***
19. Ebu Abdurrahman Abdulla ibn Omar ibnil-Hattabyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
– Allatagala bendesiniň jany bokurdaga gelmänkä, onuň eden tobasyny kabul eder.
Tirmizi, «Daawat» 98. Şeýle hem seret. Ibni Maje, «Zühd» 30.
***
20. Zirr ibni Hubeýş gürrüň berýär: «Mesiniň üstünden nähili mesh edilýändigini soramak üçin Safwan ibni Assalyň (r.a) ýanyna barypdym. Şonda ol menden:
─ Zirr, näme üçin gediň? – diýip sorady. (Men):
─ Ylym öwrenmek üçin – diýdim welin, ol maňa şuny aýtdy:
Perişdeler ylym öwrenýän kişileri gowy görüp, olary ganatlary bilen penalar.
(Şonda) men (oňa şeýle sowal bilen ýüzlendim):
─ Uly hem-de kiçi täretden soňra mesiniň üstünden nädip mesh edilýärkä?» diýen pikir kelläme geldi durdy. Sen pygamberiň (s.a.w) sahabalaryndan. Menem onsoň bu mesele barada ondan (s.a.w) bir zat eşidip-eşitmäniňi soraýyn diýip geldim.
Safwan (maňa şeýle jogap berdi):
─ Hawa, eşitdim. Resuly-Ekrem (s.a.w) sapara çykylanda mesini üç gije-gündizläp çykarman ulanyp bolýandygyny, uly hem kiçi täretden, hatda uklap turanyňdan soňra-da mesiniň üstüne mesh etseň ýeterlikdigini, emma iniň hapalansa, mesini çykarmalydygyny aýdardy.
─ Ondan (s.a.w) söýgi barada eşiden zadyň boldumy? – diýip soradym. Ol:
─ Hawa, eşitdim. Bir gezek Allanyň resuly (s.a.w) bilen sapara çykypdyk. Biz hem onuň ýakynyndadyk. Şonda çölde sähraýy bir adam pygamberimize (s.a.w): «Eý, Muhammet!» diýip, gödeksi ýüzlendi. Pygamberimizem (s.a.w) edil onuň äheňinde jogap gaýtardy: «Gel, bakaly!»
Men ýaňky sähraýa garap, şeýle diýdim: «Bolşuň dagy näteňet? Sen pygamberiň (s.a.w) huzurynda dursuň ahyry! Ýuwaşrak geple! Allatagala (Onuň huzurynda) gaty ses bilen geplemegi gadagan etdi» diýdim. Sähraýynyň bolsa şol bolşy: «Walla, ýuwaş geplejek däl!» diýdi. Soňam Resuly-Ekreme (s.a.w) garap: «Aýdaly, bir adam şeýle bir kişileri gowy görýär, emma olar bilen bile oturyp-turşar ýaly eden haýyrly işi ýok. Ana, şol kişi dogrusynda näme diýersiň? – diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w) onuň bu sowalyna şeýle diýip jogap berdi: «Kyýamat güni her kim gowy gören kişisi bilen bile bolar!»
Saffan ibni Assal (r.a) sözüni dowam etdirdi:
─ Pygamberimiz (s.a.w) bu barada gaty kän zat diýdi. Sözüniň arasynda Günbatar tarapda bar bolan nähilidir bir gapy dogrusynda hem gürrüň berdi. «Şol gapynyň giňligi barada aýtmaly bolsa, pyýada ýöräp gidilende kyrk ýa-da ýetmiş (gürrüň berýän rawynyň ýatlamasyna görä, at bilen gidilende kyrk ýa-da ýetmiş ýyllyk) ýyllyk ýoldur» diýdi.
Damaskly hadysçy Sufýan ibni Uýeýne bu gapy barada şeýle diýýär: «Alla asmany we Ýeri ýaradan gününden beýläk şol gapyny toba edýänler üçin açyp goýupdyr. Tä Gün Günbatardan dogýança, şol gapy ýapylmaz».
Tirmizi, «Daawat» 98. Şeýle hem seret. Tirmizi, «Taharet», 71; Nesai, «Taharet» 97, 113; Ibni Maje, «Fiten» 32.
