Ryýazus-Salyhyn 25

Juma namazy

«Eý, iman getirenler! Siz juma gününde (juma) namazyna çagyrylan badyňyza Allany ýatlamaga (namaza) howlugyň, söwda-satyk (işleriňizi) taşlaň! Eger biler bolsaňyz, bu siziň üçin (has) haýyrlydyr! Namaz gutarandan soň bolsa Ýer ýüzüne ýaýraň (işleriňizi berjaý ediň) we Allanyň pazly-kereminden (nesibäňizi) gözläň! Halas bolmagyňyz üçin Allany köp zikir ediň (ýatlaň)!» («Juma» süresi, 62/9-10).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Uly günälerden gaça durlan ýagdaýynda, bäş wagt namazyň her birisi soňky namazyň wagtyna çenli, her juma (namazy) indiki juma çenli, her oraza indiki oraza çenli aralykda işlenen (kiçi) günäleri ýuwýar. (Muslim, «Taharet» 16).

***

Ebu Said Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bulug çagyna ýeten islendik kişi üçin juma güni bedeniniň hemme ýeri bilen ýuwunmak wajyp ýalydyr. (Buhary, «Ezan» 161, «Juma» 2; Muslim, «Juma» 5).

***

Semura (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Juma güni täret alan kişi nähili ýagşy iş edýär. Birem tutuş synasy bilen ýuwunsa, has hem fazyletli iş edýär. (Ebu Dawud, «Taharet» 128; Tirmizi, «Juma» 5).

***

Selman el-Farisi (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim juma güni gusul alyp, elinden geldigiçe tämizlense, saç-sakgalyny ýaglap, serenjam berse, öýündäki hoşboý ysly suwlardan sepinse, soňra-da metjide barsa, ýöne ol ýerde ýan-ýana oturan iki kişiniň arasyndan geçjek bolup, biynjalyk etmese, soňra-da Alla näçäräk namaz okamak bagyş eden bolsa, şony okasa, soňra-da sessiz-üýnsüz oturyp, ymamy diňlese, onuň şol jumadan öňki juma aralykda eden günäleri bagyşlanar. (Buhary, «Juma» 6).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim juma güni jünüp bolan kişi ýaly gusul alandan soňra, irgözinden juma namazyna gitse, bir düýäni gurbanlyk beren ýaly sogap gazanar. Biraz soňra metjide giden bir sygyr, ondan soňra giden şahly goç gurbanlyk beren ýaly sogap gazanar. Ondan soňky wagtda metjide giden kişi bir towuk, ondan soňky wagtda giden kişi bir ýumurtga sadaka beren ýaly sogap gazanar. Ymam münbere çykanda, perişdeler hutbany diňlemek üçin jemagatyň arasyna aralaşar. (Buhary, «Juma» 4; Muslim, «Juma» 10).  

***

Ews ibn Ews (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Iň fazyletli günüňiz, hiç şübhesiz, juma günüdir. Şonuň üçin, şol gün maňa kän salawat aýdyň. Çünki siziň aýdan salawatlaryňyz, (iberen) salamlaryňyz maňa gowşurylar. (Ebu Dawud, «Salat» 201, «Witr» 26).

***

Şükür seždesi

Sad ibn Ebi Wakkas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) bilen Medinä dolanmak üçin Mekgeden ýola çykdyk. Azwere diýen ýere ýakynlaşanymyzda, Resuly-Ekrem (s.a.w) ulagyndan indi. Soňra ellerini galdyryp, biraz dileg etdi. Soňra seždä gitdi. Esli wagt seždede galdy. Onsoň ýerinden turdy, ýene ellerini açyp biraz dileg etdi. Soňra ýene seždä gitdi. Muny üç ýola gaýtalady. Soňra bize garap şeýle diýdi:

Rebbime nyýaz edip, ymmatym üçin şepagat diledim. Ol hem ymmatymyň üçden birini maňa bagyş etdi. Munuň üçin Rebbime şükür seždesini etdim. Soňra seždeden galyp, ýene-de Rebbimden ymmatymy bagyşlamagyny isledim. Ymmatymyň ýene üçden maňa birini bagyş eýledi. Menem Rebbimiň bu yhsanyna şükür seždesi bilen jogap berdim. Soň ýene bir ýola elimi galdyryp Rebbimden ymmatymy diledim. Galan üçden birini-de maňa bagyşlady. Menem Rebbime şükür seždesi bilen jogap berdim. (Ebu Dawud, «Jihad» 152).

***

Gije namazyny (tehejjüt) okamagyň fazyleti

«Gije oýanyp, saňa mahsus bolan nepil (tehejjut) namazyny oka! Şonda Perwerdigäriň seni «Makamy-mahmuda (öwgä mynasyp bolan derejä)» ýetirer». («Isra» süresi, 17/79).  

***

«Olaryň bedenleri düşeklerden uzak bolar (köp ýatmazlar, tagat-ybadat bilen bolarlar)…». («Sežde» süresi, 32/16).

***

«Olar gijesine az uklaýardylar». («Zariýat» süresi, 51/17).

