Ryýazus-Salyhyn 8

Orta ýoly saklamak

«Ta, Ha. Biz saňa Kurany kynçylyk çekmegiň üçin indermedik». («Taha» süresi, 20/1-2)».

***

«Alla (ybadatlaryň) siziň üçin ýeňil bolmagyny isleýär, size kyn bolmagyny islemeýär». («Bakara» süresi, 2/185).

***

Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär:

Bir gün üç sany sahaba pygamberimiziň (s.a.w) edýän nepil ybadatlaryny öwrenmek üçin päkize enelerimiziň öýüne gelipdir. Olar mübärek enelerimizden pygamberimiziň (s.a.w) edýän ybadatlary hakda eşidip, özlerinden göwünleri geçipdir. Şonda olar: «Biz kim? Pygamber kim? Onuň geçmişdäki we gelejekdäki günäleri bagyşlanan» diýmäge başlapdyrlar. Onsoň olaryň biri: «Men mundan beýläk gijelerine ýatman namaz okajak» diýse, başga biri: «Men mundan soňraky ömrümi agyz bekläp geçirjek» diýipdir. Üçünjisi bolsa: «Men mundan soňra aýal maşgaladan uzak durjak. Asla öýlenjek däl!» diýipdir. Az wagtdan soňra pygamberimiz (s.a.w) gelipdir. Ol (s.a.w) şonda bu sahabalara şeýle diýipdir: «Siz şeýle, şeýle diýen ekeniňiz, (dogrumy şol)? Şuny berk belläň: Alladan ant içip aýdýaryn, araňyzda menden kän Alladan gorkýanyňyz we Oňa (menden artyk) hormat goýýanyňyz ýokdur. Şonda-da men agzymy kä bekleýärin, käte beklemeýärin. Gijelerine namaz okaýaryn, ýöne ukymy-da alýaryn. Öýlenýärin hem. Meniň sünnetimden ýüz öwren kişi menden däldir». (Buhary, «Nikah» 1; Müslim, «Nikah» 5).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleri pygamberimiziň (s.a.w) şeýle diýenini aýdýar: «Yslam ýeňil dindir. Öte geçip, onuň talap edýän zadyndan artykmajyny etjek bolýan kişi asgyn geler. Diýmek, orta ýoly tutmak gerek. (Edýän amalyňyzy) iň gowy görnüşde edip bilmeseňizem (şoňa) golaýlajak boluň. Şeýle edýän kişä buşlugym bar. Günüň başlanýan wagtyndan we soňundan, azragam bolsa gijeden (iki dünýäňiz üçin) haýyrlanyň!» (Buhary, «Iman 29).

Düşündiriş: tejribeli ýolagçy barmaly ýerine sag-aman aşmak üçin özüniň hem-de ulagynyň dynç wagtyny peýleýändir. Edil şonuň ýaly, ylahy ýakynlygy gazanmak isleýän bende-de dynç wagtyny peýlesin. Şonda oňa uzak ýoly aşmak, bu dünýä ýolagçylygyny sag-aman tamamlap, maksadyna ýetmek başardar. 

***

Enes (r.a) hezretleri gürrüň berýär: «Bir gezek Allanyň resuly (s.a.w) metjide gelende, iki diregiň arasyna çekilen ýüpe gözi düşdi. Pygamberimiz (s.a.w): «Bu näme?» diýip sorady. Sahabalar: «Muny Zeýnep Binti Jahş şeýtdi. Namaz okanda aýakda durmaga mejaly galmaýar. Onsoň şondan ýapyşýar» diýdiler. Şonda pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: «Bu ýüpi derrew çözüp aýryň! Kimde-kim (gije) namazyny okamak islese, süňňi dynç, özüni rahat duýýan wagty okasyn. Bardy-geldi ýadasa, ýatyp dem-dynjyny alsyn!» (Buhary, «Tehejjüd» 18; Muslim, «Salatul-musafirin» 219).

***

Ebu Juhaýfe Wehb ibn Abdulla (r.a) gürrüň berýär: «Selman bilen Ebud-Derda Allanyň resulynyň (s.a.w) islegi bilen dogan okaşdylar. Şondan soň Selman Ebud-Derdanyň öýüne görme-görşe geldi. Ol din doganynyň aýalyny eleşan geýimde görüp, ondan «Näme üçin beýle geýinýärsiň?» diýip sorady. Ebud-Derdanyň aýaly: «Seniň gardaşyň dünýä maly, lezzeti bilen işi ýok» diýip jogap berdi. Şol barmana Ebud-Derda-da gelip, aýalynyň myhman üçin bişiren naharyny getirip, Selmanyň öňüne goýdy. «Al, iýip otur. Meniň agzym bekli» diýdi. Selman bolsa: «Eger sen iýmeseň, menem iýjek däl» diýdi. Onsoň Ebud-Derda-da supradaky nahardan iýmeli boldy. Gije bolanda Ebud-Derda tehejjüt namazyny okamaga taýýarlandy. Selman oňa: «Ukla(p, dynjyňy al)» diýdi. Ebud-Derda uklady. Az wagt geçip-geçmänkä-de turjak boldy. Selman (r.a) ýene-de: «Ukla» diýip, ýatyrdy. Gijäniň soňuna ýakynlaberende Selman: «Indi, tur» diýip, ony turuzdy. Ikisi birlikde namaz okadylar. Soňra Selman Ebud-Derda garap, şeýle diýdi: «Seniň Rebbiň öňünde, nebsiň öňünde, maşgalaň öňünde berjaý etmeli borçlaryň bar. Şol borçlaryňy berjaý et!» Şondan soňra Ebud-Derda pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna baryp, bu bolanlary aýdyp berdi. Allanyň resuly (s.a.w) oňa: «Selman dogry aýdypdyr» diýdi.» (Buhary, «Sawm» 51, «Edeb» 86).      

Ybadatda we haýyrly işlerde dowamlylygyň ähmiýeti

«Iman getirenleriň Allany hem-de Onuň tarapyndan inen hakykaty ýatlap, (gorkup) kalplarynyň ýumşamagynyň wagty gelmedimi? (Hergiz) olar özlerine kitap berlen ymmatlar ýaly bolmasynlar. (Kitap gelmeginden) uzak wagtyň geçmegi bilen (olaryň) ýürekleri gatapdy» («Hadid» süresi, 57/16).

***

«(Eý, Muhammet!) Tä saňa geljegi anyk bolan ölüm gelýänçä, Rebbiňe ybadat et!» («Hijr» süresi, 15/99).

***

Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle maslahat berendigini aýdýar: «Abdulla! Hergiz gije namazyny (tehejjüt) birsydyrgyn okap ýören, soň bolsa okamasyny goýan pylany ýaly bolaýma!» (Buhary, «Tehejjüd» 19; Muslim, «Syýam» 185).

***

Sünnete görä ýaşamak

«Pygamber size nämäni berse (emir etse) alyň, nämäni gadagan (haram) etse, ondan gaçyň!» («Haşyr» süresi, 59/7).

***

«(Eý, Muhammet!) Aýt: «Eger Allany söýýän bolsaňyz, maňa tabyn boluň! (Şonda) Alla hem sizi söýer we günäleriňizi bagyşlar». («A:li-Ymran» süresi, 3/31).

***

«Hakykatdanam, Alla we ahyret gününden umydigär bolanlar hem-de Allany köp ýat edenler üçin Allanyň pygamberinde nusga alarlyk mysallar bardyr». («Ahzab» süresi, 33/21).

***

«Ýok, ýok! Seniň Rebbiňe kasam bolsun! Olar öz aralarynda dörän düşünişmezliklerinde seni (emin) edip, çykarjak hökümiňi göwünlerine hiç zat getirmezden (kabul edip, saňa) doly boýun bolmasa, (olaryň hakyky) iman getirdigi däldir». («Nisa» süresi, 4/65).

Düşündiriş: Hezreti Muhammet aleýhyssalamy Allanyň ilçisi hökmünde kabul etmegiň manysy onuň ündeýän we durmuşa geçirýän ynanç, düşünje we ýaşaýyş ýörelgelerini kabul etmek, bu babatda ony nusga edinmekdir.

***

«Eger Alla we ahyrete ynanýan bolsaňyz, (bir meselede) düşünişmän çekişmä giren wagtyňyz, (muny) Alla (Kurana) we pygambere (hadyslara) ýetiriň (ýüz tutuň)!» («Nisa» süresi, 4/59).

***

«Kim pygambere boýun bolsa, (onuň) Alla boýun boldugydyr». («Nisa» süresi, 4/80).

***

«Onuň (pygamberiň) emrine garşy çykýanlar başlaryna bir belanyň ýa-da jebir-jepaly azabyň gelmeginden gorksunlar». («Nur» süresi, 24/63).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Haýsydyr bir amalyň gadagan edilendigini aýdýançam, şol barada sowal soramaň! Sizden öňki ymmatlar ýersiz ýere kän sowal sorandyklary we pygamberleriniň gaňryşyna gaýdandyklary sebäpli heläk boldular. Size nämäni gadagan eden bolsam, şondan uzak duruň, nämäni etmegi tabşyran bolsam, başardygyňyzça ýerine ýetirmäge synanyşyň!» (Buhary, «Itisam» 2; Muslim, «Haj» 412).

