Ryýazus-Salyhyn 14

Rysgyňa kanagat etmek, ortaça harajatly bolmak, tamakin bolmazlyk

«Ýer ýüzünde hereket edýän bir zat bar bolsa, onuň rysgalyny Alla berýändir» («Hud» süresi, 11/6).

***

«Men jynlary we ynsanlary diňe Maňa ybadat etsinler diýip ýaratdym. Men olardan rysgal islemeýärin. Meni naharlamaklaryny hem islemeýärin». («Zariýat» süresi, 51/56-57).

***

«(Siz sadakalaryňyzy) özlerini Alla ýoluna bagyş eden we Ýer ýüzünde gazanç etmäge gurby çatmaýan garyp-gasarlara beriň! Bilmeýänler (dilegçilik etmekden) namys edýändikleri üçin olary gurpludyr öýderler. Sen olary ýüzlerinden tanarsyň. Olar utançdan ýaňa ynsanlardan zat hantama bolmazlar». («Bakara» süresi, 2/273).

***

«Olar sarp edenlerinde isrip hem-de gysgançlyk etmezler. Ikisiniň arasynda orta ýoly tutarlar». («Furkan» süresi, 25/67).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Hakyky baý köp mal-emlägi bolan kişi däldir, eýsem baryna kanagat edýän kişidir. (Buhary, «Rikak» 15; Muslim,  «Zekat» 130).

***

Haki:m ibn Hizam (r.a) gürrüň berýär:

«Allanyň resulyndan (s.a.w) bir zadyny soradym. (Ol (s.a.w) hem) berdi. Ýene (bir zadyny) soradym. Ol ýene berdi. Ýene-de (bir zadyny) soradym. Bu gezegem ýok diýmedi, berdi. Soňam maňa şeýle diýdi: «Haki:m! Dünýä maly özüne çekijidir, datlydyr. Açgözlük bilen däl-de, hakyňa kaýyl bolup alnan malyň bereketi bolar. Açgözlük bilen, harsydünýälik bilen alnan malda bereketi bolmaz. Harsydünýä kişiniň doýdum-doldumy ýokdur, açgözdir, ýalmawuzdyr. Ýokarky (beren) el, aşaky (alan) elden has haýyrlydyr».

Pygamberimiziň (s.a.w) bu nesihatyny eşidenimden soňra, men (oňa (s.a.w) şeýle diýdim: «Eý, Allanyň resuly! Alla kasam bolsun! Mundan soňra tä dünýäden ötýänçäm, senden başga hiç kime (dünýä maly üçin) elimi sermerin».

Ebu Bekir (r.a) halyf wagty beýtulmaldan paýyna düşýän hakyny bermek üçin Haki:mi (r.a) ýanyna çagyrýar. Emma Haki:m (r.a) almaýar. Soňra halyf Omar (r.a) hem oňa hakyny bermek üçin ýanyna çagyrýar. Haki:m ondanam almaýar. Şonda hezreti Omar (r.a) halka şeýle diýip seslenen eken: «Eý, musulmanlar! Şaýat boluň! Men oljadan Allanyň Hakimiň paýyna aýran bölegini berdim. Ol bolsa almaýar». Rawynyň (gürrüň berýän) aýtmagyna görä, Haki:m, hakykatdanam, pygamberimizden (s.a.w) soňra, tä dünýäden ötýänçä hiç kimden hiç zat almandyr. (Buhary, «Wasaýa» 9; Muslim, «Zekat» 96). 

***

Haki:m ibn Hizamyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýokarky (beren) el, aşaky (alan) elden has haýyrlydyr. Öňünçä garamagyňdakylara ýardam et! Sadakanyň haýyrlysy (özüňe) gereginden artykmajyňy bermekdir. Kimde-kim mertebesini saklasa (iliň eline garamasa), Alla onuň mertebesini beýgelder (hiç kime mätäç etmez). Kimde-kim özüni beres alyp barsa, Alla oňa dokmädelik berer. (Buhary, «Zekat» 18; Muslim, «Zekat» 95).

