Ýola çykan adamyň ýakynlary bilen hoşlaşmagy,
olaryň ýagşy dilegde bolmaklaryny islemegi
«Ybraýym muny öz ogullaryna (hem) wesýet etdi. Ýakup (hem perzentlerine): «Eý, ogullarym! Alla siziň üçin bu dini (Allanyň birligini) saýlady. Siz diňe musulmanlyk dininde jan beriň!» diýdi. (Eý, jöhitler!) Ýa-da siz Ýakuba ölüm gelende onuň ýanyndamydyňyz? Ol öz ogullaryna: «Siz menden soň nämä ybadat etjeksiňiz?» diýende olar: «Biz seniň we ata-babalaryň Ybraýymyň, Ysmaýylyň we Yshagyň Hudaýyna ybadat ederis. (Ol) ýeke-täk Hudaýdyr (Alladyr). Biz Oňa boýun bolduk» diýdiler». («Bakara» süresi, 2/132-133).
***
Zeýd ibn Ekram (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gün) Allanyň resuly (s.a.w) bilen otyrdyk. Şonda ol (s.a.w) ýerinden turdy-da, Alla hamdy-sena aýdan soňra bize şeýle diýip ýüzlendi:
«Eý, adamlar! Menem (siziň ýaly) ynsan. Ýakyn wagtda Rebbimiň ilçisi (Ezraýyl) ýanyma geler, menem onuň bilen gitmeli bolaryn. Size iki sany örän ähmiýetli zat goýup gidýärin. Birisi, ynsany dogry ýola ugrukdyrýan ýolbelet, Allanyň nurly kitaby bolan Kurandyr. Allanyň kitabyndan berk ýapyşyň, hiç goýbermäň».
Pygamberimiz (s.a.w) Allanyň kelamy Kuranyň ýörelgelerine görä ýaşamalydygy barada nesihat edensoň, sözüni şeýle dowam etdirdi:
«Size ýene ähli-beýtimi (neberämi) goýup gidýärin. Alladan gorkuň, ähli-beýtimi sylaň!» (Muslim, «Fedailus-sahabe» 36).
***
Omar ibn Hattab (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resulyndan (s.a.w) umra gitmek üçin ejaza soradym. Pygamberimiz (s.a.w) rugsat berdi we şeýle diýdi: «Eziz gardaşym! Biziň üçinem dileg-doga etmegi unutmaweri!» Allanyň resulynyň (s.a.w) bildiren bu hoşamaýlygy meni şeýle bir begendirdi welin, şol wagt bütin dünýäni beren bolsalaram, beýle begenmezdim. (Ebu Dawud, «Witr» 23; Tirmizi, «Deawat» 109).
***
Abdulla ibn Ýezid el-Hatmi (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) goşunyny ýörişe ugradanda şeýle diýip dileg ederdi: «Diniň talaplaryny berjaý etmegiňizi, yzyňyzda galýan ýakynlaryňyzy, mal-emlägiňizi Alla tabşyrýaryn! Haýyrly amallar bilen dolangaýsyňyz!» (Ebu Dawud, «Jihad» 73).
***
Istihare we maslahat
«… we işleriňde olar bilen maslahatlaş!» («A:li-Ymran» süresi, 3/159).
***
«Olar (etjek) işlerini öz aralarynda geňeşip (maslahatlaşyp) ederler». («Şura» süresi, 42/38).
***
Jabir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) nähilidir bir işi etjek bolsak, göýä Kuranyň sürelerini öwredýän ýaly istihare etmegi öwrederdi. Ol (s.a.w) bu barada şeýle diýerdi:
Sizden kim bir iş etjek bolsa, parz namazyndan daşgary iki rekagat namaz okasyn. Soňra-da şeýle diýip dileg etsin: «(Eý,) Allam! Seniň ylmyňa daýanýaryn, Seniň gudratyňa bil baglaýaryn. Isleýän zadymy hem Seniň taýsyz fazlyňdan isleýärin. Seniň her zada güýjüň ýetýär, meniň bolsa hiç zada güýjüm ýetmeýär. Sen her zady bilýärsiň. Men bolsa hiç zady bilmeýärin. Sen Allamul-Guýubsyň (ähli gizlin zatlary bilýänsiň). (Eý,) Allam! Eger bu iş meniň bu dünýäm we ahyretim üçin, (onuň) başlangyjy we soňy haýyrly boljak bolsa, goý ol amala aşsyn, ony maňa aňsat kyl, ondan bereket getir! Şeýle hem Sen bilýärsiň: bu iş meniň dinim üçin, bu dünýäm üçin, ahyretim üçin, hem-de onuň başlangyjy we soňy haýyrly bolmajak bolsa, ony menden, meni hem ondan daşlaşdyr! Oňa derek meniň üçin näme haýyrly bolsa, şony hem nesibimä ýaz! Goý, köňlüm hem şeýle netijeden kaýyllyk tapsyn!»
