Ryýazus-Salyhyn 16

Ýolbaşçylyga döwtalap bolmak

Wezipeparazlyk

***

«Hökümdar: «Ony (Ýusuby) maňa getiriň, özüme geňeşçi (ýakyn adam) edineýin» diýdi. (Hökümdar) onuň bilen gürleşende: «Bu gün sen meniň ýanymda mertebeli, ynamdar (kişisiň)» diýdi. (Ýusup): «Meni (şu) ýeriň hazynalaryna (gözegçi edip) belle. Çünki men gowy gözegçilikde saklaýjy, (bu işiň ýagdaýyny) bilýändirin» diýdi». («Ýusuf» süresi, 12/54-55).

***

«Biz ahyret ýurduny Ýeriň ýüzünde ulumsylyk etmeýän we pitne çykarmaýan kişiler üçin (ýaradyp) goýduk. Ýagşy derejeler takwalaryňkydyr». («Kasas» süresi, 28/83)

***

Abdurrahman ibn Semura (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Eý, Abdurrahman! Ýolbaşçylyga döwtalap bolma! Islemän alan wezipäňde Allanyň ýardamyny taparsyň. Eger kejeňeklik edip, bir wezipe alsaň, (Allanyň ýardamyndan mahrum bolarsyň), ýeke başyňa galarsyň. Saňa ýene bir zady ündäýin: bir zady etmeklige äht etseň, soňam has haýyrlysyny görseň, şony et, ähdiňi bozanyň üçinem keffaret (jerime) töle! («Ähtim ähtdir» diýip, şol bir diýeniňi tutup durma!) (Buhary, «Ahkam» 5, «Eýman» 1; Muslim, «Eýman» 19, «Imare» 13). 

***

Ebu Zerr (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ebu Zerr! Seni (ýolbaşçylyk etmek üçin gowşak) ejiz görýärin. Özüm üçin näme isleýän bolsam, seniň üçin hem şony isleýärin. Iki kişi üçin hem bolsa hergiz baştutan bolma! Ýetimiň emläginiň jogapkärçiligini boýun alma! (Muslim, «Imare» 17).

***

Ebu Zerr (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

(Bir gün men) Allanyň resulyna (s.a.w) şeýle diýdim: «Eý, Allanyň resuly! Meni pylan wezipä belleseň nädýär?» (Pygamberimiz (s.a.w) eli bilen egnime kakyp, şeýle diýdi: «Ebu Zerr! Sen ejiz adam. Wezipe diýeniň amanatdyr.  Onuň soňy kyýamat güni (wezipesiniň talabyna laýyk etmeli işini dos-dogry eden kişilerden başgalar üçin) ryswalykdyr, ahmyrdyr». (Muslim, «Imaret» 16).

Döwlet ýolbaşçylarynyň kömekçilerini gowy adamlardan saýlap almagy

«Takwa kişilerden başga (günä işlerde) birek-birege dost bolanlar ol gün duşman bolarlar». («Zuhruf» süresi, 43/67).

***

Ebu Said el-Hudry we Ebu Hureýre (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Haktagalanyň iberen her pygamberiniň we döwlet baştutanynyň hökman iki kömekçisi bolýar. Olaryň birisi oňa dogry ýoly görkezýär, ugrukdyrýar, beýlekisi, erbet ýoly görkezýär, ugrukdyrýar. Günäden uzak duran Allanyň goran kişisidir. (Buhary, «Ahkam» 42, «Kader» 8).

  ***

Äşe enemiziň (r.anha) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allatagala bir döwlet ýolbaşçysyna haýyr islände, oňa unudan zadyny ýatladýan, ýadyna düşenini amala aşyrmaga ýardam edýän wepaly kömekçi berýär. Eger Allatagala döwlet baştutanyna haýyr islemese, oňa unudanyny ýatlatmaýan, ýadyna gelen zadyny amala aşyrmaga ýardam etmeýän erbet kömekçi berýär. (Ebu Dawud, «Imare» 4).

Utanç-haýa

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Imanyň ýetmişe ýakyn şahasy bar. Olaryň iň belentde durany «Lä ilähe illalla» diýmekdir. Iň aşakdakysy bolsa, adamlara zyýan berjek zady ýoldan aýyrmakdyr. Utanmagam imanyň şahalarynyň biridir. (Buhary, «Iman» 3; Muslim, «Iman» 58).

