Men-menlik hakda
«Ýer ýüzünde men-menlik edip (gomparyp) ýöreme». («Isra» süresi, 17/37).
***
«(Ulumsylyk edip) adamlardan ýüzüňi sowma we Ýer ýüzünde men-menlik edip ýöreme! Çünki Alla men-menlik edýän öwünjeňleri halamaz». («Lukman» süresi, 31/18).
«(Ýoluny urduranlaryň biri bolan) Karun hem Musanyň kowmundandy. Ol özüni uly tutup, olara (kowmuna) zulum edipdi. Biz oňa şeýle bir hazynalar berdik welin, (bu hazynalaryň özüni däl) diňe açarlaryny götereninde hem, (Onuň) güýçli-kuwwatly bir topar (ynsanynyň) bili bükülýärdi. Şol sebäpli, kowumdaşlary oňa: «Sen men-menlik etme! Şübhesiz, Alla men-menlik edýänleri halamaz» diýipdi. («Kasas» süresi, 28/76).
***
«Biz ahyret ýurduny Ýeriň ýüzünde ulumsylyk etmeýän we bozgaklyk çykarmaýan kişiler üçin (ýaradyp) goýduk. Haýyrly netije takwalaryňkydyr». («Kasas» süresi, 28/83).
***
Abdulla ibn Mesud (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w): «Kalbynda zerre ýaly ulumsylyk bolan kişi jennete girmez» diýdi. Şonda bir adam şeýle diýdi: «Emma adam gözel geýiminiň, aýakgabynyň bolanyny gowy görýär. Muňa näme diýýäňiz? (Pygamberimiz (s.a.w) oňa şeýle jogap berdi): «Alla Jemildir (gözeldir, bütin gözellikleri ýaradandyr). Şonuň üçinem gözelligi söýýär. Ulumsylyk bolsa, haky inkär etmekdir. Ynsanlary kemsitmekdir». (Muslim, «Iman» 147).
***
Harise ibn Wehb (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Size kimleriň dowzaha düşjegini aýdaýynmy? Daşýürekli, zalym, gödek, husyt, içagara, özüni uly tutýan tekepbir kişiler. (Buhary, «Eýman» 9, «Tefsiri-sure» 68/1, «Edeb» 61; Muslim, «Jennet» 47).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla üç dürli ynsan bilen kyýamat güni gepleşmez, (olaryň arkasyny almaz) aklamaz, (rahmet nazary bilen) seretmez. Has beteri-de, olara erbet azap bardyr. Şol üç dürli ynsan (şulardyr): zynahor garry, ýalançy hökümdar, tekepbir ýoksul. (Muslim, «Iman» 72).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Aziz we Jelil bolan Alla (şeýle) diýdi: «Yzzat we azamat meniň izarymdyr (geýimiň görnüşi), kibriýa bolsa ridamdyr (geýimiň görnüşi). Kimde-kim bu iki sypatymdan birisine eýe çyksa, ony azaba duçar ederin. (Muslim, «Birr» 136).
Azamat: Haktagalanyň beýikligi.
Kibriýa: Haktagalanyň ylahy azamatynyň we gudratynyň deňsiz-taýsyzlygyny bildirýär.
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir wagt men-men, gopbamsy adam owadan lybaslaryny geýip, daranyp-ýylmanyp (köçä çykdy). Ýüzüni göge tutup ýöräp barýardy. Birdenem Alla ony Ýeriň düýbüne sokdy. (Indi) ol kyýamata deňiç urnar durar. Urundygyça-da Ýeriň teýine batmak bilen bolar. (Buhary, «Enbiýa» 54, «Lybas» 5; Muslim, «Lybas» 49).
***
Ýagşy ahlak
«Şübhesiz, sen beýik (kämil) ahlaga eýesiň». («Galam» süresi, 68/4).
***
«(Ol takwalar) gaharlaryny ýuwudýarlar, ynsanlaryň hatalaryny bagyşlaýarlar». («A:li-Ymran» süresi, 3/134).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Meniň elim pygamberimiziň (s.a.w) ellerinden ýumşak, atlas ýa-da ýüpek bolsun, (hiç zada) degip görmedi. Onuň ysyndan başga ýakymly ys burnuma uran däldir. Allanyň resulyna (s.a.w) laýyk on ýyl hyzmat etdim. Maňa ýeke saparam «Uwf» diýmedi ýa-da bir eden işimden ötri «(Muny) näme üçin beýtdiň?» ýa bolmasa, bir işi etmänim üçin «Sen şu işi etmeli dälmidiň, eýsem?» diýip gatyrganmady. (Buhary, «Menakyb» 23; Muslim, «Fedail» 82).
