***
Alymlary, ýaşululary, il arasyndaky abraýly kişileri,
maşgala dostlaryny hormatlamak
«Onuň razylygyny isläp, ertir-agşam Rebbine ýalbarýanlar bilen senem sabyr et!» («Kehf» süresi, 18/28).
***
Ibn Omaryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
Atasynyň dost-ýary bilen gatnaşygy (kesmän) dowam etdirmek iň makul görülýän ýagşy amallardandyr. (Muslim, «Birr» 11).
***
Tabygyndan Abdulla ibn Dinar Abdulla ibn Omaryň (r.ahuma) adyndan gürrüň berilýär:
«Abdulla ibn Omar Mekgä barýan ýolda bir çarwa adama gabat geldi. Abdulla oňa salam berdi. Soňra-da ony öz ulagyna mündürdi. Başyndaky sellesini-de (çözüp) oňa berdi». Abdulla ibn Dinar sözüniň yzyny şeýle dowam etdirýär: (Men oňa) «Allanyň özi gowusyny etsin. Bu çarwa kişi. Olar aza kanagat edýän adamlar» diýenimde, Abdulla (r.a) maňa şeýle jogap berdi: «Bu adamyň pederi kakam Omaryň dostudy. Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýen eken: «Ataň dostunyň maşgala agzalarynyň aladasyny etmek iň makul görülýän ýagşy amallardandyr». (Muslim, «Birr» 12).
***
Äşe (r.anha) enemiz gürrüň berýär:
Hatyjany görmedigem bolsam, pygamberimizi (s.a.w) şondan gabanşym ýaly (onuň) aýallarynyň hiç birinden gabanmazdym. Sebäbi Resuly-Ekrem (s.a.w) ony kän ýatlardy, hemişe öwerdi. Goýun ýa-da başga bir janly soýsa, Hatyjanyň ýakynlaryna-da ibererdi. Bir gezek dagy ony gabanyp, Allanyň resulyna (s.a.w): «Dünýäde Hatyjadan başga zenan galan däldir» diýäýipdirin. Şol gezegem Allanyň resuly (s.a.w): «Onuň ýeri başgadyr, ol perzentlerimiň enesidi» diýip, ýene-de Hatyjany gowulykda ýatlady, tarypyny ýetirdi. (Buhary, «Menakibul-Ensar» 20; Muslim, «Fedailus-sahabe» 74).
***
Enes ibn Mälik (r.a) gürrüň berýär:
Jerir ibn Abdulla el-Bejeli bilen sapara çykypdyk. Ol ýaşynyň uly bolmagyna garamazdan, maňa hyzmat etjek bolup çyr-çytyrdy. Ondan beýle etmezligini haýyş etdim. Ol bolsa maňa garap şeýle diýdi: «Ensaryň Allanyň resulyna (s.a.w) hyzmat edişini görüpdim. Şonda men «Eger bir gün ensardan biri bilen ýoldaş bolmak miýesser etse, menem oňa hyzmat ederin» diýip äht etdim». (Buhary, «Jihad» 71; Muslim, «Fedailus-sahabe» 181).
***
Ebu Mesudyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kurany iň gowy bilýäniňiz we iň oňat okaýanyňyz namazda jemagata ymamlyk etsin! Eger Kurany bilşi we okaýşy deň derejede (bolan iki kişi bar bolsa), onda (namazy olaryň) sünneti gowy bilýäni (okatsyn); eger sünneti bilişleri hem deň bolsa, (olaryň) ilki hijret edeni (okatsyn); hijret eden wagtlaram gabat gelýän bolsa, ýaşy uly bolany ymam bolsun. Size ýolbaşçylyk edýän kişiniň bar ýerinde, onuň rugsady bolmazdan, başgaňyz ymamlyk etjek bolmasyn. Kim başga biriniň öýüne barsa, rugsady bolmazdan, öý eýesiniň oturýan ýerine geçmesin. («Muslim» «Mesajid» 290).
