***
2. Müminleriň enesi Ümmi Abdulla hezreti Äşäniň (r.anha) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Bir goşun Käbäni basyp almak üçin ýola çykar. Çolaryp ýatan ýere ýetende, şol goşuny tutuşlygyna ýer ýuwdar.
Hezreti Äşe şonda men: «Eý, Allanyň resuly! Olaryň arasynda erbet niýeti bolmadyk ýa-da diňe söwda etmek maksady bilen gelenleri hem ýer ýuwdarmy? – diýdim. Allanyň resuly (s.a.w) (muňa şeýle jogap berdi):
Hawa, hemmesini ýer hopar. Ýöne ahyretde täzeden direlensoňlar her kim niýetine görä hasap berer.
Buhary, «Buýu» 49, «Haj» 49; Muslim, «Fiten» 4-8. Şeýle hem seret: Tirmizi, «Fiten» 21; Nesay, «Menasik» 112; Ibni Maje, «Fiten» 30.
Düşündiriş
Bu hadysy-şerifde Käbäni ýykmak niýeti bilen ýola çykan haýsydyr bir goşunyň heläkçilige duçar boljagy habar berilýär. Hudaýa şükür, beýle elhenç hadysa heniz ýüze çykmady. Ýöne bu güne deňiç Beýtullany kän gezekler ýykmaga synanyşyk edildi. Şeýle hadysalaryň biri emewileriň hökümdarlygynyň ilki ýyllarynda bolup geçipdi. Hawa, hezreti Äşäniň (r.a) ýegeni Abdulla ibni Zubeýir (r.a) hijretiň 72-nji ýylynda Ýezide biat etmän (gol bermän), Mekgä gidip, şol ýerde halyflygyny yglan etdi. Ol emewilerden goranmak üçin Haramy-Şerife sygyndy. Şonda emewileriň meşhur serkerdeleriniň biri Hajjajy Zalym Mäkgäniň daşyny gabady. Käbäni manjynyk bilen daşlatdy. Abdulla ibni Zubeýir we onuň egindeşleri olara garşy gahrymanlarça söweşdi. Abdulla ibni Zubeýir hijretiň 73-nji ýylynda şehit boldy.
Soňky gezek Käbäni ýykmak synanyşygy hijretiň IV asyrynda karmatiler tarapyndan amala aşyryldy. Saud Arabystanyň Ahsa diýen ýerinde garaşsyz döwletini bina eden bu naýynsaplar 317-nji ýylda (milady 929) Mekgä çozup, Käbä togap etmäge gelen birentek musulmany gylyçdan geçirdiler. Hajerül-Eswedi bolsa ýerinden goparyp, öz ýurtlaryna alyp gitdiler. Ýigrimi ýyldan soňra getirip ýerine goýdular.
«Fil» süresinden bilşimiz ýaly Allatagala Käbä hüjüm eden Ebrehäniň goşunyny derbi-dagyn edýär. Edil şonuň ýaly, bu hadys arkaly habar berilýän, gelejekde bolmaly şol waka ýüze çykanda-da ýene Onuň Özi Käbäni gorar. Ýöne başga bir ygtybarly hadysy-şerifde kyýamatyň wagty ýakynlaşanda bu mübärek binanyň gorag astynda bolmajakdygy «Hebeşilerden inçe aýakly bir adamyň Käbäni harap etjekdigi (Buhary, «Haj» 47, 49; Muslim, «Fiten» 57-59)» aýdylýar.
Käbäni ýykmaga gelen şol goşuny nirräkde ýeriň hopjagy belli däl.
Şu ýerde şeýle bir sowal ýüze çykýar: Şonda Käbä ýamanlyk etmek niýeti bilen däl-de, eýsem başga niýet bilen gelen bigünä adamlary näme üçin ýer ýuwudýar?
