Ryýazus-Salyhyn 21

Ýolagçylyk bilen baglanyşykly ýagdaýlar

Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýeke özi ýolagçylyga çykan kişi bir şeýtandyr. Iki kişi bolup ýolagçylyga çykanlar iki şeýtandyr. Üç kişi bolup ýolagçylyga çykanlar bolsa, bir jemagatdyr (şeýtan olara zeper ýetirip bilmez). (Ebu Dawud, «Jihad» 79; Tirmizi, «Jihad» 4).

Düşündiriş: hadysda şeýtanyň ynsana erbet zady oňat edip görkezmek gylygy bardygy sebäpli, ýeke başyna ýa-da iki kişi bolup ýolagçylyga çykanlaryň howp-hatardan halas däldigi aýdylýar.

***

Ebu Said we Ebu Hureýre (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Üç bolup ýolagçylyga çykylanda, aralaryndan birini baştutan saýlasynlar. (Ebu Dawud, «Jihad» 80).

***

Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Gije ýola çykyň! Gije ýol gysgalar (ýol geçmek aňsat bolýar). (Ebu Dawud, «Jihad» 57).

***

Ebu Salebe el-Huşeni (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

 Öňler sahabalar ýolagçylyga çykyp, bir ýerde düşlänlerinde daglyk ýerlere, jülge boýlaryna dargaşyp, biri-birinden pytraňňy ýagdaýda goş ýazdyrardylar. Allanyň resuly (s.a.w): «Siziň beýdip dag ýollaryna, jülge boýlaryna dargamagyňyz şeýtandandyr» diýip duýduryş berdi. Şondan soňra olar hiç ýere dagaman, hemmesi bir ýerde düşläp ugradylar. (Ebu Dawud, «Jihad» 88).

 ***

«Ridwan ähtleşmesine» gatnaşan Ibnul-Hanzaliýýe ady bilen tanalýan Sehl ibni Amr (başgaça, Sehl ibn Rebyý ibni Amr el-Ensary) (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) (ugruna seredilmänligi sebäpli) hor düşen düýäni görüp, şeýle diýdi: «Geplemäni bilmeýän şu jandardan ötri Alladan gorkuň! Idegi ýetik wagty münüň we idegi ýetikkä soýup iýiň!» (Ebu Dawud, «Jihad» 44).

***

Abdulla ibn Jafer (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Bir gezek Allanyň resuly (s.a.w) meni hopbalap arkasyna aldy. Şonda onuň hiç kime aýtmadyk bir syryna şaýat boldum. Allanyň resuly (s.a.w) aýak ýoluna gitmeli bolanda, köplenç, gözden uzak gum depelerini, hurmalyk ýaly buky ýerleri peýlärdi. (Şol gezek hem) ensardan biriniň baglygyna girdi. Ol ýerde bir düýä bar eken. Jandar Resuly-Ekremi (s.a.w) görüp bozlap, gözlerinden ýaş dökdi. Pygamberimiz (s.a.w) düýäniň ýanyna baryp, onuň örküjini we gulaklarynyň arkasyny sypalaşdyrdy. Onsoň düýe köşeşdi. Soňra Resuly-Ekrem (s.a.w): «Bu düýäniň eýesi kim? Bu düýe kimiňki?» diýip sorady. Düýäniň eýesi ensardan bir ýaş ýigit eken. Ol: «Meniňki, eý, Allanyň resuly!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şeýle diýdi: «Allanyň saňa amanat beren jandary sebäpli Alladan gorkaňokmy? Janawer maňa seniň ony aç saklaýandygyňy we örän  ýadadýandygyňy aýdýar!» (Ebu Dawud, «Jihad» 44). 