***

Yrbaz ibn Sariýe (r.a) gürrüň berýär: «Allanyň resuly (s.a.w) öwüt-ündew etdi. Onuň gürrüňinden bizi gorky gaplap aldy, gözümizden boýur-boýur ýaş döküldi. Biz: «Eý, Allanyň resuly! Siziň bu aýdanlaryňyzdan çen tutsak, biziň bilen hoşlaşýana meňzeýäň. Bize (ýene) öwüt ber!» diýdik. Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Takwalygy elden bermäň! Alladan gorkuň! Baştutanyňyz hebeşi gul hem bolsa, oňa boýun boluň! Geljek wagtda araňyzda agzalalyk dörär. Ömri ýetip, muny görenleriňiz bolar. Şonda meniň sünnetime we dogry ýoldan giden halyflarymyň ýoluna eýeriň. (Sünnetimden) azy dişleriňiz bilen ýapyşan deý pugta ýapyşyň. Bidgatlardan saklanyň. Çünki herki bidgat dalaletdir (diniň ýolundan çykmakdyr). (Ebu Dawud, «Sünnet» 5; Tirmizi, «Ylym»16).

***

Hezreti Jabiriň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

Meniň bilen siziň mysalyňyz, ine şuňa meňzeýär: Bir adam ot ýakýar welin, çekirtgedir kebelekler şol oda tarap dyzaberýärler. Ol adam bolsa olary otdan uzaklaşdyrjak bolýar. Menem sizi ataşdan goramak üçin etegiňizden ýapyşýaryn, siz bolsa elimden sypyp, oda bakan eňýärsiňiz. (Muslim, «Fadail» 19).

***

Ibn Abbas  (r.a) gürrüň berýär: «Bir gezek Allanyň resuly (s.a.w) bize wagyz etmek üçin ýerinden turdy we şeýle diýdi: «Eý, ynsanlar! Siz aýakýalaňaç, çyplak, sünnet edilmedik görnüşde direldilerisiňiz. «Ilkibaşda ýaradyşymyz ýaly (gaýtadan) direlderis» («Enbiýa» süresi, 21/104). Size şuny aýdaýyn! Ahyretde ilkinji bolup geýim geýdiriljek ynsan Ybraýymdyr. Üns beriň! Şol gün ymmatymdan birentek kişi getirilip, sol tarapa (dowzaha) äkidiler. Men şonda «Rebbim! Bular meniň ashabym (ymmatym ahyryn)» diýerin. Şeýle hem bolsa, maňa «Sen (gaýdanyňdaň) soňra bularyň nähili bulagaýlyklara baş goşandyklaryny bilmeýärsiň» diýler. Şonda men  (Allanyň) salyh guly Isa deýin şeýle diýerin: «Men olaryň arasynda bolan (ýaşan) wagtym olara göz-gulak boldum. Sen meni (asmana) galdyranyňdan soň bolsa, olara Sen gözegçilik etdiň. Sen hemme zada (doly) şaýatsyň! Eger olara azap berseň, olar Seniň bendeleriňdir, munda şübhe ýok. Eger olary bagyşlasaň, Sen Gudraty güýçlüsiň, hikmet eýesisiň!» («Maide» süresi, 5/117-118). Soňra bolsa maňa, ine, şeýle diýler: «Sen olary goýup gideniň bäri, dinden uzaklaşmak bilen boldular». (Buhary, «Enbiýa» 8, «Rikak» 45; Muslim, «Jennet» 58)

***

Tabygyndan A:bis ibn Rabiya gürrüň berýär: «Halyf hezreti Omaryň (r.a) Hajeri-Eswedi öpüp duranyny gördüm. Şonda ol şeýle diýýärdi: «Bilýärin! Sen daş. Senden ne peýda bar, ne-de zyýan. Eger, Allanyň resulynyň (s.a.w) seni ogşanyny görmedik bolsadym, seni asla öpmezdim».  (Buhary, «Haj» 50; Muslim, «Haj» 251)

***

Allanyň hökümlerine boýun egmek

«Ýok, ýok! Seniň Rebbiňe kasam bolsun! Özara düşünişmezliklerinde seniň çykarjak hökümiňi gep-gürrüňsiz kabul edip, saňa doly boýun bolmasalar, olaryň hakyky iman getirdigi bolmaz». («Nisa» süresi, 4/65). 

***

«Müminler öz aralaryndaky düşünişmezligiň çözülmegi üçin Alla we resulyna çagyrylan mahaly, olardan diňe şu sözleri eşidersiň: «Eşitdik we tabyn bolduk». Halas bolanlar hem şolardyr». («Nur» süresi, 24/51).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär: «Asmandaky we Ýerdäki ähli zat Allanyňkydyr. Siz içiňizdäkini äşgär etseňiz hem, gizleseňiz hem, Alla sizden olaryň hasabyny sorar. Ol islänini (fazly-keremi bilen) bagyşlar, islänine hem (eden etmişleri zerarly) azap berer. Allanyň ähli zada güýji ýetýändir» («Bakara» süresi, 2/284) aýaty inende, sahabalar uly alada galdylar. Bu aýatyň hökümlerini berjaý etmek olara örän kyn düşdi. Ahyrynda olar Resuly-Ekremiň (s.a.w) huzuryna gelip, dyz çöküp oturdylar. Soňra dertlerini aýtdylar: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Bize şu çaka çenli buýrulan amallar namaz okamak, jihat etmek, oraza tutmak, sadaka bermek ýaly başaryp bolaýjak ybadatlardy. Ynha, indem oý-pikirlerimizden hem hasap soraljykdygy hakda aýat indi. Biz munuň hötdesinden gelip bilmeris» diýdiler.

Allanyň resuly (s.a.w) olary diňläp bolandan soň şeýle diýdi: «Kitap ähli bolan jöhitlerdir hristianlar ýaly siz hem «Eşitdik, ýöne tabyn bolamyzok» diýjek bolýaňyzmy?! Gaýtam, «Eý, Rebbim! Eşitdik we tabyn bolduk. Bizi magfyret eýle, bagyşla! Soňunda ýene-de Saňa öwrülip bararys!» diýip Alla ýalbarsaňyz bolmaýamy?»

Sahabalar bu dogany dillerinden düşürmän gaýtalamagy endik edindiler. Onsoň Allanyň şu aýaty indi: «Pygamber Rebbi tarapyndan özüne inderilen Kurana iman getirdi, oňa müminler hem iman getirdiler. Müminler Alla, perişdelere, kitaplara we pygamberlere iman getirdiler. Olar: «Biz Allanyň pygamberleriniň hiç haýsyny beýlekisinden aýry tutmaýarys. Biz Alladan gelen emirleri eşitdik we olara boýun bolduk. Biz Seniň ýalkamagyňy umyt edýäris! Eý, Rebbimiz! Biz diňe Saňa öwrülip bararys!» («Bakara» süresi, 2/285)

Sahabalar bu aýata uýdular, ony dilleriniň senasyna öwürdiler. Onsoň Allatagala öňki aýatyň hökümini ýatyrdy-da, şu aýaty indirdi: «Alla hiç kime güýjüniň ýetmejek zadyny buýurmaz. Her kimiň eden ýagşy-ýaman her amaly özünedir. Eý, Perwerdigärimiz! Eger biz unudyp ýa-da ýalňyşyp günä işlesek, bizi hasaba çekme! (Alla: «Hawa» diýdi.) 

Eý, Rebbimiz! Bize, bizden öňki ymmatlara buýruşyň ýaly, bize güýjümiziň ýetmejek zadymyzy buýurma! (Alla: «Hawa» diýdi)

Eý, Rebbimiz! Bize güýjümiziň ýetmeýän işlerimizi hem buýurma! Biziň (günälerimizi) bagyşla! Bizi ýalka! Bize rehim et! Sen biziň Hossarymyzsyň! Kapyrlardan (üstün çykmaga) bize kömek et!» («Bakara» süresi, 2/286). Alla: «Bolýar, şeýtdim» diýdi. (Muslim, «Iman» 199).   

***

Bidgatlardan[1] gaça durmak

«Hakdan aňyrda azgynlykdan başga näme bolup biler?!» («Ýunus» süresi, 10/32).

***

«Eý‚ Resulym, olara: «Eý‚ ynsanlar! Eger Allany söýýän bolsaňyz‚ geliň, maňa tabyn boluň! Şonda Alla hem sizi söýer we günäleriňizi bagyşlar» diýip aýt!» («A:ly-Ymran» süresi‚ 3/31).

***

«Ynha, şu meniň dogry ýolumdyr. Siz diňe oňa uýuň, başga ters ýollara uýmaň! Ters ýollar sizi Allanyň ýolundan azaşdyrar». («Engam» süresi, 6/153).

***

Hezreti Äşäniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kimde-kim dinimize täzelik girizse, şol zat ret ediler». (Buhary, «Sulh» 5; Muslim, «Akdyýe» 17, 18).

***

Herzeti Jabir (r.a) gürrüň berýär: «Allanyň resuly (s.a.w) hutba okanda gözleri çym-gyzyl bolýardy, şonda onuň sesi hem çasly çykýardy. Ol «Duşmanyň çozuşyna garaşýan ýaly gije-gündiz taýýarlykly boluň!» diýip, nökerlerine hüşgärligi ündeýän serkerde mysaly azmly gürleýärdi. Bir gezegem Ol (s.a.w) süýem we orta barmagyny birleşdirip, şeýle diýdi: «Kyýamatyň gopmagyna ine, şu iki barmagym ýakyn bolşy ýaly az wagt galanda, pygamber edilip iberildim». Yzyndanam şeýle diýdi: «Size aýtsam, sözüň iň ýagşysy Allanyň kelamydyr. Ýollaryň iň haýyrlysy Muhammediň (s.a.w) ýoludyr (sünnetidir). Amalyň iň erbedi bolsa dine täzelik girizmekdir, bidgatlardyr. Herki bidgat bolsa dalalatdyr (ters ýola gitmekdir, ýoldan çykmakdyr). Men musulmanlar üçin öz janlaryndanam ezizdirin. Musulmanlaryň meniň hatyramy bar zatdan ileri tutmalydyr. Dünýeden öten kişiniň mal-mülki onuň mirasdaryna berilmelidir. Bardy-geldi yzynda bergisi ýa-da ýetimi galan bolsa, bergisini üzmek we şol ýetime göz-gulak bolmak meniň borjumdyr». (Muslim, «Juma» 43).

