***
Ynsanlaryň daşky görnüşine görä
höküm bermek, gizlin hallaryny Alla tabşyrmak
«Eger toba edip‚ namaz okap‚ zekat berseler, olary azat ediň!» («Toba» süresi, 9/5)
***
Abdulla ibn Omaryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Maňa Alladan başga ylahyň (Mabudy-Bilhakyň, Maksudy-bil-Istihkahyň) ýokdugyna hem-de Muhammediň (s.a.w) Allanyň guly we resulydygyna şaýatlyk edýänçäler, şeýle hem namazlaryny okap, zekatlaryny doly berýänçäler ynsanlar bilen söweşmek emir edildi. Olar bu tabşyryklary berjaý eden ýagdaýynda mal-emlägini, janlaryny menden gorarlar. Hawa, yslamyň talaplary bardyr (zekat, sadaka, hüşür). Ondan galany (amallaryndaky yhlaslary) üçin Alla hasap bererler. (Buhary, «Iman» 17, «Salat» 28, «Zekat» 1; Muslim, «Iman» 32-36).
***
Jündeb ibn Abdulla (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) goşuny bilen müşrikleriň üstüne barypdy. Iki tarap söweşmek üçin ýüzbe-ýüz bolup durdy. Söweşiň başlangyjynda bir müşrik öňünden göz astyna alyp, çemine salan bir musulmany öldürdi. Başga bir musulman bolsa şol müşrigi öldürmegiň kastyna çykdy. Ol Usame ibn Zeýddi. Usame ibn Zeýd gylyjyny ýalaňaçlap, onuň üstüne topulanda, müşrik: «Lä ilähe illalla» diýip, şahadat kelemesini getirdi. Emma Usame ony öldürdi. Söweşden soňra çapar gidip, Resuly-Ekreme (s.a.w) bolan zatlary habar berdi. Ol Usamäniň duşman bilen arasynda bolup geçen hadysany, garşydaşyny nähili ýagdaýda öldürenini hem gürrüň berdi. Onsoň pygamberimiz (s.a.w) haýal etmän Usamäni ýanyna çagyrtdy. Gelensoň ondan: «Ony näme üçin öldürdiň?» diýip sorady. Şonda Usame şeýle diýdi: «Eý, Allanyň resuly! Ol kişi musulmanlaryň birnäçesini ýaralady, pylanyny, pylanyny-da öldürdi. Men hem onuň üstüne topuldym. Gylyjymy depesinden inderjek bolanymda bolsa: «Lä ilähe illalla» diýip, şahadat kelimesini getirdi». Resuly-Ekrem (s.a.w): «Senem ony öldürdiň, şeýlemi?» diýende, Usame: «Hawa» diýip jogap berdi. Pygamberimiz (s.a.w) bolsa: «Kyýamat güni «Lä ilähe illalla» kelemesi öňüňden çykanda näme etjek?» diýdi. Usame: «Eý, Allanyň resuly! Haktagaladan meniň bagyşlamagyny sora!» diýdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) bolsa, zol: «Kyýamat güni «Lä ilähe illalla» kelemesi öňüňden çykanda näme etjek, aýt hany? Kyýamat güni «Lä ilähe illalla» kelemesi öňüňden çykanda näme etjek?» diýýärdi, başga zat diýmeýärdi. (Muslim, «Iman» 160).
***
Alla gorkusy
«Alla sizi Özüne garşy gitmekden ägä edýär». («A:ly-Ymran» süresi, 3/28).
***
«Siz diňe Menden heder ediň!» («Bakara» süresi, 2/40).
***
«Rebbiniň huzurynda hasap bermekden gorkýan (mümin üçin) iki jennet bardyr». («Rahman» süresi, 55/46).
***
«Eý, ynsanlar! Rebbiňizden gorkuň! Hakykatdanam, kyýamat gününiň sarsgyny örän aýylgançdyr. Ony görjek günüňiz çaga emdirýän her bir zenan emdirýän çagasyny unudar, göwresinde çagasy bolan her bir zenan göwresindäkini düşürer, ynsanlary şerhoş ýagdaýda görersiňiz. Aslynda, olar serhoş däldirler. Allanyň azaby çetindir». («Haj» süresi, 22/1-2).
