Düşündiriş
Huneýn Mekge bilen Taif şäheriniň arasynda ýerleşýän dere. Huneýn söweşi hijretiň sekizinji ýylynda bolup geçýär. Şonda iki müňüsi mekgeli, jemi on iki müň kişiden ybarat musulman goşuny on dört müň adamlyk goşun jemlän hawazyn we sakyf taýpalary bilen söweşýär. Bu söweşe segsen töweregi mekgeli müşrik hem-de «Tuleka» diýilýän (ölüme höküm edilen, ýöne Mekgäniň fethinde hökümleri ýatyrylan) kişiler hem gatnaşýar. Dogrusy, olary söweşde kimiň ýeňiş gazanjagy gyzyklandyrýardy. Käbir musulmanlar sanlarynyň köplügine buýsanyp: «Bu goşun hiç haçan ýeňilmez» diýip, uly gepleýärler. Ýeňşiň Allanyň ýardamy bilen bolýandygyny unudýarlar. Şonuň üçin söweşiň başlangyjynda musulmanlar ýeňlişe sezewar bolup, mejbury yza çekilýärler. Pygamberimiz (s.a.w) Alladan dileg edensoň, müminleriň kalplaryna rahatlyk aralaşyp, täzeden söweşe girýärler we uly ýeňiş gazanýarlar.
«Toba» süresiniň 25-27-nji aýatlarynda bu söweş hakynda şeýle diýilýär:
«Allanyň size ençe söweş meýdanlarynda ýardam berendigi‚ Huneýn söweşinde-de şeýle bolandygy bellidir. Şol gün sanyňyzyň artykmaçlygy sizi buýsandyrypdy‚ ýöne ol size peýda etmändi. Ýer ýüzi näçe giňem bolsa‚ dünýä size dar görnüpdi. Soň hem siz duşmana arkaňyzy öwrüp‚ gaçmaga başlapdyňyz. Soň Alla ilçisiniň we müminleriň üstüne rahatlyk berýän (we özlerine bolan ynamy) rahmetini inderdi. Siziň gözüňize görünmeýän goşunlaryny ugradyp‚ şol kapyrlara elhenç azap beripdi. Ine‚ kapyrlaryň jezasy budur! Şol söweşden soň Alla isläniniň tobasyny kabul eder. Çünki Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr».
Aýatdan hem görnüşi ýaly, musulmanlar Uhuddan soňra Huneýn söweşinde-de ýeňlişe sezewar bolupdylar. Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, hezreti pygamberimiziň (s.a.w) tutanýerlilik görkezmegi netijesinde yslam goşuny ykjamlandy, soňra-da ýeňiş gazanyp, örän köp olja aldylar. Pygamberimiz (s.a.w) bu oljalaryň beýtul-mala degişli paýyndan «müellefeýi-kulub» diýilýän, ýagny ýürekleriniň yslam dinine meýil etmegi umyt edilýän käbir taýpa kethudalaryna halat-serpaý ýapdy. Hadysda ady geçýän üç kişi-de şolaryň arasyndady. Pygamberimiziň (s.a.w) şol kişilere artykmaç paý bermeginiň aňyrsyndaky hikmeti görüp bilmeýän käbir şahslar Allanyň resulynyň (s.a.w) bu hereketine garşy çykypdy. Aýratyn hem, Muattib ibni Kuşeýr Allanyň resulyna (s.a.w) hadysda geçýän sözler arkaly nägileligini bildirip, hezreti pygamberimizi (s.a.w) adalatsyzlykda aýyplapdy. Bu örän ýerliksiz we agyr aýyplamady. Şol sebäpli Abdulla ibni Mesud (r.a) hem Muattib ibni Kuşeýriň sözlerini pygamberimize (s.a.w) bolşy ýaly habar berdi. Şu ýerde ýatlap geçmeli ýene-de bir zat, ol hem Huneýnde alnan oljalaryň paýlanyşygynda öz nägililegini bildiren başga-da kişiler bolupdy. Şonda pygamberimiziň (s.a.w) ensary aýratyn bir ýerde jemläp, olara bu işiň asyl hikmetini düşündirýän ýüzlenmesi ýadyňyzda bolsa gerek.
