Niýet we yhlas
«(Aslynda), olara yhlas bilen ýalňyz Onuň dinini kabul edýän hanyflar (hak dine uýýanlar) bolup, Alla ybadat etmekleri, namazy berjaý etmekleri we zekat bermekleri emir edilipdi. Ine, berk (dogry) din budur». («Beýýine» süresi, 98/5).
«Hiç haçan bu gurbanlyklaryň etleri we ganlary Alla gowuşmaz. Oňa diňe siziň takwalygyňyz gelip ýeter». («Haj» süresi, 22/37)
(Eý, Muhammet!) Aýt: «Siz gursagyňyzdakylary (ýüregiňizdäkileri) gizleseňiz-de, daşyna çykarsaňyz-da, Alla ony bilýändir. Ol asmanlardaky we ýerdäki zatlary hem bilýändir. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir». («A:li-Ymran» süresi, 3/29).
***
Müminleriň emiri Omar ibn Hattab (r.a): «Allanyň resulynyň (s.a.w.) şeýle diýenini eşitdim» diýdi:
«Amallaryň gymmaty niýetlere görä kesgitlener. Kim näme islese, şoňa hem gowşar. Kimde-kim Allanyň we resulynyň razylygyny gazanmak maksady bilen bir ýerden başga ýere hijret etse, (musulmançylygyň gadagan edilen ýerinden musulmançylyga rugsat berilýän ýere göçse), ol Allanyň we resulynyň razylygyny gazanmak niýeti bilen hijret etdi hasaplanar we şoňa görä hem sogap gazanar. Kimde-kim dünýä malyny gazanmak ýa-da öýlenjek zenanyna gowuşmak üçin bir ýerden başga bir ýere hijret etse, onuň hem hijretiniň gymmaty şoňa görä kesgitlener».[1]
***
Müminleriň enesi Äşäniň (r.anha) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Bir goşun Käbäni basyp almak üçin ýola çykar. Çolaryp ýatan ýere ýetende, şol goşuny tutuşlygyna ýer ýuwdar».
Hezreti Äşe: «Şol wagt men ondan (s.a.w):
– Eý, Allanyň resuly! Olaryň arasynda erbet niýeti bolmadyk ýa-da diňe söwda etmek maksady bilen gelenleri hem ýer ýuwdarmy? – diýip soranymda, Allanyň resuly (s.a.w):
– Hawa, hemmesini ýer hopar. Ýöne ahyretde täzeden direlensoňlar her kim niýetine görä hasap berer[2] – diýdi».
***
Hezreti Äşäniň (radiallahu anha) aýtmagyna görä, pygamber sallallahu aleýhi wesallam şeýle diýipdir:
– Mekgäniň fethinden (eýelemek) soňra hijret bolmaz, ýöne jihat(Allanyň adyny bütin dünýä ýaýmak we Alla barýan ýollary arçamak ugrunda tagalla etmek) we (jihada) niýet bolar. Alla ýolunda jihada çagyrylan wagtyňyz, eglenmäň![3]
***
Ebu Abdulla Jabir ibn Abdulla el-Ensary (r.a) gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) bilen bir söweşe gatnaşypdym. Şonda ol şeýle diýdi:
Söweşe gidesi gelip, gidibilmän Medinede galan şeýle kimseler bar welin, olar siziň bilen birlikde söken ýoluňyzy söken ýaly, geçen jülgäňizi geçen ýaly hasaplanar. Sebäbi olar näsag bolup galanlardyr.
