Toba
«Eý, iman getirenler! Halas bolmagyňyz üçin hemmäňiz Alla toba ediň!» («Nur» süresi, 24/31).
«Perwerdigäriňizden bagyşlanmagyňyzy diläň, soň Oňa toba ediň!» («Hud» süresi, 11/3).
«Eý, iman getirenler! Çyn toba bilen Alla toba ediň!» («Tahrin» süresi, 66/8).
***
Ebu Hureýre (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:
«Walla, her gün ýetmiş gezekdenem kän Allanyň öňünde toba-istigfar edýärin».[1]
***
Egar ibni Ýesar el-Muzeni (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Eý, ynsanlar! Toba edip, Alladan bagyşlanmagyňyzy diläň! Çünki men (hem) günde ýüz ýola toba edýärin».[2]
***
Allanyň resulynyň (s.a.w) hyzmatkäri Ebu Hamza Enes ibni Malik el-Ensarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Allanyň bendesiniň toba etmeginden hoşwagt bolşy çola ýerde düýesini ýitirip, soňra ony tapan kişiniň begenişiniň çaky dagy däldir».[3]
Muslimde geçýän hadysda bolsa şeýle diýilýär: «Siziň biriňiziň toba etmeginden Allanyň hoşwagt bolşy, düňle çölde gidip barýarka, üstünde huruşlyk iýjek-içjegi bolan düýesini elinden gaçyran, yzyny aňtamakdan netije bolmansoň, düýeden umydyny üzüp, bir agajyň kölegesine geçip, ýaňy aýagyny uzadan wagty hem, bir ýerlerden düýesiniň başujunda peýda bolanyny görüp, onuň owsaryndan berk ýapyşyp, begenjine näme samraýanyny hem bilmän:
– (Eý,) Allam! Sen meniň gulum, men seniň Rebbiň – diýen kişiniň begenişiniň çaky dagy däldir».[4]
***
Ebu Abdulla ibni Kaýs el-Eş’arynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
– Allatagala gündiz günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolup, gije elini açar, gije günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolubam gündiz elini açar. Bu Gün Günbatardan dogýança şeýle bolar.[5]
***
Ebu Abdurrahman Abdulla ibn Omar ibnil-Hattabyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
– Allatagala bendesiniň jany bokurdaga gelmänkä eden tobasyny kabul eder.[6]
***
Ibn Abbas bilen Enes ibn Mäligiň (radyýallahu anhuma) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Adam oglunyň bir jülgäni dolduryp duran altyny bar bolsa, (ýene-de) iki jülgäni doldurjak altynynyň bolmagyny islär. Onuň agzyny (gözüni) toprakdan başga zat dolduryp (doýrup) bilmez (ýöne hars urup ýörendir, arzuwlaryna gutarma ýokdur). Ýene-de Alla toba edeniň tobasyny kabul eder». (Buhary, «Rikak» 10; Muslim, «Zekat» 116).
Sabyr
«Eý, iman getirenler! Sabyr ediň! Sabyrly bolmakda bäsleşiň! (Duşmanlaryňyzdan üstün boluň! Elmydama) nobatda durup, (taýynlykly we ätiýaçly) boluň! Halas bolmagyňyz üçin Alladan gorkuň!» («A:li-Ymran» süresi, 3/200).
«Kasam bolsun! Elbetde, Biz sizi biraz gorky, açlyk, emlägiňize, janyňyza we hasylyňyza nogsanlyk ýetirmek (garyplyk) arkaly synarys. Sabyr edenleri söýünjile!» («Bakara» süresi, 2/155).
«Sabyr edenleriň (hak ýolunda tutanýerlilik görkezenleriň) sylaglary bimöçber berler». («Zümer» süresi, 39/10).
«Kim sabyr edip, geçirimlilik etse, elbetde, bu maksada laýyk işlerden biri bolar». («Şura» süresi, 42/43).
«Eý, iman getirenler! Sabyrly bolmak bilen, namaz arkaly (Alladan) ýardam soraň! Şübhesiz, Alla sabyr edenler bilendir». («Bakara» süresi, 153).
«Kasam bolsun! Biz, tä siziň içiňizden (Allanyň ýolunda) söweşenleri we (kynçylyklara) sabyr edenleri tanap, (ýüze çykarýançak) hem-de siziň habarlaryňyzyň (ýagdaýyny) anyklaýançak, sizi synag ederis». («Muhammet» süresi, 47/31).
