***
Allanyň emir edişi ýaly dos-dogry bolmak
1. «Sen we seniň bilen toba eden kişiler, emir edilişi ýaly dos-dogry boluň! Hergiz hetden aşmaň! Elbetde, Ol (Alla) edýän (ähli) amallaryňyzy görýändir». («Hud» süresi, 11/112).
2. «Rebbimiz Alladyr!» diýenlerinden soň, dogry ýoly (dini, şerigaty) tutanlaryň ýanlaryna perişdeler geler. Olara: «Gorkmaň, gamgyn hem bolmaň, size wada berlen jennetiň hoş habary bilen şatlanyň! Biz dünýäde-de, ahyretde-de siziň dostuňyzdyrys. (Günäleri) Bagyşlaýjy we Rehim-şepagatly Allanyň fazly-keremi bilen ol ýerde siziň göwnüňiziň küýsän ähli zady bardyr» diýerler» («Fussylet» süresi, 41/30-32).
3. «Rebbimiz Alla!» diýenlere, soň hem dogry ýolda ýöränlere gorky-howp ýokdur we olar gamgyn hem bolmazlar. Olar jennetidir, eden (ýagşy) işlerine sylag hökmünde, ol ýerde ebedi galarlar». («Ahkaf» süresi, 46/13-14).
* * *
Hadyslar
86. Ebu Amr (ýa-da Ebu Amre) Sufýan ibn Abdulla (r.a) gürrüň berýär:
Men Allanyň resulyna (s.a.w): «Eý, Allanyň Resuly (s.a.w)! Yslamyýeti maňa şeýle bir tanat, senden başgasyna yslam hakynda sowal bilen ýüzlenmäýin» diýip haýyş etdim. (Şonda) Allanyň resuly (s.a.w) maňa şeýle diýdi:
─ «Alla iman etdim» diý, soňra-da dos-dogry bol!
Muslim, «Iman», 62. Şeýle hem, ser. Tirmizi, «Zühd» 61; Ibni Maje, «Fiten» 12.
Düşündiriş
Towhyt we dogrulyk yslamyň örän ähmiýetli iki esasydyr. Pygamberimiziň (s.a.w) «Dos-dogry bol!» diýen sözüne-de yslamy nukdaýnazardan çemeleşilmelidir. Oňa berilýän başgaça düşündirişlere ygtybar etmeli däldir. Hawa, dogrulyk sap towhyt ynanjyna esaslanýar. Dogrulygyň talaplaryna görä ýaşamak uçursyz dykgaty we edenliligi talap edýär. Näçe edenli, dykgatly bolnanda-da onuň ýörelgelerine birkemsiz eýermek başartman biler. Şol sebäpli bir hadysy-şerifde pygamberimiz (s.a.w) «Doly ýerine ýetirip bilmersiňiz, siz (onda-da) dos-dogry boluň! (Ibni Maje, «Taharet» 4; Darimi, «Wudu» 2; Muwatta, «Taharet» 36)» diýmek bilen dos-dogry bolmagyň nähili kyndygyny bildirýär. Muňa garamazdan hergiz ýan bermeli däldigine ünsi çekýär. Diýmek, «Doly eýe bolup bilmedik zadyňy bütinleý terk etmeli däldir» kada eýermek gerek.
Dos-dogry bolmagyň kalba we dile edýän täsiri uludyr. Kalp beden agzalarynyň baştutanydyr. Alla iman getiren kalbyň olara edýän täsiri başgaça bolýar. Dil kalbyň dilmajydyr. Beýleki agzalaryň özlerini alyp barşy onuň dürslügine ýa-da egriligine baglydyr. Bu barada bir hadysy-şerifde «Her gün säher bilen beden agzalary dile garap: «Biziň üçin Alladan gork. Biz saňa bagly. Sen dogry bolsaň bizem dogry bolarys. Sen egri bolsaň biz hem egri bolarys (ser. 1524-nji hadys)» diýilýär. Bu dürs sözli bolmagyň nähili uly ähmiýete eýedigini görkezýär. Ýene bir hadysda pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: «Kalp düzelmese, guluň imany dürs bolmaz. Dili dürs bolmasa, kalby-da dogry bolmaz» (Ahmet b. Hanbel, Musned III, 198). Diýmek, dogrulygyň esaslaryna eýerilmeli eken. Yslamyň özi şundan ybaratdyr.