***
«Ine, şol gün ynsan öz doganyndan, ejesinden, kakasyndan, ýanýoldaşyndan, perzentlerinden gaçar. Şol gün olaryň hersiniň öz başyndan agdyk derdi, gaýgysy bolar». («Abese» süresi, 34-37).
***
Ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär: «Dürs sözli we dogruçyllygy tassyk edilen Allanyň resuly (s.a.w) bize şeýle diýdi:
Siziň her biriňiziň ýaradylyşyňyzyň owalky tapgyry ene garnynda kyrk günde bolup geçer. Ikinji kyrk günüň içinde (şol düwünçek) alaka (gan lagtasyna) öwrüler. Ýene-de şonçarak wagtyň içinde bir bölek ete (bir çeýnem et görnüşindäki jenine) döner. Has soňra bir perişde iberiler. Oňa ruh üflemek (salmak) hem-de dört zady ýazmaklyk, ýagny ene garnyndaky janlynyň rysgyny, ajalyny, amalyny, sagadat (jennet) ählimi, ýogsam şekawet (dowzah) ählimi, ýazmaklyk emir ediler».
Abdulla ibn Mesud (r.a) sözüni şeýle dowam etdirdi:
Özünden başga ylah bolmadyk Alladan ant içýärin! Sizden biri bütin ömri boýunça jennet ähline gelişýän amallary eder. Onuň bilen jennetiň arasynda ýarym gulaç galar welin, kitabyň hökümi öňe çykar: dowzahylara mahsus amallary edip ugrar we dowzaha gider. Şeýle hem, sizden birisi (bütin ömrüne) dowzahylara mahsus amallar eder. Onuň bilen dowzahyň arasynda ýarym gulaç galar. Soňra bolsa kitabyň hökümi öňe çykar welin, ol kişi soň pillede jennet ähliniň amalyny eder we jennete girer. (Buhary, «Bedul-Halk» 6, «Kader (Ýazgyt)» 1; Muslim, «Kader» 1).
***
Hezreti Enes (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resulyna (s.a.w) sahabasy dogrusynda bir gürrüňi ýetiripdiler. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şulary diýdi: «Maňa jennet bilen jähennem görkezildi. Haýyr we şer babatynda munuň ýalysyny hiç görmändim. Eýsem, siz meniň bilýänlerimi bilsediňiz, az gülüp, kän aglardyňyz». Allanyň resulynyň (s.a.w) sahabalary şondan agyr, şondan çetin gün geçirmedik bolsa gerek. Şol gün olar başlaryny aşak egip, aglamak agladylar. (Muslim, «Fedail» 134).
***
Adiý ibn Hatimiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Rebbiňiz siziň her biriňiz bilen hiç hili terjimeçisiz gepleşer. Şonda ynsan sag tarapyna sereder welin, ölmezinden öňünçä eden ýagşy amallaryny görer. Şol tarapyna garar, eden erbetliklerini görer. Öňüne sereder welin, jähennemden başga zady görmez. Ýagdaý şeýlekä, heniz mümkinçiligiňiz barka, ýarym hurma bilenem bolsa dowzahdan halas bolmaga synanyşyň! (Buhary, «Zekat» 9; Muslim, «Zekat» 67).
***
Ebu Zeriň (r.a) gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Men siziň görmedik zadyňyzy görýärin, bilmedik zadyňyzy bilýärin. Ah, bir bilsediňiz, asman şeýle bir gyjyrdap iňlemek iňledi. Onuň bolmalysy hem şeýledi. Çünki göklerde perişdeleriň sežde etmeýän dört barmak ýalyjagam ýer ýok. Alladan ant içýärin, Allanyň beýikligi babatynda meniň bilýänlerimi bilsediňiz, az gülüp, köp aglardyňyz. Hatda ýanýoldaşyňyz bilen bile bolmakdan gaçyp, daga-düze çykardyňyz we bar sesiňiz bilen Alla ýalbarardyňyz. (Tirmizi, «Zuhd» 9).
***
Ebu Berze Nadle ibn Ubeýd el-Esleminiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bende kyýamat gününde ömründen: nirede nähili geçireninden, biliminden: nirede ulananyndan; mal-emläginden: nähili ýollar bilen gazanyp, nämelere sarp edeninden; bedeninden: nirede köneldeninden hasaba çekilmän ornundan gymyldamaz. (Tirmizi, «Kyýamat» 1).