***
Haris ibn Asym el-Eşarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Tämizlik imanyň ýarysydyr. «Älhamdulillah» (sözüni) zikir etmek mizan (terezisini doldurjak), «Subhanallah» we «Älhamdulillah» (kelemelerini) zikir etmek bolsa, Ýer bilen asmanyň arasyny gaplap aljak sogap gazandyrar. Namaz nurdur. Sadaka burhandyr (delildir). Sabyr bolsa adamyň (ýoluny ýagtyldýan) çyragdyr. Kuran (tabyn bolup-bolmaýşyňa görä) seniň peýdaňa ýa-da zyýanyňa boljak şaýatdyr. Adam her gün säher bilen özüni gul bazarda satuwa çykarýar. Şunlukda, ýa-ha gazanç edýär ýa-da ýitgä galýar (ýagny Allanyň emirlerine etagat etmek bilen azapdan halas bolýar ýa-da özüni şeýtana aldatmak bilen heläkçilge uçraýar).[7]
***
Ebu Said Mälik ibn Sinan el-Hudry (r.a) gürrüň berýär:
Ensardan birnäçe kişi Allanyň resulyndan (s.a.w) bir zatlar bermegini islediler. Ol (s.a.w) hem berdi. Soňra ýene (bir zadyny) dilediler. (Allanyň resuly) nämesi bar bolsa berdi. Iň soňunda bermäge zady galmansoň, olara garap şeýle diýdi:
«Ýene bermäge zadym bar bolsady, hiç gynanman bererdim. (Ýöne) kimde-kim dilenmekden çekinip, haýa etse, Alla onuň mertebesini beýgelder. Kimde-kim ilden zada hantama bolman, baryna kanagat edip gezse, Alla ony elgarama bolmakdan halas eder. Kimde-kim sabyrly bolmaga gaýrat etse, Alla oňa sabyr yhsan eder. Alla hiç kime sabyrdan has haýyrly ýagşylyk eçilen däldir».[8]
***
Suheýb ibn Sinanyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Mümine, hakykatdanam, gözüň gidýär! Näme üçin gözüň gitmesin?! Eden her işi onuň üçin haýyr bolup dur. (Özi hem) bu diňe mümin üçin şeýle. Çünki ol bir zada begense, şükür edýär. Bu bolsa haýyr bolup dönýär. Başyna bir kynçylyk gelse, sabyr edýär. Bu hem onuň üçin haýyr bolýar».[9]
***
Enes ibn Mäligiň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) balasynyň mazarynyň başynda ses edip aglap oturan bir zenana şeýle diýipdir:
«Alladan gork, sabyrly bol!»
Zenan bolsa pygamberimizi (s.a.w) tanamansoň, şeýle diýip azgyrylypdyr: «Git, şu ýerden! Meniň başyma gelen zat seniňem başyňa gelen bolsa, şonda bilerdiň!» Allanyň resuly (s.a.w) o ýerden gaýtdy. Onsoň ýaňky naçara özüne nesihat eden kişiniň pygamberimizdigini (s.a.w) aýtdylar. Muny eşiden zenan alakjap, Serwerimiziň (s.a.w) öýüne bakan gitdi. Gapyda hiç kim bolmansoň, kürsäp içerik girdi. Ol pygamberimize (s.a.w): «Sizi tanamandyryn (meni bagyşlaň)» diýip, ötünç sorady. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi:
«Çyn sabyr – bela-beteriň başyňa düşen ilki pursatynda çydam edip bilmekdir».[10]
***
Abdulla ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resulynyň (s.a.w) bir pygamber hakda aýdyp berenleri häli-şindi göz öňümde janlanyp dur. Ol pygamber kowmy tarapyndan urulmakdan ýaňa ýüzi-gözi gana boýalan hem bolsa, ýüzüniň ganyny süpürip, «Eý, Allam! Kowmumy bagyşla, olar (hakykaty) bilmeýär» diýipdir.[11]
***
Ebu Said bilen Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Allatagala müminiň başyna gelen bela-beteri, kynçylygy, hassalygy, hasratly ýagdaýy, hatda aýagyna tiken çümmegini-de ýalňyşlaryny bagyşlamak üçin sebäp bilipdir».[12]
***
Enesiň (r.a) gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Hiç haýsyňyz başyna gelen bir musybat zerarly, ölümi dilemesin! Bardy-geldi muňa mejbur bolsa, onda şeýle diýip dileg etsin:
Eý, Allam, ýaşamak meniň üçin haýyrly bolsa, onda ýaşaýşymy dowam etdir. Ölüm meniň üçin haýyrly bolan çagy bolsa janymy al!»[13]
***
Habbab ibn Eret (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) donuny ýassyk edinip, Käbäniň kölegesinde dynç alyp ýatan eken. Şonda biz onuň ýanyna baryp, (müşrikleriň bize ezýet ýamanyny çekdirýänini) arz etdik. «Alladan bize ýardam bermegini diläp doga etjek dälmi eýsem?!» diýdik. Ol (s.a.w) bize garap şeýle diýdi:
Öňki ymmatlaryň arasynda şeýle müminler bolupdy. Olary alyp, (ýarty biline deňiç) bir çukura gömýärdiler. Yzyndanam byçgy bilen başyndan dikligine ikä bölýärdiler. Ýa bolmasa, demir dyrmyklar bilen eti-hamy diýmän sypyryp aýyrýardylar. Şonda-da olar dininden dänmezdiler. Alladan ant içip aýdýaryn, bu diniň ýaýyljagy ikuçsyzdyr. Ynha, şeýle bir gün geler welin, islendik adam Alla gorkusyndan we sürüsini gurda talatmakdan başga hiç zatdan howatyr etmän, ýeke özi atlanyp, Sanadan Hadramewte çenli arkaýyn gider. Beýle sabyrsyz bolmaň (ahyry)![14]
***
Abdulla ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:
Hüneýn söweşinden düşen oljalaryň paýlanyşygynda Allanyň resuly (s.a.w) käbir kişilere başgalara görä artygrak paý berdi. Akra ibn Habise ýüz düýe, Uýeýne ibn Hysna hem şonçarak berdi. Edil şonuň ýaly araplaryň sylanýan kişilerine beýlekilerä görä känräk paý berdi. Mundan ötri (pygamberimiziň (s.a.w) niýetine düşünmedik) bir kişi «Bu olja paýlanyşygy adalatly bolmady. Munda Allanyň razylygy göz öňünde tutulmady» diýip, närazylygyny bildirdi. Onuň bu sözüni eşidip oturyp, ynjalyk tapmadym. Derhal onuň diýenlerini pygamberimize (s.a.w) ýetirdim. Muny eşiden Allanyň resulynyň (s.a.w) ýüzi çym-gyzyl boldy we şeýle diýdi:
«Allanyň resuly (s.a.w) adalatly bolman, kim adalatly bolsun?!». Soňra ýene şeýle diýdi:
«Alla Musa merhemet etsin! Ol mundanam beterini gördi, emma şeýle hem bolsa, sabyr etdi».
Men şonda öz-özüme «Mundan beýläk biriniň aýdan sözüni Allanyň resulyna (s.a.w) ýetirmerin» diýdim.[15]
***
Enes ibn Mäligiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Allatagala gowulyk islän bendesini (eden günäsi üçin) bu dünýäde mähetdel jezalandyrar (ahyrete goýmaz). Erbetlik isleýän guluny bolsa, (bu dünýäde) jezalandyrmaz, kyýamat güni huzuryna çykýança, (jezasyny) yza süýşürer.[16]
***
Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Arkasy ýere degmeýän çyn pälwan göreşde bäsdeşini ýeňýän kişi däl-de, eýsem gahary gelen pille özüni saklap bilýän kişidir».[17]
***
Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Erkek ýa-da zenan, tapawudy ýok, mümin kişi ýa özi ýa-da bala-çagasy, ýa bolmasa mal-emlägi zerarly hemişe başy belaly bolar. (Şol belalaryň hersi onuň bir günäsiniň bagyşlanmagyna sebäp bolar we) Allanyň huzuryna günäsiz (adam bolup) barar.[18]
Useýd ibn Hudaýr (r.a) gürrüň bermegine görä, ensardan bir kişi: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Pylany ýaly meni hem bir ýere häkim belläýiň!» diýip, özüne-de wezipe berilmegini isläpdir. Şonda seýýidimiz (s.a.w) oňa şeýle diýip jogap beripdir:
«Dogrusy, siz menden soňra tanyş görlüp wezipä bellenişigiň şaýady bolarsyňyz. Tä (Adn jennetinde şahsym üçin taýýar edilip goýlan Köwser atly) howuzyň kenarynda maňa gowuşýançaňyz sabyr ediň».[19]
[1] Buhary, «Daawat» 3. Şeýle hem, seret. Tirmizi, «Tefsiri-sure» (47); Ibni Maje, «Edeb» 57.
[2] Müslim, «Zikir» 42. Şeýle hem, seret. Ebu Dawud, «Witr» 26; Ibni Maje, «Edeb» 57.
[3] Buhary, «Daawat» 4; Müslim, «Toba» 1, 7, 8.
[4] Müslim, «Toba» 7. Şeýle hem seret. Tirmizi, «Kyýamet» 49, «Daawat» 99; Ibni Maje, «Zühd» 30.
[5] Müslim, «Toba» 31.
[6] Tirmizi, «Daawat» 98. Şeýle hem seret. Ibni Maje, «Zühd» 30.
[7] Muslim, «Taharet» 1
[8] Buhary, «Zekat» 50, «Rikak» 20; Muslim, «Zekat» 124.
[9] Müslim, «Zühd» 64.
[10] Buhary, «Jenaiz» 32, 43; «Ahkam» 11; Muslim, «Jenaiz» 14-l5.
[11] Buhary, «Enbiýa» 54; Muslim, «Jihad» 104.
[12] Buhary, «Merda» 1; Muslim, «Birr» 49.
[13] Buhary, «Merda» 19; Muslim, «Zikir» 10.
[14] Buhary, «Menakyb» 25.
[15] Buhary, «Edeb» 53; Muslim, «Zekat» 145.
[16] Tirmizi, «Zuhd» 57.
[17] Buhary, «Edeb»102; Muslim, «Birr» 106.
[18] Tirmizi, «Zühd» 57.
[19] Buhary, «Fiten» 2; Muslim, «Imare» 48.