Hajyň parz bolmagy we fazyleti
«Güýji ýetýänleriň (Allanyň) öýüne haj etmegi ynsanlaryň Allanyň öňündäki borjudyr. Kim (hajy) inkär etse, kapyr bolar. Alla älem-jahandaky (hiç zada mätäç däldir)». («A:li-Ymran» süresi, 3/97).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) bize şeýle diýip ýüzlendi: «Eý, ynsanlar! Allatagala haj ybadatyny size parz etdi. Onuň ýaly bolsa, haja gidiň!»
Şonda bir adam: «Her ýylmy, eý, Allanyň resuly?» diýdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) onuňa bu sowalyna jogap bermedi. Ýöne ol kişi sowalany üç ýola tekrar edensoň pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Hawa» diýsedim, her ýyl haja gitmek parz bolardy. Siz bolsa munuň hötdesinden gelip bilmezdiňiz». Yzyndanam bize şu sözler bilen duýduryş berdi: «Men size (dini hökümler babatynda) zat diýmesem, meni öz erkime goýuň. Çünki sizden öňki ymmatlar pygamberlerine (şeýdip) kän sowal sorandyklary we alan jogaplaryna (ylalaşman) garşy çykandyklary sebäpli heläk boldular. Şonuň üçin size bir zat etmegi buýrsam, başardygyňyzça amala etmäge synanyşyň! Şeýle hem, bir zady gadagan etsem, şondan (bütinleý) uzak duruň!» (Muslim, «Haj» 412).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim haj heňňamynda erbet sözlerden we hereketlerden saklansa, uly günälerden uzak dursa, eneden doglan günündäki ýaly (päk, günäsiz ýagdaýda) öýüne dolanar. (Buhary, «Haj» 4; Muslim, «Haj» 438).
***
Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resulyndan (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! Jihat etmegi amallaryň iň fazyletlisi diýip bilýäris. Biz zenanlar jihada goşulmarysmy?» diýip soradym. (Pygamberimiz (s.a.w) meniň bu sowalyma şeýle diýip jogap berdi): «Siziň üçin jihadyň iň gowusy hajjy-mebrurdyr (hajy talabyna laýyk ýerine ýetirmek)». (Buhary, «Haj» 4).
***
Äşe (r.anha) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Allanyň dowzahdan iň köp gul azat edýän güni (gurban baýramynyň öňündäki) Arefe günüdir. (Muslim, «Haj» 436).
***
Abdulla ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Remezan aýyndaky umra bir haja deňdir ýa-da meniň bilen birlikde ýerine ýetirilen haja barabardyr. (Buhary, «Umre» 4; Muslim, «Haj» 221).
***
Lakyt ibn Amir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gün) pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip: «Kakam gaty garrady. Ne haja, ne-de umra, ne-de ýolagçylyk etmäge güýji ýetýär. (Nämä diýýäňiz?)» diýdim. (Şonda pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Onuň ýaly bolsa, kakaňa derek sen haja, umra git!» (Ebu Dawud, «Menasik» 25; Tirmizi, «Haj» 87).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) (bilen barýarkak) Rawha diýilýän ýerde bir topar adama gabat geldik. Pygamberimiz (s.a.w) olardan: «Siz kim bolýarsyňyz?» diýip sorady. Olar: «Biz musulmanlar. A siz kim bolýarsyňyz?» diýdiler. Resuly-Ekrem (s.a.w): «Men Allanyň resuly» diýdi. Şeýle diýensoň toparyň arasyndan bir zenan (gujagyndaky) çagany ýokary galdyryp: «Munuň üçin hem haj barmy?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w): «Hawa. (nepil ybadaty hökmünde), ondan seniň hem paýyňa sogap berler» diýdi. (Muslim, «Haj» 409).
