Şu eserde pygamberimiziň (s.a.w) üç ýüzden gowrak mugjyzasy beýan edilýär. Eseriň özi hem Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň mugjyzalarynyň özboluşly bir keramatydyr. Muny eser neşir edilen wagty ýüze çykan şu täsin ýagdaýlar görkezýär:
Birinjisi. Eserdäki mugjyzalar hadys kitaplarynda beýan edilýär. Bu eseriň göwrümi ýüz sahypadan geçýär. Ýöne eser ýazylan wagtynda, ýanymyzda hiç bir hadys kitaby ýokdy. Ýagny beýan edilen wakalar ýatdan ýazyldy. Has takygy, günde iki-üç sagat işlemek bilen bary-ýogy üç-dört günüň içinde, jemi on iki sagadyň dowamynda ýazylyp gutaryldy. Özi hem daglyk, baglyk ýerlerde ýazyldy. Bu keramat däl-de, näme eýsem?!
Ikinjisi. Eseriň göwrümi uly hem bolsa, nusgasyny göçürýän kişi ony ne ýazmakdan, ne-de okamakdan ýadaýardy. Gaýtam, ýazmagy ýokuş görýänlerem gaýrata geliberýärdi. Dürli hili kynçylyklaryň agdyklyk edýän şu döwründe bir ýylyň dowamynda bu jelagaýda onuň ýetmişe ýakyn nusgasy biri-birinden göçürilip köpeldildi. Mundan habardar bolan kişiler hiç gypynç etmän, «Bu täsin ýagdaý bolsa-bolsa pygamber mugjyzasynyň bir keramatydyr» diýýärler.
Üçünjisi. Bu eserde tewafuk[1] hadysasynyň bardygyndan özümizem bihabardyk. Biz soňradan ynha, şeýle bir täsin ýagdaýyň şaýady bolduk: bir öwrenje kätibiň, şeýle hem, ýene sekiz kişiniň ýazyp göçüren nusgalarynda geçýän «Resuly-Ekrem (aleýhyssalatu wessalam)» sözi, şeýle hem, eseriň bäşinji bölegindäki «Kuran» sözi bir-birine gabat gelip, täsin şekili emele getiren eken. Bu täsinligi gören islendik kişi dynnym ýaly ynsaby bar bolsa, ony tötänlik bilen düşündirip bilmez. «Munda bir gizlin syr bar, bu Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň mugjyzalarynyň keramatydyr» diýer.
Bellik: eseriň başynda beýan edilýän esaslar uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem, eserdäki wakalaryň tas hemmesi diýen ýaly hadysçy ulamalaryň biragyzdan ykrar edýän sahyh hadyslaryna daýanýar. Bu eserde pygamberlik bilen baglanyşykly ýüze çykan anyk wakalar öz beýanyny tapýar. Dogrusy, eseriň bütin aýratynlyklaryny sanap çykmak üçin ýene şunuň ýaly bir eser ýazmak gerek. Şonuň üçin kitap muşdaklaryna maslahatym, ony hökmany suratda bir gezek okap çyksynlar!
Bellik. Bu eserde diýseň köp hadys beýan edilýär. Ýöne ony beýan eden wagtym ýanymda hiç hili hadys kitaby ýokdy. Mundan ötri hadyslaryň sözlerinde säwlik giden bolmagy mümkin. Eger şeýle bolsa ýa-ha düzediň, ýa bolmasa-da, «hadysy-bilmana»[2] diýip kabul ediň. Çünki bu usul ulama arasynda makul görülýär, ýagny hadysyň manysyny öz sözleriň bilen beýan etmeklige rugsat berilýär. Diýmek, hadyslaryň sözlerinde ýalňyşlyk giden bolsa, «hadysy-bilmana» nukdaýnazaryndan seretmek gerek.
Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň mugjyzalary
بِاسْمِهِ سُبْحَانَهُ[3] وَاِنْ مِنْ شَيْءٍ اِلاَّ يُسَبِّحُ بِحَمْدِهِ[4]
بِسْمِ اللّهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِ
هُوَ الَّذِى اَرْسَلَ رَسُولَهُ بِالْهُدَى وَدِينِ الْحَقِّ لِيُظْهِرَهُ عَلَى الدِّينِ كُلِّهِ وَ كَفَى بِاللّهِ شَهِيدًا مُحَمَّدٌ رَسُولُ اللّهِ[5]
«On dokuzynjy sözde» hem-de «Otuz birinji sözde» Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi anyk deliller bilen subut edilýär. Meseläniň bu jäheti barada şol ýerden okap bilersiňiz. Şu ýerde bolsa bu beýik hakykatyň käbir inçe manylary açylyp görkezilýär. Munuň üçin şu goşmaça «On dokuz belligi» dykgatyňyza ýetirýäris.
Birinji bellik
Şu älemiň Eýesi, şu älemiň Dolandyryjysy edýän her bir işini bilip, hikmet bilen edýär. Ol her bir ýeri görýär, şoňa görä dolandyrýar. Her bir barlygy bütin aýratynlygy bilen bilýär, görýär, terbiýe edýär. Her bir zady öz islegine laýyklykda, belli hikmetlere, maksatlara, peýdalara görä edara edýär.
Ine, şu zatlary edip bilýäne bilimdar diýmek gerek. Bu babatda söz sözlemek hem onuň paýyna düşse gerek. Sözleşmek üçin bolsa aňly, düşünjeli, sözläp bilýän bir barlyk gerek. Şeýle barlyk bolsa, beýleki aňly barlyklardan köptaraplylygy we giň düşünjeliligi bilen tapawutlanýan ynsan bolsa gerek. Diýmek, Ol ynsan bilen sözleşse gerek. Ynsanlaryň arasynda-da söhbetdeşlige iň laýyk, iň kämil bolanlary bar. Ana, älemiň Eýesi şolar bilen, ýagny iň kämil, iň ukyply, iň ahlakly, adamzada çelgi bolup hyzmat etjek ynsanlar bilen sözleşse gerek. Onuň ýaly bolsa, dost-u-duşmanynyň ykrar etmegine görä, deňsiz-taýsyz ukyplar berlen, belent ahlagyň eýesi, adamzadyň bäşden birisiniň ymamy, Ýer toglagynyň ýarysynyň ruhy hökümdary, getiren nury bilen gelejegiň müň üç ýüz ýylyny ýagtyldan, nurana kişileriň, ähli-imanyň günde bäş gezek gol berýändigini bildirip, dowamly ähdi-peýman edeni, dogaýy rahmet okap, sagadatlyk diläni, dilleriniň senasy, kalplarynyň söýgüsi Muhammet aleýhyssalatu wessalam bilen sözleşse gerek. Sözleşipdirem. Ony resuly edip bellese gerek. Belläpdirem. Bütin adamzada ýol görkeziji edip saýlasa gerek. Saýlapdyram.
Ikinji bellik
Pygamberligini yglan eden Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam pygamberliginiň delili hökmünde Kurany-Azymüşşan[6] ýaly beýik permany sunupdyr. Şeýle hem, ulamalaryň ykrar etmegine görä,[7] müňe ýakyn mugjyza görkezipdir. Onuň mugjyzalary-da pygamberligi deýin şübhesizdir. Kurany-Haki:miň birnäçe ýerinde kapyrlaryň pygamberimizi jadygöýlükde aýyplaýyşlary hakynda söz açylýar. Bu bolsa şuny görkezýär: kapyrlar şol mugjyzalary öz gözleri bilen görüpdirler. Muny inkär edip bilmänsoňlar, özlerini hem-de ýaranlaryny aldamak üçin pygamberimizi jadygöýlükde aýyplamaga mejbur bolupdyrlar.
Hawa, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň mugjyza görkezendigi ýüz tewatür[8] güýjünde anykdyr. Mugjyza diýmek bolsa Haktagalanyň öz bendesini pygamber edip saýlandygynyň tassyknamasydyr, bendesini «sadakte»[9] («Ras aýdýaň!») diýip makullamagydyr. Mysal üçin, sen mejlisde ýa-da hökümdaryň gözüniň öňünde «Hökümdar maňa pylan wezipäni ynandy» diýip gepleseň, daşyňdakylar seniň bu aýdan sözüňe delil görkez diýmegi ahmal. Hökümdar hem «Munuň aýdýany dogry» diýip, seniň sözüňi tassyklasa gerek. Şonda hökümdar seniň haýyşyň boýunça hemişeki adatyny, öňden ýöräp duran kada-kanunyny üýtgedäýse dagy, seniň sözüň dogrulygy has kesgitli, has ygtybarly bolar.
