Ryýazus-Salyhyn 36 (4)

23. Ebu Nujeýd Imran ibni Husaýn el-Huzaýyny (r.a) gürrüň berýär:

Juheýne taýpasyndan bir zenan zyna edip, göwreli bolupdyr. Onsoň ol pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna gelip, günäsini boýun aldy. «Eý, Allanyň resuly! Men (uly) günä etdim. Meni jezalandyryň!» diýdi. Şonda pygamberimiz (s.a.w) zenanyň hossaryny çagyrdyp getirdi. Oňa:

─ Bu zenana ýagşy seret! Çagasyny dogransoň, ony meniň ýanyma alyp gel! – diýip tabşyrdy.

(Zenanyň hossary) Resuly-Ekremiň (s.a.w) aýdyşy ýaly etdi. Çaga dünýä inenden soňra zenany (pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna) alyp geldi. Allanyň resuly (s.a.w) zenany lybaslarynyň üstünden daňylmagyny buýurdy. (zenan aýdylyşy ýaly edip) berk baglandy we pygamberimiziň (s.a.w) buýrugy bilen daşlanyp öldürildi. Soňra Resuly-Ekrem (s.a.w) onuň jynaza namazyny okatdy.

Hezreti Omar:

─ Eý, Allanyň resuly! Zyna eden zenanyň namazyny okadýarmysyňyz? – diýip sorady. Pygamberimiz (s.a.w) (oňa garap) şeýle diýdi:

  Ol şeýle bir toba geldi, eger onuň tobasy Medine halkyndan ýetmiş kişä paýlanyp berilse, hemmesi üçin ýeterlik bolardy. Sen Haktagalanyň razy etmek üçin janyňy bermekden has ýokary bir zat bilýärmiň?

 Muslim, «Hudud» 24. Şeýle hem, ser: Eba Dawud, «Hudud» 24; Nesai, «Jenaiz» 64.

Düşündiriş

Mümin üçin iň ähmiýetli zat Rebbiniň huzuruna günälerinden päklenip barmakdyr. Rebbini razy etmek üçin, gerek bolsa, janyndan geçip bilmeli. Günä işlese, öňünçä Alladan gorkmaly, etmişine ökünmeli, gözýaş döküp aglamaly, bagyşlanmagyny sorap Alla ýalbarmaly. Hakyky musulman şeýle bolmalydyr.

Şeýle waka başyndan geçen zenan sahabanyň yhlasy biziň ölçeglerimiziň has ýokarsyndadyr. Bütin durky bilen Haktagala berlen bu zenan bu dünýäniň çägine sygmaýan imany bilen el açyp, Alladan özüniň bagyşlanmagyny diläpdir. Möwlasynyň huzuryna ryswa bolup baranyndan jezasyny dünýäde çekip halas bolanyny ýeg görüpdir.

Hawa, imany güýçli kişileriň toba gelşi hem tapawutly bolýar. Görnüşi ýaly, pygamberimiz (s.a.w) zenanyň tobasynyň diňe bir özüniň däl, eýsem ýene ýetmiş kişiniň günäsiniň bagyşlanmagyna sebäp boljak güýçdedigini aýdýar.

Şunlukda, «Şunuň ýaly güýçli imanly kişiler neneň edip zyna ýaly agyr günä baş goşup bilýärler?!» diýen sowal ýüze çykýar. Hawa, olar hem şeýle günäni edip bilerler. Çünki günäden diňe pygamberler goraglydyrlar. Olardan özge ähli kişi uly günä edip biler. Ýazyksyz, ýalňyşmaýan gul ýokdur. Häli-şindi gowşak tarapyňy peýleýän nebis bilen şeýtan pursatyny arap, ynsany aldawa salyp bilýär. Şeýle ýagdaýa uçran kişi öňi bilen günä işi gadagan eden Rebbiňi ýatlap, oňa sygynmalydyr. Etmişine ýürekden puşman edip, Rebbiňden bagyşlanmagyny sorap ýalbaryp-ýakarmalydyr. Kimde-kim şeýle edýän bolsa, onuň halas bolmagyň ýoluna düşdügidir. Çünki Allatagala bendesiniň günäleri asmanyň ýüzüni gaplajak derejede bolsa-da, elini açyp Özüne ýalbarmagyny, bagyşlanmagyny dilemegini dowam etdirse, ony bagyşlajakdygyny wada berýär. (Tirmizi, «Daawat» 99). 

