Zekatyň fazyleti
«Namazy doly berjaý ediň (okaň), zekaty (doly) beriň!» («Bakara» süresi, 2/43).
***
«(Aslynda), olara yhlas bilen diňe Onuň dinini kabul edýän hanyflar (hak dine uýýanlar) bolup, Alla ybadat etmekleri, namazy berjaý etmekleri we zekat bermekleri emir edilipdi. Ine, berk (dogry) din budur». («Beýýine» süresi, 98/5).
***
«Olaryň mal-emläginden zekat al‚ belki‚ munuň bilen olary (günäden) tämizläp arassalarsyň». («Toba» süresi, 9/103).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Yslam dininiň binýady bäşdir: Alladan başga ylahyň ýokdugyna, Muhammediň (s.a.w) Onuň resulydygyna şaýatlyk etmek, namazy doly berjaý etmek, zekat bermek, haja gitmek, remezan aýynda oraza tutmak. (Buhary, «Iman» 1; Muslim, «Iman» 19).
***
Talha ibn Ubeýdulla (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) saçy-sakgaly bulam-bujar bolup duran nejid halkyndan bir kişiniň uzakdan ala-goh bolup sesi gelýärdi. Onuň näme diýýäni düşnüksizdi. Ol Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna ýakyn geldi. Görüp otursak, yslamyýety soraýar eken. Şonda pygamberimiz (s.a.w) oňa: «Bir gündiz we gijäniň dowamynda bäş wagt namaz okamak» diýdi. Ol adam: «Şondan başga namaz barmy?» diýdi. Resuly-Ekrem (s.a.w): «Ýok! Ýöne okaýyn diýseň, nepil namazlary bar» diýdi. Yzyndanam: «Birem Remezan orazasy bar» diýdi. Ol adam: «Mundan başga oraza barmy?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w): «Ýok, ýöne isleseň, nepil orazasy bar» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) soňra oňa zekat hakda aýtdy. Ýaňky kişi: «Ondan başga sadaka bermelimi?» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w): «Ýok! Ýöne nepil hökmünde bereýin diýseň, başga (gürrüň)» diýdi. Soňra ol adam: «Walla, bu aýdan zatlaryňdan ne artykmajyny ederin, ne kem goýaryn» diýdi. Soňam ötägitdi. Allanyň resuly (s.a.w) ol gidensoň şeýle diýdi: «Eger sözünde tapylsa, halas bolar!» (Buhary, «Iman» 34; Muslim, «Iman» 8).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) Muazy (r.a) Ýemene iberende, oňa şeýle diýip tabşyrdy: «Olary öňi bilen Alladan başga ylahyň ýokdugyna we meniň Allanyň resulydygyma şaýatlyk etmeklige çagyr. Eger çagyryşyňy kabul etseler, Allanyň olara bir gije-gündiziň dowamynda bäş wagtyna namaz okamagy parz edendigini bildir. Muny hem kabul etseler, Haktagalanyň baýlardan alyp garyplara berilýän zekaty parz edendigini habar ber!» (Buhary, «Zekat» 41; Muslim, «Iman» 29).
***
Abdulla ibn Omaryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Maňa Alladan başga ylahyň ýokdugyna hem-de Muhammediň (s.a.w) Allanyň guly we resulydygyna şaýatlyk edýänçäler, şeýle hem namazlaryny okap, zekatlaryny doly berýänçäler ynsanlar bilen söweşmek emir edildi. Olar bu emirleri berjaý eden ýagdaýynda (yslamyň kada-kanunlaryny bozmazlyk şerti bilen) mal-emlägini, janlaryny menden gorarlar. Galan zat barada Alla hasap sorar. (Buhary, «Iman» 17, «Salat» 28, «Zekat» 1; Muslim, «Iman» 32-36).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) dünýeden ötenden soňra, Ebu Bekir (r.a) halyf saýlandy. Şonda käbir arap kowumlary dini terk etdiler. Ebu Bekir şol kowumlaryň üstüne goşun sürjegini yglan etdi. Omar muňa garşy çykyp, şeýle diýdi: «Maňa Alladan başga ylahyň ýokdugyna hem-de Muhammediň (s.a.w) Allanyň guly we resulydygyna şaýatlyk edýänçäler söweşmek emir edildi. Kimde-kim towhyd kelemesini aýtsa, (yslamyň kada-kanunlary bozmazlyk şerti bilen) mal-emlägini, janyny menden gorar. Galan zat barada Alla hasap sorar» diýenini bilibem, olar bilen söweşjek bolýarmyň?»