***
Ebu Musanyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Saçy-sakgaly agaran musulmany, Kuran babatynda hetden aşman, ony okaýan, hökümlerine görä amal edýän hafyzy (karyny) we adyl ýolbaşçyny hormatlamak Alla bolan tagzymyň alamatydyr. (Ebu Dawud, «Edeb» 20).
***
Abdulla ibn Amryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kiçä merhemet etmeýän, ulyny sylamaýan bizden däldir. (Ebu Dawud, «Edeb» 58; Tirmizi, «Birr» 15)
***
Abdulla ibn Abbas (r.a) gürrüň berýär:
Uýeýne ibn Hysn Medinä gelende, ony inisi (agasynyň ogly) Hur ibn Kasa myhman aldy. Hur hezreti Omara ýakyn kişilerdendi. Hawa, ýaşynyň uly ýa-da kiçiligine garamazdan, sowatly we Kurany bilýän kişiler hezreti Omaryň geňeş toparyna girýärdi. Şol sebäpli Uýeýne ýegeninden: «Ýegenim! Seniň döwlet kethudasynyň ýanynda hormatyň bar. Meni onuň bilen görüşdir» diýip haýyş etdi. Hur onuň bu islegini hezreti Omara ýetirdi. Hezreti Omar görüşmek üçin ejaza berdi. Uýeýne hezreti Omaryň huzuryna girensoň: «Eý, Hattabogly! Walla, sen bize ne-hä artykmaç bir zat berýärsiň, ne-de adalat bilen höküm edýärsiň!» diýdi. Hezreti Omar gazaba gelip, Uýeýnäniň üstüne topuldy. Şol bada Hur olary aralady, Yzyndanam hezreti Omara garap şeýle diýdi: «Eý, müminleriň emiri! Alla pygamberine şeýle diýýändir: «Sen geçirimlilik ýörelgesine eýer‚ ýagşylygy ünde‚ nadanlar bilen deň bolma!» («Araf» süresi, 7/199) Meniň agam hem bisowat adam-da». Ibn Abbas bu wakanyň yzyny şeýle gürrüň berýär: «Walla, Hur bu aýaty okandan hezret Omar butnajagam bolmady. Çünki hezreti Omar Kuranyň emirlerine we duýduryşlaryna tagzym bilen boýun egýän şahsyýetdi. (Buhary, «Itisam» 2).
***
Enes (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) dünýäden gaýdyş edensoň, hezreti Ebu Bekir hezreti Omaryň ýanyna gelip: «Ýör, Ümmi Eýmeni görmäge gideli. Allanyň resuly (s.a.w) ýaly bizem ony zyýarat edeli» diýdi. Onuň ýanyna baranlarynda Ümmi Eýmen enemiz hamsygyp aglady. Şonda hezreti Ebu Bekir bilen hezreti Omar oňa: «Allanyň resulynyň (s.a.w) Haktagalanyň ýanyndaky has haýyrly mertebä gowşandygyny bilibem näme üçin aglaýaň?» diýdiler. Ümmi Eýmen olara şeýle diýip jogap berdi: «Menem munuň üçin aglamok. Allanyň indindäki mertebesiniň Allanyň resuly (s.a.w) üçin has haýyrlydygyny gowy bilýärin. (Ýöne) onuň aramyzdan aýrylmagy bilen wahyý kesildi (wahyýnyň bereketinden mahrum bolduk), ana, men şonuň üçin aglaýaryn». Onuň bu sözlerinden soňra hezreti Ebu Bekir bilen Omaryň hem bogazy doldy. Olar hem Ümmi Eýmen bilen bile aglamaga başladylar. (Muslim, «Fedailus-sahabe» 103).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Nebiler Serweri (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir adam başga obada ýaşaýan din gardaşyny zyýarat etmek üçin ýola çykdy. Haktagala bir perişdä (ýolda) oňa gözegçilik etmegi tabşyrdy. Bu adam şol gidip barşyna ýaňky perişdäniň (perişde onuň ýolunyň ugrunda görnen bolmaly) deňine ýetdi. Şonda perişde ondan: «Ugur nirä?» diýip sorady. Ol kişi: «Şu obadaky din gardaşymy görmäge barýaryn» diýip jogap berdi. Perişde ýaňky kişiden: «Onuň ýanyna bähbidiň üçin barýaňmy?» diýip, sorady. Ol adam: «Ýok, meniň oňa bolan muhhabetimiň aňyrsynda diňe Allanyň razylygy bar» diýdi. Perişde onuň bu hoş jogabyny eşidensoň, şu buşluk habaryny ýetirdi: «Dogrymy aýtsam, men Allanyň seniň ýanyňa iberen ilçisi. Sen şol gardaşyňy nähili gowy görýän bolsaň, Alla-da seni şonça gowy görýär». (Muslim, «Birr» 38).
