Allanyň ýolunda bolmak
«Biziň ýolumyzda (dürli kynçylyklara garamazdan) göreşenleri, elbetde, Öz ýolumyza gönükdireris. Şübhesiz, Alla ýagşy amal edýänler bilendir!» («Ankebut» süresi, 29/69).
* * *
«Saňa geljegi anyk bolan (ölüm) gelýänçä, Rebbiňe ybadat et!» («Hijr» süresi, 15/99).
* * *
«Rebbiň adyny zikir et! Bütin durkuň bilen Oňa beril!» («Muzzemmil» süresi, 73/8).
* * *
«Kim zerre haýyr eden bolsa, onuň (peýdasyny) görer». («Zelzele» süresi, 99/7).
* * *
«Siz öz ýagşylygyňyz üçin (ahyrete) näme taýýarlasaňyz, Allanyň ýanynda ony (sogaby) has haýyrly we köpeldilen halda taparsyňyz. Alladan ýalkaw diläň! Şübhesiz, Alla Bagyşlaýjydyr, Rehim-şepagatlydyr». («Muzzemmil» süresi, 73/20).
* * *
«Alla siziň edýän (ähli) haýyr işleriňizi bilýändir». («Bakara» süresi, 2/273).
* * *
Ebu Hureýre (r.a) herzetleriniň gürrüň bermegine (kudsi hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:
«Kimde-kim Meniň weli guluma duşmanlyk etse, Menem oňa uruş yglan ederin. Bendämi maňa ýakynlaşdyrýan zatlaryň iň ýagşysy parz edip goýan ybdatlarymdyr. Bendäm (parzlar bilen bilelikde) dowamly nepil ybadatlary berjaý kylmak bilen Meniň söýgimi gazanar. Şondan soňra Men onuň eşidýän gulagy, görýän gözi, tutýan eli, ýöreýän aýagy bolaryn. Maňa sygynsa, ony goraryn». (Buhary, «Rikak» 38).
* * *
Enes (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine (kudsi hadysa) görä, pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň özüne şeýle diýenini aýdypdyr:
«Bendäm maňa bir garyş ýakynlaşsa, Men oňa bir arçyn ýakynlaşaryn. Eger ol bir arçyn ýakynlaşsa, Men oňa bir gulaç ýakynlaşaryn. Maňa ýöräp gelse, Men oňa tarap ylgaryn». (Buhary, «Towhyd» 50).
* * *
Ibn Abbas (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:
«Iki sany uly nygmat bar. Adamlaryň köpüsi olaryň gadyryny bilmeýär. Bu saglyk bilen boş wagtdyr». (Buhary, «Rikak» 1).
* * *
Hezreti Äşe (r.a) gürrüň berýär:
«Allanyň resuly (s.a.w) gijeleri tä aýaklary çişýänçä namaz okardy. Bir gezegem oňa: «Eý, Allanyň resuly! Alla seniň geçmişdäki we gelejekdäki hatalaryňy bagyşlandyr ahyry?!» diýdim. Şonda ol maňa: «Şükürana gullardan bolmagy dilemäýinmi?!» diýdi. (Buhary, «Tehejjüt» 6; Muslim, «Syfatul-munafykyýn» 81).
* * *
Ebu Hureýre (r.a) Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:
«Allanyň ýanynda güýçli mümin ejiz müminden has haýyrlydyr. Şol wagtyň özünde olaryň ikisi hem haýyrlydyr. Sen seniň üçin haýyrly bolan zady etmäge synanyş! Alladan ýardam dile, ejizleme! Başyňa bir (bela-beter) gelen wagty «Häk, şeýtsem boljak ekeni, şonda-ha beýle bolardy» diýme-de, «Bu Allanyň ýazgydy. Onuň isläni bolar» diý. Sebäbi «Şeýtsem boljak ekeni, … » diýen ýaly sözler şeýtany begendirýär, onuň gowy görýän işlerine ýol açýar. (Muslim, «Kader (Ýazgyt)» 34).
