Ryýazus-Salyhyn 30

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Allanyň «Tawwafun» diýilýän perişdeleri bardyr. Olar ynsanlaryň bar ýerlerine aýlanyp, zikir bilen meşgullanýan kişileri gözläýerler. Şeýle ynsanlara gabat gelenlerinde bolsa olar: «Geliň! Geliň! Gözleýän kişilerimiz bu ýerde!» diýip, biri-birini habardar edýärler. Onsoň dünýä asmanyna deňiç ganatlary bilen zikir bilen meşgullanýan şol kişileri saýalaýarlar we olaryň daş-töweregini gallap alýarlar. Allatagala hemme zady anyk bilýän hem bolsa, bu perişdelere şeýle sowal bilen ýüzlenýär:

  • Gullarym näme diýýär?

Perişdeler:

Eý, Rebbim! Saňa tesbih (Subhanalla – Allanyň nogsan sypatlardan päkligini yglan etmek), tekbir (Allahu ekber – Allanyň beýikligini yglan etmek), tahmid (Älhamdulilla – Alla hamdy-sena aýtmak) aýdýarlar.

(Haktagala bilen perişdeleriň arasynda şeýle gürrüňdeşlik bolup geçýär)

  • Olar meni görýärlermi?
  • Ýok. Görenoklar.
  • Eger göräýseler?
  • Eger seni görsediler, Saňa has kän ybadat ederdiler, has köp tagzym ederdiler, tesbih aýdardylar.
  • Bendelerim (Menden) näme isleýärler?
  • Senden jennetiňi isleýärler.
  • Olar jenneti gördülermi?
  • Ýok. Rebbim. Olar jenneti görmediler.
  • Eger görsediler?
  • Eger jenneti görsediler, ony has güýçli islärdiler. Oňa girip bilmek üçin ellerinden gelenini ederdiler.
  • Olar nämeden (Maňa) sygynýarlar?
  •  Jähennemiňden.
  • Olar ony gördülermi?
  • Ýok, eý, Rebbim! Olar jähennemi görmediler.
  • Eger görsediler?
  • Onda bar güýçleri bilen jähennemden uzak durardylar we ondan goranmak üçin (Saňa) kän ýalbarardylar.

Perişdeleriň bu jogaplaryndan soňra Haktagala şeýle diýýär:

  • Perişdeler, sizem şaýat boluň! Men olaryň hemmesini bagyşlaýaryn.

Şonda perişdeleriň birisi şu sowaly berýär:

  • Eý, Rebbim! Olaryň arasynda birisi bar welin, bu mejlise başga niýet gelipdir, zikir üçin gelmändir.

Şonda Haktagala şeýle diýýär:

  • Ony hem bagyşladym. Çünki şol mejlisde şeýle bir kämil ynsanlar bar welin, olaryň arasynda bolan erbet bolmaz. (Buhary, «Deawat» 66).

***

          Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

          (Bir gün) Muawiýe (r.a) metjide halka gurup oturan ynsanlaryň ýanyna baryp, «Bu ýere näme üçin jemlendiňiz» diýip soraýar.  Olar: «Allany zikir etmek üçin» diýip jogap berýärler. Muawiýe ýene-de: «Alla üçin dogryňyzy aýdyň! Siz bu ýerde diňe Allany zikir etmek üçin jemlendiňizmi?» diýip soraýar. Olaram: «Hawa, diňe şonuň üçin jemlendik» diýýärler. Onsoň Muawiýe: «Men siziň sözüňize ynanmaýandygym üçin ara Allany goşmadym. Allanyň resulyna (s.a.w) ýakyn bolubam, menden has az hadys gürrüň beren ýokdur» diýip sözüni şeýle dowam etdirýär: «Bir gün Allanyň resuly (s.a.w) halka gurap oturan sahabalarynyň ýanyna gelip, «Siz näme üçin jemlendiňiz?» diýip sorady. Olar: «Allany zikir etmek we Oňa hamdy-sena aýtmak üçin ýygnandyk» diýdiler. Onsoň Allanyň resuly (s.a.w) olardan: «Hakykatdanam, size bu ýerde diňe Allany zikir etmek üçin otyrdyňyzmy?» diýip sorady. Olar: «Walla, diňe şu niýet bilen otyrdyk» diýişdiler. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) olara şeýle diýdi: «Men sözüme ähti size ynanmaýandygymyz üçin garyşdyrmadym. Ýöne Jebraýyl meniň ýanyma gelip, Allatagalanyň perişdeleriniň ýanynda size buýsanýandygyny bildirdi. Ana, şonuň üçin şeýle diýip soradym». (Muslim, «Zikr» 40).

