Ömrüňi haýyrly geçirmek
«Olar ol ýerde: «Rebbimiz! Öňki eden işlerimizden başga ýagşy işleri etmegimiz üçin bizi (dowzahdan) çykar» diýip, dady-perýat ederler. Biz size (dünýäde), oýlanyp, ybrat alyp biljek kişä pikirlener ýaly ýeterlik ömür bermedikmi? Size duýduryjy (pygamber) hem gelipdi. Indi bolsa azaby dadyň! Zalymlaryň hiç hili kömekçisi boljak däldir». («Fatyr» süresi, 35/37).
***
Ebu Hureýräniň (r.a) aýtmagyna görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Haktagala altmyş ýyl ömür süren kişiniň (berjaý etmedik ybadatlary üçin aýdýan) bahanasyny ret eder». (Buhary, «Rikak» 5).
***
Hezreti Aýşe (r.a) gürrüň berýär: «Nasr» süresiniň «Allanyň kömegi we (Mekge eýelenip) ýeňiş gelen wagty (dowamy: Rebbiňe hamdy-sena aýt, Ony tesbih et we Ondan bagyşlanmagyňy sora)» aýaty inenden soňra, Allanyň resuly (s.a.w) okan her namazynda «Subhaneke Rabbena we bihamdike Allahummagfirliý (Rebbimiz, Sen bütin nogsan sypatlardan päksiň, Saňa hamd edýärin, meni bagyşla!)» diýmäge başlady. (Buhary, «Azan» 123, «Tefsiru-sure» 110/1; Muslim, «Salat» 219)
***
Hezreti Jabiriň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Gul nähili (ýaşap) ölen bolsa, şeýle hem direldiler». (Muslim, «Jennet» 83).
***
Haýyrly iş etmegiň ýolunyň kän bolmagy
«Nähili ýagşylyk etseňiz, şübhesiz Alla bilýändir» («Bakara» süresi, 2/215).
***
«Siz näme haýyr iş etseňiz, Alla ony bilýändir». («Bakara» süresi, 2/197).
***
«Kim zerre mukdarynda haýyr işlän bolsa, onuň (peýdasyny) görer». («Zilzäl» süresi, 99/7).
***
«Kim bir ýagşy iş etse, öz bähbidinedir». («Jäsiýe» süresi, 45/15).
***
Ebu Zer (r.a) gürrüň berýär: «Men pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Amalyň iň ýagşysy nämekä?» diýip soradym. Allanyň resuly (s.a.w): «Alla iman getirmek we Onuň üçin göreşmek» diýdi. Men: «Ýesiri ýa-da guly azat etmekde haýsysy has fazyletli?» diýip soradym. Allanyň resuly (s.a.w) meniň bu sowalyma: «Hojaýyn tarapyndan iň gowy görülýän we iň gymmat bolan (guly)» diýip jogap berdi. Men: «Bolýar. Ýöne bu diýýänleriňi edip başarmasam, näme etmegi maslahat berýäň?!» diýdim. Şonda Allanyň resuly (s.a.w): «Iş edýän birine ýardam berersiň, ýa bolmasa elinden iş gelmeýän biriniň işini edersiň» diýdi. Men: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Bu aýdanlaryňyzy hem edip başarmasam, näme maslahat berýäň?!» diýip soradym. Allanyň resuly (s.a.w): «Hiç bolmanda ynsanlara zyýanyň degmesin. Bu hem seniň sadakaň bolar» diýdi. (Buhary, Ytk 2; Muslim, «Iman» 136).
***
Ebu Zer (r.a.) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ymmatymyň ýagşy-ýaman bütin amallary maňa görkezildi. Kişä zyýan berjek zady ýoldan bir gyra aýyrmak ýagşy amallaryň arasynda bardy. Metjitde burnunyň suwuny boşatmak, (soňundanam) tämizlemän goýup gitmek erbet amallaryň arasynda bardy. (Muslim, «Mesajid» 57).
***
Ebu Zer (r.a) hezretleri gürrüň berýär: «Käbir ynsanlar: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Hemme sogaby barly adamlar alýarlar. Sebäbi olar hem biziň ýaly namaz okaýarlar, oraza tutýarlar. Üstesine-de, mal-emläginden sadaka berýärler» diýdiler. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Alla size bu (sadaka bermek) mümkinçiligi beren däldir öýdýäňizmi?! «Subhanallah» diýmek sadakadyr, «Allahu ekber» diýmek sadakadyr, «Elhamdülillä» diýmek sadakadyr, «Lä ilähe illalla» diýmek sadakadyr. Ýagşylyga çagyrmak sadakadyr, erbetlikden alyp galmak sadakadyr. Hatda ýanýoldaşyňyz bilen bile bolmagyňyz hem sadaka bolýandyr». Şonda sahabalar: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Aýalyň bilen bile bolmagyň hem sogaby barmy?» diýişdiler. Allanyň resuly (s.a.w): «Bu islegiňizi haram ýoldan kanagatlandyran bolsadyňyz, günä baş goşdugyňyz bolmazmydy?! Munuň halal ýol bilen amala aşmagynyň hem, elbetde, sogaby bar» diýdi. (Muslim «Zekat» 53; «Mesajid» 142).