***
Ebud-Derda (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kyýamat güni müminiň terezesinde ýagşy ahlakdan has agyr zat bolmaz (Oňa iň köp sogap gazandyrjak zat ýagşy ahlagy bolar). Alla özüni erbet alyp barýan, (ýagny) dowamly paýyş, bolgusyz sözleri sözleýän kişini ýigrenýär. (Tirmizi, «Birr» 61).
***
Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Mümin ýagşy ahlagynyň saýasynda gündizine agyz bekläp, gijelerini namaz okap geçirýän ybadathon kişileriň mertebesine çykar. (Ebu Dawud, «Edeb» 7).
***
Ebu Umame el-Bahili (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Jedelden, uruşmakdan (özi hakly hem bolsa) uzak duran kişä jennetiň kenarynda bir köşgüň beriljegine men kepil geçýärin. Oýun edibem ýalan sözlemeýän kişä jennetiň merkezinden bir köşgüň beriljegine men kepil geçýärin. Ýagşy ahlaga eýe bolan adama-da jennetiň iň ýokary mertebesinde köşk beriljegine men kepil geçýärin. (Ebu Dawud, «Edeb» 7).
***
Jabir ibn Abdulla (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ahlagy iň gowy bolanlaryňyz meniň iň gowy görýänlerimdir. Kyýamat güni şolar meniň mejlisime iň ýakyn boljak kişilerdir. (Ile gezek bermän, ýersiz ýere) köp gepleýänleriňiz, («Gör, nähili dilewar adam» diýdirjek bolup, ýasamadan) agzyny dolduryp gürleýänleriňiz, (hadymlyk satmak, gürrüňdeşlerini kemsitmek üçin) gopbamsyrap, suhanwerlik satýanlaryňyz hem meniň üçin iň ýakymsyzyňyzdyr. Kyýamat güni menden iň uzak boljaklar hem şolardyr. (Tirmizi, «Birr» 71).
Düşündiriş: sahabalar pygamberimizden (s.a.w) iň halamaýan we kyýamat güni oňa (s.a.w) iň uzak boljak kişleriň kimlerdigini soranlarynda Allanyň resuly (s.a.w) olara tekepbir kişilerdigini aýdypdyr.
***
Sypaýylyk, salyhatlylyk, geçirimlilik
«Sen geçirimli bol‚ gowulyga çagyr‚ nadanlar bilen deň bolma!» («Araf» süresi, 7/199).
***
«Geçirimli bol, sypaýyçylygy (elden berme)» («Hijr» süresi, 15/85).
***
«Atly-abraýly we gurply bolanlaryňyz olary bagyşlasynlar, geçirimli bolsunlar! Siz Allanyň özüňizi bagyşlamagyny islemeýärsiňizmi?» («Nur» süresi, 42/43).
***
«Kim sabry elden bermän, geçirimlilik etse, elbetde, bu maksada laýyk işlerdendir». («Şura» süresi, 42/43).
***
«(Ol takwalar) gaharlaryny ýuwudýarlar, ynsanlaryň hatalaryny bagyşlaýarlar. Alla ýagşylyk edýänleri söýýändir». («A:li-Ymran» süresi, 3/134).
***
«Ýagşylyk bilen ýamanlyk (hiç haçan) deň bolmaz. Sen iň ýagşy ýol bilen (ýamanlygyň) öňüni al! Öz araňyzda duşmançylygyňyz bolan bir kişi, (ýamana ýagşylyk bilen jogap berendigiň üçin) belki-de, seniň bilen ýakyn dost bolar. Oňa (ýagşylyk häsiýetine) diňe sabyrly kişiler we diňe uly nesibä (iki dünýä bagtyna) eýe bolanlar ýeter». («Fussylet» süresi, 41/34-35).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) Abdulkaýsogullaryndan Eşeje şeýle diýdi: «Sende Allanyň gowy görýän iki häsiýeti bar: birisi, mylakatlylyk, beýlekisi, hüşgärlik (sowukganlylyk)». (Muslim, «Iman» 25).