***

Säher bilen we agşam çagy ediljek dileg-dogalar

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim säher bilen we agşam bolanda ýüz gezek «Subhanallahi we bihamdihi (Subhansyň eý, Reb! Oňa hamdy-sena aýdýaryn)» diýip gaýtalasa, kyýamat güni hiç kim ondan has haýyrly amal bilen (Allanyň huzuryna) barmaz. Diňe şol kelemäni onuňka barabar ýa-da ondanam has artyk gaýtalan kişi bolaýmasa (onuň bilen deňleşjek tapylmaz). (Muslim, «Zikr» 26).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Bir gezek biri Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Eý, Allanyň resuly! Düýn gije meni möý çakdy. Şol zerarly örän ejir çekdim». Şonda pygamberimiz (s.a.w) oňa şeýle diýdi: «Eger agşam bolanda «Euzu bikelimätillähit-tämmeti min şerri mä halak (Ýaradan barlyklarynyň şerinden Allanyň kämil kelimelerine sygynýaryn)» diýen bolsadyň, onuň saňa zyýany degmezdi». (Muslim, «Zikr» 55).

 ***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) säher bilen şu dogany okar eken:

«Allahumme bike esbahna we bike emseýna we bike nahýa we bike nemutu we ileýken-nuşur (Eý, Allam! Seniň yhsan etmegiň bilen sähere ýetdik, seniň lutfuň bilen agşama çykdyk. Seniň islemegiň bilen direlýäris, seniň islemegiň bilen ölýäris. Täzeden direldip, huzuryňda ýygnajagam sensiň)».

Agşama ýetende-de şeýle diýip dileg ederdi:

«Allahumme bike emseýna we bike nahýa we bike nemut we ileýkel-masyr (Eý, Allam! Seniň lutfuň bilen agşama ýetdik. Seniň islemegiň bilen direlýäris, seniň islemegiň bilen ölýäris. Dolanyp huzuryna baryljagam Sensiň). (Ebu Dawud, «Edeb» 101; Tirmizi, «Deawat» 13).

  ***

Ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) agşam bolanda, şu dogany okar eken:

Emseýna we emsel-mülkü lillah, wel-hamdü lillah, la ilahe illallahu wahdehu la şerike leh, lehul-mulku we lehul-hamdu we huwe ala külli şeý-in kadir, rabbi eselüke haýra ma fi hazihil-leýleti we haýra ma badeha we euzu bike min şerri ma fi hazihilleýleti we şerri mâ badeha, rabbi euzu bike minel-keseli we suil-kiber, eûzu bike min azabin-nar we azabil-kabr (Agşama girdik. Bütin mülk Allanyňkydyr. Hamdy-sena Oňa mahsusdyr. Alladan başga ylah ýokdur. Ýalňyz Alla bardyr. Ol ýeke-täkdir, Onuň şärigi ýokdur. Mülk Onuňkydyr. Hamd Oňa mahsusdyr. Onuň güýji her zada ýetýändir. Eý, Allam! Bu gijäniň we mundan soňkylaryň haýyrly bolmagyny Senden dileýärin. Bu gijäniň we mundan soňky gijeleriň şerinden Saňa sygynýaryn. Eý, Rebbim! Ýaltalykdan, ynsany kyn salýan garrylykdan Saňa sygynýaryn. Jähennem we gabyr azabyndan Saňa sygynýaryn!)