***
Ebu Said el-Hudrynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Suruň eýesi (Ysrafyl (a.s) sury agzyna ýetirip, «Üfle!» emrine garaşyp durka, bu dünýäniň nygmatlaryna nädip elimi uzadaýyn?
Sahabalaryň bu sözleri eşidip, howsala düşüşlerini gören Allanyň resuly (s.a.w) olara: «Hasbunallahu we nymel-wekil (Alla bize ýeter, Ol nähili oňat wekil!) diýiň» diýdi. (Tirmizi, «Kyýamat» 8).
***
Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
(Duşmanyň üstüni basmagyndan) çekinýän kişi gije ýola çykar. Gijesine ýol ýörän kişi hem barmaly ýerine aşar. Allanyň harydynyň örän gymmatlydyny biliň. Şuny hem biliň: Allanyň harydy jennetdir. (Tirmizi, «Kyýamat» 18).
Düşündiriş: jennet arzan däldir, jähennem hem gereksiz däldir. Ahyret ýolagçylary aýagyny taýdyrjak maddy ýa-da ruhy duşmanlaryndan goranmak üçin gijesine ýol sökýän ynsanlar ýaly bolmalydyr, gije ybadatlaryny ahmal etmän, gabyrlaryny nurlandyrmalydyr.
***
Äşe enemiziň (r.anha) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kyýamat güni ynsanlar aýaklary, bedenleri ýalaňaç, sünnetsiz direldiler». Şonda men şeýle sowal berdim: «Eý, Allanyň resuly! Zenanlar erkekler bilen bile direldilse, olar bir-birilerine seretmezmi?» Allanyň resuly (s.a.w): «Äşe! Şol gün şeýle bir agyr gün bolar welin, munuň ýaly düşünjeler adamyň küýüne-de gelmez» diýdi. (Buhary, «Rikak» 45; Muslim, «Jennet» 56).
Başga hadysda: «(Şonda) ýagdaý olaryň biri-birine seretmejek derejesinde çetin hem-de gorkunç bolar» diýilýär.
***
Allanyň rahmetinden umydyňy üzmezlik
«(Olara) aýt: «Eý, kän günä edip, hetden aşan bendelerim! Allanyň rahmetinden umydyňyzy üzmäň! Çünki Alla (islese) bütin günäleri bagyşlar! Hakykatdanam, Ol Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr». («Zümer» süresi, 39/53).
***
«Rahmetim ähli zady gurşap alandyr». («Araf» süresi, 156).
***
«Men öz işimi Alla tabşyrýaryn. Elbetde, Alla bendelerini görüp durandyr. Alla ony olaryň guran ýaman hilelerinden gorap saklady». («Mümin» süresi, 40/44-45).
***
Ebu Zer (r.a) herzetleriniň gürrüň bermegine (kudsi hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň şeýle diýenini aýdypdyr:
Kim bir haýyr işlese, oňa on esse ýa-da ondanam köp sogap bererin. Kim bir erbet iş etse, bir misli bardyr ýa-da bütinleý bagyşlaryn. Bendäm maňa bir garyş ýakynlaşsa, Men oňa bir arçyn ýakynlaşaryn. Eger ol bir arçyn ýakynlaşsa, Men oňa bir gulaç ýakynlaşaryn. Maňa ýöräp gelse, Men oňa tarap ylgaryn. Dünýä dolusy günä bilen gelse-de, maňa şärik goşmasy bolany, şol misli bagşylaýjylygym bilen ony garşy alaryn. («Muslim, «Zikr» 22).