***

Abdulla ibn Omaryň ogly Salim (r.anhum) hezretleri gürrüň berýär:

Kakam Abdulla Allanyň resulynyň (s.a.w) oňa ýüzlenip şeýle diýenini gürrüň berdi: «Abdulla nähili gowy adam! Käşgä tehejjüd namazyny-da okasa!»

Kakam şol günden soňra gijeleri uklamasyny kemeltdi. (Buhary, «Tehejjud» 2; Muslim, «Fedailus-sahabe» 139).

***

Ibn Mesud (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Pygamberimiziň (s.a.w) ýanynda bütin gijäni uklap geçiren bir adam hakda gürrüň edenlerinde Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýdi: «Onuň ýaly bolsa ol adamyň gulaklaryna şeýtan bewl edendir (buşugandyr)». (Buhary, «Tehejjud» 13; Muslim, «Salatul-musafirun» 205).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Siziň biriňiz uka giden wagty, şeýtan onuň ýeňse damaryna üç düwün salar. Ol her düwün eden ýerine «Gijäň uzyn bolsun, ýat, ukla!» diýip, eli bilen urar. Muňa garamazdan ol kişi oýanyp, («besmele», «tesbih», «tehlil» bilen) Allany ýatlasa, düwünleriň bir çöşlener. Täret alsa, ýene biri çözüler. Birem namaz okasa, şeýtanyň salan düwünleriniň hemmesi çöşlener. Şunlukda, ol adam şähdaçyk, keýpi çag ýagdaýda sähäre çykar. Tersine bolan ýagdaýynda ol sussupes, keýpsiz, mejalsyz ýagdaýda oýanar. (Buhary, «Tehejjüd» 12; Muslim «Salatul-musafirun» 207).

***

Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Gije (nepil) namazlary iki-ikiden (rekagatdan) okalar. Ertir namazynyň wagty girer öýtseňiz, soňky iki rekagata bir rekagat goşup, witr namazyny okaň! (Buhary, «Tehejjüd» 10; Muslim, «Salatul-musafirun» 146).

***

Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) käte köp günläp oraza tutman gezerdi. Şonda biz öz ýanymyzdan «Bu aý oraza tutjak däldir-dä» diýerdik. Käte-de örän kän günläp oraza tutardy. Şonda bolsa: «Bütin aý oraza tutjakdyr-da» diýip oýlardyk. Onuň gijeleri namaz okanyny görmek isläniňde, hökman munuň şaýady bolýarsyň. Uklap ýatanyny görmek isläniňde-de, şonuň şaýady bolýarsyň. (Buhary, «Tehejjüd» 11).

  ***

Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) on bir rekagat namaz okardy. Käbir rekagatlaryň seždesinde siziň käbiriňiziň elli aýat okap biljegi wagt galardy. Başyny ýerden galdyrmazdy. Ertir namazynyň parzyndan öňünçä iki rekagat sünnet namazyny okardy. Muezzin gelip namaza seslenýänçä, sag tarapyna gyşaryp, dynjyny alyp ýatardy. (Buhary, «Witr» 1, «Tehejjüd» 3).

***

Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) ne remezan aýynda, ne-de beýleki aýlarda gije namazyny on bir rekagatdan artykmaç okamazdy. Öňünçä dört rekagat namaz okardy: olaryň gözelligini we uzynlygyny aýtsana! Soňra ýene dört rekagat okardy. Olaryň gözelligi we uzynlygy aýtsana! Onsoň bulardan soňra üç rekagat witr namazyny okardy. (Bir gezek) men: «Eý, Allanyň resuly, witr namazyny okaman ýatýarmyň?» diýip soradym. Şonda ol (s.a.w): «Äşe! Meniň gözlerim uklaýar, ýöne kalbym uklamaýar» diýipdi. (Buhary, «Tehejjüd» 16; Muslim, «Salatul-musafirun» 125).    

***

Ibn Mesud (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Bir gije Allanyň resulyna (s.a.w) uýup, nepil namazyny okadym. Kyýamda şeýle bir kän durdy welin, tas erbet bir iş edýärdim. Ondan: «Näme etjekdiň?» diýip, soranlarynda, şeýle diýip jogap berdi:

Pygamberimize uýmany bes edip, oturjakdym. (Buhary, «Tehejjüt» 9; Muslim, «Salatul-musafyriýn» 204).

***

Huzeýfe (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Bir gije Resuly-Ekrem (s.a.w) bilen namaza durdum. «Bakara» süresini okap başlady. Ýüz aýat okandan soňra rukuga gider öýtdüm. Emma ýüz aýat okandan soňra-da rukuga gitmedi, okamagyny dowam etdi. Bu süräni iki rekagata böljekdir, şeýdibem namazy gutarjak bolýandyr öýtdüm. Ýöne beýle etmedi, okamagyny dowam etdirdi. Bu süräni okap gutaransoň-a rukuga gider diýdim. Onam etmedi. Yz ýanyndan «Nisa» süresini okamaga durdy. Ony hem gutardy. Yzyndan «A:li-Ymran» süresini okady. Okanda howlukman, tertil bilen okaýardy. «Tesbih» aýaty gelende, tesbih çekýärdi, «Dileg» aýaty gelende dileg edýärdi. Alla sygynmaklyga çagyrýan aýatlar gelende, Alla sygynýardy. Soňra rukuga gitdi. «Subhane rabbiýel-azym» diýmegä başlady. Rukugda-da kyýamdaka ýakyn uzyn wagt durdy. Soňra «Semiallahu limen hamideh, rabbena lekel-hamd» diýip dikeldi. Aýakda-da tas rukugdaka ýakyn uzyn wagt saklandy. Soňra seždä gitdi. Seždedekä «Subhane rabbiýel-ala» diýdi. Takmynan, kyýamdaka ýakyn uzyn wagt sežde etdi. (Muslim, «Salatul-musafirun» 203).