* * *
87. Ebu Hureýre hezretleriniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
─ Edýän işleriňizde orta ýoly tutuň, dos-dogry boluň! Şuny hem (berk) biliň: hiç kim amaly bilen halas bolup bilmez!
(Şonda sahabalar Allanyň resulyna (s.a.w) şeýle sowal bilen ýüzlendiler: «Senem halas bolup bilmezmiň, eý, Allanyň resuly (s.a.w)?!» Pygamberimiz (s.a.w) olaryň bu sowalyna şeýle diýip jogap berdi:
─ (Hawa,) menem. Ýöne Allanyň özi merhemet edip, fazly bilen bagyşlasa, bu başga.
Muslim, «Syfatul-munafykyn», 76, 78. Şeýle hem, ser. Buhary, «Rikak» 18, «Merda» 19; Ibn Maje, «Zühd» 20.
Düşündiriş
Dindarlyk babatynda bolsa hem hetden aşa gitmek dogry däldir. Ynsan näçe ýagşylyk ýa-da ybadat etse-de, amaly bilen halas bolmaklygy kepillendirmeýär. Çünki halas boluş diňe Allanyň lutfy-keremine baglydyr. Biziň etmeli zadymyz orta ýoly tutmakdyr, bütin durmuşymyzyň dowamynda başardygymyzdan diniň talaplaryna eýerip ýaşamakdyr. Musulman diňe şu hili etagatkärligiň we orta ýoly tutmagyň saýasynda bu dünýäniň hem-de ahyretiň bagtyýarlygyny gazanyp biler. Diýmek, biz orta ýoly tutmaly. Hiç hili sebäp ýa-da bahana üçin orta ýoly elden bermeli däl.
Sahabalar şahsy amalyň bilen halas bolmagyň mümkin däldigini eşidenlerinde uly alada galýarlar. Derrew pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna barýarlar-da, bu babatda kadadan çykmak ýagdaýyň barlygy ýa-da ýoklugy dogrusynda soraýarlar. Pygamberimiz (s.a.w) olara bu kadanyň özüne-de degişli bolup durýandygyny aýdýar. Onuň ýaly bolsa, bize Allanyň emirlerini berjaý etmekde we gadagan eden zatlaryndan uzak durmakda orta ýoly tutmakdan, dürslügiň esaslaryna gol bermekden başga zat galmaýar.
Mahlasy, amalyň bilen halas bolup bolmaýar. Amalyňa netije gazandyrýan hem, olary kabul edýän hem Alladyr. Diýmek, bu meselä haýsy jähetden seretsek hem, halas boluş diňe Allanyň lutfy-keremine bagly eken. Orta ýoly tutmak, dürslük, ýagşy amallarda dowamlylyk, tutanýerlilik bizi maksadymyza ýetirýän iň dogry usul we ýol eken.
* * *
Haýyrda ýaryşmak
1. «Haýyr işlerde ýaryşyň!» («Bakara» süresi, 2/148).
2. «Rebbiňiz tarapyndan ýalkawa we takwalar üçin taýýarlanylan, giňişligi asmandyr ýer ýaly (bolan) jennete howlugyň!» («A:li-Ymran» süresi, 3/133).
3. «…ýaryşjak bolsalar (ynsanlar jennete) ýetmek üçin ýaryşsynlar!» («Mutaffifin» süresi, 83/26).
* * *
88. Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
─ Haýyrly amallar etmäge howlugyň! Çünki tiz wagtdan tüm-garaňky gijeler deýin pitneler ýüze çykyp başlar. Şol günlerde mümin bolup oýanan adam gün batanda eýýäm kapyr bolar. Onuň tersine, mümin bolup uka giden kişi kapyr bolup daňa çykar. Dünýäniň ýönekeýje zatlary üçin dinini pida eder.
Muslim, «Iman»186. Şeýle hem, ser. Tirmizi, «Fiten» 30, «Zühd» 3; Ibni Maje, «Ikame» 78.
