Ryýazus-Salyhyn 33 (1) (Doly neşir başlandy)

Giriş

Bismillähirrahmänirrahym

Kalp gözi açyk, parasatly kişilere duýduryş, akyl sahyplaryna ybrat bolsun diýip gijäni gündize gatan, soňsuz gudratyň eýesi, bagyşlaýjy, ýeke-täk, mutlak üstün bolan Allatagala hamd-sena aýdýaryn!

Allatagala bu dünýäde käbir saýlantgy bendelerine zühtlük (takwalyk) beripdir. Olara emirlerine gyşarnyksyz eýermek, dowamly pikirlenmek, pende uýmak, azgynlyga ýanaşmazlyk, unudandan soňra hakydasyna aýlanmak, az wagtlyk gaflata düşäýende-de dessine aýňalmak ýaly başarnyklary yhsan edipdir. Şeýle hem Özüne etagat etmek, ahyrete taýýarlanmak, ylahy gazaby oýarjak, jähenneme düşmegine sebäp boljak hal-hereketden daş durmak, zamanyň we şertleriň üýtgemegine garamazdan, ahlagyny goramak ykybyny eçilipdir.

Hamdy-senalaryň iň belendi, iň üstüni, iň küllisi, iň kämili bilen Alla hamdy-sena aýdýaryn! Gullaryna tükeniksiz ýagşylyk edýän Kerim; çensiz merhemet edýän Rahym bolan Alladan başga ylahyň ýokdugyna, seýýidimiz Muhammediň (s.a.w) Onuň guly, resuly, habyby, dostudygyna we onuň dos-dogry ýol bilen iň kämil dine çagyryjydygyna şek-şübhesiz ynanýaryn! Oňa we bütin pygamberlere, olara ynanyp yzyna eýeren dostlaryna, şol sanda beýleki salyh bendelere Allanyň salaty we salamy bolsun!

Allatagala şeýle diýdi: «Men jynlary we ynsanlary diňe Özüme ybadat etsinler diýip ýaratdym. Men olardan rysgal islemeýärin. Meni naharlamaklaryny hem islemeýärin» («Zariýat» süresi, 56-57). Ine, şu aýat örän äşgär görnüşde jynlaryň we ynsanlaryň Alla ybadat etmek üçin ýaradylandyklaryny beýan edýär. Diýmek, olar ýaradylyş maksatlaryna laýyklykda, takwa bolmalydyrlar, bu dünýäniň geçiji lezzetlerinden el çekmelidirler. Sebäbi bu dünýä geçijidir, hemişelik galynýan ýer däldir. Aýralyklaryň ýurdudyr. Müdimi watan däldir. Şonuň üçinem dünýä halkynyň iň üşüklileri Allatagala bolan gulluklaryny iň kämil görnüşde berjaý edenlerdir. Ynsanlaryň iň paýhaslylary hem olaryň zahidleridir, dünýä örklenmedikleridir.

Allatagala şeýle diýdi: «Aslynda, dünýä ýaşaýşynyň mysaly şeýledir: Biziň asmandan inderen suwumyz bilen adamlaryň we haýwanlaryň iýýän zatlaryndan (iýmitlerinden) bolan Ýer ösümlikleri gatyşanda, hatda Ýer (ol ösümlikler bilen) bezenip zynatlananda we Ýer ýüzüniň halky özleriniň (ýetişen hasyly ýygnamaga) gurbatlarynyň çatjakdygyny pikir edenlerinde, (birdenkä) Ýere gije ýa-da gündiz Biziň permanymyz (apatymyz) gelip, düýn hem bolmadyk ýaly orlan dek edip goýmagymyz ýalydyr. Ine, Biz oýlanýan adamlar üçin aýatlary şeýle aýan edýäris» («Ýunus» süresi, 10/24). Şeýle terzdäki aýatlaryň sany bolsa ýene näçe diýseň bar. Şahyr nähili ýagşy aýdypdyr:

Allanyň diýseň düşünjeli, akylly, paýhasly gullary bardyr:

Olar dünýäni terk etdiler we pitnelerden gorkdular.

