Ryýazus-Salyhyn 22

***

Ebu Umame (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kuran okaň! Çünki ol kyýamat güni özüni okan kişä şepagat etjekdir. (Muslim, «Salatul-musafirun» 252). 

***

Osman ibn Affan (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Siziň iň haýyrlyňyz Kurany öwreneniňiz we ony başgalara öwredeniňizdir. (Buhary, «Fedailul-Kuran» 21).

***

Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kurany bolmalysy ýaly okap bilýän adam mertebesi belent perişdeler bilendir. Kurany kynçylyk bilen okaýan kişä iki esse sogap bardyr. (Buhary, «Towhyd» 52; Muslim, «Salatul-musafirun» 243).

***

Ebu Musa el-Eşary (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

   Kuran okaýan mümin pyrtykal mysalydyr: hoş yslydyr, tagamy datlydyr. Kuran okamaýan mümin hurma mysalydyr: ysy ýokdur, tagamy datlydyr. Kuran okaýan mynapyk narpyz mysalydyr: hoş yslydyr, tagamy ajydyr. Kuran okamaýan mynapyk Ebu Jehil garpyzy mysalydyr: ysy ýokdur, tagamy ajydyr. (Buhary, «Fedailul-Kuran» 17; Muslim, «Salatul-musafirun» 243).

***

Omar ibn Hattab (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

Alla bu Kuran bilen käbir kowumlaryň mertebesini beýgelder, käbirini bolsa peselder. (Muslim, «Salatul-musafirun» 269).

***

Omar ibn Hattab (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

Iki kişä gözügidijilik etmegiň zyýany ýokdur: birisi, Allanyň bagyş eden Kurany bilen gije-gündiz meşgullanýan kişä; beýlekisi, Allanyň eçilen baýlygyny gije-gündiz haýyr ýolunda sarp edýän kişä. (Buhary, «Towhyd» 45; Muslim, «Salatul-musafirin» 266).

***

Ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

   Kurandan bir harp okan kişä on sogaba deň gelýän bir gowulyk bar. Men «elif, lam, mim» bir harp diýemok, eýsem «elif» bir harp, «lam» bir harp, «mim» bir harpdyr. (Tirmizi, «Fedailul-Kuran» 16).

***

Ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Hakydasynda Kurandan dynnym ýaly zat ýok kişi haraba öwrülen öý ýalydyr. (Tirmizi, «Fedailul-Kuran» 18).

 ***

Abdulla ibn Amr ibn As (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

Dowamly Kuran okan kişi jennete girende, oňa şeýle diýler: «Oka! Nädereje Kuran bilen meşgul bolan bolsaň, şonça-da beýgel! Dünýäde Kurany tertil bilen (pikirlenip, her aýatyň soňunda säginip) okaýşyň ýaly, bu ýerde hem howlukman, tertil bilen oka! Şübhesiz seniň mertebäň okan aýatyň soň nokadyndadyr». (Ebu Dawud, «Witr» 20; Tirmizi, «Fedailul-Kuran» 18).

Düşündiriş: başga bir hadysda jennetiň derejeleriniň sanynyň Kuranyň aýatlarynyň sanyna barabardygy, Kuran ähliniň şol derejeleriň hemmesinden ýokarda durýandygy aýdylýar. Ýokarky hadysda hem şoňa yşarat edilýär.

***

Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kuran karysy düýesi bolan kişä meňzeýär: ol düýesine dowamly gözegçilik etse, elinden gaçyrmaz, eger ugruna seretmän, gözden salsa, ol gaçar gider. (Buhary, «Fedailul-Kuran» 23; Muslim, «Salatul-musafirun» 226).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allatagala owadan sesli pygamberiň Kurany labyzly, täsirli, belent seda bilen okaýşyny diňlemekden hoşnut bolşy ýaly başga hiç zatdan hoşnut bolýan däldir. (Buhary, «Fedailul-Kuran» 19; Muslim, «Salatul-musafirun» 232).

***

Ebu Lubabe Beşir ibn Abdilmunzir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kurany teganny (bolmalysy ýaly, dykgat, labyz) bilen okamaýan kişi bizden däldir. (Ebu Dawud, «Witr» 20).

***

Ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:

(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) maňa: «Kuran oka!» diýdi. Men bolsa oňa: «Eý, Allanyň resuly! Kuran saňa indi ahyry.  Onsoň nädip men seniň öňüňde Kuran okaýyn?» diýdim.  Allanyň resuly (s.a.w) bolsa: «Kurany başgalardan hem diňlemegi halaýaryn» diýdi. Onsoň men «Nisa» süresini okap ugradym. Süräniň «(Eý, Muhammet!) Her ymmatdan özlerine şaýat boljak bir (pygamber) getirenimizde we seni hem olara (öz ymmatyňa) şaýat hökmünde getiren wagtymyz, olaryň haly niçik bolar?» («Nisa» süresi, 4/41) diýen ýerine ýetenimde, (pygamberimiz (s.a.w): «Häzirlikçe ýeterlik» diýdi. Garasam, Allanyň resuly (s.a.w) gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp durdy. ( Buhary, «Fedailul-Kuran» 33; Muslim, «Salatul-musafirin» 247).  

