Üçünji mysal
Sahyhy-Muslimde, galyberse-de, beýleki sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýän bu wakany hezreti Jabir (r.a) gürrüň berýär:
Bir saparda Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyndadym. Ol (s.a.w) aýak ýoluna çykmak üçin ýer penalady. Töwerekde buky ýer ýokdy. Ýöne iki sany agaç ösüp otyrdy. Pygamberimiz (s.a.w) bir agajyň şahasyndan tutup, ýöräp ugrady. Agaç hem tabyn bolup, Onuň (s.a.w) ýany bilen ýöräberdi. Ol (s.a.w) agajy beýleki agajyň ýanyna alyp geldi. Soňra olara garap şeýle diýdi:
اِلْتَئِمَا عَلَىَّ بِاِذْنِ اللّهِ[1]
Şonda agaçlar birleşip, pygamberimiziň (s.a.w) üstüne pena boldular. Allanyň resuly (s.a.w) işini bitirenden soňra olara ýerlerine gitmegi emr etdi. Olar hem gitdiler.[2]
Bu waka hezreti Jabiriň (r.a) adyndan başgaçarak hem gürrüň berilýär:
Allanyň resuly (s.a.w) maňa şeýle diýdi:
يَا جَابِرُ قُلْ لِهذِهِ الشَّجَرَةِ يَقُولُ لَكِ رَسُولُ اللّهِ: اِلْحَقِى بِصَاحِبَتِكِ حَتَّى اَجْلِسَ خَلْفَكُمَا
(Şol agaçlara «Allanyň resulyna (s.a.w) pena bolmak üçin birleşiň» diýip aýt)». Menem onuň (s.a.w) diýenini (agaçlara) aýtdym. Olaram birleşdiler. Men beýleräkde garaşyp durdum. Birhaýukdan Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam ol ýerden çykyp geldi we (iki agaja) başy bilen ümläp, sag we sol tarapy görkezdi. Şondan soňra ýaňky iki agaç öňki ýerlerine baryp ornaşdy.[3]
Dördünji mysal
Ygtybarly habara görä, Resuly-Ekremiň (s.a.w) batyr serkerdesi we hyzmatkäri bolan Usame ibni Zeýd (r.a) gürrüň berýär:
Bir saparda Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyndadym. Ol (s.a.w) aýak ýoluna çykar ýaly bukurak ýer gözledi, ýöne tapmady. Onsoň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam maňa (garap) şeýle diýdi:
هَلْ تَرَى مِنْ نَخْلٍ اَوْ حِجَارَةٍ[4]
Men: «Hawa, bar» diýdim. Onsoň Ol (s.a.w) (maňa şeýle diýip emr etdi): اِنْطَلِقْ وَقُلْ لَهُنَّ اِنَّ رَسُولَ اللّهِ يَاْمُرُكُنَّ اَنْ تَاْتِينَ لِمَخْرَجِ رَسُولِ اللّهِ وَقُلْ لِلْحِجَارَةِ مِثْلَ ذلِكَ
(şol agaçlara: «Allanyň resuly (s.a.w) aýak ýoluna çykmak isleýär, birleşiň» diý, şol daşlara-da: «Ýygnanyp diwar boluň» diý!)
Men bu aýdylanlary baryp, (şol ýerdäki agaçlara we daşlara) ýetirdim.
Ant içip aýdýaryn, agaçlar birleşdiler, daşlaram ýygnanyp, diwar emele getirdiler. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam işini tamamlansoň, maňa şeýle diýdi:
قُلْ لَهُنَّ يَفْتَرِقْنَ[5]
Erkim gudrat elinde bolan Zaty-Züljelala kasam bolsun, ýaňky agaçlar we daşlar dargaşyp, ýerlerine gidiberdiler.[6]
Ýala ibni Murre, Gaýlan ibni Selemetis-Sekafi we hezreti Ibni Mesud ýaly şahsyýetler hem Huneýn söweşinde bolup geçen hezreti Jabir bilen Usamäniň gürrüň beren şu iki wakasyna hutma-hut meňzeýän bir hadysany gürrüň beripdirler.
