Ryýazus-Salyhyn 31

Welileriň (Allanyň dostlarynyň) kerametleri we fazyletleri barada

«Allanyň dostlaryna hiç hili gorky ýokdur. Olar howsala düşmezler. Olar (Allanyň dostlary) iman getirip, takwa bolanlardyr. Olara dünýä durmuşynda we ahyretde buşluk (hoş habar) bardyr. Allanyň sözlerinde üýtgeme bolmaz. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir». («Ýunus» süresi, 10/62-64).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Sizden owalky ymmatlaryň arasynda ylhama miýesser bolan ynsanlar bardy. Meniň ymmatymyň arasynda-da şeýle birini görkezmeli bolsa, ol Omardyr. (Buhary, «Fedailul-ashab» 6; Muslim, «Fedaius-sahabe» 23).

***

Jabir ibn Semura (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Kufelileriň käbiri hezrete Omara (r.a) öz häkimleri Sad ibn Wakkasyň üstünden arz edipdiler. Hezreti Omar ony wezipesinden boşadyp, ýerine Ammar ibn Ýasiri goýdy. Mesele şikaýatçylaryň Sadyň namaz okatmagy-da oňarmaýandygyna deňiç baryp ýetipdi. Onsoň hezreti Omar adam iberip, Sady Medinä çagyrdyp getirtdi. (Şonda hezreti Omar bilen Sad ibn Wakkasyň arasynda şeýle gürrüň bolup geçipdir).

Hezreti Omar:

─ Eý, Ebu Ishak! Bu adamlar seniň hatda namaz okatmagy-da oňarmaýandygyňy aýdýarlar.

Sad:

─ Alladan ant içip aýdýaryn, men olara Allanyň resulynyň (s.a.w) namaz okadyşy ýaly hiç zady kemeltmän okatdym. Ýassy namazynyň ilki iki rekagatynda känräk, galan iki rekagatynda-da az durýaryn.

Hezreti Omar:

─ Senden garaşýanymyzam şol-da, eý, Ebu Ishak!

Soňra hezreti Omar (meseläniň anygyna ýetmek üçin) Sadyň ýanyna birki adamy goşup, Kufä iberýär. Bu kişeler Kufäniň metjitlerine baryp, adamlardan Sadyň nähili kişidigini soraýarlar. Olardan Sad hakynda diňe ýagşy sözler eşidýärler. Iň soňunda absogullarynyň metjidine barýarlar. Onsoň şol ýerdäki jemagatdan ymamlary hakynda näme aýtjak bolsalar, Allanyň adyndan ant içip aýdyp bermeklerini talap edýärler. Şonda Ebu Sade Usame ibni Katade ýerinden turup, şulary diýýär:

─ Ras, Allany ara goşduňmy, onda aýdaýyn. Sad esgerler bilen birlikde ýörişe gitmeli bolanda, özi olara goşulyşyp gitmeýär. Mal-emlägi deň paýlamaýar. Çykarýan hökümleri, alýan kararlary bolsa adalatly däl.

Ýaňky kişi şeýle diýip duransoň, Sad (hem oňa garap şeýle) diýdi:

─ Onda meniňem seniň üçin Alladan üç dilegim bar: Eý, Allam! Seniň şu guluň ýalan sözleýän bolsa, Sen oňa uzak ömür ber! Ony garyp düşür! Pitne-pisada duçar eýle!

Soň-soňlar Sadyň gargyşyny alan şol adamdan hal-ýagdaýy barada soralanda, ol şeýle diýip jogap berýär: «Nähili bolsun? Sadyň gargyşy tutdy. Bela-beterden gözi açylmadyk garryň bardyr-da!»

Bu hadysy Jabir ibn Semuranyň adyndan gürrüň berýän rawy, ýagny Abdulmelik ibn Umeýr şeýle diýýär: «Men şol kişini has soňra-da gördüm. Gaty garrapdyr. Gaşlary gözleriniň üstüne sallanaýypdyr. Köçede gyz çaga ras gelse, çümmükläp ýör». (Buhary, «Ezan» 95; Muslim, «Salat» 158).  