Dünýäni synlap, şu hakykata göz ýetirdiler:

Bu ýeri diriler üçin müdimi watan däldir.

Şeýle bolansoň bu dünýäni deňiz saýdylar.

Salyh amallary bolsa gämi edindiler.

Diýmek, bu ýagdaý dünýäniň ahwaly, biziň ýagdaýymyz we ýaradylyşymyzyň sebäbi eken. Her kim Allanyň öňünde jogapkärçilik çekýän eken. Onuň ýaly bolsa, saýlantgy we haýyrly şahsyýetlere gol bermek, parasatly, pähim-paýhasly kişilere eýermek gerek. Aýratynam, dünýädekäň ahyretiň gamyny iýmek, duýduryş berlen meseleler dogrusynda janypkeş bolmak gerek. Munda başarnykly bolmak isleýän her bir kişiniň eýermeli iň dogry ýoly öňküleriň we soňrakylaryň seýýidi, ilkinji müminleriň we olara eýerýänleriň iň naýbaşysy bolan pygamberiň (s.a.w) sahyh hadyslaryny okap, edebiň ýagşysyny öwrenmegi gerek. Oňa (s.a.w) we beýleki pygamberlere Allanyň salaty we salamy bolsun!

Allatagala şeýle diýýär: «Siz ýagşylykda we takwalykda biri-biriňiz bilen arkalaşyň! («Maide» süresi, 5/2)». Allanyň resulynyň (s.a.w) bolsa ine, şunuň ýaly sahyh hadyslary bar: «Bendesi din gardaşyna ýardam etmegini dowam etdirse, Alla-da bendesine ýardam eder (Muslim, «Zikr» 37-38; Ebu Dawud, «Edeb» 60; Tirmizi, «Hudud» 3)». «Bir haýyrly işi başladyp goýberen kişä ony eden ýaly sogap bardyr (Muslim, «Imare» 133; Ebu Dawud «Edeb» 115; Tirmizi, «Ilim» 14)». «Kimde-kim dogry ýola çagyrsa, oňa eýerenleriň sogaby möçberinde oňa-da sogap ýazylar. Bu (ýagdaý) oňa eýerenleriň sogabyndan kemeltmez (Muslim, «Ilim» 16; Ebu Dawud, «Sünnet» 6; Tirmizi, «Ilim» 15)». Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Ala (r.a) şeýle diýdi: «Alladan ant içip aýdýaryn: seniň sebäp bolmagyň bilen ýekeje kişiniň hidaýete gelmegi (dogry ýola düşmegi) dünýäniň iň gymmatly nygmatyna eýe bolmakdan has haýyrlydyr (Buhary, «Jihad» 102, 143; Muslim, «Fezailus-sahabe» 34)».

Ine, şeýle emirlere eýerilen ýadgaýynda ahyret ýolunyň azygy bolan, adamyň içki we daşky dünýäsine ýagşy täsirini ýetirýän, edebiň ýagşysyny gazandyrýan, hal-hereketiň gowusyny etmäge höweslendirýän, erbetlikden saklaýan, Alla ýolunyň ýolagçylarynyň edebi bolan takwalygy, nebsi terbiýeleýän, gözel ahlaga, kalp päkligine ýetirýän, bedeniň ähli agzalaryny günälerden goraýan, azgynçylygyň öňüni alýan, galyberse, aryplary maksadyna ulaşdyrýan sahyh hadyslary içine alýan muhtasar bir kitaby ýazmagy müwessa bildim. Oňa-da diňe meşhur kitaplarda beýan edilen, sahyhlygy anyk bolan hadyslary almaga synanyşdym. Her bir mowzugy Kurany-Kerimdäki degişli aýatlar bilen başlamaga, düşünilmesi kyn bolan sözlere düşündiriş bermägä çalyşdym. Bir hadysyň soňunda «muttefekun aleýh» diýlen bolsa, «Bu hadys Buharyda-da, Muslimde-de geçýär» diýildigidir.