Şu dilegi edenimizden soňra bolsa, isleýän zadymyzy soramagy tabşyrardy. (Buhary, «Deawat» 48, «Towhyd» 10).
***
Käbir işleri sagdan başlamak
«(Ol gün) hasap (amal) kitaby sag tarapyndan berlen kişi (şatlanyp): «Ine (hasap) kitabym. Geliň, okaň! – diýer». («Hakka» süresi, 69/19).
***
«(Birinjisi), sagdakylar. Ol sagdakylar (nähili) bagtlydyr. (Ikinjisi), çepdäkiler. Ol çepdäkiler (nähili) betbagtdyr». («Wakiýa» süresi, 56/8-9).
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) tämizlenende, darananda, aýakgabyny geýende sagyndan başlamagy gowy görerdi. (Buhary, «Lybas» 38; Muslim, «Taharet» 66).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim aýakgabyny geýjek bolsa, öňünçä sag taýyny geýsin, çykaran wagty öňünçä sol taýyny çykarsyn. Şunlukda, sag aýak iň öňünçä geýlen we iň soň çykarylan aýak bolar. (Buhary, «Lybas» 39; Muslim, «Lybas» 67).
***
Nahary «Bismilla» bilen başlamak we soňundan «Älhamdulilla» diýmek
Omar ibn Eby Seleme (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) maňa: «Bismilla» diý, sag eliň bilen we öz öňüňden iý» diýdi. (Buhary, «Et-ime» 2; Muslim, «Eşribe» 108).
***
Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Siziň biriňiz nahar iýmäge başlan wagty «Bismilla» diýsin. Naharyň başynda «Bismilla» diýmegi unudan bolsa, ýadyna düşen dessine: «Bismillahi ewwelehu we ahirehu (Naharyň başynda we soňunda Allanyň adyny ýatlaýaryn)» diýsin. (Ebu Dawud, «Etime» 15; Tirmizi, «Et-ime» 47).
***
Ebu Umame (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) saçagyň başyndan turjak bolanda şeýle dileg ederdi:
Eý, Rebbim! Saňa halys ýürekden, kemelmän artýan, dergähiňde yza gaýtarylman kabul edilýän san-sajaksyz hamdy-senalar bolsun! (Buhary, «Et-ime» 54).
***
Muaz ibn Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim nahar iýip bolandan soňra «Meniň güýjüme, kuwwatyma bagly bolmazdan maňa bu nahary iýdiren, ony maňa rysk hökmünde yhsan eden Alla hamdlar bolsun» diýip, dileg-doga etse, geçmişdäki günäleri bagyşlanar. (Ebu Dawud, «Lybas» 1; Tirmizi, «Deawat» 56).
Iýip-içmekligiň edebi
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) nahar saýlamazdy (kemçilik gözlemezdi). Iýesi gelse, iýerdi, bolmasa-da iýmezdi. (Buhary, «Et-ime» 21; Muslim, «Eşribe» 187).
***
Omar ibn Ebi Seleme (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Men Resuly-Ekremiň (s.a.w) maşgalasynda we hemaýatynda (ösüp ulanan) oglanjykdym. Birlikde nahar iýerdik. Şonda elim tabagyň hemme ýerine uzaberýärdi. Bir gezegem Allanyň resuly (s.a.w): «Oglum! Nahary «Bismillä» bilen başla, sag eliň bilen, öz öňüňden iý!» diýdi. (Buhary, «Et-ime» 2; Muslim, «Eşribe» 108).
***
Wahşy ibn Harb (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) sahabalar Allanyň resulyna (s.a.w): «Näçe iýsegem doýamyzok» diýdiler. (Ol (s.a.w): «Aýry-aýry (oturyp) iýýän bolaýmaň» diýip sorady. Sahabalar: «Hawa» diýişdiler. (Onsoň pygamberimiz (s.a.w): «Bir suprada oturyp (üýşüp) iýiň, nahara «Bismillä» bilen başlaň! Şonda naharyňyz bereketlener» diýdi. (Ebu Dawud, «Et-ime» 14).
***
Abulla ibn Busr (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Pygamberimiziň (s.a.w) dört kişi bolup göterilýän «Garra» diýilýän nahar tabagy bardy. Guşluk namazy okalansoň, ýaňky tabaga «tirit» salyp getirdiler. Sahabalar tabagyň daşyna aýlandylar. Olaryň sany köpelensoň, Allanyň resuly (s.a.w) dyza çökdi. Muny gören bir çarwa arap: «Bu neneňsi oturyş?» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şeýle diýdi:
«Allatagala meni diýdimzor, sütemkär kişi edip däl-de, eýsem kiçigöwünli we jomart gul edip ýaratdy». Soňundanam şeýle diýdi: «Nahara bereket iner ýaly, ortarasyndan däl-de, gyrasyndan iýiň». (Ebu Dawud, «Et-ime» 17).
