirdi. Allatagala munuň üsti bilen ilçisi hezreti Muhammedi (s.a.w) jemgyýetiň ýaşaýyş derejeleriniň ählisinden birin-birin geçirip, Ony (s.a.w) dürli gatlakdan bolan dürli kärdäki adamlaryň her biri üçin nusgalyk Şahsyýet mertebesine beýgeldýärdi. Ýogsam, çopan bolup görmän çopanlygyň, garyplykda ýaşaman garyplygyň, baý täjir bolup görmän baýlygyň, söwdanyň we ş.m. ýagdaýyny adamlara nähili düşündirjek?! Şeýle halda bolan adamlar nähili hereket etmelidigini, özlerini nähili alyp barmalydygyny nireden bilsinler?!
Bu ýagdaý Resulallanyň (s.a.w) köptaraplylygyny, galyberse-de, her bir ynsanyň görelde alyp biljek aňrybaş Nusgadygyny görkezýär. Bu bolsa Onuň (s.a.w) bütin adamzada pygamber edilip iberilendigini tassyklaýan müňlerçe delillerden diňe biridir. Hezreti Muhammediň (s.a.w) şu aýratynlygy beýleki pygamberlere mahsus däldir. Şeýlelikde, Resulallanyň (s.a.w) köptaraplaýyn ukyplylygy Onuň (s.a.w) iň soňky pygamberdigine, bütin äleme iberilendigine özboluşly bir subutnamadyr. Kurany-Kerimiň: «(Eý, müminler) elbetde, siz üçin, Alla we ahyret gününden umydygär bolanlar hem-de Allany köp yat edenler üçin Allanyň Pygamberinde ajaýyp görelde bardyr» («Ahzab» süresi 33/21) diýen mukaddes beýany hem muňa yşarat edýär.
«Resulallanyň (s.a.w) durmuşy adamzat ýaşaýşynyň her bir sahypasy üçin aýratyn nusga, dürli kärlerde, işlerde görelde alynýan çelgi hökmündedir. Çünki Onuň (s.a.w) ýaşaýşy belent ahlaga, ajaýyp gylyk-häsiýetlere, sazlaşykly duýgulara, adamzady azgynlyk girdabyna düşmekden halas eden beýik ruhy gymmatlyklara ýugrulandy.
Eger sen mally-döwletli, baý kişi bolsaň, Resulallanyň (s.a.w) Hijaz bilen Şam aralygynda haryt gatnadan, soňra-da Bahreýniň hazynalaryna eýe bolan döwrüni ýatla we senem Onuň (s.a.w) ýaly hereket etmäge çalyş! Eger sen ýoksul, garyp kişi bolsaň, Resuly-Ekremiň (s.a.w) Ebu Talyp mähellesinde gabawda bolan ýyllaryny, dogduk mekanyny, dünýä malyny terk edip, Mekgeden Medinä hijret eden günlerini ýatla! Eger hökümdar bolsaň, Onuň (s.a.w) bütin araplary birleşdirip, häkimiýetini berkarar kylşyny, atly-abraýly, uç-gyraksyz sähralara höküm edýän serdarlaryň, hanlaryň Oňa (s.a.w) etagat edişini ýatla!»
Eger ejiz, hossarsyz bolsaň, Resulallanyň (s.a.w) Mekgede müşrikleriň elinde tussag kimin ýaşan günlerini ýatla! Ondan ybrat al!
Eger şanly, ýeňilmezek hökümdar bolsaň, Resulallanyň (s.a.w) Bedirde, Mekgede we Huneýnde duşmanlaryndan üstün çykan günlerini ýatlap, Onuň (s.a.w) durmuşyny özüňe nusga edin! Eger ýeňilmegiň gussasyny çekýän bolsaň, Uhud söweşinde Pygamberimiziň (s.a.w) ýaraly hem-de şehit bolan sahabalarynyň arasynda hasrat çekişini ýatla! Eger mugallym bolsaň, Onuň (s.a.w) metjidiň dalanynda (suffasynda) talyplaryna ders berýän pursatyny göz öňüňde janlandyr! Eger talyp bolsaň, Onuň (s.a.w) hezreti Jebraýylyň (a.s) huzurynda dyz çöküp, hidaýet isleýşini hyýalyňa getir! Eger nesihat edýän ymam, halkyň ygtybar edýän mürşidi bolsaň, Mesjidi-Nebewide direge ýaplanyp wagyz edýän Resulalla (s.a.w) gulak goý! Eger hiç hili arka tutunjagyň ýok hem bolsa, hakykaty haýkyrmak, ýagşylygy ýaýmak isleýän bolsaň, mazlum halyna, töwereginden ýardam edip biljek hiç kimiň ýokdugyna garamazdan, hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) Mekgede adamlary dogry ýola çagyrmagyny dowam etdirýän, dinini äşgär yglan edýän günlerini ýatla! Eger duşmanyňy ýeňlişe sezewar etmegi, boýun egdirmegi, ony ýer bilen ýegsan etmegi başarsaň, seniň gazanan bu ýeňşiň saýasynda hakykat mynasyp ýerine otursa, batyl hem ýok bolup gitse, tutan ýoluň berkarar bolsa, onda Resulallanyň (s.a.w) Mekgäni eýelän, ýeňiş bilen dogduk şäherine giren gününi ýatla!