***
Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla ryfk (lutuf, yhsan etmek) eýesidir. Ýeňillik edilmeginden hoşnut bolýar. Ol kynçylyk döredýänlere we başgalaryna bermedik zadyny, sogabyny ýeňillik edýänlere berýär. (Buhary, «Edeb» 35; Muslim, «Birr» 77).
***
Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Nirede ryfk (salyhatlylyk, ýagşylyk etmeklik, sypaýylyk, geçirimlilik, ýeňillik) bar bolsa, şol ýerde gözellik bardyr, onuň ýok ýeri betnyşandyr. (Muslim, «Birr» 78).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) sähraýy birisi Mesjidi-Nebewide buşukdy. (Muny gören) sahabalar (onuň üstüne sürnüp), käýinip ugradylar. (Resuly-Ekrem (s.a.w) derrew munuň öňüni aldy.) «Oňa zat diýmäň! Buşugan ýerini bir çelek suw dökägedin tämizläň! Siz ýeňillik döretmek üçin geldiňiz, kynçylyk çykarmak üçin däl» diýdi. (Buhary, «Wudu» 58, «Edeb» 80).
***
Şeddad ibn Ews (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla bütin barlyklar bilen ýagşy gatnaşykda bolmagy buýurýar. Onuň ýaly bolsa, bir janly barlygy öldürmeli bolanyňyzda, ezýet çekmez ýaly ediň. Jandaryň damagyny çalanyňyzda oňa ezýet çekdirmän (jandar yza çekmez ýaly pyçagyňyzy mazaly çarhlaň) çalyň. (Muslim, «Saýd» 57).
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) iki işden birini etmegi saýlamaly bolanda, günä bolmadyk ýagdaýynda, hökman ymmatyna ýeňil düşjegini saýlap alýardy. Eger şol iş günä bolsa, ilkinji nobatda, özi ondan aýagaldygyna uzaklaşardy. Allanyň gadagan eden zady bozulmasa, şahsyna edilen bir zat üçin ar aljak bolup ýörmezdi. Emma Allanyň goýan kanunyny bozýan bolsa, Hakyň hatyrasyna şol kişini hökman jezalandyrardy. (Buhary, «Edeb» 80, «Hudud» 10; Muslim, «Fedail» 77).
***
Hatalary bagyşlamak, nadanlar bilen deň bolmazlyk
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek men) Allanyň resulyndan (s.a.w): «Uhud söweşinden hem kyn günüň bolupmydy?» diýip soradym. (Ol (s.a.w) maňa şeýle jogap berdi): «Hawa, seniň kowmuň (maňa) kän jebir çekdirdi. Iň ýamanyna-da Akabe güni sezewar boldum. Taifli Abdukulal ogly ibn Abduýalile sygyndym. Emma meni kabul etmedi. Gamgyn bolup, Mekgä dolandym. Karnussealib diýen ýere ýetenimde zordan özümi dürsäp bildim. Başymy galdyryp asmana seretsem, bir topbak bulut üstüme saýa bolup duran eken. Siňe seretsem, buludyň içinde Jebraýyl (a.s) bar eken. Ol maňa şeýle seslendi: «Allatagala kowmuň saňa diýen zatlaryny eşitdi, eden erbetliklerini gördi. Olara islän zadyň edip bilersiň diýibem, daglardan jogapkär perişdäni iberdi». Şondan soňra ol perişde maňa salam berdi. Soňundanam şeýle diýdi: «Eý, Muhammet! Alla kowmuň saňa diýenlerini eşitdi. Men daglara gözegçilik edýän perişde. Isläniňi edip bilersiň diýip, Rebbiň meni seniň ýanyňa iberdi. Islendik buýrugyňy ýerine ýerirmäge taýýar. Isleseň iki sany dagy alyp, olaryň başyndan inderip mynjyradaýyn!» Men oňa: «Ýok (beýtme)! Men olaryň heläk bolmagyny däl, eýsem Alladan olaryň neslinden bir Alla ybadat edýän, Oňa şärik goşmaýan, ýeke-täk Hudaýa ynanýan kişileri çykarmagyny isleýärin» diýdim. (Buhary, «Bedul-halk» 7; Muslim, «Jihad» 111).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resulynyň (s.a.w) ýany bilen ýöräp barýardym. Onuň (s.a.w) egninde nejran matasyndan tikilen, gyralary berk we galyň don bardy. (Şol barmana, niredendir bir ýerden peýda bolan) sähraýy Resuly-Ekremiň (s.a.w) donundan bat bilen çekdi. (Onuň) boýny bilen golunyň arasyny görsem, ýaňky çekmäniň zarbyna donuň gyrasy (pygamberimiziň (s.a.w) teninde yz galdyrypdyr. (Sähraýy munuň bilenem oňman): «Eý, Muhammet! Eliňde bar bolan Allanyň emläginden maňa-da berilmegini tabşyrsana» diýdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) (hiç zat bolmadyk ýaly) sähraýa tarap öwrüldi-de güldi we oňa bir zatlar berilmegini tabşyrdy. (Buhary, «Edeb» 68; Muslim, «Zekat» 128).