Kitap tamam bolandan soňra oňa eýerilen ýagdaýynda haýyr getirjegine, erbetlikleriň, heläkçilige eltýän ahwalatyň öňüni aljagyna ynanýaryn. Bu kitapdan peýdalanan gardaşlarymyň maňa, ene-atama, ussat halypalaryma, beýleki dostlaryma, galyberse-de, külli Muhammet ymmatyna ýagşy dilegler etmeklerini umyt edýärin. Kerim bolan Alla bil baglaýaryn. Işimi Oňa tabşyrýaryn. Diňe oňa daýanýaryn. Allanyň Özi ýeterlikdir. Ol nähili oňat wekil! Diňe Aziz we Haki:m bolan Allanyň ýardamy bilen erbetliklerden goranmaga, gowulyklary etmäge güýç tapyp bolýandyr.    

Niýet we yhlas

Gizlin we äşger edilen bütin işlerde, edilýän gürrüňlerde we hal-hereketlerinde ýagşy niýet we yhlas

«(Aslynda), olara yhlas bilen diňe Onuň dinini kabul edýän hanyflar (hak dine uýýanlar) bolup, Alla ybadat etmekleri, namazy berjaý etmekleri we zekat bermekleri emir edilipdi. Ine, berk (dogry) din budur». («Beýýine» süresi, 98/5).

Jöhitlere we hristiýanlara edil Ybraýym (aleýhyssalam) ýaly bolmaklyk, Alla şärik goşmazlyk, Oňa gep-gürrüňsiz etagat etmeklik, özlerini kiçigöwünli we sypaýyçylykly alyp barmaklyk emir edilipdi. Olara samsyklaç pikirlerinden el çekmeklik, diňe Alla ybadat edip, namaz okamaklyk, zekat bermeklik buýrulypdy. Ýogsam-da, Allanyň tarapyndan iberilen kitaplaryň hemmesinde-de şu zatlar talap edilýär. Başgaça aýtsak, ylahy dinleriň hiç üýtgemeýän üç esasy bardyr: Alla iman getirmek, namaz okamak we zekat bermek. Emma olar bu emirleri ýerine ýetirmediler. Ine, şunuň üçin hem musulmanlaryň yhlas bilen, çyn ýürekden, päk niýet bilen Allanyň buýruklaryny berjaý etmekleri hökmany şertdir. Haktagalanyň emirlerine etagat etmeýän jöhitlere we hristiýanlara düýbünden meňzemeli däldirler.

***

          «Hiç haçan bu gurbanlyklaryň etleri we ganlary Alla gowuşmaz. Oňa diňe siziň takwalygyňyz gelip ýeter». («Haj» süresi, 22/37).

          Gurbanlyk jandardan akan gandan we paýlanyp berlen etden ybaratdyr öýdülýär. Adamlara görä şeýle bolup biler. Emma Allatagala öldürilen jandaryň ne etine, ne-de ganyna seredýär. Onuň üçin möhüm bolan zat gurbanlyk malyň diňe Allanyň razylygy üçin soýulmagydyr. Gurbanlyk üçin ýere ýatyrylan jandar Allanyň razylygy üçin öldürilmeýän bolsa, onuň hiç hili ähmiýeti ýokdur. Munda Haktagalanyň nazar salmagyny, sylag-serpaýyny gazandyrýan zat ynsanyň yhlasy, ýagşy niýeti we ýürekdenligidir.

***

          (Eý, Muhammet!) Aýt: «Siz gursagyňyzdakylary (ýüregiňizdäkileri) gizleseňiz-de, daşyna çykarsaňyz-da, Alla ony bilýändir». («A:li-Ymran» süresi, 3/29).