Eger işleriňi ýola goýmak, ekin meýdanlaryňy bereketli topraga öwrüp, ondan bol hasyl almak isleseň, Resuly-Ekrem (s.a.w) jöhitleriň nadirogullary taýpasynyň, Haýberiň, Fedegiň topraklaryny eýelände, Onuň (s.a.w) bu ýerleriň ekerançylygyny nähili düzgün ýola goýşy hem-de bu topraklary iň oňat hasyl alyp biljek kişilere tabşyryşy hakynda pikir et! Eger sen ýetim bolsaň, hezreti Emine bilen hezreti Abdullanyň jigerbendi barada oýlan! Ol (s.a.w) heniz dogmanka kakasyny, ýaňy alty ýaşynda ejesini ýitiripdi. Eger sen kiçijik çaga bolsaň, söýgüli süýt enesi Halymanyň emdiren Balasyny ýatla! Eger ýetginjek bolsaň, mekgeli ýetginjegiň çopançylyk edişi hakynda oka! Eger harytlaryny kerwene ýükläp, sapara gatnaýan täjir bolsaň, Busra tarap ýola çykan kerweniň Kerwenbaşysyny tana! Eger ylalaşdyryjy, araçy ýa-da kazy bolsaň, entek yslam Güneşi dogmanka, kureýşiň kethudalarynyň Hajerül-Eswedi ýerine goýmagyň üstünde dawa turzup, biri-birilerine gylyç çekjek bolup durkalar, Onuň (s.a.w) gelip, her kimiň razy bolan çözgüdi tapyşyny gör! Soňra-da daş-töweregiňe göz aýla-da, Onuň (s.a.w) Medinede, metjidiň howlusynda halkyň arasynda adalat bilen höküm berşine syn et! Onuň (s.a.w) huzurynda baý bilen garyp des-deňdi. Eger öýli-işikli maşgalabaşy bolsaň, hezreti Hatyjanyň (r.a), hezreti Aýşäniň (r.a) Adamsynyň nusgalyk durmuşyny, belent ahlagyny görelde edin! Eger çagalaryň kakasy bolsaň, hezreti Fatymatüz-Zehranyň (r.a) kakasynyň, hezrreti Hasanyň (r.a), hezreti Hüseýniň (r.a) babasynyň özüni nähili alyp barşyny gör!
Mahlasy, kim bolsaň bol, islendik hünäriň eýesi bol, tapawudy ýok, ýaşan ömrüňde günüň islendik sagadynda Resulallanyň (s.a.w) ýaşaýşynda saňa dogry ýoly görkezýän, durmuşyň garaňky sahypalaryny ýagtyltjak ajaýyp mysallar bardyr. Oňa (s.a.w) eýersiň, işleriň ugrugar, müşgilleriň asan bolar. Onuň (s.a.w) ýol görkezmegi bilen ýalňyşlyklaryňy hem düzedersiň.
Onuň (s.a.w) durmuşy bütin adamzada ýaşaýşyň her bir sahypasynda nusga edinerlik derejededir. Onuň (s.a.w) ýaşan ömri zulmatdan ýagtylyga çykmak isleýänler üçin nur, hak ýola gowuşmak isleýänler üçin çyrag, egrini-dogryny saýgaryp, hakykata göz ýetirmek isleýänler üçin bolsa bir ülňüdir».[5]
Resulallanyň (s.a.w) ýaşaýyş terzi ýewropalylaryň hem ünsüni çekipdir we taryhda yz goýan şahsyýetleriň sanawynda birinji orunda goýulmagynyň esasy sebäbi bolupdyr. Maýkl Hart musulman däl hem bolsa, ýazan kitabynda hezreti Pygamberimizi (s.a.w) meşhur şahsyýetleriň arasynda ilkinji orna goýmagynyň sebäbiniň Onuň (s.a.w) her bir ynsanyň nusga edinmeli ýaşaýşydygyny şu sözleri bilen beýan edýär: «Hezreti Muhammet hezreti Isanyň tersine, dünýewi taraplary-da bolan kişidir. Ol hem ýanýoldaş, hem ata, hem söwda bilen meşgullanan täjir, hem goýun bakan çopan, hem söweşe gatnaşan urşujy, uruşda ýaralanan, kesellän….. netijede ölmek ýaly aýratynlyga eýe bolan ynsan…»[6]
Garyp wagtynda-da, baý wagtynda-da Resulallanyň (s.a.w) şol bir bolşudy. Mal-döwleti artandan soň hem bir bolşundan üýtgemedi. Hiç haçan halallykdan aýrylmady. Bir üýtgän zat, ol hem adamlara edýän ýardamynyň mukdarydy. Öň ýagdaýynyň ýetdiginden az berýän bolsa, indi edýän haýyr-sahawatyny has köpeldipdi.
Bagyş edilen ogullyk
Hezreti Hatyja (r.a) baý zenan bolansoň, onuň hem öýünde birnäçe guly bardy. Zeýd bin Harise (r.a) hem şolaryň biridi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ony örän gowy görerdi. Muny gözünden sypdyrmadyk hezreti Hatyja (r.a) Resulallanyň (s.a.w) göwnüni almak üçin Zeýdi (r.a) Oňa (s.a.w) bagyş etdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem Zeýdi (r.a) azat eýläp, ony ogullyk edindi. Şondan soň her kim hezreti Zeýde (r.a) Pygamberimiziň (s.a.w) ogly hökmünde garap başlady.
