Salamlaşmagyň edebi
«Eý, iman getirenler! Özüňiziňki bolmadyk keseki öýlere rugsat soraman, eýelerine salam bermän girmäň!» («Nur» süresi, 24/27).
***
«Öýlere gireniňizde, özüňize (biri-biriňize) Allanyň tarapyndan mübärek we çyn (ýürek bilen) salam beriň!» («Nur» süresi, 24/27).
***
«Eger salamlaşmak üçin size salam berilse, siz ondan has gowy (edepli) görnüşde salam alyň ýa-da (berlen salama) deň derejede jogap beriň!» («Nisa» süresi, 4/86).
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleri gürrüň beriýär:
Bir adam Allanyň resulyndan (s.a.w): «Yslamyň haýsy amaly has gowy?» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şu jogaby berdi: «Nahar iýdirmek, tanaýan we tanamaýan kişileriňe salam bermek». (Buhary, «Iman» 6; Muslim, «Iman» 63).
***
Bera ibn Azyb (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) bize ýedi zady ýerine ýetirmegi buýurdy: hassanyň ýagdaýyny sorap barmak, jynaza namazyna gatnaşmak, asgyran adama «Ýerhamukella» diýmek, mazluma arka çykmak, salamy ýaýmak, ant içen kişä antyndan dänmezligi üçin ýardam bermek (Buhary, «Mezalim» 5; Muslim, «Lybas» 3).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Eger iman getirmeseňiz, jennete girmersiňiz. Biri-biriňizi söýmeseňiz, (kämil) imana ermersiňiz. Berjaý edilende biri-biriňizi söýmegiňize sebäp boljak bir amaly aýdaýynmy? Araňyzda salamy ýaýyň! (Muslim, «Iman» 93).
***
Abdulla ibn Selam (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Adamlar! Salamy ýaýyň, (adamlara) nahar iýdiriň, ýakynlaryňyza göz-gulak boluň, halk uklansoň gije namazyny okaň. Şeýdibem sag-aman jennete giriň! (Tirmizi, «Kyýamet» 42).
***
Imran ibn Husaýn (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Biri kişi pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna gelip, «Esselamu aleýkum» salam berdi. Pygamberimiz (s.a.w) onuň salamyny aldy. Gelen adam oturansoň, Allanyň resuly (s.a.w) sahabalara: «Bu kişi on sogap gazandy» diýdi. Yz ýanyndan ýene bir adam geldi we «Esselamu aleýkum we rahmetulla» diýip salam berdi. Pygamberimiz (s.a.w) gelen kişi bilen özi ýaly salamlaşdy. Ol adam oturansoň, (pygamberimiz (s.a.w) sahabalara): «(Bu adam) ýigirimi sogap gazandy» diýdi. Soňra ýene bir adam geldi we «Esselamu aleýkum werahmetullahi weberekatu» diýip salam berdi. Pygamberimiz (s.a.w) onuň bilen hem edil özi ýaly salamlaşdy. Gelen adam oturansoň, Allanyň resuly (s.a.w): «Bu kişi otuz sogap gazandy» diýdi. (Ebu Dawud, «Edeb» 132; Tirmizi, «Istizan» 2).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ulagly adam pyýada, pyýada oturana, azlyk köplüge salam berýändir. (Buhary, «Istizan» 5-7; Muslim, «Selam» 1).
Buharyda geçýän hadysda şu sözler hem goşulýar: «Ýaşkiçi ýaşula salam berýändir».
***
Usame (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekrem (s.a.w) musulmanlardan, butlara çokunýan müşriklerden, jöhitlerden ybarat köpçülige gabat gelende, salam berdi. (Buhary, «Istizan» 20; Muslim, «Jihad» 116).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Köpçülige baranyňyzda salam beriň. Köpçülikden gaýtjak bolanyňyzda-da salam berip çykyň. Gelen wagtyňyzdaky beren salamyňyz gaýdan wagtyňyzdaky beren salamyňyzdan has ýokary däldir. (Ebu Dawud, «Edeb» 139; Tirmizi, «Istizan» 15).
***
Ebu Musa el-Eşary (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
(Içeri girmek üçin) üç ýola rugsat soralmaly. Eger girmäge rugsat berilse, girmeli, ýogsam-da dolanmaly. (Buhary, «Istizan» 13; Muslim, «Edeb» 33).
***
Jabir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
«(Bir sapar) Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna geldim. Gapysyny kakdym. Içerden ol (s.a.w): «Kimsiň?» diýip seslendi. Men: «Men» diýdim. Resuly-Ekrem (s.a.w) meniň beýle diýmegimden hoşal bolmadyk bolmaly: «Men, men» diýip gaýtalady. (Buhary, «Istizan» 17; Muslim, «A:dab» 38).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanynda iki adam asgyrdy. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň birine «Ýerhamukella» diýdi, beýleki adama diýmedi. Özüne hiç zat diýilmedik kişi: «Oňa «Ýerhamukella» diýdiň, maňa näme üçin diýmediň?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w) oňa: «Ol «Älhamdulilla» diýdi. Sen bolsa diýmediň» diýdi. (Buhary, «Edeb» 127; Muslim, «Zühd» 53).
