Ryýazus-Salyhyn 18

Geýinmegiň edebi

«Eý‚ Adam ogullary! Görüň‚ size uýat ýeriňizi örter ýaly geýim‚ bezener ýaly eşik ýaratdyk. Emma (hiç haçan unutmaň) iň ýagşy geýim takwalyk lybasydyr». («Araf» süresi, 7/26).

***

«Alla sizi yssydan (we sowukdan) goramak üçin eşikler döretdi. Sizi söweşde goramak üçin sowutlar döretdi». («Nahl» süresi, 7/26).

***

Semura (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ak reňkli lybaslar geýiň. Sebäbi ak reňk has tämiz we has ýakymly görünýändir. Ölüleriňizi hem ak kepene çolaň. (Nesaýi, «Jenaiz» 97; Hakim, «Mustedrek» 4/185).

 ***

Bera ibn Azib (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) uzyna ýakyn orta boýlydy. Men ony gyrmyzy lybas geýende gördüm. Men Ondan has görmegeý kişä duşmadym. (Buhary, «Lybas» 35; Muslim, «Fedail» 91).

***

Jabir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) Mekge feth edilen (alnan) güni, şähere girende başynda gara sellesi bardy. (Muslim, «Haj» 451).

   ***

Ebu Said Amr ibn Hureýs (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Feth güni Allanyň resulynyň (s.a.w) başy gara sellelidi. Sellesiniň iki ujy eginlerine sallanyp durdy. Onuň Mekgä girişi henizem gözümiň öňünde. (Muslim, «Haj» 452).

***

Ümmi Seleme (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resulynyň (s.a.w) iň gowy görýän lybasy köýnekdi. (Ebu Dawud, «Lybas» 3; Tirmizi, «Lybas» 27).

***

Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Allatagala ulumsyrap, lybasynyň eteklerini uzyn edip (ýerden süýräp) geýýän kişiniň kyýamat güni ýüzüne seretmez». Muny eşeden Ebu Bekir (r.a): «Eý, Allanyň resuly! Ünssüzlikden meniň hem lybasymyň eteginiň ýerden süýrenýän gezekleri bolýar» diýdi. şonda Allanyň resuly (s.a.w) oňa: «Şübhesiz, sen muny ulumsylykdan edýän dälsiň!» diýdi. (Buhary, «Lybas» 2; Muslim, «Lybas» 43).

  ***

Ebu Zer (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Üç topar ynsan bar: Allatagala kyýamat güni olar bilen gepleşmez, olaryň ýüzüne seretmez, ýüzüni ýuwmaz. Olar üçin elhenç azap bardyr».

Hadysyň rawysy Allanyň resulynyň (s.a.w) bu sözleri üç ýola gaýtalandygyny aýdýar. Şonda Ebu Zer: «(Heýhat) zyýana galdylar, zelele çapdylar. Olar kimler bolmaly, eý, Allanyň resuly?» diýipdir.  Resuly-Ekrem (s.a.w) hem şeýle diýipdir: «Lybasynyň etegini uzyn edip, ýerden süýräp geýýän, eden ýagşylygyny diline alýan, harydyny (ýersiz ýere) ant içip, awy ýalap, (öwüp) satmaga synanyşýan kişi». (Muslim, «Iman» 171).

***

Jabir ibn Suleým (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Adamlaryň sala salýan, aýdany iki gaýtaladylmaýan bir kişini gördüm. (Şonda men adamlardan): «Bu kim?» diýip soradym. (Olar): «Ol Allanyň resuly!» diýdiler. (Men onuň ýanyna baryp) iki ýola: «Aleýkessalam, eý, Allanyň resuly» diýdim. Resuly-Ekrem (s.a.w): «Aleýkesselam diýme! Şeýdip ölülere salam berilýändir (jahylyýet döwrüniň doňýürek kapyrlary şeýle salam berer ekeni). Salam berjek bolsaň «Essalamu aleýke» diýip salam ber!» diýipdir. Men ondan: «Sen Allanyň resulymy?» diýip soradym. Ol (s.a.w) maňa şeýle diýip jogap berdi: «Men horlanan, kynçylyk çeken wagtyň seniň dileg-doga bilen ýüzlenýän we şol kynçylykdan seni dyndyrýan; gytlyk, guraklyk belasyna duçar bolup, dileg edeniňde-de, seniň üçin ýagyş iberip, bol hasyl berýän; çöl-beýewanda düýäňi ýitirip, dileg edeniňde,  saňa düýäňi tapyp berýän Allanyň resuly!» Men oňa: «Maňa nesihat ediň!» diýdim. Pygamberimiz (s.a.w): «Hiç kime sögme» diýdi. Şondan soňra erkin adam bolsun, gul bolsun, hiç kime, hatda goýun ýa başga bir jandara-da sögmedim. (Pygamberimiz (s.a.w) nesihatyny şeýle dowam etdi: «Hiç bir ýagşylygy kiçi görme! Gardaşlaryň bilen gepleşeniňde güler ýüzli bol! Sebäbi bu hem ýagşylykdyr. Lybasyň etegini dyzlaryň aşagyna deňiç galdyr. Eger bu göwnüňe ýaramaýan bolsa, onda topuklaryňa deňiç indir. Garaz, lybasyň ýerde süýrenip ýatmasyn. Bu ulumsylygyň, men-menligiň alamatydyr. Alla men-men, ulumsy kişileri halaýan däldir. Eger kimdir biri saňa sögse ýa-da seni haýsydyr bir etmişiňi (aýybyňy) ýüzüňe urup otursa, hergiz oňa uýup, jogap berjek bolma. Onuň bilen baglanyşykly bir zady aýdyp, aýyplajak bolup durma! Sebäbi onuň bu etmişi öwrülip özüne barjakdyr!» (Ebu Dawud, «Lybas» 24; Tirmizi, «Istizan» 27).