***

Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Biz Resuly-Ekrem (s.a.w) bilen ýolagçylyga çykypdyk. Şonda bir adam azygy gutaran bolarly sagyna-soluna garanjaklap ugrady. Muny gören Allanyň resuly (s.a.w): «Artykmaç ulagy, azygy barlar, bolmadyklara bersin!»diýip, paýlaşylmaly zatlary birin-birin sanap çykdy. Şonda ýanymyzdaky hiç bir emlägiň artykmajynyň bize degişli bolmaýandyr öýtmäge başladyk. (Muslim, «Lukata» 18).

***

Jabir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) ýörişe çykjak bolanymyzda şeýle diýdi: «Eý, muhajirler! Eý, ensar! Mal-emlagi, garyndaşy bolmadyklar bar. Her haýsyňyz olaryň iki-üçüsini ýanyňyza alyň!»

Jabir sözüni şeýle dowam edýär: «Aslynda özümiziňem diňe ýekeje kişi bilen gezekleşip münüp biljek düýämiz bardy. Ýöne men ýanyma iki (ýa-da üç) kişini aldym. Menem olar bilen deň hatarda düýäme gezekleşip mündüm». (Ebu Dawud, «Jihad» 34).

***

Ibn Omar (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allany resuly (s.a.w) ýola çykanda, ulagyna jaýlaşykly oturandan soňra üç ýola tekbir («Allahu ekber») getirip, şu dogany okardy:

Muny (ulagy) biziň hyzmatymyza beren Allanyň şany belentdir, nogsan sypatlardan päkdir. Ol lutf etmese, biziň muňa güýjümiz ýetmezdi. Elbetde, iň soňunda Oňa dolanarys.

Eý, Allam! Bu ýolagçylygyň dowamynda bize gowulyk, takwalyk bereweri, şeýle hem seniň hoşnut boljagyň amallary işlemegi nesip edeweri!

Eý, Allam! Ýolagçylygymyzy asan, uzak ýolumyzy ýakyn eýle!

Eý, Allam! Ýolagçylygymyzda ýoldaşymyz Sensiň, arkamyzda galan çaga-çugalarymyzyň gözegçisi Sensiň!

    Eý, Allam! Ýolagçylygyň kynçylygyndan, gynandyryjy ýadaýa duçar bolmakdan, yzymyza dolanyp gelenimizde çaga-çugalarymyzy erbet ýagdaýda görmekden Saňa sygynýarys!

Hadysyň rawysy Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) sapardan dolanyp gelensoň, eden bu dogasynyň yzyna şulary goşardy:

Biz sapara gidip, dolanyp gelen, tobakär, gullugyny berjaý edýän, Rebbine hamd aýdýan kişilerdiris. (Muslim, «Haj» 425).

***

Tabygyndan Ali ibn Rabiýa gürrüň berýär:

Hezreti Alynyň (r.a) ýanyndadym. Oňa bir ulag getirdiler. Aýagyny onuň üzeňňisine basan wagty «Bismilla» diýdi. Ulaga ornaşykly oturansoňam şeýle diýdi: «Muny biziň hyzmatymyza beren Alla hamd bolsun! Ol lutf etmese, muňa güýjümiz ýetmezdi. Elbetde, biz ahyry Rebbimize dolanyp bararys!»

Soňra-da üç ýola «Älhamdulilla», üç ýola «Allahu Ekber» diýdi. Soňra-da şeýle diýdi: «Eý, Rebbim! Sen Subhansyň, bütin nogsan sypatlardan päksiň. Men özüme zulum etdim (men ýazykly), meni bagyşla! Säbibi Senden başga bagyşlaýjy ýokdur!»

Şeýle diýibem çalaja ýylgyrdy. Şondan ondan: «Eý, müminleriň emiri! Näme üçin ýylgyrdyňyz?» diýip soradylar. Ol sowalyma şu jogaby berdi: «Pygamberimiz (s.a.w) edil meniň şu ýylgyryşym ýaly ýylgyranda, ondan (s.a.w) «Name üçin ýylgyrýarsyňyz, eý, Allanyň resuly?» diýip sorapdym. Ol hem şeýle diýipdi: «Subhan bolan Rebbiň özünden başga günäleri bagyşlaýjynyň ýokdugyny bilýän we «Günälerimi bagyşla» diýip doga edýän gulundan hoşnut bolýandyr». (Ebu Dawud, «Jihad» 74; Tirmizi, «Deawat» 46).