Munuň jogaby şeýleräk:
Şeýle bir günäler bar welin, onuň diňe şol günäleri işlän kişilere däl, eýsem olara göz ýuman, görmedik bolan kişilere hem zyýany degýär. Şol sebäpli hadysy-şerifde habar berilýän şoňa meňzeş bela-betere duçar bolmazlyk üçin töweregimizde edilýän erbetliklere göz ýummaly däldiris. Bidüzgünçilik edýänleri saklap bolmaýan bolsa, olardan haýal etmän uzaklaşmalydyrys.
Bu hadysyň bize berýän başga bir duýduryşy-da, erbetleriň arasynda bolmak örän howpludyr. Iň howply ýeri hem olaryň edýän erbetlikleriniň ýokanç kesel ýaly bolup, töweregindäkilere çalt täsiriniň ýetmegidir. Mundan-da erbet tarapy hem, ýagşy adamlary erbet adamlar bilen birlikde gören ýönekeý halkda erbetleriň edýän şol erbetlikleri barada «Diýmek, känbir ähmiýet berlip oturasy zadam däl eken» diýen düşünjäniň döremegidir. Ine, hut şu sebäpli-de, erbetleriň başyndan injek bela hadysda beýan edilişi ýaly, olar bilen bir ýerde ýaşaýan gowy adamlaryň hem başyndan injekdir. Ine, şu aýaty-kerimede hem zalymlardan uzak durmalydygy habar berilýär: «Zyýany diňe zulum edenlere degmek bilen galmaýan pitneden saklanyň!» («Enfal» süresi, 8/25).
Erbetlere edýän işiniň nädogrudygyny duýdurmak, habar etmek musulmanyň borjy bolup durýar. Ahlakly, ylymly, dininiň emr-gadaganlyklaryny bilýän adamlar olaryň ýanyna barmaly we ýagşy näme, ýaman näme düşündirmelidir.
Şeýle hem, ine, şu sowalyň berilmegi mümkin: geljekde boljak gaýyby hadysalary diňe Alla bilýär ahyry! Kyýamat ýakynlanda boljak bu hadysany pygamberimiz (s.a.w) nädip bilipdir?
Bu sowalyň jogaby şu aýaty-kerimede bar: «Ol (Alla) gaýyby bilýändir. Emma gaýybyny hiç kime açmaz (habar bermez). Meger, Öz razy bolan ilçisine (gaýyby habarlarynyň käbirini bildirer)». («Jyn» süresi, 26-27).
Diýmek, pygamberimize (s.a.w) bu hadysany Allatagala habar beripdir.
Hadysy-şerifde asyl aýdyljak bolunýan zat niýetiň ähmiýetidir. Käbäni ýykmaga gidenleriň arasynda bigünä kişiler hem bolup biler. Olaryň käbiri söweşe zoraýakdan äkidilen bolmagy hem mümkin. Käbiriniň ugry başga ýere bolup, ýolda olar bilen gabatlaşan bolup biler. Erbetlik etmegi niýetinde ýok hem bolsa erbetleriň arasynda bolan kişileriň dünýädäki jezasy olar bilen birlikde şol ýerde heläk bolmakdyr. Ahyretde bolsa niýetlerine görä, hasaba çekilerler. Meger niýetleri erbet bolsa dowzaha, ýagşy bolsa jennete düşerler.
***
3. Hezreti Äşe enemiziň (r.anha) aýtmagyna görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Mekgäniň fethinden (eýelemek) soňra hijret bolmaz, ýöne jihat (Allanyň adyny bütin dünýä ýaýmagyň, Alla barýan ýollary arçamagyň ugrunda tagalla etmek) we (jihada) niýet bolar. Alla ýolunda jihada çagyrylan wagtyňyz, eglenmäň!
Buhary, «Menakybul-ensar» 45, «Jihad» 1, 27, 184; Muslim, «Haj» 445, «Imaret» 85. Şeýle hem. ser. Tirmizi, «Siýer» 32; Nesai, «Beýat» 15.