  ***

Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) perenjä girmeli çagyna ýeten gyz ýaly utanjaňdy. Hoş ýakmaýan zady görenini onuň ýüzüne seredip bilerdik. (Buhary, «Edeb» 72; Muslim, «Fedail» 67). 

***

Syr saklamak, wadaňda tapylmak

«Ähde wepaly boluň! Çünki ähti-peýmanda (berlen sözde) jogapkärçilik bardyr». («Isra» süresi 17/34).

***

«Allany özüňize kepil tutunyp, (ähti-peýmanyňyzy) pugtalanyňyzdan soň, kasamlaryňyzy bozmaň!» («Nahl» süresi, 16/91).

***

«Eý, iman getirenler! Siz ähti-peýmanlaryňyza wepaly boluň!» («Maide» süresi, 5/1).

***

«Eý, iman getirenler! Siz näme üçin (özüňiziň) etmejek işiňizi aýdýarsyňyz? Etmejek işiňizi aýtmak Allanyň iň halamaýan zadydyr». («Saf» süresi, 61/2-3).

  ***

Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýanýoldaşy bilen arasyndaky syry paş eden kişi kyýamat güni Allanyň indinde iň erbet adam saýyljakdyr. (Muslim, «Nikah» 123).

  ***

Äşe enemiz (r.anha) gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) aýallary bilen otyrka, Patma edil Allanyň resuly (s.a.w) ýaly ýöräp gelip, aramyza goşuldy. Resuly-Ekrem (s.a.w) ony görüp begendi we «Hoş geldiň gyzym» diýdi. Ony (sag ýa-da sol) ýanyna otyrtdy. Soňra-da Patmanyň gulagyna bir zatlar pyşyrdady. Onsoň Patma aglamaga başlady. (Pygamberimiz (s.a.w) gyzynyň hapa bolup oturanyny görensoň, onuň gulagyna ýene-de bir zatlar pyşyrdady. Şondan soň Patmanyň ýüzi güldi. (Men Patmadan bu barada soradym): «Allanyň resuly (s.a.w) aýallarynyň ýanyndaka, ala-böle seniň gulagyňa bir zat (syr) diýdi: senem agladyň». Resuly-Ekrem (s.a.w) turup gidensoň, ondan: «Allanyň resuly (s.a.w) saňa näme aýtdy?» diýdim. Fatma: «Allanyň resulynyň (s.a.w) maňa aýdan zadyny (syryny) hiç kime aýdyp biljek däl» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) dünýeden ötenden soňra, ondan ýene soradym: «Saňa enelik etdim. Eneligimiň hatyrasyna Allanyň resulynyň (s.a.w) saňa diýen syryny maňa-da aýt!» Şonda Patma şeýle diýdi: «Bolýar, indi aýdyp bilerin». Yzyny şeýle gürrüň berdi: «Resuly-Ekrem (s.a.w) ilkinji saparynda Jebraýylyň Kuranyň aýatlaryny garşylyklaýyn okamak üçin her ýyl bir ýa-da iki gezek gelendigini, emma by ýyl iki gezek gelendigini aýtdy. (Yzyndanam şeýle diýdi): «Ajalymyň ýakynlaşandygyny duýýaryn. Alla sarpa goý, sabyrly bol! Meniň senden öňünçä gitmekligim ýagşydyr!» Onsom senem gördüň-ä: munuň üçin aglapdym. Meniň gynananymy görübem, gulagyma ýene bir gezek çawuş çakdy: «Patma! Mümin zenanlara (ýa-da) bu ymmatyň zenanlaryna) baştutan bolmak islemezmiň?» diýdi. Bilşiň ýaly, munuň üçinem ýylgyrypdym». (Buhary, «Menakib» 25, «Istizan» 43; Muslim, «Fedailus-sahabe» 97-99).

         ***

Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Şu dört häsiýet kimde bar bolsa, edil mynapygyň özüdir.  Kimiň şu häsiýetleriň biri bar bolsa, şol gylygyny goýýança, onda mynapyk alamaty saklanar. Şol dört häsiýet hem ine, şulardyr: özüne ynanylan amanata hyýanet eder, geplände ýalan sözlär, beren wadasynda durmaz, bir bilen tersleşende, (özüne erk edip bilmän) aşa gider. (Buhary, «Iman» 24, «Mezalim» 17; Muslim, «Iman» 106).

