Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Her eşiden zadyňy (anygyna ýetmän) başga birine aýdyp bermegiň özi ýalan sözlemek üçin ýeterlikdir. (Muslim, «Mukaddime» 5).
***
Semura (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Ýalan hasaplaýan hadysyny meniň adymdan gürrüň berýän kişi ýalançynyň biridir. (Muslim, «Mukaddime» 9).
***
Ebu Bekir (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) (bizden): «Size iň uly günäleriň haýsylardygyny aýdaýynmy?» diýip sorady. Biz hem: «Hawa, Allanyň resuly!» diýdik. Şonda ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Alla şärik goşmak. Ene-ataňa baş götermek». Ol (s.a.w) sözüniň şu ýerinde ýaplanyp oturan ýerinden dikeldi. (Onsoň sözüni şeýle dowam etdirdi:) «Berk belläň! Birem ýalan sözlemek, ýalana şaýatlyk etmek». Soňky aýdan jümlelerini şeýle bir kän gaýtalady welin, öz ýanymyzdan (ýüreginiň gyýylmasyny islemeýändigimiz üçin) «Indi, dymaýsa bolmaýamy!» diýdik. (Buhary, «Şehadat» 10; Muslim, «Iman» 143).
***
Semura ibn Jundeb (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Biri-biriňize «Allanyň lagnaty bolsun!», «Allanyň gazaby bolsun!», «Ylaýym dowzaha düşgeýsiň» ýaly gargyş sözlerini aýdyjy bolmaň! (Ebu Dawud, «Edeb» 45; Tirmizi, «Birr» 48).
***
Ebud-Derda (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Gul birine gargyş edende, onuň gargyşy asmana galýar. Asmanyň gapylary onuň üçin ýapylar. Soňra Ýere dolanyp gelýär. Ýer ýüzüniň gapylary hem ýapylýar. Soňra sagyna-soluna garanyp durýar. Girmäge ýer tapmaýar. Onsoň gargyş edilen kişiniň ýanyna barýar. Hakykatdan hem, şol gargyşa laýyk bolsa-ha oňa baryp siňýär, ýogsamam gargyş edeniň özüne aýlanyp barýar. (Ebu Dawud, «Edeb» 4).
***
Ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Musulmana sögmek (göwnüne degmek, mertebesini peseltmek) fasyklaryň (diniň buýruklaryna we gadagançylyklaryna eýermeýän kişileriň), musulman bilen söweşmek bolsa kapyrlaryň pişesidir. (Buhary, «Iman» 36; Muslim, «Iman» 116).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Biri-biri bilen sögüşýän iki kişiniň agzyndan çykan sözleriň günäsi (mamla bolan kişiniň garşydaşyna has agyr sözleri aýtmazlyk, hetden aşmazlyk şerti bilen) ilki başlana ýazylýar. (Muslim, «Birr» 68).
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim dowzahdan uzaklaşyp, jennete düşmegi isleýän bolsa, ölümini Alla we ahyret ynanjy bilen garşy alsyn. Şol sanda, özi bilen nähili bolunmagyny isleýän bolsa, özi hem başgalar bilen şeýle bolsun. (Muslim, «Imare» 46).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Duşenbe we penşenbe günleri jennetiň gapylary açylýar. Din gardaşyna duşmanlygy bolanlardan özge Alla şärik goşmaýan islendik musulmanyň günäsi bagyşlanýar. (Haktagala perişdelere şol iki kişini göz öňünde tutup) «Siz şu iki kişiniň bagyşlanmagyny tä olar biri-biri bilen ýaraşýançalar yza süýşüriň! Hawa, hawa, siz olaryň bagyşlanmagyny tä barlyşýançalar yza süýşüriň!» diýlip buýruk berler. (Muslim, «Birr» 34-36).
***
Göriplik hakda
«Ýa-da olar Allanyň Öz fazly-kereminden ynsanlara beren zatlary (nygmatlary) üçin olara göriplik edýärlermi?» («Nisa» süresi, 4/54).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Zynhar göriplik ediji bolmaň! Çünki ataşyň oduny ýakyp ýok edişi ýaly, göriplik hem haýyrly amallary ýok edýär. (Ebu Dawud, «Edeb» 44).