***
21. Ebu Said Sad ibni Malik ibni Sinan el-Hudry (r.a) Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:
─ Köne döwürde togsan dokuz adamy öldüren bir kişi bardy. Ol Ýer ýüzüniň iň beýik alymyny gözleýärdi. Şunlukda, oňa bir monahyň salgysyny berýärler. Bu kişişi şol monahy tapyp, oňa şu sowaly berýär: «Men togsan dokuz kişini öldürdim. Toba etsem, tobam kabul bolarmy?» Monah: «Ýok, kabul bolmaz» diýýär. (Ýaňky adam) monah şeýle diýip duransoň, ony hem öldürýär. Şeýlelikde, onuň öldüren adamsynyň sany ýüze ýetýär. Soňra ol ýene-de Ýer ýüzüniň iň beýik alymynyň gözlegine çykýar. Oňa ýene bir alymy salgy berýärler. Bu kişi alymyň ýanyna baryp, ýüz adamyň janyna kast edendigini, indi toba etse, tobasynyň kabul bolup-bolmajagyny soraýar. Şonda alym oňa şeýle diýýär: «Elbetde, kabul bolar. Toba etmegi üçin adama hiç zat päsgel bolup bilmez. Ýöne sen pylan ýere git. Ana, şol ýerde Allatagala ybadat edýän ynsanlary görersiň. Sen hem olar bilen birlikde Alla ybadat ediber. Hergiz ýurduňa dolanma! Sebäp diýseň, o taýy ibaly ýer däl».
Ol adam (alymyň salgy beren) ýurduna sary ýola çykýar. Ýarty ýolda ajaly ýetip (ölýär). (Onuň ýanyna gelen) rahmet perişdeleri bilen azap perişdeleri düşünişip bilmeýärler. Rahmet perişdeleri «Bu adam ýürekden toba etdi. Alla üçin ýola düşdi» diýseler, azap perişdeleri «Bu adam ömründe gowulyk etmedi ahyryn» diýýärler. Şol wagt adam sypatyna giren başga bir perişde peýda bolýar. Perişdeler ondan emin bolup bermegi haýyş edýärler. Ol hem «Ýetip gelen aralygy bilen, galan aralygy ölçäň. Haýsy tarapy ýakyn bolsa, ony şol tarapa degişli ediň» diýip, maslahat berýär. Şunlukda, perişdeler iki aralygy hem ölçeýärler. Görseler, ýetmek islän tarapy has ýakyn bolup çykýar. Şondan soňra ol adamy rahmet perişdeleri alyp gidýär».
Buhary, «Enbiýa» 54; Muslim, «Toba» 46, 47, 48.
«Sahyh(y-Muslimdäki)» başga bir hadysa görä, gowy adamlaryň ýaşaýan obasyna bir garyş has ýakynlaşandygy üçin ol adam şol tarapa degişli hasap edilýär.
«Sahyh(y-Muslimdäki)» ýene bir ygtybarly hadysa görä, Allatagala adamyň çykyp gaýdan obasynyň ondan uzaklaşmagyny, barýan obasynyň bolsa oňa tarap ýakynlaşmagyny emir berýär. (Şondan soň) perişdelere iki aralygy ölçemegi tabşyrýar. Adamyň barýan obasyna bir garyş has ýakyndygy ýüze çykýar. Onsoň ol adamyň günäleri bagyşlanýar.
Başga bir hadysda bolsa, şol adamyň gidip barýan obasyna tarap bagry bilen süýşenekländigi aýdylýar.
***
22. Gözleri görmeden galan Kab ibni Mälige (r.a) ýanyndan aýrylman ýolbeletlik edip gezen ogly Abdulla gürrüň berýär:
─ (Kakam) Kab ibni Mälik (r.a) özüniň Tebuk urşuna gitmän galşy dogrusynda, ine, şeýle gürrüň berdi: «Allanyň resuly (s.a.w) bilen diňe Tebuk gazasyna gatnaşmadym. Dogrusy, Bedire-de gatnaşmandym. Ýöne Bedir söweşine gatnaşmadyklary üçin hiç kim ýazgarylmandy. Şol gezek Allanyň resuly (s.a.w) we musulmanlar (söweşmek üçin däl-de) kureýşlileriň kerwenini aňtamak maksady bilen ýola çykypdylar. Allatagala ahyrynda musulmanlar bilen duşmanlaryny hiç hili ylalaşyga gelinmedik meselesi babatynda ýüzbe-ýüz goýupdy. Musulmanlara ýardam etmegi wada edilen Akaba ylalaşygyna gelnen şol gije menem Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyndadym. Halkyň arasynda Bedir söweşi näçe meşhuram bolsa, Akabada bolmagyň derejesini ondan has beýik hasap edýärin. Tebuk gazasyna Allanyň resuly (s.a.w) bilen birlikde gitmeýşimi gürrüň bersem, bu şeýleräk boldy:
Men şol ýörişe gitmeli günlerindäki deýin öň hiç haçan güýçli we barly bolup görmändim. Alladan kasam edýärin, Tebuk söweşinden öň iki düýeli bolup görmändim. Şol pille bolsa birbada iki sany ýükçi düýe edinipdim.