Ebubekir oňa şeýle jogap berdi: «Alladan kasam edýärin! Namaz bilen zekaty aýry tutanlary gaýgyrjak däldirin, olar bilen söweşjekdirin. Çünki zekat malyň hakydyr. Alladan kasam edýärin! Öň Allanyň resulyna berýän zekatlaryndan hatda düýäniň ýekeje owsaryny-da alyp galsalar, diňe şonuň üçin hem söweşjekdirin». Şondan soňra Omar (r.a) şeýle diýdi:
Ant içip aýdýaryn: zekat bermek islemeýänler bilen söweşmek kararynyň hakyt Allanyň Ebu Bekiriň kalbyna salandygyny anyk gördüm we onuň alan bu kararynyň dogrudygyna göz ýetirdim. (Buhary, «Itisam» 2, «Zekat» 1; Muslim, «Iman» 32).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Zekaty berilmedik altyn-kümüşler kyýamat güni ataşda gyzdyrylyp, olardan tagma ýasalar. Onuň bilen şol altyndyr kümüşleriň eýesiniň endamy, alny, ýeňsesi daglanar. Tagmalar sowanda bolsa täzeden gyzdyrylar, olar gaýtadan daglanmaga durlar. Bu ýagdaý elli müň ýyla barabar bolan bir gün, ýagny bendä degişli höküm çykýança, zekaty bermegy kyn gören şol kişileriň jähennemlikdigi ýa jennetlikdigi kesgitlenýänçä dowam edýär».
Sahabalar pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! Düýeleriniň zekatyny bermedik kişiniň ýagdaýy nähili bolar?» diýip soradylar. Resuly-Ekrem (s.a.w) bu sowala şeýle jogap berdi:
Zekatyny bermedik (şol jandaryň suw içmek üçin suw başyna baran her gezeginde, onuň süýdünden mätäçlere paýlap bermek hem zekat ýaly haklaryň biridir) mal eýesi kyýamat güni giň düzlük meýdanda ýüzin ýatyrylar. Iň semiz ýagdaýynda bolan düýeleriň hemmesi, ýeke köşek hem çetde galman, ol kişini aýaklary bilen depeläp geçerler, dişleri bilen çeýnärler. Öňdäkiler geçip gutaransoň, yzdakylara nobat geler. Bu ýagdaý elli müň ýyla barabar bolan bir gün, ýagny bendelere degişli höküm çykýan wagta deňiç, zekatyny bermedik kişiniň jennetlikdigi ýa-da jähennemlikdigi kesgitlenýänçä dowam edýär.
Onsoň sahabalar: «Eý, Allanyň resuly! Zekaty berilmedik sygyr ýa-da goýun eýeleriniň ýagdaýy niçik bolar?» diýip soradylar. Resuly-Ekrem (s.a.w) bu sowala şeýle jogap berdi:
Sygyrlarynyň we goýunlarynyň zekatyny bermedik her bir adam kyýamat güni düzlük giň meýdanda ýüzin ýatyrylar. Içinde hiç gyşyk şahlysy, şahsyzy, ýa-da döwük şahlysy bolmadyk bu jandarlar ol kişini şahlary bilen süsmek-süserler, toýnaklary bilen depelemek-depelärler. Öňdäkiler geçip gutaransoň, yzdakylara nobat ýeter. Bu ýagdaý elli müň ýyla barabar bolan bir gün bendelere degişli höküm çykýan wagta deňiç, ýagny zekatyny bermedik kişiniň jennetlikdigi ýa-da jähennemlikdigi kesgitlenýänçä dowam edýär.