***

Jabir ibn Abdulla (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Uhud söweşiniň öň ýany gije kakam meni ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Allanyň resulynyň (s.a.w) sahabalarynyň arasynda ilki men wepat bolarmykam diýýärin. Yzymda galdyryp gidýän iň gymmatly kişim Allanyň resulyndan (s.a.w) soňra sensiň. Ile bergim bar. Şolary üz! Doganlaryň bilen ýagşy bol!» Onuň aýdyşy ýaly, şol günüň ertesi bolan söweşde kakam ilki şehit boldy. Ony özi ýaly başga bir şehit bilen bir gabra depin etdim. Ýöne soňra başga biri bilen bir ýerde jaýlanyma biynjalyk boldum ýördüm. Alty aý soňra şol gubury açyp görüp, haýran galdym. Gulagynyň bir bölegi bolaýmasa, bedeni edil jaýlan günümdäki ýaly şol durşuna durdy. Soňra ony başga gabra göçürdim. (Buhary, «Jenaiz» 78). 

***

Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Garaňky gijeleriň birinde iki sahaba pygamberimiziň (s.a.w) ýanyndan çykdylar. Şonda olaryň öňünde ýagty saçyp duran alaw ýaly bir zat peýda boldy. Bu alawlar iki sahaba bir-birinden aýrylansoňam, tä öýlerine deňiç olaryň ýoluny ýagtyldyp gitdi.

(Buharyda geçýän bir hadysda bu iki sahabanyň Useýd ibn Hudaýr bilen Abbad ibn Bişrdigi (r.anhuma) aýdylýar). (Buhary, «Salat» 79; «Menakybul-Ensar» 139). 

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) medineli Asym ibn Sabitiň ýolbaşçylygyndaky on kişiden ybarat (halky dine çagyryjy we maglumat ýygnaýjy) topara tabşyryk berdi. Topar Usfan bilen Mekgäniň arasynda ýerleşýän Hudat diýen ýere baryp ýetdi. Olaryň şol ýere düşländigi hakdaky habar huzeýl taýpasynyň bir şahasy bolan lihýanogullaryna baryp ýetdi. Lihýanogullary ýüze golaý okçy bilen musulmanlaryň yzyna düşdüler. Asym we egindeşleri olaryň ýakyn gelenini aňşyransoň, özlerini bir depäniň üstünde buky ýere atdylar. Ýöne eýýäm duşman olaryň daşyny gabap alypdy. Olar: «Aşak düşüň-de, boýun egiň! Eger şeýtseňiz, hiç kimi öldürmejekdigimize söz berýäris» diýdiler. Asym ibn Sabit olaryň bu teklibini eşidensoň, öz toparyna şeýle diýdi: «Dostlar! Men haýsydyr bir kapyryň sözüne ynanyp, boýun synmaryn!» Yzyndanam şeýle diýip dileg etdi: «Eý, Allam! Düşen şu ýagdaýymyzy pygamberiňe ýetir!» Onsoň duşman olary oka tutup, Asymy (we onuň toparyndaky alty kişini) şehit etdiler. Galan üç kişi, ýagny Hubeýb, Zeýd ibn Desine we ýene bir kişi duşmanyň sözüne ynanyp, ýesir düşdüler. Müşrikler bu üç kişini ýesir alansoň, ýaýlarynyň kirişleri bilen ellerini daňmaga durdular. Muny gören ýaňky üçünji kişi: «Bizi aldawa saldyňyz. Walla, size boýun egmerin. Bu şehitler meniň üçin görelde boldular» diýip garşylyk görkezdi. Zoraýakdan alyp gitmäge synanyşsalar-da, başarmadylar. Onsoň ony hem şehit etdiler. Hubeýb bilen Zeýd ibn Desinäni bolsa Mekgede Bedir söweşinde öldürilen müşrikleriň ýakynlaryna satdylar. Hubeýbi Bedirde öldürilen Haris ibn Amir ibn Newfel ibn Abdimenafogullary satyn aldy. Hubeýb tä öldürilýänçä olaryň elinde ýesirlikde boldy. Şol günleriň birinde uýat ýerini syrmak üçin Harisiň gyzlarynyň birinden päki sorady. Ol hem berdi. Bu zenan ünsüni başga ýana sowan wagty bäbejigi emedekläp Hubeýbiň ýanyna bardy. Eli päkili Hubeýbiň dyzynyň üstünde balasyny gören zenanyň zähresi ýarylan ýaly boldy. Zenanyň aladasyny duýan Hubeýb: «Çagany öldürerin öýdüp gorkýamyň? Men asla beýle zat etmerin» diýip ony köşeşdirdi.

