Säher

Ýer ýüzünde gündelik ýaşaýyş Gün dogmanka başlaýar. Ýapraklaryň üstündäki nem damjalarynyň emele gelşi, pyntyklaryň açylmagy, guşlaryň saýraýşy, säher şemalynyň adaja öwüsmegi… her bir barlyk öz dili bilen Gün dogmanka külli zikir halkasyna goşulýar. Çünki bu sagatlar baharyň başlangyjyna, adamyň ene göwresine düşen döwrüne, Ýeriň we asmanyň alty günlük ýaradylyş tertibiniň birinji gününe meňzeýär, bu hadysalary ýatladýarlar we olardaky ylahy öwrülişikleri duýdurýarlar. Ynsan hem beýleki barlyklaryň öz ýaradylyşlaryna görä emele getiren zikir halkasyna aňly-düşünjeli hal-ahwaly bilen goşulýar. Başda namaz we beýleki tagat-ybadaty, zikirleri bilen täze güne başlaýar.

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) hem güne ertir namazy bilen başlardy. Bilşimiz ýaly, Onuň sagadatlyk öýi Mesjidi-Nebewiniň howlusynyň bir tarapynda ýerleşýärdi. Batyl sahaba Abdulla bin Ümmi Mektum (r.a) azan aýtmak bilen ertir namazynyň wagtynyň girendgini yglan ederdi. Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) otagynda sünnetini okandan soňra jemagata parz namazyny okatmak üçin metjide çykardy. Metjide gelip bilmejek ýagdaýdaky kişiler bolaýmasa, her kim parz namazyny Resulalla (s.a.w) uýup okamaga jan ederdi.

Resuly-Ekrem (s.a.w) namazdan soňra hemişe tä Gün dogup, ýerden saýlanýança ilki tesbihatyny we şol wagta mahsus zikirini, dileg-dogalaryny ederdi. Soňra sahabalaryna tarap öwrülerdi-de aýbogdaşyny gurup, olar bilen söhbete başlardy. Bu söhbetleriň dowamynda gündelik meseleler, taryhy wakalar, öten agşamky görlen düýşleriň ýorgutlary, iman hyzmatyna dahylly meseleleri, sowal-jogap alyşmak, müşgili bolanyň möhümini bitirmek ýaly adamzadyň gündelik ýaşaýşyna dahylly nijeme gürrüňler edilerdi. Ýagny ybadat halkasynyň yz ýany ylym-irfana ýugrulan mejlise ýazyp giderdi.