***
Ebu Zer (r.a) hezretleri gürrüň berýär: «Pygamberimiz (s.a.w) maňa garap şeýle diýdi: «Din doganyňy güler ýüz bilen garşy almak ýaly sähelçe gowulygy hem kiçi saýmagyn!» (Muslim, «Birr» 144).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Eý, musulman zenanlar! Zenan goňşyňa goýun aýagy ýaly zat hem bolsa (nämedir bir zat) sowgat bermegi ahmal etme!» (Buhary, «Hibe» 1, «Edeb»; Muslim, «Zekat» 90).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Iman ýetmiş ýa-da altmyşdan känräk mertebä bölünýär. Iň fazyletlisi «Lä ilähe illalla» sözüni aýtmakdyr. Iň aşaky mertebesi-de, zyýany degjek zady ýoldan aýyrmakdyr. Utanmak hem imandandyr». (Buhary, «Iman» 3; Muslim, «Iman» 58).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Birwagtlar (nirädir bir ýere) ýol bilen barýan adam gaty suwsady. Ahyrsoňy bir guýa ras geldi. Guýunyň içine girip, suwsuzlygyny gandyrdy. Daşaryk çyksa, guýunyň agzynda bir it suwsuzlykdan ýaňa dilini sallap dur. Topragyň yzgar ýerini ýalaýardy. Ol öz ýanyndan «Bu item edil meniň ýaly gaty suwsapdyr-ow» diýip, täzeden guýa girdi. Aýakgabyny suwdan dolduryp, ony agzynda saklap, dyrmaşyp guýudan çykdy. Soňra-da ite suw berdi. Ine, onuň bu amaly Allany hoşnut etdi. Onuň (günälerini) bagyşlady». Şonda sahabalar: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Haýwanlara suw içirenimiz üçinem sogap ýazylýarmy?» diýip soradylar. Allanyň resuly (s.a.w): «Elbetde! Islendik janly-jandara suw bermegiň özi sogapdyr» diýdi. (Buhary, «Musa:ka:t» 9; Muslim, «Salam» 153).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ýoluň ugrunda ösüp, gelen-geçen musulmanlara zyýan berýän agajy kesip aýran adamyň jennetiň nygmatlarynyň içinde gezip ýörşüni gördüm». (Muslim, «Birr» 29).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Siziň günäleriňiziň ýuwulmagyna we mertebäňiziň beýgelmegine sebäp boljak haýyrly amallardan habar bereýinmi?» Sahabalar: «Hawa, Allanyň resuly!» diýişdiler. Ol (s.a.w) hem şeýle diýdi: «Şertler nähili kyn hem bolsa, şertlerini doly ýerine ýetirip täret almak, uzak hem bolsa metjide ýöräp gitmek, bir namazdan soňra indiki namaza garaşmak. Ine, endik etmeli zatlaryňyz şulardyr». (Muslim, «Taharet» 41).
***
Jabir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Musulmanyň oturdan agajynyň miwesinden ynsan, haýwan ýa-da guş iýse, onuň beren sadakasy hökmüne geçer». (Muslim, «Musakat» 9).
***
Adiý ibn Hatim (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ýarym hurma-da bolsa (sadaka berip), ataşdan (dowzahdan) goranjak boluň!» (Buhary «Zekat» 10; Muslim, «Zekat» 66-70).
***
Ebu Musa el-Eş’ary (r.a) gürrüň berýär: «Allanyň resuly (s.a.w): «Her musulman sadaka bermelidir» diýdi. Men: «Eger sadaka berere zady ýok bolsa, näme etsin?» diýdim. Pygamberimiz (s.a.w): «Işlesin. (Şeýtmek bilen) hem güzeranyny dolandyrar hem-de bu onuň sadaka berdigi bolar» diýdi. Men: «Eger elinden iş gelmeýän bolsa?» diýdim. Ol (s.a.w): «Kyn günde galan birine kömek bersin» diýdi. Men: «Muny hem edip bilemese?!» diýdim. Pygamberimiz (s.a.w): «Haýyr işlemegi maslahat bersin» diýdi. Men: «Muny hem başarmasa?!» diýdim. Allanyň resuly (s.a.w): «Erbetlik etmekden gaça dursun. Çünki bu hem onuň sadakasy bolar» diýdi. (Buhary, «Zekat» 30; Muslim, «Zekat» 55).