Gizlinlik ýa-da äşgärlik ynsanlara mahsus aýratynlykdyr. Allatagala adamlaryň iliň görmeýän ýerinde gizlinlikde edýän işlerini bilşi ýaly, kalbyndan geçýän duýgudyr düşünjelerini hem bilýär. Alla we Onuň dinine ynanýan kişi bütin hal-hereketlerine, hatda kalbyndan geçýän duýgularyna-da üns bermelidir.

***

Hadyslar

          Müminleriň emiri Omar ibn Hattab (r.a): «Allanyň resulynyň (s.a.w.) şeýle diýenini eşitdim» diýdi:

          «Amallaryň gymmaty niýetlere görä kesgitlener. Kim näme islese, şoňa hem gowşar. Kimde-kim Allanyň we resulynyň razylygyny gazanmak üçin bir ýerden başga ýere hijret etse, (musulmançylygyň gadagan edilen ýerinden musulmançylyga rugsat berilýän ýere göçse), onuň bu amaly Allanyň we resulynyň razylygyny gazanmak niýeti bilen edilen hijret diýlip hasaplanar we şoňa görä hem sogap gazanar. Kimde-kim dünýe malyny gazanmak ýa-da öýlenjek zenanyna gowuşmak üçin bir ýerden başga bir ýere hijret etse, onuň hem hijreti şoňa görä kesgitlener».

(Buhary, «Bedul-wahyý» 1, «Iman» 41, «Nikah» 5, «Menakybul-ensar» 45, «Itk» 6, «Eýman» 23, «Hiýel» 1; Muslim, «Imaret» 155. Eba Dawud, «Talak» 11; Tirmizi, «Fezailul-jihad» 16; Nesai, «Taharet» 60, «Talak» 24, «Eýman» 19; Ibni Maje, «Zühd» 26).

Hezreti Omar (r.a)

Hezreti Omar (r.a) kureýiş taýpasynyň Beni Adiý tiresinden bolup, soýy pygamberimiziň (s.a.w) soýuna baryp direýär. Newewi hadysyň başynda onuň (r.a) nesil şejeresini şeýle şekillendirýär:

Omar – Hattab – Nufeýl – Abduluzza – Riýah – Abdulla – Kurt – Rezah – Adiý – Kab – Lueý – Galib.

Hezreti Omar (r.a) Resuly-Ekremden (s.a.w) on ýaş kiçi. Yslamy kabul etmezden öň musulmanlara ezýet ýamanyny çekdiren eken. Il arasyndaky at-abraýy, mertebesi, güýç-kuwwaty bilen tanalýan şahsyýet bolansoň, onuň yslamy kabul etmegi beýleki musulmanlaryň güýjüne güýç goşýar. Musulman bolan gününiň özünde Käbä baryp namaz okaýar. Onuň bilen bir hatarda beýleki musulmanlar hem ilkinji gezek şol gün Käbede namaz okaýarlar.

Ol Medinä hijret edende, häzirki wagtda şäheriň merkezinden üç kilometr uzaklykda ýerleşýän Kubada ornaşýar. Şunlukda, hezreti Omar (r.a) günaşa Resuly-Ekremi (s.a.w) görmäge barýar. Bütin gününi onuň ýanynda geçirýär. Medinede pygamberimize (s.a.w) iň uly ýardamy hezreti Omar (r.a) bilen hezreti Ebu Bekir (r.a) beripdi. Ol (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) gatnaşan söweşleriniň hemmesine gatnaşýar. Gyzy Hafsany oňa (s.a.w) durmuşa çykarmak bilen pygamberiň (s.a.w) gaýynatasy bolmak ýaly hormatly mertebä ulaşýar. Ol Allanyň resulyny (s.a.w) şeýle bir gowy görýärdi welin, onuň (s.a.w) ölüm habaryny alanda, dünýä başyna ýumrulana dönýär. Şonda ol gylyjyny syryp, kimde-kim «pygamber öldi» diýse, edil ikä böljegini aýdýar.

