31. Suheýb(-i Ruminiň) (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) (şu wakany) aýdyp beripdir:
Gadym wagtda bir patyşa bar eken. Onuň bir jadygöýi bar eken. Jadygöý ýaşy bir çene ýetensoň, patyşa ýüzlenip şeýle diýipdir: «Indi, men garradym. Meniň ýanyma ýaşlaryň birini iberseň, oňa jadygöýlügi öwrederdim!»
Şunlukda, patyşa onuň ýanyna bir ýaş ýigidi ýollaýar. Ýigidiň (jadygöýüň ýanyna) gatnaýan ýolunyň ugrunda bir monah (ýaşaýardy). Ýaş ýigit ýolugra monahyň ýanyna baryp, onuň gürrüňdeş bolýardy. (Onuň gürrüňleri) ýigidiň göwnünden turýardy. Näwagt jadygöýüň ýanyna gitse, (hökman) monahyň hem ýanyna baryp geçýärdi. Biraz onuň ýanynda güýmenýärdi. Jadygöý (bolsa her saparynda) «Näme üçin gijä galdyň?» diýip azgyrylyp, ony ýençýärdi. Ýigit bu ýagdaýy monaha aýdýar. Şonda monah ýigide şu maslahaty berýär: «Jadygöýden gorkan wagtyň «Meni öýdäkiler güýmedi» diý, öýdäkilere bolsa «Jadygöý güýmedi» diý!»
Ýaş ýigit şeýdip, iki tarapy güýmäp ýörýär. Bir günem gatnaýan ýolunyň ugrunda ägirt bir ýyrtyjy jandar dur diýýär. Adamlar onuň derdinden ýoldan geçip bilmän dur ekenler. Şonda ol öz ýanyndan «Ine, häzir jadygöý güýçlümi, ýogsam monah, şony bileris» diýýär. (Soňundanam) eline daş alyp, «Eý, Allam! Monahyň edýän (diýýänlerini) jadygöýüň pişesinden ýagşy saýýan bolsaň, adamlar öz ugruna gidip biler ýaly şu jandary öldür!» diýip, daşy jandara zyňyp goýberýär. Şeýlelik bilen, jandar ölýär. Adamlar hem öz ýoly bilen bolýarlar. Soňra ýaş ýigit bu wakany monaha gürrüň berýär. Şonda monah oňa şeýle diýýär: «Ýigit! Indi sen menden ozdurdyň. Çünki seniň ýeten mertebäň şol. Ýakyn wagtda seniň başyňa bir musybat gelermikä diýýärin. Şonda (men barada) sorasalar, hergiz meniň bolýan ýerimi aýtmagyn!»
Ýaş ýigit körleri, pis açanlary we başga hili kesellere duçar bolanlary bejerip başlaýar. Şol wagtlar patyşanyň emeldarlarynyň biri kör bolupdyr. Ol gymmatbaha sowgatlary alyp, ýaş ýigidiň ýanyna barýar we şeýle diýýär: «Eger meni bejerseň, ine, şularyň barysy seniňki bolar».
Ýigit: «Meniň elimden gelýän zat ýok. Şypany berýän Allatagaladyr. Eger Allatagala iman getirseň, men hem seniň üçin (şypa bermegini diläp) doga ederin. Ol hem (islese) seniň şypaňy berer» diýýär.
(Patyşanyň emeldary) iman getirýär. Allatagala-da oňa şypa berýär. Onsoň ol patyşanyň ýanyna dolanyp gelip, mejlisdäki öňki wezipesini dowam etdirýär. Patyşa ondan:
─ Seniň gözüňi kim açdy – diýip, soraýar. Ol:
─ Rebbim – diýýär. Patyşa:
─ Seniň menden başga Rebbiň barmy? – diýýär. Ol:
─ Meniňem, seniňem Rebbim Allatagaladyr – diýýär.