         ***

Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) maňa şu maslahaty berdi: «Abdulla! Hergiz pylany ýaly bolaýma! Ol kişi gije namazyny (tehejjud) okaýardy, emma (soňra) okamasyny goýdy». (Buhary, «Tehejjud» 19; Muslim, «Syýam» 185).

   ***

Ýagşy sözli we güler ýüzli bolmak

«Müminlere (bolsa rahmet) ganatyňy ýaý!» («Hijr» süresi, 15/88).

***

«Eger sen gödek, doňýürek bolsadyň, elbetde, (musulmanlar) senden aýrylyp, dagap giderdiler». («A:li-Ymran» süresi, 3/159).

***

Adiý ibn Hatim (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýarym hurma bilen, ol hem ýok bolsa ýagşy söz bilen ataşdan goranjak bol! (Buhary, «Edeb» 34, «Zekat» 10; Muslim, «Zekat» 66).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýagşy söz sadakadyr. (Buhary, «Edeb» 34;  Muslim, «Zekat» 56).

***

Ebu Zerr (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) maňa şuny maslahat berdi:

Hiç bir sadakany kiçi saýma! Hatda din gardaşyňy güler ýüz bilen garşy almagam sadakadyr (Muslim, «Birr» 144).

  ***

Sözi söhbetdeşiňe görä sözlemek

Öwüt-ündew edýän wagtyň ölçegli bolmak

«(Sen ynsanlary) Rebbiň ýoluna hikmet bilen, ýagşy pent (nesihat) bilen çagyr». («Nahl» süresi, 16/125).

***

Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Pygamberimiz (s.a.w) bir zat aýdan wagt mazaly düşüniler ýaly üç gezek dagy gaýtalaýardy. Jemagatyň ýanyna baranda, olara salam bererdi. Käwagt üç ýola gaýtalardy. (Buhary, «Ylym» 30).

Düşündiriş: pygamberimiz (s.a.w) köpçülik ýerine baranda, käwagt hemme eşider ýaly salamyny üç ýola gaýtalar eken. Şeýle hem biriniň ýanyna görme-görşe barsa, gapynyň agzynda durup, üç ýola salam berer eken. Soňra öýe girmek üçin rugsat sorar eken. Eger birinji salamyndan soňra içerik çagyrylsa, girensoň ýene bir ýola salam berer eken, gaýtjak wagty hem salam berip çykar eken. Şunlukda, jemi üç ýola salam berer eken.

***

Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) diňleýjilere düşnükli bolar ýaly azdan uz geplärdi. (Ebu Dawud, «Edeb» 18).

***

Muhadramundan (Resuli-Ekremiň (s.a.w) döwründe ýaşan, ýöne ony görmedik) Ebu Wail Şakik ibn Seleme gürrüň berýär:

Ibn Mesud (r.a) her penşenbe güni bize wagyz ederdi. Bir gezek bir adam oňa: «Ebu Abdurrahman! Bize her gün wagyz berseň, nähili gowy bolardy» diýdi. Şonda Ibn Mesud oňa şeýle diýdi: «Sizi irizmekden gorkýaryn, ýogsam, gelip her gün wagyz bererdim. Allanyň resuly (s.a.w) bizi irizmekden çekinerdi, nesihat etmek üçin laýyk wagtyny peýlärdi. (Buhary, «Ylym» 11; Muslim, «Syfatul-munafykun» 82). 

***

Muwi ibn Hakem es-Sülemi (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resulynyň (s.a.w) arkasynda namaza duran jemagatyň arasynda biri asgyrdy. Menem derrew «Ýerhamukellah» diýdim. Namazdakylar maňa gaňrylyp seretdiler. Menem onsoň olara: «Näme etdim men? Näme üçin beýdip seredýäňiz?» diýdim. Olar bolsa ellerini uýluklaryna urmaga başladylar. Şeýtmek bilen meni dymdyrmak isleýärdiler. Munuň üçin olara gaharym geldi. Ýöne dymdym. Enem-atam Allanyň resulyna (s.a.w) pida bolsun! Ne ondan öň ne-de soň, Resulalla (s.a.w) ýaly ýagşy mugallyma duşmadym. Beýle edenim üçin ne meni ýazgardy, ne urdy, ne-de käýedi. Namaz tamam bolansoň maňa: «Bu ybadatyň ady namazdyr. Namaz okalýan wagty dünýä kelamy aýdylýan däldir. Çünki namaz tesbih, tekbir we Kuran okamakdan ybaratdyr» ýaly sözleri diýdi. Men: «Eý, Allanyň resuly! Men ýaňy musulman boldum. Alla yslamy hak din edip iberenden soňam, henizem palçy-bilgije gidip, olardan medet gözleýänler bar» diýenimde bolsa, ol maňa: «Sen olaryň ýanyna gitme» diýdi. Men bolsa: «Aramyzda yryma ynanýanlar bar» diýdim. Ol: «Bu göwnüňe getirmekden başga zat däl. Beýle düşünjeler bilen gümra bolmasynlar» diýdi. (Muslim, «Mesajid» 33).