Säher bolanda, «Asbahna we asbahal-mulku lillah (Sähere çykdyk. Bütin mülk Allahyňkydyr) diýip, yzyny ýokarky doga bilen dowam etdirýärdi. (Muslim, «Zikr» 74).

  ***

Abdulla ibn Hubeýb (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) oňa şeýle maslahat beripdir:

Agşama we sähere ýeteniňizde «Kul huwallahu Ahad» bilen «Muawwizeteýn» sürelerini («Yhlas», «Felak» we «Nas» süreleri) her haýsyny üç gezekden oka! Çünki bu süreleri okamagyň bütin erbetlikleriň öňüni almak üçin aňryýany bilen ýeterlikdir. (Ebu Dawud, «Edeb» 101; Tirmizi, «Deawat» 116).

  ***

Osman ibn Affan (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bendesi her gün sähere we agşama ýetende üç gezek şu dogany okasa, oňa zyýan ýetmez:

Bismillahillezi la ýedurru measmihi şeý-un fıl-ardy we la fıssemai we huves-semi-ul-alim (Ady bilen hereket edilende, Oňa sygynylanda Ýerde we asmanda hiç bir zadyň zyýan edip bilmeýän Allanyň ady bilen (ertire çykdym, agşama ýetdim). Ol her zady eşidýändir we bilýändir). (Ebu Dawud, «Edeb» 101; Tirmizi, «Deawat» 13).

***

Ýatmazdan öň we oýananyňyzdan soňra okaljak dogalar

«Asmanyň we Ýeriň ýaradylyşynda, gije bilen gündiziň çalşyp durmagynda akyl eýeleri üçin ybratlar bardyr. Olar dik durkalar, otyrkalar, gapdala gyşaryp ýatyrkalar (hem) Allany zikir edýärler». («A:li-Ymran» 3/190-191).

***

Huzeýfe we Ebu Zer (r.anhuma) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) gije uklamak üçin uzanan wagty, elini çekgesiniň aşagyna goýup, şu dogany okardy: «Allahumme bismike emutu we ahýa: (Eý, Allam! Seniň adyň bilen ölerin, Seniň adyň bilen direlerin!)». (Buhary, «Deawat» 7).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:63658413 juma

Uklamak üçin düşege geçjek bolanyňyzda izaryň (lybas) iç tarapy bilen ýatjak ýerini kakyşdyryň. Sebäbi soňky ýatyp-turanyňyzdan soňra düşegiňize nähilidir bir zyýanly zadyň giren bolmagy mümkin. Şonda ol şeýle diýsin: «Ismike Rabbi, wazatu jenbi we bike erfauhu, in-emsekte nefsi ferhamha we in erselteha fahfazha bima tahfazu bihi ibadekes-salihin (Eý, Rebbim! Seniň adyň bilen düşegimde ýatdym, ýene-de Seniň adyň bilen düşegimden turaryn. Eger ukudakam janymy aljak bolsaň, meni merhemetiň bilen bagyşla! Ýok, dirilikde goýjak bolsaň, ýagşy bendeleriňi goraýşyň ýaly meni hem erbetliklerden gora!)». (Buhary, «Deawat» 13; Muslim, «Zikr» 64).

***

Dileg-dogalar

«Rebbiňiz (Alla) diýdi: «Meni çagyryň, (Menden diläň, şonda Men siziň doga-dilegleriňizi) kabul edeýin!» («Mümin» süresi, 40/60).

***

«Rebbiňize çyndan ýalbaryp‚ içiňizden dileg ediň! Dogrudan hem, Ol hetden aşanlary halamaz». («Araf» süresi, 7/55).