Resulallanyň (s.a.w) hezreti Alyny (r.a) ýanyna almagy
Resulalla (s.a.w) atasy Abdulmuttalyp aradan çykandan soňra, kakasynyň dogany, hezreti Alynyň (r.a) kakasy Ebu Talybyň öýünde ösüp-ulalypdy. Pidakär adam bolan Ebu Talyp gün-güzeranyny zordan aýlaýandygyna garamazdan, Pygamberimizi (s.a.w) ýanyna alypdy. Ony atalyk mähri bilen bagryna basan Ebu Talyp öz çagalaryndanam eý görüpdi. Oňa ýetimligiň hasratyny çekdirmejek bolup, elinden gelenini edipdi.
Resulalla (s.a.w) öýlenenden soňra hezreti Hatyjanyň (r.a) mal-döwleti bilen eli hasam giňäpdi. Wepadarlykda nusgalyk Ynsan (s.a.w) hem özüne edilen ýagşylygy, heý-de unudarmy?! Ol (s.a.w) agasynyň ogly Alyny ýanyna alyp, öýünde terbiýeläsi, oňa hossarlyk edesi, şeýtmek bilen agasynyň eden ýagşylygyny ýerine salasy gelýärdi. Resulalla (s.a.w) bu niýetini hezreti Hatyja ýaňzydanda, adamsynyň sarpasyny ähli zatdan ýokarda goýýan wepaly zenan kalbyna zerre ýalyjagam melal getirmän, Onuň (s.a.w) islegini oňlady hem-de haýal etmän gidip, Alyny öýlerine getirmegini aýtdy. Şondan soň Pygamberimiz (s.a.w) gidip, kiçijik Alyny alyp, öýüne getirdi, ony atalyk mähri bilen gurşap, üstüne kökenek boldy. Olar tä ömürleriniň soňuna çenli ataly-ogul ýaly bolup gezdiler. Aslynda hezreti Hatyja (r.a) Alynyň özleri bilen bile ýaşamagyna garşy çykaýanda-da, geňirgenip oturylasy zat ýokdy. Emma binýady söýgä, çuňňur mähir-muhabbete ýugrulan bu maşgalada hezreti Hatyja (r.a) adamsynyň her bir islegini öz islegi diýip bilýärdi. Başgaça aýtsak, ol öz göwnüni hiç edip, Resulallanyň (s.a.w) göwnüni täç edinipdi. Bu hal-hereketi bolsa, ony dünýäniň iň belent mertebeli zenany derejesine çykarypdy.
Hezreti Hatyjanyň (r.a) Resulalladan (s.a.w) bolan perzentleri
Toýdan soňra hezreti Hatyjanyň (r.a) öýi dünýäniň iň bagtyýar ojagyna öwrülipdi. Ýetim ulalan Pygamberimiz (s.a.w) gün geçdigiçe kaka bolmaga taýýarlanýardy. Köp wagt geçmänkä-de Resulallanyň (s.a.w) ilkinji perzendi, ady kakasynyň lakamyna öwrüljek Kasym dünýä indi. Şondan soňra mekgeliler hezreti Pygamberimize (s.a.w) «Ebul-Kasym» diýip ýüzlenip başladylar.
Resulallanyň (s.a.w) hezreti Hatyjadan (r.a) bolan çagalary Kasym, Abdulla, Zeýnep, Rukiýe, Ümmi Gülsüm hem-de Fatymadyr. Kasym bilen Abdulla heniz çagaka aradan çykýarlar. Emma gyzlary ösüp ulalýarlar, kämillik ýaşyna ýetenlerinden soňra-da durmuşa çykdylar.
Pygamberimiz (s.a.w) uly gyzy hezreti Zeýnebi (r.a) Ebul As bin Rebiýa durmuşa çykarýar. Emma adamsy müşrik bolansoň, Medinä hijretden soňra hezreti Zeýnep (r.a) onuň bilen aýrylyşýar. Emma Ebul As musulman bolandan soňra olar ýene-de goş birikdirýärler.
Rukiýe bilen Ümmi Gülsüm Ebu Lehebiň Utbe hem-de Uteýbe atly ogullary bilen goş birikdiripdiler. Emma yslam dini gelenden soňra jähennemlik Ebu Leheb hezreti Pygamberimize (s.a.w) bolan duşmançylygy sebäpli, ogullaryny Resulallanyň (s.a.w) gyzlary bilen aýrylyşdyrypdy. Has soňra bu iki mübärek gyz Resuly-Ekremiň (s.a.w) üçünji halyfy, edep-haýanyň janly heýkeli hezreti Osmana (r.a) barypdylar. Ilki hezreti Rukiýe (r.a), ol dünýeden gaýdandan soňra-da hezreti Ümmi Gülsüm (r.a) bu mübärek sahaba bilen goş birikdirýär. Hezreti Resulallanyň (s.a.w) iki gyzyny almak bagtyna eýe bolandygy sebäpli, hezreti Osmana (r.a) «Zinnureýn» (iki nuruň eýesi) hem diýilýär.
Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) körpe gyzy hezreti Fatyma (r.a) bolsa, hezreti Ala (r.a) durmuşa çykýar. Resulallanyň (s.a.w) hezreti Fatymadan (r.a) galan ähli perzendi Onuň (s.a.w) özünden öň dünýeden ötýär. Resuly-Ekremiň (s.a.w) mübärek şejere daragty hem bu gyzyndan dowam edýär.