Hezreti Omaryň (r.a) haýsydyr bir mesele babatyndaky garaýyşlary, köplenç, dogry we ýerlikli bolup çykýardy. Ol heniz wahyý gelmedik on bäş-ýirgimi mesele dogrusynda pygambere (s.a.w) Allatagalaga aýat indirmegini isläp, dileg etmegini haýyş edipdi. Käwagt hem şol meseleler babatyndaky öz garaýşyny, ynanjyny pygamberimize (s.a.w) bildirýärdi. Hezreti Omaryň düşündirişini talap eden hususlar bilen baglanyşykly aýatlar inýärdi. Şunlukda, şol aýatlaryň beýanlarynyň hezreti Omaryň düşünjesine gabat gelmegi bilen baglylykda «Muwafakaty-Omar» adalgasy döräpdi (giňişleýin düşündirilişine seret: «Tejrid terjimesi», II, 349-353. Giňişleýin düşündiriş berilýär).

 Ol hezreti Ebu Bekir (r.a) dünýäsini täzelenden soňra Yslamyň ikinji halyfy bolup saýlanýar. Onuň döwründe Eýranyň, Yragyň, Siriýanyň, Müsüriň topraklary Yslam ülkesine goşulýar. Küdüs, Azerbaýjan, Ermenistan, Horasan, Aleksandriýýa onuň zamanasynda feth edilýär. Basra, Kufe, Musul ýaly uly şäherler döreýär. Görlüp-eşidilmedik adyllygy bilen tanalýar. Ýardama mätäç garyp-gasarlara hak-heşdek bermeli edýär. Döwlet dolandyryjylygyna möhüm täzelikleri girizýär. Dolandyryş, hukuk, maliýe, harby guramalaryň işini ýola goýýar. Yslamyň, Kurany-Kerimiň we yslamy ylymlaryň ýaýylmagy ugrunda tagalla baryny edýär. Şeýle hem, yslamyýeti uzyn ýyllaryň dowamynda hut Allanyň resulyndan (s.a.w) öwrenendigi sebäpli, onuň (r.a) yslam hukugynyň birnäçe meselesi dogrusynda şahsy garaýyşlary bardy.

Hezreti Omar (r.a) ýowuz häsiýetli bolmagyna garamazdan diýseň kiçigöwünli adamdy. Ýamaly köýnek geýerdi. Dul zenanlara hut özi suw daşardy. Ýuka düşekde ýatardy. Düýeleriniň ugruna özi serederdi.  Halyf wagty gijelerine köçeme-köçe aýlanyp, adamlaryň arzyny diňlärdi. Halkyň çekýän kynçylyklaryna çözgüt tapyp bererdi. Geplän wagty örän ýerlikli we hikmetli geplärdi. Mert kişileri gowy görerdi. Özüni tankyt eden kişilere azgyrylyp durmazdy. Bir gezek halka ýüzlenip, özi telek iş edäýen ýagdaýynda näme etjekdiklerini sorady. Şoňa mähetdel jemagatyň arasyndan biri turaga-da: «Seni gylyjymyz bilen gönelderis» diýdi. Şonda hezreti Omar (r.a) ony barlap görmek üçin: «Meniň bilen beýle gepleşmäge nädip het edip bilýäň?» diýip, hemle uran boldy. Ol adam bolsa hiç hili ikirjiňlenmän: «Hawa, bu sözleri saňa diýýärin» diýdi. Hezreti Omar (r.a) hem öz gezeginde: «Alla şükürler bolsun! Eger ýolumy urdurjak bolsam, halkymyň arasynda meni gylyjy bilen ýola saljak kişiler bar eken» diýipdi.