* * *
Ebu Hureýre (r.a) Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir:
«Dowzah nebse hoş ýakýan zatlar bilen örtülendir, jennet bolsa kynçylyklar we nebsiň halamaýan zatlary bilen gurşalandyr». (Buhary, «Rikak» 28; Muslim, «Jennet» 1).
Düşündiriş: dowzahdan halas bolmagyň we jennete düşmegiň ýoly nebsiňe hoş ýakmaýanam bolsa Allanyň emirlerini berjaý etmekdir we nebsiňe hoş ýakýanam bolsa Allanyň gadagan eden zatlaryndan saklanmakdyr.
* * *
Ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär:
«Bir gije Allanyň resulyna (s.a.w) uýup, nepil namazyny okadym. Kyýamda şeýle bir kän durdy welin, tas erbet bir iş edýärdim». Ondan: «Näme etjekdiň?» diýip, soranlarynda, şeýle diýip jogap berdi: «Pygamberimize uýmany bes edip, oturjakdym». (Buhary, «Tehejjüt» 9; Muslim, «Salatul-musafyriýn» 204).
* * *
Enes (r.a) hezretleri Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:
«Ölini gabra deňiç üç zat ugradar: maşgala agzalary, mal-emlägi, amaly. Şondan soň olaryň ikisi yzyna dolanar, biri galar. Maşgala agzalary bilen mal-emlägi yza dolanar. Amaly bolsa (öli bilen) galar». (Buhary, «Rikak» 42; Muslim, «Züht» 5).
* * *
Ibn Mesud (r.a) pygamberimiziň (s.a.w) şeýle diýenini eşidipdir:
«Jennet size aýakgabyňyzyň bagjygyndan has ýakyndyr. Jähennem hem şeýledir». (Buhary, «Rikak» 29).
Düşündiriş: iman, ýagşy amal, niýet, ybadat jennete äkidýändir. Nebis we onuň isleglerine görä amala etmek aýaklary taýdyrýandyr, dowzaha alyp barýandyr.
* * *
Allanyň resulynyň (s.a.w) hyzmatkäri, suffe ählinden bolan Ebu Firas Rabiya ibn Kab el-Eslemi (r.a) gürrüň berýär:
«Gijelerine Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanynda bolardym. Täret aljak suwuny taýýarlamak ýaly işlerine ýardam ederdim. Bir gezegem pygamberimiz (s.a.w) maňa: «Menden näme islegiň bar bolsa aýt» diýdi. Menem: «Jennetde seniň bilen bolmagy isleýärin» diýdim. Allanyň resuly (s.a.w): «Başga zat isläňokmy?» diýdi. Men hem: «Meniň şondan başga islegim ýok» diýdim. Şonda pygamberimiz (s.a.w): «Onuň ýaly bolsa, köpräk namaz okamak bilen, sežde etmek bilen, seniň özüňem maňa ýardam et!» diýdi. (Muslim, «Salat» 226).
* * *
Hezreti Enes (r.a) gürrüň berýär:
«Kakamyň doganlaryndan Enes ibn Nadr (r.a) Bedir söweşine gatnaşmandy. Ol muňa hemişe ökünip gezýärdi. Ol pygamberimize (s.a.w) şeýle diýerdi: «Eý, Allanyň resuly! Müşrikler bilen eden ilki söweşiňe gatnaşmandym. Müşrikler bilen boljak söweşe gatnaşmak nesip bolsa, olara näme etjegimi Allanyň özi bilýär».
Soňra Uhud söweşi boldy. Şonda musulmanlar goşun hatarlaryny terk edipdi. Enes ibn Nadr: «(şolary göz öňünde tutup) Rebbim, bularyň etmişinden ötri Senden ötünç soraýaryn, (müşrikleri göz öňünde tutup hem) bularyň etmişinden bolsa Saňa sygynýaryn» diýip, öňe okdurylyp gidipdi. Şol barmana Sad ibn Muaz bilen garşylaşdy. Oňa şeýle diýdi: «Eý, Sad! Jenneti isleýärin! Käbäniň Rebbine kasam bolsun, (şu) Uhudyň eteginde jennetiň ysyny alýaryn!»