***

Haýra we şere sebäp bolmak

«Şeýle hem olar: «Eý, Perwerdigärimiz! Bize aýallarymyzdan we perzentlerimizden gözlerimiziň göreji ýaly boljak kişileri nesip et hem-de bizi saýlantgy takwalardan eýle!» diýerler» («Furkan» süresi, 25/74).

***

«Olary öz emrimize laýyklykda, dogry ýola gönükdirýän ýolbaşçylar etdik». («Enbiýa» süresi, 21/73).

***

Jerir ibn Abdullah (r.a) gürrüň berýär: «Bir gezek säher wagty Allanyň resulynyň (s.a.w) huzurynda otyrdyk. Şonda gaplaňyň derisine meňzeýän ala-mula geýimli, käsi bolsa kelle geçer ýaly edip kesilen ýapynja bilen örtünen, billeri gylyçly, tenleriniň köp ýeri açyk, hemmesi diýen ýaly mudar kowmundan bolan topar geldi. Resuly-Ekrem (s.a.w) olaryň eleşan, garyp halyny görüp hapa boldy. Onsoň otagyna gitdi. Az salymdan gelibem Bilala (r.a) azan aýdyp, kamat getirmegi buýurdy. Bilalam (r.a) derhal Allanyň resulynyň (s.a.w) tabşyrygyny berjaý etdi. Onsoň Allanyň resuly (s.a.w) namaz okatdy. Namazdan soňam hutba okady. Hutbada şeýle diýdi:

«Eý, ynsanlar! Sizi ýeke-täk bir jandan (Adam atadan) ýaradan, ondan hem aýalyny (How enäni) ýaradyp, ol ikisinden bolsa, ençeme erkekleri we aýallary önüp köpeler ýaly eden Rebbiňize garşy çykmakdan saklanyň! Onuň (Allanyň ady) bilen biri-biriňizden nämedir bir zat soran wagtyňyz, Alla hormat goýmazlykdan we öz araňyzdaky garyndaşlyk gatnaşyklaryny saklamazlykdan gorkuň! Şübhesiz, Alla siziň üstüňizden gözegçilik edip durandyr («Nisa» süresi, 4/1)». Soňam «Haşr» süresiniň şu soňky aýatlaryny okady: «Eý, iman getirenler! Allanyň azabyna duçar bolmakdan gorkuň! Her kim ertir (ahyret) üçin näme taýýarlandygyna seretsin! («Haşr» süresi, 59/18)». Yzyndanam şeýle diýdi: «Her kim altyn, kümüş, geýim-gejim, hurma, tapan zadyndan sadaka bersin!» Şondan soňra ensardan bir adam halta salyp bir zatlar getirdi. Halta çensiz agyr bolsa gerek. Muny zordan süýräp getirşinden aňsa bolýardy. Şunlukda, onuň yz ýanydan başga biri, ondan soňam ýene bir kişi göwnünden çykaran zadyny getirdi. Şeýlelikde, ir-iýmiş, geýim-gejim, garaz iki üýşmek zat emele geldi duruberdi. Bir seretsem, pygamberimiziň mübärek ýüzündäki gussa alamatlary aýrylyp, şatlyk uçgunlary peýda boldy. Onsoň Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýdi: «Kimde-kim haýyrly işi başladyp goýberse, oňa uýup şol işi dowam edýän kişileriň gazanan sogaplary oňa-da ýazylar durar. Kimde-kim bir erbet iş etse, günäsi şonuň boýnunadar. Şol sanda onuň şol ýaman işini alyp göterenleriň günäsi oňa-da ýazylar durar. Olaryň günäsinden kemelen zat hem bolmaz». (Muslim, «Zekat» 69).

***

Ibn Mesudyň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Nähak öldürilen her bir kişi üçin Adamyň ogluna (Kabyla) günä ýazylar. Sebäbi ol ilkinji bolup adam öldüren kişidir». (Buhary, «Diýat» 2; Muslim, «Kasame» 27).

Haýyr işlemekde ýol görkeziji we görelde bolmak. Takwalykda ýaryşmak.

«(Eý, Muhammet!) Sen olary hikmet bilen, ýagşy söz bilen Rebbiň ýoluna çagyr!» («Nahl» süresi, 16/125).

***

«(Eý, müminler!) Siziň araňyzda adamlary haýra çagyrýan, olary erbetliklerden gaýtarýan topar bolsun!» («A:ly-Ymran» süresi, 3/104).

***

«Siz ýagşylykda we takwalykda biri-biriňiz bilen arkalaşyň!» («Maide» süresi, 5/2).

***

«Wagta  kasam bolsun! Şübhesiz ynsan zyýana galýandyr. Meger, iman getirip, ýagşy işleri edýänler, biri-birlerine hakykaty we sabyrly bolmagy ündeýänler zyýana galmasa gerek». («Asr» süresi, 103/1-3).

***

Ebu Mesud Ukbe ibn Amryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kimde-kim peýdaly iş edip adamlara görelde bolsa, şol peýdaly işi etjekleriň sogabyndan oňa hem ýazylar durar». (Muslim, «Imare» 133).  

***

Ebu Abdurrahman Zeýd ibn Halid el-Juheniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Alla üçin söweşe çykan mujahidi gerek zatlary bilen üpjün edýän kişiniň özi-de söweşe giden ýalydyr. Söweşe giden mujahidiň yzynda galan maşgalasyna göz-gulak bolup, hemaýat edýän kişi edil jihad edýän dek sogap gazanar».  (Buhary, «Jihad» 38, Muslim, «Imare» 135). 

***

 Ebu Musa el-Eşarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Belli bir zady (zekat, sadaka we ş.m) degişli ýerlere paýlamaga ynanylan kişi öz işini birkemsiz berjaý etse, ýagny şol zatlary bermeli kişilerine edil bolmalysy ýaly edip paýlap çyksa, oňa sadaka berýän her iki kişiden biriniň sogaby berler». (Buhary, «Wekalet» 16; Muslim, «Zekat» 79). 

Öwüt-ündew etmek barada

«Men size Rebbimiň aýdanlaryny ýetirýärin we öwüt berýärin…». («Araf» süresi, 7/62).

***

«Men siziň üçin öwüt-ündew edýän ynamdar nesihatçydyryn». («Araf» süresi, 7/68).

***

Ebu Rukaýýe Temim ibn Ews ed-Dary (r.a) gürrüň berýär: «Pygamberimiz (s.a.w): «Din nesihatdyr» diýdi. Şonda sahabalar: «Kim üçin?» diýip soradylar. Pygamberimiz (s.a.w) sahabalaryň bu sowalyna: «Alla üçin, kitaby üçin, pygamberi üçin, musulman ýolbaşçylar we bütin musulmanlar üçin!» diýip jogap berdi». (Muslim, «Iman» 95).

Düşündiriş: Din akýüreklilikdir. Allanyň öňünde, kitabyň öňünde, pygamberiň öňünde, musulman ýolbaşçylaryň öňünde we ähli musulman ymmatyň öňünde akýürekliligiňi saklamakdyr!

***

Jerir ibn Abdulla (ra) gürrüň berýär: «Men Allanyň resulyna (s.a.w) namazy dogry okamaga, zekaty bermäge we musulmanlara öwüt-ündew etmäge söz berdim». (Buhary, «Iman» 42; Muslim, «Iman», 97).

***

Hezreti Enesiň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «(Eý, müminler!) Siz tä özüňize rowa gören zadyňyzy mümin doganyňyz üçin hem rowa görýänçäňiz, hakyky imana ermersiňiz». (Buhary, «Iman» 7; Muslim, «Iman» 71).

Gowulyga çagyrmak, erbetlikden saklamak

(Emri-bil-maruf, nehýi-anil-münker)

«Eý, müminler! Araňyzda adamlary haýra çagyrýan, olary erbetliklerden gaýtarýan topar bolsun! Ana, şolar halas bolanlaryň hut özleridir» («A:ly-Ymran» süresi, 3/104).

***

«Eý, musulmanlar! Siz ynsanlara ýagşylygy ündemek üçin iberilen iň haýyrly ymmatsyňyz. Siz olary gowulyga çagyrýarsyňyz, erbetlikden saklaýarsyňyz». («A:ly-Ymran» süresi, 3/110).

***

«Sen geçirimli bol‚ gowulyga çagyr‚ nadanlar bilen deň bolma!» («Araf» süresi, 7/199). 

***

«Mümin erkekler bilen mümin zenanlar biri-birleriniň hemaýatkärleridir. Olar ýagşylygy ündärler‚ ýamanlykdan saklarlar». («Toba» süresi, 9/71).

***

«Ysraýylogullarynyň kapyr bolanlary Dawudyň we Merýem ogly Isanyň dili bilen näletlendiler. Bu olaryň asy bolandyklary we hetden aşandyklary sebäplidir. Olar biri-birlerini erbet iş etmekden gaýtarmaýardylar. Şübhesiz, olaryň edýän bu işleri juda erbetdir». («Maide» süresi, 5/78-79).