***

«Bendelerim senden Men barada sorasalar, (sen aýt): «Men (olara) ýakyndyryn. Menden dileg edýän wagtynda dileg edýäniň dilegini kabul ederin». («Bakara» süresi, 2/186).

***

«(Siziň Alla şärik goşýan zatlaryňyzmy) ýa-da kyn günde galyp, diňe Özüni (Allany) kömege çagyran bendäniň dilegini kabul eden, kynçylygyny gideren we sizi Ýer ýüzüniň dolandyryjylary eden (Alla) has haýyrlymy?» («Neml» süresi, 27/62).

***

Äşe (r.anha) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w)  (özünde köp manylary jemleýän az sözli) dogalary gowy görýärdi, şonuň ýaly bolmadyk dogalary okamazdy. (Ebu Dawud, «Witr» 23). 

***

Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Resuly-Ekrem (s.a.w) şu dogany köp okardy: «Allahumme atina fid-dünýa haseneten we fil-ahireti haseneten we kyna azaben-nar (Eý, Allam! Bize bu dünýäde-de, ahyretde-de gowulyk ber. Bizi jähennem ataşyndan gora!)». (Buhary, «Deawat» 55; Muslim, «Zikr» 23-27).

Muslimde geçýän hadysda bolsa şeýle diýilýär:

Enes diňe bir doga okajak bolanda şuny okar eken. Emma birküç doga okajak bolanda, olaryň arasyna şu dogany hem goşar eken. (Muslim, «Zikr» 26).

***

Ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle doga eder eken:

Allahumme inni es-elukel-huda wet-tuka wel-afafe wel-gyna (Eý, Allam! Senden dogry ýol, takwalyk, namyslylyk, kanagatlylyk, başgalara mätäç bolmajak rysk dileýärin). (Muslim, «Zikr» 72).

 ***

Taryk ibn Eýşem  (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) şahadatlyk kelemesini getirip, musulman bolan kişä öňünçä namaz okamagy, soňra-da ynha, şu doga bilen Alla ýüzlenmegi maslahat bererdi: «Allahummagfyrly werhamni wehdini we afini werzukny (Eý, Allam! Meni bagyşla, maňa merhemet eýle, (dogry ýola salanyňdan soňra) meni syratyl mustakymdan aýyrma, maňa saglyk, aman-esenlik we halal rysk ber)» (Muslim, «Zikr» 35).

Muslimde geçýän başga bir hadysda Taryk ibni Eýşem (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, bir adam: «Eý, Allanyň resuly! Rebbimden bir zat dilejek bolsam, haýsy dogany okaýyn?» diýip sorapdyr. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) oňa şeýle diýipdir: «Allahümmagfir li werhamni we afini werzukni (Eý, Allam! Meni bagyşla, maňa merhemet et, Seniň razy boljagyň işleri etdir, maňa haýyrly rysk ber) diý. Bu doga seniň hem bu dünýä hem-de ahyrete derkar zatlary özünde jemleýär». (Muslim, «Zikr» 36).

***

Ebu Bekir es-Syddyk (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Men Allanyň resulyndan (s.a.w) «Maňa namazda okap biläýjek bir dileg-doga öwredäýseňiz» diýip haýyş etdim. Ol hem şu dogany okamagy maslahat berdi: «Allahumme inni zalemtu nefsi zulmen kesiran we la ýagfiruzzunube illa ente, fagfirii magfireten min indik, werhamni inneke entel-gafurur-rahym (Eý, Allam! Men özüme kän zulum etdim. Günäleri bagyşlajak diňe Sensiň! Onuň ýaly bolsa tükeniksiz lutfuň bilen meni bagyşla, maňa merhemet et. Çünki bagyşlaýjylygy, merhemeti çäksiz bolan Sensiň». (Buhary, «Deawat» 17; Muslim, «Zikr» 48).  

