Allany zikir etmek, hamdy-sena aýtmak, şükür etmek
«Siz Meni (ybadat bilen) ýatlaň! Men hem sizi (ýalkaw bilen) ýatlaýyn! Maňa şükür ediň! Hergiz gadyrbilmezkik etmäň!» («Bakara» süresi, 2/152).
***
«Eger şükür etseňiz, takyk, (nygmatymy) artdyraryn». («Ybraýym» süresi, 14/7).
***
«Olaryň şol ýerdäki dilegleri: «Eý, Allam! Sen ähli kemçiliklerden päksiň!», biri-birlerine aman-esenlik dilegleri: «Salam-salamatlyk», ahyrky dilegleri bolsa: «Älemleriň Perwerdigäri Alla üçin hamdy-senalar bolsun!» (diýen sözleridir)». («Ýunus» süresi, 10/10).
***
«Eý, iman getirenler! Allany örän köp zikir ediň! Ony ertir-agşam tesbih ediň!» («Ahzab» süresi, 41-42).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Magraç gijesi pygamberimize (s.a.w) birine şerap, birine-de süýt guýlan iki bulgur getirildi. Pygamberimiz (s.a.w) olara bir seretdi-de süýtli bulgury aldy. Şonda Jebaraýyl (a.s) şeýle diýdi: «Saňa ynsanyň ýaradylyş maksadyna muwapyk ýoly görkezen Alla hamd bolsun. Eger şeraply bulgury islän bolsadyň, ymmatyň ýoluny urdurardy». (Muslim, «Iman» 272, «Eşribe» 92).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla hamd etmek bilen başlanmaýan işde bereket bolmaz. (Ebu Dawud, «Edeb» 18).
***
Allanyň resulyna salawat aýtmak
«Alla we Onuň perişdeleri pygambere salawat aýdýarlar. Eý, iman getirenler! Siz hem oňa salawat aýdyň we oňa ýürekden salam bermek bilen salamatlyk diläň!» («Ahzab» süresi, 33/56).
***
Ews ibn Ews (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Siziň iň fazyletli günüňiz juma günüdir. Şol güni maňa kän salawat aýdyň. Çünki siziň salawatdyr salamlaryňyz maňa ýetiriler».
Sahabalar: «Eý, Allanyň resuly! Siz gabyrda çüýrärsiňiz ahyry. Onsoň biziň aýdan salawatymyz, salamymyz saňa nähili baryp ýeter?» diýip soradylar.
Pygamberimiz (s.a.w) olara: «Allatagala topraga pygamberleriň bedenlerini çüýretmegi haram kyldy (gadagan etdi)» diýdi. (Ebu Dawud, «Salat» 201).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ýanynda adym tutulanda maňa salawat, salam aýtmadyk kişi zelil bolsun. (Tirmizi, «Deawat» 101).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Meniň guburumy baýram ýerine öwürmäň. (Ýöne) maňa salawat we salam aýdyň. Çünki nirede bolsaňyz hem siziň aýdan salatdyr salamyňyz maňa gelip ýeter. (Ebu Dawud, «Menasik» 97).
***
Fedale ibn Ubeýd (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) bir adamyň namazdan soňra Alla hamd etmän, pygambere (s.a.w) salawat aýtman, dileg etmäge başlanyny aňşyrdy. Şonda pygamberimiz (s.a.w): «Bu adam howlukdy» diýdi. Onsoň ony ýanyna çagyrdy. Hem oňa, hem-de ol ýerdäkilere şeýle nesihat berdi: «Namazdan soňra dileg etmäge Alla hamdy-sena aýtmak bilen başlaň! Soňra pygambere (s.a.w) salawat aýdyň! Yzyndanam (Allatagaladan) isleýän zadyňyzy diläberiň!» (Ebu Dawud, «Witr» 23).