Onsoň sahabalar: «Eý, Allanyň resuly! Aty bolanlaryň haly niçik bolar?» diýip soradylar. Resuly-Ekrem (s.a.w) bu sowala şeýle jogap berdi:
Üç hili at bardyr: kişä ýük boljak at, örtük boljak at, sylag-serpaý getirjek at. Kişä ýük boljak at hakynda aýtmaly bolsa, eýesi tarapyndan diňe gompamsyramak we musulmanlara duşmanlyk etmek üçin ugruna seredilen atdyr. Bu eýesi üçin agyr ýükdür.
Eýesine örtük boljak at hakynda aýtmaly bolsa, diňe Allanyň razylygynyň çäginde ulag, (araba) tirkegi hökmünde ulanylyp, munuň üçin hak-heşdegi berlen we ugruna seredilen atdyr. Ine, bu hili atlar eýesi üçin (jähennemden goraýan) örtükdir.
Eýesi üçin sylag-serpaý getirjek at hakynda aýtmaly bolsa, musulmanlaryň haýryna ulanmak maksady bilen Allanyň ýolunda ugruna seredilen, otluk meýdanlarda, bakjalyk ýerlerde otladylan atdyr. Bu atyň şol otluk, bakjalyk meýdanda iýen otlarynyň sanyça, hatda gaty ýa-da suwuk görnüşde çykaran tezekleriniň sanyça eýesiniň haýyr depderine sogap ýazylar. Bardy-geldi bu at gazygyndan ýüpüni üzse, onuň birki aýlaw etmegi bilen ýeriň ýüzünde galdyran yzlary, dökülen derleri hem eýesine haýyr bolup ýazylar. Ýa bolmasa niýetinde suwa ýakmak bolmasa-da, çeşmedir çaýyň kenaryndan geçirýärkä, aty suw içse, Alla onuň içen suwunyň ýuwdumlarynyň sanyça eýesine sogap ýazar.
Onsoň sahabalar: «Eý, Allanyň resuly! Eşegi bolanlaryň haly niçik bolar?» diýip soradylar. Resuly-Ekrem (s.a.w) bu sowala şeýle jogap berdi:
Dogrusyny aýtmaly bolsa, bu barada manysy umumy «Kim zerre mukdarynda haýyr eden bolsa, onuň (peýdasyny) görer. Kim hem zerre mukdarynda şer (günä) iş eden bolsa, onuň (zyýanyny) görer» («Zilzal» süresi, 99/7-8) aýatynyň höküminden başga bir zat aýan edilmedi. (Muslim, «Zekat» 24; Buhary, «Jihad» 48).
***
Remezan aýynyň orazasy, onuň parz bolmagy we fazyleti
«Eý, iman getirenler! (Siziň günä işlerden saklanyp) takwalardan bolmagyňyz üçin, sizden öňkülere parz edilişi ýaly, size hem sanalgy günlerde oraza tutmak parz edildi. Sizden bir adam (oraza günlerinde) hassa ýa-da ýolagçy bolsa (we agzyny açsa), ol sanalgy günlerini (tutup bilmedik günleriniň kazasyny) başga günlerde tutar. (Ýaşy ýa-da ejizligi sebäpli) agyz beklemäge ýaramaýan adamlar bir misginiň bir günlük tagamy mukdary ýaly fidýe (töleg) bermeli. Kim öz islegi bilen has artyk ýagşylyk etse (gereginden artyk berse), ol ýagşylyk onuň özünedir (öz bähbidinedir). Eger bilseňiz, agyz beklemegiňiz sizin üçin (fidýe bermekden ýa-da hassalyk sebäpli, agyz açmagyňyzdan) has haýyrlydyr. Remezan aýy ynsanlara dogry ýoly (hidaýaty) görkezýän we dogry (hak) bilen egri ýoly (batyly) biri-birinden tapawutlandyrýan äşgär alamatlary (özünde jemleýän) Kuranyň inderilen aýydyr. Kim bu aýa ýetse, onda agyz beklesin! Sizden bir adam (bu aýda) hassa ýa-da ýolagçy bolsa, ol (tutup bilmedik) sanalgy günleriniň (kazasyny) başga günlerde tutar. Alla (ybadatlaryň) siziň üçin ýeňil bolmagyny isleýär, size kyn bolmagyny islemeýär. Bular siziň (oraza aýynyň) sanalgy günlerini doly tutmagyňyz we (Onuň) sizi dogry ýola gönükdirenligi üçin Allany (hamdy-sena) bilen wasp we şükür etmegiňiz üçindir». («Bakara» süresi, 2/183-185).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Aziz we Jelil bolan Alla: «Ynsanyň orazadan daşgary bütin amallary özi üçindir. Oraza bolsa halys meniň üçin edilen amaldyr. Onuň sogabyny hem Meniň Özüm kesgitlärin» diýendir.