Sad bu wakany gürrüň berip oturyşyna, Allanyň resulyna (s.a.w) garap: «Özüm-ä şonuň eden zadyny edip başarjak däl, eý, Allanyň resuly (s.a.w)!» diýdi.
Hezreti Enes (r.a) bu hadysanyň yzyny şeýle gürrüň berdi:
«Şonda agam şehit bolan eken. Bedeni gylyjyň, naýzanyň, okuň zarbasyndan ýaňa pers-ala bolupdy. Segsenden gowrak ýara düşüpdi. Müşrikler onuň burnuny, gulagyny kesip taşlap, tanar ýaly etmändiler. Henizem gyz dogany barmagynyň ujundan tanaýdy. (Kuranyň) «Müminleriň arasynda Alla beren wadalarynda duran ençeme mert ýigitler bardyr. Olaryň bir topary bu ýolda şehit boldy, bir topary bolsa (oňa) garaşýarlar. Emma olar beren sözlerini hiç haçan üýtgetmediler («Ahzab» süresi, 33/23)» diýen aýaty hut agam we ýene-de şonuň ýaly gerçek ýigitler hakynda inen bolsa gerek». (Buhary, «Jihad» 12; Muslim, «Imare» 148).
* * *
Hezreti Ebu Zer (r.a) pygamberimiziň (s.a.w) adyndan şeýle bir hadysy-kudsyny beýan edýär:
«Gullarym! Zulum etmegi özüme haram kyldym. Size-de haram etdim. Hergiz biri-biriňize zulum ediji bolmaň!
Gullarym! Meniň dogry ýola gönükdirenlerimden özgäňiz batyl ýoldasyňyz. Onuň ýaly bolsa, menden hidaýet diläň, menem sizi dogry ýola salaýyn!
Gullarym! Meniň rysgyny berip doýran kimselerimden özgäňiz açsyňyz. Onuň ýaly bolsa, Menden rysk diläň, menem size rysk bereýin!
Gullarym! Meniň geýdirenlerimden özgäňiz ýalaňaçsyňyz. Onuň ýaly bolsa, Menden geýim soraň, menem sizi geýindireýin!
Gullarym! Siz gije-gündiz günä işleýäňiz. Men bolsa günäleri bagyşlaýaryn. Onuň ýaly bolsa, Menden afw diläň, menem sizi bagyşlaýyn!
Gullarym! Maňa zyýan berjek diýeniňizde-de zyýan berip bilmersiňiz. Maňa peýda berjek diýeniňizde-de, peýda berip bilmersiňiz. Siziň muňa güýjüňiz ýetmez!
Gullarym! Geçmişde ýaşap geçen we gelejekde ýaşajak ynsanlar, şol sanda jynlar bir ýere ýygnansalar, (olaryň barysy) iň takwa adamyň kalbyna, duýgusyna eýe bolaýanda-da, munuň meniň mülküme dynnym ýaly goşandy bolmaz.
Gullarym! Geçmişde ýaşap geçen we gelejekde ýaşajak ynsanlar, şol sanda jynlar bir ýere ýygnansalar, olaryň hemmesi iň günäkär kişiniň kalbyna we duýgularyna eýe bolsalar-da, mundan meniň mülküme sähelçe nogsanlyk gelmez.
Gullarym! Geçmişde ýaşap geçen we gelejekde ýaşajak ynsanlar, şol sanda jynlar bir ýere ýygnansalar we maňa isleglerini bildirseler, men hem olaryň islän zatlaryny bersem, deňze iňnäni batyryp çykaran deýin meniň mülkümden zat kemelmez!
Gullarym! Ine, şular siziň amallaryňyz! Siziň üçin bellige alýaryn. Soňra şu amallaryňyza görä paýyňyzy bererin.
Kimde-kim eden amalyndan haýyr tapsa, Alla şükür etsin! Kimde-kim haýyr tapmasa, hergiz özünden özgäni günäkärlemesin! (Muslim, «Birr» 55).
***