2-nji süre
«Bakara» süresi
«Bakara» süresi Medine döwrüniň[1] ilkinji ýyllarynda inip başlaýar we dürli hadysalar bilen baglanyşykly ýagdaýda bölek-bölek inmek bilen, takmynan, on ýyla çekýär. Bu Kuranyň iň uzyn süresi bolup, iki ýüz segsen alty aýatdan ybaratdyr. Bu süre göwrümi boýunça Kuranyň on ikiden birine barabardyr. Onda Kuranyň öňe sürýän ideasy giňişleýin düşündirilýär. Süräniň umumy gurluşyny göz öňüne getireniňde ol girişden, dört sany esasy meseleden we netijeden ybaratdyr.
Girişde Kuranyň esasy missiýasy düşündirilýär. Kuranyň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Şeýle-de, Kuranyň hak ýola ulaşdyryjy ylahy çeşmedigi, muny, esasan, ýüregi päk adamlaryň duýjakdygy, ruhy göýdükleriň bolsa ondan ýüz öwürjekdigi aýratyn nygtalýar.
Bu sürede esasy dört mesele öňe çykýar:
Birinjisi: Yslam belli bir halka däl-de, tutuş adamzada ýüzlenýän dindir.
Ikinjisi: «Ähli-kitabyň»[2] uýýan ters pikirlerine düzediş berilmek bilen olar hem Kurana uýmaklyga çagyrylýar.
Üçünjisi: Yslamyň buýruklary giňişleýin beýan edilýär.
Dördünjisi: Yslamyň buýruklaryny berjaý etmeklige höweslendirilýär.
Netijede bolsa, Kuranyň öňe çykarýan ýokardaky meselelerine çynlakaý çemeleşýänleriň we olary ýerine ýetirmegi hökmany zerurlyk hasaplaýanlaryň kimlerdigi aýdylýar. Olaryň dünýäde we ahyretde ýetjek derejeleri wasp edilýär.
Bismillä hirrahmä nirrahym
Kurany Kerimiň 29 süresi «Hurufi-mukatta» («Aýratyn harplar») diýlip atlandyrylýan aýatlar bilen başlaýar. Olar bile ýazylsalaram, aýratyn okalýan harplaryň birliginden emele gelýär. Şeýle-de bolsa, olar harplaryň tötendän yzly-yzyna ýazylmagy esasynda dörän özbaşdak many aňlatmaýan sözler däldir. Tefsir alymlary olaryň manysy dogrusynda dürli pikirleri orta atýarlar. Has dogrusy, olara Allatagala bilen Pygamberimiziň (s.a.w) arasyndaka syrly habarlaşyk serişdesi hökmünde garaýarlar we olaryň näme many aňladýandygyny Allatagaladan başga hiç kimiň anyk bilip bilmejekdigini belleýärler. Allatagala dürli tondaky ses signallaryny ugratmak bilen adamlaryň ünsüni özüni çekýär. Onsoň şeýle üýtgeşik sesi eşidip, allaniçigsi bolýan adam sähel salymlygam bolsa iş-pişesini taşlap, beýik ylahy habara gulak gabardanyny duýman galýar. Galyberse, Kuranda belli-belli harplara dyngy berilmegine şeýle düşünmek hem bolar: ýagny Allatagala bize «Kuranyň her bir aýaty ine şu görýän harplaryňyzdan emele gelendir. Gaýratyňyz çatsa, siz hem şol bir harplary ulanyp, Kuranyň aýatlaryna çalymdaş sözleri aýtjak bolup göräýiň» diýýär, adam oglunyň ejizdigini ýüzüne basýar.
Aýatda geçýän «el-Kitab» sözi arap dilinde «Ýazylyp, bellige alnan zat» diýmegi aňladýar. Bu diýildigi Kuran hökman ýazylyp, bellige alynmaly diýildigidir. Kuran şeýle bir deňsiz-taýsyz ajaýyp kitap welin, kitap diýlende ilki bilen Kuran ýadyňa düşmeli. Hut şonuň üçin hem beýleki kitaplaryň ählisi onuň manysyny düşündirmek üçin ýazylmaly.
Arap dilinde «takwa» diýmek, «goranmak, gaça durmak» diýmegi aňladýar. Takwalyk düşünjesi adamy ilkinji nobatda küfür (imansyzlyk), şirk (köphudaýlylyk) ýaly nogsanlyklardan alyp galýar, ony haramhorlykdan hem-de Hudaýyň emrine garşy gitmekden goraýar, ahyretde bolsa dowzah odundan halas edýär. Takwa adama «muttaky» diýilýär.
«Gaýb» diýmek, arap dilinde «göze görünmeýän zat» diýmegi aňladýar. Dini termin hökmünde duýgy organlarynyň we akylyň üsti bilen akyl ýetirip bolmaýan zada «gaýb» diýip aýdylýar. Haýsydyr bir zadyň «gaýb» kategoriýasyna degişli bolmagy adama häsiýetlidir. Allatagala üçin bolsa «gaýb» diýen zat ýok. Elbetde, Allatagala bir tarapdan biziň üçin «gaýb» kategoriýasynda durýar, şeýle-de bolsa oňa asla «gaýyp» diýip bolmaz.
Bu ýerde Töwrat, Injil, Zebur ýaly kitaplaryň üýtgedilmedik başky nusgalarynyň Allatagala tarapyndan iberilendigine ynanmaklygyň Yslam dininiň iman esaslaryna degişli bolup durýandygy nygtalýar.
Süräniň 67-71-nji aýatlarynda geçýän «bakara» («sygyr») kyssasynyň esasynda oňa «Bakara» diýip at berilýär. Sygryň soýulmagy ýaly adaty bir wakanyň üstünde döwnelip, giden bir sürä «Bakara» diýlip at berilmegi ýönelige bolmasa gerek. Kuran imanyň esasyny emele getirýän düşünjeleri adamlaryň aňyna ornaşdyrmak üçin, şol düşünjeleriň simwoliki beýanyny aňladýan adaty wakalary käte jikme-jik gürrüň berýär. Allatagala hezreti Musany pygamber edip iberýär we ysraýylogullarynyň urp-adatlarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan sygra çokunmak ynanjyny düýp-teýkary bilen ýok edýär. Kuran sygyr kyssasyny gürrüň bermek bilen, esasanam, şoňa ünsi çekmek isleýär.
[1] Muhammet aleýhissalamyň Mekgeden Medinä göçüp gideninden (hijretden) soňky durmuşyny öz içine alýan döwre «Medine döwri» diýip at berilýär. Hut şonuň üçin hijretden soň diňe Medinede däl, beýleki ýerlerde inen süreler hem «Medeni» süreler diýlip atlandyrylýar.
[2] Kuranda «Ähli-kitap» diýlende, jöhitler we hristiýanlar göz öňüne tutulýar.