Sada geýinmek we iýip-içmek
Orta ýoly tutmak
«Bularyň yzyndan namazlaryny taşlap, nebisleriniň isleglerine eýeren nesil geldi. Olar hökman (özleriniň azgynçylyklarynyň) jezasyny çekerler. Emma (ýürekden) toba edip, iman getiren we ýagşy işleri eden kişiler jennete girerler we olara hiç hili zulum edilmez». («Merýem» süresi, 19/59-60).
***
«Soň (Karun) kowmunyň öňüne bezenip-beslenip çykypdy. Pany dünýäni isleýän kişiler: «Käşgä, biziň Karunyňky ýaly baýlygymyz bolsady. Hakykatdanam, ol uly bir nesibäniň eýesidir» diýdiler. Özlerine ylym berlenler bolsa: «Haýp size! Iman getirenler we ýagşy işleri edenler üçin Allanyň sogaby has haýyrlydyr! Oňa hem diňe sabyrlylar ýeter» diýdiler». («Kasas» süresi, 28/79-80).
***
«Soň siz ol gün (dünýäde özüňize berlen) nygmatlardan hökman soraga çekilersiňiz». («Tekasur» süresi, 102/8).
***
«Kim bu çalt geçýän (dünýäni) islese, ol ýerde oňa (islän kişimize), islän zadymyzy eglemän bereris. Soň oňa dowzahy taýýarlarys. Ol dowzaha ryswa edilen, kowlan halda girer». («Isra» süresi, 17/18).
***
Hezreti Äşe (r.a) gürrüň berýär:
Muhammediň (s.a.w) maşgala agzalary (pygamberimiz (s.aw) wepat edýänçä, yzly-yzyna iki gün arpa çöregini iýip (doýup) gören däldir. (Buh.ary, «Eýman» 22; Muslim, «Züht» 22).
***
Urwe ibn Zubeýr (r.a) Äşe (r.a) enemizden eşidipdir:
«Ýegenim, walla bir Aýy, soňra ýene bir Aýy, soňra ýene bir Aýy, ýagny iki aýy geçirip, üçünji Aýy (dogşuny) görerdik, (ýöne) Allanyň resulynyň (s.a.w) maşgalalarynyň ojaklarynda ataş ýanmazdy (nahar bişmezdi)». Şonda Urwe Äşe enemize şu sowaly beripdir: «Daýza! (Onda siz) näme iýip-içýärdiňiz?» Äşe (r.a) enemiz şeýle diýipdir: «Iki gara, ýagny hurma, suw bilen (oňňut ederdik). Ýöne şuny hem aýtmak gerek: Allanyň resulynyň (s.a.w) ensardan sagymlyk maly bolan goňşulary bardy. Olar Allanyň resulyna (s.a.w) süýt ibererdi. Ol hem bize içirerdi». (Buhary, «Rikak» 17; Muslim, «Züht» 28).
***
Ebu Said el-Makburi Ebu Hureýräniň (r.a) adyndan gürrüň berýär:
(Bir gezek) Ebu Hureýre gyzardylan goýuny iýjek bolup oturan adamlaryň deňinden geçip barýan eken. Şonda oňa-da hödür-kerem edipdirler. Ebu Hureýre olaryň mürehedini ret edipdir. Soňam şeýle diýipdir: «Allanyň resuly (s.a.w) arpa çöregindenem doýup görmän dünýeden gitdi». (Buhary, «Etime» 23).
***
Numan ibn Beşir (r.a) gürrüň berýär:
Dogrusy, men pygamberimiziň iýmek üçin ýönekeýje hurma tapmadyk wagtlaryny gördüm. (Muslim, «Züht» 34).