Musafaha etmek (Elleşmek)
Wera (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Iki musulman gabatlaşanda musafaha etseler (elleşmek, biri-birine ýagşy dileg etmek), heniz hoşlaşmankalar, günäleri bagyşlanar. (Ebu Dawud, «Edeb» 143).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir adam: «Allanyň resuly! Biziň birimiz gardaşy ýa-da dosty bilen gabatlaşanda hormat edip, onuň öňünde eglip bilermi?» diýip sorady. Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa: «Ýok» diýip jogap berdi. Ol adam bolsa: «Onda, ony gujaklap, öpüp bilermi?» diýip sorady. Resuly-Ekrem (s.a.w) «Ýok» diýip jogap berdi. Ol adam bolsa: «Elinden tutup, musafaha edip bilerinmi?» diýdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa: «Hawa, edip biler» diýdi. (Tirmizi, «Istizan» 31).
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Zeýd ibn Harise (r.a) Medinä gelipdi. Şol wagt Resuly-Ekrem (s.a.w) meniň öýümdedi. Zeýd göni öýe gelip, gapyny kakdy. Pygamberimiz (s.a.w) ýerinden turup, üst-başyny düzedişdirdi. Soňam ony gujaklady we öpdi. (Tirmizi, «Istizan» 32).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) agtygy Hasan ibn Alyny öpdi. Muny gören Akra ibn Habis şeýle diýdi: «Meniň on sany perzendim bar. Şu wagta deňiç olaryň hiçisinem öpmedim». Şonda Allanyň resuly (s.a.w) oňa garap, şeýle diýdi: «Merhemet etmeýäne merhemet edilmez». (Buhary, «Edeb» 18; Muslim, «Fedail» 65).
Hassa soramagyň edebi we jynaza bilen baglanyşykly düzgünler
Bera ibn Azyb (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) bize ýedi zady ýerine ýetirmegi buýurdy: hassanyň ýagdaýyny sorap barmak, jynaza namazyna gatnaşmak, asgyran adama «Ýerhamukella» diýmek, ant içen kişä antyndan dänmezligi üçin ýardam bermek, mazluma arka çykmak, çagyrylan ýere barmak we salamy ýaýmak. (Buhary, «Jenaiz» 2, «Mezalim» 5, «Nikah» 71 ; Muslim, «Lybas» 3).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly şeýle diýipdir:
Allatagala kyýamat güni şeýle diýer:
Eý, adamzat! Hassalandym, sen meniň halymy sorap gelmediň!»
Adamogly bolsa: «Eý, Rebbim! Sen Älemleriň Rebbi (ahyry)! Seniň ýanyňa nädip baryp bileýin?» diýer. Allatagala (şonda oňa şeýle jogap berer):
Pylany gulum hassa boldy. Sen onuň ýagdaýýyny soramaga barmadyň. Eger baran bolsadyň, Men onuň ýanyndadym.
(Haktagala sözüni şeýle dowam etdirer:)
Eý, adamogly! Bilýärmiň, senden garnymy doýurmagyňy isledim, emma sen muny etmediň.
Bendesi: «Eý, Rebbim! Sen Älemleriň Rebbi (ahyry)! Men Saňa nädip iýdireýin?» diýer.
Haktagala:
Pylany gulum senden iýer ýaly zat sorady, emma sen bermediň! Onuň garnyny doýran bolsadyň, Meniň huzurymda serpaýyňy alardyň – diýer.
(Haktagala ýene-de şeýle diýer:) Eý, adamogly! Senden içmek üçin suw diledim, bermediň!
(Şonda) bendesi (Haktagaladan şeýle diýip sorar):
Eý, Rebbim! Sen Älemleriň Rebbisiň! Men saňa nädip suw bereýin?
Allatagala:
Pylany gulum senden suw diledi, sen bermediň. Oňa suw beren bolsaň, sogabyny meniň berjegimi bilmeýärmidiň eýsem?! – diýer. (Muslim, «Birr» 43).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekreme (s.a.w) hyzmat edýän bir jöhit oglanjyk bardy. (Bir gün oglanjyk) hassalandy. Onsoň pygamberimiz (s.a.w) onuň halyny soramaga bardy. (Hassa ýatan) oglanjygyň başujunda oturyp, oňa: «Musulman bol!» diýdi. Oglanjyk şonda pikirini biljek bolýan ýaly kakasynyň ýüzüne seretdi. Kakasy-da: «Ebul-Kasymyň aýdanyny et!» diýdi. Oglanjygam musulman boldy. Resuly-Ekremem (s.a.w): «Şu bendäni dowzah odundan halas eden Alla hamdy-senalar bolsun!» diýip, daş çykdy. (Buhary, «Jenaiz» 80, «Merda» 11).
