***
Abdulla ibn Ebi Ewfa (r.anhuma) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) bir gezek duşman bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emma dessine söweşe girişibermedi. Gün ýaşýança garaşdy. Şol pille esgerlere ýüzlenip şeýle diýdi:
Eý, musulmanlar! Hergiz «duşman bilen bir ýüzbe-ýüz bolsadym» diýmäň! Alladan aman-esenlik diläň! Bardy-geldi duşman bilen ýüzbe-ýüz bolaýanyňyzda-da, sabyry elden bermäň! Şuny bilip goýuň: jennet gylyçlaryň kölegesiniň astyndadyr.
Mundan soňra hem şeýle diýip dileg etdi:
Eý, kitaby (Kurany) indiren, bulutlary asmanda gezdiren, sap tutan duşmanlary derbi-dagyn eden Allam! Şu duşmany (hem) perişan kyl we bize olary ýeňmegi miýesser et! (Buhary, «Jihad» 112; Muslim, «Jihad» 20).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (saw) şeýle diýipdir:
Bir kişi iman getirse, Allanyň wadasyny ykrar etse, Onuň ýolunda jihat etmek üçin bir at seýisläp ýetişdirse, kyýamat güni şol atyň iýeni-içenine, tezegi-peşewine deňiç her bir zady sogap saýylyp, şol kişiniň peýdasyna mizan terezisine goýuljakdyr. (Buhary, «Jihad» 45).
***
Ukbe ibn Amir el-Juheni (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekrem (s.a.w) münberde durka şeýle diýdi: «Duşmanlaryňyza garşy (durmak üçin) ýagdaýyňyz ýetdiginden güýç jemläň! Bilip goýuň! Güýç (ok) atmakdyr, güýç (ok) atmakdyr, güýç (ok) atmakdyr! (Muslim, «Imare» 167).
***
Ukbe ibn Amir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla bir okdan ötri üç kişini jennete alar: haýyr bolsun, sogap getirsin umydy bilen oky ýasan ussany, Allanyň razylygy ýolunda oky atan kişini, atmaga ýardam eden kişini.
Ok atmagy we at münmegi gowy öwreniň (özüňizi ýetişdiriň). Ökde atyjy bolmagyňyz ökde at münüji bolmagyňyzdan has gowudyr. Bir kişiniň atyjylyk tälimini alandan soň, şol hünärini goýmagy örän ähmiýetli bir nygmaty terk etmekdir, gadyrbilmezlikdir. (Ebu Dawud, «Jihad» 23).
***
Ebu Umame (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir sahaba pygamberimizden (s.a.w): «Syýahata çykmagym üçin rugsat ber, eý, Allanyň resuly!» diýip, ejaza sorady. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şeýle diýdi: «Ymmatymyň syýahata çykmagy Aziz we Jelil bolan Allanyň ýolunda jihada çykmakdyr». (Ebu Dawud, «Jihad» 6).
***
Ebu Umame (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim Allanyň ýolundaka bir gün oraza tutsa, Haktagala onuň bilen jähennemiň arasynda Ýer bilen asman giňişliginde bir hendek açar (ony jähennemden uzak tutar). (Tirmizi, «Fadailul-jihad» 39).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim Allanyň ýolunda hiç bir söweşe gatnaşman ýa-da söweşe gatnaşmagy islemezden dünýäden ötse, mynapyklygyň bir alamaty bilen ölüp gider. (Muslim, «Imare» 158).
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Jihat etmäge giden, söweşden olja alyp, sag-aman öýüne dolanyp gelen topara ýa-da seriýýä sylag-serpaýdan üçden ikisi nagt berler. Emma jihada giden, ýöne oljasyz dolanyp gelenleriň ýa-da şehit bolanlaryň, ýa bolmasa ýaraly bolup yzyna gelenleriň sylag-serpaýy has soňra, ýagny ahyretde birkemsiz berler. (Muslim, «Imare» 154).