***
Jihadyň fazyleti
«Müminler Allanyň ýolunda söweşip, jan alarlar we jan bererler. Alla olaryň bu amalyna derek olaryň janlaryny we gazananlaryny jenneti berip satyn aldy. Munuň şeýle boljakdygy Töwratda-da‚ Injilde-de‚ Kuranda-da hak (we hikmet) bilen anyk wada berlendir. Beren sözüne Alladan has wepaly kim bolup biler? Siz eden bu söwdaňyzdan bagtyýar boluň! Eý‚ müminler! Buşluk! Ine, bu (iň) uly üstünlikdir!» («Toba» süresi, 9/111).
***
«Elbetde, synasy sagat bolup, söweşe gatnaşmadyk (müminler) bilen Allanyň ýolunda emläkleri we janlary bilen söweşen (müminler) deň bolmazlar. Alla emläkleri we janlary bile söweşenleriň derejesini söweşe gitmän (oturanlardan) üstün edendir. Alla (aslynda) hemmesine-de iň ajaýybyny (jenneti) wada beripdi. Emma söweşenleri uly sylag (sogap) bilen oturanlardan (söweşmediklerden) has üstün edendir. (Alla olara Özüniň) ýalkawyny we rahmetini (berer). Alla bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr». («Nisa» süresi, 95/96).
***
«Eý, iman getirenler! Size jebir-jepaly azapdan halas etjek (peýdaly) bir söwdany salgy bereýinmi? Alla we Onuň ilçisine ynanyp, Allanyň ýolunda mal-mülkleriňizi (sarp edip), jan-teniňiz bilen söweşseňiz, (bu iň peýdaly söwdadyr). Eger bilseňiz bu siziň üçin (ähli zatdan) haýyrlydyr. (Eger şeýle etseňiz) Ol (Alla) siziň günäleriňizi bagyşlar we aşagyndan derýalar akýan jennetlere, (aýratyn hem) «Adn» jennetlerindäki örän gözel mesgenlere ýerleşdirer. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir. Siziň gowy görjek başga bir zadyňyz hem bar. Alladan (geljek) ýardam we tiz wagtda (amala aşjak bir) ýeňiş. (Muny) müminlere söýünjile!» («Saf» süresi, 61/10-13).
***
«(Eý, müminler!) Siz halamasaňyz hem size söweşmek ýazyldy (parz edildi). Siziň özüňize haýyrly bolan zady halamazlygyňyz mümkin. Özüňize zyýanly zady hem gowy görmegiňiz mümkin. Alla (nämäniň haýyrly, nämäniň bolsa zyýanlydygyny) bilýändir, (emma) siz bilmersiňiz». («Bakara» süresi, 2/216).
***
«(Eý‚ müminler!) Siz aňsat ýa-da kyn (mümkinçiligiňiz az ýa-da köp) ýagdaýda, nähili bolsaňyz-da, hemmäňiz bilelikde söweşe çykyň! Alla ýolunda mal-mülküňiz we janyňyz bilen söweşiň! Biler bolsaňyz‚ bu siziň üçin iň haýyrlysydyr». («Toba» süresi, 9/41).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resulyna (s.a.w): «Haýsy amal fazyletlidir?» diýip sowal berdiler. Ol (s.a.w): «Alla we resulyna iman etmek» diýdi. Onsoň olar: «Ondan soňra?» diýdiler. Ol (s.a.w): «Allanyň ýolunda jihat etmek» diýdi. Olar: «Ondan soňra haýsy gelýär?» diýip soranlarynda bolsa: «Hajjy-mebrur (Allanyň we bendäniň hak-hukugy göz öňünde tutulyp, talaba laýyk berjaý edilen haj ybadaty)» diýip jogap berdi. (Buhary, «Haj» 4; Muslim, «Iman» 135).
***
Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Säher ýa-da agşam (tapawudy ýok), Allanyň ýolunda bir ädim ýöremek (din üçin zähmet çekmek), dünýäniň özünden we onuň içindäki herki zatdan haýyrlydyr. (Buhary, «Jihad» 5; Muslim, «Imare» 112).