Hezreti Muhammede (s.a.w) ylahy wezipe berilýär!
Agyr ümsümlige bürenen älem-jahan baryp-ha döräli bäri sabyrsyzlyk bilen Serwerine (s.a.w) garaşýardy. Emma her bir zadyň öz wagty bardy. Wagty bolsa ony ýaradan Allatagala sazlaýardy. Pygamberligiň ilkinji alamatlarynyň bildirip ugran günleri hezreti Muhammet (s.a.w) Mekgeden çykyp, şäheri etekläp oturan Hira dagyna gidýärdi we Ýer ýüzüniň ilkinji kyblasy Käbeýi-Muazzamany arkaýyn synlap bolýan dag gerşine çykyp, şol ýerdäki gowakda bolýardy. Ol bu ýerde biygtyýar örän jogapkärçilikli wezipä taýýarlanylýardy. Çünki Ol mundan habarsyzdy. Onsuzam pygamber saýlanan adama pygamber boljagy öňünden habar berilmeýärdi. Bu ylahy wezipe adamlaryň ses bermegi ýa-da kimdir biriniň islemegi bilenem berilmeýärdi. Pygamberlik diňe Alla tarapyn bagyş edilýän ylahy nygmatdyr.
Resulalla (s.a.w) azyk-owkatyny ýanyna alyp, uzakly gününi bu gowakda geçirýärdi. Ol (s.a.w) kähalatlarda birnäçe günläp öýüne gelmän, şol ýerde bolardy.
Ahyrynda-da Onuň (s.a.w) egnine külli adamzada pygamber bolmak ýaly agyr jogapkärçilikli wezipäniň ýüklenjek güni gelip ýetdi. Geliň, bu döwürde bolup geçen wakalary hezreti Aýşeden (r.a) diňläliň: «Resulallanyň (s.a.w) görýän salyh düýşleri wahyýnyň ilkinji alamatlarydy. Düýşünde näme görse, gündiziň günortany ýaly oraşan bolýardy. Şol döwürde Ol ýalňyz bolmagy küýseýärdi. Azyk-owkatyny alyp, ýeke özi Hira gowagyna gidýärdi, şol ýerde birnäçe günläp bolup, wagtyny tagat-ybadat bilen geçirýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) azygy gutarandan soň, öýüne gaýdyp, iýip-içgisini alyp, ýene-de gowaga dolanýardy».
Günlerde bir gün Allatagala garaşylmadyk wagtda Oňa (s.a.w) ilkinji ylahy ýüzlenmesini iberdi. Resulalla (s.a.w) Hira gowagynda otyrka, birdenkä perişde peýda bolýar we Oňa: «Oka!» diýdi. Resulalla (s.a.w): «Men okap bilemok» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) bu hadysany şeýle gürrüň berýär: «Perişde meni gujaklap, güýç bilen bagryna basdy. Soňra meni goýberip: «Oka!» diýdi. Men: «Okap bilemok» diýdim. Ol meni ýene-de bar güýji bilen bagryna basyp goýberdi-de: «Oka!» diýdi. Menem «Okap bilemok» diýdim. Perişde meni üçünji gezek gujaklap goýberenden soňra «(Eý, Muhammet!) Ýaradan Rabbyň ady bilen oka! (Ol) ynsany gan lagtasyndan ýaratdy. (Eý, Muhammet!) Oka! Seniň fazly-keremi çäksiz bolan Rabbyň (ynsana) galam bilen ýazmagy öwretdi. (Ol) ynsana bilmeýän zadyny öwretdi»[7] diýdi».
Gorkudan ýaňa Resulallanyň (s.a.w) kalby gursagyny ýaryp çykaýjak bolýardy. Onuň bütin süňňi bilen galpyldaýardy. Pygamberimiz (s.a.w) öýüne gelip, hezreti Hatyja (r.a): «Meniň üstümi basyryň, üstümi basyryň!» diýdi. Hezreti Hatyjanyň (r.a) dessine Onuň (s.a.w) üstüni örtdi. Şondan soň Pygamberimiz (s.a.w) rahatlanyp, bedeniniň saňňyldamasy aýryldy. Ol (s.a.w) birneme özüni dürsänden soňra hezreti Hatyja aladaly garap: «Men örän gaýgy edýärin» diýdi. Hatyja enemiz (r.a): «Ýok, ýok, hiç alada etme! Alladan kasam edýärin, Ol seni hiç haçan utandyrmaz. Çünki sen ýakynlaryňa howandarlyk edýäň, kyn günde galanlara ýardam berýäň, aç görseň doýurýaň, ýalaňajy geýindirýäň, myhmanyňa uly hezzet-hormat edýäň. Başyna kyn iş düşene hossarlyk edýärsiň» diýip, hezreti Pygamberimize (s.a.w) göwünlik berdi.