Agras, sypaýy, salyhatly bolmak

***

«Kim Allanyň buýran zatlaryna (hökümlerine) hormat goýsa, takyk, bu hormat onuň kalbynyň takwalygyndandyr». («Haj» süresi, 22/32).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Namaza durmak üçin kamat aýdylanda, ylgaşlap däl-de, eýsem agraslyk bilen ýöräp baryp, namaza duruň! Ýetişen rekagatyňyzy ymam bilen okaň, ýetişmedigiňizi özüňiz tamamlaň! (Buhary, «Ezan» 20; Muslim, «Mesajid» 151).

Haýyrly iş edeni üçin gutlamak we söýünjilemek

 ***

(Sen ol) bendelerimi hoş habar bilen söýünjile! Olar (müminler) özlerine aýdylan söze gulak asarlar we iň ýagşysyna eýererler». («Zümer» süresi, 39/17-18).

***

«Rebbi olara öz adyndan rahmet we hoşallyk‚ içinde tükeniksiz nygmatlar bolan jennetleri buşlaýar». («Toba» süresi, 9/21).

***

«Siz jennetiň wada berlendigi (hakyndaky) hoş habar bilen şatlanyň». («Hud» süresi, 41/30).

***

«Ilçilerimiz (perişdeler) Ybraýyma buşluk bilen geldiler». («Hud» süresi, 11/69).

***

Ebu Musa el-Eşary (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Bir gün täret almak üçin öýden daşary çykan wagtym öz-özüme «Bu gün Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyndan aýrylmaryn, nirä gitse giderin» diýip söz berdim. Soňra metjide baryp, şol ýerdäki jemagatdan pygamberimiziň (s.a.w) nirededigini anykladym. Olara «Şu tarapa gitdi» diýip salgy berdiler. Resuly-Ekremiň (s.a.w) baran ýerinden nirä gidenini sorap baryberdim. Iň soňky baran ýerinde Kuba metjidiniň Günbatar tarapynda ýerleşýän Eris baglygyna girip gidenini aýtdylar. Baglyga baryp, gapysynda oturyberdim. Pygamberimiz (s.a.w) aýakýolundan soň, täret alyp otyrka-da, ýanyna bardym. Seretsem, ol (s.a.w) guýunyň gyrasyndaky daşlaryň üstünden gelýän halkanyň edil ortasynda, aýaklaryny injikleri bilen ýalaňaçlap, guýa sallap oturan eken. Salam berdim-de, ýene-de gapynyň agzyna dolanyp gelip, şol ýerde otyryberdim. Öz ýanymdan: «Bu gün Allanyň resulynyň (s.a.w) gapy sakçysy bolaýyn» diýip oýlandym. Az wagtdan Ebu Bekir (r.a) gelip, gapyny kakdy. «Kim bolarsyň?» diýip soradym. Ebu Bekir (r.a): «Ebu Bekir» diýip seslendi. Men: «Azajyk garaş» diýdim. Soňam Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna baryp: «Eý, Allanyň Resuly! Ebu Bekir geldi. Ýanyňyza girmek isleýär» diýdim. Ol (s.a.w) maňa: «(Aýt) gelsin we jennetlikdigi bilenem buşla!» diýip tabşyrdy. Gapynyň ýanyna baryp, Ebu Bekire şeýle diýdim: «Baş üstüne, giriberiň! Allanyň resuly (s.a.w) saňa jennetlikdigiňi buşlamagymy aýtdy!» Şondan soňra Ebu Bekir içeri girdi. Barybam pygamberimiziň (s.a.w) sag tarapyna geçip, guýunyň agzyndaky daşyň üstünde oturdy. Ol hem edil Allanyň resulynyň (s.a.w) edişi ýaly, injikleri açyk ýagdaýda aýaklaryny guýa sallapdy. Menem gapa dolandym. Öýden çykan wagtym inim täret almaga durupdy. Ol yzymdan ýetjekdigini aýdypdy. Içimden ol hakda şeýle pikir etdim: «Eger Allanyň myradynda pylana haýyr etmek bar bolsa, ony hem bärik getirer». Şol barmana birisi gapyny kakdy. Men: «Kim bolarsyň?» diýdim. Ol: «Osman ibn Affan» diýdi.  Oňa «Biraz garaş» diýip, pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna baryp, onuň gelendigini habar berdim. Ol (s.a.w) maňa: «Rugsat ber, oňa başyna bir belanyň geljegini aýt, şeýle hem oňa jennetlikdigini buşla!» diýip tabşyrdy. Yzyma dolanyp gelip, (Osmana): «Içerik gir, Allanyň resuly (s.a.w) başyňa bir belanyň geljegini aýdýar we seniň jennetlikdigini buşlaýar» diýdim. Osman içerik girdi. Guýynyň agzynda oturmaga ýer galmandygyny görüp, olaryň gaşyna geçip, başga ýerde oturdy.

