***
Gowy görýän zadyňdan haýyr-sahawat etmek
«Siz öz gowy görýän zatlaryňyzdan Alla ýolunda haýyr-sahawat etmeseňiz, (iň uly mertebä) gowulyga ýetip bilmersiňiz». («A:ly-Ymran» süresi, 3/92).
***
«Eý, iman getirenler! Gazanan zatlaryňyzyň we size rysgal edilip, ýerden çykaran zatlarymyzyň gowusyndan haýyr-sahawat ediň! Özüňize berlende göz ýumman almadyk (hoşuňyza gitmejek) erbet zadyňyzy haýyr-sahawat hökmünde bermäň! («Bakara» süresi, 2/267).
***
Hezreti Enes (r.a) gürrüň berýär: «Medineli ensarlaryň arasynda iň köp hurma baglygy bolan kişi Ebu Talhady. Ol aýratynam, Mesjidi-Nebewiniň garşysynda ýerleşen Beýruha diýen hurmalygyny gowy görýärdi. Allanyň resuly (s.a.w) bu baglyga girerdi, şol ýerdäki çeşmeden suw içerdi. «Siz öz gowy görýän zatlaryňyzdan Alla ýolunda haýyr-sahawat etmeseňiz, (iň uly mertebä) gowulyga ýetip bilmersiňiz» («A:ly-Ymran» süresi, 3/92) aýaty inensoň, Ebu Talha (haýal etmän) Allanyň resulynyň ýanyna baryp, şeýle diýdi: «Eý, Allanyň resuly! Allatagala saňa «Siz öz gowy görýän zatlaryňyzdan Alla ýolunda haýyr-sahawat etmeseňiz, (iň uly mertebä) gowulyga ýetip bilmersiňiz» diýen aýaty inderdi. Meniňem iň gowy görýän emlägim Beýruha hurmalygy. Şony Alla ýoluna bagş edýärin. Haktagala muny maňa sogap wesilesi, ahyret azygy edäýedi-dä. Beýruhany Allanyň isleýşi ýaly ulanyp bilersiň!» Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýdi: «Aperin, saňa! Ine, girdeýjili söwda diýip şuňa diýseň. Eý, Ebu Talha! Seniň (ýürekdenligiňi gördüm we) diňledim. Ýöne sen ony garyndaşlaryňa ber! Şeýtseň, dogry bolar». Onsoň Ebu Talha (r.a) şeýle diýdi: «Goý, siziň diýeniňiz bolsun, eý, Allanyň resuly (s.a.w)». Soňra-da ol bu hurmalygy ýakyn garyndaşlary bilen doganoglanlarynyň arasynda paýlaşdyrdy». (Buhary, «Zekat» 44; Muslim, «Zekat» 42).
***
Maşgala agzalaryna Alla etagat etmegi we dini jogapkärçilikleri öwretmek
«Maşgalaňa namazy emir et, özüň hem (namaza) dowam et!» («Taha» süresi, 20/132).
***
«Eý, iman getirenler! Özüňizi we maşgalaňyzy (dowzah) odundan goraň!» («Tahrim» süresi, 66/6).
***
Allanyň Resulynyň (s.a.w) öweý ogly Ebu Hafs Omar ibn Ebi Seleme (r.a) gürrüň berýär: «Men Resuly-Ekremiň (s.a.w) maşgalasynda we hemaýatynda (ösüp ulanan) oglanjykdym. Birlikde nahar iýerdik. Şonda elim tabagyň hemme ýerine uzaberýärdi. Bir gezegem Allanyň resuly (s.a.w): «Oglum! Nahary «bismillä» bilen başla, sag eliň bilen, öz öňüňden iý!» diýdi. Şondan soňra men (bütin ömrüme mümkingadar) nahary edil onuň tabşyryşy ýaly iýdim». (Buhary, «Et’ime» 2; Muslim, «Eşribe» 108).