Düşündiriş
Dinimiz ýeke-täk ýagdaýda howlukmagy nesihat berýär. Ol hem haýyrly işler etmekde. Ýagny ýagşy işlere gezek gelende çakgan bolmagy, haýyrly iş etmek üçin dörän pursaty elden bermän, derrew herekete geçmegi ündeýär. Sebäbi nebis bilen şeýtan ýagşylyk, peýdaly iş edilmegini islemeýärler. Bu olara agyr degýär. Şol sebäpli olar munuň ýaly işleriň yza süýşürtmäge synanyşýarlar. Dogrusy, başarýarlaram. Ine, bu hadysda-da şoňa üns çekilýär.
* * *
89. Ebu Sirwea (ýa-da Serwa) Ukbe ibni Haris (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
Bir gezek Medinede Allanyň resulyna (s.a.w) uýup, ikindi namazyny okapdym. Allanyň resuly (s.a.w) salam berip, namazy tamamlady. Derrew ýerinden turdy-da, hatarlary böwsüp geçip, aýallarynyň biriniň otagyna girip gitdi. Ol ýerdäki jemagat pygamberimiziň (s.a.w) gyssanmaç, aljyraňňy ýagdaýyny görüp aladalandylar. Pygamberimiz (s.a.w) gysga wagtdan dolanyp geldi. Adamlaryň aladaly garaýyşlaryny görüp, şeýle diýdi:
─ Otagymyzda az-owlak altynyň (ýa-da kümüş) bardygy ýadyma düşdi. Haýyrly işden galmaýyn (diýip, ony) derrew paýlamaklaryny tabşyrdym.
Buhary, «Ezan» 158, «el-Amel fis-salat» 18; Nesaýi, «Sehw» 104.
Buharyda geçýän başga bir hadysda şeýle diýilýär:
─ Otagda sadaka (üçin nýetlenen) azajyk altyn (ýa-da kümüş) goýup gaýdypdym. Onuň bu gije öýde durmagyny islemedim.
Buhary, «Zekat» 20.
Düşündiriş
Metjitlerde hatar gurap oturan adamlary aralap geçmek metjidiň edebine ters we gadagandyr. Ýöne şu aşakdaky ýagdaýlarda muňa rugsat berilýär:
ç) haýyrly iş etmäge howlugylan ýagdaýynda.
Hadysdan görşümiz ýaly, pygamberimiz (s.a.w) hem şu üçinji ýagdaýda, ýagny haýyrly işiň hatyrasyna gadagan edilen hökümi bozupdyr. Bu dinimizde haýyrly iş etmek üçin nä derejede howlukmalydygyny görkezýär.
* * *
90. Jabir (r.a) gürrüň berýär:
─ Uhud söweşinde bir adam pygamberimizden (s.a.w): «Eger (söweşde) öldürilsem, men nirede bolaryn?» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w) onuň bu sowalyna: «Jennetde» diýip jogap berdi. Ýaňky adam iýip oturan hurmalaryny taşlap, jeňe goşulmak üçin ylgaşlap gitdi. Tä şehit bolýança söweşdi.
Buhary, «Megazy» 17; Muslim, «Imare» 143. Şeýle hem, ser. Nesaýi, «Jihad» 31.
* * *
91. Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär:
─ Bir adam pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Allanyň ilçisi! Nähili (ýagdaýda berlen) sadakanyň (zekatyň) sogaby uly?» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şeýle jogap berdi:
─ Heniz janyň sagat, bedeniň berdaşly, ile zat beresiň gelmeýän, garyp düşmekden howatyrlanýan, baýamagy arzuwlap ýören pilläň beren sadakaň sogaby has uludyr. Zekaty, galyberse-de, sadaka bermegi «şu pylanyňkydyr, bu-da pylanyňky» diýilýän wagta deňiç, ýagny janyň bokurdagyňa direýänçä gijikdirme! Barybir, şondan soňra malyň terekä salynýar.
Buhary, «Zekat» 11; «Wesait» 17; Muslim, «Zekat» 92.