***
Ebu Said Hudry (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir adam Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna gelip, «Ynsanlaryň haýsysy has fazyletlidir?» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w): «Allanyň ýolunda jany, mal-emlägi bilen jihad edendir» diýdi. Ol adam: «Onsoň kim?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w): «Haýsydyr bir jülgä (çeträk ýere) çekilip, tenhalykda Alla ybadat eden we zeperim, zyýanym degmesin diýip, ynsanlardan uzak duran mümindir» diýdi. (Buhary, «Jihad» 2; Muslim, «Imare» 122).
***
Sehl ibn Sad (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (saw) şeýle diýipdir:
Allanyň ýoluna bagyş edilen bir gün dünýäden we dünýädäki zatlaryň barysyndan haýyrlydyr. Siziň biriňiziň gamçysynyň jennetdäki ýeri dünýäden we dünýäniň üstündäki zatlaryň hemmesinden has haýyrlydyr. Bendäniň agşamlaýyn ýa-da säher bilen Allanyň ýolunda (din üçin) eden ýörişi dünýäden we onuň içindäki zatlaryň hemmesinden haýyrlydyr. (Buhary, «Jihad» 6; Muslim, «Imare» 113).
***
Fadale ibn Ubeýd (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Her kimiň amal depderi ölensoň ýapylýar, möhürlenýär. Ýöne bu Alla ýolunda nobatçylyk edenlere degişli däl. Nobatçylygy wagtynda ölen bu kişileriň eden işleriniň sogaby kyýamat gününe çenli esseläp artýar. Gabyr synagynda hem olar üçin arkaýynlyk bar. (Ebu Dawud, «Jihad» 15; Tirmizi, «Fedail-jihad» 2).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla Öz razylygy üçin jihat edýän kişä «Ony başga maksat däl, diňe Meniň razylygym, Maňa bolan iman we pygamberlerimiň ykrary bu ýola çykardy» diýmek bilen, kepil geçýär. Şehit bolsa, ony jennete almaga, gazy bolsa, ahyretu-dünýä sylaglaryna miýesser edilen ýagdaýynda öýüne dolanjagyna kepil geçýär. Muhammediň jany gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin: Allanyň ýolunda açylan ýara kyýamat güni ilki açylan günündäki ýagdaýynda bolar: reňki gan reňkinde, ysy müşk ysynda bolar. Muhammediň jany gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin: eger musulmanlara kyn bolmasady, Allanyň ýolunda jihada çykylan hiç bir harby ýörişden galmazdym, goşulardym. Ýöne bütin müminleri muňa ugrukdyrmaga mümkinçiligim bolmaýşy ýaly, olaryňam hemmesiniň muňa mümkinçiligi ýok. Menden aýrylyp, yzda galmagam olara agyr degýär. Muhammediň janyny elinde tutan Alladan ant içýärin: Alla ýolunda jihad edip, şehit bolmagy (soňra Alla meni direltsin), onsoň ýene jihat edip, ýene-de şehit bolmagy arzuw edýärin. (Muslim, «Imare» 103).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resulynyň (s.a.w) sahabalarynyň birisi jülgäniň ugry bilen gidip barýarka, süýji suwly bulaga gabat geldi. Bu ýer oňa ýarady. Öz ýanyndan şeýle diýip oýlady: «Adamlardan çetleşip, ýalňyz özüm şu bulaga ýakyn ýerde ýaşasam, nähili gowy bolardy». Ýöne yz ýanyndan derrew «Allanyň resulyndan (s.a.w) rugsat alman beýle zat etmerin» diýdi. Onuň bu düşünjesi Allanyň resulyna (s.a.w) ýetirildi. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi:
