Adaty durmuşda ýaşan islendik adamyň ömründen ýigrimi dört sagatlyk gysgajyk wagty, ýagny bir güni hakynda gürrüň etmek şol adamy tanatmak üçin, elbetde, ýeterlik bolmaz. Çünki ýaşalan günleriň biri beýlekisinden tapawutlydyr. Ylaýta-da şol ynsan hezreti Pygamberimiz (s.a.w), ýagny:
– ahyret älemi bilen dowamly baglanyşygy bolan;
– ruhy-manewi taýdan hemişe ösüşde bolan;
– her biri aýratyn ruhy joşgun berýän, ýaşaýşy täzeden bina edýän wahyýlar alan;
–bütin adamzadyň derdine derman bolmaklyk wezipesi boýnuna ýüklenen;
– her bir hal-ahwalyndan hikmet gaýnap-joşýan maşgalabaşy bolan;
– jana-jan dostlary bilen bir hatarda ganym duşmanlary-da bolan;
– ahyretiniň aladasyny bu dünýäniň aladasyndan ileri tutan;
– ýaşaýşy ybadata ýugrulan;
– bütin adamzadyň içinde iň gözel ahlakly, her taraplaýyn iň kämil ynsan bolsa, üstesine-de bu mowzuk gysga göwrümli makala bilen beýan edilmäge çalşylsa, iş hasam kynlaşar. Emma Resulallanyň (s.a.w) ömrüniň tas her bir güni anyk bilinýändigi üçin bu mesele azda-kände ýeňilleşýär.
Okyjynyň aňsat düşünip bilmegi we hezreti Pygamberimiziň (s.a.w) bir gününi dolulygyna ele almak üçin eseriň başynda şeýle usuldan peýdalanmagy makul bildik:
Güni belli wagtlara bölüp, gürrüňi edilýän wagtda Resuly-Ekremiň (s.a.w) eden işlerini, hal-ahwalyny ygtybarly çeşmelere ýüzlenmek bilen beýan etdik. Sagadatlyk asyrynda we ondan soňky döwürlerde gündelik ýaşaýyş, esasan, metjidiň töwereginde we namaza görä sazlanandygy üçin güni namaz wagtlaryna laýyklykda bäşe böldük. Resulallanyň (s.a.w) we Oňa eýerenleriň ýaşaýşynda gijä aýratyn ähmiýet berlensoň, ony-da aýratyn wagt görnüşinde berdik.