Bu habary eşiden kureýşliler Darun-Nedwede ýygnandy. Olar öz aralarynda: «Eşitdiňizmi?! Muhammede pygamberlik berlipmiş. Oňa ynanýanlaryň sany gün geçdigiçe artýar. Adamlary ondan daşlaşdyrmak üçin näme edip bileris?! Nädenimizde Muhammedi abraýdan gaçyryp bileris?!» diýişdiler. Olaryň biri: «Oňa bilgiç diýeliň» diýdi. Oturanlar: «Ýok, ol bilgiç däl, beýle diýseň hiç kim ynanmaz» diýip, muny unamadylar. Başga biri turup: «Onda oňa mejnun diýeliň» diýdi. «Ol mejnunam däl, mejnunlygyň nämedigini bilýäris ahyry» diýip, oňa-da razy bolmadylar. Ýene biri: «Jadygöý diýsek näderkä?!» diýdi. Oturanlar «Heý, onuň jadygöýe meňzeýän hereketi barmy?! Mundan gep bolmaz» diýişdiler. Ahyrynda-da başga zat tapman:
– Iň gowusy, ony jadygöýlikde aýyplalyň. «Onuň şeýle bir jadylaýjy sözleri bar welin, atany oglundan, aýaly adamsyndan, gyzyny enesinden aýyrýar» diýeliň – diýen karara geldiler. Şeýdibem dargadylar.
Olaryň bu eden maslahaty hezreti Pygamberimize-de (s.a.w) ýetdi. Ol (s.a.w) muny eşidip, örän gynandy. Bir gapdalyna gyşarmak üçin donuny üstüne çekip, başy bilen bürendi. Az salym geçenden soň hezreti Jebraýyl (a.s) gelip, «Eý, bürenip ýatan (pygamber)!»[8], «Eý, dona bürenen (pygamber)! Ýeriňden tur we (halka) duýdur (ýetir)!»[9] diýdi. [10]
Şol günleriň birinde hezreti Hatyja (r.a) Resulallany (s.a.w) Waraka ibni Newfel ibni Esed ibni Abduluzza ibni Kusaýyň ýanyna äkitdi. Hezreti Hatyjanyň (r.a) doganoglany Waraka bin Newfel hristiýan dinini kabul eden, ybrany dilinde okap-ýazyp bilýän, ençeme gadymy kitabyň gatyny agdaran alym kişidi. Ol Injili jöhit diline geçirmäge-de synanyşyk edipdi. Indi onuň ýaşy birçene baryp, gözleri hem çöňňelişipdi. Hezreti Hatyja (r.a): «Eý, agamyň ogly! Men Muhammet bilen geldim. Onuň aýtjak zatlaryny bir diňleseň!» diýdi. Waraka hezreti Pygamberimize (s.a.w) garap: «Eý, agamyň ogly! Nämeler gördüň? Aýt, diňläli» diýenden soň, Resuly-Ekrem (s.a.w) başyndan geçiren wakalaryny bolşy ýaly gürrüň berdi. Waraka durşy bilen gulaga öwrülip, Pygamberimizi (s.a.w) diňleýärdi. Haçanda Ol (s.a.w) sözüni tamamlanda, şeýle diýdi: «Saňa görnen zat, perişdedir. Ol hezreti Musa-da görnüpdi. Käşgä menem ýaş ýigit bolsadym, pygamberligiňi yglan eden günüň ýanyňdan aýrylmazdym. Käşgä kowmuň seni dogduk mekanyňdan kowup çykaran wagty, menem aýatda diri bolsadym» diýdi. Onuň bu sözlerine haýran galan Pygamberimiz (s.a.w): «Eýsem, kowmum meni bu ýerlerden kowjakmy?!» diýip sorady. Şonda Waraka: «Kowmy tarapyndan ýekirilmedik ýekeje-de pygamber ýokdur. Olar hem Seniň getiren diniň ýaly hak din bilen gelipdiler. Nesibäm çekip, şol günlere ýetsem, sana ýardam ederin» diýdi. Emma şondan soň köp wagt geçmänkä, Waraka bin Newfel dünýesini täzeledi. Wahyýyň gelmegi-de bir müddet kesildi.[11]
Waraka bin Newfel Resulalla (s.a.w) iman getiren musulman bolup, Hakyň rahmetine gowşupdy. Hezreti Hatyja (r.a): «Ol Saňa iman getirdi, arman, Seniň pygamberligiňi yglan eden günleriňi görüp bilmedi-dä» diýende, Resuly-Ekrem şeýle diýipdi: «Men ony düýşümde gördüm. Egninde ak lybasy bardy. Eger ol jähennemlik bolsady, ak däl-de başga reňkli geýimde görnerdi».[12]
Wepaly ýanýoldaş
Resulallanyň (s.a.w) pygamberliginiň ilkinji günlerinde hezreti Hatyja (r.a) Onuň (s.a.w) iň ýakyn ýardamçysydy. Ol (r.a) Resulallanyň (s.a.w) ýanyndan hiç haçan aýrylmaýardy, şol günler howsalaly, gorkuly haly başyndan geçirýän Resuly-Ekremi (s.a.w) mähir-muhabbeti bilen gurşap, Onuň ýüregine giňlik bermäge çalyşýardy. Bu hezreti Hatyjanyň (r.a) belent adamkärçiliginden, Pygamberimize (s.a.w) bolan egsilmez söýgüsinden nyşandy. Ýogsam, adaty bir zenan ýaly, ol hem «Şunça baýlygyň içinde, eliň uzadan ýerine ýetip durka, saňa galypdyrmy milletiň derdi?!» diýip, ýanýoldaşyny goldamanam bilerdi. Hatda mundan-da öte gidip, mekgeli müşrikler ýaly garşysyna-da gidip bilerdi. Bu ýagdaý bolup bilmejek zat däldi. Sebäbi öňki geçen pygamberleriň durmuşynda şuňa meňzeş hadysalara duş gelnipdi. Bilşimiz ýaly, Kurany-Kerim şeýle wakalaryň ikisini bize şeýle habar berýär: «Alla kapyrlara mysal edip, Nuhuň aýaly bilen Lutuň aýalyny görkezdi. Olaryň ikisi bendelerimizden iki salyh kişiniň nikasyndakalar, olara (Nuha we Luta) haýynlyk etdiler. Ýanýoldaşlary (pygamber bolsa-da, aýallaryny) Alladan gelen hiç bir zatdan halas edip bilmediler. Olara: «Hany, oda (dowzaha) girenler bilen siz hem giriň!» diýildi».[13]