Düşündiriş
Yslamyýetiň ilki ýyllarynda mekgeli müşrikler musulmanlara sütem baryny çekdirýär. Olaryň bu zulmuna çydam edip bilmeýän musulmanlaryň köpüsi Allanyň emirlerini doly we dürs berjaý edip bilmek maksady bilen öýüni-öwzaryny terk etmeli bolýar. Başgaça aýtsak, olar pygamberimiziň (s.a.w) ugrukdurmagy bilen Hebeşistana hijret edýärler. Has soňra bolsa olar hem-de Mekgedäki beýleki musulmanlar arkaýyn ybadat edip, asuda ýaşap biljek ýerleri bolan Medinä hijret edýärler. Az wagtdan soňra pygamberimiziň (s.a.w) özi hem Medinä göçüp barýar.
Hijretiň 8-nji ýylynyň remezan aýynda (dekabr, 630) bolsa Mekge fetih edilýär. Yslam güneşiniň ilkinji dogan ýeri bolan bu mübärek şäher yslam diýaryna öwrülýär. Resuly-Kibriýa (s.a.w) Mekgeden Medinä hijret etmegi togtadýar.
Resuly-Ekremiň (s.a.w) bu hadysynda «Ýöne jihat (Allanyň adyny bütin dünýä ýaýmagyň, Alla barýan ýollary arçamagyň ugrunda tagalla etmek) we (jihada) niýet bolar» diýmek bilen,hijret etmek togtadylandan soňra musulmanlara täze işleriň garaşýandygy bildirilýär. Ýagny hadysda Allanyň dinini dünýäniň dürli künjegine ýaýmak üçin jihat etmek, muny hem diňe Allanyň razylygyny gazanmak niýeti bilen amala aşyrmak, uzak diýarlara gidip ylym öwrenmek we öwretmek ýaly işleriň garaşýandygyna yşarat edilýär. Hawa, yslamyň talaplary, Alla üçin jihat etmek düşünjesi bilen ýetişen musulman «Ýaraglanyň!» emrini eşidende, gorkup kürtdürip durmaz. Ol Allanyň razylygyny gazanmak üçin hijretiň başga bir görnüşi bolan söweş meýdanyna okdurylmaga taýýardyr.
Şuny hem belläp geçmek gerek: bütin synanyşyklara garamazdan yslam ülkesindäki erbetleriň we erbetlikleriň öňüni almak başartmaýan bolsa, edilýän tagallalardan oňyn netije gazanyp bolmaýan bolsa, diniň talaplaryny berjaý etmek mümkin däl derejä ýeten bolsa, ýene hijret etmek meselesi ör boýuna galar. Çünki pygamberimiz (s.a.w): «Toba etmek soňlanmazdan hijret etmek hem soňlanmaz. Toba (etmek) bolsa Gün günbatardan dogýança dowam eder» diýipdir (Ebu Dawud, «Jihad» 2; Ahmet ibni Hanbel, «Musned», IV, 99). Diýmek, musulmanyň esasy wezipesi soňky demine çenli yhlasyň, ýürekdenligiň we ýagşy niýetiň esaslaryna eýerip ýaşamak eken.
***
4. Ebu Abdulla Jabir ibn Abdulla el-Ensary (r.anhuma) gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) bilen bir söweşe gatnaşypdym. Şonda ol (s.a.w) şeýle diýdi:
Söweşe gidesi gelip, gidip bilmän Medinede galan şeýle kimseler bar welin, olar hem siziň bilen birlikde söken ýoluňyzy söküp, geçen jülgäňizi geçen ýaly hasap ediler. Olar näsag bolup galanlardyr.
Başga bir hadysa görä şeýle diýipdir:
– Olar siziň gazanan sogabyňyza deň şärikdir.
(Muslim, «Imare» 159).