***
Ibn Mesud (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resulynyň (s.a.w) bir pygamberiň (hemmesine Allanyň salaty we salamy bolsun) başyndan geçen waka dogrusynda gürrüň berşi şindem göz öňümden gidenok. Kowmy-ha ony ýenjip, ganyny döküp dur, ol bolsa ýüzüniň ganyny süpürip, «Eý, Allam! Kowmumy bagyşla! Çünki olar dogryny bilmeýärler» diýýärdi. (Buhary, «Enbiýa» 54; Muslim, «Jihad» 104).
***
Dini meselelerde eserdeň, tutanýerli bolmak
«Kim Allanyň mukaddes eden zatlaryna hormat goýsa, bu Rebbiniň huzurynda onuň özi üçin has haýyrlydyr». («Haj» süresi, 22/30).
***
«Eger siz Allanyň (dinine) kömek berseňiz, Ol hem size kömek berer, (hak ýolda) siziň aýaklaryňyzy (taýdyrman) mäkäm saklar». («Muhammet» süresi, 47/7).
***
Ibn Mesud Ukbe ibn Amr el-Bedri (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir adam Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna gelip şeýle diýdi: «Pylany ymamlyk eden wagty namazy şeýle bir uzyn okadýar welin, mundan ötri ertir namazyna (jemagata) goşulmakdan çekinýärin». Ol adamyň bu sözlerini eşiden Allanyň resuly (s.a.w) (halka) şeýle bir gaharly gepläp ugrady welin, ony beýle ýagdaýda hiç görmändim. Ol (s.a.w): «Halaýyk! Araňyzda dine ýigrenç döredýän kişiler bar. Haýsyňyz ymam bolsaňyz, namazy gysga okatsyn. Çünki yzyňyzdaky jemagatyň arasynda garrysy, çagalysy, işlisi bar» diýdi. (Buhary, «Edeb» 75, «Ahkam» 13; Muslim, «Salat» 182).
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Mahzunogullaryndan ogurlyk eden bir zenana temmi beriljek bolmagy kureýşlileri kyn günde goýupdy. Olar Allanyň resulyna (s.a.w) bu mesele üçin kimiň ýüz tutup biljegi dogrusynda aralarynda maslahatlaşdylar. Muňa Allanyň resulynyň (s.a.w) gowy görýän kişisi Usame ibn Zeýdiň ýürek edip biler diýen karara geldiler. Usame Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna baryp, müşgilini bildirdi. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) Usamä şeýle diýdi: «Alla tarapyn jezasy kesgitlenen mesele üçin töwellaçy bolup geldiňmi?!» Soňam ýerinden turup şulary diýdi: «Sizden öňki milletler aralaryndaky abraýly maşgaladan biri ogurlyk edende, hiç hili çäre görmändikleri, ejiz we arkasyz kişi ogurlyk edende bolsa, ony jezalandyrandyklary zerarly heläk boldular. Alladan ant içýärin, Muhammediň gyzy Patma ogurlyk eden bolsady, (aýamazdym) onuňam elini keserdim». (Buhary, «Hudud» 11; Muslim, «Hudud» 8).
