***
Allanyň gazabyndan gorkuda, merhemetinden umytda bolup ýaşamak
«Allanyň duzagyndan diňe öz-özüne zyýan etjek kowum arkaýyn bolar». («Araf» süresi, 7/99).
***
«Dogrusy, kapyr kowumdan başgasy Allanyň rahmetinden umydyny üzmez». («Ýusup» süresi, 12/87).
***
«Çyndanam, Rebbiň islände jezasyny derrew berer, Ol Gafurdyr (bagyşlaýjydyr), Rahymdyr (soňsuz merhemetiň eýesidir)». («Araf» süresi, 7/167).
***
«Ýagşy we haýyrly ynsanlar «Naim» jennetleriniň içinde bolarlar. Ýoldan azan pasyklar bolsa dowzahdadyrlar». («Infitar» süresi, 13-14).
***
«(Ol gün mizan terezisinde) kimiň çekilen (amal-sogap işleri) agyr gelse, ol razy boljak ýaşaýşynyň (jennetiň) içindedir. Emma kimiň çekilen (amal-sogap işleri) ýeňil gelse, onda onuň barjak ýeri Häwiýedir (gyzgyn ataş)». («Kariýe» süresi, 101/6-9).
***
Jabir ibn Adulla (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) dünýeden ötmezden üç gün öň şeýle diýen eken:
Başgasy däl, eýsem diňe Alla dogrusynda ýagşy pikirde bolup dünýeden ötüň! (Muslim, «Jennet» 81).
Düşündiriş: mümin ömrüni hawf (gorky) we reja (umyt) duýgularynyň arasynda ýaşap geçirmelidir. Ömrüniň paýawlandygyny bilen wagtynda-da Allanyň merhemetinden umytda bolup, Haka sary ýöremelidir.
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine (kudsi hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:
Eý, adamogly! Sen (umydyňy üzmän) dileg-doga etdigiňçe, Meniň bagyşlaýjylygyma ynandygyňça, näçe kän günä işlän hem bolsaň, muňa kän üns bermän, seni bagyşlaryn.
Eý, adamogly! Tutuş asmany gaplajak günäleri işlän hem bolsaň, bagyşlanmagyňy dilediňçe, seniň günäleriňi bagyşlaryn.
Eý, adamogly! Maňa şärik goşmazlyk we şirke girmezlik şerti bilen, Ýeriň ýüzi ýaly günä iş bilen geleniňde hem, şonça bagyşlaýjylygym bilen garşy alaryn! (Tirmizi, «Deawa:t» 98).
***
Ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Jennet size aýakgabyňyzyň bagyndanam ýakyndyr. (Ýöne) dowzaham şonça ýakyndyr. (Buhary, «Rikak» 29).
(Imanyňyza, amalyňyza, niýetiňize, gullugyňyza üns beriň, ýene-de aýagyňyz taýaýmasyn!)
***
Alladan gorkup aglamak
«(Olar Kuran okalanda) başlaryny ýere goýup (Alla) seždä giderler. Şeýdip (Kuran) olaryň (Alla bolan hormatyny) gorkusyny artdyrýar». («Isra» süresi, 17/109).
***
«Indi siz bu söze geň galýarsyňyzmy? Gülýärsiňiz, (emma) aglamaýarsyňyz». («Nejm» süresi, 53/59-60).
***
Ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) maňa: «Kuran oka!» diýdi. Men bolsa oňa: «Eý, Allanyň resuly! Kuran saňa indi ahyry. Onsoň nädip men seniň öňüňde Kuran okaýyn?» diýdim. Allanyň resuly (s.a.w) bolsa: «Kurany başgalaryndanam diňlemegi halaýaryn» diýdi. Onsoň men «Nisa» süresini okap ugradym. Süräniň «(Eý, Muhammet!) Her ymmatdan özlerine şaýat boljak bir (pygamber) getirenimizde we seni hem olara (öz ymmatyňa) şaýat hökmünde getiren wagtymyz, olaryň haly niçik bolar?» («Nisa» süresi, 4/41) diýen ýerine ýetenimde, (pygamberimiz (s.a.w): «Häzirlikçe ýeterlik» diýdi. Garasam, Allanyň resulynyň (s.a.w) gözlerinden ýaş akýan ekeni. ( Buhary, «Fedailul-Kuran» 33; Muslim, «Salatul-musafirin» 247).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Saglan süýdüň yzyna girizmegiň mümkin bolmaýşy ýaly, Alladan gorkup aglaýan kişiniň dowzaha girmegi hem mümkin däldir. Ylgaşlap Allanyň ugrunda hyzmat etmekden çykýan tozan bilen dowzahyň dumany asla bir ýerde jem bolmaz. (Tirmizi, «Fedailul-jihad» 8, «Züht» 9).