Patyşa onuň (bu jogabyna) gaharlanyp, ony tussag etdirýär. Ýigidiň salgysyny aýdýança, oňa jebir-sütem etdirýär. (Ahyry zora çydaman) ýigidiň salgysyny berýär. Ýigidi alyp gelýärler. Patyşa ondan:
─ Ýaş ýigit! Diýmek, seniň jadygöýlügiň körleriň gözüni açjak we pis açanlary bejerip biljek derejä ýetipdir-dä. Eşidişime görä, seniň eliňden (başga-da) kän iş gelýärmiş? Dogrumy, şol? – diýip soraýar. Ýigit:
─ Ýok, men hiç kime şypa berip bilmeýärin. Şypany berýän Allatagaladyr – diýýär.
Patyşa ýigidi tussag etdirýär. (Soňundanam) monahyň salgysyny berýänçä ony rehimsizlik bilen gynaýar. Soňra monahyň alyp gelýärler. Ondan dininden ýüz öwürmegini talap edýärler. Monah ýan bermeýär. Onsoň patyşa ary (byçgy) bilen monahy başynyň ortasyndan başlap, ikä böldürýär. Onuň bedeni ikä aýrlyp, her haýsy bir tarapa ýykylyp ýatyberýär. Soňra bolsa patyşanyň emeldary çagyrylyp getirilýär. Oňa-da dininden ýüz öwürmeklik teklip edilýär. Ýöne ol hem kabul etmeýär. Patyşa onuň hem bedeni iki bölege aýrylýança, ary bilen başyndan aşaklygyna kesdirýär. Gezek ýaş ýigide gelýär. Ony hem «Diniňden ýüz öwür, (ýogsam ölersiň)» diýip gorkuzýarlar. Ýöne ýaş ýigit (edilýän zulumlara) döz gelýär. Patyşa ýigidi öz adamlarynyň eline tabşyrýar we olara şeýle tabşyryk berýär: «Ony şu dagyň depesine alyp çykyň! Dininden dänse-hä, ne ýagşy. Ýogsamam aşak atyň!»
Şunlukda, ýigidi dagyň üstüne çykarýarlar. Şonda ýaş ýigit:
─ Eý, Allam! Nähili hem bolsa bir ýol bilen meni bularyň elinden halas et! – diýip, dileg edýär. Dag titräp başlaýar. (Patyşanyň adamlary) aşaklygyna togalanyp gaýdýarlar. Ýigide bolsa hiç zat bolmaýar. Ol patyşanyň ýanyna barýar. Patyşa ondan:
─ Ýanyňdakylara näme boldy? – diýip soraýar. Ýigit:
─ Alla meni olaryň elinden halas etdi – diýýär. Patyşa ony başga adamlaryna tabşyrýar. Olara:
─ Muny Kurkur diýilýän gämä mündürip, deňziň edil ortasyna eltiň! Dininden dönse-hä, nä ýagşy, bolmasa-da deňze oklaň! – diýip, buýruk berýär. Ýigidi alyp gidýärler. Ýigit:
─ Eý, Allam! Nähili edip hem bolsa, meni bularyň elinden halas et! – diýip, doga edýär! (Birden güýçli harasat turýar-da) gämi düňderilýär. Ýigitden başgasy gark bolýar. Ol (bolsa) aman-sag patyşanyň ýanynda dolanyp barýar. Patyşa ony görüp:
─ Ýanyňdakylara näme boldy? – diýip soraýar. Ýigit:
─ Alla meni olaryň elinden halas etdi – diýýär. Soňundan hem şeýle diýýär:
─ Tä aýdanym edýänçäň, meni öldürip bilmersiň!
Patyşa:
─ Näme etmelimişim? – diýýär. Ýigit oňa şeýle diýip jogap berýär:
─ Halky giň meýdana ýygna! Meni hem (gury) hurma agajyna daňsynlar. Sagdagymdan bir ok al-da, ýaýyňa sal! Soňra-da: «Ýigidiň Rebbi bolan Allanyň ady bilen» diýip, oky at! Diňe şeýtseň, meni öldürip bilersiň!
Patyşa halkyny giň meýdana ýygnaýar. Ýigidi hurma agajyna daňýarlar. Soňra ýigidiň sagdagyndan bir ok alyp, ýaýyna salýar. «Ýigidiň Rebbi bolan Allanyň ady bilen» diýibem atyp goýberýär. Ok ýigidiň kelleçanagyndan girip gidýär. Ýigit eli bilen çekgesini tutýar we ölýär. Şonda halk öz aralarynda:
─ Biz ýaş ýigidiň Rebbine iman etdik – diýmäge başlaýarlar. Bu habar patyşanyň gulagyna baryp ýetýär. (Onuň emeldarlary):
─ Gördüňmi, gorkan zadyň alnyňa geldi. Halk imana geldi – diýýärler.
