Hezreti Muhammediň (s.a.w) döwründe jihat

Kuranyň ençeme aýatynda hem-de bölümlerinde jihat wakalary hakynda kä jikme-jik, käte-de umumy görnüşde beýan edilýär. Emma aýatlaryň çuňňur mazmuny, çeper beýan ediş usuly bu wakalary dolulygyna sözme-söz, başdan-aýak delillendirmäge ýugrulan däldir. Gaýtam, hadysalaryň emele geliş şertlerine, olar bilen baglanyşykly aýatlaryň iniş hikmetine görä üns çekmegi, nesihat etmegi, rahatlandyrmagy, göwünlik bermegi, ýazgarmagy we höweslendirmegi göz öňünde tutýar. Bu aýatlarda musulmanlar üçin islendik döwürde-de hakykylygyny üýtgewsiz gorap saklajak psihologiki çözgütler, ajaýyp gözükdirmeler bardyr. Ine, Kuranyň kyssalarynyň ählisiniň çuňňur mazmunynda, çeper beýanynda bu maksat öňe sürülýär.

Siýer we gadymy taryh kitaplarynda ygtybarlylygy dürli derejeli hadyslar we wakalar gürrüň berilýär. Bu ýerdäki esasy mesele olaryň Kuranda aýdylanlar bilen sazlaşmagydyr. Kuranda deglip geçilýän jihat hadysalarynyň many-mazmunyna düşündiriş berlende, bu kitaplarda beýan edilýän hadysdyr wakalara esaslanmak mümkindir. Ygtybarly hadys we siýer kitaplarynda kiçi hem-de uly göwrümli jihat wakalary jikme-jik beýan edilýär, ýöne olar barada Kuranda agzalyp geçilmeýär. Biz bu wakalar hakynda Kuranda anyk ýa-da umumy görnüşde yşarat edilen kyssalaryň yzygiderliliginiň çäginde gysgaça durup geçmegi makul bildik.

Musulmanlar bilen ýahudylaryň arasynda ençeme söweş hereketleri bolup geçýär. Şeýle hem, musulmanlar Şamyň beýik depelerinde ýaşaýan hristiýan taýpalar bilenem birnäçe gezek çaknyşýarlar. Bu taýpalar gönüden-göni Gassanylaryň we Wizantiýanyň golastyndady. Biz bu ýerde ilki musulmanlar bilen müşrikleriň arasynda bolan söweşleri, soňra musulmanlar bilen ýahudylaryň arasynda ýüze çykan uruşlary, ondan soňra musulmanlar bilen hristiýan araplaryň arasynda bolup geçen çaknyşyklary beýan etmekçi.