Oljanyň paýlanyşy, munuň bilen baglanyşykly dörän ýagdaý dogrusynda «Toba» süresiniň 58-59-njy aýatlarynda şeýle diýilýär:
«Olaryň käbiri seniň zekaty we sadakalary paýlaýşyňa dil ýetirýärler. Bu mal-mülklerden özlerine paý berilse‚ şat bolup‚ berilmese, derrew gaharlanyp öýkeleýärler. Eger olar Allanyň we Onuň ilçisiniň özlerine berenlerine razy bolup: «Alla biziň üçin ýeterlik (Hossardyr). Ol Öz pazly-keremi bilen ilçisi arkaly bize eçiler! (Biziň islegimiz diňe Allanyň razyçylygydyr)» diýip aýtsalardy, bu özleri üçin‚ elbetde‚ has gowy bolardy».
Pygamberimiz (s.a.w) imanyndan hiç şübhe edilmeýän kişiler barka, dini taýyndan has pes mertebedäkilere sahylyk bilen eçilerdi. Ýene bir ýola ýatlalyň: şol gezek pygamberimiz (s.a.w) aýratyn jomartlyk edip, kime näme beren bolsa, oljanyň hut özüne degişli bolan bäşden bir böleginden paýlap beripdi. Şonda-da adalatsyzlykda aýyplanypdy. Bu aýyplama sezewar bolan wagty pygamberimiziň (s.a.w) biynjalyk bolup, gaharlanmagy adaty ýagdaý.
Şonda Allanyň resuly (s.a.w) «Allanyň resuly (s.a.w) adalatly bolman, kim adalatly bolsun?!» diýipdi. Pygamberimiz (s.a.w) bu gezek hem hezreti Musanyň jöhitlerden gören görgisini ýatlap, «Alla Musa merhemet etsin! Ol mundanam beterini gördi, emma sabyr etdi» diýmek bilen öz-özüne sabyry elden bermezligi ündäpdi. Şu aşakdaky aýatlarda ymmatynyň hezreti Musa çekdiren ezýetleri dogrusynda beýan edilýär:
«Biz, tä Allany äşgär görýänçäk, saňa hiç haçan iman getirjek däl» («Bakara» süresi, 2/55).
«Sen we Rebbiň gidip, olaryň (garşysyna) söweşiň! Biz bu ýerde oturarys» («Maide» süresi, 5/24).
«Biz hiç haçan bir tagam bilen (çäklenip) sabyr edip bilmeris». («Bakara» süresi, 2/61).
«Eý, iman getirenler! Siz Musa ezýet edenler ýaly bolmaň!» («Ahzab» süresi, 33/69).
***
44. Enes ibni Mäligiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Alla gowulyk isleýän bendesini bu dünýäde jezalandyrýar. Erbetlik isleýän bendesini «kyýamat güni günäsi bilen gelsin» diýip, bu dünýäde jezalandyrmaýar.
Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Sylagyň ululygy belanyň ululgyna görädir. Alla gowy görýän jemgyýetine bela iberer. Kimde-kim başyna düşene kaýyl bolmasa, Allanyň gazabyna duçar bolar.
Tirmizi, «Zühd» 57. Şeýle hem, ser. Ibni Maje, «Fiten» 23.
Düşündiriş
Allatagala bendelerini bu dünýäde dürli hili synagdan geçirýär. Ýöne her synaga jezalandyryş diýip bolmaýar. Synagdan geçýän bende sabyr etse, onuň günäleri bagyşlanýar. Bu Allanyň bendesi üçin örän uly haýyrdyr. Hadysda ine, şu hakykat ýatladylmak bilen musybata uçran kişiler sabyr etmeklige höweslendirilýär. Bu hassalygy, bela-beteri sorap almagy, dilemegi aňlatmaýar. Bize Alladan aman-esenlik dilemeklik emir edilipdir. Başymyza düşen kynçylyklara bolsa sabyr etmegimiz gerek.