Allanyň resuly (s.a.w) öň ýörişe çykylanda, ugruň nirädigini aýtmazdy, näbelliligine galardy. Ýöne ol (s.a.w) şol ýörişiň howanyň jöwzaly günlerinde uzak ýere ediljekdigini, san taýdan köplük bolan duşman bilen ýüzbe-ýüz bolunjakdygyny we beýleki ýagdaýlary öňünden aýtdy. Musulmanlaryň bu söweşe ykjam taýýarlanmaklary üçin nirä gidiljegini aýan etdi. Allanyň resuly (s.a.w) bilen ýörişe gitjek musulmanlaryň sany örän kändi. Olaryň atlaryny bir depdere ýazyp sygdyryp boljak däldi.
(Kab gürrüňini şeýle dowam etdirdi):
Niýetiň söweşe gitmezlik bolsa, adamlaryň gözüne görünmän ýörseň, ýörite aýat inäýmese, bilinmän galar öýdülýärdi. Allanyň resuly (s.a.w) şol gezekki ýörişe miweleriň ýetişen, yssydan kölegä gaçylýan möwsümde çykylmaly edipdi. Men bolsa şol zatlaryň hyrydary. Musulmanlar we Allanyň resuly (s.a.w) ýörişe taýýarlyk görüp başladylar. Menem olar bilen birlikde söweş taýýarlygy üçin öýden çykýardym, emma hiç zat etmän yzyma dolanyp gelýärdim. Öz ýanymdan «Islän wagtyň taýýar bolup bolýar-a» diýýärdim. Şeýdip (ertir-ertir bilen) günleriň nädip geçenini bilmändirin. Her kim çynlakaý taýýarlyk gördi. Ynha, bir gün säher wagty musulmanlar Allanyň resulynyň (s.a.w) baştutanlygynda ýola çykdylar. Men bolsa henizem ýol şaýymy tutmandym. Ir ertirden öýden çykdym, ýene-de hiç bir zat etmän dolanyp geldim. Şol bir bolşumdy. Söweş heniz başlamandy. Emma mujahidler ep-esli ýoly geçipdiler. «Ýola çykaýyn, olaryň yzyndan ýeteýin» diýdim. Hiç bolmanda şony bir etsedim. Ony hem etmedim ahyry! Allanyň resuly (s.a.w) ýörişe gidenden soňra iliň arasyna çykanymda, meni iň gynandyran zat söweşe gitmän yzda galanlaryň ýa mynapyk diýip bilinýän, ýa-da ejizdikleri üçin söweşe gatnaşmadyk kişileriň bolmagydy.
Allanyň resuly (s.a.w) tä Tebuk diýen ýere barýança adymy tutmandyr. Tebukde sahabalaryň arasynda otyrka: «Kab ibni Malik nätdi?» diýip sorapdyr. Selimogullaryndan biri: «Eý, Allanyň resuly! Ol egnindäki lybasyna, sagyna-soluna garap gopbamsyramasy (sebäpli) Medinede galdy» diýdipdir. Şonda Muaz ibni Jebel oňa (garap): «Näme agzyňy ajydyp otyrsyň!» diýip, (ony gepletmändir). Pygamberimize-de (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! Biz ol barada diňe ýagşy zatlary bilýäris» diýipdir. Allanyň resuly (s.a.w) hiç zat diýmändir. Şol barmana uzakdan ak geýimli bir adamyň gelýänini görüpdir: «Bu Ebu Haýseme bolaýady-da» diýipdir. Seretseler, gelýän kişi, hakykatdanam, Ebu Haýseme ekeni. Ol (ýörişe goşant bolsun diýip) bir ölçek hurma getireni üçin mynapyklar tarapyndan ýaňsa alnyp, üstünden gülnen kişidi.