Hadysdaky zenanyň kimdigi bilinmeýär. Şerigata görä, zyna eden kişi (erkek ýa-da zenan tapawudy ýok) maşgalaly ýa-da öň bir gezek nikalaşan bolsa rejm edilýär, ýagny daşlanyp öldürilýär. Maşgalasyzlar bolsa taýak bilen ýenjilýär. Şunlukda, rejm jezasy berlen şol zenanyň maşgalalydygy ýa-da öň bir nikalaşandygy ýüze çykýar.

Pygamberimiziň (s.a.w) zenanyň iň ýakyn hossaryny ýanyna çagyryp, oňa zenana ýagşy seretmegini tabşyrmagynyň sebäbi, «Bu betnamlygy näme üçin etdiň?» diýip azar berilmeginiň öňüni almak üçindir. Çünki günäsiniň ummasyzdygyna göz ýetirip, ondan tämizlenmek üçin janyny bermäge taýýar kişä igäňi sürtmek adamçylyga sygýan däldir. Daşlamak jezasynyň çaga doglandan soňa goýulmagynyň sebäbi bolsa, göwredäki bigünä çagany ölümden halas etmekdir. Durmuşa çykmanka zyna ýoly bilen göwreli bolan zenana taýak bilen ýençmek jezasy berlen ýagdaýynda-da çaganyň dünýä inmegine garaşylýar. Soňra jezalandyrylýar.

Jeza çäresi başlamanka, jezalandyrylýan kişiniň lybasynyň bedenine berk saralyp daňylmagynyň sebäbi, jezalandyrylýan kişiniň uýat ýerleriniň görünmeginiň öňi almak üçindir.

Hezreti Omaryň (r.a) sowaly we pygamberimiziň (s.a.w) oňa beren jogaby hakda-da kelam agyz aýdyp geçmek gerek. Toba gelen zenanyň ruhy «günä kirini» bu dünýäde goýup, Beýik Möwlasyna uçup gidenden soňra, jesedi ýuwlup, kepenlenýär. Şonda hezreti Omar (r.a) pygamberimiziň (s.a.w) onuň jynaza namazyny okatjak bolşuna geň galýar. Çünki kimdir biriniň jynaza namazyny okatmak oňa ähmiýet berilýändigini we Allatagaldan onuň bagyşlanmagyny dilemegi aňladýar. Hawa, hezreti Omar (r.a) edilen günäniň agyrlygyny görüpdi, emma edilen tobanyň saldamyny kesgitläp bilmändi. Hut şol sebäpli hem, ol Resuly-Ekremiň (s.a.w) şeýle uly günä baş goşan biriniň jynaza namazyny okatmagyna geň galypdy. Pygamberimiziň (s.a.w) onuň sowalyna beren jogaby bolsa şeýle bolupdy: «Ol zenan şeýle bir toba etdi welin, tobasy Medinedäki ýetmiş günäkäre paýlap berilse, olaryň hemmesiniň günäsiniň ýuwulmagyna sebäp bolar». Onuň (s.a.w) bu sözlerinden yhlasyň, ýürekdenligiň halas edijilik, mertebe beýgeldijilik tarapynyň bardygy ýüze çykýar. Şeýle hem, bu hadys arkaly pygamberimiziň (s.a.w) beýikligi, ynsana nädereje ähmiýet berýändigi görünýär.

Bu waka «Sahyhy Muslimde» has giňişleýin beýan edilýär: 

Şol zenan pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip, günäsinden tämizlenmek üçin özüni jezalandyrylmagyny talap edýär. Resuly-Ekrem (s.a.w) onuň sözüne ähmiýet bermek islemeýär. Ýöne zenan zyna edendigini, hatda göwrelidigini, özüniň hökmany suratda jezalandyrylmalydygyny aýtmak bilen niýetiniň çyndygyny bildirýär. Resuly-Ekrem (s.a.w) hem oňa çaga doglandan soňra gelmegini aýdýar. Çünki zenan jezalandyrylmak niýetinden dänibem biler. Näme diýilse-de jan süýji ahyry. Emma aradan aýlar geçen hem bolsa, zenan dünýä inderen balasyny arlyga dolap getirýär. Bu gezekki gelşinde-de Resuly-Ekrem (s.a.w) ony: «Git, çaga süýtden galýança emdir!» diýip, gaýtaryp goýberýär. Zenan çagasy bilen (öýüne) dolanýar. Aradan ýyllar geçýär. Çaga süýtden galýar. Zenan elindäki çöregi gemirmäge synanyşýan balajygyny ýanyna alyp, (pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna gelýär. Ol «Eý, Allanyň ilçisi! Ony süýtden aýyrdym. Nahar iýmäge başlady» diýip, jezasyny çekmäge taýýardygyny aýdýar. Şunlukda, ol zenan göwüslerine deňiç bir çukura gömlüp, daşlanyp öldürilýär.