***
Halid ibn Omar el-Adewi (r.a) gürrüň berýär:
Basra emiri Utbe ibn Gazwan (r.a) bize hutba okady. Alla hamdy-sena aýdandan soňra sözüni şeýle dowam etdi: «Dünýä özüniň panydygyny aýdyň bildirdi. Çaltlyk bilen geçip dur. Ondan içilenden soňra gabyň düýbündäki azajyk suw mukdary ýaly bir zat galýar. (Tiz wagtdan) bu pany dünýäden bakylyk ýurduna göçersiňiz. (Şonuň üçin) ol ýerde haýry degjek, peýda berjek zatlary äkitmegiň aladasy bilen boluň. Çünki bize aýdylyşyna görä, dowzah şeýle bir çuňňur guýy welin, kenarynda durup, içine atylan daş ýetmiş ýyldan hem düýbüne baryp ýetmeýär. Jähennemiň içi bolsa, gürrüňsiz, dolaýmaly. Näme boldy?! Geň galýaňyzmy? Ýene-de, bize bildirilişine görä, jennetiň gapylarynyň iki ganatynyň arasy kyrk ýylda geçilýär. Gün gelip, jennetem agzyna çenli hyň berip doljak. Men Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanynda bolan ýedi kişiniň ahyrkysy hökmünde (şuny) gördüm: agajyň ýapragyndan başga azygymyz ýokdy. Dodaklarymyz açlykdan ýaryk-ýarykdy. Bedenimi ýapmak üçin bir bölek mata tapypdym. Ony-da ikä bölüp, ýarysyny Sad ibn Malige beripdim. Ýarysyny men, ýarysynam Sad peştemal ýaly edip, bilimize oranypdyk. Bu gün bolsa her haýsymyz bir şähere häkim bolup otyrys. Özümi uly saýyp, tekepbir bolmakdan we Allanyň indinde ähmiýetsiz görülmekden Oňa sygynýaryn». (Muslim, «Züht» 14).
***
Sad ibn Ebi Wakkas (r.a) gürrüň berýär:
Dogrusy, men Hakyň ýolunda ok atan ilkinji arap bolýaryn. Biz Allanyň resuly (s.a.w) bilen sapara çykanymyzda, huble we semur diýilýän agaçlaryň ýapragyndan başga iýmäge zat tapmazdyk. Hatda şol sebäpli aýak ýoluna çykanymyzda, uly täretimiz edil goýnuň gumalagy ýaly gup-gury, bölek-bölek bolup çykýardy. (Buhary, «Rikak» 17; Muslim, «Züht» 12).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Özünden başga hiç hili ylah we mabud bolmadyk Alladan ant içip aýdýaryn: açlygymdan ýaňa kä garnymy ýere berip (ýatardym), käte bolsa garnyma daş daňardym. Bir gün pygamberimiz (s.a.w) bilen käbir sahabanyň metjide gatnaýan ýolunyň ugrunda otyrdym. Allanyň resuly (s.a.w) deňime ýetende maňa ýylgyryp garady. Ýüzüme seredip, ýagdaýymy aňan bolmaly. Maňa: «Ebu Hureýre!» diýip seslendi. Menem: «Näme hyzmat, eý, Allanyň resuly!» diýdim. Ol: «Yzyma düş!» diýdi-de, ýöräberdi. Menem onuň yzyna düşüp ýöräberdim. Pygamberimiz (s.a.w) öýüne girdi. Yzy bilen girmek üçin rugsat soradym. Rugsat berenden soň içerik girdim. (Görsek) bir tabakda azajyk süýt bar eken. Ol (s.a.w) (içerdäkilerden): «Bu süýt nireden geldi?» sorady. «Pylan adam (ýa-da pylan zenan) size sowgat getirdi» diýdiler. Resuly-Ekrem (s.a.w) ýene-de: «Ebu Hureýre!» diýip seslendi. Menem: «Janym saňa gurban bolsun, eý, Allanyň resuly!» diýip seslendim. (Pygamberimiz (s.a.w): «Bar-da, ähli-suffany çagyryp gel!» diýdi. Ebu Hureýre sözüni şeýle dowam etdirýär: «Ähli-Suffa musulmanlaryň myhmanydy. Olaryň ne barara ýeri, ne-de (meniňki bolsun diýer ýaly) zady bardy. Hiç hili ýakyn howandary bolmadyk ýoksul kişilerdi. Pygamberimiz (s.a.w) özüne sadaka iberilse, ondan hiç zat almazdy. Şol durşuna ähli-suffa