***
Ebu Mesud el-Bedri (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Sad ibn Ubade (r.a) bilen otyrkam, ýanymyza Allanyň resuly (s.a.w) geldi. Beşir ibn Sad (r.a): «Eý, Allanyň resuly! Allatagala saňa salawat aýtmagymyzy emr etdi. Biz Saňa nädip salawat aýtmaly?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w) esli wagty dymyp otyrdy. Şol sebäpli öz ýanymyzdan «Käşge bu sowaly bermesedik» diýdik. Soňra Allanyň resuly (s.a.w) şu jogaby berdi:
Allahumme salli ala: Muhammedin we ala: Muhammed, kema: sallaýte ala: a:li Ibrahim, we ba:rik ala: Muhammedin we ala: a:li Muhammed, kema ba:rekte ala: a:li Ibrahim, inneke hami:dun meji:d.
Yzyndanam şeýle diýdi:
Salam bermegi bolsa siz bilýäňiz. (Muslim, «Salat» 65).
Hadysdaky salawatyň manysy:
Eý, Allam! Ybraýymyň nesline rahmet edişiň ýaly Muhammede we nesline hem rahmet et! Eý, Allam! Ybraýymyň nesline haýyr we bereket bagyş edişiň ýaly Muhammede we nesline hem haýyr we bereket yhsan eýle. Şübhesiz Sen Hami:d (bütin öwgülere laýyk) we Mejidsiň (haýyr we yhsany bol beýik Birabarsyň).
***
Allany zikir etmegiň fazyleti
«Allany zikir etmek, elbetde, iň beýik fazyletdir». («Ankebut» süresi, 29/45).
***
«Halas bolmagyňyz üçin Allany köp zikir ediň (ýatlaň)!» («Juma» süresi, 62/10).
***
«Säher-agşam Rebbiňe ýürekden ýalbaryp‚ (oýa batyp) özüň eşidip biljek derejede ýuwaşja ses bilen (Allany) zikir et‚ gapyllardan bolma!» («Araf» süresi, 7/205).
***
«Gün dogmazyndan öň (ertir namazynda) we batmazdan öň (ikindi namazynda) Rebbiňe hamdy-sena bilen tesbih aýt!» («Taha» süresi, 20/130).
***
«Ertir-agşam Rebbiňi hamdy-senalar bilen ýatla!» («Mümin» süresi, 40/55).
***
«(Ol nura), Allanyň beýgelmegine hem-de içinde Öz adynyň agzalmagyna rugsat eden öýlerindedir (metjitlerdedir). Şol öýleriň içinde (ynsanlar) ertir-agşam Ony tesbih ederler. Olar söwda-satygyň özlerine Allany ýatlamaga, namazy berjaý etmäge we zekat bermäge päsgel bermeýän, ýürekleriň we gözleriň agyp-dönüp durjak gününden gorkýan adamlardyr». («Nur» süresi, 24/36-37).
***
«Alla musulman erkeklere we zenanlara, mümin erkeklere we zenanlara, yhlas bilen Alla ybadat edýän erkeklere we zenanlara, Allanyň sadyk gullary bolan erkeklere we zenanlara, sabyrly erkeklere we zenanlara, Alladan gorkýan we çekinýän erkeklere we zenanlara, sadaka berýän erkeklere we zenanlara, oraza tutýan erkeklere we zenanlara, namyslaryny goraýan (zyna etmeýän) erkeklere we zenanlara, Allany köp zikir edýän (ýatlaýan) erkeklere we zenanlara ýalkaw we uly sylag taýýarlady». («Ahzab» süresi, 33/35).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Dil (aýtmak) ýeňil (düşýän), terezä goýlanda sogaby örän agyr (gelýän), Rahman bolan Allany hoşnut edýän iki söz bar (ol hem şudur): subhanallahi we bi hamdihi hem-de subhanallahil-azym. (Buhary, «Deawat» 65; Muslim, «Zikr» 31).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Her gün ýüz gezek «Lä ilahe illallahu wahdehu la şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu we huwel ala külli şeý-in kadyr» zikirini gaýtalan kişä on gul azat eden ýaly muzd berler, ýüz haýyr iş eden ýaly sogap ýazylar we ýüz günäsi pozular. Galyberse-de, şol güni tä agşama deňiç şeýtanyň şerinden goranar. Bu zikiri okan kişiden has köp gaýtalan kişi bolaýmasa, başga hiç kim has fazyletli iş edýän däldir. Şeýle hem, günde ýüz ýola «Subhanallahi we bi hamdihi» diýip gaýtalasa, onuň günäleri deňziň köpürjikleri ýaly hem bolsa bagyşlanar. (Buhary, «Deawat» 64, 65; Muslim, «Zikr» 28).