Seriýýe – Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň özüniň gatnaşmadyk ýörişleri.
***
Ebu Umame (r.a) hezretleri gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim jihada gatnaşmasa ýa-da jihat etmäge giden bir mujahidi ýarag-esbap bilen üpjün etmese, ýa bolmasa onuň maşgalasyna göz-gulak bolmasa (ýardam etmese), Alla ony kyýamat gününden öňünçä agyr bela duçar eder. (Ebu Dawud, «Jihad» 17).
***
Şehitler hakda
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Şehitler bäş topara bölünýär: mergi ýaly ýokanç kesele ýolugyp ölenler, iç kesele duçar bolanlar, suwda gark bolup ölenler, (ýer titreme ýaly hadysalarda) kesegiň, topragyň astynda galyp ölenler, Allanyň ýolunda jan berenler. (Buhary, «Jihad» 30; Muslim, «Imare» 164).
***
Aşereýi-mübeşşereden Said ibn Zeýd (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Mal-emlägini goramagyň ugrunda öldürilen, janyny goramagyň ugrunda öldürilen, dinini goramagyň ugrunda öldürilen, ar-namysyny goramagyň ugrunda öldürilen kişi şehitdir. (Ebu Dawud, «Sünnet» 29; Tirmizi, «Diýat» 21).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir adam Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna gelip, şeýle sowal berdi: «Eý, Allanyň resuly! Kimdir biri emlägimi zor bilen elimden aljak bolsa näme edeýin?» Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w): «Emlägiňi berme» diýdi. Ýaňky adam: «Eger ol meniň bilen darkaşa giriberse nädeýin?» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w): «Senem garşylyk ber» diýdi. Ýene-de ol kişi: «Birden meni öldüräýse?!» diýip sorady. Resuly-Ekrem (s.a.w): «Onda şehit bolarsyň» diýdi. Adam ýene şeýle sowal berdi: «Birden men ony öldüräýsem?!» Pygamberimiz (s.a.w): «Ol jähennemdedir» diýdi. (Muslim, «Iman» 225).
***
Gul azat etmegiň fazyleti
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim bir musulman guly azat etse, Allatagala azat edilen guluň her bir agzasyna derek azat eden kişiniň bir agzasyny (jynsy agzasyna derek bir jynsy agzasyny) jähennem ataşyndan gorar. (Buhary, «Keffaret» 6; Muslim, «Ytk» 22).
***
Gullaryň we hyzmatkärleriň hak-hukugyny goramak
«Alla ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşmaň! Ene-ata, dogan-garyndaş, ýetimler, garyp-gasarlar, ýakyn goňşular, daş goňşular, ýol hemraňyz, ýolagçy we gol astyňyzdakylar (gul-gyrnaklar) bilen örän gowy gatnaşykda boluň!» («Nisa» süresi, 4/36).
***
Marur ibn Suweýd gürrüň berýär:
Men Ebu Zeri (r.a) egni gymmatbaha bir lybasly gördüm. Meňzeş lybasy onuň gulunyň egninde-de bardy. Ondan bu barada soradym. Şonda ol pygamberimiziň (s.a.w) döwründe bir adama käýäp, ejesinden ötri ony ýazgaranda, Ebu Zere pygamberimiziň (s.a.w) duýduryş berşini gürrüň berdi. Pygamberimiz (s.a.w) oňa şeýle diýipdir:
Sende henizem jahylyýet döwrüniň alamatlary bar. Alla olary (gullary) siziň hemaýatyňyza berdi. Olar siziň gardaşyňyzdyr. Kimiň şeýle gardaşy barsa, oňa öz iýýäninden iýdirsin, geýýäninden geýdirsin. Başarmajak işini buýurmasyn. Bardy-geldi şeýle buýruk beräýse-de, özi hem ýardam etsin! (Buhary, «Iman» 22, «Ytk» 15; Muslim, «Eýman» 40).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Hyzmatkäriňiz size nahar getirende, ýanynda oturtmanda-da, oňa birki lukma (ýa-da birki çeýnem) hödür-kerem etsin. Sebäbi nahary ol taýýarlady. (Buhary, «Ytk» 18).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Hojaýynyna ýürekden we birkemsiz hyzmat eden gula (eden hyzmatynyň) sogaby iki esse edip ýazylýandyr.