Pygamberimiz (s.a.w) ýaşap ýörkä, şuňa meňzeş waka Muaz atly sahaba bilen hem bolup geçýär. Ol hem rejm edilýär. Muaz pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip, zyna edendigini aýdyp, özüniň jezalandyrylmagyny talap edende, pygamberimiz (s.a.w) diňlemek islemeýär, ony-da huzuryndan kowýar. Emma Muaz aýak diräp durýar. Özüni diňlemek islemän, arkasyny öwrüp oturan Resuly-Ekremiň (s.a.w) öňüne geçip, eden günäsini dort ýola gaýtalaýar. Çünki şerigata görä, zyna edeniň jezalandyrylmagy üçin dört şaýadyň gözi bilen gören bolmagy ýa-da şol kişiniň özüniň dört gezek gaýtalap, eden işini  boýun almagy hökmany bolup durýar. Diňe şondan soňra Muaza rejm jezasy berilýär.

Şuny hem bilmek gerek: sagadatlyk asyrynda bu hili wakanyň sany iki-üçden geçmeýär.

***

24. Ibn Abbas bilen Enes ibn Mäligiň (r. anhum) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Adam oglunyň bir jülgäni dolduryp duran altyny bar bolsa, (ýene-de) bir jülgäni doldurjak altynynyň bolmagyny islär. Onuň agzyny (gözüni) toprakdan başga zat dolduryp (doýrup) bilmez (ýöne hars urup ýörendir, arzuwlaryna gutarma ýokdur). Ýene-de Alla toba edeniň tobasyny kabul eder.

Buhary, «Rikak» 10; Muslim, «Zekat» 116. Şeýle hem, seret: Tirmizi, «Zühd» 27, «Menakyb» 32, 64; Ibni Maje, «Zühd» 27.

25. Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Biri beýlekisini öldüren, ikisi hem jennete giren iki kişiden Allatagala hoşnut bolar. Olaryň birisi Allanyň ýolunda söweşýärkä beýleki biri tarapyndan öldürilen kişidir. (Ýene birisi hem) öldüren (kişidir, ýagny) has soňra toba gelip, musulman bolan, Allanyň ýolunda söweşýärkä şehit bolan (kişidir).

Buhary, «Jihad» 28; Muslim, «Imare» 128, 129. Şeýle hem, ser: Nesai, «Jihad» 38; Ibni Maje, «Mukaddime» 13.

***

Sabyr

  1. «Eý, iman getirenler! Sabyr ediň! Sabyrly bolmakda bäsleşiň! (Duşmanlaryňyzdan üstün boluň! Elmydama) nobatda durup, (taýynlykly we ätiýaçly) boluň!» («A:li-Ymran» süresi, 3/200).
  • «Kasam bolsun! Elbetde, Biz sizi biraz gorky, açlyk, emlägiňize, janyňyza we hasylyňyza nogsanlyk ýetirmek (garyplyk) arkaly synarys. Sabyr edenleri buşla!» («Bakara» süresi, 2/155).
  • «Sabyr edenleriň (hak ýolunda tutanýerlilik görkezenleriň) sylaglary bimöçber berler». («Zümer» süresi, 39/10).
  • «Kim sabyr edip, geçirimlilik etse, elbetde, bu maksada laýyk işlerden biri bolar». («Şura» süresi, 42/43).
  • «Eý, iman getirenler! Sabyrly bolmak bilen, namaz arkaly (Alladan) ýardam soraň! Şübhesiz, Alla sabyr edenler bilendir». («Bakara» süresi, 153).
  • «Kasam bolsun! Biz, tä siziň içiňizden (Allanyň ýolunda) söweşenleri we (kynçylyklara) sabyr edenleri tanap, (ýüze çykarýançak) hem-de siziň habarlaryňyzy (ýagdaýyny) anyklaýançak, sizi synag ederis». («Muhammet» süresi, 47/31).