***
Abdulla ibn Şyhhyr (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resulynyň (s.a.w) huzuryna baranymda, namaz okaýan eken. Şonda onuň döşünden gaýnap duran tüňçäniň lokurdasyna meňzeýän agy sesleri gelýärdi. (Ebu Dawud, «Salat» 158).
***
Abdurrahman ibn Awfyň ogly Ybraýym (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) kakam Abdurrahman agzyny bekläpdi. Agzaçar suprasy taýýarlanyp ýördi. Şonda ol şeýle diýdi: «Musab ibn Umeýr (r.a) Uhud söweşinde şehit boldy. Ol menden has haýyrlydy. Şonda onuň üstüni örtmek üçin egnindäki eşiginden başga kepenlik mata tapylmady. Onuň bilen başyny örtjek bolsak, aýagy, aýagyny örtjek bolsa başy açylýardy. Şol gytçylyk günlerden soňra bize dünýälik zatlar şeýle kän-känden berlip ugrady welin, eden haýyrly amallarymyzyň garşylygy bu dünýäde mähetdel berlip, hasaplaşylýan bolmagyndan howatyrlanýaryn». Şeýle diýibem aglap, saçagyň başyndan turup gitdi. (Buhary, «Jenaiz» 27, «Megazi» 26).
***
Ebu Umame Sudeý ibn Ajlan el-Bahylynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
Haktagalanyň ýanynda iki damjanyň hem-de iki yzyň gymmatyndan ýokarda zat ýokdur: (iki damjanyň birisi) Alla imanyň we tabynlygyň, Ondan gorkmagyň netijesinde dökülen gözýaş hem-de (ikinjisi) Allanyň ýolunda dökülen ganyň damjasy; iki yz bolsa, Alla ýolunda söweşilýärkä alnan ýaranyň yzy bilen Allanyň emri bolan parzlaryň birini eda etmegiň netijesinde peýda bolan gullugyň yzy. (Tirmizi, «Fedailul-Jijad» 26).
***
Dünýä malyna gyzmazlyk
«Aslynda, bu dünýä ýaşaýşynyň mysaly şeýledir: Biziň asmandan inderen suwumyz bilen adamlaryň we haýwanlaryň iýýän zatlaryndan (iýmitlerinden) bolan ýer ösümlikleri gatyşanda, hatda ýer (ol ösümlikler bilen) bezenip zynatlananda we ýer ýüzüniň halky özleriniň (ýetişen hasyly ýygnamaga) gurbatlarynyň çatjakdygyny pikir edenlerinde, (birdenkä) ýere gije ýa-da gündiz Biziň permanymyz (apatymyz) gelip, düýn hem bolmadyk dek edip goýmagymyz ýalydyr. Ine, Biz oýlanýan adamlar üçin aýatlary şeýle aýan edýäris». («Ýunus» süresi, 10/24).
***
«Bilip goýuň! Dünýä ýaşaýşy bir oýundyr, boş (güýmenjedir), bezegdir, öz araňyzda garşylykly öwünmedir hem-de mal-mülk we perzent (nesil) köpeltme (ýaryşydyr. Şeýle-de ol) göýä, ýagan ýagyş bilen biten hasyly göwnüne ýaran daýhan ýalydyr. Soň ol gurap galar, sen ony saralan (guran) ýagdaýda görersiň. Soň hem çöpe öwrüler. (Ine, dünýä ýaşaýşy hem şeýledir). Ahyretde bolsa kapyrlar üçin (dünýädäki etmişlerine görä) ýowuz azap bardyr. (Müminler üçin bolsa) Alla tarapyndan ýalkaw we razyçylyk bardyr. Dünýä ýaşaýşy ýalan bähbitden başga zat däldir». («Hadid» 57/20).
***
«Aýallardan, ogullardan, üýşmek-üýşmek ýygnalan altyndyr kümüşlerden, owadan bedewlerden, (sagymlyk) mallardan we ekinlerden (gelen) nebsi otugdyrýan (zatlar) ynsanlara bezemen (özüne çekiji) edilip görkezildi. Bular dünýä ýaşaýşynyň (wagtlaýyn) peýdalarydyr. (Asyl) baryljak gözel ýer Allanyň ýanyndadyr». («A:ly-Ymran» süresi, 3/14).