***

Hezreti Aly (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, bir gezek onuň ýanyna belli bir muzd tölenen ýagdaýynda azat ediljekdigi şertleşilen bir gul gelipdir-de: «Men bergimi töläp bilemok, maňa ýardam ediň» diýipdir. Şonda hezreti Aly (r.a):  «Allanyň resulynyň (s.a.w) maňa öwreden dogasyny saňa öwredeýinmi? Eger muny dowamly okasaň, dag ýaly bergiň hem bar bolsa, Allatagala bergiňi üzmäge kömek eder. Ine, ol şu doga:

Allahummekfini bihelalike an haramik, we agnini bi-fazlike ammen siwak (Eý, Allam! Maňa halal rysk berip, haramlardan gora! Lutfuň bilen meni başgasyna mätäç etme!)» diýipdir. (Tirmizi, «Deawat» 111).

***

Ýanyňda bolmadyk kişilere dileg-doga etmegiň fazyleti

«Olardan soň (kyýamata çenli dünýä) gelen (ähli müminler): «Eý, Rebbimiz! Biziň we bizden öňki iman bilen öten doganlarymyzyň günälerini bagyşla!» (diýerler). («Haşr» süresi, 59/10).

***

«Sen öz günäň hem-de mümin erkekleriň we mümin aýallaryň (günäleri) üçin Alladan bagyşlanma dile!» («Muhammet» süresi, 4719).

***

«Eý, Rebbim! Hasap berilýän (kyýamat) gününde meni, ene-atamy we müminleri bagyşlaweri». («Ybraýym» süresi, 14/41).

***

Ebud-Derda r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bir musulman ýanynda bolmaýan din doganyna dileg-doga etse, perişdeler hem oňa edil şol zatlary bermegini diläp doga eder. (Muslim, «Zikr» 86).

***

Usame ibn Zeýd (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ýagşylyk edilen kişi özüne şol ýagşylygy eden kişä «Jezakellahu haýran (Alla seni ýagşylyk bilen sylaglandyrsyn)» diýse, bu oňa iň oňat görnüşde minnetdarlygyny bildirdigi bolar. (Tirmizi, «Birr» 87).

***

Jabir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

  Hergiz özüňize, çagaňyza, mal-garaňyza gargyş ediji bolmaň! Birden dogalaryň yza gaýtarylmaýan wagtyna gabat gelägedin Alla gargyşly dilegiňizi kabul edäýmesin. (Muslim, «Zühd» 74).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Guluň Rebbine iň ýakyn bolýan pursaty seždede wagtydyr. Ine, şonuň üçinem seždede wagtyňyz  kän dileg ediň! (Muslim, «Salat» 215).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim «Rebbime näçe dileg etsemem, dilegime jogap bolmady» diýip, gyssanmaçlyk etmese,  onuň islegine jogap berler. (Buhary, «Deawat» 22; Muslim, «Zikr» 90).

Başga hadysda şeýle diýilýär:

Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Gul günä bolan bir zady ýa-da garyndaşlyk gatnaşyklaryny bozjak bir ýagdaýy dilemese, şeýle hem gyssanmaçlyk etmese, dilegidir islegine jogap berler». Onsoň pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Allanyň Resuly! «Gyssanmaçlyk etmese» diýmek bilen nämäni göz öňüne tutýarsyňyz?» diýip soradylar. Şonda pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýip jogap berdi: «Kişiniň «Şunça dileg edýänem welin, jogap berliberenok» diýip, özüçe dileginiň derrew kabul edilmeýänine halys irip, dileg-doga etmesini goýmagyna aýdylýar». (Muslim, «Zikr» 92).

***

Ebu Umame (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resulyndan (s.a.w) «Haýsy doga kabul edilmäge has laýykdyr?» soranlarynda ol (s.a.w): «Säher wagtlary we parz namazlaryndan soňra edilen dileg-dogalar» diýdi. (Tirmizi, «Deawat» 79).