***

Ibn Omar (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Pygamberimiz (s.a.w) haj ýa-da umra baryp gelýärkä, bir depeden aşak inen ýa-da depä çykan wagty üç ýola «Allahu Ekber» diýerdi we şu dogany okardy:

Alladan başga ylah ýokdur. Ol ýekedir, şärigi ýokdur. Mülk Onuňkydyr, hamd Oňa mahsusdyr. Onuň her zada güýji ýetýändir. Biz sapara gidip, yza dolanyp gelen, toba edýän, (Eýesine) gulluk edýän, sežde edýän we Rebbine hamd aýdýan bendelerdiris. Alla wadasynda durdy. Gullaryna ýardam berdi. Duşman toparlaryny çym-pytrak etdi. (Buhary, «Jihad» 158; Muslim, «Haj» 428).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Üç kişiniň eden dogasynyň kabul boljagyna hiç şübhe ýokdur: mazlumyň (ezýet edilýän) dogasy, mysafyryň (myhman) dogasy, atanyň perzendine edýän dogasy. (Ebu Dawud, «Witr» 29; Tirmizi, «Birr» 7, «Deawat» 47).

 ***

Ebu Musa el-Eşary (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) haýsydyr bir ynsan toparynyň zyýan ýetirerinden çekinen wagty şeýle diýip doga edipdir:

Eý, Allam! Olaryň öňüni kesmegiňi isleýäris. Olaryň bize berjek zyýanyndan Saňa sygynýarys! (Ebu Dawud, «Witr» 30).

***

Hawle bint Haki:m (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

 Kimde-kim bir ýerde düşländen soňra «Ýaradylan zatlaryň şerinden Allanyň kämil sözlerine sygynýaryn» diýse, tä şol ýerden gaýdýança, oňa hiç bir zatdan zeper ýetmez. (Muslim, «Zikr» 54).

***

Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) ýolagçylykda wagty gije düşlände, şu dogany okapdyr:

Eý, Arz (Ýer)! Meniňem, seniňem Rebbimiz Alladyr! Senden we seniň içiňde bar bolan barlyklaryň şerinden, sende ýaradylanlaryň we üstüňde gezip ýörenleriň şerinden Alla sygynýaryn! Ýolbarsyň, uly we beýleki ýylanlaryň, möýüň şerinden, bu ýerleri mesgen edinen, dogran we doglan bütin mahluklaryň erbetliklerinden Alla sygynýaryn! (Ebu Dawud, «Jihad» 75).

  ***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýolagçylyk azapdan bir parçadyr (azabyň bir görnüşidir). (Sapar wagty) adam şekilli iýip-içip, uklap bolýan däldir. Şonuň üçin baran ýeriňizdäki işiňiz bitenden soňra haýal etmän, maşgalaňyzyň arasyna dolanmak bilen boluň! (Buhary, «Jihad» 136; Muslim, «Imare» 179).

***

Jabir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Uzyn müddet maşgalasyndan üzňe galan kişi gijäniň bir wagty öýüne duýdansyz (habar bermän) girmesin!

Başga bir hadysda bolsa Jabir (r.a) şeýle diýýär:

Allanyň resuly (s.a.w) ýoldan gelen kişiniň gije wagty öýüne duýdansyz girmegini gadagan etdi. (Buhary, «Nikah» 130, «Umre» 16; Muslim, «Imare» 183).

  ***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Alla we ahyret gününe iman edýän zenanyň ýanynda ýakynlarynyň biri bolmazdan, bir gije-gündiz uzaklykdaky ýere gitmegi jaýyz (rugsat, halal) däldir. (Buhary, «Taksir» 4, «Sawm» 67; Muslim, «Haj» 423).