Şol zenan Hubeýb hakynda şeýle diýipdir: «Walla, men ömrümde Hubeýbden haýyrly ýesir gören däldirin. Şeýle hem, walla, eli-aýagy zynjyrly bolmagyna garamazdan, Mekgede heniz hiç hili miwe ýokka, täze ýetişen üzüm iýip oturanyny gördüm. Bu Allanyň Hubeýbe yhsan eden rysgydy».

Harisiň ogullary ony öldürmek üçin Haramyň çäginden çykaryp, (Tenim diýlen ýere) eltenlerinde Hubeýb olardan «Rugsat beriň! Iki rekagat namaz okaýyn!» diýip, haýyş etdi. Olar hem oňa rugsat berdiler. Hubeýb iki rekagat namaz okap bolup, olara şeýle diýdi: «Eger «ölümden gorkdy, şonuň üçin hem namazy uzak okady» diýersiňiz öýtmesedim, şu soňky namazymy uzak okardym». Soňra-da ellerini açyp «Eý, Allam! Bularyň hemmesini heläk et! Birin-birin janlaryny al. Hiç haýsyny sag goýma!» diýip, soňky dilegini etdi. Ondan soň hem şu beýtleri okady:

Musulman bolup ölenimden soňra, nähili ýagdaýda ölenim dert däl.

Bularyň barysy, elbetde, Alla üçin; Ol islese örän asandyr, parçalanan bedenim bilen rahmete ermäm!

Şunlukda, Hubeýb duşmanyň elinde ýesir düşen we öldürilen musulmanlar üçin iki rekagat namaz okamak däbini başladyp goýberdi.

Allanyň resuly (s.a.w) duşman tarapyndan gabawa düşürilen bu on musulmanyň başyna gelen ýagdaý hakda şol hadysanyň bolan wagtynda Medinedäki sahabalaryna aýdyp beripdi.

Asym ibn Sabitiň şehit edilendigi habaryny alan kureýşiň käbir kethudalary ar alyşdan doly ganmak üçin onuň bedeniniň bir bölegini alyp gelmegi üçin adamlaryny ýolladylar. Şonda Haktagala Asymyň jesedini goramak üçin ary sürüsini ýollady. Arylardan emele gelen bulut Asymyň bedenini gaplap aldy. Kureýşliler onuň jesedinden hiç zat alyp bilmediler. (Buhary, «Jihad» 170, «Megazy» 10).

Gybatdan saklanmak

«Biri-biriňiziň kemçiligini gözlemäň we gybatyny etmäň! Siziň biriňiz öz ölen doganynyň etini iýmegi halarmy? Elbetde, muny ýigrenersiňiz. GatAlladan gorkuň! Alla tobalary kabul edýändir, rehim-şepagatlydyr». («Hujurat» süresi, 49/12).

***

«(Anyk) bilmeýän zadyňa eýerme. Çünki gulak, göz we kalp (bularyň ählisi) ondan (anyklaman eýeren zadyndan) jogapkärçilige çekiler». («Isra» süresi, 17/36).

***

«Onuň (ynsanyň) aýdýan (ähli) sözlerini (hökman) ýazýan (ýörite bellenilen) berk gözegçi (perişde) bardyr». («Kaf» süresi, 50/18).

***

«Sen Biziň aýatlarymyz hakda (dil ýetirip) gümra bolup oturanlary görseň, tä ondan başga gepe girişýänçäler olardan ýüz öwür! Eger şeýtan (muny saňa) unutdyrsa, ýadyňa düşen badyna, ol zalymlar topary bilen oturma!» («Enam» süresi, 68).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Alla we ahyret gününe ynanýan mümin ýa haýyr sözlesin, ýa-da dymsyn! (Buhary, «Edeb» 31; Muslim, «Iman» 74).

***

Sehl ibn Sad (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Kimde-kim maňa iki äňi bilen iki aýagynyň arasyndaky agzasyny goramaklygy söz berse, menem oňa jenneti söz bererin. (Buhary, «Rikak» 23; şeýle hem, serediň: Tirmizi, «Zühd» 61).

 ***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Gul soňunyň nirelere alyp barjagyny pikirlenmän bir sözi aýdyp goýberse, jähennemiň Gündogar bilen Günbataryň aralygyndaky meýdandan hem çuňňur bolan bir ýerine düşer.  (Buhary, «Rikak» 23; Muslim, «Zühd» 49).