Şonda patyşa köçeleriň başynda hendek gazmagy buýurýar. Gazylan hendekleriň içinde uly ot ýakylýar. Patyşa: «Eger ýüz öwürmeseler, bu täze dine girenleri oda atyň, (ýa-da «olary ataşa girmäge mejbur ediň») diýýär. Onuň buýrugyny ýerine ýetirýärler. Oda atylmak gezegi gujagy bäbekli zenana ýetýär. Şonda ol oda giresi gelmeýän ýaly, birbada kürtdürip durýar. Şonda gujagyndaky balajyk:
─ Eje jan! Dişiňi gys, sabyr et! Çünki sen hak dine uýýarsyň! – diýip, (ejesinı gaýrata getirýär.)
Muslim, «Zühd» 73.
Düşündiriş
Görşümiz ýaly, öňki gelip geçen ymmatlar hem hakyky sabyry talap edýän çetin synaglara sezewar bolupdyrlar. Biz olaryň ynançlarynyň hatyrasyna çeken ezýetlerini, gören görgülerini unutmaly däldiris.
Mundan öňki hadys kynçylyga sabyr etmeklige pygamberiň (s.a.w) öz durmuşyndan mysal getirilýän bolsa, bu hadysda ondan öňki ymmatlara degişli mysal getirilýär. Şeýlelik bilen meňzeş synaglaryň köneden bäri dowam edip gelýändigine üns çekilýär. Hadysda «Buruj» süresinde beýan edilýän bir waka suratlandyrylýar:
«Burçlara (ýyldyzlar toparyna) eýe bolan asmana! Wada berlen (kyýamat) gününe! Şaýat bolana we şaýat bolunýan zada kasam bolsun! Garym gazanlar heläk boldular!»
(Düşündiriş: «Garym gazanlar» barada tefsirlerde dört sany hadysa agzalýar: Bularyň iň meşhury Ýemen hökümdary Zu Nuwas bilen baglanyşyklydyr. Dördünji asyrda Ýemeniň patyşasy bolan bu hökümdar ýahudylygy kabul edýär we hristian dinine uýýan Nejranyň ilatyny hem ýahudylyga geçmäge mejbur edýär. Halk muňa garşy çykansoň, hökümdaryň emri bilen ýigrimi müň töweregi adam otly garymlara oklanylýar. Şonuň üçin bular Kurany Kerimde «Ashaby-Uhdud (Garym gazanlar)» diýen at bilen ýatlanylýar)
Olar tutaşdyrlyk doldurylyp ýakylan oduň başynda oturyp, müminleri rehimsizlik bilen oda ýakyşlaryny synlaýardylar. Olaryň müminlerden (beýle zulum edip) ar almaklarynyň sebäbi müminleriň asmanlaryň we Ýeriň mülki (hökmürowanlygy) Özünde bolan Gudraty güýçli we ähli öwgülere laýyk Alla iman getirmekleridi. Alla ähli zady görýändir. Mümin erkeklere we mümin aýallara zulum edip, soň hem toba etmeýänlere dowzah azaby berler. Olar üçin ýakyp ýandyryjy azap bardyr. Iman getirip, ýagşy işleri edenlere bolsa aşagyndan derýalar akýan jennetler bardyr. Ine, bu (iň) uly üstünlikdir!» («Buruj» süresi, 4-11).
***
32. Enes ibn Mäligiň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) balasynyň mazarynyň başynda ses edip aglap oturan bir zenana şeýle diýipdir:
«Alladan gork, sabyrly bol!»
