SÄHER (dowamy)

Hezreti Abdulla (r.a) gürrüňiniň dowamynda şeýle diýýär: «Bu düýşümi hezreti Pygamberimiziň aýaly doganym Hafsa gürrüň berdim. Ol hem muny Allanyň Resulyna aýdanda, Ol şeýle diýipdir: «Abdulla nähili gowy oglan! Käşgä ol ýary gije turup, ybadat etmegi endik edinsedi!» Çünki oňa jähennem şekilinde görkezilen zat gabyr azabyna degişlidir. Şol ýagdaýa duçar bolmazlygyň ýeke-täk ýoly bolsa gijeleriňi tagat-ybadat bilen ýagtyltmakdyr. Abdullanyň guly Salim: «Bu wakadan soňra Abdulla az wagtlyk gözüniň awusyny almak üçin irkiläýmese, gijelerine ýatmady» diýýär.

Hezreti Omaryň (r.a) ogly Abdulla (r.a) her tarapdan alanyňda-da edil kakasy ýaly saýlantgy ynsandy. Kakasynyň janyna kast edilenden soňra adamlar hezreti Abdullanyň (r.a) halyf bolmagyny isleýärdiler. Eger hezreti Omaryň (r.a) hut özi garşy çykyp, «Bir öýden bir gurban ýeter» diýmesedi, ymmat ony halyf saýlajakdy. Onuň ylmy umman ýaly giňdi, ol takwalygyň, zühdüň çür başyndaky ynsanlaryň biridi.

Metjitde guşluk namazy okalandan soňra eger bir ýere gidilmeli däl bolsa, hezreti Pygamberimiz (s.a.w) öýüne barardy. Maşgalasyndan iýer-içer ýaly zadyň barlygyny-ýoklugyny sorardy. Eger garbanmaga bir zatlar bar bolsa, ertirlik edinerdi, ýok bolsa-da «Onda meniň agzym bekli» diýip, şol gününi orazaly geçirerdi. Iýmäge zat tapylan wagtlarynda-da bar bolan iýmit, köplenç, süýt, hurma, birküç bölek arpa çöregi we şuňa meňzeş zatlardan ybaratdy. Ýagny öýlerinde näme bar bolsa, şony iýerdiler, hiç haçan nahar dannamazdylar. Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) ýakynyndaky kişiler Onuň naharlanyşy hakynda şu maglumatlary ýetirýärler:

– Allanyň Resuly (s.a.w) Medinä hijret edenden tä ahyrete göç edýänçä Onuň maşgalasy üç gün yzly-yzyna bugdaý ununyň çöregini iýip görmedi;

– Resulalla (s.a.w) käwagtlar açlygyny bildirmejek bolup, garnyna daş daňyp gezerdi;

– Sagadatlyk ojagynda iň köp iýlip-içilen iki zat bardy: hurma we suw;

«Men Allanyň guly, nahary-da guluň iýşi ýaly iýýärin» diýerdi we nahary dyzyna çöküp iýerdi;

– Ajykman iýmezdi, doýmanam turardy.