Oraza galkandyr. Hiç kim oraza tutan güni hapa söz diýmesin. Özüni gödek alyp barmasyn. Eger biri oňa hapa söz diýse ýa-da onuň bilen sene-mene etjek bolsa: «Meniň agzym bekli» diýsin!
Muhammediň (s.a.w) jany gudrat elinde bolan Alladan ant içip aýdýaryn: oraza tutýan kişiniň agzyndan gelýän ys Allanyň ýanynda müşkdenem ýakymlydyr.
Agzy bekli kişä rahatlyk berjek iki begençli pursat bardyr: birisi, agzaçar wagtydyr, beýlekisi, tutan orazasynyň gazandyran sogaby bilen Rebbine gowşan pursatydyr. (Buhary, «Sawm» 9; Muslim, «Syýam» 163).
Buharyda geçýän başga bir hadysda şeýle diýilýär:
Beýik Alla şeýle diýdi: «Oraza tutýan kişi iýip-içmekligi, jynsy isleglerini meni razy etmek üçin terk edýär. Oraza gönüden-göni menip razylygym üçin edilýän ybadatdyr. Her gowulyk üçin on sogap berilýän hem bolsa, tutulan orazanyň sogabyny isledigimçe bererin». (Buhary, «Sawm» 3).
Muslimde geçýän başga bir hadysa görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ynsanyň her amaly üçin esseläp sogap ýazylar. Edilen bir haýyrly amala azyndan on sogap ýazylýar. Bu ýedi ýüze deňiç baryp ýetýär. Allatagala (kudsi hadysda) şeýle diýip buşlaýar: «Oraz muňa dahylly däldir. Çünki (oraza) diňe meniň üçin (edilýän amaldyr). Bendäm Meniň razylygym üçin jynsy isleglerini, iýip-içmegini terk etdi.
Agzy bekli kişä rahatlyk berýän begençli iki pursat bardyr: birisi, agzyny açan wagtynda duýýan rahatlyk duýgusy, beýlekisi, Rebbine gowşandaky duýýan begençli pursaty.
Oraza tutýan kişiniň agzyndan gelýän ys Allanyň ýanynda müşkdenem ýakymlydyr». (Muslim, «Syýam» 164).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim Allanyň razylygy üçin sadakasyny jübüt-jübütden (iki sygyr, iki goýun) berse, ol kişä jennetiň bütin gapylary (açylyp) «Eý, Allanyň bendesi! Bu gapa gel. Bu ýerde haýyr we bereket bardyr!» diýlip garşy alnar. Namazhon kişiler namaz gapysyndan; mujahitler (ömürlerini Hakyň ýoluna bagyş edenler) jihad gapysyndan; Allanyň razylygy üçin açlyga, suwsuzlyga çydam edip, oraza tutanlar reýýan gapysyndan; dowamly haýyr-sahawat etmegiň ugrunda bolanlar sadaka (zekat) gapysyndan (jennete) çagyrylar.
(Muny eşiden) Ebu Bekir (r.a) hezretleri pygamberimize (s.a.w) şu sowaly berdi):
(Saňa) enem-atam pida bolsun, eý Allanyň resuly! Şol gapylaryň haýsy hem bolsa birinden giren kişiniň beýleki gapylara mätäçlik duýmajagy belli hem bolsa (şuny soraýyn), jennetiň gapylarynyň birbada hemmesinden çagyryljak kişiler hem barmy?
Allanyň resuly (s.a.w) oňa şu jogaby berdi:
Elbetde, bar. Sen hem şolaryň biri bolarsyň diýip umyt edýärin! (Buhary, «Sawm» 4; Muslim, «Zekat» 85).