***

Awf ibn Malik el-Eşjaýy (r.a) gürrüň berýär:

(Bir gezek) biz dokuz kişi bolup, Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyndadyk. (Şonda ol (s.a.w) bize şeýle diýip ýüzlendi: «Allanyň resulyna biýat etjek dälmisiňiz?» (Pygamberimize (s.a.w) ýaňy biat edenimizsoň, oňa şeýle diýdik): «Eý, Allanyň resuly! Biz eýsem, size ýaňy biýet etdik ahyry». (Ol (s.a.w) barybir, şol sözüni) ýene gaýtalady: «Allanyň resulyna biýat etjek dälmisiziň?» Biz derrew elimizi uzatdyk we şeýle diýdik: «Eý, Allanyň resuly! Biz size biýat edipdik. Indi, näme dogrusynda biýat etmeli (bolsa aýdyň)». Şonda ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Alla hakyky gul boljakdygyňyza, oňa hiç zady şärik goşmajakdygyňyza, bäş wagt namazy okajakdygyňyza, etagat etjekdigiňize, (şeýle hem, pessaý ses bilen) hiç kimden hiç zat islemejekdigiňize söz beriň!»

Awf ibn Malik şu biýat edişlik hakynda şeýle diýip gürrüň berýär:

Walla, bu biýat edişlige gatnaşanlaryň käsi dagy, ynsanlardan bir zat islemeg-ä beýlede dursun, hatda ulagynyň üstünde otyrka gamçysy ýere gaçsa, düşüp özi alýardy, başga birinden ýardam soramazdy. (Muslim, «Zekat» 108).

(Biýat etmek – gol astynda bolmagy kabul etmek, gol bermek, ylalaşmak, wadalaşmak, ähtleşmek).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Eline bir bölek çörek ýa-da birki sany hurma tutdurylyp goýberilen kişi misgin däldir. Eýsem hakyky misgin mätäçlik çekýänem bolsa, ile el sermeýän (dilemäge namys edýän) adamdyr». (Buhary, «Zekat» 53; Muslim, «Zekat» 101).

***

Öz zähmetiň bilen güzeranyňy aýlamak.

Ilden zat soraman, mertebäňi saklamak

«Namaz gutarandan soň bolsa, Ýer ýüzüne ýaýraň (işleriňizi berjaý ediň) we Allanyň pazly-kereminden (nesibäňizi) gözläň!» («Juma» süresi, 62/10).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Egniňize ýüpüňizi alyp, odun ýygnap, güzeranyňyzy aýlamagyňyz kimdir biriniň ýanyna baryp, (bersin-bermesin tapawudy ýok, ondan) bir zat islemegiňizden has haýyrlydyr. (Buhary, «Zekat» 50, 53; Muslim, «Zekat» 106).

***

Mikdam ibn Madykerib (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Hiç kim öz zähmeti bilen, maňlaý derini döküp gazananyndan has haýyrly rysk iýen däldir. Galyberse, Allanyň pygamberi hezreti Dawut (a.s) öz zähmeti bilen güzeranyny aýlaýardy. (Buhary, «Buýu» 15, «Enbiýa» 37).

***

Jomartlyk. Alla bil baglap, haýyr-sahawat etmek

«Alla siziň edýän (ähli) haýyr işleriňizi bilýändir». («Bakara» süresi, 2/273).

***

«Siz haýyr-sahawat hökmünde näme sarp etseňiz, Alla onuň deregine başga rysgal ýetirer». («Sebe» süresi, 34/39).

***

«Siziň berýän haýyr-sahawatlaryňyz siziň öz bähbidiňizedir. Siz haýyr-sahawatlaryňyzy diňe Allanyň razylygyny gazanmak üçin berjaý ediň! Siziň haýyr hökmünde beren zadyňyz size artykmajy bilen gaýtarylyp berler we size (hiç hili) nähaklyk edilmez». («Bakara» süresi, 2/272).