***
«Bu dünýä ýaşaýşy diňe güýmenjeden we oýundan ybaratdyr. Ahyret ýurdy bolsa hakyky ýaşaýyşdyr. Käşgä, bu hakykaty bilsediler». («Ankebut» süresi, 29/64).
***
«Siz (wagtlaýyn dünýädäki näzi-nygmatlaryňyzyň, mal-mülküňiziň, perzentleriňiziň sanlarynyň) köplügine buýsanyp, (olary köpeltjek bolup) aldandyňyz (başagaý bolduňyz). Siz ahyry guburlary zyýarat etdiňiz, (ýagny siz mal-mülküňizi köpeltmek bilen gümra bolup, ahyrynda hem gabra girdiňiz). Ýok! Siz (goýberen ýalňyşlaryňyza) tiz wagtda göz ýetirersiňiz. Soň siz tiz wagtda (anyk) göz ýetirersiňiz. Ýok, beýle däl! Eger siz anyk bilsediňiz (beýle günä işleri etmezdiňiz)». («Tekasur» süresi, 102/1-5).
***
«Eý, ynsanlar! Elbetde, Allanyň beren wadasy hakykatdyr. Ägä boluň! Dünýä ýaşaýşy sizi aldamasyn! Ol ýalançy (şeýtan) sizi Alla hakda («Alla günäleri geçer» diýip) aldawa düşürmesin!» («Fatyr» süresi, 35/5).
***
Amr ibn Awf el-Ensary (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) Ebi Ubeýde ibn Jerrahy (r.a) jizýe (salgyt) girdejilerini ýygnap getirmegi üçin Bahreýne iberipdi. Ol az wagtdan jizýeleri jemläp, Bahreýnden dolanyp geldi. Mundan ensaryň habar boldy. Onsoň olar ertir namazyny Allanyň resuly (s.a.w) bilen okamak üçin metjide ýygnandylar. Allanyň resuly (s.a.w) namazdan soňra öýüne bakan ýöräp ugrady. Ensar bolsa onuň öňüne geçip, nämedir zady duýdurjak bolýardy. Allanyň resuly (s.a.w) olaryň boluşlaryny görüp, ýylgyrdy we şeýle diýdi: «Çakyma görä, Ebu Ubeýdäniň Bahreýinden bir zatlar bilen geleni eşidilipdir». Ensar: «Hawa, eý, Allanyň resuly!» diýip, onuň sözüni tassyklady. Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Onda, gözüňiz aýdyň! Sizi hoşnut etjek zatlaryň beriljegine we ýoluna garap oturan närseleriňize gowuşjagyňyza umyt ediberiň. (Ýöne) walla, men siziň garyp düşmegiňizden däl, eýsem öňkülere bolşy ýaly dünýäniň we onuň nygmatlarynyň siziň hem öňüňizde dökün bolup ýatmagyndan, olaryň dünýe malynyň yzynda selpeýişleri ýaly siziň hem biri-biriňiz bilen garpyşmagyňyzdan we şol hili ýagdaýlaryň olary heläkçilige eltişi ýaly sizi hem heläkçilige eltmeginden gorkýaryn, men muny örän alada edýärin!» (Buhary, «Rikak» 17; Muslim, «Züht» 6).
***
Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Dogrusy dünýä süýjüdir (şirindir), göm-gökdür (özüne çekijidir). Alla bu dünýäniň zatlaryny siziň peýdalanmagyňyz üçin bermek bilen, özüňizi nähili alyp barşyňyzy synlaýandyr. Hergiz dünýäniň (pany ýüzüniň) özüne çekijiligine özüňizi aldyraýmaň! Zenanlaryňam özüne çekijiligine aldanaýmaň, uzak duruň! (Muslim, «Zikr» 99).
***
Enes (r.a) hezretleri Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:
Ölini gabra deňiç üç zat ugradar: maşgala agzalary, mal-emlägi, amaly. Şondan soň olaryň ikisi yzyna dolanar, biri galar. Maşgala agzalary bilen mal-emlägi yza dolanar. Amaly bolsa (öli bilen) galar. (Buhary, «Rikak» 42; Muslim, «Züht» 5).