Käbir sürelerdir aýatlaryň aýratynlyklary

***

Rafi ibn Mualla (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) maňa: «Metjitden çykmankaň, saňa Kuranyň iň belent süresini öwredeýinmi?» diýdi we elimden tutdy. Metjitden çykjak bolup durkak, men: «Eý, Allanyň resuly! Maňa Kurandaky iň belent süräni öwredeýinmi diýipdiň» diýdim. Şonda ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Älhamdulillahi Rabbil-Alemindir («Fatyha» süresi), sebul-mesanidir. Maňa berlen Kurany-Azymdyr». (Buhary, «Fedailul-Kuran» 9).

Düşündiriş: «Sebul-mesani» we «Kurany-Azym» «Fatyha» süresiniň başgaça atlarydyr. «Sebul-mesani» diýip atlandyrylmagynyň sebäbi, namazyň her rekagatynda gaýtalanmagy, ýedi aýatdan ybarat bolmagy we hem Mekgede, hem-de Medinede inen bolmagy bilen baglanyşyklydyr. «Kurany-Azym» adyny almagy bolsa, onuň Kuranyň ruhy bolmagy, Kuranyň hakykatlaryny özünde jemlemegi bilen baglanyşyklydyr.

***

Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) «Kul huwallahu Ahad» süresi hakynda şeýle diýipdir:

Janym gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin: bu süre Kuranyň üçden birine deňdir. (Buhary, «Fedailul-Kuran» 13).

Başga bir hadysda Allanyň resulynyň (s.a.w) sahabasyna şeýle diýendigi aýdylýar:

«Sizden biriňiz bir gijede Kuranyň üçden birini okap bilmezmi?»

Muny olar kyn görüp, şeýle diýdiler: «Muňa haýsymyzyň güýji ýeter, eý, Allanyň resuly?» Şonda pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi:

«Kul huwallahu ahad, Allahus-Samed» Kuranyň üçden biridir. (Buhary, «Fedailul-Kuran» 13).

  ***

Ukbe ibn Amir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bu gije inen aýatlary görmediňmi? Olaryň meňzeşi ne eşidildi, ne-de görüldi. Olar «Kul euzu birabbil-felak» we «Kul euzu birabbin-nas» aýatlarydyr. (Muslim, «Salatul-musafirun» 264).

***

Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) jynlardan we göz degmeginden Alla sygynardy. Haçanda Muawwizeteýn («Felak» we «Nas» süreleri) inenden soňra, Muawwizeteýn okap, Alla sygynmaga başlady. (Tirmizi, «Tyb» 16).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kuranda otuz aýatdan ybarat bir süre bir adama şepagatçy boldy. Ol adam bagyşlandy. Ol süre «Tebarekellezi biýedihil-mülkdür («Mülk» süresi)». (Ebu Dawud, «Salat» 327; Tirmizi, «Fedailul-Kuran» 9).

 ***

Ebu Mesud el-Bedri (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim gijesine «Bakara» süresiniň soňky iki aýatyny («Amenerresulu») okasa, onun üçin ýeterlikdir. (Buhary, «Fedailul-Kuran» 10; Muslim, «Salatul-musafirun» 225).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Öýleriňizi gabyra öwürmäň! Dogrusy, «Bakara» süresi okalan öýden şeýtan gaçýandyr. (Muslim, «Salatul-musafirun» 212).