***
Ebu Musa el-Eşarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ýagşy adam bilen ýaman adamyň ýagdaýy attar bilen körükçiniň ýagdaýyna meňzeýär. Attar saňa oňat ysly gülabyndan berer ýa-da puluňy berägedin onuň atyryndan alarsyň ýa bolmasa (onuň ýanyna barsaň, üstünden gelýän) ýakymly ys burnuňa urar. Körükçi(niň ýanyna barsaň) ýa-ha egin-eşigiňi ýakar, ýa-da ondan gelýän erbet ysdan birahat bolarsyň. (Buhary, «Zebaýih» 31, «Buýu» 38; Muslim, «Birr» 146).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Zenan bilen dört zatdan ötri nikalaşylar: mal-emlägi, soýy (urug, tire, taýpa, kowum), owadanlygy we dindarlygy. Bereket (huzur) tapaýyn diýseň, dindaryna öýlen! (Buhary, «Nikah» 15; Muslim, «Rada» 53).
***
Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Müminden başgasyny dost tutunma! Supraňdan diňe takwalar iýsin! (Ebu Dawud, «Edeb» 16; Tirmizi, «Zuhd» 56).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Dostuň kim bolsa diniň hem şoldur. Onuň ýaly bolsa, her kes kim bilen tirkeşýänine üns bersin! (Ebu Dawud, «Edeb» 16; Tirmizi, «Zuhd» 45).
***
Ebu Musa el-Eşary (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Her kim öz gowy görýän kişisi bilendir».
Başga bir hadysa görä, pygamberimizden (s.a.w): «Gowy görýän kişileri ýaly bolup başarmaýanlaryň ýagdaýy niçik bolar?» diýip soranlarynda, ol (s.a.w) şeýle diýen eken: «Her kim öz gowy görýän kişisi bilendir». (Buhary, «Edeb» 96; Muslim, «Birr» 165).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir çarwa adam Allanyň resulyndan (s.a.w): «Kyýamat haçan gopar?» diýip sorady. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) oňa: «Munuň üçin näme taýýarladyň?» diýdi. Ol adam: «Ahyret üçin artykmaç oraza tutdum, namaz okadym ýa-da üýtgeşik sadaka berdim diýib-ä biljek däl. Ýöne men Allany we onuň resulyny gowy görýärin» diýdi. Onsoň pygamberimiz (s.a.w) oňa şeýle diýdi: «Onda sen, gowy görýäniň bilen bilesiň!» (Buhary, «Edeb» 96; Muslim, «Birr» 164).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ynsanlar altyndyr kümüş magdanyna meňzeýär. Jahylyýet (dinsizlik) döwründe haýyrly bolan musulmanlykda-da haýyrlydyr. Diňe dininiň ruhuna (talabyna) akyl etse bolany. Ruhlar esger birliklerine (ynsanlaryň jemagatyna) meňzeýär. (Olaryň) soraşyp-tanşanlary (düşünşip) jebisleşmek bilen bolar. Tanyşmaýanlarynyň bolsa agyzlary alarmak bilen bolar. ( Buhary, «Enbiýa» 2; Muslim, «Birr» 159).