ibererdi. Emma sowgat gelse welin, ondan öz nesibejigini alardy. Galanyny-da ähli-suffa ibererdi. Şonda men Allanyň resulynyň (s.a.w) ähli-suffany çagyrmagyndan biraz biynjalyk boldum. Öz ýanymdan şeýle diýýärdim: «Bujagaz süýt ähli-suffanyň hemmesine nädip ýetsin?! Hemmesini ýeke özüm içenimde-de, hiç zat ahyry! Ynha, görersiň, olar gelerem welin, Allanyň resuly (s.a.w) menden ilki bilen olara bermegimi talap eder. Menem bermeli bolaryn. Onsoň süýtden maňa ýa galar, ýa galmaz. Ýöne näme edeýin, Alla we Onuň resulyna tabyn bolmakdan başga alajym ýok». Onsoň ähli-suffany çagyryp geldim. Olar pygamberimiziň (s.a.w) öýüniň işigine gelip durdular. Içerik girmek üçin pygamberimizden (s.a.w) ejaza soradylar. Rugsat berenden soň ähli-suffa içerik girdi. Hemmeler ornaşanda, Habibi-Zişan (s.a.w) ýene-de: «Ebu Hureýre!» diýip seslendi. Menem: «Lebbeýik, Allanyň resuly!» diýdim. Pygamberimiz (s.a.w): «Süýtli tabagy al-da, olara ber!» diýdi. Menem tabagy alyp, gardaşlaryma ýeke-ýekeden uzadyp başladym. Tabagy alan kişi tä ganýança içýärdi, soňam gaýtaryp maňa berýärdi, menem indikä berýärdim. Ol hem ganýança içip, yzyna uzadýardy. Şeýdip, her kim içip boldy. Şol ýerde kim bar bolsa, süýtden gerk-gäbe doýdy. Onsoň tabagy Allanyň resulyna (s.a.w) berdim. Allanyň resuly (s.a.w) süýtli tabagy eline aldy we ýylgyryp maňa garap: «Ebu Hureýre!» diýdi. Men: «Lebbeýik, Allanyň resuly!» diýdim. Ol (s.a.w): «(Içmedik) diňe ikimiz galdyk» diýdi. Men: «Dogry, eý, Allanyň resuly!» diýdim. (Pygamberimiz (s.a.w) tabagy maňa uzadyp): «Otur-da iç!» diýdi. Menem oturyp, içdim. (Ol (s.a.w) soňra ýene-de: «Otur-da iç!» diýdi. Men ýene-de içdim. Resuly-Ekrem (s.a.w) maňa zol «Iç!» diýip, gaýtalap durdy. Ahyrsoňy şeýle bir derejä ýetdim welin, «Seni hak pygamber edip iberen Alladan ant içýärin, içmäge ýerim galmady, gerk-gäbä boldum» diýdim. (Onsoň pygamberimiz (s.a.w): «Indi, maňa ber» diýdi. Tabagy oňa berdim. (Allanyň resuly (s.a.w) Allatagala hamdy-sena aýtdy, «Bismillä!» diýdi, soňam galan süýdi özi içdi. (Buhary, «Rikak» 17).
***
Äşe (r.a) enemiz gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) dünýeden öten wagty onuň sowudy bir jöhitde durdy. Ony otuz sa (ölçeg birligi) arpanyň garşylygynda girewine beripdi. (Buhary, «Jihad» 89; Muslim, «Musakat» 124).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Men ashaby-suffadan ýetmiş kişini bilýärin. Olaryň hiç biriniň diýen ýaly tutuş bedenini örtjek lybasy ýokdy. Ýa bilden aşaga geýilýän izar ýa-da bilden ýokara geýilýän kisa diýen lybaslary bardy. Ony-da boýunlaryna baglardylar. Käsiniň baldyrlarynyň ýarysyna, käsiniň hem topuklaryna ýetýärdi. Uýat ýeri görünmez ýaly (oranan) lybaslaryny eli bilen tutup gezerdiler. (Buhary, «Salat» 58).
***
Imran ibn Husaýn (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Iň haýyrly nesil meniň bilen bile ýaşan nesildir. Onsoň olardan soňra geljek nesildir. Onsoň olardan soňky geljek nesil».
(Imran ibn Husaýn şu ýerinde şeýle diýýär: «Pygamberimiziň (s.a.w) «Onsoň olardan soňra geljek» diýip ikimi ýa üç gezek gaýtalanyny bilemok).