***
Ibni Omaryň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Siziň hemmäňiz çopansyňyz. Gol astyndakylaryňyzdan jogapkärsiňiz. Döwlet baştutany çopandyr. Ol raýatyndan jogapkärdir. Erkek maşgalasynyň çopanydyr, olardan jogapkärdir. Zenan äriniň öýüniň çopanydyr. Ol hem gözegçiligindäki zatlardan jogapkärdir. Hyzmatçy hojaýynyň malynyň çopanydyr. Ol hem gol astyndakylardan jogapkärdir. Garaz, siziň hemmäňiz çopansyňyz, hemmäňizem raýatyňyzdan jogapkärsiňiz». (Buhary, «Wesaýa» 9, «Ahkam» 1; Muslim, «Imare» 20).
***
Goňşy bilen ýagşy gatnaşykda bolmak
«Alla ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşmaň! Ene-ata, dogan-garyndaş, ýetimler, garyp-gasar, ýakyn-u-uzakdaky goňşular, ýol hemraňyz, ýolagçy we gol astyňyzdakylar (gul-gyrnaklar) bilen örän gowy gatnaşykda boluň!» («Nisa» süresi, 4/36).
***
Ibn Omaryň (r.a) we Äşe (r.a) enemiziň gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Jebraýyl maňa goňşa ýagşylyk etmegi şeýle bir kän ündeýärdi welin, iň soňunda goňşyny goňşa mirasdar eder öýtdüm». (Buhary, «Edeb» 28; Muslim, «Birr» 140).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleri gürrüň berýär: «(Bir gezek) hezreti pygamber (s.a.w): «Walla, iman getirdigi bolmaz!» diýip, üç ýola gaýtalady. Şonda sahabalar: «Kimiň iman getirdigi bolmaz, eý, Allanyň resuly (s.a.w)?» diýişdiler. Allanyň resuly (s.a.w): «Etjek ýamanlygyndan ötri goňşusyny alada goýýan kişi» diýip jogap berdi». (Buhary, «Edeb» 29; Muslim, «Iman» 73).
***
Ebu Hureýre (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Eý, musulman zenanlar! Zenan goňşyňa goýnuň (bir) injigi ýaly hem bolsa (nämedir bir zat) sowgat bermegi ahmal etmäň!» (Buhary, «Hibe» 1, «Edeb»; Muslim, «Zekat» 90).
***
Ebu Şureýh el-Huzaýynyň (r.a) gürrüň bermegine görä, ynsanlygyň buýsanjy Serwerimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Alla we ahyret gününe iman getiren kişi goňşusy bilen ýagşy gatnaşykda bolsun, oňa gowulyk etsin. Alla we ahyret gününe ynanýan kişi (öýüne gelen) myhmana hödür-kerem etsin (saçak ýazsyn). Alla we ahyret gününe iman eden kişi ýa haýyr sözlesin, ýa-da dymsyn». (Muslim, «Iman» 77).
***
Ene-ata hormaty we garyndaşlyk gatnaşygy hakda
«Alla ybadat ediň, Oňa hiç zady şärik goşmaň! Ene-ata, dogan-garyndaş, ýetimler, garyp-gasar, ýakyn-u-uzakdaky goňşular, ýol hemraňyz, ýolagçy we gol astyňyzdakylar (gul-gyrnaklar) bilen örän gowy gatnaşykda boluň!» («Nisa» süresi, 4/36).
***
«Biz ynsana ene-atasyna seretmegi (olara ýagşylyk etmegi) wesýet etdik. Çünki ejesi ony nijeme kynçylyklar döz gelip, (garnynda) göterdi. Ol iki ýylda süýtden aýrylar. Maňa we ene-ataňyza şükür ediň!» («Lokman» süresi, 31/14).
***
«Seniň Rebbiň diňe Özüne ybadat etmegi we ene-ataňyza ýagşylyk etmegi emir etdi. Ol ikisinden (ene-atadan) biri ýa-da her ikisi seniň ýanyňda garrylyga ýetse, olara «uf» hem diýme, olara azgyrylma! Ol ikisine hoş (mylaýym) söz aýt! Ol ikisine mähribanlyk bilen pespällik ganatyňy ýaý we aýt: «Eý, Rebbim! Meni çaga wagtym (rehimdarlyk bilen) terbiýeläp ösdürişleri ýaly, (Sen hem) olara merhemet et!» («Isra» süresi, 17/ 23-24).
