Parz namazy hakda
«Namazlary, aýratyn hem orta (ikindi) namazy (doly) berjaý ediň!» («Bakara» süresi, 238).
***
«Eger toba edip‚ namaz okap‚ zekat berseler, olary erkine goýberiň!» («Toba» süresi, 9/5).
***
Muaz (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) meni Ýemene iberende, şeýle diýdi: «Sen kitap ähliniň* arasyna gidýärsiň. Olary Alladan başga ylahyň ýokdugyna we meniň Allanyň resulydygyma şaýatlyk etmeklige çagyr. Eger çagyryşyňy kabul etseler, Allanyň olara bir gije-gündiziň dowamynda bäş wagtyna namaz okamagy parz edendigini bildir. Muny hem kabul etseler, Haktagalanyň baýlardan alyp garyplara berilýän zekaty parz edendigini habar ber. Muny hem kabul etseler, zekatlaryny ýygnanyňda (öz razygy bilen berse, başga gürrüň), olaryň iň gymmatly zadyny aljak bolup durma! (Bu babatda ýa-da başga haýsydyr bir mesele dogrusynda ynsanlara zulum edip) mazlumyň gargyşyny almakdan çekin! Sebäbi onuň arzynyň Allanyň huzuryna baryp ýetmegine hiç bir zat päsgel berip bilmez». (Buhary, «Zekat» 41; Muslim, «Iman» 29-31).
*Kitap ähli – Allanyň kitap iberen ymmatlary.
***
Jabir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Şu hakykatdyr: ynsan bilen şirkiň, kapyrlygyň arasyndaky perde namazy terk etmek bilen ýok bolýar. (Muslim, «Iman» 134).
Düşündiriş: ynsan namaz okamagyny goýdugy, onuň bilen kapyrlygyň arasynda hiç hili perde galmaýar. Şunlukda, adamyň kapyrlygyň çägine girmegi her daýym mümkindir. Hatda araçäk galmandygy üçin geçenini bilmänem galýar.
***
Bureýde (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
Biziň bilen olaryň arasyndaky düýpli aýratynlyk namazdyr. Mynapyk namazy terk etmek bilen özüniň kapyrlygyny açyk yglan edýändir. (Tirmizi, «Iman» 9).
***
Tabygynyň hormatly şahsyýetleriniň biri bolan Şakyk ibn Abdulla (r.h) şeýle diýipdir:
Hezreti Muhammediň (s.a.w) sahabalary namazdan başga amaly terk etmegi kapyrlyk hasap etmezdiler. (Tirmizi, «Iman» 9).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kyýamat güni guluň ilki hasap bermeli amaly namazy bolar. Eger namazy doly, göwnejaý bolsa, oňa galan zat dogrusynda hasap bermek aňsat bolar. Mundan ol bähbitli çykar. Namazy doly bolmasa, zyýanly çykar. Parz namazlarynda kemçilik bar bolsa, Aziz we Jelil bolan Alla: «Gulum nepil namazlary okapmy, serediň bakaly!» diýer. Şunlukda, parzlaryň üsti nepil namazlary bilen tamamlanar. Soňra edil şunuň ýaly edilip, ondan beýleki amallary boýunça hasap soralmaga başlanar. (Tirmizi, «Mewakyt» 188).
***
Namazda nyzamy saklamagyň fazyleti
Jabir ibn Semura (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) öýünden çykyp, ýanymyza (metjide) geldi we şeýle diýdi: «Perişdeleriň Rebleriniň huzurynda sap duruşlary ýaly siz hem hatar bolup duruň!» Şonda biz: «Eý, Allanyň resuly! Perişdeler Rebleriniň huzurynda nähili görnüşde sap durýardylar?» diýip soradyk. Ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Olar öňdäki hatarlary doldurýarlar, biri-birine gaýym gysylyşyp durýardylar». (Muslim, «Salat» 119).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Erkekler üçin hataryň iň makuly birinjisidir, iň az sogaplysy bolsa, hatarlaryň iň soňkusydyr. Zenanlar üçin hataryň iň makuly soňkusydyr. Makul görülmeýäni bolsa iň öňdäkisidir. (Muslim, «Salat» 132).