***
Hezreti Enes (r.a) gürrüň berýär:
Bir gezek Allanyň resuly (s.a.w) ulagynda Muaz ibn Jebel bilen artlaşyp barýarka, oňa üç ýola: «Eý, Muaz!» diýip seslenipdir. Ol hem her gezeginde: «Näme buýrugyňyz bar? Aýdyberiň, eý, Allanyň resuly!» diýipdir. Ahyrynda Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa şeýle diýipdir: «Kimde-kim çyn ýürekden «Lä ilähe illalla, Muhammed resulalla» diýip şahadat kelimesini aýdyp, ykrar etse, (aýdanyny) tassyklasa, Alla şol adama dowzahy haram kylar». Bu buşluk habaryny eşiden Muaz (r.a) pygamberimizden (s.a.w): «Muny ynsanlara buşlap, begendirsem, hiç hili zyýany ýokdur-a?» diýip sorapdyr. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir: «Beýtseň, olar muny eşidip, arkaýynlaşarlar». Enes (r.a) sözüni şeýle dowam etdirýär:
Muaz ibn Jebel (r.a) bu maglumaty gizlemegiň jogapkärçiliginden gorkansoň, diňe dünýäden ötmegine az wagt galanda gürrüň berdi. (Buhary, «Ylym» 49; Muslim, «Iman» 53).
***
Omar ibn Hattab (r.a) gürrüň berýär:
Bir sapar Allanyň resulynyň (s.a.w) huzuryna birnäçe ýesir getirildi. Olaryň arasynda bir aýal (jyda düşen balasyny gözläp) saga-sola ylgaýardy. Duş gelen çagany bagryna basyp, emdirmäge durýardy. Bu manzary gören Allanyň resuly (s.a.w) bizden: «Şu zenan janyndan eý görýän perzendini heýem ataşa atarmy?» diýip sorady. Bizem: «Ýok, walla atmaz!» diýdik. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Allanyň gullaryna bolan merhemeti bu zenanyň balasyna görkezýän merhemetinden has zyýatdyr». (Buhary, «Edeb» 18; Muslim, «Tewbe» 22).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla barlyklary ýaradan wagty öz ylahy gatynda, arşyň üstünde bolan kitabyna «Rahmetim gazabymdan üstün geler» diýip ýazan eken. (Buhary, «Towhyd» 15; Muslim, «Tewbe» 14).
Başga bir hadysda «Rahmetim gazabymdan üstün geldi», ýene başga bir hadysda bolsa «Rahmetim gazabymy geçdi (ýaryşy rahmetim gazandy)» diýilýär.
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla rahmetini ýüz bölege bölüpdir: togsan dokuz bölegini öz ýanynda saklapdyr, bir bölegini Ýeriň ýüzüne inderipdir. Ine, barlyklar hem şol bir bölek rahmetiň gönükdirmegi bilen biri-birine merhemet edýärler. Haýwanam balasyny mynjyratmajak bolup, aýagyny galdyryp durandyr.
Başga hadysda şeýle diýilýär: «Haktagalanyň ýüz rahmeti bar. Bulardan birini jynlara, ynsanlara, haýwanlara we mör-möjeklere inderipdir. Olar şol bir (bölek) rahmetiň gönükdirmegi bilen biri-birine merhemet edýärler. Ýabany haýwan hem öz balasyna şonuň saýasynda mährini görkezýär. Alla (galan) togsan dokuz (bölek) merhemetini kyýamat güni üçin (gullaryna) saklapdyr». (Buhary, «Edeb» 19; Muslim, «Tewbe» 17, 19).
***
Ebu Hureýre (r.a) herzetleriniň gürrüň bermegine (kudsi hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:
Bendesi bir günä iş eden soň: «(Eý,) Allam! Günämi öt!» diýende, Allatagala: «Bendäm bir günä iş etdi we derrewem günäsini bagyşlajak, hatasyndan ötri hasap sorajak Rebbiniň bardygyna akyly aýlandy» diýer. Soňra bendesi ýene-de günä işlär. Ol ýene-de: «Rebbim! Günämi öt!» diýip, (Alla ýalbaranda) Alla Tebareke-Tagala: «Bendäm bir günä iş etdi we derrewem günäsini bagyşlajak, hatasyndan ötri hasap sorajak Rebbiniň bardygyna akyly aýlandy. Gulum näme eden hem bolsa, men ony bagyşlaryn» diýer. (Buhary, «Towhyd» 35; Muslim, «Tewbe» 29).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Nebsim gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin: siz hiç hili günä etmejek bolsadyňyz, (sizi ýok edip) ýeriňize günä işläp, Alladan bagyşlanmagyny dileýän başga bir topary (ynsan) getirerdi. Olary bagyşlardy. (Muslim, «Tewbe» 11).