***
Ebu Eýýub el-Ensary (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim on gezek «Lä ilahe illallahu wahdehu la şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu we huwe ala: kulli şeý-in kadyr» diýip gaýtalasa, Ysmaýylyň neslinden dört bendini azat eden ýaly sogaba, muzda miýesser bolar. (Buhary, «Deawat» 64; Muslim, «Zikr» 30).
***
Sewban (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) namaz okap bolup, salam bereninden soňra, üç ýola «Estagfirulla» diýip toba ederdi we şu dogany okardy: «Allahumme entessalam we minkessalam tebarekte ýa: zeljaly welikram». (Muslim, «Mesajid» 135).
***
Mugyra ibn Şube (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) namazyny okap bolansoň, şeýle diýip doga eder eken:
La ilahe illallahu wahdehu la şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu we huwe ala: külli şeý-in kadyr. Allahumme la: maniya li-ma: ataýte we la: mutiye li-ma: menate wela: ýenfeu zel-jeddi minkel-jed. (Buhary, «Deawat» 18; Muslim, «Mesajid» 137).
***
Abdulla ibn Zübeýr (r.a) hezretleri namaz okap bolup, salam berensoň şeýle doga ederdi:
La: ila:he illallahu wahdehu la şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu we huwe ala: külli şeý-in kadyr; la: hawle wela: kuwwete illa billah; la: ilahe illallahu wela nabudu illa: iýýah; lehun-nimetu we lehul-fadlu we lehus-senaul-hasen; la: ilahe illallahu muhlisyne lehud-dine welew kerihel-kafirun.
Abdulla ibn Zübeýr (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) her parz namazyndan soňra şu dogany okar eken. (Muslim, «Mesajid» 139).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim namazdan sonra otuz üç gezek «Subhanalla», otuz üç gezek «Älhamdulilla», otuz üç gezek «Allahu ekber» diýip, ýüzünjisini «La ilahe illallahu wahdehu la şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu we huwe ala külli şeý-in kadyr» dogasy bilen tamamlasa, günäleri deňiz köpügi ýaly ummasyz bolsa bagyşlanar. (Müslim, «Mesajid» 146).
***
Sad ibn Ebi Wakkas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) namazdan soňra şu dogany okardy: «Allahumme inni euzu bike minel-jubni wel-buhli we euzu bike min en uradde ila: erzelil-umri we euzu bike min fitnetid-dünýa we euzu bike min fitnetil-kabri». (Buhary, «Deawat» 37).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Rukugda «Subhane rabbiýel-azym» diýip, Rebbe tagzym ediň! Sejdede has köp dileg-doga etjek boluň! Çünki sejdede wagtyňyz edilen dogalar kabul edilmäge has laýykdyr. (Müslim, «Salat» 207).
***
Ebu Zer (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Siziň her haýsyňyz synaňyzyň her bir bogny üçin sadaka bermegiňiz gerek. Aýdylan her bir tesbih («Subhanalla» diýmek) bir sadakadyr, edilen her bir hamd («Älhamdulilla» diýmek) bir sadakadyr, getirilen her bir tehlil («Lä ilähe illalla» diýmek) bir sadakadyr, her bir tekbir («Allahu ekber» diýmek) bir sadakadyr, gowulyga çagyrmak sadakadyr, erbetlikden saklamak sadakadyr. Guşluk wagty okalan iki rekagat namaz bularyň ýerini tutýandyr. (Muslim, «Salatul-musafirun» 84, «Zekat» 56).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) bir kudsy hadysda Allatagalanyň şeýle diýenini bildiripdir:
Bendäme bolan gatnaşygym onuň Men hakdaky pikirine bagly bolar. Ol meni ýatlap zikir eden wagty onuň bilen bolaryn. Eger meni köňlünde ýa-da ýeke özi wagty ýatlap zikir etse, menem ony şeýle ýat ederin. Eger ol meni jemagat arasynda ýatlasa, menem ony has haýyrly jemagat bilen ýat ederin. (Buhary, «Tewhid» 15; Muslim, «Zikr» 2).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w): «Müferridler öňe geçdi» diýdi. Sahabalar: «Müferridler näme diýmek bolýar, eý, Allanyň resuly?» diýip soradylar. Ol (s.a.w): «Allany zikir etmeklige berlen erkekler bilen zenanlardyr» diýdi. (Muslim, «Zikr» 4).