***

Bilal ibn Harsi el-Muzeni (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Gul Allany hoşnut edýän bir söz aýdar. Ýöne şol sözüň Allany razy etjegi onuň akylyna gelmez. Aslynda bolsa şol aýdan sözi sebäpli, Alla özüne gowşulýan kyýamat gününe deňiç ondan hoşal bolar.

Gul Allanyň gazaplandyrýan bir söz aýdar. Ýöne onuň şol söz bilen Allany gazaplandyrjagy hiç hakydasyna gelmez. Aslynda bolsa aýdan şol sözi sebäpli, Alla özüne gowşulýan kyýamat gününe deňiç oňa gazap eder. (Muwatta, «Kelam» 5; Tirmizi, «Zühd» 12).

 ***

Ukbe ibn Amir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Men (pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! (Kyn synaglara duçar bolnanda, ondan) halas bolmagyň çäresi näme?» diýip soradym. (Ol (s.a.w): «Soň saňa zyýany degjek sözi diýmekden saklan, öýüňde oturanyňy (haýyrly işler bilen meşgullananyňy) ýeg gör, günäleriň üçin puşman edip, gözýaş dök!» diýdi (Tirmizi, «Zühd» 61).

***

Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

Säher bilen ynsanyň bedeniň bütin agzalary dile ýüzlenip, şeýle diýerler: «Biziň hak-hukugymyzy goraýan Alladan gork! Çünki biz saňa tabyndyrys. Sen dogry ýolda bolsaň, biz hem dogry ýolda bolarys, sen ýoldan çyksaň, biz hem ýoldan çykarys!» (Tirmizi, «Zühd» 61).

***

Muaz ibn Jebel (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

(Bir gezek) men (pygamberimize (s.a.w) garap): «Eý, Allanyň resuly! Maňa meni jennete alyp barjak we jähennemden uzak saklajak bir amal aýt» diýdim. Ol (s.a.w) şonda şeýle diýdi: «Dogrusy, berjaý edilmesi kyn zady soradyň. Ýöne bu Allanyň ýeňillik döreden kişileri üçin diýseň asandyr (olar hem şulardyr:) hiç bir zady şärik goşmazdan diňe Alla gulluk etmek, namaz (esaslaryny we bütin şertlerini doly ýerine ýetirmek bilen) okamak, zekaty bermek, remazan aýynda oraza tutmak, mümkinçilgik dörese, haja gitmek.

(Pygamberimiz (s.a.w) sözlerini şeýle dowam etdirdi:) Indi, saňa haýyr gapylarynam aýdyp bereýin. Oraza galkandyr. Sadaka suwuň ataşy söndürişi ýaly, günäleriň azabyndan dyndyrýandyr. Kişiniň ýarygije turup okan namazy hem günälerini öçürýändir. (Onsoň pygamberimiz (s.a.w) şu aýaty okady:) «Olaryň bedenleri düşeklerden daşda bolar (köp ýatmazlar, tagat-ybadat bilen bolarlar), Reblerine gorky we umyt bilen dileg ederler. Biziň beren rysgalymyzdan (Alla ýolunda) sarp ederler. Hiç kim olaryň eden ýagşy işlerini sylaglamak üçin (jennetde) gözleri nurlandyrjak nijeme nygmatlaryň gizlenendigini bilýän däldir». («Sežde» süresi, 32/16-17).

Yzyndanam şeýle diýdi: «Saňa bütin işleriň (diniň) esasyny, diregini, çür başyny-da aýdaýynmy?» Men hem: «Hawa, aýt, eý, Allanyň resuly!» diýdim.

Ol (s.a.w): «Diniň başy yslamdyr, diregi namazdyr, çür başy jihaddyr» diýdi. Soňra  «Saňa bulary öz tabynda saklaýan zady hem aýdaýynmy?» diýdi. Men hem: «Hawa, aýt, eý, Allanyň resuly!» diýdim. Onsoň pygamberimiz dilini tutdy-da: «Şuny sakla!» diýdi. Men: «Eý, Allanyň resuly! Biz sözlän sözümiz üçin hem jogap bermeli bolarysmy?» diýip soradym. Şonda pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Eneň seni ýitirsin, eý, Muaz! Ynsanlary jähennemde ýüzünligine süýretjek zat agzyna gelenini şaglatmagydyr!» (Tirmizi, «Iman» 8).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) (sahabalara şu sowal bilen ýüzlendi):

  • Gybatyň nämedigini bilýäňizmi?