***
Adamlaryň aýyplaryny agtarmak hakda
«Biri-biriňiziň kemçiligini agtarmaň». («Hujurat» süresi, 49/12).
***
«Mümin erkeklere we mümin zenanlara etmedik zatlary sebäpli ezýet edýänler, takyk, örän uly töhmeti we äşgär günäni öz üstlerine ýükleýärler». («Ahzab» süresi, 33/58).
***
Ibn Mesud (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
«Ynha, (şu adam) sakgalyndan şerap syrykdyryp ýören pylany» diýip, ýanyma bir adamy getirenlerinde, men olara şeýle diýdim:
Adamlaryň gizlin, mährem taraplaryny gözläp tapmak biziň işimiz däl. Eger onuň nähilidir bir aýby, günäsi äşgär bolaýanda-da özümiz çäresini göreris. (Ebu Dawud, «Edeb» 37).
***
Musulmanlaryň göwnüne degmezlik
«Eý, iman getirenler! (Sizden) hiç bir topar beýleki bir topary ýaňsylamasyn! Belki, ýaňsylanýan topar ýaňsylaýanlardan has haýyrlydyr. Aýallar hem başga aýallary (ýaňsylamasynlar)! Belki, ýaňsylanýan aýallar ýaňsylaýanlardan has haýyrlydyr. Özleriňizi (biri-birileriňizi) ýazgarmaň! Biri-birileriňize (erbet) lakamlar dakmaň! Iman getireniňden soň, erbet at (dakmak) nähili erbetdir. Kim toba etmese, olar zalymlaryň hut özleridir». («Hujurat» süresi, 49/11).
***
«(Ynsanlaryň) yzyndan gep-gybat edýänleriň, aýyplaýanlaryň, olary (köpçülikde göz-gaş kakyp) ýaňsylap, peseldýänleriň (kyýamat güni) dat günlerine!» («Humeze» süresi, 104/1).
***
«Mümin erkeklere we mümin aýallara etmedik zatlary sebäpli ezýet edýänler, takyk, örän uly töhmeti we äşgär günäni öz üstlerine ýükleýärler». («Ahzab» süresi, 33/58).
***
Jündeb ibn Abdulla (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir adam: «Alla pylanyny bagyşlamaz» diýip, ant içdi. Onsoň Aziz we Jelil bolan Alla şeýle diýdi: «Pylanyny bagyşlamajagym hakda ant içip, meniň adymdan höküm berýän kim? Şuny bilip goý, Men ony bagyşladym. Seniň haýyrly amallaryňy bolsa bozdum». (Muslim, «Birr» 137).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bize ýarag çenän bizden däldir. Şol sanda hile bilen aldawa salan hem bizden däldir. (Muslim, «Iman» 64, «Fiten» 16).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir adam Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna gelip, söwdada aldawa salnandygyny aýdyp zeýrendi. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şu nesihaty berdi:
Söwdalaşan şol kişiňe «Dinimizde hilä we aldawa ýer ýokdur» diýip aýt! (Buhary, «Buýu» 48; Muslim, «Buýu» 48).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Başga biriniň aýalyny ýa-da gyrnagynyň gözüni-başyny aýlap, aldawa salan bizden däldir. (Ebu Dawud, «Edeb» 126).
***
Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kyýamat güni ygrarsyz kişileriň arkasynda baýdak boljakdyr, şol baýdaklaryň boýy olaryň ygrarsyzlygynyň derejesine görä boljakdyr. Bir zada ünsüňizi çekmek isleýärin: iň ygrarsyz kişiler edara ýolbaşçylarydyr. (Muslim, «Jihad» 15).
***
Eden ýagşylygyň üçin minnet etmezlik
«Emläklerini Alla ýolunda sarp edip, soňra minnet edip, (mätäçleri) ynjytmaýanlaryň Rebleriniň ýanynda sylaglary bardyr». («Bakara» süresi, 2/262).
***
«Eý, iman getirenler! Alla we ahyret gününe ynanmaýan we öz emlägini ynsanlaryň görmegi üçin sarp edýänler ýaly, haýyr-sahawatlaryňyzy minnet edip ýa-da ynjydyp puja çykarmaň!» («Bakara» süresi, 2/264).
***
«Siz özüňizi aklamaň (öwünmäň)! Ol (erbet işlerden saklanan) takwalary gowy bilýändir». («Nejm» süresi, 53/32).