***
Ebu Mesud (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) namaza durjak bolanymyzda eli bilen egnimizden tutup, hatarda durşymyzy düzelderdi we şeýle diýerdi:
Kalplaryňyz aýry düşmez ýaly hataryňyz düzüw bolsun. (Öňi bilen) düşünjeli, ylym-bilimli bolanyňyz meniň arkamdaky hatarda sap tutsunlar. Soňra beýlekiler derejesine görä, meniň arkamdaky hatarda ýa-da ondan soňky hatara geçip, sap tutsunlar. Soňra beýlekiler derejesine görä olaryň ýanynda ýa-da indiki hatara geçip dursunlar. (Muslim, «Salat» 122).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir gezek kamat aýdylyp, namaza duruljak bolnanda, Allanyň resuly (s.a.w) biz tarapa öwrülip, şeýle diýdi:
Hataryňyz göni bolsun, egin-egne berip, biri-biriňize gysylyşyp duruň! Çünki men sizi ýeňsämdenem görýärin. (Buhary, «Ezan» 72; Muslim, «Salat» 125).
***
Numan ibn Beşir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Hataryňyzy düzediň, ýogsam, Alla ýüzleriňizi tapawutly taraplara öwrüp, araňyzy açar (araňyza agzalalyk salar). (Buhary, «Ezan» 71; Muslim, «Salat» 127).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Hataryňyz gös-göni bolsun. Eginleriňizi deňläň. Boş aralyklary dolduryň. Saplaryňyzy düzetmek üçin eliňizden tutup, sizi ileri ýa-da yza dogry çekýän gardaşlaryňyza mylaýym boluň. Şeýtan aralaşyp bilmez ýaly, araňyzda boşluk galdyrmaň. Alla hatary dolduryp, bitişik saklanlaryň göwnüni hoş eder. (Biri-birine gyslyşman) hatary bitişik tutmaýanlara Alla nygmatlaryny eçilmez. (Ebu Dawud, «Salat» 93).
***
Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Hataryňyz ýygy bolsun. Saplaryňyzy ýygjamlaşdyryň. Boýunlaryňyzy deňläň. Janym gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin: şeýtanyň tüýsüz gara goýun ýaly hatarlaryňyzyň boş galan ýerlerine girip-çykyp ýörşüni mese-mälim görýärin. (Ebu Dawud, «Salat» 93).
Sünnet namazlarynyň fazyleti
***
Ibn Omar (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Men Allanyň resuly (s.a.w) bilen ine, şu wagtlarda iki rekagat sünnet namazyny okadym: öýle namazyndan öň we soňra, juma, agşam we ýassy namazyndan soňra. (Buhary, «Tehejjud» 25, 29; Muslim, «Salatu-musafirun» 104).
***
Abdulla ibn Mugaffel (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) üç ýola şeýle diýdi: «Her azanyň we kamatyň arasynda (sünnet) namaz bardyr». Muny üçünji gezek aýdanynda: «Okamak isleýäne» diýip goşdy. (Buhary, «Ezan» 14; Muslim, «Salatul-musafirun» 304).
***
Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi:
Ertir namazynyň iki rekagat sünneti bu dünýäniň özünden we dünýäniň her zadyndan has haýyrlydyr.
Başga bir hadysda bolsa, pygamberimiziň (s.a.w) «Ertir namazynyň sünneti maňa bütin dünýäden has ýagşydyr» diýendigi aýdylýar. (Muslim, «Salatul-musafirun» 96).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) ertir namazynyň sünnetiniň birinji rekagatynda «Kul ýa: eýýuhel-ka:firuny («Kafirun» süresi)», ikinji rekagatynda bolsa «Kul huwellahu ehady («Yhlas» süresi)» okardy. (Muslim, «Salatul-musafirun» 98).
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) ýassy namazyny okandan soňra ertir namazyna deňiç bolan aralykda on bir rekagat namaz okardy. Her iki rekagatdan soňra salam bererdi we iň soňunda bir rekagat witr namazyny eda ederdi. Muezzin ertir namazynyň azanyny aýdyp, daň agarýança garaşardy. Soňra Resuly-Ekremi (s.a.w) oýarardy. Ol hem turup, kän uzatman, ertir namazyny iki rekagat sünnetini okardy. Soňra muezzin gelip, ertrir namazynyň parzy üçin kamat aýtmagyň wagtynyň ýetip gelendigini habar berýänçä, sag tarapyna gyşaryp ýatardy. (Muslim, «Salatul-musafirun» 121).
Düşündiriş: witir namazy hanefilere görä üç rekagatdyr. Beýleki mezheplerde bolsa bir rekagat.