***

Jabir ibn Suleým (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Bir adam lybasynyň etegini ýere süýräp, namaz okap durdy. Allanyň resuly (s.a.w) oňa: «Täretiňi al» diýdi. Ol hem täretini alyp geldi. Pygamberimiz (s.a.w) oňa ýene-de: «Täretiňi alyp gel» diýdi. Şonda şol ýerdäkileriň birisi: «Eý, Allanyň resuly! Näme üçin oňa diňe täret almagyny tabşyrdyňyz, soňam hiç zat diýmediňiz?» diýip sorady. Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa şeýle jogap berdi): «Namaz okap durka, lybasy ýere süýrenýärdi. Şübhesiz, Alla bu şekilde okalan namazy kabul etmez». (Ebu Dawud, «Lybas» 25).

  ***

Tabygyndan Kaýs ibn Bişr et-Taglebiniň gürrüň bermegine görä, hezreti Ebud-Derda (r.a) bilen dostlaşan kakasy Bişr şulary aýdyp beripdir:

Şamda pygamberiň (s.a.w) sahabalaryndan Sehl ibnul-Hanzaliýýe diýen bilimli adam bardy. Ol halkyň içine seýrek çykardy. Köplenç, namaz okardy. Namazdan çykyp, öýüne barýarka hem ýolda tekbir, tesbih aýdyp gidýärdi. Bir gezek Ebud-Derdanyň ýanynda otyrkam, şol adam geldi. Şonda Ebud-Derda oňa: «Bize peýdasy boljak, saňa zyýany degmejek bir zat aýt» diýdi. Onsoň Ibnul-Hanzaliýýe şuny gürrüň berdi:

Allanyň resuly (s.a.w) bir ýere atly topar ýollapdy. Atlylar az wagtdan sapardan dolanyp geldi. Olaryň arasyndan bir adam gelip, Allanyň resulynyň (s.a.w) oturan ýerinde oturdy. Ol gapdalynda oturan adama garap şeýle diýdi: «Duşman bilen ýüzbe-ýüz bolanymyzda olary ediberşimizi bir görsediň. Pylany dagy garşydaşynyň üstüne sürnüp baryp, naýzasyny duşmana sanjyp: «Al, bu menden saňa! Men gyfaryň (gerçek) ýigitlerinden» diýdi. Sen onuň bu sözleri hakda näme diýýäň?» diýip sorady. Sowal berlen kişi oňa şeýle diýip jogap berdi: «Meniň pikirimçe, onuň bütin sogaby puç bolupdyr». Muny eşiden başga birisi bolsa şeýle diýdi: «Meniň pikirimçe beýle däl».

Onsoň ol ikisi garşylykly çekişmä girdiler. Bu gürrüň Allanyň resulyna (s.a.w) baryp ýetdi. Şonda pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Subhanalla! Bu ýerde ol kişiniň sogap gazanmagyna we öwülmegine päsgel berjek hiç zat ýok»

Ebud-Derdanyň muny eşidip begenenini gördüm. Ol başyny galdyryp, ondan (Sehl ibnul-Hanzaliýýeden) şeýle diýip sorady: «Sen muny Allanyň resulyndan (s.a.w) hut özüň eşitdiňmi?» Sehl ibnul-Hanzaliýýe: «Hawa, hut özüm eşitdim» diýdi. Ebud-Derda ondan şeýle diýip gaýta-gaýta sorady. Hatda men şonda ol dyzyna çöker öýtdüm.