Bäşinji mysal
Bu hadysy müçtehidlik başarnygyndan ötri «Şafiýi-Sani (Ikinji ymamy-Şafiý)» lakamyny alan, döwrüniň beýik ulamasy ymam Ibni Furek beýan edipdir:
Taýife ýöriş edilende Resuly-Ekrem (s.a.w) gije wagty atyň üstünde uka gidýär. Şonda ýolunyň ugrunda bir sidre (çereşnýa) agajy gögerip oturan eken. At ýoluny ütgetmän öz maýdalyna gitmese, pygamberimiz (s.a.w) oýanaýmagy mümkindi. Şonuň üçin agaç dik ortasyndan ikä bölünýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hem aty bilen onuň arasyndan geçip gidýär. Gürrüňi edilýän şol agaç häzirki günem şol edasyny saklap, dik aýakda dur.[7]
Altynjy mysal
Bu ygtybarly habary hezreti Ýala (r.a) gürrüň berýär:
Bir gezek saparda wagtymyz talha ýa-da semure ady bilen bilinýän bir agaç edil togap edýän ýaly bolup, Resuly-Ekremiň (s.a.w) töwereginden aýlandy. Soňam ýerine baryp ýerleşdi. Şonda Resuly-Ekrem (s.a.w) şeýle diýdi:
اِنَّهَا اِسْتَاْذَنَتْ اَنْ تُسَلِّمَ عَلَىَّ
(Şol agaç) maňa salam bermek üçin Haktagaladan rugsat sorady).[8]
Ýedinji mysal
Muhaddisler (hadysçy alymlar) bu ygtybarly habary ibni Mesudyň (r.a) adyndan beýan edipdirler:
Batni-Nahl diýilýän ýerde Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna Nusaýbin jynlary geldi. Olar dogry ýola düşmek isleýän ekenler. Şonda pygamberimize (s.a.w) olaryň gelenini bir agaç habar berdi.
Ymam Mujahid bu hadysy beýan eden wagtynda ibni Mesudyň (r.a) adyndan ine, şulary hem gürrüň berýär:
Jynlar pygamberimizden (s.a.w) (pygamberligini subut edýän) bir delil talap etdiler. Onsoň Resuly-Ekrem (s.a.w) bir agaja ýanyna gelmegini buýurdy. Agaç (ýerden köklerini çykaryp, pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna) geldi. Soňra-da ýerine gidip ornaşdy.[9]
Görşümiz ýaly, jynlaryň iman getirmegi üçin ýeke mugjyza ýeterlik bolupdyr. Onsoň şunuň ýaly mugjyza wakasynyň müňlerçesini eşidibem imana gelmeýän ynsanlar jynlaryň:
يَقُولُ سَفِيهُنَا عَلَى اللّهِ شَطَطًا[10]
diýip suratlandyrýan şeýtanlaryndan beter şeýtan dälmidir eýsem?!
Sekizinji mysal
Tirmiziniň «Sahyhynda» hezreti Ibni Abbasyň (r.a) adyndan beýan edilýän ygtybarly habar:
Resuly-Ekrem (s.a.w) sähraýy araba garap şeýle diýdi:
اَرَاَيْتَ اِنْ دَعَوْتُ هذَا الْعِذْقَ مِنْ هذِهِ النَّخْلَةِ اَتَشْهَدُ اَنِّى رَسُولُ اللّهِ؟
(Ho-ol agajyň şol şahasyny çagyrsam, (ol hem ýanyma) gelse, iman getirermiň?)