***
Abdulla ibn Büsr (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir adam Allanyň resulyna (s.a.w) ýüzlenip şeýle diýdi: «Eý, Allanyň resuly! Yslamyň emirleri köpeldi. Maňa gaýym ýapyşarym ýaly bir zat aýt!» Pygamberimiz (s.a.w): «Diliň hemişe Allany zikir etsin!» diýdi. (Tirmizi, «Deawat» 4).
***
Ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Isra we Magraç gijesi Ybraýyma (a.s) gabat geldim. Ol maňa «Eý, Muhammet! Ymmatyňa menden salam aýt! Olara jennetiň aňrybaş gowy topragynyň, datly suwunyň, uç-gyraksyz we tep-tekiz meýdanynyň bardygyny, şol ajaýyp toprakda her hili önümleri ýetişmeginiň «Subhanallahi wel-hamdu lillahi wela ilahe illallahu wallahu ekber» diýmeklige baglydygyny habar ber!» diýdi (Tirmizi, «Deawat» 59).
***
Sad ibn Ebi Wakkas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) bilen hurmanyň şäniklerini we çagyl daşlaryny tesbi ýaly ulanyp, zikir çekip oturan bir zenanyň ýanyna bardyk. Şonda pygamberimiz (s.a.w) o zenana şeýle diýdi: «Saňa mundan has amatly (has haýyrly) tesbih kelimelerini öwredeýin: Subhanallahi adede ma: halaka fis-semai we subhanallahi adede ma halaka fil ard we subhanallahi adede ma beýne zälike we subhanallahi adede ma huwe halık. Muny okanyňdan soňam dogada geçýän «Subhanalla» sözüniň ýerine bir gezek «Allahu ekber», bir gezek «Älhamdulilla», bir gezek «Lä ilahe ilallah» we bir gezegem «Lä hawle wela kuwwete illa billah» kelemelerini goýup oka! (Şunlukda, bu doga bäş ýola okalar). (Tirmizi, «Deawat» 113).
***
Ebu Musa (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) «Jennet hazynalaryndan bir sanysyny saňa bildireýinmi?» diýip sorady. Menem: «Hawa, eý, Allanyň resuly! Bildir» diýdim. Ol (s.a.w) hem: «La hawle wela kuwwete illa billah (Hakyky güýç eýesi eýesi Alladyr, güýje eýe bolmak hem diňe Allanyň yhsany biledir)» diýdi. (Buhary, «Deawat» 50; Muslim, «Zikr» 44).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Kimde-kim aýalyna ýakynlaşjak bolanda «Bismilla, Allahumme jennibneş-şeýtane we jennibiş-şeýtane ma razaktena (Eý, Allam! Şeýtany bizden we bize berjek zurýadyňdan uzak tut)» diýip doga etse we bu ýakynlaşmadan bolan perzent bolsa, şeýtan oňa zyýan berip bilmez. (Buhary, «Nikah» 66, «Daawat» 54; Muslim, «Nikah» 116).
***
Huzeýfe we Ebu Zer (r.ahuma) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) ýatmak üçin düşege girende şu dogany okardy: «Bismikellahümme ahýa we emut. (Eý, Allam! Seniň adyň bilen ölerin, Seniň adyň bilen direlerin!)»
Ukudan oýanan wagty hem şu dogany okardy: «Elhamdulillahillezi ahýana min badi ma ematena we ileýhin-nuşur (Bizi öldürenden soňra täzeden direltjek Alla hamd edýärin. Direltmek diňe Oňa mahsusdyr)». (Buhary, «Deawat» 28).