(Sahabalar:)

  • (Muny) Alla we Onuň resuly ýagşy bilýär.

(Ol (s.a.w):

  • Gybat din gardaşyň hakda halamajak zadyny aýtmakdyr.

(Sahabalar:)

  • Eger aýdylýan zat, hakykatdanam, şol gardaşymda bar bolsa näme?

(Pygamberimiz (s.a.w):

  • Eger ýöňkeýän zadyň onda bar bolsa, bu gybatdyr. Ýok bolsa, onda töhmet atdygyňdyr. (Muslim, «Birr» 70).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Bir musulmanyň gany, ar-namysy we mal-emlägi başga musulman üçin haramdyr! (Muslim, «Birr» 32).

***

Ebud-Derda (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

(Mümin) din gardaşynyň ar-namysyna dile ýetirilende, gybat edýäne garşy çykar. (Şeýdip, din doganynyň) arkasyny tutan kişini Alla kyýamat güni jähennemden gorar. (Tirmizi, «Birr» 20).

***

Gep gatnatmak, ynsanlaryň arasyna çöp atmak

«Aýyp gözleýän gybatçy, gep gatnadýan kişilere boýun egme!» («Galam» süresi, 68/11).

***

«Onuň (ynsanyň) aýdýan (ähli) sözlerini (hökman) ýazýan (ýörite bellenilen) berk gözegçi (perişde) bardyr». («Kaf» süresi, 18).

***

«Günä işlerde we duşmançylykda biri-biriňize ýardam bermäň!» («Maide» süresi, 5/2).

***

Huzeýfe (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Gep gatnadýan jennete girip bilmez. (Buhary, «Edeb» 49; Muslim, «Iman» 168).

***

Ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Sahabamdan hiç kim maňa başga birisi hakda erbet gürrüň aýtmasyn. Çünki men siziň araňyza köňlüm rahat ýagdaýda çykmak isleýärin. (Ebu Dawud, «Edeb» 28; Tirmizi, «Menakyb» 63).

***

Ikiýüzlülik

«(Olar) ynsanlardan gizlemäge çalyşsalar-da, Alladan gizläp bilmezler. Olar Allanyň razy bolmajak sözlerini taslaýan wagty hem, Ol (Alla) (elmydama) olaryň ýanyndadyr. Alla olaryň edýän işlerini (ylmy, gudraty bilen) doly (bilip) gurşap alandyr». («Nisa» süresi, 108).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Ynsanlar magdana meňzär. Olaryň jahylyýet (dinsizlik) döwründe haýyrly bolany musulmanlykda-da haýyrlydyr. Diňe dininiň ruhuna (talabyna) akyl etse bolany. Siz iň haýyrly kişileriň ýolbaşçylykdan gaça durýan adamlardygyny görersiňiz. Iň haýyrsyz kişileriň bolsa ikiýüzli kimselerdigini görersiňiz. Olar biriniň ýanyna bir ýüzi bilen barsa, başga biriniň ýanynda beýleki ýüzleri bilen bararlar. (Buhary, «Menakyb» 1; Muslim, «Fedailus-sahabe» 199).

***

Ýalan sözlemekden we ýalançy şaýatlykdan saklamak

«(Anyk) bilmeýän zadyňa eýerme. Çünki gulak, göz we kalp (bularyň ählisi) ondan (anyklaman eýeren zadyndan) jogapkärçilige çekiler». («Isra» süresi, 17/36).

***

«Ýalan (töhmet we Alla ýalan ýöňkemeklik ýaly) sözlerden gaçyň!» («Haj» süresi, 22/30).

***

«Olar ýalana şaýatlyk etmezler». («Furkan» süresi, 25/72).

***

Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Şu dört häsiýet kimde bar bolsa, edil mynapygyň özüdir.  Kimde şu häsiýetleriň biri bar bolsa, şol gylygyny goýýança, mynapyklykdan saplanyp bilmez. Şol dört häsiýet hem ine, şulardyr: özüne ynanylan amanata hyýanet eder, geplände ýalan sözlär, beren wadasynda durmaz, biri bilen tersleşende, (özüne erk edip bilmän) aşa gider. (Buhary, «Iman» 24, «Mezalim» 17; Muslim, «Iman» 106).