Şuny bilmek gerek: bir kişi yzygiderli günä edibem, bu dünýäde jezalandyrylmaýan bolsa, oňa ýagşylyk edilýändir öýdülmesin. Onuň ýaly kişiler kyýamat güni eden etmişlerini ýüklenip, Allanyň huzuryna bararlar. (Eger Allatagala bagyşlamasa) etmişleri üçin aňryýany bilen jezalandyrylar. Bu dünýäniň kynçylyklary ahyretiň azaplarynyň ýanynda hiç zatdyr. Şol sebäpli eden etmişi üçin bu dünýäde jezalandyrylan kişiler bähbitli çykýar.
Şeýle hem, hadysyň ikinji böleginde çekilen kynçylyklaryň we synaglaryň agyrlygyna görä uly netijeleriň bardygy buşlanylýar. Bu buşluk agyr, çekip-çydardan çökder musybatlara döz gelip bilmek üçin örän möhüm habardyr. Onuň ýaly bolsa, Allatagaladan gelen bela-beterlere kaýyl bolmak gerek. Şeýlekin ynsanlardan Alla razy bolar, olara bihasap sogap berer. Kimde-kim olary betbagtçylyk hasap etse, Allanyň gazabyna duçar bolar. Çünki «Kim erbet iş etse, onuň öwezini (jezasyny) alar». («Nisa» süresi, 4/123).
***
45. Enes ibni Mälik (r.a) gürrüň berýär:
Ebu Talhanyň (r.a) hassa ýatan ogly bardy. Ebu Talha öýde däl wagty oglanjyk aýryldy. (Ebu Talha) öýüne (dolanyp) gelende (aýalyndan):
Ebu Talha säher bilen pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna baryp, bolan zatlary aýdyp berdi. Pygamberimiz (s.a.w):
(Wagty gelip) Ümmi Suleýmiň bir ogly boldy. Ebu Talha maňa:
Buhary, «Jenaiz» 42, «Akyka» 1; Muslim, «Edeb» 23; «Fezailus-sahabe» 107.
Buharyda geçýän başga bir hadysda Sufýan ibn Uýeýne: «Ensardan bir kişi (Ibaýe ibni Rifaa) Abdullanyň dokuz çagasyny görendigini, hemmesiniň hem Kuran okaýan we manysyna düşünýän kişilerdigini aýdypdyr» diýip belleýär.
Buhary, «Jenaiz» 42.
Muslimde geçýän hadysda bu waka şeýle gürrüň berilýär:
Ebu Talhanyň Ümmi Suleýmden bolan ogly aradan çykdy. Ümmi Suleým maşgala agzalaryna: «Tä meniň özüm habar berýänçäm, hiç biriňiz ogly hakynda Ebu Talha hiç zat aýtmaň!» diýip, berk tabşyrdy. Ebu Talha öýe geldi. Ümmi Suleým (onuň öňüne) agşamlyk naharyny getirip goýdy. Ebu Talha nahar edindi. Şol gije Ümmi Suleým öňküsinden has gowy bezenip-beslendi. Soňra ol aýaly bilen ýatdy. Ebu Talhanyň garnynyň mazaly doýanyny we kanagatlanyny görensoň, Ümmi Suleým oňa:
Onsoň Ebu Talha derhal turup, Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna gitdi. Oňa bolan zatlary gürrüň berdi. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) oňa:
Allanyň resuly (s.a.w) ýörişe çykypdy. Bu ýörişe Ümmi Suleým hem gatnaşypdy. Allanyň resuly (s.a.w) sapardan dolanyp gelende, gije Medinä girmezdi. Medinä golaýlanlarynda, Ümmi Suleýmiň dogum sanjysy tutdy. Şol sebäpli Ebu Talha onuň ýanynda galdy. Allanyň resuly bolsa (s.a.w) ýoluny dowam etdirdi. Ebu Talha şeýle diýip (doga etmäge) başlady:
─ (Eý,) Rebbim! Sen örän oňat bilýärsiň: men (Seniň) resulyň bilen birlikde Medineden çykmakdan, onuň bilen birlikde Medinä girmekden diýseň hoşal bolýardym. Ýöne bu gezek Seniň bilýän zadyň sebäpli ýerimden gozganyp bilemok.