Hezreti Omar (r.a) hijretiň ýigrimi dördünji ýylynda otparaz bir gul tarapyndan şehit edilýär. Ol pygamberimiziň (s.a.w) aýagujynda jaýlanýar.

                Alla ondan razy bolsun!

***

          Düşündirişler

          «Amallaryň gymmaty niýetlere görä kesgitlener» hadysy ynsanyň gazanýan sogaplary we işleýän günäleri bilen baglanyşykly bolup, örän uly ähmiýete eýedir. Ahmet ibni Hanbel, Eba Dawud, Tirmizi, Darekutny ýaly beýik alymlar bu hadysyň yslamyýetiň üçden birisi dogrusyndagyny belläp geçipdirler. Ymam Şafygy onuň ýetmiş dürli mesele, mowzuk bilen baglanyşygynyň bardygyna üns çekipdir. Şol sebäpli hem onuň din ylmynyň ýarysyna barabardygyny aýdypdyr. Ymam Buhary bolsa kitap ýazýan kişilere eserlerini bu hadys bilen başlamaklaryny ündäpdir.

          Indi bolsa niýet hakynda gürrüň edeliň. Niýet bir işi Allanyň razylygy üçin etmegi ýüregiňe düwmekdir. Islendik iş kalp ýa-da dil, ýa bolmasa-da beýleki beden agzalaryň biri bilen edilýär. Kalbymyz bilen edilýän işlere niýetimiz we pikir-düşünjelerimiz degişli bolup durýar. Dilimiz bilen geplemek işi edilýär. Beýleki beden agzalarymyz bilen edýän işlere hal-hereketlerimiz degişli bolup durýar. Aýdýan sözlerimiz we hal-hereketlerimiz, köplenç, niýet bilen baglanyşyklydygy üçin ýagşy niýetiň özi turuwbaşdan ybadat hasaplanýar. «Amallaryň gymmaty niýetlere görä kesgitlener» sözi, köplenç, daşky agzalarymyz bilen edilen işler bilen baglanyşyklydyr. Ýoluň ugrunda ýatan haýsydyr bir daşy ynsanlara zyýan bermesin diýip, sogap gazanmak üçin bir gyra aýyrmak ybadat hasaplanýar. Bir kişiniň emlägini nädogry ýollar arkaly sahyp bolmaga karar berensoň, Alladan gorkup şol niýetiňden el çekmek hem sogap gazanmagyňa sebäp bolýar.

          Ýüregiňdäki etsem-goýsamlaryň aňyrsynda ýagşy niýet duran wagtynda Allanyň ýanynda olaryň gymmaty bardyr. Şeýle pursatlarda kalbyň hüşgär we oýa bolmalydyr.

          Dil bir zada niýet eden mahaly kalp bu düşünjäni goldamaýan bolsa, niýet talabalaýyk görülýän däldir. Geljekki hadyslaryň birinde hem bellenip geçilişi ýaly, Allatagala biziň daşky keşbimize, syratymyza däl-de, eýsem kalbymyza garap, niýetimize görä amallarymyzyň bahasyny kesgitleýär.

           Abdulla ibn Omaryň (r.a) zahid ogly, Medinäniň ýedi fykyh alymynyň biri Salimiň halyf Omar ibn Abdulazize ýazan hatynda şeýle setirler bar: «Şuny berk belle! Allatagalanyň bendesine ýardamy bendesiniň niýetine görä bolar. Kimiň niýeti bitin bolsa Allanyň ýardamy hem bitin bolar. Niýeti egsik bolsa, Allanyň ýardamy hem şonça egsiler».

