Täretiň fazyleti
«Eý, iman getirenler! Namaz (okamak) üçin turanyňyzda, ýüzleriňizi we tirsekleriňize çenli elleriňizi ýuwuň, başlaryňyza mesh ediň we iki topuklaryňyza çenli aýaklaryňyzy ýuwuň! Eger ini hapa bolsaňyz, (gowy edip) ýuwnuň! Eger hassa ýa-da ýolagçy bolsaňyz, ýa-da siziň biriňiz aýak ýolundan gelen bolsa, ýa-da siz aýallaryňyza ýanaşan bolsaňyz we (ýuwnar ýaly) suw tapmasaňyz, päk toprak bilen teýemmum (teýim) ediň! (Ýagny) ýüzleriňize we (iki tirsegiňize çenli) elleriňize mesh ediň! Alla size kynçylyk döretmek islemeýär, emma sizi (günälerden) päklemek we (diniň hökümlerini beýan edip) Öz nygmatyny size doly bermek isleýär. (Bular) siziň (Alla) şükür etmegiňiz üçindir». («Maide» süresi, 5/6).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Şübhesiz, meniň ymmatym kyýamat güni täretden ötri ýüzleri, elleri we aýaklary nurana ýagdaýda çagyrylar. Her kim agzalaryny näçe nurlandyryp bilse, nurlandyrsyn. (Buhary, «Wudu» 3; Muslim, «Taharet» 35).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir musulman ýa-da mümin täret alyp, ýüzüni ýuwan wagty, gözi bilen seredip işlän günäleri çekgesiniden damýan suw bilen ýa-da suwuň soňky damjasy bilen dökülýär. Iki elini ýuwanda, elleri bilen işlän günäleri täret suwy bilen ýa-da suwuň soňky damjasy bilen birlikde dökülýär. Aýaklaryny ýuwanda, harama ýöremek bilen işlän günäleri täret suwy ýa-da suwuň soňky damjasy bilen dökülýär. Şunlukda, ol bende günälerinden tämizlener. (Muslim, «Taharet» 32).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) gonamçylyga geldi. (Şonda ol (s.a.w) gabrystana garap): «Salam size eý, müminleriň diýary! Enşalla bizem size goşularys. Gardaşlarymy görmek islärdim» diýdi. (Muny eşiden) sahabalar: «Biz seniň gardaşyňyz dälmi eýsem, eý, Allanyň resuly?» diýdiler. Resuly-Ekrem (s.a.w): «Siz meniň sahabam, gardaşlarym heniz gelmedi. Olar soňra geler» diýdi. Onsoň sahabalar pygamberimize (s.a.w) şu sowaly berdiler: «Heniz gelmedik ymmatyňy nädip tanarsyň, eý, Allanyň resuly?» Pygamberimiz (s.a.w) olara şu jogaby berdi: «Pikir edip görüň! Bir adamyň maňlaýy sakar we aýaklary ak atlary bar bolsa, olar gara we dor atlaryň arasyna garyşyp duran bolsa, ol öz atlaryny tanamazmy?» Sahabalar: «Elbetde, tanar, eý, Allanyň resuly!» diýişdiler. Onsoň Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Ine, meniň gardaşlarym gelende, olaryň (täret alýandygy üçin) ýüzleri, el-aýaklary nur saçar. Men howzuň başyna olardan öňünçä bararyn». (Muslim, «Taharet» 39).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) sahabalardan: «Hatalaryňyzy tämizläp, mertebäňizi beýgeltjek zady aýdaýynmy?» diýip sorady. Olar: «Hawa, eý, Allanyň resuly!» diýdiler. (Pygamberimiz (s.a.w): «Şertler nähili kyn hem bolsa birkemsiz täret almak, metjide (uzak aralyga) ýöräp gitmek, bir namazy okanyňdan soňra indiki namaza garaşmak. Ine, siziň rybatyňyz (serhetde nobatçylyk etmek, serhedi goramak nobaty) şudur» diýdi. (Muslim, «Taharet» 41).
***
Omar ibn Hattab (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim birkemsiz täret alsa, soňra-da «Eşhedu en la ilahä illallahu wahdehu lä şerike leh we eşhedu enne Muhammeden abduhu we resuluh» diýse, onuň üçin jennetiň birbada sekiz gapysy açylar. Ol hem islän gapysyndan içeri girer. (Muslim, «Taharet» 17).
Azan hakda
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Eger ynsanlar azanyň we birinji sapda namaz okamagyň nähili fazyletiniň bardygyny bilselerdi, aralarynda bije çekmeli bolardylar. Şeýle hem, metjide irgözünden gelip, wagtyndan öň jemagata goşulmagyň fazyletini bilsediler, biri-birileri bilen ýaryşardylar. Şeýle hem, ýassy we ertir namazyny jemagat bilen okamagyň sogabyny bilsediler, emedekläbem bolsa, süýrenibem bolsa, bu iki namaza gelerdiler. (Buhary, «Azan» 9; Muslim, «Salat» 129).