***
5. Enes (r.a) gürrüň berýär:
– Tebük söweşinden dolanyp gelýärkäk, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi:
– Bize goşulyp bilmän, yzda – Medinede galan şeýle kimseler bar welin, bir dag ýolundan ýa-da bir jülgeden ýöräp geçenimizde (nähili sogap gazanýan bolsak), olar hem biziň bilen ýöräp barýan dek deň sogap gazanarlar. Çünki olaryň siziň araňyza goşulyp bilmändiginiň esasly sebäbi bardyr.
Buhary, «Megazy» 81, «Jihad» 35. Şeýle hem ser: Ebu Dawud, «Jihad» 19; Ibni Maje, «Jihad» 6.
***
6. Ebu Ýezid Man ibni Ýezid Ibni Ahnes (r.a) (Manyň özi hem, kakasy Ýezid hem, atasy Ahnes hem sahabadyr) gürrüň berýär:
– Kakam Ýezid sadaka bermek üçin ýany bilen birki dinar aldy-da, Mesjidi-Nebewä bardy. Puly şol ýerde oturan biriniň golaýynda goýdy. Menem baryp, şol pullary aldym. Soňra kakama baryp aýtdym. Şonda kakam maňa:
– Alla şaýatdyr, men olary sen alarsyň diýip, (o taýda) goýmandym – diýensoň, men Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna bardym we bolan zady bolşy ýaly aýdyp berdim. Şonda hezreti pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem şeýle diýdi:
– Eý, Ýezid! Sen niýetiňdäki sadaka sogabyny gazandyň. Eý, Man! Alan pullaryň hem seniňkidir!
Buhary, «Zekat» 15. Şeýle hem, ser: Darimi, «Zekat» 14; Ahmed ibni Hanbel, Musned, III, 470.
***
7. Jennet bilen buşlanan on sahabanyň biri Ebu Ishak Sad Ebu Wakkas (r.a) gürrüň berýär:
Hoşlaşyk hajynyň bolan ýyly (Mekgede) agyr kesele ýolukdym. Şonda Allanyň resuly sallallahu aleýhi wesellem halymdan habar almaga geldi. Men ondan:
─ Eý, Allanyň resuly! Görşüň ýaly, ýolugan derdim agyr. Men barly adam. Ýeke gyzymdan başga mirasdarym ýok. Emlägimiň üçden iki bölegini sadaka hökmünde garyp-gasara paýlaýynmy? – diýip soradym. Hezreti pygamber (s.a.w):
─ Ýok (beýtme) – diýdi. Men:
─ Ýarysyny paýlaýynmy? – diýdim. Ol (s.a.w) ýene-de:
─ Ýok – diýdi. Onsoň men ondan (s.a.w):
─ Eýsem, üçden birisine näme diýýärsiň? – diýip soradym. Şonda ol (s.a.w):
─ Üçden birisini paýla! Dogrusy, ol hem kän bolýar. (Yzyňdakylary) hiç zatsyz, halka elgarama edip gideniňden, mirasyňy goýup, barly edip gideniň haýyrlydyr. Allanyň razylygy üçin bir zat eden bolsaň, hatda ýanýoldaşyň agzyna tutup beren lukmaňa deňiç eden her bir ýagşylygyň sogapsyz galdyrylmaz – diýdi.
Sad ibni Wakkas sözüni şeýle dowam etdirdi:
─ Eý, Allanyň resuly! Egindeşlerim gidip, men bärde galýarynmy (bu ýerde ölýärinmi)? – diýip soradym. Pygamberimiz (s.a.w):
─ Ýok, sen bärde galmaýarsyň. Allanyň razylygy üçin haýyrly işler edip, belent mertebelere ýetýärsiň. Enşalla, seniň ömrüň uzak bolar, kimlere (müminlere) peýda, kimlere (kapyrlara) zyýan getirersiň.
(Soňra Allanyň resuly (s.a.w) şeýle dileg etdi):
─ Eý, Rebbim! Ashabymyň (Mekgeden Medinä) hijretini tamam kyl! Olary yzlaryna dolap, hijretlerini ýarym eýleme! Sad ibn Hawle agyr ýagdaýda ýatyr!