***
«Diňe ynsanlara zulum edýänlere hem-de Ýer ýüzünde nähak ýere bozgaklyk edýänlere jeza bardyr. Ine, elhenç azap şolara berler». («Şura» süresi, 42/42).
***
Ebu Zer (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Üç topar ynsan bar: Allatagala kyýamat güni olar bilen gepleşmez, olaryň ýüzüne seretmez, ýüzüni ýuwmaz. Olar üçin elhenç azap bardyr».
Hadysyň rawysy Allanyň resulynyň (s.a.w) bu sözleri üç ýola gaýtalandygyny aýdýar. Şonda Ebu Zer: «(Heýhat) zyýana galdylar, zelele çapdylar. Olar kimler bolmaly, eý, Allanyň resuly?» diýipdir. Resuly-Ekrem (s.a.w) hem şeýle diýipdir: «Lybasynyň etegini uzyn edip, ýerden süýräp geýýän, eden ýagşylygyny diline alýan, harydyny (ýersiz ýere) ant içip, awy ýalap, (öwüp) satmaga synanyşýan kişiler». (Muslim, «Iman» 171).
***
Yýaz ibn Hymar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla maňa şeýle wahyý iberdi: «Biri-biriňiziň ýanynda şeýle bir kiçigöwünli boluň welin, hiç kim hetdinden aşyp, beýleki birine zulum etmesin. Şeýle hem, hiç kim başga biriniň ýanynda öz üstünligini mazamlap, gopbamsyramasyn» (Muslim, «Jennet» 64).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
(Ile kembaha garap) «ynsanlar heläk boldy» diýen kişiniň özi ilki bilen heläk boljaklardandyr. (Muslim, «Birr» 139).
***
Musulman doganyňa üç günden artyk öýke saklamak haramdyr
«Müminler (biri-birleri bilen) dogandyrlar. (Onuň ýaly bolsa) siz öz doganlaryňyzyň arasyny düzediň!» («Hujurat» süresi, 49/10).
***
«Günä işlerde we duşmançylykda biri-biriňize ýardam bermäň!» («Maide» süresi, 5/2).
***
Ebu Eýýub (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir musulmanyň din doganyndan üç günden artykmaç öýkeläp, gatnaşman gezmegi halal däldir. Öýkeli iki kişi biri-biri bilen gabatlaşanlarynda birisi ýüzüni başga ýana, beýleki hem başga tarapa öwürýär. Aslynda olaryň iň haýyrlysy öňürtiläp salam berenidir (öýke-kinäni soňlandyrandyr). (Buhary, «Edeb» 62; Muslim, «Birr» 23).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Her duşenbe we penşenbe güni (adamlaryň hepdelik) amallary Alla bildirilýändir. Din doganyna kine saklaýan kişiden başga Alla şärik goşmaýan her bir bendäniň günäleri bagyşlanar. Haktagala (perişdelere) «Biri-birinden öýkeli şu ikisi ýaraşýança, olaryň bagyşlanmalaryny yza süýşüriň» diýip tabşyryk berer. (Muslim, «Birr» 36).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir musulmanyň din doganyndan üç günden artykmaç, ýüzüni başga ýana öwrüp, öýkeläp gezmegi dogry däldir. Kimde-kim musulman doganyndan üç günden köp öýkeläp gezse we dünýeden ötse, jähenneme düşer. (Ebu Dawud, «Edeb» 47).
***
Üç kişiden ikisiniň öz arasynda pyşyrdaşyp gürleşmegi
«(Munuň ýaly) pyşyrdaşyp (gizlin) aýdylýan sözler diňe iman getirenleri gynandyrmak üçin şeýtan tarapyndan (ündelýär)». («Mujadile» süresi, 58/10).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Üç kişiden ikisi ýanyndakyny goýup, öz aralarynda pyşyrdaşyp gürleşmesin. (Buhary, «Istizan» 45; Muslim, «Selam» 36).
***
Ibn Mesud (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Üç kişi bolup otyrkaňyz, başgalar gelip size goşulyşýança, ikiňiz özara pyşyrdaşyp gürleşmäň. Çünki olaryň özara pyşyrdaşyp gürleşmegi üçünjiňizi gynandyrar. (Buhary, «Istizan» 47; Muslim, «Selam» 37).