***
92. Hezreti Enes (r.a) gürrüň berýär:
Allanyň resuly (s.a.w) Uhud söweşinde eline bir gylyç alyp: «Muny menden kim alar?» diýip sorady. Mujahidleriň hemmesi ellerini uzadyp: «Men, men» diýşip gygyryşdylar. Nebimiz (s.a.w) bu gezek: «Muzduny bermek şerti bilen ony kim alar?» diýdi. Şonda hemmeler sägindiler, ýöne Ebu Dujane (r.a) «Muzduny berip, men alaryn!» diýdi. (Gylyjy) aldy we onuň bilen müşrikleriň kellelerini iki böldi.
Muslim, «Fezailul-sahabe» 128.
Düşündiriş
Mujahidler pygamberimiziň (s.a.w) «Muzduny bermek şerti bilen» sözlerinden «Tä ýeňiş gazanylýança ýa-da şehit bolýançalar söweşmek şerti bilen» diýen manyny çykarypdyrlar. Şonuň üçün üçin hem, «Şeýle muzduň üstesinden gelip bilmeris» aladysy bilen bir pursatlyk säginipdirler. Ebu Dujane hezretleri bolsa hiç ikirjiňlenmezden gylyjy alypdyr.
Sahabalar onsuzam söweş meýdanynda durdylar. Şol sebäpli bu gylyjy aljak kişiden has uly pidakärlige garaşyljakdygy öz-özünden bellidi. Ebu Dujane nähili pidakärlik hem bolsa etmäge taýýar kişileriň biridi. Ol gylyjy eline alan badyna söweş meýdanyna okdurylyp gidýär. Gabat gelen müşrigiň kellesini uçurmaga başlaýar. Bu Ebu Dujaneniň gazylyga ýa-da şehitlige nähili höweslidigini görkezýär. Başgaça aýtmaly bolsa, bu onuň şol iki haýyrly işiň birini edip bilmek üçin neneňsi howlugýanyny görkezýärdi.
Ibni Seýýidinnas «Es-Syre» diýen eserinde hezreti Zubeýriň şeýle diýendigi aýdylýar: «Allanyň resulyndan (s.a.w) gylyjy talap edenimde ony maňa däl-de, Ebu Dujanä berenini görenimde, ony gabandym. Öz ýanymdan «Alla ähtim bolsun! Ebu Dujanäniň näme etjegini görjek» diýdim we ony gözümden sypdyrmadym. Ebu Dujane bir gyzyl matany başyna baglady. (Şonda) musulmanlar «Ebu Dujane ölüm daňysyny dakynyp, söweş meýdanyna gitdi» diýişdiler.
Ebu Dujane soň-soňlar, ýagny hezreti Ebu Bekiriň (r.a) halyflygy döwründe Ýemame söweşinde şehit bolýar. Alla ondan razy bolsun!
***
93. Zübeýr ibni Adiý gürrüň berýär:
Enes ibni Maligiň (r.a) ýanyna gitdik we Hajjajyň zalymlygyny arz etdik. (Şonda) Enes şeýle diýdi:
─ Rebbiňize gowuşýançaňyz sabyrly boluň! Çünki her gelen gün geçen günden has erbet boljakdyr. Men muny pygamberimizden eşitdim.
Buhary, «Fiten» 6.
Düşündiriş
Hajjajy-Zalym emewi halyfy Abdulmelik ibni Merwanyň Hijaz we Yrakdaky häkimidi. Ol Hijazda halyflygyny yglan eden Abdulla ibni Zubeýri (r.a) şehit edýär. Mekgä we Medinä gan çaýkaýar. Şeýdibem Abdulmeligiň ynamyna girýär. Şunlukda, oňa Hijaz häkimliginiň ýany bilen Yragyň häkimligi hem berilýär. Ol Yrakda-da zalymlygyny dowam etdirýär. Mundan halk nägile bolup ugraýar. Şunlukda, kufeli Zubeýr ibni Adiý özüniň tarapdarlary bilen birlikde Basrada ýaşaýan uly sahabalaryň biri Enes ibni Mäligiň ýanyna baryp, Hajjajyň edýän jebir-süteminiň etden ötüp, süňke ornandygyny aýdýar. Indi olar gozgalaň turuzmagy niýet edýärdiler. Enes ibni Mälik hezretleriniň aýratyn bir syýasy güýji ýokdy ýa-da eýeläp oturan ýokary wezipesi hem ýokdy. Şonda ol Zubeýr ibni Adiýiň we tarapdarlarynyň niýetini aňýar. Şol sebäpli hem, bu pitnäniň öňüni almak üçin ýokarky hadysdaky pygamber maslahatyny ýatladýar.