(Onuň bu sözlerini eşiden) Ümmi Suleým:
─ Ebu Talha! Indi sanjym tutanok. Sen gidiber – diýdi.
(Enes aýdýar) Onsoň biz ýolumuz bilen bolduk. Medinä gelenlerinde Ümmi Suleýmiň gaýtadan sanjysy tutdy we oglan bäbek dogurdy. Ejem (Ümmi Suleým) maňa:
─ Enes, sen bu oglanjygy säher bilen Allanyň resulyna äkit! Şondan öň ony hiç kim emdirmesin – diýdi. Ir bilen men oglanjygy Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna alyp bardym. Allanyň resulynyň (s.a.w) elinde daglamak üçin ulanylýan bir gural bardy. (Ol (s.a.w) meni görüp:
─ Ümmi Suleýmiň bäbegi bolupdyr öýdýän – diýdi. Men:
─ Hawa – diýdim. (Pygamberimiz (s.a.w) derrew elindäki guraly goýdy. Menem oglanjygy onuň gujagyna berdim. Allanyň resuly (s.a.w) Medinede ýetişýän ajwe hurmasyndan bir dänesini sorady. Ol (s.a.w) özüne uzadylan hurmany agzynda mazaly çeýnedi. Soňra-da oglanjygyň agzyna çaldy. Bäbek tamşanmaga başlady. Şonda Allanyň resuly (s.a.w):
─ Medinelileriň hurmany gowy görşüny synlaň – diýdi. Soňra bäbegiň ýüzüni sypalady. Onuň adyna Abdulla goýdy.
Muslim, «Fezails-sahabe» 107.
***
46. Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Arkasy ýere degmeýän çyn pälwan göreşde bäsdeşini ýeňýän kişi däl-de, eýsem gahary gelende, özüni saklap bilýän kişidir».
Buhary, «Edeb»102; Muslim, «Birr» 106-108.
***
47. Suleýman ibni Surad (r.a) gürrüň berýär:
Bir gün pygamberimiz (s.a.w) bilen otyrdym. (Şol ýerde) iki kişi öz aralarynda sene-mene edişýärdiler. Olaryň birisiniň gahardan ýaňa ýüzi çym-gyzyl bolupdy. Boýnunyň damarlary çişip, zymdyrylyp çykaýjak bolýardy. (Bu ýagdaýy gören) Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi:
─ Men bir söz bilýärin. Eger bu adam şol sözi aýtsa, onuň gahary geçer. Eger ol «Euzu billähi mineşşeýtanirrajim» diýse, onuň bu ýagdaýy zym-zyýat bolar.
Şol ýerdäki kişiler (gahary gelip duran adamyň) ýanyna baryp, pygamberimiziň (s.a.w) oňa ««Euzu billähi mineşşeýtanirrajim» diýmelidigini ýetirdiler.
Buhary, «Bedul-halk» 11, «Edeb» 44, 76; Muslim, «Birr» 109.
Düşündiriş
Hadysy-şerifde gaharlanan kişiniň köşeşmegi üçin «Euzu besmele» aýtmak maslahat berilýär. Pygamberimiziň (s.a.w) bu maslahaty «Eger şeýtandan gelýän (erbet bir duýgy) seni dürtýän (aldawa salýan) bolsa, dessine Alla sygyn! Şübhesiz, Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir» («Fussylet» süresi, 41/36) aýatdaky ylahy nesihata daýanýar.
***
48. Muaz ibni Enesiň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
Gaýtawul bermäge güýji ýetse-de, gaharyny ýuwdup bilen kişini Alla kyýamat güni her kimiň göräýjek ýerine çagyryp, hüýrlerden islänini saýlap almaga rugsat berer.