***

«Olaryň arasyndan erbetlikleriň öňüni almak üçin jan edýänleri halas etdik‚ zalymlary bolsa pasykdyklary üçin elhenç azaba sezewar etdik». («Araf» süresi, 7/165).

***

Ebu Said el-Hudrynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kimde-kim erbetlige gabat gelse, ony eli bilen düzetsin. Eli bilen düzedip bilmese, sözi bilen düzetsin. Sözi bilen hem düzetmäge güýji ýetmeýän bolsa, ýürekden nägilelik bildirsin. Bu bolsa imanyň iň pes mertebesidir». (Muslim, «Iman» 78).

***

Ibn Mesudyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Menden öňki pygamberleriň sünnetine eýerýän, emirlerini berjaý edýän ymmaty bardy. Soňra olara derek etmedik zadyny «etdim» diýip aýdýan, etmeli däl zatlary bolsa edýän başga nesil geldi. Şonuň ýalylara garşy eli bilen jihad eden kişi mümindir. Dili bilen jihad eden kişi hem mümindir. Kalby bilen jihad edenem mümindir. Şony-da başarmaýan bolsa şol kişiniň çigit ýaly hem imany ýokdur». (Muslim, «Iman» 80).    

***

Ubade ibn Samit (r.a) gürrüň berýär: «Biz Allanyň resulyna (s.a.w) kyn günde-de, gowy günde-de, begençli we gynançly wagtymyzda-da, başgalaryň bizden artyk görlen gezeklerinde-de emirlere boýun egjekdigimize, göz-görtele küpür işe baş goşmasalar, hökümet ýolbaşçylarynyň işine garyşmajakdygymyza, islendik ýerde we hiç kimden çekinmän Alla üçin hakykaty aýtjakdygymyza söz berdik». (Buhary, «Ahkam» 42; Muslim, «Imare» 41).

***

Numan ibn Beşiriň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly şeýle diýipdir: «Allanyň buýruklaryna boýun egip, hetden aşmaýanlar bilen Onuň emirlerine boýun egmän hetden aşýanlary ine, şuňa meňzetmek bolýar: adamlar bir gämä münýärler. Olar gämide kimiň haýsy ýerde ornaşmalydygyny bilmek üçin bije atýarlar. Netijede, olaryň käbiri gäminiň aşaky bölegine, käbirisi bolsa ýokarky bölegine ýerleşýär. Aşaky gata ýerleşen adamlar deňizden suw almakçy bolsalar, ýokarky gata çykmaly. Mundan ötri aşakdakylar: «Deňizden suw almak üçin her gezek ýokaryk çykyp, sizi bimaza edip oturmalyň. Gowusy, gäminiň böwrüni deşäge-de suw alybereliň!» diýişdiler. Eger gäminiň ýokarsyndakylar aşakdakylaryň pikiriniň ýalňyşdygyny duýdurman, gol gowşuryp otursalar, hemmesi birlikde gark bolarlar. Emma olar muňa ýol bermeseler welin, sag-aman barjak ýerlerine bararlar». (Buhary, «Şehadet» 30).

***

Ebu Said El-Hudry (r.a) gürrüň berýär: «Bir gezek pygamberimiz (s.a.w) sahabalara garap: «Köçäň ugrunda oturmaňyzy goýuň!» diýdi. Sahabalar bolsa: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Biz muny edip bilmeris. Sebäbi wajyp meselelerimizi şol ýerde ara alyp maslahatlaşýarys» diýişdiler. Şonda Allanyň resuly (s.a.w): «Köçede oturmaklygyň hem bir muzdy bardyr!» diýdi. Sahabalar: «Köçäniň muzdy näme?» diýip soradylar. Pygamberimiz (s.a.w) olaryň bu sowalyna şeýle diýip jogap berdi: «Harama seretmäň, köçeden geçip barýanlara azar bermäň, berlen salamy alyň, ýagşylygy ündäň, erbetlikden saklanyň!» (Buhary, «Mezalim» 22; Muslim, «Lybas» 114).    

***

Ibn Abbas (r.a) gürrüň berýär: «Bir adam barmagyna altyn ýüzük dakan eken. Muňa gözi düşen Allanyň resuly (s.a.w) onuň barmagyndan ýüzügi çykardy-da, ho-ol beýläk zyňyp goýberdi. Soňam şeýle diýdi: «Näme indi, eliňizde ataş goruny saklap gezesiňiz gelýärmi?». Allanyň resuly (s.a.w) gidenden soň hälki adama ýüzügi alyp, başga hili görnüşde peýdalanmagy maslahat berenler boldy. Emma ol kişi «Pygamberiň çykaryp taşlan zadyny gaýdyp elime alman» diýdi. (Muslim, «Lybas» 52).

***

Huzeýfe (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Janym elinde bolan Alla kasam bolsun, ýa ýagşylygy emir edenlerden we erbetliklerden saklanlardan bolarsyňyz ýa-da Alla başyňyzdan şeýle bir bela inderer welin, onsoň näçe dileg-doga etseňiz hem dogaňyz kabul edilmez!» (Tirmizi, «Fiten» 9). 

***

Ebu Said el-Hudry (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýipdir: «Jihadyň iň fazyletlisi zalym ýolbaşçynyň ýüzüne adalatly bolmagy aýdyp bilmekdir». (Ebu Dawud, «Melahim» 17; Tirmizi, «Fiten» 13). 

***

Ibn Mesud (r.a) Allanyň resulyndan (s.a.w) şulary eşidipdir: «Ysraýylogullarynyň arasynda eden-etdilikler ine, şeýdip başlandy: bir adam telek işi edip duran kişiniň üstünden bardy. Oňa: «Gardaş! Alladan gork! Bu pişäňi goý! Sebäbi seniň üçin bu halal däl» diýdi. Ertesi gün ýene şol kişä gabat geldi. Ol ýene-de şol erbet pişesini edip duran eken. Muňa garamazdan oňa sesini çykarmady. Gaýtam, onuň bilen bir supranyň başynda iýip-içmegini dowam etdirdi. Bular şeýdip ýörensoňlar, Alla-da olaryň kalplaryny möhürledi (biri-birine meňzetdi)». Allanyň resuly (s.a.w) gürrüňiniň üstüni ine, şu aýat bilen ýetirdi: «Ysraýylogullaryndan kapyr bolanlar Dawudyň we Merýem ogly Isanyň dilinde näletlendiler. Bu olaryň asy bolandyklary we hetden aşandyklary sebäplidir. Olar biri-birilerini erbet iş etmekden gaýtarmaýardylar. Olaryň edýän bu işleri nähili erbet! Sen olaryň köpüsiniň kapyrlary dost tutunýandygyny görersiň. Nebisleri olar üçin Allanyň gazabyna sebäp bolan zady taýýarlady. Olar ebedi azapda galarlar. Eger olar Alla, pygambere we oňa inderilene (Kurana) iman getiren bolsadylar, onda kapyrlary dost tutunmazdylar. Emma olaryň köpüsi ýoldan çykan pasyklardyr» («Maide» süresi, 5/78-81). Pygamberimiz (s.a.w) soňundanam şeýle diýdi: «Ýok! Ýok! Alla kasam bolsun! Ýa-ha ýagşylygy ündeýän, erbetlikden saklaýan, zalymy erbet pişesinden dändirip bilýän, ony hak ýola çagyryp, gowulyga ugrukdyrýan kimseler bolarsyňyz, ýa-da Alla kalplaryňyzy biri-biriňize meňzeder we ysraýylogullaryny edişi ýaly sizi hem länetlär!» (Dawud, «Melahim» 17; Tirmizi, «Tefsiru-sure» 5/6).

***

Ebu Bekir Syddyk (r.a) gürrüň berýär: «Eý, ynsanlar! Siz «Eý, iman getirenler! Siz özüňize serediň, (özüňizi günälerden saklaň)! Eger siz hak ýolda bolsaňyz, ýoldan azaşanlar size zyýan ýetirip bilmezler» («Maide» süresi, 5/105) aýatyny okaýarsyňyz, emma oňa ýalňyş düşünýärsiňiz. Men Allanyň resulynyň (s.a.w) şeýle diýenini eşitdim: «Ynsanlar zalymyň edýän zulmuny görübem saklamaýan bolsalar, Allanyň tiz wagtdan olaryň üstüne bela iberjegi gümansyzdyr». (Ebu Dawud, «Melahim» 17; Tirmizi, «Fiten» 8).

***

Öwüt-ündew edýän kişileriň edýän nesihatlary bilen bilen edýän hereketleriniň gabat gelmegi.

           «Ynsanlara ýagşy işleri emir edip, özüňizi bolsa unudýarsyňyzmy? Eýsem siz kitaby (Töwraty dowamly) okaýarsyňyz! Siz, heý, akylyňyza aýlanjak dälmisiňiz?!» («Bakara» süresi, 2/44).

***

«Eý, iman getirenler! Siz näme üçin (özüňiziň) etmejek işiňizi aýdýarsyňyz? Etmejek işiňizi aýtmak Allanyň iň halamaýan zadydyr». («Saf» süresi, 61/2-3).