***
Nähak ýere temmi bermegiň we ezýet çekdirmegiň gadagan edilmegi
«Ene-ataňyz, dogan-garyndaş, ýetimler, garyp-gasarlar, ýakyn goňşular, daş goňşular, ýol hemraňyz, ýolagçy we gol astyňyzdakylar (gul-gyrnaklar) bilen örän gowy gatnaşykda boluň! Şübhesiz, Alla tekepbir we öwünjeň kişini halamaz». («Nisa» süresi, 4/36).
***
Ibn Omar (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir zenan bir pişik ýaly jandary tä ölünçä gabap goýandygy üçin azaba duçar boldy, dowzaha düşdi. Janaweri bir tama gabap goýup, ne içmäge suw, ne-de iýmäge bir zat beripdir. Hatda şol ýerdäki mör-möjekleri iýmäge-de ýol bermändir. (Buhary, «Enbiýa» 54; Muslim, «Birr» 133).
***
Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) haýsydyr bir jandary öldürmek niýeti bilen bir ýere daňyp goýup, nyşana hökmünde ulanmagy gadagan etdi. (Buhary, «Zebaih» 25; Muslim, «Saýd» 58).
***
Ebu Mesud el-Bedri (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Gulumy gamçy bilen urup durkam, arka tarapymdan «Eý, Ebu Mesud! Şuny bilip goý!» diýen ses eşidildi. Ýöne şol wagt gaharymdan ýaňa onuň kim sesidigini parhyna barmandyryn. Hatda şol sesiň dowamy gulagyma-da ilmändir. Haçanda ýanyma ýakynlaşanda bilip galdym. Ol Allanyň resuly (s.a.w) bolup çykdy. (Pygamberimiz (s.a.w) maňa: «Eý, Ebu Mesud! Şuny bilip goý! Seniň şu gula güýç ýetirişiňden Allanyň saňa güýç ýetirişi has zabundyr» diýip seslenen ekeni. Onsoň men: «Mundan soňra hiç bir gula el galdyrmaryn» diýdim.
Muslimde geçýän başga hadysda şeýle diýilýär: «Onuň abaý edişinden ýaňa elimden gamçyny gaçyraýypdyryn» diýilýär.
Başga hadysda hem şeýle diýilýär: Men «Eý, Allanyň resuly! Allanyň razylygy üçin bu guly azat etdim!» diýdim. Pygamberimiz (s.a.w): «Bäriňe seret! Eger şeýtmesediň, seni ataş ýakjakdy (dowzahyň alawy gurşap aljakdy)» diýdi. (Muslim, «Eýman» 34-35).
***
Ibn Abbas (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) ataş bilen daglanyp, ýüzüne tagma basylan bir eşegiň ýanyndan geçdi. Muny görensoň şeýle diýdi: «Bu jandaryň ýüzüni daglan kişä Allanyň läneti bolsun!» (Muslim, «Libas» 107).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) bize goşun bilen sapara çykmagy tabşyrdy. Şonda kureýşden iki kişiniň adyny berip: «Pylany bilen pylanyny ele salsaňyz, otda ýakyň!» diýip, ýörite tabşyrdy. Edil ýola çykjak bolup durkak bolsa, şeýle diýdi: «Men size pylany bilen pylanyny ele salsaňyz, otda ýakmagyňyzy tabşyrypdym. Ataşda ýakyp azap bermek Alla mahsusdyr. Şonuň üçin siz o ikisini ele salsaňyz, (ýakmaň) öldüriň!» (Buhary, «Jihad» 107, 149).
***
Hezreti Omar (r.a) gürrüň berýär:
Bir mujahide Allanyň razylygy üçin jyns atymy beripdim. Ol adam beren atyma oňly seredip bilmedi. Janawer hor düşdi. Şeýle bolansoň men jandary satyn almagy niýet etdim. Arzan baha satyn almakçy boldum. Niýetimi pygamberimize (s.a.w) bildirdim. Şonda ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Bir dirheme-de berse, alma. Beren sadakaňdan dänme. Çünki beren sadakaňdan dänmek, gusugyňy ýalamak ýalydyr». (Buhary, «Hibe» 30; Muslim, «Hibat» 1).