Ebu Dawud, «Edeb» 3 ; Tirmizi, «Birr» 74; «Kyýamet» 48. Şeýle hem, ser. Ibni Maje, «Zühd» 18.
***
49. Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, bir adam pygamberimize (s.a.w):
─ Maňa öwüt ber – diýipdir. Pygamberimiz (s.a.w) oňa:
– Gaharlanma! – diýipdir. Ol kişi bu islegini birnäçe gezek gaýtalapdyr. Pygamberimiz (s.a.w) (her gezeginde-de):
– Gaharlanma! – diýipdir.
Buhary, «Edeb» 76. Şeýle hem, ser. Tirmizi, «Birr» 73.
Düşündiriş
Gazaplanmak şeýtanyň was-wasa salmagy netijesinde adamyň özüni ýitirmegidir, tebigy ýagdaýyndan uzaklaşmagydyr. Adam şeýle ýagdaýa düşende paýyş gepleýär, dinde oňat görülmeýän işleri edýär. Hatda (Hudaý saklasyn) käwagt kapyr bolmaga çenli baryp ýetýär.
Gaharyňy ýuwutmak gaharlanmagyň netijesinde ýüze çykjak birgiden hatarly ýagdaýyň öňüni almakdyr. Pygamberimiziň (s.a.w) özüne öwüt-ündew berilmegini islän sahabasyna her gezeginde «Gaharlanma!» diýip jogap bermeginiň sebäbi hem şoldur. Ýeri gelendigi üçin şuny aýdyp geçmek gerek: pygamberimiz (s.a.w) her kimiň öz häsiýetine, başarnyk-ukybyna laýyk öwüt-ündew berýärdi.
***
50. Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
Erkek ýa-da zenan, tapawudy ýok, mümin kişi ýa özi ýa-da bala-çagasy, ýa bolmasa mal-emlägi zerarly hemişe başy belaly bolar. (Şol belalaryň hersi onuň bir günäsiniň bagyşlanmagyna sebäp bolar we) Allanyň huzuryna günäsiz (adam bolup) barar.
Tirmizi, «Zühd» 57.
Düşündiriş
Hadysda «Alla gowuşýança» diýlen sözüň üsti bilen ölüm göz öňünde tutulýar. Diýmek, tä ölýänçä musulmanyň başyndan bela-beter aýryljak däl eken. Her bir musulman muňa taýýarlykly bolmalydyr. Bu durmuşyň tebigy ýagdaýydyr. Müminiň asyl wezipesi sabyry elden bermän, bu ýagdaýdan bähbitli çykmakdyr.
***
51. Abdulla ibn Abbas (r.a) gürrüň berýär:
Uýeýne ibn Hysn Medinä gelende, ony inisi (agasynyň ogly) Hur ibn Kasa myhman aldy. Hur hezreti Omara ýakyn kişilerdendi. Hawa, ýaşynyň uly ýa-da kiçiligine garamazdan, sowatly we Kurany bilýän kişiler hezreti Omaryň geňeş toparyna girýärdi. Şol sebäpli Uýeýne inisinden: «Ýegenim! Seniň döwlet ýolbaşçysynyň ýanynda hormatyň bar. Meni onuň bilen görüşdir» diýip haýyş etdi. Hur onuň bu islegini hezreti Omara ýetirdi. Hezreti Omar görüşmek üçin ejaza berdi. Uýeýne hezreti Omaryň huzuryna girende: «Eý, Hattabogly! Walla, sen bize ne-hä artykmaç bir zat berýärsiň, ne-de adalat bilen höküm edýärsiň!» diýdi. Hezreti Omar gazaba münüp, Uýeýnäniň üstüne topuldy. Şol bada Hur olary aralady. Yzyndanam hezreti Omara garap, şeýle diýdi: «Eý, müminleriň emiri! Alla pygamberine şeýle diýýändir: «Sen geçirimlilik ýörelgesine eýer‚ ýagşylygy ünde‚ nadanlar bilen deň bolma!» («Araf» süresi, 7/199) Meniň agam hem bisowat adam-da».