          Edilen işiň netijesiniň kişiniň niýetiniň ölçegine görä bolmagy, ine, şuňa üns çekýär: berjaý edilen ybadat we iliň hormatyna mynasyp bolan iş ýa-da nähilidir bir hyzmat daşyndan seredilende hiç hili kemçiliksiz ýaly görnüp biler. Ýöne şol ybadatyň, bitirilen işiň ýürekden, halys niýet bilen we diňe Allanyň razylygyny gazanmak üçin edilen bolmagy hökmanydyr. Ynsanlaryň öwgüsini, hormatyny gazanmak ýa-da Allanyň razylygyny, şol sanda ynsanlaryň hormatyny gazanmak üçin berjaý edilen ybadatyň ýa-da edilen işiň Allanyň gatynda hiç hili ähmiýeti ýokdur. Amallary Allanyň ýanynda gymmatly edýän zat biziň yhlasymyz we ýürekdenligimizdir, ýagny olaryň diňe Allanyň razylygy üçin etmegimizdir. Meselem, adamlar meni görsün we öwsün diýip namaz okamak, zekat bermek Alla şirk goşmaga barabar uly günädir. Emma ile görünmegi hyýalyna-da getirmeýän bir müminiň başgalaryny höweslendirmek niýeti bilen her kimiň gözüniň öňünde namaz okamagy, zekat bermegi fazyletdir. Şol mümin hem-ä wezipesini berjaý edýär, hem-de ýagşy niýetinden ötri onuň ýany bilen sogap gazanýar.

          Ýagşy niýete esaslanmaýan, ile görünmek üçin ýerine ýetirilen ybadatlaryň we oňyn hal-hereketleriň Allanyň dergähinde hiç hili gymmatynyň ýokdugyny pygamberimiz (s.a.w) ybratly bir mysalyň üsti bilen görkezýär. Hadysy-şerife görä, kyýamat güni ilki bilen bir şehit hakynda höküm çykarylýar. Şonda Allatagala ondan nämeler edendigi hakda soraýar. Ol: «Tä şehit bolýançam Seniň ugruňda söweşdim!» diýip jogap berýär. Allatagala oňa: «Ýalan aýdýaň. Aslynda sen «Nähili batyr ýigit eken» diýdirmek üçin söweşdiň» diýýär. Onsoň ol kişini ýüzinligine süýräp, jähenneme alnyp gidilýär.

Onuň yzyndan ylym öwrenen we başgalara öwreden, Kuran okamak bilen meşgullanan birisi getirilýär. Alla oňa-da şol sowaly berýär. Ol hem: «Ylym öwrendim, öwretdim. Seniň razylygyň üçin Kuran okadym» diýýär. Allatagala şonda oňa şeýle diýýär: «Ýalan sözleýärsiň. Sen ylmy özüňe alym diýdirjek bolup öwrendiň, «Nähili oňat okaýar» diýdirjek bolup, Kuran okadyň. Isleýşiň ýaly hem boldy». Ony hem ýüzinligine süýräp, äkidip dowzaha taşlaýarlar.

Hadysy-şerifiň dowamynda gurply biriniň Allanyň huzuryna alnyp gelinjegi, onuň hem: «(Beren mal-emlägiňi) Seniň razy bolaýjak zatlaryň üçin paýladym, haýyr-sahawat etdim» diýjegi, Haktagalanyň oňa hem: «Ýalan aýdýaň. Aslynda sen şol zatlaryň barysyny «Jomart adam ekeni» diýdirjek bolup etdiň» diýjegi, ony hem ýüzinligine süýräp, äkidip dowzaha zyňyljagy beýan edilýär. (Muslim, «Imare» 152).

Niýet hakdaky bu hadysdan şeýle netije çykarmak bolýar:

Aslynda ybadat bolmaýan käbir işler ýagşy niýetiň saýasynda ybadata öwrülip bilýär. Meselem, iýýän naharyndan alan güýjüni ybadata sarp etmegi niýet eden kişi heniz nahar iýip otyrka sogap gazanmaga başlaýar. Söwda edýän kişi işini gowy berjaý edip, adamlara peýdaly bolmagy, olary aldamazlygy niýet etse, hem-ä pul, hem-de sogap gazanyp bilýär.

