Güniň Sünneti 1

Bir iş etjek bolsa, hökman «Bismilläh» diýerdi. Arassa zada elini urmaly bolanda sag elini, hapa elini urmaly bolanda-da çep elini ulanardy.

Sag eliniň üç barmagy bilen nahar iýerdi we elini süpürmänkä barmaklaryny ýalardy. “Tagamyň bereketiniň nirededigini bilip bolmaz” diýerdi.

Nahara hemmeler bilen deň başlardy.

Aşgazanyň üçden bir bölegini nahar üçin, üçden birini suw üçin, üçden bir bölegini bolsa rahat dem alar ýaly boş goýardy.

Naharyny iýen dessine ýatmazdy.

Nahardan soň: “El-hamdülillähillezi et’ämenä ve sekänä ve je’alenä min’el-müslimin”, ýagny “Bizi iýdirip-içiren we musulmanlardan eden Alla şükürler bolsun!” diýip doga ederdi.

Köpçüligiň arasyna baranda-da, köpçülikden gaýdanda-da olara salam bererdi.

Salam bermek üçin elini uzadan adamyň özi elini çekmese, olam elini çekmezdi.

Ýaşulylara oturar ýaly törden ýer görkezerdi, olara hödür-kerem ederdi.

Gülesi gelse, gaty sesi bilen hahaýlap gülmän, diňe ýylgyrardy.

Bir zady gürrüň berip otyrka aýratyn möhüm meseleleri üç gezek gaýtalap aýdardy.