***

Abdulla ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Iki kişä görübilmezçilikden zyýan ýokdur: Allanyň eçilen baýlygyny Allanyň ýolunda sarp edýän kişä, şeýle hem, özüne berlen ylma amal edýän we ylmyny başgalaryna öwredýän kişä. (Buhary, «Ylym» 15, «Zekat» 5, «Ahkam» 3; Muslim, «Salatul-musafirin» 268).

***

Herzeti Jabir (r.a) gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) özünden bir zat dilense, hiç haçan «Ýok» diýmezdi. (Buhary, «Edeb» 39; Muslim, «Fedail» 56).

Düşündiriş: Allanyň resuly (s.a.w) özünden dünýewi bir zat soralanda, bermejek bolup durmazdy. Soralýan zat bar bolsa bererdi, ýogsam-da dymardy.  

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allanyň bendesiniň gözüni açan her güni iki perişde inýär. Olaryň birisi: «(Eý,) Allam! Haýyr-sahawat eden  (bu) bendäň emläginiň öwezini doldur!»  diýip dileg etse, beýlekisi: «Zadyny hiç kime bermän, husytlyk edýäniň emlägini gyrgyna ber!» diýip gargyş eder. (Buhary, «Zekat» 27; «Muslim, «Zekat» 57).

* * *

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine (kudsi hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:

Eý, adam ogly! Saňa haýyr-sahawat edilmegini (rysgyň bereketlenmegini) isleýän bolsaň, (ilki özüň) Allanyň ýolunda haýyr-sahawat et! (Buhary, «Tefsiri-sure» 11/2; Muslim, «Zekat» 36).

***

Abdulla ibn Amr ibn As (r.anhuma) gürrüň berýär:

Bir adam Allanyň resulyndan (s.a.w) «Yslamyň haýsy amaly has haýyrly?» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şu jogaby berdi: «Nahar iýdirmek, tanasaň-tanamasaň (her kim bilen) salamlaşmak». (Buhary, «Iman» 6; Muslim, «Iman» 63).  

***

Ebu Umame (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Eý, adam ogly! Gereginden artyk zadyňy sadaka bermegiň seniň haýryňadyr, bermän saklamagyň zyýanyňadyr. Zerur bolanyny eliňde tutanyň üçin Allanyň öňünde jogapkär bolmarsyň, ýazgarylmarsyň. (Näme berjek bolsaň) öňünçä golastyňda, garamagyňda bolanlara ber! Ýokardaky (beren) el, aşakdaky (alan) elden has haýyrlydyr.  (Muslim, «Zekat» 97). 

***

Enes (r.a) gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) yslam üçin näme islenilse, hökman bererdi. Bir sapar onuň ýanyna bir adam geldi. Pygamberimiz (s.a.w) oňa iki dagyň arasyny doldurjak goýun sürüsini berdi. Ol kowmunyň arasyna baranda, olara şeýle diýip seslendi: «Halaýyk! Wagt ýitirmäň, derrew musulman bolmaga howlugyň! Çünki Muhammet (s.a.w) garyp düşmeginden gorkman, (nämesi bar bolsa) jomartlyk bilen paýlaýar».

Hezreti Enes (r.a) gürrüňiniň şu ýerinde sözüne şulary goşdy: «Şonda adamlaryň arasynda dünýe maly üçin musulmançylygy kabul edýänleri hem bardy. Ýöne az wagt geçmänkä yslamyýet olaryň dünýäsine şeýle bir ornaşýardy welin, yslam olar üçin bu dünýäniň özünden, onuň islendik zadyndan has mähriban zada öwrülýärdi. (Muslim, «Fedail» 57-58).