***

«…men size gadagan eden zatlaryma (özüm meýil edip, ondan soň hem) size garşy çykmak islemeýärin». («Hud» süresi, 11/88

***

Usame ibn Zeýdiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kyýamat güni bir kişini (süýräp) getirip, dowzaha (oduna) atyp goýbererler. Şonda onuň içegeleri garnyndan daşary çogup çykar. Şol barmana ol degirmene goşulan mal ýaly (zol bir duran ýerinde) aýlanmaga başlar. Muny görän dowzahyň halky onuň töweregine üýşüşer. Oňa: «Pylany! Bu nä boluş? Sen ili gowulyga çagyryp, erbetlikden saklaýardyň-a?» diýşerler. Ol bolsa: «Hawa, gowulyk etmegi maslahat bererdim, emma özüm etmezdim, erbetlikden gaça duruň diýerdim, emma (özüm) erbetlik ederdim» diýer. (Buhary, «Bedul-Halk» 10; Muslim, «Zühd» 51).

***

Amanata hyýanat etmezlik

«Alla size amanatlary öz eýelerine bermegi emir edýär». («Nisa» süresi, 4/58).

***

«Biz amanaty göklere, Yere we daglara teklip etdik, emma olar muny boýun almakdan çekindiler (bu jogapkärçilikden gorkdular). Ony ynsan boýnuna aldy. Hakykatdanam, ol örän zalym we nadandyr». («Ahzab» süresi, 33/72).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Mynapygyň üç sany alamaty bardyr: ýalan sözlär, beren sözünden däner, özüne ynanylan amanata hyýanat eder». (Buhary, «Iman» 24; Muslim, «Iman» 107). 

***

Huzeýfe (r.a) bilen Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) ine, şeýle diýipdir: «Alla magşar güni ynsanlary haşyr meýdanyna jemlär. Müminler ýerinden turar. Jennet olaryň ýakynyna geler. Şonda olar Adam pygambere (a.s) garap şeýle diýerler: «Atamyz! Alladan biziň üçin jennetiň açylmasyny sorap ber!» Hezreti Adam (a.s) olara şeýle diýer: «Sizi jennetden çykaran zat, ine, şu ataňyzyň goýberen ýalňyşydyr. Men siziň bu islegiňizi berjaý edip bilmerin. Gowusy, siz Allanyň dostunyň ýanyna – zürýadym Ybraýymyň ýanyna baryň!». Onsoň olar Ybraýyma (a.s) ýüz tutup bararlar. Ol hem: «Men muny başarmaryn. Men Alla çyn dost bolup başarmadym. Siz gowusy, Alla bilen gepleşen kişiniň – Musanyň ýanyna baryň!» diýer. Onsoň olar bu haýyş bilen Musa (a.s) pygamberiň ýanyna bararlar. Musa-da (a.s)  olara: «Men bu işiň hötdesinden gelip bilmerin. Siz Allanyň sözi we ruhy bolan Isanyň (a.s) ýanyna baryp görüň» diýer. Şunlukda olar Isanyň (a.s) ýanyna barar. Ol hem: «Men siziň bu möhümiňizi bitirip bilmerin» diýer. Şondan soňra olar Muhammede (s.a.w) ýüz tutarlar. Ol hem ör boýuna galar. Oňa şepagat etmek hukugy berler. Şonda ynsanyň amanata eýe çykyşy we garyndaşlyk gatnaşyklary (babatyndaky amallary ýüzüne goýlar) peýda bolar. Olaryň birisi syrat köprüsiniň sag, beýlekisi sol tarapynda durar. Siziň ilkinji toparyňyz syrat köprüsinden ýyldyrym ýaly geçer». Şonda men (Ebu Hureýre) pygamberimizden: «Atam-enem saňa gurban bolsun! Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Ýyldyrym ýaly tiz geçmeklige nähili düşünmeli?» diýip soradym. Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýdi: «Ýyldyrymy  göreňizokmy?! Göz açyp-ýumasy salymda geçip gidýär. Ondan soňrakylaryň kimisi ýel, kimisi guş tizliginde, kimisi bolsa ylgaýanlar deýin geçip giderler. Garaz her kim amalyna görä, ýol geçer. Şonda pygamberiňiz syrat köprüsinde durup, şeýle dileg eder: «Rebbim! Salamata çykar! Salamata çykar!». Käbir kişileriň amallary ony syrat köprüsinden geçirmäge ýeterlik bolmaz. Hatda ýöremäge mejaly galmansoň, emedeklemäge başlar. Şol barmana syratyň iki tarapyndan gaňraklar peýda bolar. Olar tabşyryk boýunça,  adamlary ildirip alarlar. Käbir kişiler onuň zarbasyndan ýaralanar. Şeýle hem bolsa halas bolar. Käbirleri bolsa dowzaha dogry kelemenläp gaýdar. Ebu Hureýräniň jany elinde bolan Alladan ant içip aýdýaryn: Jähennemiň düýbüne ýetmek üçin bolsa ýetmiş ýyl gerek». (Muslim, «Iman» 329).

***

Zulum etmek, zalym bolmak

«Zalymlar (şol gün) özlerine ne dost, ne-de sözi geçýän şepagat etjek birini tapyp bilerler». («Mümin» süresi, 40/18).

***

«Zalymlara hiç hili kömek edilmez». («Haj» süresi, 22/71).

***

Hezreti Jabiriň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Hergiz zulum ediji bolmaň! Zulum kyýamat güni zalymyň başyndan tümlük bolup iner. Husytlygam ediji bolmaň! Sebäp diýseňiz, sizden öňki ymmatlaryň başyna şol ýetdi. Hawa, olar husytlyk sebäpli öz aralarynda nähak ýere gan dökmäge, haramy halal saýmaga başladylar». (Muslim, «Birr» 56).

***

Ibn Omar (r.a) gürrüň berýär: «Resuly-Ekrem (s.a.w) heniz aramyzdaka, «Hoşlaşyk hajy» hakynda gürrüň edilýärdi. Ýöne «Hoşlaşyk hajynyň» nämedigini welin, anyk bilmeýärdik. Bir günem Allanyň resuly (s.a.w) Alla hamd-sena getirdi-de, Dejjal hakynda gürrüň bermäge başlady: «Alla iberen pygamberleri arkaly her bir ymmaty Dejjaldan habardar edendir. Nuh pygamberem, ondan soňky pygamberlerem öz ymmatyna ondan ägä bolmagy sargadylar. Bardy-geldi ol siziň araňyzda ýüze çyksa, alamatlaryny bilýändigiňiz üçin mähetdel ony tanarsyňyz. Mundan şübhäňzi bolmasyn! Rebbiňiz kör däl, bu size mälimdir. Dejjalyň bolsa sag gözi kördür. Göýä salkymyndan gopan gögele üzüm dänesi ýaly bolup durandyr. Seresap boluň! Alla size şu aýy (Zulhijje), şu güni, şu sebiti (Mekge) haram kylşy deýin, ganyňyzdyr mal-emlägiňizi hem biri-biriňize haram kyldy. Ýene bir gezek soraýyn: men sizi habardar etdim gerek?!» Şonda sahabalar biragyzdan: «Hawa, habardar etdiň!» diýip seslendiler. Resuly-Ekrem (s.a.w) bolsa: «Eý, Allam! Şaýat bol!» diýip, üç ýola gaýtalady, yzyndanam şeýle diýdi: «Serediň! Men gidenimden soňra kapyrlara meňzäp, biri-biriňiziň kellesini alyberseňiz, diňe özüňize haýp bolar!» (Buhary, «Megazy» 77; Muslim, «Fiten» 100).

***

Hezreti Äşe (r.a) enemiziň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kimde-kim haky bolmadyk (başganyň) bir garyş ýerine eýe çyksa, şol ýeriň ýedi essesi onuň boýnuna ýüklener». (Buhary, «Mezalim» 13; Muslim, «Musakat» 139).

***

Ebu Musa El-Eşarynyň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Alla zalyma möhlet berer. (Emma) bir gün şeýle bir ebşitläp tutar welin, sypdyrjak gümany ýok». Yzyndanam, şu aýaty okady: «Seniň Rebbiň (zulum eden şäherleriň ýaşaýjylaryny) gazabyna tutanda, ine, şeýdip gysyp gowurýar. Şübhesiz, Onuň tutuşy örän zabun, gaty berk bolar» («Hud» süresi, 11/102). (Buhary, «Tefsiri-sure», 11/2; Muslim, «Birr» 61).

***

Abdurrahman ibn Sad Es-Saidi (r.a) gürrüň berýär: «Allanyň resuly  (s.a.w) Ezd kowmundan Ibn Lutbiýýäni zekat ýygnaýjy edip belledi. Ibn Lutbiýýe bu tabşyrygy aýdylyşy ýaly berjaý etdi. Ol Allanyň resulynyň (s.a.w) ýanyna gelip, şeýle diýdi: «Ine, şu zatlar size degişli. Bulary bolsa maňa sowgat berdiler». Şonda Allanyň resuly (s.a.w) ýerinden turup, münbere çykdy. Alla hamdy-sena edenden soňra şulary diýdi: «Allanyň meniň jogapkärçiligime beren işleriniň käbirini siziň biriňize tabşyrýaryn. Ol hem (tabşyrygy berjaý edenden) soň meniň ýanyma gelip şeýle diýýär: «Ine, şu zatlar size degişli. Bulary bolsa maňa sowgat berdiler». Onuň bu edişi dogrumy eýsem?! Eger ol atasynyň öýünde bikär oturan bolsa, şol sowgatlar gelermidi?! Alladan ant içip aýdýaryn! Eger sizden biriňiz haky bolmadyk zada eýe çyksa, kyýamat güni egninde şol zady göterip, Allanyň huzuryna barar. Men hiç haýsyňyzyň boýnunda bozlap ses edýän bir düýäni ýa-da molaýan sygry, ýa bolmasa mäleýän goýny göterip, Allanyň öňüne çykmagyňyzy islemeýärin». Şonda Allanyň resuly (s.a.w) ellerini ýokary galdyrdy we «Eý, Allam! Habardar edendirin!» diýip üç ýola gaýtalady». (Buhary, «Zekat» 3; Muslim, «Imare» 26).    