Ibn Abbas (r.a) bu wakanyň yzyny şeýle gürrüň berýär: «Walla, Hur bu aýaty okandan hezret Omar butnajagam bolmady. Çünki hezreti Omar Kuranyň emirlerine we duýduryşlaryna tagzym bilen boýun egýän kişidi».
Buhary, «Tefsirus-sure» (7) 5; «Itisam» 2.
***
52. Abdulla ibni Mesudyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
(Dogrusy,) menden soňra tanyş görlüp, wezipä bellenişik we (ýene-de sizi) geň galdyrjak käbir zatlar bolup geçjek.
Sahabarlar:
Ey, Allanyň resuly! Şonda biz özümizi nähili alyp baraly? – diýdiler. Pygameberimiz (s.a.w):
Siz öz etmeli işiňizi edersiňiz, muzduňyzy-da Alladan garaşarsyňyz – diýdi.
Buhary, «Menakybul-enbiýa» 8; «Fiten» 2 ; Muslim, «Imare» 45, 48
***
53. Ebu Ýahýa Useýd ibn Hudaýryň (r.a) gürrüň bermegine görä, medineli bir kişi: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Pylany ýaly meni hem bir ýere häkim belläýiň!» diýip, özüne-de wezipe berilmegini isläpdir. Şonda pygamberimiz (s.a.w) oňa şeýle diýip jogap beripdir:
«(Dogrusy,) siz menden soňra tanyş görlüp, wezipä bellenişigiň şaýady bolarsyňyz. Tä (Adn jennetinde şahsym üçin taýýar edilip goýlan Köwser atly) howzuň kenarynda maňa gowuşýançaňyz sabyr ediň!»
Buhary, «Fiten» 2, «Menakybul-ensar» 8; Muslim, «Imare» 48, «Fedail» 27, 28.
***
54. Ebu Ibrahim Abdulla ibn Ebu Ewfa (r.anhuma) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) bir gezek duşman bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emma dessine söweşe girişibermedi. Gün ýaşýança garaşdy. Şonda esgerlerine ýüzlenip şeýle diýdi:
Eý, musulmanlar! Hergiz duşman bilen bir ýüzbe-ýüz bolsadym diýmäň! Alladan aman-esenlik diläň! Bardy-geldi duşman bilen ýüzbe-ýüz bolaýsaňyz hem, sabyry elden bermäň! Şuny bilip goýuň: jennet gylyçlaryň kölegesiniň astyndadyr.
Mundan soňra pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýip dileg etdi:
Eý, kitaby (Kurany) indiren, bulutlary asmanda gezdiren, sap tutan duşmanlary derbi-dagyn eden Allam! Şu duşmany (hem) perişan kyl we bize olary ýeňmegi miýesser et!
Buhary, «Jihad» 112; Muslim, «Jihad» 20.
***
Dogry sözli bolmak
Dürslük
***
***
***
Hadyslar
55. Abdulla ibn Mesudyň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Dogrulyk (ynsany) gowulyga (alyp barar), gowulyk bolsa jennete äkider. Dürslügi jäht tutan ynsanyň aýdýanam, gözleýänem dogry bolar. Şunlukda, Allanyň gatynda onuň ady syddyklaryň arasynda ýazylar.
Ýalan (ynsany) fujura (azgynlyga alyp barar), fujur bolsa (eltip) dowzaha atar. Şunlukda, ýalana endik eden kişiniň ady Allanyň gatynda kezzaplaryň (ýalançy) arasynda ýazylar».
Buhary, «Edeb» 69; Muslim, «Birr» 103-105; Şeýle hem, ser. Ebu Dawud, «Edeb» 80; Tirmizi, «Birr» 46; Ibn Maje, «Mukaddime» 7; «Dua» 5.
***
56. Ebu Muhammed Hasan ibn Ali ibn Ebi Talyb (r.anhuma) gürrüň berýär:
Men Allanyň resulynyň (s.a.w) aýdan şeýle bir pendini berk ýat tutdum:
«Şübheli bolan zady goý, şübheli bolmadyk zada gara! Çünki köňül (söz ýa iş babatynda) dogry bolan zatdan huzur tapýar, ýalandan (bolsa) birahatlyk».