Allanyň resuly (s.a.w) bu sözler bilen Sad ibni Hawle Mekgede aradan çykar öýdüp, oňa gynanjyny bildirýärdi.
Buhari, «Jenaiz» 36, «Wesaýa» 2, «Nefekat» 1, «Merda» 16, «Daawat» 43, «Feraiz» 6; Müslim, «Wasiýýet» 5. Şeýle hem, ser. Ebu Dawud, «Feraiz» 3; Tirmizi, «Wesaýa» 1; Nesai, «Wesaýa» 3; Ibni Maje, «Wesaýa» 5.
***
8. Ebu Hüreýre Abdurrahman ibni Sahryň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Allatagala siziň bedeniňize ýa-da ýüzüňize däl, (eýsem) kalbyňyza sereder».
Müslim, «Birr» 33. Şeýle hem ser. Ibni Maje, «Zühd» 9.
***
9. Ebu Musa Abdulla ibni Kaýs el-Eşary (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resulyna (a.s.m) «Birisi gujur-gaýratyny görkezmek (niýeti bilen), ýene birisi milletini goramak (maksady bilen), ýene birisi bolsa özüne mert adam diýdirmek üçin söweşýär. Bularyň haýsysy Allanyň ýolunda boldugy bolýar?» diýip sowal berdiler. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şu jogaby berdi: «Kimde-kim Yslamyýetiň (towhyd kelemesiniň) şanyny belende götermek üçin söweşýän bolsa, (ana) şol kişi (hem) Allanyň ýolundadyr».
Buhary, «Ylym» 45, «Jihad», 15, «Farzul-humus» 10, «Towhyd» 28; Muslim, «Imare» 150, şeýle hem, ser. Tirmizi, «Fezailul-jihad» 16; Nesai, «Jihad» 21; Ibni Maje, «Jihad» 13.
***
10. Ebu Bekre Nüfeý ibni Haris es-Sekafi (r.a) gürrüň berýär:
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Iki musulman bir-biri bilen gylyçlaşsa, (munda) öldürenem, ölenem dowzahydyr». Şonda men:
─ Eý, Allanyň resuly! Öldüreniň ýagdaýy belli, emma ölen näme üçin dowzahy bolýar? – diýip soradym. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýip jogap berdi:
─ Çünkü ol (hem) gardaşyny öldürmegi ýüregine düwüpdi.
Buhary, «Iman» 22, «Diýat» 2, «Fiten» 10; Muslim, «Kasame» 33, «Fiten» 14, 15. Şeýle hem ser.. Ebu Dawud, «Fiten» 5; Nesai, «Tahrim» 29, «Kasame» 7; Ibni Maje, «Fiten» 11.
***
11. Ebu Hureýre (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi:
Bir kişiniň metjitde jemagat bolup okan namazy iş ýerinde we öýünde okan namazyndan ýigrimi esse dagy sogaplydyr. Şunlukda, bir kişi birkemsiz täret alyp, soň hem başga niýet bilen däl-de, diňe namaz okamak niýeti bilen metjide gitse, tä metjide gelip girýänçä her äden ädiminde bir mertebe beýgeler we bir günäsi bagyşlanar. Metjidiň içine girip, namaz okamak niýeti bilen şol taýda geçiren pursatlary üçin edil namaz okaýan deý sogap ýazylar. Tärätini bozmasa, hiç kime (sözi ýa-da hereketi bilen) zyýany degmese, tä namaz okan ýerinden gaýdýança perişdeler: «(Eý,) Allam! Oňa merhamet et! «(Eý,) Allam! Ony bagyşla! (Eý,) Allam! Onuň tobasyny kabul et!» diýip, onuň üçin dileg-doga ederler.
Buhary, «Salat» 87, «Azan» 30, «Büýi» 49; Muslim, «Taharet» 12, «Mesajid» 272. Ýene-de ser. Ebu Dawud, «Salat» 48; Ibni Maje, «Taharet» 6, «Mesajid» 14.