Ibnul-Hanzaliýýe ýene bir gün ýanymyza gelipdi. Şol gezegem Ebud-Derda oňa: «Bize peýdasy boljak, saňa zyýany degmejek bir zat aýt» diýdi. Ol hem Allanyň resulynyň (s.a.w) adyndan şuny gürrüň berdi:

Atyny ýörite jihad üçin seýisläp, ymykly ugruna seredýän kişi sadaka bermek üçin elini açyp, hiç ýapmaýan kişi ýalydyr.

Ibnul-Hanzaliýýe ýene bir gün ýanymyza geldi. Ebud-Derda bu saparam oňa: «Bize peýdasy boljak, saňa zyýany degmejek bir zat aýt» diýdi. Şonda Ibnul-Hanzaliýýe Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini gürrüň berdi: 

Hureým el-Useýdi örän ýagşy adam! Käşgä zülpleri bilen lybasynyň etegini uzaltmasady.

Resuly-Ekremiň (s.a.w) bu sözi Hureýmiň gulagyna baryp ýetdi. Onsoň ol haýal etmän päki bilen zülplerini gulagynyň ýumşaklygyna gelýän ýerinden aşagyny kesdi. Lybasynyňam etegini baldyryny örtäýjek derejede gysgaltdy.

Ibnul-Hanzaliýýe ýene bir gün bize geldi. Ebud-Derda oňa (bu gezegem): «Bize peýdasy boljak, saňa zyýany degmejek bir zat aýdyp ber» diýdi. Ol hem «Allanyň resulynyň (s.a.w) (sapardan dolanyp, şähere girilip barylýarka) şeýle diýenini eşitdim» diýdi:

Siz gardaşlaryňyzyň ýanyna dolanyp baranyňyzda, ulaglaryňyzyň ugruna seredişdirip, üsti-başyňyza serenjam beriň. Adamlaryň arasyndakaňyz ýüzdäki meň mysaly üns çekjek derejede görmegeý boluň. Çünki Alla erbet görnüşi, erbet sözi halaýan däldir. (Ebu Dawud, «Lybas» 25).

***

Muaz ibn Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim güýji ýetýän hem bolsa, kiçi göwünlilik edip, aňrybaş gowy lybaslary geýmese, Alla kyýamat güni ýaradan barlyklarynyň arasyndan ilki bilen ony huzuryna çagyrar we oňa iman ähline dahylly lybaslardan islänini saýlamaga ygtyýar berer. (Tirmizi, «Syfatul-kyýame» 39).

***

Amr ibn Şuaýb (r.a) kakasyndan, ol hem atasy Abdulla ibn Amrdan eşitmegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Alla eçilen nygmatynyň alamatlaryny bendesiniň egninde görende hoşnut bolýar. (Tirmizi, «Edeb» 54).

***

Omar ibn Hattab (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýüpekden lybasy ahyretde ondan nesibesi bolmadyklar geýer. Bu dünýäde ýüpek lybas geýen kişi ahyrete geýmez. (Buhary, «Edeb» 66; Muslim, «Lybas» 7).

***

Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bu dünýäde ýüpek lybas geýen kişi ahyrete ony geýmez. (Buhary, «Lybas» 25; Muslim, «Lybas» 11).

***

Hezreti Aly (r.a) gürrüň berýär:

Bir gezek Allanyň resulynyň (s.a.w) sag elinde ýüpek, sol elinde altyn saklap oturanyny gördüm. Ol (s.a.w) şonda şeýle diýdi: «Bu ikisi ymmatymyň erkekleri üçin haram edilendir». (Ebu Dawudy, «Lybas» 11).

***

Ebu Musa el-Eşary (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýüpek geýmek, altyn dakynmak ymmatymyň erkeklerine haramdyr, zenanlaryna bolsa halaldyr. (Tirmizi, «Lybas» 1).

***

Huzeýfe (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) altyn-kümüş gaplarda iýip-içmegi, ýüpek we atlaz matadan lybaslary geýmegi, şu iki mata bilen örtülen düşekçedir körpeçelerde oturmagy gadagan etdi. (Buhary, «Lybas» 27).

***

Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) täze geýim geýen wagty, (selle, köýnek, don bolsun, tapawudy ýok) şol zadyň adyny aýdyp, şeýle diýip dileg-doga ederdi:

«Allahümme lekel-hamdu ente kesewtenihi, es-elüke haýrahu we haýra ma: sunia lehu, ve euzu bike min şerrihi we şerri ma: sunia lehu (Eý, Allam! Bu täze lybasy maňa geýdireniň üçin Saňa hamdy-senalar bolsun. Senden ony haýyrly işlere wesile kylmagyňy, Seniň isleýşiň ýaly ulanmagy nesip etdirmegiňi dileýärin. Onuň şerinden we şer ýolunda ulanmakdan Saňa sygynýaryn!)» (Ebu Dawud, «Lybas» 1; Tirmizi, «Lybas» 28).