***
Abdulla ibn Amr (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) pygamberimiz (s.a.w) hezreti Ybraýymyň (a.s) Kuranda geçýän: «Eý, Rebbim! Olar (butlar) ynsanlaryň köpüsini (dogry ýoldan) azaşdyrdylar. Indi kim maňa eýerse, ol mendendir (Allanyň maňa görkezen hak ýolundadyr). Kim boýun bolmasa, (onuň işi Saňa bagly). Şübhesiz, Sen Gafursyň (Bagyşlaýjy), Rahymsyň (Rehim-şepagatly)! («Ybraýym» süresi, 14/36)» dogasy bilen hezreti Isanyň (a.s): «Eger olara azap berseň, şübhesiz, olar Seniň bendeleriňdir. Eger olary bagyşlasaň, şübhesiz, Sen yzzat we hikmet eýesisiň! («Maide» süresi, 5/118)» dogasyny okady. Soňundanam ellerini galdyryp: «(Eý,) Allam! Ymmatyma merhemet et! Ymmatymy bagyşla!» diýip doga etdi we aglady. Şonda Aziz we Jelil bolan Alla: «Eý, Jebraýyl! (Rebbimiz her zady has gowy bilse hem) Git-de, Muhammetden näme üçin aglaýanyny sora!» diýdi. Jebraýyl (a.s) Allanyň resulynyň (s.a.w) huzuryna gelende, (Haktagala her zady gowy bilýän hem bolsa) Habibi-Zişan oňa ymmatynyň soňuny alada edýändigini habar berdi. Jebraýyl hem pygamberimiziň endişesini Allatagala ýetirdi. Şonda Haktagala şeýle diýdi: «Eý, Jebraýyl! Muhammediň ýanyna git we oňa şu buşluk habarymy ýetir: «Alla ymmatyň soňy babatynda seni razy etjekdir we seni gynandyrjak däldir». (Muslim, «Iman» 346).
***
Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kapyr bir gowy iş etse, (Alla) şu dünýälik bir nygmatyndan oňa dadyryp, (derrew) hasaplaşar. Mümine gezek gelende bolsa, Alla onuň eden gowulyklarynyň garşylygyny ahyretde jemläp berer. Galyberse, eden gullugy üçin bu dünýäde-de rysk yhsan eder. (Muslim, «Syfatul-munafykyn» 57).
***
Jabir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bäş wagt namaz kişiniň gapysynyň öňünden joşup akyp duran, her gün bäş wagtyna ýuwnulýan çeşme mysalydyr. (Muslim, «Mesajid» 284).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Mümin kyýamat güni Rebbiniň yhsanyna şeýle bir ýakyn bolar welin, Alla ony öz penakärliginiň, rahmetiniň çägine alar. Şonda Haktagala bendesiniň günälerini boýnuna goýar. Ondan: «Şu günäňi bilýämiň, bu günäňi bilýämiň?» diýip sorar. Müminem: «Bilýän, Rebbim!» diýer. Hezreti Setdar hem: «Men seniň şu günäleriňi dünýädäkäň örtüpdim, bu gün hem örterin» diýer. Yzyndanam oňa haýyrly amallary ýazylan depderi berler. (Buhary, «Mezalim» 3, «Edeb» 60, «Tewhid» 36; Muslim, «Tewbe» 52).
***
Ibn Mesud (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir şahs nebsine uýup, bir zenany öpdi. Has soňra bolsa (munuň üçin puşman edip) Nebiler Serweriniň (s.a.w) huzuryna gelip, bolan zady gürrüň berdi. Alla şu waka mynasybetli «Gündiziň iki ujunda we gijäniň (gündize) ýakyn böleginde (bäş wagt) namazy oka. Elbetde, ýagşylyklar ýamanlyklary (günäleri) ýok eder («Hud» süresi 11/114)» aýatyny inderdi. Ýaňky adam: «Eý, Allanyň resuly! Bu inen höküm diňe maňa degişlimi?» diýip soranda, Resuly-Ekrem (s.a.w): «Ymmatymyň her biri üçindir» diýdi. (Buhary, «Mewakit» 4; Muslim, «Tewbe» 39).
***
Ebu Musa (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Allatagala gündiz günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolup, gije magfyret elini açar. Gije günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolubam gündiz magfyret elini açar. Bu Gün Günbatardan dogýança şeýle bolar. (Müslim, «Toba» 31).