***
12. Ebul-Abbas Abdulla ibni Abbas ibni Abdulmuttalibiň (r.anhuma) habar bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) Allatagalanyň şeýle diýenini (kudsi hadys) aýdypdyr:
Allatagala ýagşylyklar bilen erbetlikleri belli edip, kesgitländen soňra, şeýle düşündiriş berdi:
Kimde-kim nähilidir bir ýagşylyk etmegi ýüregine düwse, ýöne edip bilmese, Haktagala şol ýagşylygy eden hökmünde sogap ýazar. Eger-de kimde-kim bir gowy iş etmegi ýüregine düwse we etse, Haktagala eden şol gowy amaly üçin on sogap ýazar, käte onuň sogabyny ýedi ýüz esse, hatda ondan hem kän-kän artdyryp ýazar. Kimde-kim nähilidir bir erbet iş etmegi niýet etse, ýöne bu pälinden el çekse, Haktagala oňa bir gowulyk eden dek sogap ýazar. Eger-de kim erbet iş etmegi ýüregine düwse we etse, Haktagala oňa diňe bir günä etdi diýip ýazar.
Buhary, «Rikak» 31; Muslim, «Iman» 207, 259. Şeýle hem ser. Buhary, «Towhyd» 35; Tirmizi, «Tefsiri-sure» (6) 10.
***
13. Ebu Abdurrahman Abdulla ibni Omar Ibnil-Hattabyň (ra) aýtmagyna görä, ol Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:
– Köne döwürde üç adam nirädir bir ýere rowana bolýar. Bular iňrik garalanda (ýoldan sowlup) uklap dynç almak üçin bir gowaga girýärler. Birdenem dagdan harsaň daş bölegi togalanyp gaýdýar-da, gowagyň agzyna temme bolýar duruberýär. (Çykgynsyz ýagdaýa düşen) bu üç kişi öz aralarynda:
– (Indi biz) eden haýyrly işlerimizi ýatlaşyp, Alladan medet soramakdan başga alajymyz ýok. Bu ýagdaýdan şeýdip halas bolaýmasak – diýişýärler. Onsoň olaryň birisi gürrüň bermäge başlaýar:
– (Eý,) Allam! Meniň garry enem-atam bardy. Olary ilki bilen iýdirip-içirmän, bala-çagama, hyzmatkärime duz dadyrmazdym. Bir gezegem uzagrak ýere odun ýygmaga gitdim. Wagtynda yzyma dolanyp ýetişmedim. Agşamky sagymdan süýt alyp, ene-atamyň huzuryna gelsem, olar eýýäm uklan eken. Oýarmagy uslyp bilmedim, ýöne bala-çagama-da şamlyk naharyny bermedim. Şunlukda, elim süýtli tabakly tä enem-atam oýanýança, olaryň başujunda garaşyp oturyberdim. Balalarymam aç bolansoň, ýanymda tamşanypjyk otyrlar. Ahyrsoňy enem-atam oýandy. Onsoň olara elim bilenjik süýt içirdim.
Gürrüň berýän adam sözüni tamamlap, Alla ýalbarmagy durdy: «Eý, Allam! Men muny diňe seniň razylygyňy gazanmak üçin edipdim. Çykalga böwet bolup duran şu daşdan dyndaraweri!» diýdem weli, daş bir gyra çalaja süýşüp, gowagyň agzy sähelçe açyldy. Ýöne çykyp boljak däldi.