***
Ebu Said Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Allanyň ýolunda (Onuň razylygy üçin) bir gün oraza tutan kişini Alla onuň tutan şol orazasynyň hatyrasyna jähennem ataşyndan ýetimiş ýyl uzak tutar. (Buhary, «Jihad» 36; Muslim, «Syýam» 167).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim çyn ýürekden ynanyp, sogabyny diňe Alladan garaşyp, Remezan orazasyny tutsa, geçmişde eden günäleri bagyşlanar. (Buhary, «Sawm» 6; Muslim, «Syýam» 203).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Remezan aýy girende jennetiň gapylary soňuna çenli açylar. Dowzahyň gapylary bentlener, şeýtanlara zynjyr urlar. (Buhary, «Sawm» 5; Muslim, «Syýam» 1).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Aý görnenden oraza tutmaga başlaň! Aý görnendenem soňlaň! Eger howa (asmanyň ýüzi) Aý görünmejek derejede ýapyk (ümürli, bulutly) bolsa, Şaban aýynyň günleri otuza dolansoň, oraza tutmaga başlaň!
Muslimde geçýän başga bir hadysda şeýle diýilýär: «Eger howa ýapyk (ümürli, bulutly) bolsa, orazany otuza doluň!» (Buhary, «Sawm» 11; Muslim, «Syýam» 4).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Remezan aýyndan (bir ýa-da iki gün) öňünçä oraza tutmaň! Aýy göreniňizden soň oraza tutmaga başlaň! Aýy göreniňizdenem soňlaň! Aýy görmegiňize bulut päsgel bolýan bolsa, orazany otuz güne doluň! (Tirmizi, «Sawm» 5).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) ynsanlaryň iň jomardydy. Remezan aýy girip, Jebraýyl (a.s) bilen duşuşmaga başlan çagy, jomartlygy hasam artýardy. Remezan aýy geçýänçä, her gije Jebraýyl (a.s) pygamberimiziň ýanyna gelip, Kurany sunardy. Olar garşylykly okardylar. Jebraýyl (a.s) bilen duşuşýan şol günlerinde Allanyň resuly (s.a.w) ynsanlara rahmet getirýän şemaldanam jomart bolýardy. (Buhary, «Sawm» 7; Muslim, «Fedail» 48).
***
Täze Aý doganda okalýan doga
Talha ibn Ubeýdulla (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) (täze) Aýy görende şu dogany okardy: «(Eý,) Allam! Bu täze aýda bize aman-esenlik, iman we salamatlyk ber. (Täze aýy) Yslam üçin haýyrly eýläweri! (Eý, Aý!) Meniňem Rebbim, Seniňem Rebbiň Alladyr! (Bu täze aýyň dogrulyk, salamatlyk, haýyr aýy bolmagyny dileýärin!)» (Tirmizi, «Dua» 50).
***
Selälikde we agzaçarda iýilýän naharda bereket bardyr
Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Sälälik iýiň! Çünki sälälik naharynda bereket (haýyr we sogap) bardyr. (Buhary, «Sawm» 20; Muslim, «Syýam» 45).
***
Amr ibn As (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Biziň tutýan orazamyzy kitap ähliniň orazasyndan has fazyletli edýän aýratynlyk selälik naharydyr. (Muslim, «Syýam» 46).
***
Wagty gelende gijikdirmän agyz açmak
Sehl ibn Sad (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Agzy bekli adamlar agzyny açmaga howlukdygyça, haýyr taparlar. (Buhary, «Sawm» 45; Muslim, «Syýam» 48).
***
Selman ibn Amir ed-Dabby (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Biriňiz agzyny açjak bolanda, hurma bilen açsyn. Eger tapmasa, suw bilen açsyn. Çünki suw tämizdir. (Ebu Dawud, «Sawm» 21; Tirmizi, «Sawm» 10).