(Kab sözüni şeýle dowam etdirdi):
Allanyň resuly (s.a.w) Tebukden Medinä tarap ýola düşendigi habaryny eşidenimde, gussa batdym. Eýýämden näme diýip ýalan sözlejegim hakda pikir edip başladym. Öz ýanymdan «Ertirki gün onuň (s.a.w) gazabyndan nädip halas bolarkam?!» diýýärdim. Özüme ýakyn bilýän kişilerimiň ýanyna maslahat sorap bardym. Allanyň resulynyň (s.a.w) şähere ýakynlandygyny aýdanlarynda kellämdäki biderek pikirleriň barysy zym-zyýat boldy. Nädenimde-de, onuň elinden halas bolup bilmejegime göz ýetirdim. «Hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýtmaly» diýen karara geldim. Pygamberimiz (s.a.w) säher wagty Medinä gelip ýetdi. Ol (s.a.w) hemişeki ýörişlerinden dolanyp gelende, öňünçä Mesjidi-Nebewä baryp, iki rekagat namaz okardy. Soňra halkyň arasyna baryp oturardy. Bu gezegem şeýle etdi. Şol barmana söweşe gatnaşyp bilmedikler onuň huzuryna gelip, näme üçin söweşe gatnaşyp bilmedikleriniň sebäbini ant içip düşündirmäge başladylar. Olaryň sany segsenden geçýärdi. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň getiren delillerini diňledi we täzeden biýat etmeklerini talap etdi. Olar hem biat etdiler. Allatagaladan olaryň bagyşlamalaryny diläp doga etdi. Galan zady Allanyň özüne tabşyrdy. Ahyrynda maňa gezek ýetdi. Salam berenimde, öýkeli gülümsedi. Soňra-da: «Gel!» diýdi. Men ýanyna golaý baryp, öňünde oturdym. (Ol (s.a.w) menden: «Näme üçin söweşe gatnaşmadyň? Müner ýaly ulag satyn almanmydyň?» diýip sorady. «Men (şeýle diýip jogap berdim): «Eý, Allanyň resuly! Alladan ant içip aýdýaryn: senden başga biriniň öňünde duran bolsadym, eýdip-beýdip getiren delillerim bilen gazabyndan halas bolardym. Şeýle hem, ýene-de ant içip aýdýaryn: bu gün ýalan sözläp, seniň ynamyňy gazanan ýagdaýymda-da, erte-birigün Haktagala hakykatda nämeleriň bolup geçenini saňa bildirer. Senem maňa göwün ederdiň. Ýöne dogrusyny aýtsam hem maňa gaharlanarsyň. Şonda-da dogrymy aýdyp, Alladan haýyrly netijä garaşjak. Walla, söweşe gitmez ýaly hiç hili degerli sebäbim, bahanam ýokdy. Şu ýörişe gatnaşman galan wagtymdaky ýaly güýjüm, baýlygym öňler hiç haçan bolmandy».
(Kab sözüni şeýle dowam etdi) Şeýle diýenimden soň pygamberimiz (s.a.w): «Ine, bu dogrusyny aýtdy! Hany tur, Allatagala sen baradaky hökümini berýänçä garaş!» diýdi. Men ýerimden turanymdan soňra selimogullaryndan käbiri ýanyma gelip şeýle diýdiler: «Walla, seniň şu wagta deňiç nähilidir bir telek iş edeniňi bilmeýäris. Beýlekiler ýaly nähilidir bir delilem getirip durmadyň. Ýogsam, günäň bagyşlanmagy üçin pygamberiň (s.a.w) Alladan dileg etmegi ýeterlikdi.
(Kab sözüni şeýle dowam etdirdi):
Meni şeýle bir kän ýazgardylar welin, kelläme Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna dolanyp baryp, öňki aýdan sözlerimiň ýalandygyny aýtmak geldi. Soňra olardan: «Meniň ýaly jezalandyrylan başga-da barmy?» diýip soradym. Olar: «Hawa, (bar). Seniň bilen birlikde ýene iki kişi şeýle jeza bilen jezalandyryldy» diýdiler. Men: «Ol iki kişi kim?» diýip soradym. Olar: «Birisi, Murare ibni Rebi el-Amry, beýlekisi hem, Hilal ibni Umeýýe el-Wakyfy» diýip, Bedir gazasyna gatnaşan iki sany kämil şahsyýetiň adyny berdiler. Şondan soňra yzyma dolanmak pikirimden dändim. Ýolumy dowam etdirdim.