Başga bir hadysa görä şeýle diýipdir:
– Olar siziň gazanan sogabyňyza deň şärikdir.[4]
***
Enes (r.a) gürrüň berýär:
– Tebük söweşinden dolanyp gelýärkäk, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi:
– Bize goşulyp bilmän, yzda – Medinede galan şeýle kimseler bar welin, bir dag ýolundan ýa-da bir jülgeden ýöräp geçenimizde (nähili sogap gazanýan bolsak), olar hem biziň bilen ýöräp barýan dek deň sogap gazanarlar. Çünki olaryň siziň araňyza goşulyp bilmändiginiň esasly sebäbi bardyr.[5]
***
Ebu Ýezid Man ibni Ýezid Ibni Ahnes (r.a) (Manyň özi hem, kakasy Ýezid hem, atasy Ahnes hem sahabadyr) gürrüň berýär:
– Kakam Ýezid sadaka bermek üçin ýany bilen birki dinar aldy-da, Mesjidi-Nebewä bardy. Puly şol ýerde oturan biriniň golaýynda goýdy hem welin, men baryp, şol pullary aldym. Soňra kakama baryp aýtdym. Şonda kakam maňa:
– Alla şaýatdyr, men olary sen alarsyň diýip, (o taýda) goýmandym – diýensoň, men Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna bardym we bolan zady bolşy ýaly aýdyp berdim. Şonda hezreti Pygamber (sallallahu aleýhi wesellem ) şeýle diýdi:
– Ýezid! Sen niýetiňdäki sadaka sogabyny gazandyň. Man! Alan pullaryň hem seniňki.[6]
***
Jennet bilen buşlanan on sahabanyň birisi bolan Ebu Ishak Sad Ebu Wakkas (r.a) gürrüň berýär:
«Weda hajynyň» bolan ýyly (Mekgede) agyr kesele ýolukdym. Şonda Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellem halymdan habar almaga geldi. Şonda men ondan:
Eý, Allanyň resuly! Görşüň ýaly, ýolugan derdim agyr. Men barly adam. Ýeke gyzymdan başga mirasdarym ýok. Emlägimiň üçden iki bölegini sadaka hökmünde garyp-gasara paýlaýynmy? – diýip soradym.
Hezreti Pygamber (s.a.w):
Ýok (beýtme) – diýdi. Men:
Ýarysyny paýlaýynmy? – diýdim. Ol ýene-de:
Ýok – diýdi. Onsoň men ondan:
Eýsem, üçden birisine näme diýýärsiň? – diýip soradym. Şonda ol:
Üçden birisini paýla! Dogrusy, ol hem kän bolýar. (Yzyňdakylary) hiç zatsyz, halka elgarama edip gideniňden, mirasyňy goýup, barly edip gideniň haýyrlydyr. Allanyň razylygy üçin bir zat eden bolsaň, hatda ýanýoldaşyňa agzyna tutup beren lukmaňa deňiç eden her bir ýagşylygyň sogapsyz galdyrylmaz – diýdi.
Sad ibni Wakkas sözüni şeýle dowam etdirdi:
Eý, Allanyň resuly! Egindeşlerim gidip, men bärde galýarynmy (bu ýerde ölýärinmi)? – diýip soradym. Pygamberimiz (s.a.w):
Ýok, sen bärde galmaýarsyň. Allanyň razylygy üçin haýyrly işler edip, belent mertebelere ýetýärsiň. Enşalla, seniň ömrüň uzak bolar, kimlere (müminlere) peýda, kimlere (kapyrlara) zyýan getirersiň.
Eý, Rebbim! Ashabymyň (Mekgeden Medinä) hijretini tamam kyl! Olary yzlaryna dolap, hijretlerini ýarym eýleme! Sad ibn Hawle agyr ýagdaýda ýatyr!
(Allanyň resuly (s.a.w) bu sözler bilen Sad ibni Hawle Mekgede aradan çykar öýdüp, oňa gynanjyny bildirýärdi.)[7]
***
Ebu Hüreýre Abdurrahman ibni Sahryň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Allatagala siziň bedeniňize ýa-da ýüzüňize däl, (eýsem) kalbyňyza sereder.[8]
***
Ebu Musa Abdulla Ibni Kaýs el-Eşary (r.a) gürrüň berýär:
Bir gezek Allanyň resulyna (a.s.m) «Birisi gujur-gaýratyny görkezmek (niýeti bilen), ýene birisi milletini goramak (maksady bilen), ýene birisi bolsa mert adam diýdirmek üçin söweşýär. Bularyň haýsysy Allanyň ýolunda boldugy bolýar?» diýip sowal berdiler. Şonda Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesallam şu jogaby berdi:
«Kimde-kim Yslamyýetiň (towhyd kelemesiniň) şanyny belende götermek üçin söweşýän bolsa, (ana) şol kişi (hem) Allanyň ýolundadyr».[9]