***
Muawiýe (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kyýamat güni ynsanlaryň iň uzyn boýunlysy muezzinler (azançy) bolar. (Muslim, «Salat» 14).
Düşündiriş: hadysda «iň uzyn boýunly» diýmek bilen azançylaryň Allanyň rahmetinden has artygrak peýdalanjakdyklary bildirilýär.
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Azany eşiden wagtyňyz, azançynyň diýýänlerini siz hem gaýtalaň. Soňra maňa salawat aýdyň. Çünki kimde-kim maňa bir gezek salawat aýtsa, Alla oňa on salat (rahmet) bilen jogap berer. Salawat aýdanyňyzdan soňra, Alladan maňa wesile (iň ýokary mertebe) diläň. Wesile Allanyň jennetdäki diňe bir guluna nesip boljak ýeke-täk mertebedir. Şol bagtyýar guluň hem meniň bolmagymy Alladan umyt edýärin. Şonuň üçin hem maňa wesile dilän kişä şepagatym wajyp bolar. (Muslim, «Salat» 11).
***
Jabir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kim azany diňländen soňra, şu dogany okasa, kyýamat güni oňa şepagat etmegim wajyp bolar: «Eý, bu kämil çagyryşyň we okaljak namazyň Rebbi bolan Alla! Muhammede (s.a.w) wesiläni (jennetdäki iň ýokary mertebäni) we fazyleti (ýaradylanlaryň arasyndaky iň belent derejäni) yhsan et! Ony wada beren Mahmud-makamyna ýetir! (Buhary, «Ezan» 8, «Tefsiri sure» 17/11).
***
Sad ibn Ebi Wakkas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim muezziniň okan azanyny diňländen soňra şulary aýtsa, geçmişdäki eden günläri bagyşlanar: «Ýeke-täk, şärigi bolmadyk Alladan başga ylahyň ýokdugyna, Muhammediň (s.a.w) Onuň guly we resulydygyna şaýatlyk edýärin. Reb hökmünde Alladan, resul hökmünde Muhammetden (s.a.w), din hökmünde Yslamdan razydyryn. (Muslim, «Salat» 13).
Namazlaryň fazyleti
«Şübhesiz, namaz bozgaklykdan hem-de erbet işlerden saklaýandyr». («Ankebut» süresi, 29/45).
***
«Namazlary, aýratyn hem orta (ikindi) namazy (doly) berjaý ediň!» («Bakara» süresi, 2/238).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) sahabalardan: «Biriniň gapysynyň öňünden derýa akyp geçýän bolsa, ol hem ondan (her gün) bäş gezek ýuwunsa, onuň bedeninde kir-kimir galarmy?» diýip sorapdyr. Olar: «Ýok, kirden nyşan galmaz» diýip jogap beripdirler. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ine, bäş wagt namaz hem edil şonuň ýaly-da. Haktagala onuň bilen günäleri ýuwýar, ýom-ýok edýär». (Buhary, «Mewakyt» 6; Muslim, «Mesajid» 283).
***
Osman ibn Affan (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Musulman parz namazyň okamaly wagty gelende, birkemsiz täret alsa, huşu bilen, rukugy doly ýerine ýetirip, namazyny okasa, uly günälerden birini işlemese, şol namazdan öňki günäleri bagyşlanar. Bu bütin zamanlara degişlidir. (Muslim, «Taharet» 7).
***
Ebu Zuheýr ibn Umara ibn Ruweýbe (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:
Gün dogmazdan we ýaşmazdan öňki namazlary okan adam jähenneme girmez. (Muslim, «Mesajid» 213).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Käbir perişdeler gije, käbir perişdeler gündiz siziň araňyzda nobatçylyk edýärler. Olar ertir we ikindi namazy wagtynda nobat çalyşýarlar. Şonda jemlenýärler. Soňra gijesine size gözegçilik eden perişdeler, Allanyň huzuryna (maglumat bermek üçin) galýarlar. Alla hemme zady aňryýany bilen bilýän hem bolsa, perişdelere şu sowaly berer: «Bendelerim näme edýärdiler?» Perişdeler: «(Gaýdanymyzda) namaz okaýardylar. Ýanlaryna baran wagtymyzam namaz okaýardylar» diýýärler. (Buhary, «Mewakyt» 16; Muslim, «Mesajid» 210).