Allanyň resuly (s.a.w) söweşe gatnaşmadyklardan diňe üçümiz bilen gepleşmegi gadagan etdi. Adamlar biz bilen gepleşmegini goýdular. Olaryň biziň bilen boluşlary öňki ýaly däldi. Meniň üçin-ä bütin Ýeriň ýüzi üýtgän ýalydy. Bu taýy meniň ülkäm ýaly däldi. Elli günüm şeýle ýagdaýda geçdi. Beýleki iki ýoldaşymyň ragbaty galmady. Olar öýünden çykmaýardylar, ýöne aglaýardylar. Men olara görä has ýaşrakdym, ekabyrrakdym. Daşary çykýardym, jemagata goşulyp namaz okaýardym. Köçä çykyp aýlanýardym. Ýöne hiç kim meniň bilen gepleşmeýärdi. Namaz okalyp bolansoň, Allanyň resulynyň (s.a.w) oturan ýerine baryp, oňa salam bererdim. «Salamymy alan wagty dodaklaryny gymyldatdymy ýa ýok» diýip öz-özüm bilen gepleşýärdim. Şeýle hem, onuň (s.a.w) ýakynynda durup namaz okardym. Assyrynlyk bilen oňa (s.a.w) serederdim. Ol (s.a.w) men namaz okap durkam maňa serederdi. Men oňa sereden wagtym bolsa ýüzüni başga ýana öwrerdi.
Musulmanlaryň maňa şeýle zabun daramagy uzyn wagt dowam edensoň, iň gowy görýän kişilerimiň biri, dädemiň ogly Ebu Katadäniň howlusyna haýatdan aşyp girdim we salam berdim. Emma ol salamymy almady. Ondan: «Ebu Katade! Allanyň adyndan ant içip soraýaryn! Meniň Allany we Onuň resulyny nähili gowy görýänimi bilýärmiň?!» diýip soradym. Ol ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Alladan ant içip, öňki sowalymy ýene gaýtaladym. Onda-da jogap bermedi. Şol sowaly ýene bir ýola berenimde: «Alla we resuly (s.a.w) has gowy bilýär» diýdi. Şeýle diýensoň, gözlerimden ýaş şaglap gaýtdy. Onsoň haýatdan aşdym-da gaýdyberdim.
Bir gün Medinäniň bazarynda aýlanyp ýördüm. Şähere azyk harytlaryny satmaga gelen şamly bir daýhan: «Kab ibn Maligi maňa kim görkezjek?» diýip, meni gözleýän ekeni. Adamlaram oňa meni görkezdi. Ýaňky kişi meniň ýanyma gelip, Gassan hökümdarynyň iberen hatyny elime tutdurdy. Men sowatly bolamsaň, haty açyp okadym. Salam bilen başlanýan (şol hatda şeýle diýilýärdi): «Eşidişime görä hojaýynyň seniň göwnüňe degýärmiş. Alla seni gadyryň bilinmeýän, hukugyň aýak astynda depelenýän ýerde ýaşa diýip ýaratmandyr. Wagt ýitirmän ýanyma gel! Saňa hezzet-hormat görkezeli!»
Haty okap, «Bu hem başga bir bela (Ýeri muňa näme diýjek)» diýdim-de, derrew haty oda atyp, ýakdym.
Elli günüň kyrkysy geçenem bolsa, wahyý gelmändi. Bir gün Allanyň resulynyň (s.a.w) ýollan kişisi gelip: «Allanyň resuly (s.a.w) saňa aýalyňdan aýry oturmagyňy emir etdi» diýdi. Men: «Onuň talagyny bermelimi? Muňa nähili düşünmeli?» diýip soradym. Ol: «Ýok, diňe ondan aýry bolmaly, ýanyna ýakynlaşmaly däl» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) beýleki iki ýoldaşyma hem şeýle habary iberen eken. Onsoň men aýalyma: «Allatagaladan bu mesele babatynda bir höküm inýänçä, ataň öýüne git! Şolaryň ýanynda bol!» diýdim. Şonda Hilal ibni Umeýýäniň aýaly Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna baryp: «Eý, Allanyň resuly! Hilal ibni Umeýýe ýaşy bir çene ýeten adam. Oňa öý işlerine ýardam berjek hyzmatkärem ýok. Onuň hyzmaty bilen bolsam, rugsatmydyr?!» diýip sorapdyr. Pygamberimiz (s.a.w): «Rugsatdyr. Emma hergiz saňa ýakyn bolmasyn» diýipdir. Şonda ol aýal şeýle diýipdir: «Walla, onuň-a gymaldamaga-da mejaly ýok. Alladan ant içip aýdýaryn: şu ýagdaýa sezewar bolany bäri, dynygysyz aglaýar.