«Her gelen gün geçen günden has erbet boljakdyr» diýen kada umumy häsiýete eýedir. Köplenç, şeýle bolýandyr. Emma bu söz gelejekde gowy günleriň hiç haçan bolmajakdygyny aňlatmaýar. Ýene-de gowy günler bolar. Hasan Basry hezretleri Hajjajyň döwründen soňky Omar ibni Abdulaziziň zamanysy ýaly döwürler hakda «Halkyň egnini ýazan döwürleri» diýýär. Diýmek, az wagtlyk hem bolsa sözüň doly manysyndaky gowy günler bolupdyr. Hadysda, umuman alnanda, gowulyga däl-de, eýsem erbetlige tarap gidiljekdigi bildirilýär.
Hezretiň Enesiň (r.a) şikaýatçylara pygamberimizden (s.a.w) eşidenlerini ýatlatmagyndan şonuň ýaly ýagdaýlarda näme etmelidigine göz ýetirýäris, ýagny sabyrly bolmagy öwrenýäris. Şol sanda kynçylyksyz günleriň ýokdugyna-da göz ýetirýäris. Nähili ýagdaýda bolnanda-da ilki bilen haýyrly amallary işlemegi dowam etmekligiň has dogrudygyny, munuň musulmana ýaraşýan hereketdigini öwrenýäris. Diýmek, zamana, döwür has erbetleşmänkä ýagşylyk, haýyrly işler edip ýetişmegimiz gerek.
* * *
94. Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:
─ Ýedi hili päsgelçilik gelip ýetmänkä, haýyrly amallary etmeklige howlugyň! Ýogsam-da siz ähli zady ýatdan çykardýan garyplygyň, azgynçylyga iterýän baýlygyň, keýpiňizi gaçyrýan hassalygyň, akylyňyzy çaşyrýan garrylygyň, garaşylmaýan wagty peýda bolýan ölümiň, ýüze çykmagyna garaşylýan iň erbet barlygyň – Dejjalyň gelmegine, ýa bolmasa, iň gorkunç, iň aýylganç hadysanyň – kyýamatyň gopmagyna garaşýaňyzmy?!
Tirmizi, «Zühd» 3.
* * *
95. Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) Haýber söweşiniň dowam edýän günlerinde şeýle diýipdir:
─ Bu tugy Allany we (onuň) resulyny söýýän, Allanyň ýeňiş nesip etdirjek bir är ýigide berjek.
Omar (r.a) şeýle diýipdir: «Şol günki ýaly emirligi hiç wagt islemändim. Meni çagyrar umydy bilen Allanyň resulynyň (s.a.w) gözüne iljek bolup, urundym durdum. Ahyrynda Allanyň resuly (s.a.w) Aly ibni Ebu Talyby çagyrdy. Tugy oňa berdi we şeýle diýdi:
─ Bar (indi), Alla (saňa) ýeňiş miýesser edýänçä, saga-sola garanjaklama!
Aly derrew herekete geçdi. Soňra durdy. Arkasyna dönmän (ümzügi öňedi) şeýle seslendi:
─ Eý, Allanyň ilçisi! Olar bilen nämäniň (ugrunda) söweşeýin?
Pygamberimiz (s.a.w) (oňa) şeýle diýdi:
─ Olar bilen Alladan başga ylahyň ýokdugyna hem-de Muhammediň (s.a.w) Allanyň guly we resulydygyna şaýatlyk edýänçäler söweş! Bu emirleri berjaý eden pursatlaryndan başlap (yslamyň kada-kanunlaryny bozmazlyk şerti bilen) ganlaryny, mal-emlägini senden gorarlar. Hakyky manyda Alla hasap sorar.