***
Ýolbaşçylaryň jogapkärçiligindäkiler bilen mylakatly bolmagy we
adalatlylyk
«Özüňe tabyn bolan müminlere (merhemet) ganatyňy ýaý!» («Şuara» süresi, 26/215).
***
«Alla adalaty, ýagşylyk etmegi we garyndaşlara (ýardam) bermegi emir edýär. Bihaýalygy, erbet işleri we azgynçylygy gadagan edýär. Pent alarsyňyz (diýip) ündew edýär». («Nahl» süresi, 16/90).
***
«Adalatly boluň! Çünki Alla adalatly bolanlary söýýändir». («Hujurat» süresi, 49/9).
***
Ibni Omaryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Siziň hemmäňiz çopansyňyz. Golastyndakylaryňyzdan jogapkärsiňiz. Döwlet baştutany çopandyr. Ol raýatyndan jogapkärdir. Erkek (kişi) maşgalasynyň çopanydyr, olardan jogapkärdir. Zenan äriniň öýüniň çopanydyr. Ol hem gözegçiligindäki zatlardan jogapkärdir. Hyzmatçy hojaýynyň malynyň çopanydyr. Ol hem golastyndakylardan jogapkärdir. Garaz, siziň hemmäňiz çopansyňyz, hemmäňizem raýatyňyzdan jogapkärsiňiz. (Buhary, «Wesaýa» 9, «Ahkam» 1; Muslim, «Imare» 20).
***
Ebu Ýa-la Makyl ibn Ýesar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Allanyň ýolbaşçylygy bagyş eden bendesi golastyndakylary aldawa salan bolup, şol ýagdaýda hem dünýeden ötse, Alla oňa jenneti görkezmez. (Buhary, «Ahkam» 8; Muslim, «Imare» 21).
Başga hadysda şeýle diýilýär: «Musulmanlaryň jogapkärçiligini öz üstüne alan, ýöne olar üçin elinden gelenini etmeýän ýolbaşçy olar birlikde jennete girip bilmez». (Muslim, «Iman» 229, «Imare» 22).
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Men şu öýümde Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşitdim: «Eý, Allam! Ymmatymyň ýolbaşçylygyny boýnuna alandan soň, olary köseýän, ezýet edýän ýolbaşçynyň özüne-de jebir et! Ymmatymyň ýolbaşçylygyny boýnuna alyp, olar bilen mylakatly bolan (ýeňillik döreden) ýolbaşça sen hem mylakatly bol (ýeňillik döret)!» (Muslim, «Imare» 19).
***
Adalatly döwlet ýolbaşçysy
«Alla adalatly bolmagy, (ondanam beter) ýagşylyk etmegi … emir edýär». («Nahl» süresi, 16/90).
***
«Adalatly boluň! Çünki Alla adalatly bolanlary söýýändir». («Hujurat» süresi, 49/9).
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Berýän hökümlerinde hem-de maşgalasyny, halkyny dolandyrmakda adalata esaslanýan ýolbaşçylar Allanyň ýanynda nurdan kürsülerde oturarlar. (Muslim, «Imare» 18).
***
Awf ibn Malik (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Döwlet ýolbaşçylarynyň iň haýyrlysy sizi gowy görýän we siziň hem ony gowy görýän, size ýagşy dileg edýän we siziň hem oňa ýagşy dileg edýän kişilerdir. Döwlet ýolbaşçylarynyň iň erbedi sizi ýigrenýän we siziň hem ýigrenýän, size lagnat okaýan we siziň hem oňa lagnat okaýan kişilerdir». Şeýle diýensoň biz (pygamberimize (s.a.w) şeýle sowal berdik): «Eý, Allanyň resuly! Olara baş galdyrsak bolýarmy?» Şonda pygamberimiz (s.a.w): «Araňyzda (bolup) namaz okamaklaryny dowam etdirýänçäler, ýok! Araňyzda (bolup) namaz okamaklaryny dowam etdirýänçäler, ýok!» (Muslim, «Imare» 65).