Tirit – naharyň görnüşi.
***
Ebu Juhaýfe Wehb ibn Abdulla (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Men ýaplanyp nahar iýmeýärin. (Buhary, «Et-ime» 13).
***
Kab ibn Malik (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resulynyň (s.a.w) üç barmagy bilen nahar iýenini, soňundanam barmaklaryny ýalanyny gördüm. (Muslim, «Eşribe» 131).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) nahardan soň, tagam iýen üç barmagyny ýalardy-da şeýle diýerdi: «Kimde-kim elinden lukmasyny gaçyrsa, ony ýerden alyp, tämizlesin. Soňam iýsin. Ony şeýtana goýmasyn».
Şeýle hem, ol bize nahar iýlen tabagy (barmagyň bilen syryp) ýalamagy tabşyrardy: «Sebäbi bereketiň naharyň niresindedigi belli däl» diýerdi. (Muslim, «Eşribe» 136).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir zat içen wagtyňyz) düýä meňzäp bir demde içjek bolmaň. Iki, üç demde içiň. Nämedir bir zat içeniňizde «Bismilla» diýiň, soňundanam «Älhamdulilla» diýiň. (Tirmizi, «Eşribe» 13).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resulyna (s.a.w) suw goşulan süýt getirdiler. Onuň (s.a.w) sag tarapynda bir çarwa adam, solunda bolsa Ebu Bekir (r.a) otyrdy. (Pygamberimiz (s.a.w) süýtden içdi-de, ony sähraýa berip, şeýle diýdi: «Her kim içensoň, sagyndaka geçirsin!» (Buhary, «Eşribe» 14; Muslim, «Eşribe» 124).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) tulum ýa-da meşik ýaly gaplaryň agzyndan suw içmegi gadagan etdi. (Buhary, «Eşribe» 24; Muslim, «Musakat» 136).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) iýenimizde-içenimizde demiňi gabyň içine goýbermegi ýa-da üflemegi gadagan etdi. (Tirmizi, «Eşribe» 15).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Biz Allanyň resulynyň (s.a.w) döwründe ýöräp barýarkak iýerdik, dik durkak suw içerdik. (Tirmizi, «Eşribe» 12).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Hergiz dik durup suw içmäň! Kimde-kim unudup dagy içen bolsa, ony yzyna çykarsyn (gaýtarsyn). (Muslim, «Eşribe» 116).
Düşündiriş: soňky iki hadysda aýdylýanlar biri-birine ters gelýän ýaly hem bolsa, pygamberimiziň (s.a.w) dik durup suw içendigi hem, dik durup suw içmegi gadagan edendigi hem dogrudyr. Dik duran ýeriňde suw içmegiň adamyň saglygy üçin zyýanlydygyny göz öňünde tutup, muňa endik etmeli däldigini aýratyn belläpdir. Hadysdaky unudyp içeniňden soňra gusmak hökmanylyk manysyna gelmeýär. Galyberse-de käbir alymlar «Unudyp içen kişi ony gaýtarsyn» diýen jümläniň hadysyň rawysy Ebu Hureýrä (r.a) degişlidigini aýdýarlar. Ýagny hadys terminogiýasyna görä aýtsak, Ebu Hureýre (r.a) hadysyň soňuna idraj (goşmak) edipdir. Has takygy, pygamberimiziň (s.a.w) oturan ýeriňde suw içmegi goldaýandygyny bildirmek isläpdir. Mejburylyk bolmasa, suwy oturyp hem-de iki ýa-da üç demde içmelidigini nygtapdyr.
***
Huzeýfe (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) bize ýüpek, atlas matadan bolan lybaslary geýmegi we altyn, kümüş gap-çanaklardan suw içmegi gadagan edip, şeýle diýdi: «Bu zatlar dünýäde olaryňky (kapyrlaryňky) bolsun, ahyretde bolsa siziňki bolsun». (Buhary, «Eşribe» 28, «Lybas» 27; Muslim, «Lybas» 3).
Düşündiriş: ýüpek, atlas matadan lybas geýmek erkeklere, altyn we kümüş gap-çanaklardan iýip-içmek hem erkeklere hem-de zenanlara gadagan edilendir.
***
Ummi Seleme enemiziň (r.anha) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kümüş gapda suw içýän kişi garnyny dowzah ataşy bilen doldurýandyr. (Buhary, «Eşribe» 28; Muslim, «Lybas» 1).