***

Jubeýr ibn Mutim (r.a) gürrüň berýär:

Resuly-Ekrem (s.a.w) bilen Huneýn söweşinden dolanyp gelýärdik. Şonda çarwa araplar oljalaryň derrew paýlanmagyny talap edip başladylar. Olar pygamberimiziň (s.a.w) daşyny gallap, semura agajynyň ýanyna dogry gitmäge mejbur etdiler. Şol barmana pygamberimiziň (s.a.w) egnindäki dony agajyň tikenlerine ilişdi. Onsoň pygamberimiz (s.a.w) olara garap şeýle diýdi): «Donumy (şu ilişip duran) tikenlerden halas ediň! (Şuny anyk biliň) şu görýän tikenli agaçlaryň sanyça mal-emlägim bolsa, olaryň hemmesini (gaýgyrman) size paýlap bererdim. Sizem meniň husyt, ýalançy, gorkak däldigimi görerdiňiz!» (Buhary, «Jihad» 24, «Humus» 19).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Sadaka bermek bilen emlägiňden zat kemelýän däldir. Alla (emlägini) özgelere bagyş edýän bendesiniň mertebesini, abraýyny has beýgeldýändir. Alla ýüzüni aşak tutup, kiçigöwünliligi elden bermeýän kişiniň mertebesini zyýat eýlär. (Muslim, «Birr» 69).  

***

Ebu Kebşe Amr ibn Sad el-Enmary (r.a) hezretleri Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:

Üç zat babatynda ant içip bilerin. Size şuny aýdaýyn. Üns bilen diňläň we ýadyňyzda saklaň! Sadaka bermek bilen bendäniň emläginden zat kemelmez. Alla nähilidir bir adalatsyzlyga duçar bolan we mundan ötri sabyr eden kişiniň mertebesini beýgelder. Kim dilegçiligiň gapysyny açsa, Alla-da oňa garyplygyň gapysyny açar.

Size ýene bir zady aýdaýyn, muny-da bilip goýuň! Dünýäde dört hili ynsan bardyr:

Birinjisi, Allanyň ylym we baýlyk yhsan eden päk ýürekli kişileri. Olar takwalygy elden bermezler. Garyndaşlary bilen ýagşy gatnaşykda bolarlar. Mülk Eýesiniň özüne eçilen malyndaky Onuň hakyny bilip, (munuň üçin) näme etmeli bolsa, şony hem ederler, zekatyny bererler. Bu kişiler iň ýokary mertebededirler.

Ikinjisi, Allanyň ylym yhsan eden, ýöne baýlyk bermedik, päk ýürekli kişileri. Bu ýagşy niýetli ynsanlar şeýle diýerler: «Eger Alla maňa baýlyk beren bolsady, menem pylankes ýaly Hakyň ýolunda haýyr üçin harjardym». Olar ýagşy niýetleriniň sogabyny alarlar. Şol imrinýän adamlary deýin sadaka beren mysaly sogap gazanarlar. Ikisiniň gazanýan sogaby deň bolar. (Galyberse-de, ýagşy niýetli bu kişileriň ile peýdasy degýän ylmy-da bardyr).

Üçünjisi, Allanyň baýlyk beren, ýöne ylym bermedik kişileri. Bu hili ynsanlar nadanlyklary sebäpli, mal-emlägini ýele sowrarlar. Olaryň ne Alla hormaty bardyr, ne-de Onuň öňündäki jogapkärçiligi duýarlar. Garyndaşlyga perwaýsyz garap, olar bilen ýagşy gatnaşykda bolmazlar. Özlerine amanat berlen emläkdäki Allanyň hakyny görmezlige salarlar. Bu hili ynsanlar iň pes mertebededirler.

Dördünjisi, Allanyň baýlyk hem, ylym hem bermedik kişileri. Bu hili ynsanlar şeýle diýerler: «Eger meniň baýlygym bolsady, menem pylany ýaly keýp edip, (durmuşyň) hözirini görerdim». Olar pällerine görä, jezasynam çekmeli bolarlar. Şol imrinýän isripçil, zaýaçyl kişisi ýaly bu hem garamata galar. Şunlukda, bu iki kişiniň günäleri deňdir. «Tirmizi, «Züht» 17).

Düşündiriş: hadysyň soňky böleginde beýan edilýän hakykat «ynsan düşünjesinden ötri jogapkärçilge çekilmez» kadasyna çapraz gelýän ýaly görünse-de, iki meseläniň arasynda örän inçe aratapawut bar. Ol hem şudur: bu ýerde diňe oýa getirmek bilen çäklenmän, eýsem dile getirmek bilenem ykrar edilýär. Galyberse, niýetini çyny bilen amala aşyrmagyň kül-külüne düşülipdir, ýagny belli-külli karara gelnipdir. Şonuň üçinem bu ynsan günäkär bolýar.  

