SÄHER (DOWAMY)

Bu maglumatlardan şuňa göz ýetirýäris: Resuly-Ekremiň (s.a.w) durmuşynda naharlanmagyň orny häzirki döwürdäki ýaly ýaşaýşyň özeninde däldi. Gündelik durmuş nahar wagtlaryna görä düzülmeýärdi. Nahar üçin köp wagt sarp edilmeýärdi. Naharyň ýok wagty gahar edilmeýärdi. Supralar müň bir dürli tagamlar bilen bezelmeýärdi. Söhbetlerde naharyň görnüşinden gürrüň edilmeýärdi. Has gowy nahar iýmek üçin kilometrläp ýol sökülmeýärdi. Uzyn-uzyn nahar stollary düzülmeýärdi. Bu sebäpden häzirki ýagdaýyň bütinleý tersine, beýleki möhüm meseleleriň çözgüdi üçin has köp wagt we maddy serişde tygşytlanylýardy.

 Hezreti Pygamberimiz (s.a.w) öýleden öň birsellem dynç alardy. Bilşimiz ýaly, adamyň biologiki gurluşy uklap dynç almaga mejbury edilip ýaradylypdyr. Hiç hili durman zähmet çekýän, hereketde bolýan beden belli bir wagtdan soňra  tapdan düşüp, güýjüni ýitirýär we dürli dertler bilen kesellemäge başlaýar. Şonuň üçin adamyň gijelerine ýatyp, ukusyny almagy hökmany zerurlykdyr. Emma gijeki ybadatlar we şuňa meňzeş amallar bilen uky doly alynmansoň işleriň köplügi, stres, üns dagynyklygy, ýadawlyk we howanyň gyzgynlygy ýaly sebäpler gündizine-de uklap dynç almagy talap edýär. Yslamy adalgada bu  uka «kaýlule» diýilýär. Öz dilimizde bolsa muňa «öýle ukusy» ýa-da «günortan ukusy» hem diýýäris.

Hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) günorta çagy birsellem uzanyp dynç almagy nesihat etmegi, özüniň hem muny adat edinmegi bilen ymmat kaýlulä sünnet hökmünde garap başlaýar. Ibn Abbasyň (r.a) gürrüň berýän bir hadysynda hezreti Pygamberimiz (s.a.w) «Gündiziň orazasyna selälik bilen, gijeki ybadata bolsa öýle ukusy (kaýlule) bilen ýardam ediň!» diýýär. Enes bin Mäligiň (r.a) gürrüň berýän bir hadysynda bolsa ejesi Ümmi Süleýmiň (r.a) her gün diýen ýaly öýlerinde hezreti Pygamberimiz (s.a.w) üçin ýer taýynlap goýýandygyny, Resuly-Ekremiň (s.a.w) şol ýerde günorta ukusyny alýandygyny beýan edilýär.

Sahabalarymyz hem gündelik ýaşaýyşda hökmany suratda günorta ukusyny almagy endik edinipdirler. Olar juma günleri juma namazyndan soňra, galan günlerde bolsa öýle namazyndan öň uklap dynç alypdyrlar we şeýle etmelidigini gaýta-gaýta nesihat edipdirler. Başga bir hadysda bolsa kaýlulä adamyň tebigatyna muwapyk bolan endik hökmünde garalypdyr.