Onsoň Allanyň resuly (s.a.w) sözüni şeýle dowam etdirdi: «Bu haýyrly nesillerden soňra şeýle nesiller geler welin, olar özlerinden islenilmese-de şaýatlyk ederler; haýynlyk (sözünde durmazlyk) olaryň endigine öwrüler, birek-birege ynam galmaz; adak aýdarlar (pylan zat bolsa, hudaýoluna pylan zat berjek diýerler), ýöne berjaý etmezler; bir-de olaryň arasynda semizlik ýaýrar». (Buhary, «Şahadat» 9, «Rikak» 7; Muslim, «Fedailus-sahabe» 214).
***
Ebu Umame (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Eý, adamogly! Gereginden artykmaç mal-emlägiňi sadaka bermegiň seniň haýryňadyr, bermän saklamagyň zyýanyňadyr. Zerur bolanyny eliňde tutanyň üçin Allanyň öňünde jogapkär bolmarsyň, günäkärlenmersiň. (Näme berjek bolsaň) öňünçä jogapkärçiligiňde, garamatyňda bolanlardan başla! (Tirmizi, «Zekat» 32).
***
Abdulla ibn Amr ibn A:s (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
(Özi) musulman bolan, ýeterlik rysgy berlen, Allanyň berenine kanagat eden kişi hökman halas bolar. (Muslim, «Zekat» 125).
***
Fedale ibn Ubeýd el-Ensaryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Yslama girmek nesip eden kişiniň bagtynyň geldigidir! (Şeýle hem) oňşugyna kanagat edýän kişiniň bagtynyň çüwdügidir! (Tirmizi, «Züht» 35).
***
Fedale ibn Ubeýd (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) namaz okadan wagtlary sahabalaryň käbiri açlykdan ýaňa aýakda durup bilmän, çaşyp ýykylýardy. Olar ähli-suffadandy. Çölden gelen çarwalar bolsa olaryň ýagdaýyny bilmänsoňlar: «Bular däli» diýýärdiler. (Älemleriň guwanjy) pygamberimiz (s.a.w) namazdan soňra, açlyk sebäpli çaşanlaryň ýanyna ýakynlaşardy we olara şu sözler bilen teselli bererdi: «Allanyň gatynda siziň üçin nämeleriň taýýar edilip goýlanyny bir bilsediňiz, mundanam beter ýoksul, mätäç bolmagy islärdiňiz». (Tirmizi, «Züht» 39).
***
Mikdam ibn Madykerib (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Adam ogly garnyndan başga erbet gaby dolduran däldir. Aslynda oňa aýak üstünde gezip bilmegi üçin bir-iki lukma ýeterlik. Dogrusy, mejbur bolsa, aşgazanynyň üçden birini (bölegini) nahar, üçden birini suw (bilen doldursun), üçden birini-de howa üçin goýsun (boş goýsun). (Tirmizi, «Züht» 47).
***
Jabir ibn Abdulla (r.a) gürrüň berýär:
«(Bir ýörişde) Allanyň resuly (s.a.w) Ebu Ubeýdäni (r.a) bize baştutan edip belledi. Biz kureýşiň kerwenini ele salmalydyk. Başga azyk bolmansoň, ýanymyza bir torba hurma berildi. Şonda Ebu Ubeýde hurmalary bize birden paýlap beripdi». (Diňläp oturanlar gürrüňiň şu ýerinde) Jabirden: «Onsoň (şojagaz) hurma bilen nädip oňduňyz?» diýip soradylar. (Şonda) Jabir (olara şeýle diýip) jogap berdi: «Edil çagalar ýaly sorupdyk, yzyndanam suw içipdik. Şonuň bilenem şol gün agşama çenli oňduk. Soňam syryk bilen agajyň ýapraklaryny kakyp gaçyryp, olary suwda ezip iýipdik». Ol sözüni şeýle dowam etdirdi: «(Bir gün) kenaryň gyrasy bilen ýöräp barýarkak, öňde ullakan gum depesi ýaly bir zat göründi. Golaýyna barsak, anber diýilýän äpet balyk eken. Baştutanymyz Ebu Ubeýde: «Bu öli (murdar – hapa, iýip bolmaýar)» diýdi. Soňra bu pikirini üýtgetdi we şeýle diýdi: «Eýsem, biz şu wagt Allanyň resulynyň (s.a.w) ilçileri we Allanyň ýolundaky (adamlar) bolýarys. Siz şu pursat çykgynsyz ýagdaýda. Diýmek, iýmäge rugsat bar». Biz üç ýüz kişidik. Bir aýlap ýaňky balygyň etinden iýip, şol ýerde boluberdik, hatda semräpdirisem. Balygyň gözüniň owasyndan okaralap ýag çykaranymyz ýadyma düşýär. Her gezeginde ondan bir öküz ýaly ululykda et bölegini kesip alýardyk. Ebu Ubeýde aramyzdan on üç kişini jandaryň göz çukanagynda oturdyp gördi. Gapyrgasynyň birisini alybam dikeldip goýdy. Soňra-da iň uly düýä howut salyp mündi we şol gapyrganyň aşagyndan geçdi. Balygyň etini gowrup kakatdyk. Medinä dolanyp gelenimizde, Allanyň resulyna (s.a.w) başymyzdan geçenleri gürrüň berdik. Şonda ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Alla ony size rysk bolsun diýip (gyra) çykarypdyr. Onuň etinden ýanyňyzda bar bolsa, bize dadyrsaňyz». Bizem baryndan bir bölegini Allanyň resulyna (s.a.w) ýolladyk. (Şunlukda, ondan) ol hem iýdi. (Muslim, «Saýd» 17).