Edil şonuň ýaly-da, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hem: «Şu älemiň Halygy meni size wekil edip iberdi» diýýär. Sözüne delil edip, ýüzlerçe mugjyza görkezýär. «Halygym hemişeki adatyny, öňden bäri ýöredip gelýän düzgünini meniň islegim we haýyşym bilen üýtgedýär. Ynanmasaňyz, barmaklaryma serediň! Ine, çeşmeden akýan ýaly bäşisindenem şaglap suw akýar. Aýa garaň! Barmagym bilen yşarat edýän welin, ol ikä bölünýär. Şu agaja serediň! Meniň sözümi tassyklamak üçin ýanyma gelýär, şahadat kelemesini gaýtalaýar. Bary-ýogy iküç adama ýetjek iýmit bilen iki ýüz, üç ýüz adam doýýar!»
Şu ýerde bir zady bellemek gerek. Pygamber Serwerimiziň hiç bir sözüniň iki çykmajakdygyny, onuň hakykatdan-da pygamberdigini diňe mugjyzalary däl, eýsem her bir hereketi, edýän her bir işi, aýdýan her bir sözi, ahlagy, ahwaly, hüý-häsiýeti, kaddy-kamaty hem görkezýär. Ýagşy-ýamany saýgaryp bilýän her bir adam muňa düşünýär. Meselem, ysraýylogullaryndan meşhur Abdulla bin Selam (r.a) ýaly alym kişiler pygamber aleýhyssalatu wesselamyň mübärek roýuna gözi düşenden, «Bu ýüzde ýalan, hile ýok, bolubam bilmez»[10] diýip, iman getiripdir.
Ulamalar Muhammet aleýhyssalatu wesselamyň pygamberligini tassyklaýan delildir mugjyzalaryň müňe ýakyndygyny aýdýan hem bolsa, aslynda onuň mugjyzalarynyň sany müňlerçedir, hatda ýüz müňlerçedir. Ýüz müňlerçe ýoly yzlaýan, ýüz müňlerçe dürli pikire gulluk edýän adamlar onuň pygamberligini ykrar edýär. Kurany-Haki:miň kyrka golaý mugjyzawy aýratynlygyny aýtmanymyzda-da, onda Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligini subut edýän müňlerçe delil bardyr.
Adamzat döräli bäri pygamberlik bardyr. Taryha ser salsak, ýüz müňlerçe pygamber ýaşap geçipdir. Olar özleriniň pygamberligini subut etmek üçin mugjyza görkezipdirler.[11] Şu ýerde bir hakykaty aýtmak gerek: bütin pygamberlerden tapawutlylykda, Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberligi has güýçli dabaralanýar. Çünki Isa, Musa (aleýhymussalam) ýaly bütin pygamberleriň nebiligini ykrar edýän deliller, wasplar, ahwallar, olaryň ymmatlaryna bolan gatnaşyklary Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň pygamberliginde has kämil derejä ýetipdir, köpdürli häsiýete eýe bolupdyr.
Şeýlelikde, Ahmet aleýhyssalatu wessalamda pygamberligi alamatlandyrýan esaslardyr sebäpler has ýiti görünýän bolsa, onda onuň pygamberligi-de beýleki pygamberleriňkiden has kesgitlidir, has anykdyr.