***
«(Eý, mynapyklar!) Eger işler siziň (ygtyýaryňyza) berilsedi, (onda) siz Ýer ýüzünde pisat (bulagaýlyk) çykaryp, garyndaşlyk gatnyşyklaryňyzy kesjekdiňiz, şeýlemi?! (Ine), bular Allanyň näletläp, gulaklaryny ker, gözlerini kör eden kişileridir». («Muhammet» süresi, 47/22-23).
***
«Alla çyndan ähti-peýman edenlerinden soňra wadasyny bozanlar, Allanyň emir eden (garyndaşlyk) baglanyşyklaryny kesenler, Ýer ýüzünde pitne-pisat çykaranlar (ýokmy, ana şolara) nälet bolsun! Ýurduň ýamany (dowzah) hem olar üçindir». («Rad» süresi, 13/25)
***
Abdulla ibn Mesud (r.a) gürrüň berýär: «(Bir gün) pygamberimizden (s.a.w): «Allany iň köp hoşnut edýän amal haýsy?» diýip soradym. Şonda pygamberimiz (s.a.w): «(Laýyk) wagtynda okalan namaz» diýdi. Men: «Ondan soňra?» diýip soradym. Ol (s.a.w): «Ene-ataňy sarpalamak. Olaryň öňündäki borçlaryňy berjaý etmek» diýdi. Men ýene-de: «Ondan soňra haýsy amaldan (hoşal bolýar?)» diýip soradym. Ol (s.a.w): «Allanyň ýolunda söweş etmek» diýdi». (Buhary, «Edeb» 1; Muslim, «Iman» 137).
***
Ebu Hureýre (ra) hezretleri gürrüň berýär: «Bir adam rahmet pygamberinden (s.a.w): «Ynsanlaryň arasynda ýagşylyga iň mynasyp kişi kimdir?» diýip sorady. Resul-Ekrem (s.a.w): «(Öz) eneň» diýdi. Ýaňky adam: «Ondan soňra?» diýdi. Pygamberimiz (s.a.w) ýene-de: «(Öz) eneň» diýip jogap berdi. «Ondan soňra kim gelýär?» diýip soranda bolsa, (Allanyň resuly (s.a.w): «Ataň» diýdi». (Buhary, «Edeb» 2; Muslim, «Birr» 1).
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) hezretleriniň gürrüň bermegine görä, Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýipdir: «Garyndaşynyň ýagşylygyna ýagşylyk bilen jogap berlende däl-de, eýsem (ol) arany kesen wagty gatnaşygy saklamaga, (oňa) ýagşylyk etmegi dowam etdirilende, garyndaşlyk hukugy birkemsiz berjaý bolar». (Buhary, «Edeb» 15).
***
Abdulla ibn Mesudyň (r.a) aýaly Zeýnep es-Sekafiýe (r.a) gürrüň berýär: «(Bir gezek) Allanyň resuly (s.a.w) zenanlara ýüzlenip şeýle diýdi: «Zenanlar! Şaý-sepleriňizdenem bolsa sadaka beriň!» Şonda men Ibn Mesudyň ýanyna baryp, şeýle diýdim: «Seniň güzeranyň onçakly däl. Allanyň resuly (s.a.w) bize (zenanlara) sadaka bermegi buýurdy. Sen pygamberimizden (s.a.w) sadakamy saňa bersem bolýarmy, hemem şeýtsem onuň buýrugyny berjaý etdigim bolýarmy, şony sorap gel?! Ýok, bolmaýan bolsa, onda sadakany başga birine berjek». Abdulla maňa: «Git-de, özüň sorap geläý!» diýdi. Onsoň men eglenmän pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna ugradym. Barsam, onuň öýüniň gapysynda ensardan bir zenan garaşyp duran eken. Görüp otursam, ol hem şol mesele bilen gelen eken. Pygamberimiziň (s.a.w) üýtgeşik bir saýhallylygy bardy. Şol sebäpli onuň huzuryna girmäge çekinerdik. Onsoň gapysynda garaşyp duruberdik. Şol mähetdel içerden Bilal çykdy. Ondan içerik girip, daşarda iki zenanyň sadakalaryny öz ärine ýa-da (ýakynlaryndan) ýetim bolanyna berse, kabul bolup-bolmajagyny sorap gelendiklerini bildirmegini isledik. Ýöne biziň kimdigimizi aýtmaň diýip haýyş etdik. Bilal Allanyň resulynyň (s.a.w) huzuryna girip, oňa biziň sowalymyzy ýetirdi. Şonda pygamberimiz (s.a.w): «Kim olar?» diýip sorapdyr. Bilalam «Ensardan bir zenan, şeýle hem Zeýnep» diýipdir. Pygamberimiz (s.a.w) ýene-de: «Haýsy Zeýnep?» diýip sorapdyr. Onsoň Bilal: «Abdullanyň aýaly Zeýnep» diýipdir. Şondan soňra Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Olar (şeýle eden ýagdaýynda) birbada iki hili sogaba miýesser bolarlar. Ýakynyňa hemaýat etmegiň hem-de sadaka bermegiň sogabyny alarlar. (Buhary, «Zekat» 48; Muslim, «Zekat» 45).