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekrem (s.a.w) öýle namazynyň parzyndan öňinçä, meniň otagymda dört rekagat sünnet namazyny okardy. Soňra metjide baryp, jemagat bilen parz namazyny okardy. Parzdan soňra ýene öýe gelip, iki rekagat sünnet namazyny okardy. Agşam we ýassy namazlaryny okadandan soňra, öýüme gelip, iki rekagat sünnet namazyny okardy. ( Muslim, «Salatul-musfirun» 105).
***
Ibn Omar (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ikindi namazynyň parzyndan öňinçä dört rekagat sünnet namazyny okan kişä Allanyň rahmeti bolsun! (Ebu Dawud, «Tatawwu» 8; Tirmizi, «Salat» 201).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resulynyň döwründe Gün ýaşandan soňra, agşam namazynyň parzyny eda etmezden öňinçä iki rekagat namaz okardyk.
Sahabanyň birisi Enesden: «Bu namazy Allanyň resuly (s.a.w) hem okaýardymy?» diýip soraýar. Enes (r.a) oňa şu jogaby berýär: «Ol biziň bu namazy okaýanymyzy görýärdi, ýöne bize «okaň ýa-da okamaň» diýmeýärdi». (Muslim, «Salatul-musafirun» 302).
***
Zeýd ibn Sabit (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Eý, adamlar! Nepil we sünnet namazlaryny öýleriňizde okaň. Çünki parzdan daşgary namazlaryň iň makuly öýde okamakdyr. (Buhary, «Ezan» 81, «Itisam» 3; Muslim, «Salatul-musafirun» 213).
***
Ibn Omar (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Namazlaryň käbirini (nepil we sünnet) öýleriňizde okaň. Ol ýerleri gabrystana öwürmäň! (Buhary, «Salat» 52, «Tehejjud» 37; Muslim, «Salatul-musafirun» 208).
Witr namazy
Hezreti Aly (r.a) gürrüň berýär:
Witr namazy parz derejesindäki kesgitli emre daýanmaýar. Ýöne Allanyň resuly (s.a.w) (witr namazyny) dowamly okapdyr we bu barada şeýle diýipdir:
Alla täkdir; täk bolany gowy görýär. Eý, Kuran ähli! Siz hem witr namazyny okaň! (Ebu Dawud, «Witr» 1; Tirmizi, «Witr» 2).
***
Ibn Omar (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Gijesine okaýan namazyňyzyň soňkusy witr bolsun! (Buhary, «Witr» 4; Muslim, «Salatul-musafirun» 151).
***
Guşluk namazynyň fazyleti
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Dostum (s.a.w) maňa her aý üç gün oraza tutmagy, her gün iki rekagat guşluk namazyny okamagy, uklamazdan öňünçä witr namazyny eda etmegi maslahat berdi. (Buhary, «Sawm» 60; Muslim, «Salatul-musafirun» 85).
***
Ebu Zer (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Siziň her haýsyňyz synaňyzyň her bir bogny üçin sadaka bermegiňiz gerek. Aýdylan her bir tesbih («Subhanalla» diýmek) bir sadakadyr, edilen her bir hamd («Älhamdulilla» diýmek) bir sadakadyr, getirilen her bir tehlil («Lä ilähe illalla» diýmek) bir sadakadyr, her bir tekbir («Allahu ekber» diýmek) bir sadakadyr, gowulyga çagyrmak sadakadyr, erbetlikden saklamak sadakadyr. Guşluk wagty okalan iki rekagat namaz bularyň ýerini tutýandyr. (Muslim, «Salatul-musafirun» 84, «Zekat» 56).
Tahyýýetul-mesjid namazy
Ebu Katade (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Biriňiz metjide gireniňizde iki rekagat (nepil) namazyny okaman oturmasyn. (Buhary, «Salat» 60; Muslim, «Salatul-musafirun» 69).
***
Täret alandan soňra iki rekagat namaz okamagyň sogaby
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) Bilala (ertir namazy wagtynda) şeýle diýdi: «Bilal! Musulman bolanyňdan soňra, (parzlardan daşgary) berjaý eden salyh amallaryň arasynda iň köp haýsy ybadatyňdan sogaba garaşýarsyň? Sebäbi jennetde seniň aýakgabyňdan gelýän ses meniň öňümde eşidilýärdi». Şonda Bilal şeýle diýdi: «Gije bolsun, gündiz bolsun, täret alanymdan soňra, şol täret bilen başardygymça namaz okamagy edähet edindim. Iň kän eden şu ybadatymdan ötri sogaba garaşýaryn». (Buhary, «Tehejjud» 17; Muslim, «Fedailus-sahabe» 108).