Beýle zady ediji bolma. Çünki siziň biriňiziň Allanyň ýolunda zähmet çekmegi, güýç sarp etmegi öýünden çykman ýetmiş ýyl namaz okamagyndan (diňe şahsy kämilligine üns bermeginden) has fazyletlidir. Ras, Allanyň sizi bagyşlamagyny we jennete salmagyny isleýäňizmi? Onuň ýaly bolsa Allanyň ýolunda jihat etmäge çykyň! Kimde-kim düýäniň süýdi saglyp bolunýan müddetçe Allanyň ýolunda jihat etse, hökmany suratda, jennete girer. (Tirmizi, «Fedailul-jihad» 17).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Pygamberimize (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! Allanyň ýolunda jihat etmek bilen deňleşip biljek başga amal barmy?» diýen sowal bilen ýüzlenilende, ol (s.a.w): «Bar, ýöne siziň oňa gurbuňyz çatmaz» diýdi. Şu sowal pygamberimize (s.a.w) iküç ýola berildi we ol hem her gezeginde şol bir jogaby berdi. Ahyrynda şeýle diýdi:
Allanyň ýolunda zähmet çekýän mujahidiň mysaly gündizleri oraza tutýan, gijelerine namaz okaýan, Allanyň aýatlaryna (emirlerine we gadagançylyklaryna) doly boýun egýän (Allanyň ýolunda zähmet çekýän mujahid, söweş meýdanyndan dolanýança), namaz okamagyny we oraza tutmagyny üznüksiz dowam etdirýän kişiniň mysalydyr. (Buhary, «Jihad» 1; Muslim «Imare» 110).
***
Ebu Musa el-Eşarynyň (r.a) ogly Ebu Bekir gürrüň berýär:
Duşmanyň üstüne hüjüm etmek üçin garaşyp durkak, kakamyň şu hadysy aýdyp berenini eşitdim: «Jennetiň gapylary gylyçlaryň kölegeleriniň astyndadyr». Şonda üsti-başy ýyrtym-ýyrtym bolan bir adam ýerinden turup: «Ebu Musa! Sen muny Allanyň resulynyň (s.a.w) hut öz agzyndan eşitdiňmi?» diýip sorady. Ebu Musa «Hawa» diýdi. Ol adam bu ýagşy habary tassykladandan soňra, ýoldaşlarynyň ýanyna bardy we «Size Allanyň salamy bolsun!» diýdi. Yzyndanam gylyjynyň gynyny döwüp taşlady. Soňam gylyjyny (galgadyp) duşman tarapyna gitdi we wepat bolýança söweşdi. (Muslim, «Imare» 146).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Iki göze jähennem ataşy degmez: Alla gorkusyndan aglaýan göze, Allanyň ýolunda nobatçylyk edýän (ýumulmaýan) göze. (Tirmizi, «Fedailul-jihad» 12).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) eslem kowmundan bir ýaş ýigit (Allanyň resulyna (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! Men jihat etmek isleýärin, ýöne munuň üçin gerekli esbabym ýok» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) oňa: «Pylanyň ýanyna git. Ol jihada goşulmak üçin taýýarlyk görüpdi. Ýöne ol näsaglady (gidip bilenok)» diýdi. Ýaňky ýigidem pygamberimiziň (s.a.w) salgy beren kişisiniň ýanyna baryp, şeýle diýdi: «Allanyň resuly (s.a.w) salam iberdi. Söweş üçin taýýarlan ýarag-esbabyňy maňa bersin diýdi». Onsoň ýaňky adam aýalyna şeýle diýip seslendi: «Keýwany! Söweş üçin taýýarlap goýan ýarag-esbaplarymy şu ýigide ber. Bir zadynam alyp galaýma! Alla üçin hiç bir zadyny gysganyp, bermezlik etme! Şonda senem ondan geljek sogaba, berekete miýesser bolarsyň!» (Muslim, «Imare» 134).
***
Bera (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Gurat ýaraglanan, sowut geýnen bir adam pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Eý, Allanyň resuly! Öňinçä söweşe gireýinmi, ýogsam musulman bolaýynmy?»