***
Omar ibn Hattab (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resulyndan (s.a.w) umra gitmek üçin ejaza soradym. Pygamberimiz (s.a.w) rugsat berdi we şeýle diýdi: «Eziz gardaşym! Biziň üçinem dileg-doga etmegi unutmaweri!» Allanyň resulynyň (s.a.w) bildiren bu hoşamaýlygy meni şeýle bir begendirdi welin, şol wagt bütin dünýäni beren bolsalaram, beýle begenmezdim. (Ebu Dawud, «Witr» 23; Tirmizi, «Deawat» 109).
***
Alla üçin söýmek
«Olardan (hijret edenlerden) öň ol ýurtda (Medinede) ýerleşenler (ensarlar) we (ýürekden) iman getirenler bolsa (öz diýarlaryna) hijret (göç) edenleri söýerler». («Haşr» süresi, 59/9).
***
«Muhammet Allanyň ilçisidir. Onuň ýanyndaky (müminler) bolsa kapyrlara ýowuz, öz aralarynda rehimlidirler. Sen olaryň, Allanyň pazly-keremini we razylygyny isläp, rukug we sežde edýändiklerini görersiň. Olaryň ýüzlerinde (maňlaýlarynda) sežde yzyndan (galan) alamat-nyşan bardyr. Bu olaryň Töwratda(ky) (beýan edilen) aýratynlyklarydyr. Olaryň Injildäki (beýan edilen) aýratynlyklary bolsa gögerip, gitdigiçe güýçlenip ýognaýan we öz göwresine daýanýan bir ekin (ösümlik) mysalydyr. (Bu ekin) daýhanlaryň göwnüne ýaraýandyr. Bu (Allanyň şeýdip, şu ekin ýaly musulmanlary köpeldip, güýçlendirmek bilen) kapyrlaryň (has hem) gaharyny getirmek üçindir. Alla iman getirip, ýagşy işleri edýänlere ýalkaw hem-de uly sylag wada berýär». («Fetih» süresi, 48/29).
***
Enes ibn Mälik (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde şu üç hususyýet bar bolsa, imanyň tagamyny aldygydyr: Allany we onuň resulyny her zatdan we her kimden zyýat söýmek, gowy görýän kişisini diňe Allanyň razylygy üçin gowy görmek, Alla ony küpürden halas edensoň, gaýtadan küpre uçramagy ataşa düşmekdenem erbet hasaplamak (dowzahdan we oňa alyp barjak ýagdaýlardan ätiýaç edip, gorkup titremek). (Buhary, «Iman» 9; Muslim, «Iman» 67).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Hiç hili kölegäniň bolmadyk kyýamat güni Alla ýedi hili ynsany arşynyň kölegisiniň astyna alar (hemaýat eder): adyl ýolbaşçyny, ýaşlygynda höwes bilen ybadata berlen ýaş-ýetginjegı, ýüreginden metjide baglanan kişini, biri-birini Alla üçin gowy görýän, biri-biri bilen Alla üçin duşuşýan we biri-birinden Alla üçin aýrylyşýan iki ynsany, ýokary gatlaga degişli owadan zenanyň toruna düşmän, onuň edýän talabyndan gaçyp, «Men Alladan gorkýaryn» diýen kişini, solundaky kişä sadaka berende, sagyndaka bildirmeýän kişini, ýeke özi wagty Allany ýatlap gözlerinden ýaş dökýän kişini. (Buhary, «Zekat» 16, «Rikak» 24, «Hudud» 19; Muslim, «Zekat» 91).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Allatagala kyýamat güni şeýle diýer: «Meni razy etmek üçin biri-birine muhabbet edenler nirede? Hiç hili saýa bolmadyk bu günde olary arşymyň saýasyna aljak, hemaýat etjek». (Muslim, «Birr» 37).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Janym «gudrat elinde» bolan Alladan ant içýärin. Eger iman getirmeseňiz, jennete girmersiňiz. Biri-biriňizi söýmeseňiz, (kämil) imana ermersiňiz. Berjaý eden ýagdaýyňyzda biri-biriňizi söýmegiňize sebäp boljak bir amaly aýdaýynmy? Araňyzda salamy ýaýyň! (Muslim, «Iman» 93-94).