***

Semura ibn Jündeb (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Allanyň resuly (s.a.w) sahabalardan «Düýş göreniňiz barmy?» diýip sorardy. «Gördüm» diýen çyksa, Allanyň isleginiň çäginde onuň düýşüni ýorardy. Bir gezek bize şeýle diýdi: «Bu gije düýşümde meniň ýanyma iki kişi gelip, «Ýör, gidýäris» diýdiler. Menem olar bilen ýola çykdym. Şonda gapdal ýatan kişä gabat geldik. Eli harsaň daşly bir adam onuň başujunda dik dur. Ol elindäki daşy ýatan adamyň edil başynyň üstünden inderýär. Kellesi düw dagyn bolýar. Onsoň ýaňky daş tigirlenip, ho-ol ýere gidýär. Ol adam daşyň yzyndan ylgap ýetýär-de, daşy alyp, yzyna dolanyp gelýär. Eýýäm şol aralykda beýleki adamyň başy öňki kaddyna öwrülýär. Eli daşly adam bolsa öňki edişi ýaly daşy onuň kellesinden inderýär. Bu ýagdaý dowamly gaýtalanýar. Men ýoldaşlarymdan: «Subhanalla! Bu näme boldugy?» diýip soraýaryn. Olar maňa: «(Entäk,) ýöräber!» diýýärler. Onsoň gidiberýäris. Soňra arkanlygyna ýatan biriniň üstünden bardyk. Onuň başujunda bolsa, eli demir gaňrakly adam dur. Onuň bilen ýatan adamyň bir tarapyna geçip, owurdyna, burnuna, gözüne, tä ýeňsesine ýetýänçä aýagaldygyna urýar. Soňra-da beýleki tarapyna geçýär-de, edil ýaňky ýaly ýençmäge başlaýar. Bu tarapyny urup bolýança, beýleki tarapy öňki ýagdaýyna gelýär. Onsoň beýleki tarapyna geçip, ýene elindäki zat bilen ýenjip başlaýar. Men ýene-de ýoldaşlarymdan «Subhanalla! Bu näme boldugy?» diýip soradym. Olaram «(Heniz) ýöräber!» diýdiler. Gidiberdik. Küre ýaly bir desganyň üstünden bardyk (rawy sözüniň şu ýerinde şeýle diýýär: «Pygamberimiz sözüni şeýlärek dowam etdimikä diýýärin»). Ol ýerde näme diýilýäni düşnüksiz ahy-pygan, dady-perýat sesleri eşidilýärdi. Görüp otursak, onuň içinde çuw-ýalaňaç erkekler we zenanlar bar eken. Aşaklaryndan ýalyn ýakynlaşanda olar dady-perýat etmäge başlaýarlar. Men ýanymdakylardan: «Bulara näme bolýar?» diýip soradym.