Said ibnul-Museýýeb bu hadysany şeýle düşündirýär: «Men şol görnüşde oturmaklaryny olaryň gabyrlarynyň ýerleşiş şekili bilen baglanyşdyrýaryn». (Buhary, «Fedailul-sahabe» 5, «Edeb» 119, «Fiten» 17; Muslim, «Fedailul-sahabe» 29). 

***

Tabygyndan ibn Şumase (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

 Amr ibn As ölüm ýassygynda ýatyrka ýanyndadyk. Ol ýüzüni diwara öwrüp, uzyn müddet aglady. Şonda ogly oňa şeýle diýdi: «Kaka jan! Allanyň resuly (s.a.w) saňa (jennetligiň hakda) buşluk habaryny bermedi». Amr ibn As biz tarapa öwrülip, şeýle diýdi: «Ahyret üçin taýýar eden iň gymmatly azygymyz «Lä ilahe illalla, Muhammedun resulla» sözüdir.

Meniň durmuşym üç tapgyrdan durýar. Bir döwür Allanyň resulyna (s.a.w) menden beter duşmançylyk edýän ýokdy. (Şol wagtlar) meniň iň uly arzuwym bir ýoluny tapyp, ony öldürmekdi. Dogrusy şol ýagdaýda ölüp giden bolsam, hökman dowzaha düşerdim. Henizem Allatagala ýüregime yslama bolan söýgini salaýdy. Pygamberiň (s.a.w) ýanyna gelip, «Eliň ber saňa biýat etjek (gol berjek)» diýdim. Ol elini uzadanda bolsa, elimi yza çekdim. Muny gören Resuly-Ekrem (s.a.w): «Näme boldy, Amr?!» diýdi. Men: «Meniň bir şertim bar» diýdim. Ol: «Şertiň näme?» diýdi. Men: «Meni bagyşlamagyň» diýdim. Ol: «Musulman bolmak bilen öňki günäleriň syryp-süpürilýändiginden, hijret etmek bilen öňki günäleriň ýuwulýandygyndan, haja gitmek bilen öňki günäleriň aýrylýandygyndan habaryň ýokmy?» diýdi. Şol pille meniň üçin Allanyň resulyndan (s.a.w) mähriban adam ýokdy. Gözüme ondan başga uly barlyk görünmeýärdi. Hormatymdan ötri onuň ýüzüne gana-gana seredip bilmedim. Şol sebäpli biri menden onuň ýüzüni taryp edip bermegi islese, taryp edip bilmezdim. Eýsem şol pursat ölsedim, jennetlik bolmagymam mümkindi.

Soňra şeýle bir işlere baş goşduk welin, dogry etdikmi ýa ýalňyş etdik, bilmeýärin. Wesýetim bolsun: ölenimden soň meniň üçin ne bir zat diýiň, ne-de ataş ýakyň. Ýere dulanyňyzda üstüme topragy az-azdan atyň. Soňra bir düýäni näçe wagtda soýup, etini bölekläp bolýan bolsa, şonça wagtam gabrymyň ýanyndan aýrylmaň. Şeýlelik bilen, siz ýanymdakaňyz täze ýerim bilen öwrenişerin we Rebbimiň ilçilerine nähili jogap berjegim dogrusynda pikirlenerin. (Muslim, «Iman» 192).