***
Ebu Zer (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekrem (s.a.w) bilen Medinäniň Harre diýen sebitinde ýöräp barýardyk. Uhud dagy görnen wagty Allanyň resuly (s.a.w): «Eý, Ebu Zer!» diýip seslendi. Men: «(Aýdyberiň) näme hyzmat, Allanyň resuly!» diýdim. Onsoň ol (s.a.w) maňa şeýle diýdi: «Şu Uhud dagy ýaly altynym bolsa, munuň üçin begenmerin. (Diňe) bergim üçin aýryp goýanymdan daşgary, bir dinarym bolsa, üç günden artykmaç ýanymda saklamaryn. Bolanyny Allanyň bendelerine (elleri bilen daş-töwerege dargadyşyny görkezip) şu saňa, bu-da saňa diýip dargatmak dargadardym». Biraz ýöräbem şeýle diýdi: «Bu dünýäde mal-emlägi kän bolanlar ahyretde sogaby az bolanlardyr. Ýöne (kalbynda dünýä orun bermän, zähmet çekip, her hili haýyr-yhsan edýänler) şeýdip, şeýdip, şeýdip (elleri bilen saga-sola paýlaýşyny görkezip) bermek bilen haýyr edýänler muňa degişi däl. Ýöne gynansagam, olaryňam sany gaty az!» Soňundanam maňa garap: «Tä ýanyňa dolanyp gelýänçäm, şu ýerden butnama!» diýdi-de gijäniň garaňkylygyna siňip, gözden gaýyp boldy. Birdenem çasly ses eşidildi. Resuly-Ekremiň (s.a.w) başyna bir erbetlik gelendir öýdüp gorkdum. Yzyndan gitjegem boldum, ýöne «Ýanyňa dolanyp gelýänçäm, hergiz ýeriňden butnama» diýip tabşyransoň, şol ýerde duruberdim. Şol barmana Resuly-Ekrem (s.a.w) geldi. Oňa bir çasly ses eşidenimi, ony alada edenimi aýtdym. Resuly-Ekrem (s.a.w): «Senem eşitdiňmi?» diýip sorady. Men: «Hawa» diýdim. Soňra maňa şeýle diýdi: «Ol Jebraýyldy. Maňa ymmatymyň Alla şärik goşman dünýeden ötenleriniň jennete girjekdigini buşlady». Men pygamberimizden (s.a.w): «Zyna ýa-da ogurlyk edenem bolsamy?» diýip soradym. Resuly-Ekrem: «Hawa, zyna ýa ogurlyk edenem bolsa, jennete girer» diýdi. (Buhary, «Rikak» 14; Muslim, «Zekat» 32).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Dünýewi mümkinçilikler babatynda özüňizden pesde bolanlara garaň, sizden has ýokarda bolanlara garamaň! Bu Allanyň size eçilen nygmatlaryna kembaha garamazlygyňyz üçindir. Şol hem dogrusydyr. (Muslim, «Züht» 9).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Altyndyr kümüşiň, mahmaldyr geýim-gejimiň guly bolanlar perişan boldular. Munuň ýaly (gözleri diňe dünýe malynda bolan peýdakeş) kişilere islän zady berlende begenerler, berilmese welin, begenmezler. (Buhary, «Rikak» 10).
***
Ibn Omar (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) meniň iki omzumdan tutup, şeýle diýdi: «Bu dünýäde özüňi syýahatçy, ýolagçy ýaly alyp bar!» Ibn Omaryň özi bu babatda şeýle diýer eken: «Agşama ýeteniňde (salyh amallary soňa goýup), ertire garaşma! Ertire çykanyňda-da (soň ederin diýip), agşama garaşma! Saglygyň ýerindekä hassa bolan wagtlaryňy, ýaşap ýörkäň öljegiňi ýatla, taýýarlykly bol! (Boljak bolansoň «Käşgä haýyrly işler etsedim» diýip, puşman etme)». (Buhary, «Rikak» 3).
***
Sehl ibn Sad es-Saidi (r.a) gürrüň berýär:
Bir adam Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Eý, Allanyň resuly! Maňa şeýle bir zady etmegi maslahat ber, şol işi edenimde hem Allanyň, hem-de ynsanlaryň söýgüsini gazanaýyn». Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa şeýle diýdi: «Bu dünýäniň (pany, geçiji) zatlaryna gyzma (baryna kanagat et), şonda Alla seni gowy görer! Halkyň elindäkä göz gydyrma, şonda ynsanlaryň söýgüsini gazanarsyň!» (Ibn Maje, «Züht» 1).