***

Jabir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resulyndan (s.a.w) «Haýsy namaz has fazyletlidir» diýip soranlarynda, ol (s.a.w): «Kyýamy uzyn bolan» diýip, jogap berdi. (Muslim, «Salatul-musafirun» 165).

***

Abdulla ibn Amr ibn As (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allanyň iň hoşuna gelen namaz we oraza hezreti Dawudyň (a.s) okan namazy bilen tutan orazasydyr. Dawud (a.s) gijäniň ilki ýarysyna deňiç dynç alardy. Gijäniň üçden birini namaz okap, altydan birini uklap geçirerdi. Şeýle hem, bir gün agzyny beklese, bir gün beklemezdi. (Buhary, «Tehejjud» 7; Muslim, «Siýam» 189).

   ***

Jabir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Gijäniň dowamynda şeýle bir wagt bar welin, musulman kişi şol wagta rast gelip, Alladan dünýäsi ýa ahyreti üçin haýyrly bir zat dilese, Alla oňa şol dilän zadyny berer. Bu her gijä degişlidir. (Muslim, «Salatul-musafirun» 166).

   ***

Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim gijeleri (okamagy edähet edinen) zikirdir dogalaryny okamazdan,  tamamlaman uklap galsa, soňra olary ertir namazy bilen öýle namazynyň aralygynda okap tamamlasa, gije okan deýin sogap gazanar. (Muslim, «Salatul-musafirun» 142).

   ***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

   Gije turup, namaz okan, aýalyny-da oýandyran, turmajak bolsa, ýüzüne suw serpip, oýarmaga çalşan adama Allanyň rahmeti bolsun! Şeýle hem, gije turup namaz okan, ärini-de oýaran, oýanmasa, ýüzüne suw serpip, oýarmaga synanyşan zenana-da Allanyň rahmeti bolsun! (Ebu Dawud, «Tatawwu» 18).

   ***

Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kimiň namaz okaýan wagtynda ymyzgansa, ukusy geçýänçä, dynjyny alsyn. Çünki ukuly ýagdaýda namaz okasa, Alladan bagyşlanma dilejek diýip, özüniň zyýanyna bir zat dilemegi mümkin. (Buhary, «Wudu» 53; Muslim, «Salatul-musafirun» 222).

   ***

Oraza aýynda gijelerine tarawa namazyny okamak

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim oraza aýynyň fazyletine ýürekden ynanyp, sogabyny diňe Alladan garaşyp, tarawa namazyny okasa, geçmişdäki kiçi günäleriniň hemmesi bagyşlanar. (Buhary, «Iman» 37; Muslim, «Salatul-musafirun» 173).

   ***

Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Gadyr gijesini Remezan aýynyň soňky on gününiň täk gijelerinden gözläň. (Buhary, «Leýletul-kadr» 3).

   ***

Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:

Remezan aýynyň soňky on güni gelip ýetende, Allanyň resuly (s.a.w) gijeleri ýatmazdy, maşgala agzalaryny-da oýarardy, ybadata berlerdi. (Buhary, «Leýletul-kadr» 5; Muslim, «Itikaf» 7).

   ***

Miswak bilen dişiňi arassalamgyň peýdalary

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ymmatym ýa-da ynsanlar kösener öýtmesedim, olara her namazdan öňünçä dişlerini miswak bilen arassalamagy buýrardym. (Buhary, «Juma» 8, «Sawm» 27; Muslim, «Taharet» 42).

***

Huzeýfe (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) ukudan oýanan wagty dişlerini miswak bilen arassalardy. (Buhary, «Wudu» 73, «Tehejjud» 9; Muslim, «Taharet» 46).

***

Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Miswak ulanylanda, hem agyz tämizlener, hem Rebbimiz razy bolar. (Nesai, «Taharet» 4).

***

Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

On amal ýaradylyşa mahsusdyr (sünnetdir): murty gysgaltmak, sakgal ösdürmek, miswak ulanmak (dişi arassalamak), täret alnanda burna suw goýbermek, dyrnaklary almak, barmak bogunlaryny ýuwmak, goltuk aşagyndaky gyllary aýyrmak, satan arasyny taraşlamak, ystynja etmek…

Bu hadysyň rawysy: «Onunjysyny unutdym, ýöne ol hem agzyňy suw bilen çaýkamak bolsa gerek» diýipdir. (Muslim, «Taharet» 56).