Tirmizi, «Kyýamet» 60.
***
57. Ebu Sufýan Sahr ibni Harb (r.a) Wizantiýanyň imperatory Gerakl bilen eden gürrüňi hakda şeýle diýýär:
Gerakl: «Ol (pygamberligini yglan eden) adam size näme etmegi buýurýar?» diýip sorady. Men: «Ol: «Diňe Alla gulluk ediň! Oňa hiç bir zady şärik goşmaň! Atalaryňyzyň ynanýan, aýdýan zatlaryny terk ediň!» diýýär. Bize namaz okamagy, dogry sözli bolmagy, edýän işini dürs etmegi, ar-namysly bolmagy, ýakynlarymyzyň aladasyny etmegi buýurýar» diýdim.
Buhary, «Bedul-wahý» 6, «Salat» 1, «Sadakat» 28; Muslim, «Jihad» 74.
***
58. Ebu Sabit Ebu Said we Ebu Welid atlary bilen tanalan, Bedir söweşine gatnaşan Sehl ibn Huneýfiň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:
«Çyn ýüreginden şehit bolmagy islän kişi düşeginde jan tabşyranam bolsa, Alla ony şehitlik mertebesine beýgelder».
Muslim, «Imare» 157. Şeýle hem, ser. Ibn Maje «Jihad» 15.
***
59. Ebu Hureýräniň (r.a) aýdyp bermegine görä, Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:
Öňki pygamberleriň (olara Allanyň salat we salamy bolsun) biri söweş üçin ýörişe çykmanka, ymmatyna şeýle diýip ýüzlendi:
«Araňyzda täze öýlenip, heniz gelniniň ýanyna barmadyk, öý salyp, üstüni basyrmadyk, bogaz düýesi ýa-da goýny bolup, aladasyndan dynmadyk kişiler bar bolsa, meniň yzyma düşmesin!» Ine, ol şu sözleri aýdandan soňra ýola düşdi. Ikindinara söweş boljak meýdana baryp ýetdi. Pygamber Güne garap: «Senem, menem näme buýrulsa şony edýäris» diýdi. Soňra-da «Eý, Allam! Günüň ýaşýan wagtyny gijikdireweri!» diýip, dileg etdi. Şunlukda, Allatagala tä ol ýeňiş gazanýança, Günüň ýaşýan wagtyny gijikdirdi. Söweş tamam bolansoň, alnan oljalar bir ýere üýşürildi. (Edähede görä,) üýşüp duran oljanyň üstüne asmandan ataş indi, ýöne olja alawlap ýanybermedi. Şonda pygamber: «Araňyzdan käbiri olja el urupdyr. Hany derrew, her kowumdan bir wekil gelip, elini elime berip, maňa gol berýändigini bildirsin» diýip seslendi. Gol berlende, bir kişiniň eli pygamberiň eline ýelmeşip duruberdi. Onsoň pygamber oňa: «Dönük siziň araňyzdan biri bolmaly. Derrew seniň kowmuňdan bolanlaryň hemmesi gelip, maňa gol bersinler» diýdi. Şol gelenleriň arasyndan iki-üç kişiniň eli pygamberiň eline ýapyşdy duruberdi. Pygamber olara: «Ogurlyk zat sizde» diýdi. Olar gidip, ýaşyran zadyny alyp geldiler. Görseler, altyndan ýasalan, sygryň kellesine meňzäp duran bir zat eken. Pygamber ony alyp, üýşmek bolup duran oljanyň üstüne zyňyp goýberdi. Asmandan ot düşüp, olja ýanyp kül boldy. Sebäbi bizden öňki hiç bir pygamberiň ymmatyna söweşde alnan olja halal edilmändi. Ýöne Allatagala ejizligimizi, güýçsüzligimizi göz öňünde tutup, oljany bize halal etdi».
Buhary, «Humus» 8; Muslim, «Jihad» 32.