Ryýazus-Salyhyn 20

***

Ebu Musa (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

          Alla bendesiniň balasy aýrylanda, perişdelere şeýle diýer: «Gulumyň perzendiniň ruhuny aldyňyzmy?» Perişdeler: «Hawa» diýip, jogap bererler. Alla: «Diýmek onuň jigerbendini söküp aldyňyz-da?» diýer. Perişdeler: «Hawa» diýer. Haktagala: «Ýeri onsoň, gulum näme etdi?» diýer.Perişdeler: «Saňa hamd etdi, «Biz Allanyňky, wagty gelip, elbetde, Oňa dolanarys» diýdi» diýerler. Onsoň Allatagala: «Onuň ýaly bolsa gulum üçin jennetde bir köşk galdyryň. Adyna-da «Beýtul-Hamd (Hamd köşki)» goýuň – diýer. (Tirmizi, «Jenaiz» 36).

  ***

Ibn Omar (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) Abdurrahman ibn Awf, Sad ibn Ebi Wakkas we Abdulla ibn Mesud (r. anhum) dagy bolup, hassalyga ýolugan Sad ibn Ubadeniň halyny soramaga bardylar. Pygamberimiz (s.a.w) Sady görüp aglady. Onuň (s.a.w) aglanyny görüp, ýanyndaky oturanlar hem gözýaşyny saklap bilmedi. Şeýle bolansoň Allanyň resuly (s.a.w): «Şuny unutmaň, Alla gözýaş döküleni, ýürekleriň gyýlany üçin azap bermez. Ýöne ynha, şundan ötri azap berer ýa-da merhemet eder» diýdi we dilini görkezdi. (Buhary, «Jenaiz» 44: Muslim, «Jenaiz» 12).

***

Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) jan berjek bolup ýatan ogly Ybraýymyň ýanyna girenden, gözünden ýaş akmaga başlady. Şonda Abdurrahman ibn Awf: «Eý, Allanyň resuly! Sizem aglaýarsyňyzmy?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w) oňa: «Eý, Ibn Awf! Bu görýän gözşýaşlaryň rahmetden, merhemetden habar berýän alamatlardyr» diýdi. Yzyndanam şeýle diýdi: «Göz ýaşarar, köňül gyýlar, emma biz diňe Rebbimiziň razy boljak sözleri sözläris. Ybraýym! Seni ýitirendigimize gaty gynanýarys». (Buhary, «Jenaiz» 43; Muslim, «Fadail» 62).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim çyn ýürekden ynanyp, sogabyny diňe Alladan garaşyp, bir musulmanyň jynaza namazyna gatnaşsa, tä depin edilýänçä, gaýtmasa, hersiniň agyrlygy Uhud dagyna barabar iki sogap bilen yzyna dolanar. Kimde-kim diňe jynaza namazyna gatnaşyp, gölegçi gitmese, bir sogap bilen dolanar. (Buhary, «Iman» 35).

***

Ummi Atyýýe (r.anha) gürrüň berýär:

Biz zenanlara ölini jaýlamaga gatnaşmak gadagan edildi. Ýöne munuň haramlygy gutarnykly bildirilmedi.  (Buhary, «Jenaiz» 29; Muslim, «Jenaiz» 34).

***

Ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

 Bir musulman dünýeden gaýtsa, onuň jynaza namazyna Alla şirk goşmadyk kyrk kişi gatnaşsa, Alla olaryň merhum üçin eden dogasyny kabul eder. (Muslim, «Jenaiz» 59).

***

Awf ibn Malik (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) (bir gezek) jynaza namazyny okatdy. Yzyndanam şeýle diýip doga etdi:

«Eý, Allam! Ony bagyşla. Oňa merhemet et. Onuň günäsini öt! Jennetiňi nesip et! Gabryny giňelt! Ony suw bilen, gar bilen, buz bilen ýuw! Ak lybaslaryň kir-kimirden tämizlenişi ýaly, ony günälerden tämizle! Oňa bu dünýädäki öýünden has gowy öý, maşgalasyndan has haýyrly maşgala, ýanýoldaşyndan has haýyrly ýoldaş ber! Ony jennetiňe al! Gabyr we dowzah azabyndan gora!»

Awf ibn Malik (r.a) sözüni şeýle dowam etdirýär:

Bu ýagşy dilegi eşidenimde: «Käşge ölen kişi men bolsadym» diýdim. (Muslim, «Jenaiz» 85).

   ***

Ebu Hureýre, Ebu Katade hem-de Ebu Ybraýym el-Eşheliniň sahaba bolan kakasynyň (r.anhum) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) biriniň jynaza namazyny okadansoň, şeýle diýip doga edipdir:

Eý, Allam! Ýaşap ýörenlerimizi we ölenlerimizi, kiçilerimizi we ulularymyzy, erkeklerimizi we zenanlarymyzy, şu ýerde bolanlary we bolmadyklary bagyşla!