Pygamberligiň agyr ýüküniň hupbatyny çekýän, hasam beteri mekgelilerden çekip-çydap bolmajak azar ýamanyny görýän Serwerimiz (s.a.w) derdini diňe hezreti Hatyja (r.a) bilen paýlaşyp bilýärdi, ondan teselli tapýardy. Wepaly ýanýoldaşy şol agyr günlerde Onuň (s.a.w) iň ýakyn syrdaşydy. Oňa ilkinji ynanyp, iman getiren hem hezreti Hatyjady (r.a). Aslynda-da «hatyja» – «ir doglan gyz bäbek» diýmegi aňladýardy. Ol (r.a) hezreti Pygamberimizden on bäş ýyl öň dünýä inipdi, yslam dinini-de hemme kişiden öň kabul edipdi. Görlüşi ýaly, ol adyna kybapdaş bir ömür ýaşapdy. Yslam dininiň ýaýylmagy ugrunda ilkinji bolup, bütin mal-mülküni, baryny-ýoguny sarp eden hem Hatyja enemizdir (r.a). Wagtynda Mekgäniň iň barjamly kişileriniň biri bolan bu belent mertebeli zenan ahyrete göç eden güni, ony jaýlamaga kepenlik mata-da tapylmandy. Resulalla (s.a.w) onuň kepeniniň puluny karzyna alypdy. Hezreti Hatyjanyň şol ummasyz baýlygy iň soňky teňňesine çenli Alla ýolunda harçlanypdy. Bu hem onuň jomartlykda nähili bolmalydygyny görkezýän göreldesidi. Hawa, Resulalla (s.a.w) mübärek enemiziň döwletini şeýle bir ýerlikli sarp edipdi, bu hanymanyň zerre ýalyjagam bihuda gitmändi. Onuň (s.a.w) din-iman ugrunda harç eden mal-mülki yslama ägirt uly güýç bolup, yzyna dolanypdy.
Hak ýolunda sarp edilen baýlyk
Baýlyk Allatagalanyň ynsanlary bu dünýäde synamak üçin olara beren serişdesidir. Bu serişde kimseleriň jennete girmegine, kimseleriň bolsa betbagt bolup, düýpsüz gurruga düşmegine sebäp bolýar. Hezreti Hatyjanyň (r.a) baýlygy hak ýolunda sarp edilipdi. Resulalla (s.a.w) onuň mal-mülki bilen kureýşiň kethudalaryny yslam dinini aňlatmak üçin olary öýüne çagyryp, nijeme zyýapatlar berdi, nijeme guly müşrik hojaýynlaryndan satyn alyp azat etdi, nijeme gezek kyn günde galan garyp musulmanlara ýardam etdi. Esasanam, zalym mekgelileriň musulmanlara we haşymogullaryna garşy çetleşdirilme yglan edip, olar bilen ähli gatnaşyklary kesen ýyllarynda «Şibi-Ebu Talyp» diýilýän depä sürgün edilip, şol ýerde ýerde ýaşamaga mejbur edilen musulmanlaryň dadyna ýetişip, iň soňky teňňesine çenli olara harçlady. Allatagala Resulyna (s.a.w) bu halal emlägi iň mukaddes ýola bagyş etdiripdi.
Ine, Resulalla (s.a.w) bütin hanymanyňy hak ýola bagyş etmegiň heniz bu dünýedekäň jennetde nähili miweler berýändigini hezreti Hatyja enemize (r.a) buşlapdy. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýanynda, galyberse-de yslamyýetde mertebesi belent bolan hezreti Hatyja (s.a.w) jennetde özi üçin dürden köşk salnandygy buşlugyny alypdy. Hezreti Ebu Hureýräniň (r.a) aýtmagyna görä, bir gün hezreti Jebraýyl (a.s) Resulallanyň (s.a.w) ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Eý, Resulalla! Haçanda Hatyja içine az-owlak gatyk guýlan okara bilen ýanyňa gelende, oňa Rabbymyň we meniň salamymy ýetir! Jennetde onuň üçin içinde goh-galmagal, kösençlik bolmadyk dürden bir köşgüň bina edilendigini hem buşla!»[14]
Bu köşk Hatyja (r.a) enemiz üçin sap dürden bina edilipdi. Sebäbi ol ilkinji bolup yslama girip, hakyky, sap imany gazanypdy. Jennetde onuň (r.a) üçin gurlan köşkde goh-galmagal, kösençlik boljak däldi. Çünki ol Resulalla (s.a.w) bilen ýaşan ömründe Oňa (s.a.w) ýekeje gezegem gatyrganmady, sesini gataldyp geplemändi, ýa bolmasa Oňa (s.a.w) bir gezegem azar bermändi, kynçylyk döretmändi.
