Säher (dowamy)

Ylym-irfan mejlisiniň her gün bolandygyna şu wakanyň üsti bilen göz ýetirýäris:

Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) aýallaryna edep dersini bermek, pygamberiň aýaly bolmaklygyň nähili uly jogapkärçilik talap edýändigini olara ýatlatmak, soňky gelen nesillere-de şeýle mesele bilen ýüzbe-ýüz bolnanda nähili hereket etmelidigini görkezmek üçin bir aýlap olar bilen gepleşmezligi ýüregine düwen güni ertir namazyny okandan soňra adaty söhbetini etmän, «meşrübe» diýilýän külbejige çekilipdi. Hezreti Omar (r.a) başlyklaýyn sahabalaryň hemmesi bolmasy bir işiň bolandygyny aňypdylar. Hakykatdan-da, «Ila» diýlip atlandyrylýan bu hadysa sebäpli birnäçe aýat hem inipdi.

Bu hadysadan görlüşi ýaly, säher söhbetleri aňsat-aňsat terk edilmändir. On ýyldan gowrak döwrüň içinde her günüň iň bereketli wagtynda azyndan bir sagat dowam eden pygamber söhbetiniň nähili gymmatlydygyny diňe oňa gatnaşanlar biler. Hezreti Pygamberimizi (s.a.w) diňlemek Mütekellimi-Ezelini diňlän ýalydyr. Çünki gwahyý Resulallanyň (s.a.w) päk wyždanynda, dup-dury köňlünde edil gelşi ýaly sap arassalygy bilen şöhlelenýärdi. Hut bu jähetden Ony tanaýan kişiler Onuň öňünde oturan wagty durşy bilen gulaga öwrülip, Ony diňlärdi.

Käbir hadyslarda hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) hemişe diýen ýaly guşluk wagtyna çenli metjitde oturandygy, guşluk namazyny okandan soňra turandygy hakynda maglumat berilýär. Galyberse-de, şeýle etmeklige höweslendirýän bir hadysy-şerifde: «Kim ertir namazyny okandan soňra ýerinde oturyp, tä iki rekagat guşluk namazyny okaýança haýyrly gürrüňler etse, günäleri deňziň köpürjigi ýaly köp hem bolsa, bagyşlanar» diýilýär.

Bu söhbetleriň dowamynda sahabalaryň gören düýşleriniň hem ýorulandygyny ýokarda agzap geçipdik. Resulalla (s.a.w) namazdan soňra «Buşlaýjy (düýş) göreniňiz barmy?» diýip sorardy, sahabalar hem gören düýşlerini aýdyp bererdiler. Bu barada Hezreti Abdylla ibni Omar (r.a) şeýle wakany gürrüň berýär: «Resulalla aýatda dirikä, sahabalaryň biri düýş görse, ony Pygamberimize gürrüň bererdi. Menem düýş görmegi we Allanyň Resulyna gürrüň bermegi arzuw ederdim. Men şol wagtlar ýetginjek oglandym, metjitde ýatardym. Bir gün şeýle bir düýş gördüm: iki perişde meniň golumdan tutup, jähenneme alyp gitdiler. Jähennem daşdan örülen guýynyň diwary ýaly bolup görünýärdi. Ol ýerde meniň ýakyndan tanaýan kişilerim-de bardy. Men (janhowluma) «Jähennemden Alla sygynýaryn» diýip gygyrmaga başladym. Şol barmana ýanymyza başga bir perişde gelip, maňa «Gorkma, seni bu ýere oklamazlar. Gaýgy edip oturma!» diýdi».