***
Ýolbaçylara etagat etmek
«Eý, iman getirenler! Alla boýun boluň! Pygambere we özüňizden bolan (musulman, adalatly) baştutanlaryňyza boýun boluň!» («Nisa» süresi, 4/59).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Musulman kişi günä iş etmeklik buýrulmasa, halasa-halamasa, ýolbaşçysyna etagat etmelidir. Günä işlemek emir edilende bolsa, etagat etmeli däldir. (Buhary, «Ahkam» 4, «Jihad» 108; Muslim, «Imare» 38).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Biz Allanyň resulynyň (s.a.w) sözüni diňläp, etagat etjekdigimize äht eden wagtymyz, ol (s.a.w) bize şeýle diýdi: «Güýjüňiz ýetdigiçe». (Buhary, «Ahkam» 43; Muslim, «Imare» 90).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim döwlet ýolbaşçysyna boýun egjekdigi dogrusynda äht edibem, hiç sebäbi bolmazdan oňa baş galdyrsa, kyýamat güni tutaryk delili bolmazdan Allanyň huzuryna çykar. Döwlet ýolbaşçysyna etagat etmeklige äht etmän ölen kişi jahylyýýe (dinsizlik, nadanlyk) döwründe ölen ýalydyr. (Muslim, «Imare» 58).
***
Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Size baştutan edilip getirilen kişi başy guran üzüm ýaly garaýagyz gul hem bolsa, sözüni diňläň, etagat ediň! (Buhary, «Ahkam» 4).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Gurply wagtyňda-da, garyp wagtyňda-da, şat wagtyňda-da, gamgyn wagtyňda-da saňa derek saýlanyp-seçilen kişiniň sözüni diňlemegiň, etagat etmegiň hökmanydyr. (Muslim, «Imare» 35).
***
Abulla ibn Amr (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) bilen sapara çykypdyk. (Amatly) bir ýerde düşlänimizden soň, birimiz çadyr dikmek, ýene birimiz ok atyp türgenleşmek, başga birimiz otlaýan haýwanlaryň başynda durmak bilen meşguldy. Birdenem Allanyň resulynyň (s.a.w) azançysynyň namaza çagyrýan sesi gelip ugrady. Biz Allanyň resulynyň (s.a.w) töweregine ýygnandyk. (Şonda pygamberimiz (s.a.w) şulary diýdi): «Menden öňki gelen pygamberleriň hemmesi ymmatyny haýyrly işleri, ýagşy hasaplaýan amallary etmeklige, şer we erbet hasaplaýan amallardan saklanmaklygy ündärdiler. Siziň arasynda bolan bu ymmatyň ilki nesillerine asuda, parahat durmuş nesip boljak. Ondan soňky nesilleriň başynyň belasy, ýagysy ýetik boljak. Şeýle bir pitne-pisatlar çykjak welin, täze çykany öňküsine «Mundan öňkisi ýagşyrak eken» diýdirjek. Ýene şeýle bir bela-towky injek welin, ony gören mümin: «Indi, men gutulygsyz heläk boldum» diýjek. Soňra az salymam bolsa, pitne-pisat sowlup, asudalyk boljak. Yzyndan bolsa örän aýylganç pitne ýüze çykjak. Ony gören mümin: «Asyl pitne şu bolsa gerek, asyl pitne şu bolsa gerek!» diýjek. Dowzahdan uzak bolup, jennete girmegi ýürekden isleýän kişiniň bar aladasy Alla we ahyret gününe iman getirmek hem-de Rebbine gowuşmak bolsun! Özüne näme edilmeginden hoşal bolýan bolsa, şony başgalaryna-da rowa görsün! Döwlet ýolbaşçysyna gol berip, oňa wepalylygyny bildiren kişi elinden geldigiçe oňa etagat etsin! Kimdir biri oňa baş galdyryp, döwleti basyp almakçy bolsa, derhal boýnuny uçuryň!» (Muslim, «Imare» 46).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Maňa etagat etmek Alla etagat etmekdir: maňa garşy gitmek hem Alla garşy gitmekdir. Döwlet ýolbaşçysyna etagat eden maňa etagat edýändir, oňa garşy çykan hem maňa garşy çykýandyr. (Buhary, «Ahkam» 1; Muslim, «Imare» 32).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Döwlet ýolbaşçysynyň edenini oňlamaýan kişi sabyr etsin. Çünki kim döwlet ýolbaşçysyna etagat etmekden bir garyş uzaklaşsa, jahylyýýe (dinsizlik, nadanlyk) döwründe ölen ýalydyr. (Buhary, «Fiten» 2; Muslim, «Imare» 56).