Uklamagyň edebi

Huzeýfe (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) gije uklamak üçin uzanan wagty, elini çekgesiniň aşagyna goýup, şu dogany okardy: «Allahumme bismike emutu we ahýa: (Eý, Allam! Seniň adyň bilen ölerin, Seniň adyň bilen direlerin!)»

Ukudan oýanan wagty hem şu dogany okardy: «Elhamdulillahillezi ahýana min ba-di ma ematena we ileýhin-nuşur (Bizi öldürenden soňra täzeden direltjek Alla hamd edýärin. Direltmek diňe Oňa mahsusdyr)». (Buhary, «Deawat» 7).

***

Jabir ibn Semura (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Pygamberimiz (s.a.w) ertir namazyny okandan soňra Gün mazaly dogýança aýbogdaşyny gurap oturardy (zikir, dileg-doga etmek ýaly zatlar bilen meşgul bolardy). (Ebu Dawud, «Edeb» 26). 

Köpçülikde özüňi alyp barmagyň edebi

Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Hiç biriňiz başga birini ýerinden turzup, onuň ýerine oturmasyn! Jaý darlyk edýän bolsa täze gelenler oturar ýaly şert dörediň, ýer açyň!

Şol sebäpli Ibn Omar (r.a) birisi ýerinden turup, oňa orun berse, oturmazdy. (Buhary, «Istizan» 31; Muslim, «Salam» 28).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim köpçülik ýerinde oturyp, şol ýerde bolan wagty biderek zatlaryň gürrüňini etse, şol ýerden gaýtmazdan öňünçä «Subhaneke Allahumme we bihamdike eşhedu ellä ilähe illä ente estagfiruke we etubu ileýke (Eý, Allam! Sen her hili nogsan sypatlardan päksiň! Saňa hamd aýdýaryn! Senden başga ylahyň ýokdugyna şaýatlyk edýärin! Senden bagyşlamagymy dileýärin. Toba edýärin!)» diýse, şol mejlisde eden hatalary bagyşlanar. (Tirmizi, «Deawat» 39).

***

Abdulla ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) köpçülik ýerinden gaýtjak bolanda, şu dogany okaman turmaz eken:

Eý, Allam! Bize günä etmegimize ýola bermeýän gorky ber. Bize jennetiňe alyp barjak etagatkärlik miýesser kyl! Dünýä musybatlaryny ýeňilleşdirjek iman ber! Eý, Allam! Ýaşan ömrümizde gulagymyzdan, gözlerimizden peýdalanmagy nesip eýle! Ölünçäk olaryň saglygyny ber! Nähak ýere bize zulum edenlerden arymyzy al! Duşmançylyk edýänlere gaýtawul bermäge ýardam et! Din musybatyna duçar etme! Iň uly myradymyz, aladamyz, bilen-bitenimiz bu dünýe bolmawersin! Rehimsiz kişileri başymyza musallat eýleme! (Tirmizi, «Deawat» 80).

Düýş hakynda

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kyýamat ýakynlanda müminiň gören düýşi ýalan çykmaz. Müminiň düýşi pygamberligiň kyrk alty böleginden biridir. Siziň iň dogry düýşi görýäniňiz iň dogry sözli bolanyňyzdyr. (Buhary, «Tabir» 26; Muslim, «Ruýa» 6).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

  Meni düýşünde gören kişi, edil şonuň ýaly oýalygynda hem görjekdir (meni edil oýa wagty gören ýalydyr). Sebäbi şeýtan meniň keşbime girip bilmez. (Buhary, «Ylym» 38, «Tabir» 10; Muslim, «Ruýa» 11). 

***

Ebu Katade (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Salyh (bir hadysa görä, oňyn) düýş Alladandyr, erbet düýş şeýtandandyr. Kimde-kim ýakymsyz düýş görse, sol tarapyna üç gezek üflesin we şeýtandan Alla sygynsyn. Şeýle etse, şol düýşden oňa zyýan gelmez. (Buhary, «Tabir» 4; Muslim, «Düýş» 1).

***

Wasile ibn Eska (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bir kişi özüni atasynyň däl-de başga biriniň zürýady hökmünde tanatmagy, görmedik düýşüni gören ýaly (ýalandan) gürrüň bermegi, Allanyň resulynyň (s.a.w) aýtmadyk zadyny «aýtdy» diýmegi iň uly töhmetlerdendir. (Buhary, «Menakyb» 5).