(Kab sözüni şeýle dowam etdirdi): «(Meniň hem) ýakynlarymyň biri ýanyma gelip şeýle diýdi: «Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna baryp, aýalyň seniň hyzmatyň bilen bolmagy üçin rugsat alsaň bolmaýamy?! Sered-ä Hilal ibni Umeýýäniň ugruna seretmegi üçin aýalyna rugsat beripdir». Men oňa şeýle diýdim: «Ýok, beýle zady sorap, Allanyň resulyna (s.a.w) ýüz tutup bilmerin. Onsoňam, men ýaş ahyryn. Haýyş edip baraýanymda-da pygamberimiziň (s.a.w) näme diýjegi belli däl.
Şunlukda, ýene on gün garaşdym. Halka biziň bilen gepleşmek gadagan edileni bäri laýyk elli gün geçipdi. Ellinji güni geçip, säher wagty öýlerimiň biriniň üçeginde ertir namazymy okadym. Allatagalanyň (Kurany-Kerimde biz hakynda) aýdyşy ýaly, ýüregim gysyp, şu giň dünýä sygman, gam laýyna batyp otyrdym. Şol barmana Sel dagynyň depesine çykan biriniň bar güýji bilen: «Kab ibn Mälik! Buşluk!» diýip gygyrýan sesini eşitdim. Bu kyn günleriň soňunyň gelendigine düşünip, derrew seždä gitdim.
Allanyň resuly (s.a.w) ertir namazyny okadyp bolansoň, Allatagalanyň biziň tobamyzyň kabul edendigini yglan edipdir. Şeýlelikde, halaýyk bize buşlamak üçin ylgaberipdir. Beýleki iki ýoldaşyma hem buşlamaga gidipdirler. Şol buşlukçylaryň biri hem atyna atlanyp, meniň ýanyma ýelk ýasapdyr. Eslem taýpasyndan Sel dagynyň depesine çykan kişiniň sesi atlydan öňünçä maňa gelip ýetdi. Sesini maňa ýetiren buşlukçy ýanyma gelip gutlanda, egnimdäki lybasymy çykaryp oňa geýdirdim. Walla, şol gün geýer ýaly başga lybasym hem ýokdy. Onsoň başga biriniň lybasyny wagtlaýyn alyp geýdim. Pygamberimizi (s.a.w) görmek üçin ýola düşdüm. Ýol ugruna gabat gelýän topar-topar sahabalar meni tobamyň kabul edilmegi bilen gutlaýardylar: «Seni Allatagalanyň bagyşlamagy bilen gutlaýarys» diýişýärdiler.
Ahyry metjide baryp girdim. Allanyň resuly (s.a.w) sahabalaryň arasynda otaran ekeni. Talha ibni Ubeýdulla meni görüp, ýerinden turdy we ylgap ýanyma geldi. Elimi gysyp, meni gutlady. Walla, muhajirleriň arasyndan ondan başgasy ýerinden galmady. (Rawy şu ýerde Kabyň Talhanyň şondaky bolşuny hiç wagt unutmaýandygyny aýdýar).
Kab sözüni şeýle dowam etdirdi: «Pygamberimize (s.a.w) salam berenimde, ýüzi şatlykdan ýaňa nur saçýardy. Ol (s.a.w) maňa şeýle diýdi: «Dünýä gelip, başyňdan geçirýän bu iň haýyrly günüň gutly bolsun!»
Men: «Eý, Allanyň resuly! Bu gutlag seniň adyňdammy, ýogsam Allanyň tarapyndanmy?» diýip soradym. Ol (s.a.w): «Meniň tarapymdan däl, Beýik Allanyň tarapyndan» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) şatlanan wagty, ýüzi Aýyň bölegi bolup, ýagty saçardy. Biz onuň şatlanýandygyny şeýle bolanda aňýardyk.