Ebu Hureýre (r.a) bu barada şeýle diýýär: «Janym gudrat elinde bolan Alladan ant içip aýdýaryn: Alla ýolunda jihat etmek we haj ýaly beýleki ybadatlar, şeýle hem ejemiň göwnüni almak aladam bolmasady, gul bolup ölmegi islärdim». (Buhary, «Ytk» 16; Muslim, «Eýman» 44).
***
Ebu Musa el-Eşary (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Muzdy goşalanjak üç ynsan topary bardyr. Birinjisi, kitap ählinden öz pygamberine iman edenden soňra musulmançylygy kabul edip, Muhammede (s.a.w) iman eden kişi; beýlekisi, Allanyň hem-de hojaýynynyň öňündäki borçlaryny berjaý edýän gul; ýene biri-de, hemaýatyndaky gyrnagyna ýeterlik bilim-terbiýe beren, soňra-da ony azat edip, oňa öýlenen kişi. (Buhary, «Ytk» 16, «Nikah» 12; Muslim, «Iman» 241).
***
Makil ibn Ýesar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Pitne-pisat çykan döwürlerde ybadat bilen meşgul bolmak meniň üçin hijret eden ýalydyr. (Muslim, «Fiten» 130).
***
Geçirimli bolmak
«Alla siziň edýän ýagşylyklaryňyzy, elbetde, gowy bilýär». («Bakara» süresi, 2/125).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Resuly-Ekremden (s.a.w) algysyny sorap gelen bir sähraýy hetdinden aşyp, hapa sözler diýdi. Şol barmana sahabalar onuň mazaly suwuna degmekçi boldular. Ýöne Allanyň resuly (s.a.w): «Oňa degmäň. Sebäbi ol algydar. Onuň algysyny talap etmäge haky bar» diýip, sahabalary duruzdy. Soňra pygamberimiz (s.a.w): «Oňa düýesi bilen ýaşytdaş bir düýe beriň!» diýip, tabşyryk berdi. Sahabalar: «Eý, Allanyň resuly! Edil şol ýaşdaky düýäni tapyp bilmedik, ýöne ondan ýaşy bar» diýdiler. Pygamberimiz (s.a.w): «Onuň ýaly bolsa, şony beriň. Çünki siziň iň haýyrlyňyz, bergisini iň gowy görnüşde berendir» diýdi. (Buhary, «Istikraz» 4; Muslim, «Musakat» 120).
***
Jabir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
(Nämedir bir zat) satanyňyzda, alanyňyzda, algydaryňyzdan algyňyzy soranyňyzda ylalaşykly (mylakatly, geçirimli, ýeňillik döredýän) bolan kişä Alla rahmet etsin! (Buhary, «Buýu» 16).
***
Ebu Mesud el-Bedri (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Sizden öňki ymmatlardan bir (söwdagär) adamy (ölenden soňra) hasaba çekdiler. Onuň meňki bolsun diýer ýaly eden haýyr işi çykmady. Ýöne bu söwdagär adam müşderilere her hili ýeňillik döredýän ekeni. Işgärlerine-de bergidarlara, karzyny üzüp bilmän agyr günde galyp ýörenlere zabun daramazlygy, ylalaşykly, geçirimli bolmagy sargar eken. Onuň şu gylygy sebäpli, Aziz we Jelil bolan Alla: «Kyn günde galanlara dözümsizlik etmeklige ondan beter biz laýykdyrys, ony bagyşlaň» diýdi. (Muslim, «Musakat» 30).
***
Ylmyň fazyleti
«Eý, Rebbim! Meniň ylmymy artdyr!» diý». («Taha» süresi, 20/114).