Muslim, «Fezailus-sahabe» 33. Şeýle hem, ser. Buhary, «Fezailul-ashab» 9.
* * *
Allanyň ýolunda bolmak
1. «Biziň ýolumyzda (dürli kynçylyklara garamazdan) göreşenleri, elbetde, Öz ýollarymyza gönükdireris. Şübhesiz, Alla ýagşy amal edýänler bilendir!» («Ankebut» süresi, 29/69).
2. «Saňa geljegi anyk bolan (ölüm) gelýänçä, Rebbiňe ybadat et!» («Hijr» süresi, 15/99).
3. «Rebbiň adyny zikir et! Bütin durkuň bilen Oňa beril!» («Muzzemmil» süresi, 73/8).
4. «Kim zerreçe haýyr eden bolsa, onuň (peýdasyny) görer». («Zilzal» süresi, 99/7).
5. «Siz öz ýagşylygyňyz üçin (ahyrete) näme taýýarlasaňyz, Allanyň ýanynda ony (sogaby) has haýyrly we köpeldilen halda taparsyňyz. Alladan ýalkaw diläň! Şübhesiz, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr». («Muzzemmil» süresi, 73/20).
6. «Alla siziň edýän (ähli) haýyr işleriňizi bilýändir». («Bakara» süresi, 2/273).
* * *
Hadyslar
96. Ebu Hureýre (r.a) herzetleriniň gürrüň bermegine (kudsy hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:
─ Kimde-kim Meniň weli guluma duşmanlyk etse, Menem oňa uruş yglan ederin. Gulum parz edip goýan zatlarymdan has ýagşy haýsydyr bir zat bilen maňa ýakynlaşyp bilmez. Bendäm (parzlar bilen bilelikde) dowamly nepil ybadatlary berjaý kylmak bilen Meniň söýgimi gazanar. Şondan soňra Men onuň eşidýän gulagy, görýän gözi, tutýan eli, ýöreýän aýagy bolaryn. Maňa sygynsa, ony goraryn.
Buhary, «Rikak» 38.
Düşündiriş
Bütin durky bilen Alla berlen, Onuň ýazgarýan zatlaryna meýil etmeýän, Allany özüne dost tutunan kişilere «weli» diýilýär. Başgaça weli «salyh kişi» diýmekdir. Salyh kişi hemişe Allanyň gözegçiliginiň astyndadygyna ynanyp ýaşaýan we şoňa görä amal edýän ynsandyr. Özüni şeýle alyp barýan adama onuň ybadathonlygy, hakyky musulman bolmaga çalyşýandygy üçin duşmanlyk etmek imanyň esaslaryna, galyberse-de, şol esaslaryň eýesi Alla duşmanlyk etmekdir.
Alla ýakynlyk gazanmagyň iň makul saýylýan ýoly Allanyň emir eden parzlaryny berjaý etmekdir. Bende parzlaryň ýany bilen nepil ybadatlary berjaý edip, Alla ýakynlaşyp biler. Ýöne parzlary ahmal edip, diňe nepil ybadatlar bilen meşgul bolmak oňa bagtyýarlyk getirmez. Öňi bilen parz, soňra-da nepil ybadatlaryny dowamly berjaý edýän musulman Allanyň razylygyny we söýgüsini gazanar. Allatagalanyň söýgüsini gazanan gul iň uly güýje, tapylgysyz ýeke-täk goldawa eýe bolar. Bu kişiniň her eden işi rowaç bolar. Onuň bütin agzalary hakyky wezipesi bilen meşgul bolar. Onuň her bir işinde Allanyň ýardamy, hidaýeti dabaralanar. Onuň islegleri amala aşar durar. Goraga mätäç wagty, howp nähili uly bolsa-bolubersin, Alla ony gorar. Çünki söýýän söýgülisini hergiz ýardamsyz goýmaz.
Hadysyň «Men onuň eşidýän gulagy, görýän gözi, tutýan eli, ýöreýän aýagy bolaryn» diýensözlerini Allatagalanyň şol bendesiniň bedenine girýär manysynda düşünmek nädogrudyr. Bu sözler «Ylahy ýardamyň şol bendäniň bütin durmuşynda görner» diýen manyny aňladýan meňzetmedir. Ýagny, göçme manyda aýdylan sözlerdir.