***
Ebu Hureýre (r.a) gürrüň berýär: «(Öňünçä) ýakyn garyndaşlaryňa duýdur!» («Şuara» süresi, 26/214) aýaty inensoň, Allanyň resuly (s.a.w) kureýşiň kethudalaryny (öýüne) çagyrdy. Çagyrylanlar jem bolansoň, olaryň käbirine hemmäniň öňünde, käbirine bolsa aýratynlykda şulary aýtdy:
Eý, Abduşşemsogullary! Eý, Kab ibn Lueýogullary! Nebisleriňizi dowzahdan goramagyň ugruna çykyň!
Eý, Murre ibn Kab ogullary! Nebisleriňizi dowzahdan goramagyň ugruna çykyň!
Eý, Abdumenafogullary! Nebisleriňizi dowzahdan goramagyň ugruna çykyň!
Eý, Haşymogullary! Nebisleriňizi dowzahdan goramagyň ugruna çykyň!
Eý, Abdulmuttalibogullary! Nebisleriňizi dowzahdan goramagyň ugruna çykyň!
Eý, gyzym Patma! Senem nebsiňi dowzahdan goramagyň aladasyny et! Çünki ahyretde siziň üçin edip biljek zadym ýok. Ýöne size şuny aýdaýyn: aramyzdaky garyndaşlyk bagyny saklaryn». (Muslim, «Iman» 348).
***
Selman ibn Amiriň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Ýoksullukda berlen sadaka bir, garyndaşyňa berlen sadaka bolsa iki sadaka ýerine geçýär: olaryň birisi sadakanyň sogabydyr, ikinjisi bolsa sylaýy-rahymyň (dogan-garyndaşlaryň bilen gatnaşygy saklamagyň) sogabydyr». (Tirmizi, «Zekat» 26).
***
Abdulla ibn Amr ibn Asyň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň Resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Kebair (uly günäler) şulardyr: Alla şärik goşmak, ene-ataňa baş galdyrmak, (nähak) adam öldürmek we ýalan ýere ant içmek». (Buhary, «Eýman» 16, «Diýat» 2).
***
Abdulla ibn Amr ibn As (r.a) gürrüň berýär: «Allanyň resuly (s.a.w) «Kişiniň ene-atasyna sögmegi uly günädir» diýende, sahabalar: «Eý, Allanyň resuly (s.a.w)! Heýem, ynsan ene-atasyna sögermi?» diýip sorady. Şonda Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýip jogap berdi: «Hawa. Bir adam başga biriniň atasyna söger welin, ol hem onuň atasyna söger ýa-da birisi beýleki biriniň enesine söger, olam onuň enesine söger. Bu hem ynsanyň öz ene-atasyna sögdügidir». (Buhary, «Edep» 4; Muslim, «Iman» 146).
***
Mugyra ibn Şubäniň (r.a) gürrüň bermegine görä, Allanyň resuly (s.a.w) şeýle diýipdir: «Alla size ene-ata baş galdyrmagy, (borçlaryňy) berjaý etmezligi, (hakyň bolmadyk zady) almagy, gyz çagalary diriligine topraga gömmegi haram kyldy. (Şeýle hem, Ol) guft-u-guýu (biderek boş gürrüň, gybat), ýerliksiz kän sowal bermegi, emlägi ýerliksiz sowurmagy (isribi) halaýan däldir». (Buhary, «Zekat» 53; Muslim, «Akdyýe» 10).