Zenan bolsa pygamberimizi (s.a.w) tanamansoň, şeýle diýip azgyrylypdyr: «Git, şu ýerden! Meniň başyma gelen zat seniňem başyňa gelen bolsa, şonda bilerdiň!» Allanyň resuly (s.a.w) ol ýerden gaýtdy. Onsoň ýaňky naçara özüne nesihat eden kişiniň pygamberimizdigini (s.a.w) aýtdylar. Muny eşiden zenan eden işine müň puşman edip, dessine Serwerimiziň (s.a.w) öýüne bakan gitdi. Gapyda hiç kim bolmansoň, kürsäp içerik girdi. Ol pygamberimize (s.a.w): «Sizi tanamandyryn (meni bagyşlaň)» diýip, ötünç sorady. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi:
«Çyn sabyr – bela-beteriň başyňa düşen ilki pursatynda çydam edip bilmekdir».
Buhary, «Jenaiz» 32, 43; «Ahkam» 11; Muslim, «Jenaiz» 14-l5. Şeýle hem, ser; Ebu Dawud, «Jenaiz» 23; Tirmizi, «Jenaiz» 13; Nesai, «Jenaiz» 22.
***
33. Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) Allatagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:
(Haýsydyr bir müminiň) dünýäde gowy görýän dostuny alan wagtym, şol mümin gulum muzduny Alladan garaşmak bilen (sabyr-takat görkezse), oňa gatymdan beriljek serpaý jennetdir.
Buhary, «Rikak» 6.
***
34. Äşe (r.anha) (enemiziň) gürrüň bermegine görä, Allanyň resulyndan (s.a.w) mergi hassalygy hakynda sorapdyr. Ol (s.a.w) hem şeýle diýipdir:
Mergi hassalygy Allatagalanyň islän kişilerini jezalandyrýan bir azap görnüşidir. Alla ony müminler üçin rahmet eýläpdir. Şol sebäpli mergi hassalygyna uçran bende başyna gelene sabyr edip, muzduna Alladan garaşsa hem-de şol wagtky ýaşaýan ýerinden hiç ýere çykmasa, (başyna gelen zadyň) diňe Allanyň islegi boýunça gelýändigini bilse, oňa şehidiň sogaby berler.
Buhary, «Tyb» 31; Şeýle hem, ser. Buhary, «Enbiýa» 54; «Kader» 15; Muslim, «Salam» 92-95.
Düşündiriş
Mergi (merez) köpçülikleýin gyrylmaklyga alyp barýan ýokanç keseldir. Haýsydyr bir sebitde adatdan daşary ýagdaýda döräp, adamlaryň köpçülikleýin ölümine sebäp bolýandygy üçin oňa azap diýlipdir. Hadysda musulmanlaryň hem bu hassalyga duçar boljakdygyna, olar üçin rahmet wesilesidigine, belli şertlere eýerilende şehit sogabynyň beriljekdigi beýan edilýär. Berjaý edilmeli şertler bolsa şulardyr:
Hassalyga sabyr edip, muzdyny Alladan garaşmak diýmek, bejermegiň çäresini gözlemän, el gowşuryp oturmak diýmek däldir. Eýsem öz mümkinçiligiň hem-de lukmançylykda gazanylan ösüşiň çäginde onuň çäresini gözlemelidir. Öňki döwürlerde lukmançylyk ulgamynyň mergi hassalygynyň çäresini tapyp bilmeýşi ýaly, häzirki döwürde-de bu kesele duçar bolan adamyň ýa-da halkyň mümkinçilikleri çäkli bolup biler. Şonuň ýaly ýagdaýda nägilelik bildirmän, muzdyny Alladan garaşmak, başyňa düşene kaýyl bolmakdyr.
***
35. Enes ibni Malik (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşipdir:
Allatagala şeýle diýdi: «Iki gözüni kör etmek bilen bendämi synag eden wagtym, (bendäm muňa) sabyr etse, gözlerine derek jenneti bererin».
Buhary, «Merda» 7; Şeýle hem, ser. Tirmizi, «Zühd» 58.
***
36. Ata ibni Ebi Reba (r.a) gürrüň berýär:
Abdulla ibni Abbas (r.a) maňa «Saňa jennetlik bir zenany görkezeýinmi?» diýdi. Men «Hawa, görkez!» diýdim. Şonda Ibn Abbas şeýle diýdi:
(Honha,) (daýaw) zenan(y görýärmiň), ana şol! Ol (bir gün) pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna gelip (şeýle diýdi): «Meniň garaguş hassalygym bar. (Tutan wagty,) üstüm-başym açylýar. Gowulaşmagymy diläp, Alladan dileg edip beriň». Pygamberimiz (s.a.w): «Eger sabyr etjek diýseň-ä, saňa jennet bar. Ýok, şypa tapmak isleýän diýseňem, Alla dileg edeýin» diýdi. Zenan: «Men (hassalygyma) sabyr ederin. Ýöne garaguş keselim gozgan wagty, üsti-başymyň açylmazlygy üçin dileg edip beriň» diýdi. Onsoň pygamberimiz (s.a.w) onuň üçin dileg etdi.