Hezreti Hatyja (r.a) enemiz söýgüli Pygamberimizi (s.a.w) ilki tanap ugran uçurlary Resulallanyň (s.a.w) hiç-hili mal-mülki ýokdy. Hatyja enemiz (r.a) bolsa, Mekgäniň iň baý kişileriniň biridi, üstesine-de örän görmegeýdi, owadandy. Aralaryndaky bu tapawuda garamazdan, pähim-paýhasly, akylly zenan hezreti Hatyja (r.a) turuwbaşdan Pygamberimiziň (s.a.w) aňrybaş kämil, belent ahlagyň eýesidigini aňypdy. Kän wagt geçmänkä-de Oňa (s.a.w) durmuş gurmagy teklip edipdi. Şol wagtlar hezreti Hatyja (r.a) enemiziň söwdadaky tutumy giňdi, yzly-yzyna kerwen gurap, dürli ýurtlara ýollaýardy. Onuň (r.a) Resulladan (s.a.w) birnäçe perzendi bolupdy. Ahyrynda-da Medine döwrüni görüp bilmän, ahyrete göç eýledi.
Hezreti Hatyja (r.a) tüýs pygambere ýanýoldaş bolmaga mynasyp ýaradylyşdady. Bu beýik zenan durky bilen pidakärlige ýugrulandy. Hezreti Muhammede (s.a.w) pygamberlik wezipesi berlende, mübärek enemiz göýä diýersiň, Oňa (s.a.w) pygamber boljagyny öňden bilýän ýaly hiç-hili ikirjiňlenmän, Pygamberimizi (s.a.w) tassyk edipdi, iman getirip musulman bolupdy. Soňra-da bütin emlägini Onuň (s.a.w) ygtyýaryna beripdi. Mübärek enemiziň (r.a) baýlygy Alla ýolunda sarp edilýärdi. Müşrikleriň musulmanlara garşy yglan eden ýekirilme döwründe açlyk çekýän müminlere ýardam etmek üçin gaýgyrylman harç edilen bu ummasyz mal-mülkden hiç zat galmandy. Şol günler şeýle bir agyr geçipdi, käwagt Resulalla (s.a.w) açlygyndan ýaňa essi aýylara gelýärdi, emma öýünde iýere hiç zat tapmaýardy. Käwagt açlygyny bildirmejek bolup, garnyna daş daňyp gezýärdi. Hezreti Hatyja-da (r.a) şol agyr günlerde ýarawsyzyk tapynyp, ahyrynda ýanyny ýere beripdi. Şol wagtky garyplyk, ýüz tutulaýjak ähli gapylaryň ýapyk günleri onuň derdine çäre gözlemegiň pikirini hem etdirmändi. Şeýdibem, mübärek enemiz (r.a) pukaralykda ebedi äleme göç edipdi. Hakyky pidakärlik bütin hanymanyňy, gerek bolsa şirin janyňy-da ynanýan ýoluňa bagyş etmekdir. Ine, hezreti Hatyja enemiz (r.a) bu mertebä hemme kişiden öň ulaşypdy.
Agyr hasrat
Mekgäniň müşrikleri tarapyndan yglan edilen ýekirilme döwri tamamlanypdy. Musulmanlar bu üç ýyly ölüm bilen darkaş gurup geçiripdiler. Nijeme garrynyň, nijeme çaganyň ömür tanapy bu döwürde üzülipdi. Şondan köp wagt geçmänkä, Pygamberimizi (s.a.w) müşrik zalymlardan goraýan agasy Ebu Talyp aradan çykypdy. Onuň yzysüre hezreti Hatyja enemiz (r.a) hem musulmanlara edilýän jebir-sütemlere, adalatsyzlyklara çydaman, keselläpdi. Birnäçe günden soňam mübärek ruhuny Rahmana tabşyrypdy. Sebäpler äleminden garalanda, Resulalla (s.a.w) şol ýyl yzly-yzyna iki sany iň ýakyn ýardamçysyny ýitiripdi. Agasy Ebu Talyp Onuň (s.a.w) daşynyň demir galasydy, müşrikleriň her hili süteminden goraýardy. Hezreti Hatyja (r.a) bolsa Resulalla (s.a.w) öýüne gelen wagty, Onuň (s.a.w) içki hasratyny, gaýgy-gamyny egisýärdi, ýüregine teselli berip, ruhuny göterýärdi. Şeýdip, mübärek enemiz (r.a) Pygamberimiziň (s.a.w) ýanýoldaşlarynyň arasynda ilkinji bolmak hem-de olaryň arasynda iň belent mertebä eýe bolmak bagtyny gazanypdy. Pygamberimiz (s.a.w) hem onuň sarpasyny belent tutupdy, kalbynyň soltany mübärek enemiz aýatda dirikä, başga bir zenana öýlenmändi.
