Öýle wagty

Öýle wagty bir ýyl bilen deňeşdirilende tomus möwsüminiň ortasyna, adamyň ömri bilen deňeşdireniňde men diýen ýaşlyk döwrüne, dünýäniň ömri bilen deňeşdirilende bolsa dünýäde ynsanyň ýaradylyş döwrüne meňzeýär we olarda şöhlelenýän rahmetiň nygmatlaryny ýatladýar.

Öýle Günüň süýr günortandan ikindä agyp başlan, gündelik işleriň belli bir böleginiň bitirilen, işleriň depginli howasyndan daşlaşyp, gysga wagtlyk dynç almaga zerurlyk duýulýan, ynsan ruhunyň pany dünýäniň geldi-geçer, agyr işleriniň berýän gaflatyndan, ýadawlygyndan irip, rahatlyk gözleýän wagtydyr. Ynsanyň ruhy gysyp-gowrup barýan bu gurşawdan halas bolup, Beýik Rebbiniň huzuryna çykmagy, gol gowşuryp, nygmatlaryna şükür we hamdy-sena edip ýardam dilemegi, Onuň jelalynyň we ululygynyň öňünde rukug we sežde etmek bilen ejizligini bildirmegi aňladýan öýle namazyny okamaga çäksiz höwes, zerurlyk duýýar. Ylaýta-da bu namaz hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) yzynda durup, Oňa uýup okalan namaz bolsa…

Hawa, Resuly-Ekrem (s.a.w) uly joşgun bilen metjide gelýän sahabalaryna öýle namazyny okadardy. Eger şol gün juma güni dagy bolsa, baýramçylyk howasynda uly şatlyk bilen namaza taýynlyk görlerdi. Dyrnaklar alnyp, hammama girilerdi, täze egin-eşik geýlip, hoşboý atyrlar çalnardy, beýleki günlerden has ir metjide gidilerdi. Resulallanyň (s.a.w) hutbasy diňlenerdi, yzyndan hem namaz okalardy. Aýratyn hem, beýleki wagt namazlaryna garanyňda çagalardyr aýal-gyzlar bu namaza has köp gelerdiler.

Dini, taryhy çeşmelerimizde kadaly ýagdaýda günorta naharynyň iýlendigi hakynda maglumat ýokdur. Fytyr (pitre) ýa-da käbir beýleki keffaratlaryň mukdary anyklananda gündelik iki wagt nahardan hasaplanmagy-da ertir we agşam naharlarynyň üstüne goşmaça üçünji wagt naharyň goýulmaýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, ertirligini daňdan selälikde iýýän kişiniň gündizlerini agzy bekli ýagdaýda nähili ýeňil geçirip biljekdigine göz ýetirmek kyn däldir. Aslynda häzirki döwrümizde-de iki wagtyna naharlanmak wagtymyzy, pulumyzy tygşytlamak, saglygymyzy gorap saklamak üçin maslahat berilýän, berjaý edilmeli sünnetleriň biridir. Elbetde, şeker hassalygy, aşa semizlik we şuňa meňzeş ýagdaýlar aýratyn göz öňünde tutulmalydyr.