***
Ebu Bekre Nüfeý ibni Haris es-Sekafi (r.a) gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Iki musulman bir-biri bilen gylyçlaşsa, (munda) öldürenem, ölenem dowzahydyr». Şonda men:
«Eý, Allanyň resuly! Öldüreniň ýagdaýy belli, emma ölen näme üçin dowzahy bolýar? – diýip soradym. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýip jogap berdi:
«Çünkü ol (hem) gardaşyny öldürmegi ýüregine düwüpdi».[10]
***
Ebu Hüreýre (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Bir kişiniň metjitde jemagat bolup okan namazy iş ýerinde we öýünde okan namazyndan ýigrimi esse dagy sogaplydyr. Şunlukda bir kişi birkemsiz tärät alyp, soň hem başga niýet bilen däl-de, diňe namaz okamak niýeti bilen metjide gitse, tä metjide gelip girýänçä her äden ädiminde bir mertebe beýgeler we bir günäsi bagyşlanar. Metjidiň içine girip, namaz okamak niýeti bilen şol taýda geçiren pursatlary üçin edil namaz okaýan deý sogap ýazylar. Tärätini bozmasa, hiç kime (sözi ýa-da hereketi bilen) zyýany degmese, tä namaz okan ýerinden gaýdýança perişdeler: «(Eý,) Allam! Oňa merhamet et! «(Eý,) Allam! Ony bagyşla! (Eý,) Allam! Onuň tobasyny kabul et!» diýip, onuň üçin dileg-doga ederler».[11]
***
Ebul-Abbas Abdulla ibni Abbas ibni Abdulmuttalibiň (r.a) habar bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) Allatagalanyň şeýle diýenini (kudsi hadys) aýdypdyr:
Allatagala gowulyklar bilen erbetlikleri belli edip, kesgitläninden soňra, olar babatda şeýle düşündiriş berdi:
Kimde-kim nähilidir bir gowulyk etmegi ýüregine düwse, ýöne edip bilmese, Haktagala şol gowulygy bolmalysy ýaly eden hökmünde sogap ýazar. Eger-de kimde-kim bir gowy iş etmegi ýüregine düwse we etse, Haktagala eden şol bir gowy amaly üçin on sogap ýazar, käte onuň sogabyny ýedi ýüz esse, hatda ondan hem kän-kän artdyryp ýazar. Kimde-kim nähilidir bir erbet iş etmegi niýet etse, ýöne bu pälinden el çekse, Haktagala oňa edil bolmalysy ýaly bir gowulyk eden dek sogap ýazar. Eger-de kim bir erbet iş etmegi ýüregine düwse we etse, Haktagala oňa diňe bir günä etdi diýip ýazar.[12]
[1] Buhary, «Bedul-wahyý» 1; Muslim, «Imaret» 155.
[2] Buhary, «Haj» 49; Muslim, «Fiten» 4/8.
[3]Buhary,«Menakibul-ensar» 45, «Jihad» 1, 27, 184; Muslim, «Haj» 445, «Imaret» 85; Tirmizi, «Siýer» 32; Nesai, «Beýat» 15.
[4] Muslim, «Imare» 159.
[5]Buhary, «Megazy» 81, «Jihad» 35. Şeýle hem ser: Ebu Dawud, «Jihad» 19; Ibni Maje, «Jihad» 6.
[6]Buhary, «Zekat» 15. Şeýle hem, ser: Darimi, «Zekat» 14; Ahmed ibni Hanbel, Musned, III, 470.
[7] Buhari, «Jenaiz» 36, «Wesaýa» 2, «Nefekat» 1, «Merda» 16, «Daawat» 43, «Feraiz» 6; Müslim, «Wasiýýet» 5. Şeýle hem, ser. Ebu Dawud, «Feraiz» 3; Tirmizi, «Wesaýa» 1; Nesai, «Wesaýa» 3; Ibni Maje, «Wesaýa» 5.
[8] Müslim, «Birr» 33. Şeýle hem ser. Ibni Maje, «Zühd» 9.
[9] Buhary, «Ylym» 45, «Jihad», 15, «Farzul-humüs» 10, «Towhyd» 28; Müslim, «Imare» 150, şeýle hem, ser. Tirmizi, «Fezailül-jihad» 16; Nesai, «Jihad» 21; Ibni Maje, «Jihad» 13.
[10] Buhary, «Iman» 22, «Diýat» 2, «Fiten» 10; Müslim, «Kasame» 33, «Fiten» 14, 15. Şeýle hem ser.. Ebu Dawud, «Fiten» 5; Nesai, «Tahrim» 29, «Kasame» 7; Ibni Maje, «Fiten» 11.
[11] Buhary, «Salat» 87, «Azan» 30, «Büýi» 49; Müslim, «Taharet» 12, «Mesajid» 272. Ýene-de ser. Ebu Dawud, «Salat» 48; Ibni Maje, «Taharet» 6, «Mesajid» 14.
[12] Buhary, «Rikak» 31; Muslim, «Iman» 207, 259. Şeýle hem ser. Buhary, «Towhyd» 35; Tirmizi, «Tefsiri-sure» (6),10.