***
Mikdad ibn Madikerib (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
Din gardaşyny söýýän kişi oňa söýýänini bildirsin! (Ebu Dawud, «Edeb» 113; Tirmizi, «Zuhd» 54).
***
Muaz ibn Jebel (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) elimden tutdy we şeýle diýdi: «Eý, Muaz! Walla, seni tüýs ýürekden gowy görýärin we her namazdan soňra şu dogany hiç terk etmän okamagy maslahat berýärin: «Eý, Allam! Seni ýatlamagym, Saňa şükür etmegim, ybadatymy iň gowy görnüşde berjaý edip bilmegim üçin maňa ýardam et!» (Ebu Dawud, «Witr» 26; Nesaýy, «Sehw» 60).
***
Allanyň bendesini gowy görmek
«(Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger Allany söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! (Şonda) Alla hem sizi söýer we günäleriňizi bagyşlar. Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr». («A:ly-Ymran» süresi, 3/31).
***
«Eý, iman getirenler! Sizden kim dininden dänse, (Alla olaryň ýerine) Özüniň söýýän, olaryň hem Ony (Allany) söýýän, müminlere pespäl (rehimli), kapyrlara (garşy) gazaply, Allanyň ýolunda söweşýän we hiç bir ýazgaryjynyň ýazgarmagyndan gorkmaýan bir kowum (millet) getirer. Bu (ýagşy sypatlar) Allanyň (bendelerine beren) pazly-keremidir, ony islänine berer. Allanyň pazly-keremi giňdir we (kimiň mynasypdygyny Özi) has gowy bilýändir». («Maide» süresi, 5/54).
***
Ebu Hureýre (r.a) herzetleriniň gürrüň bermegine (kudsi hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:
Kimde-kim Meniň weli guluma duşmanlyk etse, Menem oňa uruş yglan ederin. Bendämi maňa ýakynlaşdyrýan zatlaryň iň ýagşysy parz edip goýan ybadatlarymdyr. Bendäm (parzlar bilen bilelikde) dowamly nepil ybadatlary berjaý kylmak bilen Meniň söýgimi gazanar. Şondan soňra Men onuň eşidýän gulagy, görýän gözi, tutýan eli, ýöreýän aýagy bolaryn. Bu bendäm bir zat islese, hökman bererin. Maňa sygynsa, ony goraryn. (Buhary, «Rikak» 38).
***
Ebu Hureýre (r.a) herzetleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla bir guluny gowy görse, Jebraýyly (a.s) çagyryp: «Men pylanyny gowy görýärin, sen hem ony gowy gör!» diýer. Jebraýylam Allanyň emrine tabyn bolup, ol kişini gowy görer. Ol hem asman ähline şeýle diýer: «Allatagala pylanyny gowy görýär, sizem ony gowy görüň!» Onsoň asman ähli-de oňa muhabbet eder. Şunlukda ol kişi Ýer ýüzünde ýagşy adam hökmünde bilner (Ýerdäkileriň köňlünde oňa bolan söýgi dörär). Munuň tersine, Haktagala haýsydyr bir guluna bugz etse, Jebraýyly (a.s) çagyryp, oňa: «Men pylanyny halamok, ony senem halama!» diýip buýrar. Şondan soňra Jebraýyl hem şol kişä bugz eder. Soňra-da asman ähline: «Haktagala pylanyny söýmeýär, mundan soňra siz hem ony söýmäň!» diýip seslener. Şeýle bildirişden soňra Ýer ýüzünde ol kişi bilen halanmaýan, bugz edilen adam hökmünde gatnaşyk ediler. (Buhary, «Edeb» 41, «Towhyd» 33; Muslim, «Birr» 157).