***

Hadyslar

26. Ebu Mälik Haris ibn Asym el-Eşarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Tämizlik imanyň ýarysydyr. «Älhamdulilla» (sözüni) zikir etmek mizan (terezisini doldurjak), «Subhanalla» we «Älhamdulilla» (kelemelerini) zikir etmek bolsa, Ýer bilen asmanyň arasyny gaplap aljak sogap gazandyrar. Namaz nurdur. Sadaka burhandyr (delildir). Sabyr bolsa adamyň (ýoluny ýagtyldýan) çyragdyr. Kuran (tabyn bolup-bolmaýşyňa görä) seniň peýdaňa ýa-da zyýanyňa boljak şaýatdyr. Adam her gün säher bilen özüni gul bazarynda satuwa çykarýar. Şunlukda, ýa-ha gazanç edýär ýa-da ýitgä galýar (ýagny Allanyň emirlerine etagat etmek bilen azapdan halas bolýar ýa-da özüni şeýtana aldatmak bilen heläkçilge uçraýar).

Muslim, «Taharet» 1. Şeýle hem, ser; Tirmizi, «Daawat» 86.

***

27. Ebu Said Mälik ibn Sinan el-Hudry (r.a) gürrüň berýär:

Ensardan birnäçe kişi Allanyň resulyndan (s.a.w) bir zatlar bermegini islediler. Ol (s.a.w) hem berdi. Soňra ýene (bir zadyny) dilediler. (Allanyň resuly) nämesi bar bolsa berdi. Iň soňunda bermäge zady galmansoň, olara garap şeýle diýdi:

Ýene bermäge zadym bolsady, hiç gynanman bererdim. (Ýöne) kimde-kim dilenmekden çekinip, haýa etse, Alla onuň mertebesini beýgelder. Kimde-kim ilden zada hantama bolman, baryna kanagat edip gezse, Alla ony elgarama bolmakdan halas eder. Kimde-kim sabyrly bolmak üçin jan etse, Alla oňa sabyr yhsan eder. Alla hiç kime sabyrdan has haýyrly ýagşylyk eçilen däldir.

Buhary, «Zekat» 50, «Rikak» 20; Muslim, «Zekat» 124. Şeýle hem, ser. Ebu Dawud, «Zekat» 28; Tirmizi, «Birr» 77; Nesai, «Zekat» 85.

***

28. Ebu Ýahýa Suheýb ibn Sinanyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Mümine, hakykatdanam, gözüň gidýär! Näme üçin gözüň gitmesin?! Eden her işi onuň üçin haýyr bolup dur. (Özi hem) bu diňe mümin üçin şeýle. Çünki ol bir zada begense, şükür edýär. Bu bolsa haýyr bolup yzyna dönýär. Başyna bir kynçylyk gelende-de sabyr edýär. Bu hem onuň üçin haýyr bolýar.    

Muslim, «Zühd» 64.

***

29. Enes ibni Mälik (r.a) gürrüň berýär:

Pygamberimiziň (s.a.w) ýagdaýy agyrlaşypdy, yzasy artypdy. Muny gören hezreti Patma (r.anha) şeýle diýdi: «Wah, kaka jan! Çekýän yzaň çydardan çökder!» Resuly-Ekrem (s.a.w) (şonda oňa şeýle) diýdi: «Gyzym! Bu günden soňra kakaň jebir çekmez!»

Şunlukda, Resuly-Ekrem (s.a.w) bakyýete göç eýledi. Şonda hezreti Patma (r. anha) şeýle diýip aglady: «Wah, Allanyň çakylygyna jogap beren kaka janym! Wah, mekany Firdews jenneti bolan kaka janym! Wah, ölüm habaryny diňe dosty Jebraýyla aýdyp biljegim, kaka janym!»

Allanyň resuly (s.a.w) jaýlanandan soňra hezreti Patma (r.anha) çekýän agyr hasratyny, gam-gussasyny şeýle beýan edipdi: «Allanyň resulynyň üstüne (derrew) nädip toprak atyp bildiňiz, neneň edip dözüp bildiňiz?!»

Buhary, «Megazy» 83. Şeýle hem, ser. Ibni Maje, «Jenaiz» 65.