***

Ubeý ibn Kab (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) maňa ýüzlenip şeýle diýdi: «Ebel-Munzir! Allanyň kitabyndan ýat tutan aýatlaryň haýsynyň has belentdigini bilýärmiň?» Men: «Allahu lä ilähä huwel-haýýul-kaýýum («Aýetul-kursi»)» diýdim. (Bu jogabymdan hoşal bolan) pygamberimiz (s.a.w) mübärek eli bilen döşüme kakyp şeýle diýdi: «Ylym saňa müberek bolsun (Alla ylmyňy artdyrsyn!), eý, Ebu Munzir!» (Muslim, «Musafirun» 258).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) meni remezan sadakasyna – pitrelerine garawul edip belledi. Ynha-da bir adam gelip, şol zatlardan owuçlaryny dolduryp almaga başlady. Menem ony güpbasdy etdim. «Walla, seni Allanyň resulynyň huzuryna äkitjek» diýdim. Ýöne ol: «Men bir bala-çagaly, eklenji agyr, pukara adam» diýip ýalbaryp duransoň, dözmän goýberdim. Ertesi irden Allanyň resuly (s.a.w) maňa: «Ebu Hureýre! Düýn gijeki ýesiriňden habar ber» diýdi. Men: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! «Men bir bal-çagasy bolan garyp biçäre» diýip, duransoň, ýüregim awap, ony goýberäýdim» diýdim. (Allanyň resuly (s.a.w): «Saňa ýalan sözläpdir. Ol ýene geler» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýensoň, onuň geljegini anyk bilýärdim. Onsoň oňa garaşyberdim. Şeýle hem boldy. Ol ýene geldi. Ýene-de azyk-owkat zatlardan (goltugyna dykyşdyrmaga) başlady. Ony gapjap: «Seni Allanyň resulyna (s.a.w) alyp gitjek» diýdim. Ol: «Meni goýber. Men, hakykatdanam, garyp adam. Ugruna seretmeli bala-çagam bar. Söz berýän gaýdyp gelmerin» diýip, ýalbar-ýakar etdi. Onsoň ýüregim awap, ýene goýberdim. Ertesi säher bilen Allanyň resuly (s.a.w) menden: «Ebu Hureýre! Düýn gijeki tussagyňdan näme habar?» diýip sorady. Menem şeýle diýdim: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Ýene öňki gezekki ýaly, maňa özüniň eklenjiniň kyndygyny, bakmaly bala-çagasynyň bardygyny aýdyp ýalbaryp duransoň, ýüregim awap goýberdim». Allanyň resuly (s.a.w): «Ynanaý, saňa ýalan sözläpdir. Ol ýene geler» diýdi. Men indi üçünji ýola gelmegine garaşyberdim. Hakykatdanam, ýene geldi. Azyklardan owuçlaryny dolduryp, almaga başlady. Indi goýbermezlik niýeti bilen gapjadym we oňa şeýle diýdim: «Bu sapar seni hökman Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna alyp gitjek. Bu üçünji gezek gelşiň. Muny soňky gelşiň biläý. Her saparynda söz berýärsiň, ýöne ýene gelýärsiň!» Bu gezek ol: «Eger men goýberseň, saňa peýdasy degjek Allanyň käbir kelemelerini öwredeýin» diýdi. Men: «Haýsylar olar?» diýdim. Ol şonda şulary aýtdy: «Düşegiňe geçeniňden soňra, «Aýetül-kürsini» okasaň, ýanyňda Alla tarapyn iberilen goragçyň bolar. Ertire deňiç hiç bir şeýtan saňa ýakynlaşyp bilmez». Şeýle diýensoň, men ony boşadyp goýberdim. Ertesi Allanyň resuly (s.a.w): ýene-de «Tussagyň düýn gije näme etdi?» diýip sorady. Menem: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Maňa peýdasy degjek Allanyň käbir kelemelerini öwretjegini aýtdy. Menem ony boşatdym» diýdim. Pygamberimiz (s.a.w): «O nähili kelemeler?» diýip sorady. Menem ol kişiniň maňa diýen zatlaryny aýtdym: «Düşegiňe geçeniňde «Allahu lä ilähä illa huwel-haýýul-kaýýumy» («Aýetül-kürsini») soňuna çenli oka. Şonda seniň ýanynda Alla tarapyn iberilen goragçy durar. Sähere deňiç şeýtan seniň ýanyňa ýakynlaşyp bilmez».

Onsoň Resuly-Ekrem (s.a.w) maňa garap şeýle diýdi: «Ýalançylaryň piri hem bolsa, bu gezek dogrusyny aýdypdyr. Üç gijeden bäri kim bilen ýüzbe-ýüz bolýanyňy bilýärmiň, eý, Ebu Hureýre?» Men: «Ýok, bilemok» diýdim. Resuly-Ekrem (s.a.w): «Ol şeýtan» diýdi. (Buhary, «Fedailul-Kuran» 10).

    ***

Ebud-Derda (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim «Kehf» süresiniň başyndan ýa-da soňundan on aýat ýat tutsa, Dejjaldan goranar. (Muslim, «Salatul-musafirun» 257).

Kuran okamak üçin jemlenişmek

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bir jemagat Allanyň öýlerinden birinde ýygnansa, ol ýerde Allanyň kitabyny okasalar, okan ýerleri hakda pikir alyşsalar, olaryň üstüne sekine iner, olary rahmet gaplap alar, olaryň töweregi perişdeler bilen dolup-daşar. Haktagala olar hakda öz indindäkilere aňlatmak aňladar. (Muslim, «Zikr» 38).