***
Enes (r.a) hezretleriniň talyby Sabit el-Bunaniýe (r.h) gürrüň berýär:
(Enes (r.a) hezretleri oňa): «Allanyň resulynyň (s.a.w) okan şypa dogasyny saňa aýdyp bereýinmi?» diýipdir. Sabit hem: «Hawa» diýipdir. Şonda Enes (r.a) hezretleri şu dogany okapdyr: «Eý, ynsanlaryň (her hili zerurlyklaryny berýän) Rebbi! Sen (derdime) şypa ber, çünki Senden başga şypa berýän ýok. Şeýle bir şypa ber, hassalykdan nyşan galmasyn». (Buhary, «Tyb» 38).
***
Osman ibn Ebil-As (r.a) hezretleri bedeninde duýýan agyry sebäpli Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanynda zeýrendi. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa şeýle nesihat etdi:
Eliňi bedeniň agyrýan ýerine goý we üç gezek «Bismilla», ýedi gezegem «Mendäki bu hassalygyň şerinden, geljekde täzeden döräp, ezýet bermeginden Allanyň yzzatyna we gudratyna sygynýaryn» diý! (Muslim, «Salam» 67).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim heniz sanalgasy dolmadyk hassanyň ýagdaýyny soramaga barsa we onuň ýanynda ýedi ýola: «Arşy-Azymyň Rebbi bolan Allahu-Azymuşşandan saňa şypa bermegini dileýärin» diýip dileg-doga etse, Alla şol hassany duçar bolan derdinden halas edip, saglyk berer. (Ebu Dawud, «Jenaiz» 8; Tirmizi, «Tyb» 32).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekrem (s.a.w) hassalyga uçran bir sähraýyny görmäge bardy. Oňa-da her gezek beýleki hassalaryň ýanyna baranda edýän ýagşy dilegini etdi: «Emgek bolup geçsin! Hassalygyň günäleriň ýuwulmagyna sebäp olar, enşalla!» (Buhary, «Merda» 10).
***
Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Jebraýyl (a.s) pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip, «Eý, Muhammet! Ýaraňokmy?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w): «Hawa» diýdi. Onsoň Jebraýyl (a.s) şeýle diýdi: «Bismilla» diýip, saňa rukýe (şypa dogasyny) okaýaryn, Alla saňa ezýet çekdirýän her zadyň ýa-da her hili görip gözüň şerinden gorasyn, şypa bersin. «Bismilla» diýip, saňa rukýe (şypa dogasyny) okaýaryn». (Muslim, «Selam» 40).
***
Äşe (r.anha) enemiziň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) oňa ýaplanyp, şeýle diýip doga eder eken:
(Eý,) Allam! Meni bagyşla! Maňa merhemet et! Meni Beýik Dostlugyňa ýetir! (Buhary, «Merda» 19; Muslim, «Selam» 46).
***
Ummi Seleme (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) Ebu Seleme amanadyny tabşyranda ýanyna bardy. Onuň açyk galan gözlerini ýapdy. Soňra-da şeýle diýdi:
Ruh çykýan wagty göz ony yzlar.
Şol pursat maşgala agzalarynyň käbiri perýat edip aglamaga başlady. Allanyň resuly (s.a.w) olara şuny diýdi:
Biri-biriňize haýyrdan başga zat diläp doga etmäň. Çünki perişdeler dilegiňize ämin diýýärler.
Soňam şeýle diýip doga etdi:
(Eý,) Allam! Ebu Selemäni bagyşla! Hidaýete erenleriň arasynda onuň mertebesini beýgelt! Yzynda galanlara Özüň eýeçilik et! Olary haýyrly kişiler eýle! Eý, Älemleriň Rebbi! Bizi-de, ony-da bagyşla! Gabryny giň eýle we nurlandyr! (Muslim, «Jenaiz» 7).
***
Ummi Seleme (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Gul nähilidir bir bela-betere duçar bolanda «Biz Allanyňky, wagty gelende, elbetde, Oňa dolanarys! (Eý,) Allam! Başyma gelen bu musybat üçin sogap bereweri we onuň geçip gitmegi bilen meniň üçin has haýyrly bolany eçileweri» diýip dileg etse, Allanyň onuň dogasyny kabul eder.
Ummu Seleme (r.anha) bu hadysy gürrüň berenden soňra şeýle diýýär: «Ärim Ebu Seleme dünýesini täzelände Allanyň resulynyň (s.a.w) aýdan şol dogasyny okadym. Alla meniň dogamy kabul edip, Ebu Selemeden haýyrlysyny, ýagny Allanyň resulyny (s.a.w) ýanýoldaş eýledi. (Muslim, «Jenaiz» 4).