***
«Aýt: «Eýsem bilýänler bilen bilmeýänler deň bolup bilermi?». («Zumer» süresi, 39/9).
***
«Alla hem sizden iman getirenleriň we ylym nesip edilenleriň derejelerini beýgelder». («Mujadele» süresi, 58/11).
***
«Onuň bendeleriniň arasynda diňe (hakyky) alymlar Alladan çyn ýürekden gorkýandyrlar». («Fatyr» süresi, 35/28).
***
Muawiýe (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla kime haýyr dilese, oňa din hususynda aýratyn pähim-paýhas berer (ony dini meselelerde fakih derejesine ýetirer). (Buhary, «Ilim» 10; Muslim, «Imare» 175).
***
Sehl ibn Sad (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) hezreti Ala (r.a) şeýle diýip ýüzlenipdir:
Eý, Aly! Alladan ant içip aýdýaryn: Haktagalanyň seni sebäp edip, bir kişini dogry ýola salmagy saňa (gymmat bahaly) guba düýeleri bagyşlamagyndan (seniň hem olary hudaýýoluna paýlamagyňdan) has haýyrlydyr. (Buhary, «Megazy» 38; Muslim, «Fedailus-sahabe» 34).
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Maňa inen Kurandan bir aýat hem bolsa (öwrenenleriňizi) ynsanlara bildiriň (ýetiriň). Ysraýylogullarynyň ybratlyk kyssalaryndan gürrüň berip bilersiňiz. Bu gadagan däldir. Kimde-kim bilgeşleýinden maňa ýalan söz ýöňkese (aýtmadyk zadymy aýdan ýaly edip gürrüň berse), jähennemdäki ýerine taýýarlanybersin. (Buhary, «Enbiýa» 50).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim ylym öwrenmek üçin ýola düşse, Alla oňa jennete barýan ýoly (geçmegi) asan eýlär. (Muslim, «Zikr» 39).
***
Ebud-Derda (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ylym almak maksady bilen ýola çykan kişä Alla jennete barýan ýollary açar. Ylma we ylym alýan kişä bolan hormatyndan ötri perişdeler onuň üstüne ganatlaryny ýaýarlar. Asmandaky we Ýerdäki her zat, hatda suwdaky balyklar hem ylym talyby üçin Alladan rahmet dilärler. Alymyň a:bidden (ybadathon) mertebesiniň ýokary bolşunyň mysaly Aýyň bütin ýyldyzlardan üstün bolşy ýalydyr. Alymlar pygamberleriň mirasdüşerleridir. Pygamberler altyn-kümüş miras goýmazlar, eýsem olar (yzlarynda) ylym galdyrarlar. Bu mirasdan kime paý galan bolsa, bu onuň nesibeli, bagtly adamdygyny görkezýär. (Tirmizi, «Ilim» 19; Ebu Dawud, «Ilim» 1).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimdir birine bilýän sowaly soralanda jogap bermese, kyýamat güni onuň agzyna otdan agyzzyryk salnar. (Tirmizi, «Ilim» 3).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim ylmy Allanyň razylygy üçin däl-de, eýsem diňe dünýewi maksatlaryna ýetmek üçin öwrense, kyýamat güni jennetiň ysyny hem almaz. (Ebu Dawud, «Ilim» 12).
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.anhuma) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla ylmy ynsanlardan olaryň hakydasyndan öçürmek bilen däl, eýsem hakyky alymlary öldürip gutarmak bilen alar. Şondan soňra adamlar birtopar sowatsyz kişilere gulak gabardarlar. Bu alymsumaklara käbir meseleler dogrusynda sowal berilse, ylmy ýogam bolsa, (bu barada) özüçe fetwa (düşündiriş) bererler. Şunlukda, hem özleri ýoldan çykarlar, hem-de halky ýoldan çykararlar. (Buhary, «Ilim» 34; Muslim, «Ilim» 13).