Olar bolsa: «(Entek) ýöräber» diýdiler. (Ýene ýöräberdik). Ýöräp-ýöräp bir derýa baryp ýetdik (şu ýerinde rawy «Pygamberimiz derýanyň suwy gan ýaly gyzyl reňkdedi diýýäýdi öýdýän» diýýär). Derýada bir adam ýüzýär. Kenarda bolsa üýşmek daş bar. Şol daş üýşmeginiň ýanynda bolsa bir kişi dur. Derýadaky adam az-kem ýüzensoň kenara ýakynlaşýar-da, agzyny açýar. Kenarda duran adam onuň agzyna bir daş salýar. Onsoň derýadaky adam ýüzmäge başlaýar. Az-kem ýüzensoň, dolanyp ýene kenara gelýär we ýene agzyny açýar. Beýleki adam hem onuň agzyna daş salýar. Ol hem öwrülip, ýüzmek bilen bolýar. Men ýanymdakylardan: «Bu ikisi näme edýär?» diýip soradym. Olar: «(Entek), ýöre!» diýdiler. (Onsoň) ýöräberdim. Indi bolsa diýseň betnyşan adamyň ýanyna geldik. Ol ataş tutaşdyrýar-da, onuň daşyndan aýlanmaga başlaýar. Men ýanymdakylardan: «Bu adam kim?» diýip soradym. Olar (bolsa ýene): «Ýöräber» diýdiler. Onsoň ýöräberdik. Şol gidip barşymyza, baharyň bütin gülleri jemlenen, gök öwsüp oturan baglyga ýetdik. Baglygyň ortarasynda uzyn boýly bir adam dur. Ol şeýle bir uzyn welin, asmana baryp direýän başyny saýgaraýmak kyn. Onuň daş-töweregini gurşap alan çagajyklaryň sany şeýle bir kändi welin, munça köp çagany hiç gören däldirin. Men: «Bu uzyn boýly adam we onuň töweregindäki çagajyklar kim bolýar?» diýip soradym. (Maňa ýene-de:) «(Heniz,) ýöräber!» diýdiler. Ýene ýöräberdik. Ýöräp-ýöräp ägirt uly agaçlyga bardyk. Men onuň ýaly kaşaň agaçlyk görmändim. Ýanymdakylar maňa: «Gir!» diýdiler. Birlikde agaçlygyň içine girip gitdik. Şol gidip barşymyza (binalarynyň) kerpiçleri altyn we kümüşden bolan bir şähere baryp ýetdik. Şähere (girilýän) derwezäni açmaklaryny soradyk. Derweze açyldy. Bizem (içine) girdik. Bizi bedenleriniň ýarysy şu güne çenli görmedigimiz gözellikde bolan, ýarysy hem betnyşan bolan adamlar garşy aldy. Ýoldaşlarym olara: «Baryň, şu derýa girip çykyň!» diýdiler. Bir seretsem, suwy süýt ýaly ap-ak, keseligine akyp ýatan derýa bar. Ýaňky kişiler şol derýa baryp girdiler. Soňra çykyp, biziň ýanymyza geldiler. Betnyşanlyklaryndan saplanyp, bütinleý görmegeý adamlara öwrülipdirler.

Resuly-Ekrem (s.a.w) sözlerini şeýle dowam etdirdi:

Ýanymdaky iki ýoldaşym maňa: «Bu ýeri Adn jenneti. Ine, şu ýeri hem seniň düşlejek ýeriň» diýdiler. Başymy galdyryp seretsem, ak bulut ýaly bolup duran köşk bar. Olar: «Ine, şu ýeri seniňki» diýdiler. Men ol ikisine: «Alla size kän haýyr eçilsin. (Onda meni) goýberiň, ol ýere gireýin» diýdim. Olar: «Ýok! Heniz däl. Sen ol ýere soňra girersiň» diýdiler. Onsoň men: «Bütin gije birgiden geň galdyryjy zatlaryň şaýady boldum. Olaryň manysy nämeden ybarat?» diýip soradym. Olar: «Düşündireli» diýip, gürrüňe başladylar:

Ilki ýanyna baran, başy daş bilen urlup ýarylan adam hakda aýtsak, ol Kurany ýat tutan, ýöne terk eden, parz namazy okamaly wagtyny uklap geçirýän kişidir.

Owurdy, burny, gözi ýeňsesine ýetýänçä demir gaňrak bilen ýenjilýän adam bolsa, säher bilen öýünden çykan badyna ýalan sözlemek bilen, töhmet atmak bilen adamlaryň arasyny bozýan kişidir.

Küre ýaly bir binanyň içinde gören ýalaňaç erkekdir zenanlar bolsa zynahor erkekler we zenanlardyr.

Suwy gan ýaly gyrmyzy reňkde bolan derýada ýüzüp ýören, kenara gelende agzyna daş salynýan adam bolsa, süýthor kişidir.

Dowamly ataş tutaşdyrýan, soňra-da şol ataşyň daşyndan aýlanyp ýören betnyşan adam bolsa dowzahyň sakçysy Mälikdir.

  Göm-gök öwüsýän baglygyň ortarasynda duran uzyn boýly kişi bolsa Ybraýymdyr (a.s), töweregini gurşap alan çagajyklar bolsa, yslama laýyk ýaradylyşda ölen kiçijik çagalardyr (Berkandan gelýän hadysda: «ýaradylyşa muwapyk doglan» jümlesi geçýär).

Şonda bir sahaba: «Eý, Allanyň resuly! Muňa kapyrlaryň çagalaryam degişlimi?» diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w): «Hawa, olaram degişli» diýdi-de, sözüni dowam etdirdi:

Bedenleriniň ýarysy görmekli, ýarysy görmeksiz adamlar hakda aýtmaly bolsa, olar haýyrly işlerine erbet işleri garan kişilerdir. Alla olary lutfy bilen bagyşlaýandyr. (Buhary, «Tabir» 48).