***

Abdulla ibn Amr ibn Asyň (r.a) gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Hakyky musulman elinden, dilinden zyýan ýetmejekdigine ynanylýan kişidir. Muhajyr bolsa Allanyň gadagan eden zatlaryndan uzak durýan kişidir». (Buhary, «Iman» 4: Muslim, «Iman» 64).

***

Ebu Katade (r.a) gürrüň berýär: «Bir gün sahabalar bilen otyrkak, Allanyň resuly (s.a.w) iň haýyrly amalyň Allanyň ýolunda jihat etmekdigini we iman getirmekdigini aýtdy. Şonda bir adam pygamberimizden (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly! Eger-de men Allanyň ýolunda öldürilsem, günälerim bagyşlanarmy?!» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w) oňa şu jogaby berdi: «Hawa! Sabyry elden bermän, söweş meýdanyny terk etmän, Alla üçin duşman bilen tutluşyp ýörkäň ölseň, bergileriňden başga beýleki günäleriň hemmesi bagyşlanar. Muny maňa Jebraýyl aýtdy!» (Muslim, «Imare» 117).

***

Ebu Hureýre (r.a) gürrüň berýär: «Allanyň resuly (s.a.w) bir gün sahabalardan: «Müflisi çykan» diýip, nähili adama aýdylýar, bilýäňizmi?!» diýip sorady. Sahabalar onuň bu sowalyna: «Biziň bilşimize görä, mal-emlägini elinden giderip, halys garyp düşen kişä aýdylýar» diýip jogap berdiler. Emma Allanyň resuly (s.a.w) ony şeýleräk düşündirdi: «Kyýamat güni ymmatymdan namazyny okan, agzyny beklän, zekatyny beren, ýöne oňa-muňa sögüp, namysyna dil ýetiren, başga birine töhmet atan, ýene biriniň hakyny iýen, nähak ýere adam öldüren we adamlara azar beren kişiler Allanyň huzuryna barar. Şeýle bolansoň, olaryň sogaplary alnyp başgalara berler. Eger-de başgalaryna karz-bergisi gutarmanka sogaplary gutaraýsa, onuň algydarlarynyň günäsi onuň üstüne ýüklener. Soňam ony dowzaha atarlar. Ine, müflisi çykan diýlip şoňa diýler». (Muslim, «Birr» 59).

***

Ümmi Selemäniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly  (s.a.w) şeýle diýipdir: «Menem ynsan. Araňyzda düşünişmezlik bolan wagty, dawaňyzy çözüp bermegim üçin ýanyma gelýäňiz. Taraplaryň birisi nähak hem bolsa beýlekisinden dilewarlygy sebäpli ynandyryjy deliller getirýän gezekleri bolýar. Menem şoňa görä höküm çykarýaryn. Şonuň ýaly ýagdaýda hökümi kimiň bähbidine çykaran bolsam, şol hem oňa dowzahdan berlen paýdyr». (Buhary, «Şehadat» 27, «Ahkam» 20; Muslim, «Akdyýe» 4).         

***

Musulmanlaryň hak-hukugyna hormat goýmak

«Kimde-kim Allanyň mukaddes hasaplan zatlaryna hormat goýsa, bu Rebbiniň huzurynda onuň üçin has haýyrlydyr». («Haj» süresi, 22/30).

***

«Allanyň buýran zatlaryna (hökümlerine) tagzym etmegi onuň kalbynyň takwalygyndandyr». («Haj» süresi, 22/32).

***

«Müminlere (bolsa rahmet) ganatyňy ýaý!» («Hijr» süresi, 15/88).

***

«Kim nähak ýere ýa-da Ýer ýüzünde bozgaklyk etmedik adamy öldürse, göýä, ol ähli adamlary öldüren ýalydyr. Kim bir ynsany (ölümden) halas etse, göýä, ähli ynsanlary (ölümden) halas eden ýalydyr». («Maide» süresi, 5/32).

***

Ebu Musa el-Eşarynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) (iki eliniň barmaklaryny biri-biriniň arasyndan geçirip görkezip) şeýle diýipdir: «Mümin bilen mümüniň arasy bir binanyň daşlarynyň, kerpiçleriniň biri-birine mäkäm daýanyşyp duruşlary ýalydyr». (Buhary, «Salat» 88; Muslim, «Birr» 65).

***

Numan ibn Beşiriň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Müminleriň bir-birini eý görşi, biri-birine merhemet edişi, goraglaýşy dogrusynda aýtmaly bolsa, olar edil bir bedeniň agzalary ýalydyr. Bedeniň bir agzasyna hassalyk ýoluksa, beýleki agzalaram uklap bilýän däldir, olaram gyzdyrmak bilen bolýandyr». (Buhary, «Edeb 27; Muslim, «Birr» 66).

***

Bu hadysy Ebu Hureýre (r.a) gürrüň berýär: «Serwerimiz (s.a.w) agtygy Hasan ibn Alyny öpdi. Onuň ýanynda Akra ibn Habis hem bardy. Şonda Akra şeýle diýdi: «Meniň on sany perzendim bar. Emma olaryň hiç haýsyny beýdip öpmedim». Şonda Allanyň resuly (s.a.w) oňa garap, şeýle diýdi: «Merhemet etmeýäne merhemet edilmez». (Buhary, «Edeb» 18; Muslim, «Fedail» 65). 

***

Hezreti Äşe (r.anha) gürrüň berýär: «Bir gün birnäçe sähraýy Allanyň resulynyň (s.a.w) huzuryna geldiler. Olar pygamberimizden (s.a.w): «Siz çagalaryňyzy öpýäňizmi?» diýip soradylar. Allanyň resuly (s.a.w) olara: «Hawa» diýip jogap berdi. Olar: «Biz-ä perzentlerimizi öpemizok» diýişdiler. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) olara şeýle diýdi: «Alla siziň ýüregiňizden merhemeti söküp alan bolsa, men nädeýin?!». (Buhary, «Edeb» 18; Muslim, «Fedail» 164).

***

Jerir ibn Abdullanyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ynsanlara merhemet etmeýän kişä Alla-da merhemet etmez». (Buhary, «Edeb» 18; Muslim, «Fedail» 66).

***

Ebu Hureýre hezretleriniň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Araňyzdan biriňiz köpçülige ymam bolanda, namazy gysga okatsyn. Sebäbi jemagatyň arasynda güýçsüz, ýarawsyz, gartaşan kişiler hem bolýar. Namazy ýeke özi okanynda bolsa, näçe diýse uzadybersin». (Buhary, «Ylym» 28, «Azan» 62; «Muslim, «Salat» 183).

***

Jundeb ibn Abdullanyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ertir namazyny okan kişi Allanyň hemaýaty astyndadyr. Alla hemaýat etmegine sebäp bolan haýsydyr bir meseleden (ynsanyň Alla bolan ähtini bozmagyndan) ötri hasap bermeli etmäwersin! Sebäbi Alla şol sebäpli hasap soran kişisine bijaý ýowuz darar, ony ýüzinligine dowzaha atar». (Muslim, «Mesajid» 262).

***

Ibn Omaryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Musulman musulmanyň doganydyr, onuň hakyny iýmez, howp astynda galdyrmaz. Kimde-kim musulman doganynyň bir möhümini bitirse, Alla-da onuň möhümini bitirer. Kimde-kim musulman doganyny bir kynçylykdan alyp çyksa, Alla-da kyýamat güni onuň bir kynçylygyny dep eder. Kimde-kim musulman doganynyň aýbyny, kemçiligini örtse, Alla-da kyýamat güni onuň aýbyny, kemçiligini gizlär». (Buhary, «Mezalim» 3; Muslim, «Birr» 58).

***

Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Musulman musulmanyň doganydyr. Oňa hyýanat etmez, ýalan sözlemez, ýüzüni gyzartmaz. Musulman üçin beýleki bir musulmanyň ar-namysy, maly-mülki, gany haramdyr. (Allanyň resuly (s.a.w) eli bilen ýüregini görkezip) Takwalyk ine, şu ýerdedir. Bir musulmanyň beýleki bir musulmany özünden pes görmegi, kemsitmegi şer işlemek üçin ýeterlikdir». (Tirmizi, «Birr» 18).

***

Ebu Hureýräniň (r.a) habar bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Hergiz bir-biriňize göriplik ediji bolmaň! Söwdany gyzdyrjak bolup, satyn almajak zadyňyza hyrydar çykmaň! Ýüregiňizde kine saklamaň, gyýa garamaň! Biri-biriňizden ýüz öwürmäň! Öňden geleşige gelnen söwdany bozujy bolmaň! Eý, Allanyň gullary! Biri-biriňiz bilen gardaş boluň! Musulman musulmanyň gardaşydyr! Ol musulman doganyna ezýet çekdirmez, ondan öýke-kine etmez, ony kemsitmez. Kyn ýagdaýynda taşlap gitmez. (Allanyň resuly indiki sözlerini aýdanda ýüregini görkezdi we muny üç ýola gaýtalady) Takwalyk ine, şu ýerdedir! Bir musulmanyň beýleki bir musulmany özünden pes görmegi, kemsitmegi şer işlemegi üçin ýeterlikdir! Musulman üçin beýleki bir musulmanyň ar-namysy, maly-mülki, gany haramdyr». (Muslim, «Birr» 32).