Men Resuly-Ekremiň (s.a.w) öňüne geçip, jaýlaşanymdan soň, (oňa (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! Tobamyň kabul bolmagynyň şanyna minnetdarlygym hökmünde bütin mal-emlägimi Allanyň we onuň resulynyň ugrunda garyp-gasara paýlap bermek isleýärin» diýdim. Allanyň resuly (s.a.w): «Emlägiň bir bölegini paýlaman, özüňe alyp galmagyň seniň üçin haýyrly bolar» diýdi. Menem: «Haýberiň fethinde paýyma düşen emlägi özüme goýýaryn» diýenimden soňra sözümi şeýle dowam etdim: «Eý, Allanyň resuly! Allatagala dogry sözlänim üçin halas etdi. Tobamyň kabul edilmegi mynasybetli diri gezip ýörsem, diňe dogrymy sözlejek!»
Walla, pygamberimize (s.a.w) şeýle diýip söz beren günümden bäri dogrymy sözlemekden ötri Allatagala kimsäni menden kän sylaglan däldir. Ant içip aýdýaryn: şol günden soňra hiç kime bilip durup ýalan sözlemedim. Galan ömrümde hem Haktagalanyň meni ýalan sözlemekden gorajagyna ynanýaryn.
(Kab sözüne şeýle dowam etdi): «Şonda Allatagala şu aýaty-kerimeleri inderipdi: «Söweşe gitmek islemeýänlere rugsat berendigi üçin Allanyň pygamberi bagyşlaýşy ýaly‚ pygambere tabyn bolan muhajirler bilen ensarlaryň söweş wagty ikigöwünli‚ gowşak hereket etmekleri sebäpli, eden tobalaryny hem kabul etdi. Çünki Ol Mähirlidir‚ Rehim-şepagatlydyr.
Söweşden yza galan (we özleri barada höküm bermeklik gijä goýlan) ol üç kişiniň tobalaryny Alla kabul etdi. Çünki olar şeýle agyr ýagdaýa düşüp‚ giň dünýä olara dar göründi. Wyždanlary hem özlerine azap berdi. Netijede, Allanyň jezasyndan halas bolmak üçin Allanyň gapysyndan başga baryljak ýeriň ýoklugyna düşündiler. Diňe şondan soň, öňki ýagşy hallaryna gaýdyp barsynlar diýip‚ Alla olaryň tobalaryny kabul etdi. Şübhesiz, Alla tobalary kabul edýändir‚ Rehim-şepagatlydyr.
Eý‚ iman getirenler! Allanyň emirlerine garşy çykmakdan gorkuň we dürs (dogry) ynsanlar bilen birlikde boluň!» («Toba» süresi, 9/117-119).
Kab sözüni şeýle dowam etdi: «Biziň üçümiziň bagyşlanmagymyz pygamberimiziň (s.a.w) äht-peýmanlary kabul edilen we Haktagaladan günäleriniň ötülmegini dilän kişileriň bagyşlanmagyndan (elli gün) soňa goýlupdy. Allanyň resuly (s.a.w) Haktagalanyň biziň bilen baglanyşykly hökümini berýänçä, öz kararyny yza süýşüripdi. Ahyrynda Allatagalanyň (ýokarda bildirilişi ýaly) hökümi belli boldy. Allatagalanyň «yza galan (we özleri barada höküm bermeklik gijä goýlan) ol üç kişiniň…» diýýän sözleri biziň söweşden yzda galandygymyz üçin däldir. Eýsem pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip ant içip, öz sebäplerini bildirenleriň üzürlerini pygamberimiziň (s.a.w) kabul etmegi, biziň bilen baglanyşykly meseläniň çözgüdiniň yza süýşürilmegi bilen baglanyşyklydyr».
Buhary, «Megazy» 79; Muslim, «Tewbe» 53. Şeýle hem, ser: Tirmizi, «Tefsiru-sure» (9).
Başga hadysda şeýle diýilýär: «Allanyň resuly (s.a.w) Tebuk söweşine penşenbe güni çykypdy. (Ol (s.a.w) ýörüşe penşenbe güni çykmagy gowy görerdi». (Buhary, «Jihad» 103).
Başga bir hadysda bolsa şeýle diýilýär: «Hezreti pygamberimiz (s.a.w) sapardan hökman gündiz guşluk wagty dolanyp gelerdi. Gelibem, ilki bilen metjide baryp, iki rekagat namaz okardy, soňra şol ýerde oturardy». (Muslim, «Musafirun» 74; Ebu Dawud, «Jihad» 166).