***
Jerir ibn Abdulla el-Bejeli (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir gün pygamberimiziň (s.a.w) ýanyndadyk. Şonda ol (s.a.w) tes-tegelek bolup duran (on dördi gije) Aýa seredip, şeýle diýdi: «Şu Aýy hiç hili kynçylyksyz görşüňiz ýaly, Rebbiňizi-de görersiziňiz. Onuň ýaly bolsa, güýjüňiziň ýetdiginden Gün dogmazdan we ýaşmazdan öňki (ertir we ikindi) namazlaryňyzy asla geçirmän, okaň». (Buhary, «Mewakyt» 16; Muslim, «Mesajid» 211).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim ertir, agşam namazlaryny okamak üçin dowamly metjide barsa, Haktagala jennetde onuň her gidip gelşine laýyk yhsanyny taýýar eder. (Buhary, «Ezan» 37; Muslim, «Mesajid» 285).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim öýünde birkemsiz arassalansa, soňra Haktagalanyň parz eden ybadatlarynyň birini berjaý etmek üçin Allanyň öýleriniň birine gitse, her äden ädimi üçin bir günäsi aýrylar, beýlekisi üçin mertebesi ýokarlanar. (Muslim, «Mesajid» 282).
***
Jabir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Metjidiň töwereginde boş duran meýdan bardy. Selimogullary metjide ýakyn oturmak üçin şol boş ýere göçüp gelmek islediler. Olaryň bu niýeti pygamberimiziň (s.a.w) gulagyna baryp ýetdi. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) olara şeýle diýdi: «Eşidişime görä, metjidiň ýakynyna göçüp gelmekçi bolýarsyňyz». Olar: «Dogry, eý, Allanyň resuly! Şeýle niýetimiz bar» diýdiler. Onsoň Resuly-Ekrem (s.a.w) olara iki ýola şeýle diýdi: «Eý, Selimogullary! Ýurt ýeriňizden göçmäň, goý, ýörän ädimleriňiz üçin sogap ýazylsyn». Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýensoň, olar hem: «Onuň ýaly bolsa, göçmänimiz gowy» diýdiler. (Muslim, «Mesajid» 280).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) sahabalardan: «Allanyň hatalaryňyzy tämizläp, mertebäňizi beýgeltjek zady aýdaýynmy?» diýip sorady. Olar: «Hawa, eý, Allanyň resuly!» diýişdiler. (Pygamberimiz (s.a.w): «Şertler nähili kyn hem bolsa birkemsiz täret almak, metjide (uzak aralyga) ýöräp gitmek, bir namaz okanyňdan soňra, indiki namaza garaşmak. Ine, siziň rybatyňyz (serhetde nobatçylyk etmek, serhedi goramak nobaty) şudur. (Muslim, «Taharet» 41).
***
Ibn Omar (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Jemagat bilen okalan namaz ýeke başyna okalan namazdan ýigrimi esse sogaplydyr. (Buhary, «Ezan» 30; Muslim, «Mesajid» 249).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir kişiniň metjitde jemagat bilen okan namazy iş ýerinde we öýünde okan namazyndan ýigrimi bäş esse sogaplydyr. Şunlukda, bir kişi birkemsiz täret alyp, soňra-da diňe namaz okamak niýeti bilen metjide gitse, tä metjide gelip girýänçä, her äden ädiminde bir mertebe beýgeler we bir günäsi bagyşlanar. Namazdan soňra, tärätini bozmasa, tä namaz okan ýerinden gaýdýança perişdeler: «(Eý,) Allam! Oňa merhamet et! «(Eý,) Allam! Ony bagyşla!» diýip, onuň üçin dileg-doga ederler. Şeýle hem, ol adama indiki namaz okamak niýeti bilen şol taýda geçiren pursatlary üçin edil namaz okaýan deý sogap ýazylar. (Buhary, «Ezan» 30; Muslim, «Mesajid» 272).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Janym gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin, kelläme şular gelýär: owaly bilen odun ýygnalmagyny tabşyraýyn, yzyndanam namaz üçin azan aýtdyraýyn. Bir kişä-de ýygnanan jemagata ymamlyk etmegini aýdaýyn. Şol barmana-da gidip, jemagata gelmeýän adamlary tapaýyn we olar içindekä öýleri bilen oda bereýin. (Buhary, «Ahkam» 52, «Ezan» 29; Muslim, «Mesajid» 251).
***
Ebud-Derda (r.a) hezretleri Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:
Bir obalyk ýa-da çöllük ýaly tenha ýerlerde bolan üç kişi namazyny jemagat bolup okamasa, olary şeýtan (penjesine alar) basar. Zynhar, jemagaty terk etmäň! Sürüden aýrylan goýny gurt gapýandyr. (Ebu Dawud, «Salat» 46).
***
Osman ibn Affan (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim ýassy namazyny jemagat bilen okasa, gijäniň ýarysyna deňiç namaz okan ýalydyr. Ertir namazyny jemagat bilen okan kişi bütin gije namaz okan ýalydyr. (Muslim, «Mesajid» 260).