***
Numan ibn Beşir (r.a) gürrüň berýär:
Halyfa Omar (r.a) ynsanlaryň şindi nijeme dünýä nygmatlaryna eýe bolandyklaryny ýatlatdy. Soňundanam şeýle diýdi: «Dogrusyny aýtmaly bolsa, meniň we Allanyň resulynyň (s.a.w) açlygymyzdan ýaňa garnymyzyň eljuk diýýän, ýönekeýje bir hurma-da tapmaýan günlerimiz bolupdy». (Muslim, «Züht» 36).
***
Habbab ibn Eret (r.a) gürrüň berýär:
Biz Allanyň razylygy üçin Allanyň resuly (s.a.w) bilen Medinä hijret etdik. Alla munuň garşylygyny (eýýäm bu dünýäde) berdi. Käbirimiz ondan hiç zat datman, dünýäden ötdi. Musab ibn Umeýrem (r.a) şol bagtyýar kişilerden boldy. Uhudda şehit boldy. Ondan diňe egnindäki ýüň dony galdy. (Jaýlajak bolanymyzda) onuň bilen başyny ýapsak, aýaklarynyň üsti, aýaklaryny örtsek welin, başy açylýardy. Şeýle bolansoň Allanyň resuly (s.a.w) başyny örtmegimizi, aýaklaryny bolsa izhir (şol ýere mahsus ot bolup biler) oty bilen ýapmagymyzy tabşyrdy. Käbirimiziň hasyly ýetişipdi, ýygnapdam. (Buhary, «Rikak» 16; Muslim, «Jenaiz» 44).
***
Sehl ibn Sad es-Saidiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Şu dünýäniň Allanyň gatynda çybynyň ganaty ýaly gymmaty bolsady, kapyra ondan bir ýuwdum suw içirmezdi. (Tirimizi, «Züht» 13).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Dünýä melgundyr (näletlenen). Onuň içindäkiler hem melgundyr. Diňe Allany ýatlamak, Alla ýakynlaşdyrýan zatlar bilen meşgul bolmak, ylym öwredýän alym bolmak hem-de ylym öwrenmegiň ugrunda bolmak oňa degişli däldir. (Tirmizi, «Züht» 14).
***
Abdulla ibn Amr (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) külbämizi oňaryp ýörkäk, ýanymyza Allanyň resuly (s.a.w) geldi. Ol bizden: «Näme işläp ýörsüňiz?» diýip sorady. Biz: «Ýykyljak bolup duransoň oňaryşdyrýarys» diýdik. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Bu edip ýören işiňizdenem ajal (işi) howlukmaç bolaýmasa». (Ebu Dawud, «Edeb» 169; Tirmizi, «Züht» 25).
Düşündiriş: dünýewi işlerden ahyret işleri has howlukmaçdyr.
***
Abdulla ibn Şyhhyr (r.a) gürrüň berýär:
Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gitdim. Barsam «Tekasur» süresini okaýan eken. Okap bolansoň şeýle diýdi:
Adamogly ýöne «Malym, mülküm» diýip ýörendir. Aslynda iýip-içeniňden, geýip köneldeniňden ýa-da sogap gazanmak üçin beren sadakaňdan, ýagny özüňden öňünçä ahyrete ibereniňden başga zadyň barmy diýsene?! (Muslim, «Züht» 3).
***
Kab ibn Malik (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Mal-emläge, wezipä (at-abraýa, şan-şöhrata) gyzýan ynsanyň dinine ýetirýän zyýany goýun sürüsine aralaşan iki aç gurduň sürä ýetirýän zyýanyndan has kändir. (Tirmizi, «Züht» 43).
***
Abdulla ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) samanyň üstünde uklap turan eken. Bir tarapy ýöne yz bolup durdy. Şonda biz oňa: «Eý, Allanyň resuly! Size kilim (ýaly bir zat) tapyp getirsek» diýdik. Ol (s.a.w) biziň bu teklibimize şeýle diýip jogap berdi: «Meniň bu dünýä bilen işim ýok. Men bir ýolagçy mysalydyryn. Agajyň saýasynda dynjyny alyp, soňam ýoluna dowam edýän ýolagçy». (Tirmizi, «Züht» 44).