***

Düşündiriş

Bu hadysy-şerifde pygamberimiziň (s.a.w) sabyr-takaty suratlandyrylýar. Görşümiz ýaly, onuň (s.a.w) «Sekeraty-mewt» diýilýän, ölüm pursatyndaky ýagdaýy beýleki musulmanlaryňkydan tapawutly däl eken. Ol hem yza çekip kösenipdir. Ýöne ol (s.a.w) ýagdaýyndan nalamandyr, sabyr edipdir. Şonda mähriban gyzy onuň (s.a.w) agyr halyna takat-karary ýetmän, kakasyna bolan mährini, ýüreginiň dagyny şeýle diýip dile getirýär: «Kaka jan! Seniň derdiň çekip-çydardan çökder!» Seýýidimiz (s.a.w) mundan soňra ähli kynçylyklaryň gutarýandygyny bildirmek üçin «Gyzym! Bu günden soňra kakaň yza çekmez!» diýip, perzendine teselli berýär.

Hezreti Patma (r.anha) pygamberimiziň (s.a.w) bu sözlerinden onuň dünýäsini täzelejekdigine göz ýetiripmi, ýa ýok, muny biz bilemizok. Ýöne kakasyna hiç hili yzasyz, kynçylyksyz geljegiň garaşýandygy hakdaky buşlugy eşidip, biraz teselli tapandygyna ynanýarys.

Hezreti Patmanyň (r.anha) pygamberimiziň (s.a.w) ölüminden soňky dile getiren matam sözleri hakda aýtsak, aşa gidipdir diýmäge hakymyz ýokdur. Hatda ol pygamberimiziň (s.a.w) ahyretdäki mekanyny, mertebesini ýatlap, öz-özüne teselli berýär diýip bileris. «Wah» ümlügi bilen gynanjyny dile getirmegi onuň pygamberimiziň (s.a.w) ölümine razylyk bildirmeýändigini aňlatmaýar. Ölüm habaryny dost-ýarlara ýetirmek urp-adatdyr. Hezreti Patma (r.anha) hem öz gezeginde hezreti Jebraýyla bu gynançly ýagdaýy habar berip, derdini onuň bilen paýlaşmak bilen bu adata eýeripdir.

     Başga bir hadysda hezreti Patmanyň (r. anha) «Allanyň resulynyň üstüne (derrew) nädip toprak atyp bildiňiz, neneň edip dözüp bildiňiz?!» diýen sözlerini hezreti Enese (r.a) ýüzlenip aýdandygy beýan edilýär. Hezreti Patmanyň (r. anha) bu sözleri hem pygamberimiziň (s.a.w) depin edilmegine razy bolmandygyny aňlatmaýar. Ýöne depin işiniň örän gysga wagtyň içinde bolup geçmegi ony geň galdyran bolmagy mümkin. Hezreti Enesiň (r.a) oňa hiç hili jogap gaýtarmazlygy şu hili gynaçly hadysalarda aýdylan şeýle hili sözleriň adamçylyk tebigatyna mahsus ýagdaýdygyny görkezýär.

Şeýle hem, sabyrly bolmak hiç hili gynanç bildirilmeli däldigini aňlatmaýar. Eýsem, çygyrdan çykmaýan sözler, hal-hereketler bilen kynçylygy ýeňip geçmekdir. Hezreti Patmanyň (r. anha) sözlerine şu nukdaýnazardan seretmeldiris: bu wakanyň üsti bilen sabyr etmegiň nähili kyndygy görkezilýär hem-de hut hezreti pygamberimiziň (s.a.w) we onuň maşgalasynyň bu babatda özlerini alyp baryşlary görkezilip, ymmata sabyr etmekdäki sünnet öwredilýär.

***

30. Allanyň resulynyň (s.a.w) gulçulykdan azat eden dosty we dostunyň ogly Ebu Zeýd Usame ibni Zeýd ibni Haris (r. anhum) gürrüň berýär:

─ Gyzy (Zeýnep) nebimize (s.a.w): «Oglum demini sanap ýatyr, haýyş, geliň!» diýip habar iberipdir. Şonda pygamberimiz (s.a.w): «Alan hem Alla, beren hem Alla. Onuň gatynda her zadyň belli bir wagty bardyr. Sabyr etsin we netijesini Alladan garaşsyn!» diýip, gyzyna salam ýollady. Onsoň gyzy nebimize (s.a.w): «Haýyş, hökman gelsin!» diýip, ikinji ýola habar iberipdir. Bu gezek pygamberimiz (s.a.w) Sad ibni Ubade, Muaz ibni Jebel, Ubeýý ibni Kab, Zeýd ibni Sabit, şeýle hem ýene başga-da käbir sahabany ýanyna alyp, gyzynyň öýüne gitdi. Şonda çagajygy pygamberimiziň (s.a.w) gujagyna berdiler. Balajyk kynlyk bilen dem alyp berýärdi. Allanyň resulynyň (s.a.w) gözlerinden ýaş akyp gaýtdy. Ýagdaýy görüp duran Sad ibni Ubade:

Eý, Allanyň resuly, siziň bu bolşuňyza näme diýmeli? – diýip sorady. Nebi (s.a.w):

Bu Allanyň bendeleriniň kalbyna salan merhemet duýgusydyr – diýdi.

Şu hadysyň başga bir nusgasynda pygamberimiziň (s.a.w) şeýle diýendigi aýdylýar: 

Bu Allanyň islän bendesiniň kalbyna goýan bir rahmetidir. Galyberse, Alla diňe merhemetli bendelerine rahmet eder.

Buhary, «Jenaiz» 33, Muslim, «Jenaiz», 9, 11. Şeýle hem. ser. Buhary, «Eýman» 9, «Merda» 9, «Tewhid» 25; Ebu Dawud, «Jenaiz» 24, «Edeb» 58; Nesai, «Jenaiz» 22; Ibni Maje, «Jenaiz» 53.

Düşündiriş

Demini sanap ýatan oglanjyk hezreti Zeýnebiň (r.anha) ilkinji adamsy Ebul-Asdan bolan Ali ibni Ebul-Asdyr.

Pygamberimiziň (s.a.w) gyzynyň birinji gezek habar ýollanda gitmän, ikinji gezekde gitmegine şeýle düşündiriş berip bolar:

 Pygamberimiz (s.a.w) şol pursat örän ähmiýetli meseläniň maslahatyny edip otyrdy ýa-da hezreti Zeýnebe (r. anha) sapak bermek, ýagny Allanyň hökümine boýun bolmaklygy öwretmek isläpdi. Ýa bolmasa şunuň ýaly habar gelende, derrew  turup gidibermeli däldigini bildirmekçi bolupdy.

Buharyda geçýän başga bir hadysda rawy (gürrüň berýän) Usame ibn Zeýd şol şum habary pygamberimize (s.a.w) ýetirende, oglanjygyň kynlyk bilen dem alyp ýatyşyny şeýle bir ýiti suratlandyrypdyr welin, hut şol gussaly ýagdaýy görübem, pygamberimiziň (s.a.w) gözleri ýaşdan dolupdyr. Bu wakanyň şaýady bolan hazrej taýpasynyň serdary sahaba Sad ibn Ubadäniň: «Ölenleriň yzyndan aglamagy gadagan edeniňden soňra-da, näme üçin göz ýaş edýärsiňiz, eý, Allanyň resuly?!» diýip sorapdyr. Munuň hem sebäbi onuň gözden ýaş akdyrmagy ýaka ýartyp, ses edip aglamak (niýaha) bilen deň hasaplamagydyr. Pygamberimiz (s.a.w) bolsa ses etmän, gözden ýaş dökmegiň Allatagalanyň gullaryna eçilen merhemet duýgusydygyny, munuň ynsan tebigatyna mahsus oňyn ýagdaýdygyny aýdypdyr. Şeýle hem Allanyň diňe merhemetli bolan gullaryna merhemet etjegini bildirmek bilen, şeýle görnüşde gynanjyňy bildirmegiň gadagan edilmändigini, munuň mertlige, ýigitlige ters zat däldigini düşündiripdir.

Şu hadysdan merhum üçin dady-perýat etmän sessiz aglamaklyga, ölüm ýassygynda ýatan hassanyň ýanyna il içinde hormat goýulýan, dili senaly kişileri çagyrmaklyga, gerek bolsa, munda tutanýerlilik görkezmäge rugsat edildigini öwrenýäris. Şeýle hem, ölüm hadysasyndan öňünçä hassanyň ýakynlaryna sabyrly bolmak maslahat berilýändigini, çaga hem bolsa hassany soramaga barmagyň şerigatyň çägindedigini öwrenýäris.