***

Ebu Bekiriň gyzy Esma (r.anhuma) gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) maňa: «Gapjygyň agzyny daňyp goýma (zadyňy saklama)! Ýogsam, Alla-da senden rysgyny saklar» diýdi. (Buhary, «Zekat» 21; Muslim, «Zekat» 88).

Düşündiriş: bu hadysyň başga hili aýdylyşynda, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: «Haýyr-sahawat etmekden gorkma, jomart bol! Mal-emläk ýygnap, sanaberme, husytlyk etme! Şeýtseň, Alla-da saňa sanap berer. Gereginden artykmajyny (pul, mal-emläk) gizlin ýerlerde saklap, mätäçlik çekýänlere bermekden çekinme! Beýtseň Alla-da saňa aýny zady eder».

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Husyt bilen jomardyň ýagdaýy döşünden ýaýjyk süňküne deňiç sowut geýen iki kişiniň ýagdaýy ýalydyr. Jomart sadaka berdigi saýyn egnindäki sowudy giňemek bolar. Indi sowudy onuň aýagynyň barmaklaryny örtüp durandyr, hatda aýak yzlaryny bozup barýandyr. Emma husyt bir zat sadaka bermeli bolanda, sowudyň halkalary mazaly iç-içe girip, döşüni gysyp-gowrup barýandyr. Näçe giňeltjek bolsa-da, başarmaz. (Buhary, «Zekat» 28; Muslim, «Zekat» 76).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim halal gazanjyndan hurma ýaly zat hem bolsa sadaka berse (ýogsam-da, Alla halal gazançdan berlen sadakany kabul edýär), Alla şol sadakany hökman kabul edýär. Araňyzdan biriniň taýyny bakyp-besläp, ösdürip ýetişdirişi mysaly, (Alla şol sadakany) eýesi üçin bereketlendirer, dag ýaly bolýança ulaldar. (Buhary, «Zekat» 8, «Towhyd» 23; Muslim, «Zekat» 63).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bir adam şorluk ýerden ýöräp barýarka, (asmandaky) bulutdan: «Pylanynyň ekinini suwar» diýen ses gelýär. Şondan soňra bulut daşlyk meýdana tarap ýönelýär. Şol ýeriň deňine barybam, ýagýar. Ýolagçy şol ýere baryp görse, ýagan ýagşyň hemmesi bir derä guýýan eken. Bu adam suwuň akýan ugruny yzarlap gidiberýär. Ol bir ekinzarlygyň üstünden barýar. Şol ýerde eli pilli bir adam gelýän suw bilen ekinini suwaryp duran eken. (Ýolagçy) ondan: «Eý, Allanyň bendesi! Seniň adyň näme?» diýip soraýar. Ekiniň eýesi oňa bulutdan eşidilen hälki ady gaýtalaýar. Yzyndanam (ýolagça): «Eý, Allanyň bendesi! Meniň adymy näme üçin soradyň?» diýýär. Ol hem şeýle diýýär: «Men şu ýerden uzak bolmadyk daşlyk ýere ýagşyny guýup, onuň şu ýere akyp gelmegine sebäp bolan buluduň seniň adyň tutup, «Pylanynyň ekinini suwar» diýenini eşitdim. Ana, şonuň üçin soraýaryn. Beýle yhsana mynasyp bolar ýaly sen näme haýyrly iş etdiň?» Şonda ekiniň eýesi onuň bu sowalyna şeýle diýip jogap berýär: «Eger diýşiň ýaly bolan bolsa, aýdaýyn. Men bu ýeriň ugruna seredýärin. Ondan çykan hasylyň üçden birini sadaka berýärin, üçden birini maşgalam bilen haýyrlanýaryn, galan üçden birini-de tohumlyk saklaýaryn». (Muslim, «Züht» 45).