Sähraýy arap: «Hawa» diýdi. Resuly-Ekrem (s.a.w) (şol şahany) çagyrdy. Şaha agaçdan gopup, hop edip, Resuly-Ekremiň (s.a.w) ýanyna geldi. (Pygamberimiz (s.a.w) oňa yzyna gitmegi) emr edensoň, ýene ýerine baryp ornaşdy.[11]
Ine, şu sekiz mysaldaky ýaly ýene kän mugjyza bar. Olar örän köp şahsyýetler tarapyndan gürrüň berlipdir. Ozalam aýdyşymyz ýaly, ýedi-sekiz sany ýüpi birikdip işiberseň, ondan gaýym tanap emele gelýär. Ine, şunuň ýaly meşhur syddyk sahabalar tarapyndan gürrüň berlen şu agaç bilen baglanyşykly mugjyza hadysalaryny-da, ýagny habarlary tewatür habar hökmünde kabul edilmeli, hatda hakyky tewatür habar diýlip ykrar edilmeli. Galyberse-de, bu habarlar sahabadan tabygyna geçmek bilen tewatür derejesine çykýar. Esasanam, Buharynyň, Müslimiň, Ibni Habbanyň, Tirmiziniň sahyh kitaplarynda sahabalara baryp direýänçä, ýoly irginsiz, jikme-jik yzarlanan, ygtybarlylygyna çirksiz göz ýetirilen sahyh habarlar ýer alýar. Şonuň üçin, Buharyda geçýän islendik hadysy sahabadan diňleýän diýip kabul edibermeli.
Hulasa, mysallardan görşümiz ýaly, agaçlar Resuly-Ekremi (s.a.w) tanaýar, Onuň pygamberligini tassyklaýar, Onuň bilen salamlaşýar, onuň ýanyna zyýarata gelýär, emrlerini diňleýär, oňa etagat edýär. Diýmek, özüne ynsan diýýän käbir daşýürek, akylsyz mahluklar ony tanamasa, oňa iman getirmese, gury agaçdan hem örän pes, odun bölegi ýaly ähmiýetsiz, bigymmat zat hökmünde ataşda ýanmaga laýyk eken-dä?!
Onunjy bellik
Hanynül-jiz[12] mugjyzasynyň beýany.
Hanynül-jiz mugjyzasy mütewatür görnüşde beýan edilipdir. Bu mugjyza mübärek Mesjidi-Nebewide birgiden jemagatyň gözüniň öňünde bolup geçipdir. Gürrüň Ahmet aleýhyssalatu wessalamdan az wagtlyk aýra düşen gury diregiň ses edip aglaýşy hakynda gidýär. Ine, şu täsin waka ýokarda beýan edilen agaçlar bilen baglanyşykly mugjyzalaryň bolup geçendigini has hem güýçlendirýär. Direg hem agaç jynsyndan. Diýmek, hanynül-jiz mugjyzasy agaç bilen baglanyşykly. Bu wakanyň habarlyk mertebesi barada aýtmaly bolsa, özbaşyna alanymyzda-da gönüden-göni mütewatür habar bolup durýar. Beýleki mugjyza görnüşleri bolsa özleriniň bütin mysallary bilen birlikde mütewatür habar derejesine çykýar. Olara degişli wakalaryň köpüsiniň habarlyk mertebesi hakda, aýratynlykda alanymyzda, anyk tewatür habar diýip bolmaýar.
Hawa, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam mübärek metjitinde hutba okan wagty, hurma agajyndan edilen bir direge söýenip durýardy. Soňra ýörite münber ýasalýar. Şunlukda, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam mübärek münbere çykyp, hutba okamaga durýar. Şonda hälki direg düýe ýaly bozlap, aglamaga başlaýar. Muny şol ýerdäki adamlaryň hemmesi eşidýär. Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam diregiň ýanyna barýar. Elini üstüne goýýar-da, onuň bilen gepleşip, köşeşdirýär. Direg diňe şondan soňra aglamasyny goýýar.[13]
Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň şu mugjyzasy örän köp kişi tarapyndan gürrüň berlipdir, ýagny tewatür mertebesindäki habardyr. Hawa, hanynül-jiz mugjyzasy halk arasynda giňden ýaýran, meşhurlyk gazanan hakyky mütewatür habardyr. Bu wakany ady belli on bäş sahaba gürrüň beripdir. Tabygynyň ýüzlerçe ymamy bolsa, olardan diňlän bu habaryny, senetleri (çeşmeleri) bilen birlikde, özlerinden soňkulara geçiripdir.