***
Oraza tutýan adamyň dilini we beýleki agzalaryny
günälerden we şoňa meňzeş erbetliklerden saklamagy
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Oraza tutýan kişi agzy bekli güni erbet söz sözlemesin, özüni gödek alyp barmasyn. Eger kimdir biri oňa erbet söz aýdyp, galmagal turuzjak bolsa: «Meniň agzym bekli» diýsin! (Buhary, «Sawm» 9; Muslim, «Syýam» 163).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim ýalan sözlemegini we ýalany penalap iş etmegini goýmasa, onuň iýmän-içmän gezmeginiň (tutýan orazasynyň) Alla derkary ýok. (Buhary, «Sawm» 8).
***
Indiki hadysy tabygyndan Mujibe el-Bahiliýýe kakasyndan (ýa-da dädesinden) eşidipdir. Kakasy Allanyň resuly (s.a.w) bilen görşüp, iline dolanandan soňra, ýagny bir ýyl soňra tapdan düşüp (horlanyp), düýpgöter üýtgäpdir. Şeýle ýagdaýda Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna barypdyr. Şonda olaryň arasynda şeýle gepleşik bolup geçipdir.
Mujibeniň kakasy:
Pygamberimiz (s.a.w):
Mujibeniň kakasy:
Allanyň resuly (s.a.w):
Bahiliý:
Resuly-Ekrem (s.a.w):
Bahiliý:
Pygamberimiz (s.a.w):
Bahiliý:
Allanyň resuly (s.a.w):
Bahiliý:
Allanyň resuly (s.a.w):
Allanyň resuly (s.a.w) bu soňky ündewini aýdanda, ýöriteläp üç barmagyny birleşdirip, açyp görkezdi. (Ebu Dawud, «Sawm» 55).
***
Ebu Katade (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resulyndan (s.a.w) (Gurban baýramynyň öň ýany) Arefe güni oraza tutmagyň fazyleti hakda soranlarynda ol (s.a.w) şeýle diýipdir: «Geçen we gelejek ýylyň günäleriniň bagyşlanmagyna sebäp bolar». (Muslim, «Syýam» 196).
***
Ebu Katade (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resulyndan (s.a.w) (Muharrem aýynyň onunjy güni bolan) Aşure gününde oraza tutmagyň fazyleti hakynda soranlarynda ol (s.a.w) şeýle diýipdir: «Geçen ýylyň günäleriniň bagyşlanmagyna sebäp bolar». (Muslim, «Syýam» 196).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla gelejek ýyla çenli ýaşamagy nesip etdirse, Muharrem aýynyň dokuzynjy güni oraza tutjak. (Muslim, «Syýam» 134).
***
Ebu Eýýub el-Ensary (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim Remezan aýyny oraza tutup geçirse, yzyndanam Şewwal aýyndanam alty gün oraza tutsa, bütin ýyly oraza tutup geçiren ýalydyr. (Muslim, «Syýam» 204).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Duşenbe we penşenbe günleri hepdäniň amallary Alla sunulýar. Şol sebäpden agzym bekli ýagdaýda amalymyň sunulmasyny isleýärin. (Tirmizi, «Sawm» 44).
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) duşenbe we penşenbe günleri oraza tutmaklyga aýratyn üns berýärdi. (Tirmizi, «Sawm» 44).
***
Ebud-Derda (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Habybym Allanyň resuly (s.a.w) maňa ömrüm boýunça terk etmejegim üç zady maslahaty berdi: her aý üç gün oraza tutmagy, guşluk namazyny okamagy, witr namazyny okaman uklamazlygy. (Muslim, «Salatul-musafirun» 86).
***
Oraza tutýan kişini agzaçara çagyrmagyň fazyleti
Ebud-Derda (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekrem (s.a.w) Sad ibn Ubadäniň öýüne myhmançylygy barypdy. Şonda Sad haýal etmän, bir bölek çörek we birazam zeýtunyň ýagyny getirip, Allanyň resulynyň (s.a.w) öňünde goýdy (hödür etdi). Pygamberimiz (s.a.w) getirilen zatlardan garbandy. Soňra-da öýüň eýesine şeýle diýip doga etdi: «Öýüňizde agzy bekliler agyz açsyn! Supraňyzdan ebrar (salyh ynsanlar) iýsin! Perişdeler size (rahmet, bagyşlanma diläp) doga etsin!» (Ebu Dawud, «Etime» 54).