***

Hezreti Enesiň (r.a) aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «(Eý, müminler!) Siz tä özüňize rowa gören zadyňyzy mümin doganyňyz üçin hem rowa görýänçäňiz, hakyky imana ermersiňiz». (Buhary, «Iman» 7; Muslim, «Iman» 71).

***

 Hezreti Enesiň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Mümin gardaşyň zalym bolsun, mazlum bolsun, tapawudy ýok, oňa ýardam et!» Şonda bir adam ondan (s.a.w): «Eý, Allanyň resuly (s.a.w): mazlum gardaşyma ýardam bererin. Emma zulum edýän kişä nädip ýardam edeýin?!» diýip sorady. Allanyň resuly (s.a.w) onuň bu sowalyna şeýle jogap berdi: «Onuň zulum etmegine ýol berme! Bu oňa ýardam etdigiňdir!» (Buhary, «Mezalim» 4; «Ikrah» 6).

***

Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Musulmanyň musulman doganynyň öňünde bäş borjy bardyr: 1) salamyny almak, 2) hassa bolsa, halyny soramaga barmak, 3) dünýeden ötende jynazasyna gatnaşmak, 4) myhmançylyga çagyrsa, barmak, 5) asgyranda «Ýerhamukella» diýmek». (Buhary, «Jenaiz» 2; Muslim, «Salam» 4).

Bellik: Muslimde şuňa meňzeş başga bir hadys bar. Onda şeýle diýilýär: «Musulmanyň musulman doganynyň öňünde alty borjy bardyr: 1) gabatlaşan wagty salam bermek, 2) myhmançylyga çagyrsa, barmak, 3) nämedir bir zat barada nesihat sorasa, maslahat bermek, 4) asgyran wagty Alla hamd-sena aýtsa («Älhamdulilla» diýse), «Ýerhamukella» diýmek, 5) hassalansa, halyny soramak, 6) dünýeden ötse, jynazasyna gatnaşmak». (Muslim, «Salam» 5).

***

Bera ibn Azib (r.a) gürrüň berýär: «Allanyň resuly (s.a.w) bize ýedi zady ýerine ýetirmegi buýurdy, ýedi zady hem gadagan etdi. Ýerine ýetirmegi buýran zatlary: 1) hassanyň ýagdaýyny sorap barmak, 2) ýasa, jynaza namazyna gatnaşmak, 3) asgyran adama «Ýerhamukella» diýmek, 4) ant içen kişä andyndan dänmezligi üçin ýardam bermek, 5) mazluma arka çykmak, 6) çagyrylan ýere barmak, 7) salamy ýaýmak.  Gadagan eden zatlary: 1) altyn ýüzük dakynmak, 2) kümüş gapda iýip-içmek, 3) ýüpek mata bilen örtülen düşekçede, körpeçede oturmak we ýatmak, 4) ýüpek  matadan tikilen lybaslary geýmek, 5) atlazdan tikilen geýimleri geýmek». (Buhary, «Jenaiz» 2; Muslim, «Lybas» 3). 

Bellik: Muslimde beýan edilýän bir hadysda: «Ýiten zadyňy üstünden bir hepde geçirmän bildirmek» diýen sözlem hem bar. (Muslim, «Lybas» 4).

    ***

Musulmanlaryň aýybyny örtmek

«Iman getirenleriň arasynda erbet sözleri (habarlary) ýaýratmagy halaýanlar üçin bu dünýäde we ahyretde jebir-jepaly azap bardyr». («Nur» süresi, 24/19).

***

Hezreti Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ymmatymyň günäsini paş edenlerinden gaýrysy bagyşlanjakdyr. Kişiniň gijesine günä iş edip, Allanyň gizlemegine garamazdan, ertesi gün oňa-muňa: «Eý, pylany! Düýn gije şunuň ýaly zat etdim» diýip, gürrüň bermegi öz günäsini paş etmek bolýar. Ýogsam, Rebbi bütin gije onuň günäsini gizläp saklapdy ahyry. Ol bolsa sähere çykyp-çykmanka, Allanyň gizlän zadyny aýan edýär». (Buhary, «Edep» 60; Muslim, Züht» 52).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär: «Bir gezek pygamberimiziň (s.a.w) huzuryna içgi içen adamy alyp geldiler. Allanyň resuly (s.a.w) oňa jeza bermegi buýurdy. Adamlaryň kimisi eli, kimisi aýakgaby, geýimi bilen ony urmagy başlady. Bu kişi jezasyny çekip bolup, gidip barýarka, sahabalaryň biri oňa: «Ryswa-masgara bol, ylaýym» diýip gargady. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) gargyş eden kişä şeýle diýdi: «Beýle diýme! Beýtseň (ony azdyrmagy üçin), şeýtana ýardam edersiň». (Buhary, «Hudud» 4).

***

Mätäçlik çekýän musulmana kömek bermek

«(Azapdan) halas bolmak üçin haýyr işläň!» («Haj» süresi, 22/77).

***

Ibni Omaryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Musulman musulmanyň gardaşydyr. Oňa adalatsyzlyk etmez. Kyn gününde ýeke goýmaz. Musulman gardaşynyň möhümini biteren kişiniň ýardamçysy Alladyr. Kimde-kim musulman doganyny bir kynçylykdan alyp çyksa, Alla-da kyýamat güni onuň bir kynçylygyny dep eder. Kimde-kim musulman doganynyň aýbyny, kemçiligini örtse, Alla-da kyýamat güni onuň aýbyny, kemçiligini gizlär». (Buhary, «Mezalim» 3; Muslim, «Birr» 58).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kimde-kim mümini dünýewi kynçylygyndan halas etse, Alla-da ony kyýamat gününiň bir kynçylygyndan alyp çykar. Kimde-kim kyn günde galan birine hemaýat berip, işini ýeňletse,  Alla oňa bu dünýäde we ahyretde ýeňillik döreder. Kimde-kim bir musulmanyň aýbyny örtse, Alla bu dünýäde we ahyretde onuň aýyplaryny örter. Mümin kişi din gardaşyna yzygiderli ýardam edip dursa, Alla-da şol bendesine kömek etmegini dowam etdirer. Kimde-kim ylym almagyň ugruna çyksa, Alla oňa jennete alyp barýan aňsat ýoly görkezer. Allanyň kitabyny okamak, pikir alyşmak üçin Allanyň öýleriniň birinde jemlenen ynsanlary Allanyň rahmeti gurşap alar. Olaryň daş-töweregini perişdeler gallar. Haktagala hezretleri öz ýanyndakylara (perişdelere) olar barada gürrüň berer. Amalda yzda galan kişini ötüp geçen ata-babasy öňe geçirip bilmez (Amal etmedik kişä ötüp geçen ata-babasynyň peýdasy degmez). (Muslim, «Zikir» 38).

***

Garyp-pukarany arzylamak

          «Onuň razylygyny isläp, ertir-agşam Rebbine ýalbarýanlar bilen bile sen hem sabyr et! Dünýä ýaşaýşynyň zynatyny (sapasyny) isläp, gözleriňi olardan (başga ýana) sowma!» («Kehf» süresi, 18/28).

***

Harise ibni Wehbiň (r.a) gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Size kimiň jennete düşjegini aýdaýynmy? Pespällikleri sebäpli il arasynda äsgerilmeýän, sarpasy tutulmaýan garyp-pukaralar (jennete girerler). Olar (bir zat dogrusynda) Hudaýdan ant içseler, Alla olaryň sözüni dogry çykarar. Indi bolsa, kimiň dowzaha düşjegini-de aýdaýynmy?! Rehimsiz, gödek, husyt, tumşugyny göge tutup ýöreýän ulumsy kişiler (dowzaha düşer). (Buhary, «Eýman» 9; «Edeb» 61; Muslim, «Jennet» 47). 

***

Ebu Hureýräniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Kyýamat güni bu dünýäde atly-abraýly hasaplanyp ýören, ýapy ýaly iri göwresi bolan adam Allanyň huzuryna barar. Ýöne Allanyň ýanynda onuň gymmaty siňekçe-de bolmaz». («Buhary, «Tefsiru-sure» 18/6; Muslim, «Syfatul-münafikiýn» 18).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär: «Gara tenli zenan (ýaş gyz) metjidiň arassaçylygyna seredýärdi. Bir gün pygamberimiz (s.a.w) (esli gün bäri) gözüne ilmänsoň, bu zenanyň nirededigini sorady. Onuň aradan çykandygyny habar berdiler. Şonda Allanyň resuly (s.a.w): «Maňa habar berseňiz bolmadymy?!» diýdi. Dogrusy, o ýerdäkiler şol zenana känbir ähmiýet berip baranokdylar. Soňra Allanyň Resuly (s.a.w): «Maňa onuň guburyny görkeziň» diýdi. Pygamberimize (s.a.w) onuň guburuny görkezdiler. Pygamberimiz (s.a.w) zenanyň jynaza namazyny okady, yagşy dilegler etdi. Soňundanam (mazarystandaky gabyrlary görkezip) şeýle diýdi: «Şu gabyrlaryň içi tüm garaňky. Ýöne ine, şu namazyň hormatyna Alla olaryň içini ýagtyldar». (Buhary, «Jenaiz» 67; Muslim, «Jenaiz» 71).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Saç-sakgaly ösüp giden, üsti-başy sallam-sajak, baran işiginden kowlup ýören nijeme kişiler bardyr. Eger olar (bir zat dogrusynda) ant içseler, Alla şol kişileriň sözüniň ýalan çykmagyna ýol bermez». (Muslim, «Birr» 138).