Eý, Allam! Ýaşamagyny islänleriňi yslam dinine görä ýaşadaweri! Ölmegini islänleriňi huzuryňa iman bilen alaweri. Bizi bu jynaza ýerinde bolmagyň sogabyndan mahrum etmäweri, soňra-da bizi biri-birimiz bilen synamaweri! (Tirmizi, «Jemaiz» 38; Ebu Dawud, «Jenaiz» 56).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ölini jaýlamaga howlugyň. Eger ol salyh gul bolsa, ony derhal haýra we sogaba gowuşdyrarsyňyz. (Näçe tiz depin edilse), bu onuň üçinem haýyrlydyr. Eger ol şeýle kişi däl bolsa, (tizden-tiz depin etseňiz) egniňizdäki şerden dynarsyňyz. (Buhary, «Jenaiz» 51; Muslim, «Jenaiz» 50).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Müminiň ruhy tä bergisi üzülýänçä, bagly durar. (Tirmizi, «Jenaiz» 74).

Düşündiriş: bergili bolup ölen müminiň ruhy tä bergisi üzülýänçä, gowulykdaky paýyna gowuşmaz.

***

Osman ibn Affan (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Resuly-Ekrem (s.a.w) öli jaýlanandan soňra, onuň gabrynyň başynda durup, şeýle diýdi:

Gardaşyňyzyň bagyşlanmagyny, (oňa imanynyň hemra bolmagyny) diläň! Çünki ol şu pille soraga çekilýär. (Ebu Dawud, «Jenaiz» 69).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Adam ölenden soňra, amaly kesilýär (amal depderi ýapylýar). Diňe üç amaly dowam edýär: sadakaýy-jariýe (dowamly haýra sebäp bolan, öleniňden soňra-da sogaby dowam edýän sadaka), ondan öwrenilen peýdaly ylym, yzyndan dileg-doga edýän haýyrly perzent. (Muslim, «Wasyýýet» 14).

***

Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) birnäçe sahabasy bilen durka, gölegçiler bir merhumy göterip geçip gitdiler. Şonda şol ýerdäki adamlar öleni ýagşylykda ýatladylar. Allanyň resuly (s.a.w): «Wajyp boldy (Belli boldy)» diýdi. Soňra ýene bir merhumy göterip geçip gitdiler. Sahabalar bu gezek alnyp geçileni erbetlikde ýatladylar. Pygamberimiz (s.a.w) ýene-de: «Wajyp boldy» diýdi. Muny eşiden hezreti Omar (r.a): «Eý, Allanyň resuly! Wajyp bolan zat nämedir?» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şu jogaby berdi: «Owalky geçeni ýagşylykda ýatladyňyz: oňa jennet wajyp boldy. Soňkyny bolsa ýamanlykda ýatladyňyz: oňa-da jähennem wajyp boldy. Çünki siz müminler Allanyň Ýer ýüzündäki şaýatlarysyňyz». (Buhary, «Jenaiz» 86, «Şehadat» 6; Muslim, «Jenaiz» 60).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bir musulmanyň üç perzendi (bulug ýaşyna ýetmän) dünýeden ötse, Allanyň ähtini ykrar edýän gysga wagt aralykdan başga şol kişä jähennem ataşy degmez. (Buhary, «Jenaiz» 6, «Eýman» 9; Muslim, «Birr» 150).

Düşündiriş: hadysda beýan edilýän «Allanyň ähtini ykrar edýän gysga wagt aralyk» jümlesinden «Siziň içiňizden şol ýere (dowzahyň görnüp duran ýeri bolan syrat köprüsine) barmajak ýokdur. Bu seniň Rebbiň gutarnykly hökümidir» («Merýem» süresi, 19/71) aýaty göz öňünde tutulýar. Müminleriň jähenneme barmagy gaty çalt üstünden geçip gitmek ýa-da Ybraýym pygambere (a.s) oduň salkyn bolan görnüşinde amala aşar. Bu hem örän tiz wagtyň içinde bolup geçjekdir.

***

Ibn Omar (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) Semud kowmunyň ýaşap geçen diýary bolan Hijr diýen ýere baranda, sahabalaryna şeýle duýduryş berdi:

Azaba duçar bolan bu milletiň ýurduna diňe aglap giriň, bolmasa-da girmäň. Ýogsam, olaryň başyna gelen bela siziňem başyňyza geläýmesin. (Buhary, «Enbiýa» 17, «Tefsiru sure» 15/2, «Megazy» 80; Muslim, «Zühd» 38).

Düşündiriş: heläk bolan jemgyýetlerden galan harabalyklar şeýtanyň mekanyna öwrülen bolmagy mümkin. Melgun şol ýere barýanlaryň başyna musallat bolmak ähtimaly bar. Hem şeýtanyň hem-de heläk edilenleriň şerinden goranmak üçin Alla sygynmak, hemaýat etmegini dilemek gerek.