Buhary, «Merda» 6; Muslim, «Birr» 54.
***
37. Ebu Abdurrahman Abdulla ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resulynyň (s.a.w) bir pygamber hakda aýdyp berenleri häli-şindi göz öňümde janlanyp dur. Ol pygamber kowmy tarapyndan urulmakdan ýaňa ýüzi-gözi gana boýalan hem bolsa, ýüzüniň ganyny süpürip, «Eý, Allam! Kowmumy bagyşla, olar (hakykaty) bilmeýär» diýipdir.
Buhary, «Enbiýa» 54; Şeýle hem, ser. Buhary, «Murteddin» 5; Muslim, «Jihad» 104; Ibn Maje, «Fiten» 23.
***
38. Ebu Said bilen Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir:
Allatagala müminiň başyna gelen bela-beteri, kynçylygy, hassalygy, hasratly ýagdaýy, hatda aýagyna tiken çümmegini-de ýalňyşlaryny bagyşlamak üçin sebäp edipdir.
Buhary, «Merda» 1; Muslim, «Birr» 49.
***
39. Abdulla ibni Mesud (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resulynyň (s.a.w) huzuryna bardym. Ysytma tutup ýatyrdy. Şonda men oňa:
─ Eý, Allanyň resuly! Ysytmaň gaty güýçli! – diýdim. (Ol (s.a.w):
─ Hawa, (şu wagt) siziň ýaly iki kişiniň çydam edip biljek agyryny duýýaryn – diýdi. Men:
─ Bu (size) iki esse sogap gazandyrýan (bolmaly) – diýdim. (Ol):
─ Hawa, şeýle. Alla musulmanyň aýagyna çümen bir tiken ýa-da başyna düşen has ýowuz bela sebäpli onuň günälerini bagyşlaýar. Şonda agajyň ýapraklarynyň dökülişi ýaly musulmanyň günäleri dökülýär – diýdi.
Buhary, «Merda» 3, 13, 16; Muslim, «Birr» 45.
***
40. Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla haýyr islän kişisine kynçylyk berer.
Buhary, «Merda» 1.
Düşündiriş
Görşümiz ýaly, başymyza gelýän bela-beterlerem haýra sebäp bolýan eken. Şol bela-beterler dogrusynda bolsa, «Bakara» süresiniň 155-nji aýatynda beýan edilýär:
«Elbetde, Biz sizi gorky-howp, açlyk, emlägiňize, janyňyza we hasyllaryňyza nogsanlyk ýetirmek (garyplyk) arkaly synag edýäris. Sabyr edenleri söýünjile!»
Ýokardaky iki hadysdan görnüşi ýaly, sabyr edilen ýagdaýynda bela-beterler günäleriň bagyşlanmagyna, haýra sebäp bolýan eken. Ymam Gazzalynyň bu babatda şeýle garaýşy bar:
Mynapyk başyna gelen bela-betere sabyr etmän, gününden nalamaga başlaýandygy sebäpli, bu onuň üçin jezadyr.
Mümin bolsa başyna gelen hassalygyň, bela-beteriň Alladandygyna ynanýandygy, şol sebäpli sabyr edýändigi üçin, bu onuň üçin keffaratdyr, ýagny günäleriniň bagyşlanmagyna sebäpdir.
Şeýle hem, şükür we ryza mertebesine ýeten müminleriň sezewar bolýan hassalyklary we bela-beterleri hakda aýtmaly bolsa, olar şol ýagdaýlarynda-da Alla hamdy-sena aýtmagy, şükür etmegi dowam etdirýändikleri üçin, bu olaryň Allanyň dergähinde mertebeleriniň beýgelmegine sebäpdir.