Allanyň resuly (s.a.w): «Öňinçä musulman bol, soňra söweş!» Onsoň ol adam musulmançylygy kabul etdi. Soňra-da söweşde şehit boldy. Allanyň resuly (s.a.w) ol hakda şu sözleri aýtdy: «Az amal etdi, emma örän köp sogap gazandy». (Buhary, «Jihad» 13; Muslim, «Imare» 144).
***
Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Jennete giren hiç kim Ýer ýüzündäki ähli zat berlen ýagdaýynda-da bu dünýä dolanyp gelmegi islemez. Diňe şehit bolan kişiler özlerine edilýän sylag-hormatdan, lutfy-yhsandan ötri ýene-de bu dünýä gelmegi we ýene on ýola şehit bolmak islär. (Buhary, «Jihad» 21; Muslim, «Imare» 109).
***
Ebu Katade (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gün) Allanyň resuly (s.a.w) aramyzda otyrka ýerinden turdy-da: «Allanyň ýolunda jihat etmek we Alla iman getirmek amallaryň iň fazyletlisidir» diýdi. Şonda bir adam ýerinden turup, pygamberimize şu sowal bilen ýüzlendi: «Eý, Allanyň resuly! Eger Allanyň ýolunda öldürilsem, bu meniň günälerime keffarat (bagyşlanmagyna sebäp) bolarmy?» Allanyň resuly (s.a.w) oňa şeýle diýip jogap berdi: «Hawa! Sabyry elden bermeseň, söweş meýdanyny terk etmeseň, Alla üçin duşman bilen tutluşyp ýörkäň ölseň, günäleriň bagyşlanar». Soňra-da Allanyň resuly (s.a.w): «Näme diýip sorapdyň?» diýdi.
Ol adam: «Eger men Allanyň ýolunda öldürilsem, günälerim bagyşlanarmy?» diýip, sowalyny gaýtalady. Onsoň Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Hawa! Sabyry elden bermeseň, söweş meýdanyny terk etmeseň, Alla üçin duşman bilen tutluşyp ýörkäň ölseň, (bendeler bilen baglanyşykly) bergileriňden başga beýleki günäleriň hemmesi bagyşlanar. Muny maňa Jebraýyl aýtdy!» (Muslim, «Imare» 117).
* * *
Jabir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir adam pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! Eger (söweşde) öldürilsem, men nirede bolaryn?» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w) onuň bu sowalyna: «Jennetde» diýip jogap berdi. Bu buşluk habaryny alan ýaňky adam iýip oturan hurmalaryny taşlap, jeňe goşulmak üçin ylgaşlap gitdi. Tä şehit bolýança söweşdi. (Muslim, «Imare» 143).
* * *
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) sahabalar bilen ýola çykdy. Olar müşriklerden öňinçä Bedre baryp, ýerleşdiler. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) müminlere: «Hiç kim mensiz, öz kellesine görä hiç zat etmesin» diýip tabşyrdy. Müşrikleriň goşuny ýakynlaşyp başlanda Allanyň resuly (s.a.w): «Asman bilen Ýer aralygyndaky giň bolan jennete gowuşmak üçin aýaga galyň!» diýip buýruk berdi. Şol arada ensardan Umeýr ibn Humam (r.a): «Eý, Allanyň resuly! Asman bilen Ýer arasy ýaly giň bolan jennet diýdiňizmi?» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w): «Hawa» diýdi. Umeýr (r.a) bolsa: «(Gör,) nähili gowy! (Gör,) nähili ajap!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) ondan: «Näme üçin beýle diýdiň?» diýip sorady. Umeýr (r.a): «Alladan ant içip aýdýaryn: Eý, Allanyň resuly! Jennete düşmek islegimden ötri diýdim. Başga niýetim ýokdy» diýdi. (Şeýle diýensoň,) pygamberimiz (s.a.w) (oňa garap şeýle diýdi): «Şübhesiz, sen jennetliksiň!» (Bu sözleri eşiden) Umeýr torbasyndan biraz hurma çykaryp, iýmäge başlady. Heniz birkisini iýip-iýmän: «Şu hurmalary iýip gutarýançam ýaşamak meniň üçin örän uzak wagt bolýar» diýip, iýip oturan hurmasyny goýdy-da, (söweş meýdanyna okdurypylyp gitdi), tä şehit bolýança müşrikler bilen söweşdi. (Muslim, «Imare» 145).