***
Jabir ibn Abdulla (r.a) gürrüň berýär:
Hendek söweşinden öňünçä garym gazdyk. Garym gazyp ýörkäk, diýseň gaty, harsaň daşa gabat geldik. Ýoldaşlarymyz muny Allanyň resulyna (s.a.w) ýetirdi. Şonda pygamberimiz (s.a.w): «Garymyň içine özüm girjek» diýdi. Soňra ýerinden turdy. Aç bolansoň garnynyň üstüne daş daňyp goýan eken. Üç günläp duz datman, şol ýerde bolupdyk. Allanyň resuly (s.a.w) garyma girip, kerkini eline aldy. Ýaňky daşa bir zarba uranda, daş şol bada çym-pytrak boldy. Men ondan: «Eý, Allanyň resuly! Öýe gitsem bolýarmy?» diýip rugsat soradym. Öýe gaýtdym. Gelip aýalymdan: «Heý, iýer ýaly zat ýokmy? Allanyň resuly (s.a.w) çekip çydap bolmajak derejede aç eken» diýip soradym. Aýalym: «Az-owlak arpamyz bilen owlagymyz bar» diýip jogap berdi. Derrew owlagy soýup, (etini pudarladym). Arpanam üwedim. Eti göweje (laýdan ýasalan gazan) saldym. Hamyry basyryp, göwejem ojakda goýup, Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna bardym. «Eý, Allanyň resuly! Çaklaňja supra taýýarladym. Iki-üç kişini alyp, öýe gelseňiz» diýdim. Resuly-Ekrem (s.a.w) menden): «Nämeler taýýarladyň?» diýip sorady. Menem näme taýýar eden bolsam, aýtdym. (Onsoň pygamberimiz (s.a.w): «Tüweleme, zadyň köp eken-ä. Bul-a bolaýdy. Aýalyňa habar ber: men barýançam göweji ojakdan aýyrmasyn. Çöregi-de tamdyrdan çykarmasyn!» Soňra-da sahabalara ýüzlenip: «Turuň, gidýäris!» diýdi. Muhajir we ensardan ybarat giden märeke birden ýerinden turdy. Men gaty aljyradym. Ylgap gelşime, aýalyma: «Işimiz gaýtdy! Allanyň resuly (s.a.w) muhajirdir ensary ýany bilen alyp gelýär» diýdim. Aýalym maňa: «Senden nähilräk naharyň bardygyny soradymy?» diýdi. Men: «Hawa» diýip jogap berdim. Allanyň resuly (s.a.w) öýümize gelensoň, sahabalara: «Üýşmän, içerik geliň!» diýip seslendi. Soňam olaryň her birine bir bölek çöregiň üstüne et goýup berip başlady. Her gezeginde-de göweç bilen tamdyryň agzyny ýapýardy. Bu ýagdaý olaryň hemmesi tä iýip doýýança dowam etdi. Soňunda biraz nahar artyp galdy. Resuly-Ekrem (s.a.w) aýalyma garap şeýle diýdi: «Şu galan nahary (özüň) iý, goňşularyňa-da hödür et! Çünki açlykdan ýaňa ynsanlaryň eňkamy agdy». (Buhary, «Megazy» 29).