Biz şuny unutmaly däldiris: bu dünýä synag ýeridir. Allanyň dergähindäki ýokary mertebelere bela-beterler arkaly ýetilýändir. Onda, musulman başyna nähili bela-beter gelse-de, sabyry elden bärmän, her halyna kaýyl bolmalydyr. Diýmek, sabyr islendik kynçylygy, bela-beteri öz bähbidiňe öwürmegiň serişdesi eken.
***
41. Enes ibni Mäligiň (r.a) gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Hiç haýsyňyz başyna gelen bir musybat zerarly, ölümi dilemesin! Bardy-geldi muňa mejbur bolsa, onda şeýle diýip dileg etsin:
Eý, Allam, ýaşamak meniň üçin haýyrly bolsa, onda ýaşaýşymy dowam etdir. Ölüm meniň üçin haýyrly bolan pursatynda bolsa janymy al!
Buhary, «Merda» 19; «Daawat» 30; Muslim, «Zikir» 10, 13. Şeýle hem, ser. Ebu Dawud, «Jenaiz» 9; Nesai, «Jenaiz» 1; Ibni Maje, «Zühd» 31.
***
42. Ebu Abdulla Habbab ibn Eret (r.a) gürrüň berýär:
(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) donuny ýassyk edinip, Käbäniň kölegesinde dynç alyp ýatan eken. Şonda biz onuň ýanyna baryp, (müşrikleriň bize ezýet ýamanyny çekdirýänini) arz etdik. «Alladan bize ýardam dilejek dälmisiňiz?!» diýdik. Ol (s.a.w) bize garap şeýle diýdi:
Öňki ymmatlaryň arasynda şeýle müminler bolupdy. Olary alyp, (ýarty biline deňiç) bir çukura gömýärdiler. Yzyndanam byçgy bilen başyndan dikligine ikä bölýärdiler. Ýa bolmasa, demir dyrmyklar bilen eti-hamy diýmän sypyryp aýyrýardylar. Şonda-da olar dininden dänmezdiler. Alladan ant içip aýdýaryn, bu diniň ýaýyljagy ikuçsyzdyr. Ynha, şeýle bir gün geler welin, islendik adam Alla gorkusyndan we sürüsini gurda talatmakdan başga hiç zatdan howatyr etmän, ýeke özi atlanyp, Sanadan Hadramewte çenli arkaýyn gider. Beýle sabyrsyz bolmaň (ahyry)!
Buharyda geçýän başga bir hadysda «Pygamberimiz (s.a.w) donuna bürenipdi. Müşrikler bize ezýet ýamanyny çekdirýärdi» diýen sözler hem bar.
Buhary, «Menakyb» 25. Şeýle hem, ser. Buhary, «Ikrah» 1; «Menakybul-ensar» 29; Ebu Dawud, «Jihad» 97.
***
43. Abdulla ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:
Hüneýn söweşinden düşen oljalaryň paýlanyşygynda Allanyň resuly (s.a.w) käbir kişilere başgalara görä artygrak paý berdi. Akra ibn Habise ýüz düýe, Uýeýne ibn Hysna hem şonçarak berdi. Edil şonuň ýaly araplaryň sylanýan kişilerine beýlekilerä görä känräk paý berdi. Mundan ötri (pygamberimiziň (s.a.w) niýetine düşünmedik) bir kişi «Bu olja paýlanyşygy adalatly bolmady. Munda Allanyň razylygy göz öňünde tutulmady» diýip, närazylygyny bildirdi. Onuň bu sözüni eşidip oturyp, ynjalyk tapmadym. Derhal onuň diýenlerini pygamberimize (s.a.w) ýetirdim. Muny eşiden Allanyň resulynyň (s.a.w) ýüzi çym-gyzyl boldy we şeýle diýdi:
«Allanyň resuly (s.a.w) adalatly bolman, kim adalatly bolsun?!». Soňra ýene şeýle diýdi:
«Alla Musa merhemet etsin! Ol mundanam beterini gördi, emma şeýle hem bolsa, sabyr etdi».
Men şonda öz-özüme «Mundan beýläk biriniň aýdan sözüni Allanyň resulyna (s.a.w) ýetirmerin» diýdim.
Buhary, «Edeb» 53; Muslim, «Zekat» 145.