* * *
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Birnäçe adam Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna gelip, «Bize Kurany we sünneti öwretjek mugallymlar iberseňiz» diýip, öz isleglerini aýtdylar. Allanyň resuly (s.a.w) ensardan «Kurra» diýilýän ýetmiş kişini olaryň ýany bilen iberdi. Olaryň arasynda daýym Haram hem bardy. (Suffa ähli bolan) bu ýetmiş kişi Kuran okamak, gijelerine öz aralarynda ylahy kelam hakda pikir alyşmak, öwrenmek bilen meşgullanýardy. Gündizlerine bolsa metjide suw daşaýardylar. Odun ýygnap, satýardylar. Onuň bilen suffa ähline we garyp-gasarlara ir-iýmiş satyn alýardylar. Ine, pygamberimiz (s.a.w) gelenleriň ýany bilen şu kişileri iberipdi. Ýöne müminler heniz barmaly ýerlerine ýetmänkäler, öňlerini kesip, olary şehit etdiler. (Olar şehit bolmazdan öňünçä) şeýle diýdiler: «(Eý,) Allam! Habarymyzy pygamberimize ulaşdyr: Biz Saňa gowuşdyk, Senden razy bolduk, Sen hem bizden razy bolduň!» Şol barmana bir adam naýzasyny Enesiň daýysy Harama şeýle bir batly sançdy welin, naýza arkasyndan girip, döşünden böwsüp çykdy. Şol pursat Haram şulary diýdi: «Käbäniň Rebbinden ant içip aýdýaryn: halas boldum!»
Ine, şu hadysa bolup geçip durka, Allanyň resuly (s.a.w) Medinede sahabalaryna şeýle diýýärdi: «Siziň gardaşlaryňyz (Maune suw ýakasynda) şehit edildiler. Olar şonda şeýle diýdiler: «Biz Saňa gowuşdyk, Senden razy bolduk, Senem bizden razy bolduň!» (Buhary, «Jihad» 9; Muslim, «Imare» 147).
* * *
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Ümmi Harise ibn Süraka ady bilen tanalýan Ümmi Rubeýýi binti Bera (Bedirde öldürilen oglunyň ýagdaýyny anyklamak üçin) Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna gelip, «Eý, Allanyň resuly! Maňa oglum Hariseniň soňunyň nähili bolandygyny aýtjakmy? Eger şehit bolup jennete düşen bolsa aglajak däl, ýok beýle däl bolsa, onuň üçin ýas tutup, aglajak!» diýdi. Allanyň resuly (s.a.w) bu zenana) şeýle diýdi: «Eý, Ümmi Harise! Jennet bir däl. Jennetiň içinde ýene jennetler bar. Seniň ogluň bolsa bularyň iň ýokary derejelisi bolan Firdews jennetindedir». (Buhary, «Jihad» 14).
* * *
Jabir ibn Abdulla (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Uhudda şehit bolan) kakamyň (müşrikler tarapyndan) musle edilen (beden agzalary kesilip aýrylan) jesedi Allanyň resulynyň (s.a.w) öňüne getirildi. Ýüzüni açyp göreýin diýip bardym. Emma ol ýerdäkiler muňa ýol bermediler, meniň öňüme geçdiler. Şonda pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Perişdeler hiç durman ganatlary bilen oňa saýa bolýarlar». (Buhary, «Jihad» 20; Muslim, «Fadailul-sahabe» 129).
* * *
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Şehidiň jan beren wagty çekýän yzasy siziň biriňiziň büre dişlemeginden çekýän yzasy ýalydyr. (Tirmizi, «Fadailul-jihad» 26).