Musulmanlar Ebu Talybyň hem hezreti Hatyjanyň (r.a) aradan çykan ýylyny «Hasratly ýyl» diýip atlandyrdylar. Ylaýta-da, mübärek enemiziň ölümi sahabalara örän agyr degipdi. Neneň agyr degmesin?! Älemleriň Serweri (s.a.w) ýigrimi dört ýyllap bile ömür süren başdaşyny ýitiripdi. Mundan beýläk öýüň bütin keşigi hem Onuň (s.a.w) boýnuna galypdy. Şol wagtlar körpe gyzy hezreti Fatyma (r.a) entek çagady. Rehim-şepagatyň, mähir-muhabbetiň ajaýyp nusgasy mübärek enemiziň ölümi oňa gör, nähili agyr degendir?! Şeýdip, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) ýetimleri bilen galyberipdi. Müşrikleriň Resulalla (s.a.w) berýän jebir-süteminiň üstüne çagalarynyň çekýän hasraty-da goşulypdy. Ol (s.a.w) şonda-da öý-içerisini birjigem gözden salman, olaryň ýaraly ýüregine melhem bolýardy, çagalarynyň çekýän ýetimlik derdini paýlaşyp, olaryň ýüregine teselli berýärdi.
Ýüreklerde ebedi orun alan enemiz
Resuly-Ekrem (s.a.w) hezreti Hatyjany (r.a) hemişe ýagşylykda ýatlady. Onuň ýakynlary, dost-ýary bilen oňat gatnaşykda boldy. Onuň (s.a.w) hezreti Hatyjany (s.a.w) ýygy-ýygydan ýatlap durmagy beýleki enelerimiziň gabanjaňlyk damarynyň oýanmagyna sebäp bolýardy. Bu barada müminleriň enesi hezreti Aýşe (r.a) şeýle gürrüň berýär: «Resulallanyň aýallarynyň hiç birini Hatyjany gabanyşym ýaly gabanmadym. Pygamberimiz (s.a.w) Hatyjany häli-şindi ýatlaýardy. Hatyja entek dirikä Allatagalanyň oňa jennetde dürri-ýakutdan bina edilen bir köşk taýynlap goýandygy buşlapdy. Allanyň resuly (s.a.w) mal soýduranda, hemişe Hatyjanyň ýakynlarynyň ählisine ondan dadyrardy».[15]
Hawa, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Hatyja enemiziň (r.a) hatyrasyny belent tutardy, ony ýatlaýan ýakynu-ýadyna sowgat-serpaý ederdi. Bir gezek hezreti Hatyjanyň (r.a) uýasy Hale Resulallanyň (s.a.w) huzuryna girmek üçin ejaza sorady. Ony sesinden tanan Pygamberimiz (s.a.w) begenip: «Eý, Allam! Görle muny, Hale gelýär, Hale!» diýipdi.
Hezreti Aýşe enemiz (r.a) şeýle diýýär: «Resulalla (s.a.w) Hatyjany ýatlanda, ony şeýle bir öwüp taryp edýärdi welin, muňa-da meniň gabanjaňlyk damarym oýanýardy. Bir gezeginde-de Oňa (s.a.w) şeýle diýdim: «Şol aýaly şeýdip irginsiz ýatlap oturmaňda bolmaýarmy?! Alla Saňa ondanam gowusyny berdi ahyry». Şonda Pygamberimiz maňa şeýle diýdi: «Ýok, Alla maňa ondan haýyrlysyny bermedi. Adamlaryň maňa ynanmadyk wagty, ol maňa ynandy, iman getirdi. Adamlar meniň sözümi inkär edenlerinde, ol meni tassyk etdi. Halkym meni ähli zatdan mahrum eden wagty, ol bütin mal-döwleti bilen maňa ýardam etdi. Alla ony meniň perzentlerimiň enesi eýledi».[16]
Resulallanyň (s.a.w) şu sözleri hezreti Hatyja enemiziň (r.a) Onuň (s.a.w) kalbynda aýratyn orun alandygyny, mübärek enemiziň sarpasynyň nähili belentdigini görkezýär.
Hezreti Hatyja (r.a) Pygamberimize (s.a.w) durmuşa çykan wagty kyrk ýaşlaryndady. Pygamberimiz (s.a.w) bolsa ýigrimi bäş ýaşyndady. Mübärek enemiz (r.a) Resulalla (s.a.w) bilen ýigrmi bäş ýyl ömür sürdi.
[1] İbnül-Esir, a.e, 7/78-79.
[2] İbnül-Esir, a.e, 7/80-81.
[3] Ümmi – okamagy-ýazmagy bilmeýän kişi.
[4] Okka – 1283 grama barabar bolan agyrlyk ölçegi.
[5] Nedwi, «Er-Risaletül-Muhammediýýe», s. 112-114; Şeýle hem ser: Yusuf Hamza, Ömer, «Kabesün Min Siretil-Mustafa», s. 31-32.
[6] Maýkl Hart, «El-Halidune Mie Azamuhum Muhammed», s. 17-18.
[7] «Alak» süresi, 1-5.
[8] «Müzzemmil» süresi, 73/1.
[9] «Muddessir» süresi, 74/1-2.
[10] Ibn Kesir, a.e, 8/274; Suyuti, «Esbaby-Nüzul», s. 324-325; Alusi, a.e, 29/101.
[11] Buhary, «Bedül-Wahy», Müslim, «Iman», sah.252; Tirmizi, «Menakyb», sah. 13.
[12] Tirmizi, «Rüýa», 10.
[13] «Tahrym» süresi, 66/10.
[14] Buhary, «Menakybul-Ensar», 20, «Tevhid», 35; Müslim, «Fezailus-Sahabe», 71.
[15] İbnül-Esir, a.e, 7/84.
[16] Heýsemi, «Mejmeuz-Zewaid», 9/224.