Ýetime, ýoksula garaşyk etmek

«Müminlere (bolsa rahmet) ganatyňy ýaý!» («Hijr» süresi, 15/88).

***

«Onuň razylygyny isläp, ertir-agşam Rebbine ýalbarýanlar bilen bile sen hem sabyr et! Dünýä ýaşaýşynyň zynatyny (sapasyny) isläp, gözleriňi olardan (başga ýana) sowma!» («Kehf» süresi, 18/28).

***

«(Şonuň üçin) sen hem ýetime gaharlanma! Dilegçä gödek bolma (ýüzüni alyp, ony kowma)!» («Duha» süresi, 93/9-10).

***

«Sen dini (kyýamaty) inkär edýäni gördüňmi? Ol ýetime zabun daraýan (adamdyr). Ol garyba (misgine) tagam bermegi halamaz». («Maun» süresi, 107/1-3).

***

Sehl ibn Sad (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) (süýem bilen orta barmagynyň arasyny biraz açyp görkezip) şeýle diýipdir: «Jennetde meniň bilen ýetime garaşyk edeniň arasy, ynha, şeýle ýakyn bolar». (Buhary, «Edeb» 24).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Eline bir bölek çörek ýa-da birki sany hurma tutdurylyp goýberilen kişi misgin däldir. Eýsem hakyky misgin mätäçlik çekýänem bolsa, ile el açmaýan (dilemäge namys edýän) adamdyr». (Buhary, «Tefsiru-sure» 2/48; Muslim, «Zekat» 102).

***

Hezreti Äşe (r.a) enemiz gürrüň berýär: «Bir gün ýanyna iki gyzjagazyny alyp, bir zenan maşgala geldi. Oňa üç sany hurma berdim. Zenan balalarynyň her haýsyna bir hurma berdi. Galan birinem agzyna ýetirenem şol welin, gyzjagazlar ony hem bermegini islediler. Zenan elindäki hurmany deň ikä böldi-de, balalaryna paýlap berdi. Men onuň hamraklygyna haýran galdym. Allanyň resuly (s.a.w) gelensoň, oňa bu hadysany gürrüň berdim. Şonda Ol (s.a.w) şeýle diýdi: «Çagalaryna bolan mähri sebäpli, Allatagala ony ýa jennete alandyr ýa-da dowzahdan halas edendir». (Muslim, «Birr» 148).

***

Ebud Derda Uweýmir (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Garyp-pukaralara hemaýat ediň! Araňyzdaky garyp-gasarlardan ötri Allanyň size ýardam edýändigine, rysgalyňyzy berýändigine hergiz şübhäňiz bolmasyn!» (Ebu Dawud, «Jihad» 70).

Zenanlara hormat goýmak

«Olar bilen mylakatly boluň!» («Nisa» süresi, 4/19).

***

«Siz näçe tagalla etseňiz hem, aýallaryň arasynda adalatly bolup başarmarsyňyz. Şonuň üçin birine (köňlüňizi) doly maýyl edip, beýlekini eýesiz ýaly ýagdaýda goýmaň! Eger arany düzeldip, (adalatsyzlykdan) saklansaňyz, elbetde, Alla bagyşlaýjydyr, rehim-şepagatlydyr». («Nisa» süresi, 4/129).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Hiç kim aýalyndan göwün etmesin! Bir häsiýeti göwnüne ýaramaýan bolsa, başga bir ýagşy häsiýeti bardyr (şony görsün)». (Muslim, «Rada» 61).

***

Amr ibn Ahwas el-Juşemi (r.a) gürrüň berýär: «Hoşlaşyk hajynda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam halka nesihat etdi. Ol sözüni Alla hamdy-sena aýtmak bilen başlady. Şonda ol (s.a.w) şeýle diýipdi:  «Eý, sahabalarym! Zenanlar bilen mylakatly, sypaýy boluň! Bu meniň size ündewim bolsun! Siz olaryň howandarysyňyz. Görnetin wejaralyk etmeseler, olara ezýet bermäge hakyňyz ýokdur. Ýöne edepsizlik ediberjek bolsalar, (ilki) aýry düşekde ýatyň, şonda-da düzelmeseler uruň! Ýöne bir ýerine şikes ýetmez ýaly edip uruň! Aýdanyňyzy edip başlanlaryndan soň olara sütem etmäge bahana arap ýörmäň. Şuny bilip goýuň! Zenanlaryň siziň öňüňizde borçlarynyň bolşy deýin, siziň hem olaryň öňünde borjuňyz bardyr! Olaryň siziň öňüňizdäki borşu şudur: ýatýan otagyňyza nämähremi sekdirmesin, islemeýän kişiňizi öýüňize goýbermesin. Siziň olaryň öňündäki borjuňyz bolsa şudur: başardygyňyzdan oňat geýindirip, bol-elin iýdirip-içirmek». (Tirmizi, «Rada» 11).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň aýtmagyna görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Iman jähetinden aýtmaly bolsa, ahlagy ýagşy mümin kämil mümindir. Siziň iň haýyrlyňyz bolsa, aýallary üçin haýyrly bolanyňyzdyr». (Tirmizi, «Rada» 11).

***

Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleriniň gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Bu dünýä metadyr (sähel wagtlyk peýdalanylýan zatdyr). Dünýä diýilýän şu metanyň iň gymmatly barlygy bolsa, salyha (dindar) zenandyr». (Muslim, «Rada» 64). 

***

Är-aýalyň biri-biriniň öňündäki borçlary

«Erkekler aýallaryň hojaýynydyr. (Munuň sebäbi) Allanyň (ynsanlaryň) käbirlerini beýlekilerinden artyk etmegi hem-de (erkekleriň) emläklerinden (galyň tölemek, eklemek ýaly) çykdajylary etmekleridir. Ýagşy zenanlar (Allanyň emrine) boýun egýänlerdir. Olar Allanyň (öz haklaryny) goraýandygy üçin (ärleri ýok wagty namyslaryny) goraýan aýallardyr». («Nisa» süresi, 4/34).

***

Ibn Omaryň (r.a) gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Siziň hemmäňiz çopansyňyz. Gol astyndakylaryňyzyňdan jogapkärsiňiz. Ýolbaşçy öz işgärinden, erkek maşgalasyndan, aýal äriniň öýünden we perzentlerinden jogapkärdir. Mahlasy, siz çopansyňyz, hemmäňiz raýatyňyzdan jogapkärsiňiz». (Buhary, «Wesaýa» 9; Muslim, «Imare» 20).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermeginä görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Eger Alladan başga birine sežde edilmeli bolsady, aýala adamsyna sežde etmegi buýrardym». (Tirmizi, «Rada» 10).

***

Muaz ibn Jebel (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Bu dünýäde bir aýal adamsyny ynjydan wagty, şol erkegiň (jennetdäki) hüýrleriniň biri oňa şeýle diýip seslener: «Alla seniň janyňy alsyn! Ynjytma ony! Häzilikçe ol seniň myhmanyň. Onuň senden aýrylyp, maňa gowuşmagyna az wagt galdy». (Tirmizi, «Rada» 19).

***

Usame ibn Zeýd (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Men gidenimden soňra erkekleriň iň çetin synagy aýallar boljakdyr». (Buhary, «Nika» 17; Muslim, «Zikr» 97).

***

Maşgalanyň eklenji barada

«Eneleri laýyk iýdirip-içirmek, geýim-gejim bilen üpjün etmek atanyň borjudyr». «Bakara» süresi, 2/233).

***

«Ýagdaýy gowy bolan şoňa görä bersin! Ýagdaýy çäkli (bolan kişi) hem Allanyň beren mümkinçiligine görä bersin! Alla hiç kimi Özüniň beren mümkinçiliginden artykmaç zatdan hasaba çekmez». («Talak» süresi, 65/7).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Hudaýýoluna ýa-da gul azat etmek üçin, ýa bolmasa garyp-gasara sadaka bolsun diýip ýa-da bala-çagaň gerek-hajaty üçin pul harçlansyň. Şolaryň arasynda saňa iň kän sogap gazandyrjagy bala-çagaň üçin sarp eden puluňdyr». (Muslim, «Zekat» 39).

***

Abdulla ibn Amr ibni Asyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Ynsana günä hökmünde öz garamagyndakylary ahmal etmegi ýeterlik».  (Ebu Dawut, «Zekat» 45).

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Her gün säher wagty Ýeriň ýüzüne iki perişde iner. Olaryň birisi şeýle diýip dileg eder: «Eý, Allam! Allanyň ýolunda emlägini sarp eden kişiniň emläginiň öwezini doldur!» Beýleki perişde bolsa şeýle diýip gargyş eder: «Mal-emlägini (sadaka) bermän, husytlyk edýän kişiniň malyny gyrgyna ber!» (Buhary, «Zekat» 27; Muslim, «Zekat» 57).     

***

Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermeginä görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir:

«Beren el alan elden üstündir, haýyrlydyr. Owaly bilen eklenjiňdäki kişileriňe ýardam et. Sadakanyň iň haýyrlysy maldan berlen sadakadyr. Kimde-kim mertebesini gorasa (ile el açmasa), Alla ony hiç kime mätäç etmez. Kimde-kim kanagatly bolsa, Alla oňa baýlyk eçiler». (Buhary, «Zekat» 18; Muslim, «Zekat» 94).


[1]Bidgat –  Täzelik. Yslam dinine ters gelýän täzelikleri girizmek.