Onsoň ikinji adam gürrüňe başlady:
– (Eý,) Allam! Bir gyz doganoglanym bardy. Ony şeýle bir söýýärdim, şondan başgany gözüm görmeýärdi («Bir erkek zenan maşgalany nähili gowy görýän bolsa, menem ony şeýle gowy görýärdim» diýlip aýdylýan görnüşi hem bar). Oňa ýakynlaşmak isledim. Emma ol razylyk bermedi. Bir ýyl gytçylyk boldy. Şonda şol gyz gapymdan geldi. Men oňa birwagtky eden teklibimi kabul etse, ýüz ýigrimi tylla berjegimi aýtdym. Ol hem (bialaç) razy boldy. Haçanda oňa ýakynlaşjak bolanymda (başga bir hadysda, «jynsy gatnaşyga girişjek bolanym hem şoldy welin» diýilýär), ol: «Alladan gork! Diniň halamaýan pirimini ulanyp, maňa el degirjek bolýarsyň!» diýdi. Alladan gorkyma yşkynda köýüp ýören şol zenandan dessine uzaklaşmak bilen boldum. Beren tyllalarymy hem yzyna almadym.
Şulary gürrüň berensoň, bu adam hem Alla ýalbaryplar şeýlde diýdi: «Eý, Allam! Şuny seniň razylygyň üçin eden bolsam, başymyzdan şu belany sowaweri!» Hälki harsaň daş ýene biraz ýerinden süýşdi. Emma barybir çykar-eder ýaly däldi.
Onsoň üçünji adam söze başlady:
– (Eý,) Allam! Birçak men birnäçe işçini hakyna tutup, işletdim. Şonda birinden gaýrysynyň hakyny töledim. Şonda olaryň birisi (bir sebäp bilen-ä) hakyny alman gidipdi. Ana, şonuň puluny öwrüp-çöwrüp köpeltdim. Giden baýlyk ýygnandy. Ynha, bir günem şol adam gelip:
– Eý, Allanyň guly, meniň hakymy ber – diýdi. Menem oňa:
– Şu görýän düýeleriň, sygyrlaryň we gullaryň barysy seniňki. Seniň alman giden puluňdan köpelip giden zatlar şular – diýdim. Şonda ýaňky pukara adam:
– Eý, Allanyň guly! Meni oýnajak bolma – diýdi. Şeýle diýensoň men:
– Ýok, çynymy aýdan, seni oýnajak bolamok – diýdim. Şondan soň ol adam näme ýygnanan bolsa, öňüne salyp alyp gitdi. (Üçünji adam hem gürrüňini tamamlansoň,) – Rebbim! Eger men şuny seniň razylygyň üçin eden bolsam, düşen şu ýagdaýymyzdan halas eýle! – diýip, ýalbarmak-ýalbardy. Şonda harsaň daş bir gyra süýşüp, gowagyň agzy mazaly açylaýdy. Şunlukda olar gowakdan çykyp ötägitdiler.
Buhary, «Buýu» 98, «Ijare» 12, «Hars wel-muzarea» 13, «Enbiýa» 53, «Edeb» 5; Muslim, «Zikir» 100.
***
Toba etmek
Alladan bagyşlanmagyňy dilemek
Ulamalara görä ynsan eden her bir günäsi üçin toba etmeli. Ynsanyň hak-hukugy bilen baglanyşykly däl-de, gönüden-göni Allanyň öňünde edilen günä üçin toba etmegiň üç şerti bar:
Şu şertleriň birisi kem bolsa, toba edildigi bolmaz.
Eger ynsan Allanyň bendesiniň hak-hukugy bilen baglanyşykly bir günä iş etse, onda toba etmegiň dört şerti bar:
Muňa ýokardaky şertleriň üçüsi degişli bolup, dördünjisi şerti hem bendäniň öňünde edilen günäden tämizlenmekdir. Bu hem şu hili bolýar:
Eger edilen günä kişiniň mal-emlägini, hak-heşdegini öz hasabyna geçirmek ýaly bir zat bolsa, emlägi ýa-da hakyny eýesine gaýtaryp bermeli. Eger kimdir birine «Zyna etdi» diýip, töhmet atan bolsa, jezalandyrmak işini şol töhmet atylan kişiniň ygtyýaryna goýmaly ýa-da ondan özüni bagyşlamagyny dilemegi gerek. Eger kişiniň nähildir bir aýbyny aýdyp, gybatyny eden bolsa, şol gybatyny eden kişisinden ötünç soramaly.
