Şamyň depelerinde bolsa Gassanylaryň we Wizantiýanyň golastynda ençeme hristiýan taýpalary ýaşaýardy. Gassanylaryň we Wizantiýanyň bu taýpalaryň üsti bilen gündogary we Hijaza çenli uzalyp gidýän sebitleri güýç we san taýdan gol astynda saklamak isleýändiklerini häli-şindi duýmak bolýardy. Şonuň üçin olaryň hem özleriniň bu isleglerini puja çykarjak täze diniň ýaýylmagyna ýol bermejekdikleri bellidi.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Mekgede çäresizdi. Başgaça aýdanyňda, dini çagyryşynyň çäginiň darlygy we özüne ynananlaryň sanynyň azlygy sebäpli Ol (s.a.w) çäresiz ýaly görünýärdi. Töwereginde örän az sanly adam bardy, olaram dürli jebir-jepalara sezewar edilýärdi, agyr sütemlerden gözleri açylmaýardy. Hatda olaryň bir bölegi janlaryny halas etmek, dininiň emirlerini arkaýyn ýerine ýetirmek üçin Mekgeden Hebeşistana hijret etmäge mejbur bolupdy.
Mekgede ýaşaýan ehli-kitabyň köpüsi yslam dinini kabul edipdi. Emma sanlary az bolansoň, olar şäherdäki dartgynly ýagdaýyň özgermegine oňly täsir edip bilmeýärdiler. Olar hem musulman bolan ýaş kureýşliler ýaly zulumlara, gynamalara duçar bolýardylar.
Ýesribde ýaşaýan ews we hazrej taýpalarynyň liderleri bilen birlikde birnäçe adamyň musulman bolmagynyň netijesinde bu ýeriniň halkynyň esasy köpçüligi yslam dinini kabul edýär. Şeýlelik bilen hezreti Pygamberimiz (s.a.w) Medinä barmaga razy bolýar. Munuň netijesinde-de dinini erkin ýaýmagy, ylahy kada-kanunlara we öňünde goýan maksadyna görä hereket etmegi hem-de dinini, mukaddes wezipesini dumly-duşdan edilýän hüjümlerden goramagy başarýar. Ine, Onuň (s.a.w) bu hereketleri uly jihat wakalarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem-de musulmanlar bu wakalaryň dowamynda howp-hatarlar, şowsuzlyklar, ýitgiler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Emma Allatagala olara tutanýerlilik, maksadaokgunlylyk berip, musulmanlara bolan wadasyny ýerine ýetirýär.