* * *
97. Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine (kudsy hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:
─ Bendäm maňa bir garyş ýakynlaşsa, Men oňa bir arçyn ýakynlaşaryn. Eger ol bir arçyn ýakynlaşsa, Men oňa bir gulaç ýakynlaşaryn. Maňa ýöräp gelse, Men oňa tarap ylgaryn.
Buhary, «Towhyd» 50. Şeýle hem, ser. «Zikir» 2, 3, 20-22, «Tewbe» 1; Tirmizi, «Daawat» 131; Ibn Maje, «Edeb» 58.
Düşündiriş
Bu hadysdaky Allatagala bilen baglanyşykly aýdylýan sözler göçme manyda ulanylýar.
* * *
98. Ibni Abbas (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýeni eşidipdir:
─ Iki sany uly nygmat bar. Adamlaryň köpüsi olaryň gadyryny bilmeýär. Bu saglyk bilen boş wagtdyr.
Buhary, «Rikak» 1. Şeýle hem, ser. Tirmizi, «Zühd» 1; Ibni Maje, «Zühd» 15.
* * *
99. Hezreti Äşe (r.a) gürrüň berýär:
«Allanyň resuly (s.a.w) gijeleri tä aýaklary çişýänçä namaz okardy. Bir gezegem oňa: «Eý, Allanyň resuly! Alla seniň geçmişdäki we gelejekdäki hatalaryňy bagyşlandyr ahyry?!» diýdim. Şonda ol maňa: «Şükürana gullardan bolmagy dilemäýinmi?!» diýdi.
Buhary, «Tefsiru-sure» (48), 2; Muslim, «Munafikin 81. Şeýle hem, ser. Buhary, «Tehejjud» 6, «Rikak» 20; Muslim, «Munafikin» 79-80; Tirmizi, «Salat» 187; Nesai, «Kyýamul-leýl» 17; Ibni Maje, «Ikame» 200.
Düşündiriş
Resuly-Ekrem (s.a.w) geçmişdäki we gelejekdäki günäleri bagyşlanan pygamber. Pygamberler bilip günä iş edýän däldirler. Olaryň edýän hatalary iň ýagşy bolanyny terk etmekden ýa-da «zelle» diýlip atlandyrylýan säwlikden ybaratdyr.
Hawa, pygamberimiz sallallahu aleýhi wesellem her gije tehejjüt namazy okaýardy. Ol şeýdip, Allanyň özüne bagyş eden nygmatlary üçin şükürini bildirýärdi. Diýmek, geçmişdäki we gelejekdäki günäleriň bagyşlanan bolmagy gullugy kemeltmeli däl-de, eýsem tersine, şüküri artdyrmaly eken.
***
100. Hezreti Äşe (r. anha) gürrüň berýär:
Remezan aýynyň soňky on gününe ýetende, Allanyň resuly (s.a.w) gijelerine ýatman ybadat ederdi, maşgala agzalaryny oýarardy, bütin durky bilen gulluga berlerdi, aýaklaryny çermärdi.
Buhary, «Leýletul-kadr» 5; Muslim, «Itikaf» 7. Şeýle hem, ser. Ebu Dawud, «Ramazan» 1; Nesai, «Kyýamul-leýl» 17; Ibni Maje, «Syýam» 5.
Düşündiriş
Pygamberimiz (s.a.w) remezan aýynyň soňky on gününi, ýagny ýirgimi birinji gijesinden başlap, adatdakysyndan has köp ybadat ederdi. Munuň bir sebäbi müň aýdan haýyrly bolan we Kurany-Kerimde bildirilýän Gadyr gijesiniň bu gijeleriň arasynda bolmagydyr. Şol sebäpli remezanyň soň on gününi, köplenç, iktikafda geçirerdi.
«Aýaklaryny çermemek» söz düzüminden aýallaryndan uzaklaşmak manysyny çykaran alymlar hem bolupdyr. Nähili hem bolsa pygamberimiziň (s.a.w) remezanyň soňky on gününi bütünleý ybadat bilen geçirendigi düşnüklidir.