Adam her bir günäsi üçin toba etmelidir. Käbir günäsi üçin toba eden kişi sünnet ähline görä, diňe şol günäleri üçin toba etdigi bolýandyr. Toba etmedik günäleri bolsa şol durşuna galýandyr.
***
Aýatlar
«Eý, iman getirenler! Halas bolmagyňyz üçin hemmäňiz Alla toba ediň!» («Nur» süresi, 24/31).
«Perwerdigäriňizden bagyşlanmagyňyzy diläň, soň Oňa toba ediň!» («Hud» süresi, 11/3).
«Eý, iman getirenler! Çyn toba bilen Alla toba ediň!» («Tahrin» süresi, 66/8).
***
14. Ebu Hureýre (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:
«Walla, her gün ýetmiş gezekdenem kän Allanyň öňünde toba-istigfar edýärin».
Buhary, «Daawat» 3. Şeýle hem, seret. Tirmizi, «Tefsiri-sure» (47); Ibni Maje, «Edeb» 57.
***
15. Egar ibni Ýesar el-Muzeniň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Eý, ynsanlar! Toba edip, Alladan bagyşlanmagyňyzy diläň! Çünki men (hem) günde ýüz ýola toba edýärin».
Muslim, «Zikir» 42. Şeýle hem, seret. Ebu Dawud, «Witr» 26; Ibni Maje, «Edeb» 57.
***
16. Allanyň resulynyň (s.a.w) hyzmatkäri Ebu Hamza Enes ibni Malik el-Ensarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Allanyň bendesiniň toba etmeginden hoşwagt bolşy çola ýerde düýesini ýitirip, soňra ony tapan kişiniň begenişiniň hoşallygynyň çaky dagy däldir».
Buhary, «Daawat» 4; Muslim, «Toba» 1, 7, 8.
Muslimde geçýän hadysda bolsa şeýle diýilýär:
Siziň biriňiziň toba etmeginden Allanyň hoşwagt bolşy, düňle çölde gidip barýarka, üstünde huruşlyk iýjek-içjegi bolan düýesini elinden gaçyran, yzyny aňtamakdan netije bolmansoň, düýeden umydyny üzüp, bir agajyň kölegesine geçip, ýaňy aýagyny uzadan wagty hem, bir ýerlerden düýesiniň başujunda peýda bolanyny görüp, onuň owsaryndan berk ýapyşyp, begenjine näme samraýanyny hem bilmän: «(Eý,) Allam! Sen meniň gulum, men seniň Rebbiň!» diýen kişiniň begenişiniň çaky dagy däldir.
Muslim, «Toba» 7. Şeýle hem seret. Tirmizi, «Kyýamet» 49, «Daawat» 99; Ibni Maje, «Zühd» 30.
***
17. Ebu Musa Abdulla ibni Kaýs el-Eşarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
Allatagala gündiz günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolup, gije elini açar, gije günä işlän kişiniň tobasyny kabul etjek bolubam gündiz elini açar. Bu Gün günbatardan dogýança şeýle bolar.
Muslim, «Toba» 31.
Düşündiriş
Hadysdaky «Gije we gündiz elini açar» diýen söz düzümleri bilen Allatagalanyň bendesi günä işi üçin toba etse, kabul ediljekdigi, oňa bolan merhemeti, söýgisi düşündirilýär.
***
18. Ebu Hureýre (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyp resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Kimde-kim Gün günbatar dogmazdan öňünçä toba etse, Alla onuň tobasyny kabul eder.
Muslim, «Zikir» 43.
Düşündiriş
Günüň günbatardan dogmagy kyýamatyň uly alamatlarynyň biri bolup, şol gün kapyrlar hakykata göz ýetirip, iman getirjek bolarlar. Emma munuň olar üçin hiç hili peýdasy degjek däldir.