Hadysy-şerifde «Kimiň niýeti Alla we resulyna (ýanyna) gowuşmak, olaryň (ýanyna) hijret etmek bolsa, ol Alla we resulynyň (ýanyna) hijret etmegiň sogabyny gazanar» diýilýär. Hijret bir zady terk etmek diýmekdir. Allanyň gadagan eden zatlaryny terk edip, şol işi etmezlik hem hijret etmek bolýar. Şol sebäpli pygamberimiz (s.a.w): «Muhajir (hijret eden) Allanyň gadagan eden zatlaryny terk eden kişidir» diýýär. (ser.1569 belgili hadys).

Hadysdaky hijret sözünden kapyrlaryň elindäki watanyňy terk edip, yslam ýurduna göçmek göz öňünde tutulýar. Pygamberimiz (s.a.w) bilen onuň sahabalary Mekgeden Medinä şu maksat bilen göç edipdiler. Resuly-Ekrem (s.a.w) şuny diýmek isläpdir: kimde-kim hijret eden wagtynda hiç hili dünýewi bähbidi göz öňünde tutman, diňe Allanyň razylygyny gazanmagy we Allanyň resulyny (s.a.w) hoşnut etmegi niýet eden bolsa, onuň hijreti makuldyr. Ol kişi Alla we resulyna hijret etmegiň sogabyny gazanýandyr. Kimde-kim hijret edýän ýaly görünse-de, aslynda dünýälik bir zada eýe bolmak ýa-da bir zenana öýlenmek islegi bilen ýola çykan bolsa, onuň hijret etdigi däldir, oňa hiç hili sogap hem ýokdur. Bu hakykaty Allatagala şeýle bildiripdir:

«Kim (edýän amaly bilen) ahyret hasylyny (sogabyny) gazanmakçy bolsa onuň (sogabyny) artdyrarys. Kim dünýä hasylyny gazanmak islese oňa-da dünýäde (käbir zatlary) nesip ederis! (Emma) onuň ahyretde hiç hili nesibesi bolmaz». («Şura» süresi, 42/20).

Gürrüňi edilýän hadysyň ýüze çykmagyna şeýle wakanyň sebäp bolandygy aýdylýar:

Bir sahaba Ümmi Kaýs diýen bir zenana öýlenmekçi bolýar. Ýöne şol günler Ümmi Kaýs diýen şol zenan Medinä hijret etjek bolup ýören eken. Ol zenan sahabanyň niýeti çyn bolsa Medinä hijret etmegi we özüne şol ýerde öýlenip biljegini duýdurýar. Hemme zady ýerbe-ýer, allanäme durmuşyny üýtgedip, Mekgäni terk etmegi heniz göz öňüne tutmaýan bu sahaba Ümmi Kaýsa öýlenmek üçin Medinä hijret etmeli bolýar. Şol sebäpli hem sahabalar «Muhajiru-Ümmi Kaýs (Ümmi Kaýsyň muhajiri)» diýip, kinaýaly degişmeler eder eken. Şunlukda, ol kişiniň hijretiň sogabyny gazanyp-gazanmadygy baradaky çekişmeler bolýar eken. Pygamberimiz (s.a.w) hem şu hadysy-şerif arkaly bu meseläni çöp döwen ýaly edýär, ýagny her kimiň niýetine görä sogap gazanjagyny bildirýär.

Hadysdan şulary öwrendik:

  1.  Edilen işden sogap gazanmak üçin islendik iş ýagşy niýet bilen başlanmaly;
  2. Niýetiň kalpda amala aşmagy möhümdir, ýöriteläp diliň bilen aýtmak hökman däl;
  3. Allanyň razylygy göz öňünde tutulman edilen işler sogap gazandyrmaýar;
  4. Ynsan nähili görünýän bolsa şeýle hem bolmaly, dünýewi bähbit üçin dini ulanmaly däldir;
  5. Yhlas halys niýet diýmek eken.