Bu hadysy gürrüň beren şahsyýetlere mysal edip, Enes ibni Mälik (pygamberiň hyzmatkäri), hezreti ensar Jabir ibni Abdulla (pygamberiň hyzmatkäri), hezreti Abdulla ibni Abbas, hezreti Sehl ibni Sad, hezreti Ebu Saidil-Hudry, hezreti Ubeý ibnil-Kab, hezreti Bureýde, hezreti Ümmül-müminin Ümmi Seleme (radyýallahu anhum) ýaly hadys aýtmagyň pirleri bolan meşhur alym sahabalary görkezmek bolar. Şu hadysany haýsy hadys kitabyndan okasaňyz okaberiň, hökmany suratda, başlangyç çeşmesi hökmünde ady geçen sahabalaryň birine baryp direýär. Meselem, Buharyda, Müslimde, şeýle hem, beýleki sahyh hadys kitaplarda bu ajaýyp mütewatür habar bütin senetleri (çeşmesi) bilen beýan edilipdir. Şeýdip beýleki asyrlara ýetirilipdir.
Hezreti Jabir (r.a) bu hadysany, ine, şeýle gürrüň berýär:
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam mübärek metjitde hutba okan wagty, hurma agajyndan bolan direge ýaplanýardy. Mübärek münber ýasalandan soňra (Pygamberimiz (s.a.w) hutbany şol ýerde okap başlady), direg (aýralyga) çydamady. Bogaz düýeleriň bozlaýşy ýaly, zaryn-zaryn aglady.
Hezreti Enes (r.a) bu wakany, ine, şeýle gürrüň berýär: «Gäwmiş ýaly aglady. Metjidi lerzana getirdi».
Sehl ibni Sadyň (r.a) gürrüň bermegine görä bolsa, şeýle bolupdyr: «Ol agladygy saýyn, adamlaryň hem agysy möwjäp ugrady».
Hezreti Übeýý ibnil-Kab (r.a) bolsa: «(Direg) aglamak aglady, hatda çat açdy» diýip gürrüň berýär.
Başga bir sahabanyň beýan emegine görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şonda şeýle diýipdir:
اِنَّ هذَا بَكَى لِمَا فَقَدَ مِنَ الذِّكْرِ
(Ol ýanynda durup okalýan hutbalardan – ylahy zikirlerden aýra düşmekden ötri aglaýar)».
Ýene bir hadysa görä, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şonda şeýle diýipdir:
لَوْ لَمْ اَلْتَزِمْهُ لَمْ يَزَلْ هكَذَا اِلَى يَوْمِ الْقِيَامَةِ تَحَزُّنًا عَلَى رَسُولِ اللّهِ
(Ony gujaklap, teselli bermedik bolsam, Allanyň resulyndan aýra düşendigi sebäpli, tä kyýamata deňiç aglajakdy).
Hezreti Bureýdäniň (r.a) adyndan gürrüň berilýän hadysda bolsa şeýle diýilýär:
Direg aglamaga başlansoň, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam elini onuň üstünde goýup, şeýle diýdi:
اِنْ شِئْتَ اَرُدُّكَ اِلَى الْحَائِطِ الَّذِى كُنْتَ فِيهِ تَنْبُتُ لَكَ عُرُوقُكَ وَيَكْمُلُ خَلْقُكَ وَيُجَدَّدُ خُوصُكَ وَثَمَرُكَ وَاِنْ شِئْتَ اَغْرِسُكَ فِى الْجَنَّةِ يَاْكُلُ اَوْلِيَاءُ اللّهِ مِنْ ثَمَرِكَ[14]
Soňra-da direg (özüniň bu teklibine) näme diýýär, şoňa gulak berdi. Diregiň dile gelip, şeýle diýenini arka tarapda duran adamlar eşitdi:
اِغْرِسْنِى فِى الْجَنَّةِ يَاْكُلُ مِنِّى اَوْلِيَاءُ اللّهِ فِى مَكَانٍ لاَ يَبْلَى
(Meni jennetde oturt! Goý, meniň miwelerimden Haktagalanyň söýgüli gullary iýsin. Ol ýeri bakyýet, çüýremek (diýen zat) ýok).
Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam şeýle diýdi:
قَدْ فَعَلْتُ[15]
Yzyndanam şeýle diýdi:
اِخْتَارَ دَارَ الْبَقَاءِ عَلَى دَارِ الْفَنَاءِ[16]
Kelam ylmynyň beýik ymamlaryndan meşhur Ebu Yshak Isferany bolsa, ine şulary gürrüň berýär: «Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam diregiň ýanyna gitmedi. Eýsem diregi ýanyna çagyrdy, ol hem geldi. Soňra-da ýerine dolanmagy buýurdy. Ol hem ýerine gitdi.[17]
Hezreti Ubeýý ibni Kabyň (r.a) gürrüň bermegine görä, şol täsin wakadan soňra Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam (adamlara): «Diregi münberiň aşagynda ýerleşdiriň» diýip tabşyryk beripdir. Aýdylyşy ýaly hem edilipdir. Haçanda mübärek metjitde abadanlaşdyrmak işleri başlanda, hezreti Ubeýý ibni Kab ony öz ýanyna alypdyr. Çüýreýänçä-de saklapdyr.[18]
Meşhur Hasan Basry hezretleri şu mugjyza hadysasyny şägirtlerine gürrüň beren wagty aglap, şeýle diýer eken: «(Ýönekeý bir) agaç Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam diýip ýanyp köýýär, ony küýseýär. Sizler ondan müň beter «Ol» diýip ýanyp köýmelisiňiz, Oňa muhabbet etmelisiňiz».[19]
Biz hem öz gezegimizde şuny diýýäris: «Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalama bolan küýsegiňiz we söýgiňiz Onuň (s.a.w) sünneti-seniýýesine we beýik şerigatyna etagat edişiňiz bilen ýüze çykýandyr».
[1] Allanyň rugsady bilen üstüme pena boluň!
[2] Muslim, «Züht» 74, 4/2301, 2306, hadys №3006, 3012; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/8, 18, 20,21; Kady Yýaz, «Şifa», 1/299.
[3] Kady Yýaz, «Şifa», 1/299. Muslim, «Züht» 74, 4/2301, 2306, hadys №3006, 3012; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/8, 18, 20,21;
[4] (Töwerekde) hurma agajy ýa-da daş görýärmiň?
[5] Aýt! Dargabersinler.
[6] Kady Yýaz, «Şifa», 1/300, 301; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe» 6/24-25; Ajluni, «Kenzul-Ummal» 12/403.
[7] Kady Yýaz, «Şifa», 1/301, 302.
[8] Kady Yýaz, «Şifa», 1/301; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/23, 24.
[9] Buhary, 5/58; Ebu Dawud, 1/20; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 2/225; Kady Yýaz, «Şifa», 1/301.
[10] «Emma biziň (içimizden käbir) nadanlar (azgyn jynlar) Alla hakda asylsyz (hakykat bolmadyk) sözleri aýdýarlar». («Jyn» süresi, 72/4).
[11] Müsned, 3/93; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 6/15.
[12] Hurma töňňesiniň iňlemesi.
[13] Buhary 2/11, 3/80; Müslim, hadys № 2374; Kady Yýaz, «Şifa», 1/303-305; Neseýi, 3/1023; Beýhaky, 6.66; Ajluni, «Kenzül-Ummal», 12/411; Ibni Kesir, «el-Bidaýe wen-Nihaýe», 125-132; Kettany, «Nazmül-Mütenasir», 135-135; Tirmizi, «Juma» 10; Darimi, «Menakib» 6.
[14] Eger isleseň, ilki gögerip çykan bagyňa eltip oturdaýyn, ýene kök salyp, agaç bolarsyň, ýaprak çykararsyň, miwe berersiň. Bolmasa-da jennet (baglarynda) oturdaýyn. Allanyň dostlary miwäňden iýer.
[15] Şeýle etdim.
[16] Bu pany dünýä derek, bakyýeti saýlap aldy.
[17] Kady Yýaz, «Şifa», 1/304.
[18] Kady Yýaz, «Şifa», 1/304; Ibni Maje, «Ikametas-Salat» 199; Darimi, «Mukaddime» 6.
[19] Kady Yýaz, «Şifa», 1/305.