Üçünji bellik
Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň görkezen mugjyzalary örän köpdürlüdir. Resul-Ekremiň (s.a.w) pygamberligi umumy häsiýete eýedigi üçin, onuň (s.a.w) älemdäki barlyklaryň tas hemme görnüşi bilen baglanyşykly mugjyzasy bardyr. Mysal üçin, bir patyşa iň ynamdar, iň ýakyn wezirini dürli-dümen sowgatlar bilen köpmilletli şäherleriniň birine iberýär. Mundan habardar bolan halk weziri şanyna laýyk garşylamak isleýär. Munuň üçin her milletden bir wekil saýlanýar. Olaryň hersi öz ene dilinde uly joşgun bilen «Hoş geldiň! Sapa geldiň!» diýşip, weziri garşy alýarlar. Ine, Ezeli we Ebedi Soltanyň iň ýakyn, iň uly wekili Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam äleme mübärek gadamyny basanda-da şeýle bolupdy. Hawa, Ol (s.a.w) Ýer togalagynyň ýaşaýjysy bolan ynsanlaryň arasyna Beýik Ýaradanyň wekili bolup gelipdi. Şonda Ol (s.a.w) ýany bilen älemiň Halygynyň bu jahanyň syrlaryny açyp görkezýän hakykat nurlaryny we ruhy sowgatlaryny getiripdi. Ony (s.a.w) daş, suw, agaç, haýwan, ynsan, galyberse Aý, Gün, ýyldyz ýaly «milletleriň» wekilleri elleri «mugjyza» gülli garşy alypdylar, her biri öz «ene dilinde» «Hoş geldiň! Sapa geldiň!» diýipdiler.
Owaly bilen şuny bilmek gerek: Muhammet aleýhyssalatu wessalamyň görkezen mugjyzalaryny birin-birin sanap çykmaly bolsa, kän jilt kitap ýazmaly bolar. Dogrusy, asfiýadyr ulamanyň pygamberlik delillerini giňişleýin beýan edýän kitaplary bar. Biz bolsa şu ýerde Pygamberimiz (s.a.w) bilen baglanyşykly mugjyzalaryň hemme görnüşinden diňe anyk we magnawy mütewatür hasaplanýanlaryny gysgaça beýan edip geçeris.
Ahmet aleýhyssalatu wessalamyň pygamberliginiň delilleri ikä bölünýär:
Birinjisi, «Irhasat» diýilýän, pygamberlik berilmezden öň hem-de dünýä inen wagtynda ýüze çykan adatdan daşary hadysalar;
Ikinjisi, pygamberligiň beýleki delilleri. Bu hem iki topara bölünýär:
Birinjisi, pygamberlik berlenden soňra ýüze çykan, onuň pygamberligini ykrar edýän adatdan daşary hadysalar;
Ikinjisi, sagadat asyrynda ýüze çykan adatdan daşary hadysalar. Bu ikinji kysym hem ikä bölünýär:
Birinjisi, Muhammet (s.a.w) pygamberiň şahsyýetinde, hüý-häsiýetinde, kaddy-kamatynda, ahlagynda, kämil sypatlarynda görünýän pygamberlik delilleri;
Ikinjisi, afaky – daşky: görünýän zatlar bilen baglanyşykly mugjyzalar. Şu ikinji kysym hem ikä bölünýär:
Birisi, magnawy (ruhy) – Kuran bilen baglanyşykly mugjyzalar. Beýlekisi, maddy älem, daş-töweregimizi gurşap alan barlyklar bilen baglanyşykly mugjyzalar. Bu hem ikä bölünýär:
Birisi, Resul-Ekremiň (s.a.w) pygamberligini yglan eden döwründe kejirlik bilen garşylyk görkezýän kapyrlara sapak bermek ýa-da imanlylaryň imanyny artdyrmak üçin ýüze çykan ajaýyp mugjyzawy hadysalar. Muňa mysal edip, Aýyň ikä bölünmegi, Onuň (s.a.w) barmaklaryndan suwuň akmagy, az iýmit bilen köp kişini doýurmagy, haýwanyň, agajyň, daşyň dile gelmegi ýaly ýigrimä ýakyn barlyk görnüşi bilen baglanyşykly mugjyzalary görkezmek bolýar. Bu mugjyzalaryň hemmesi magnawy tewatür derejesindedir. Özi hem bu hili hadysalar köp ýola gaýtalanypdyr.
Ikinji kysymy, Pygamberimiz (s.a.w) Haktagalanyň birdirmegi bilen geljekde ýüze çykjak hadysalary habar beripdir. Habar berşi ýaly hem dogry çykypdyr.
Ine, bu mugjyzalaryň şu soňky kysymyndan başlap beýan etmäge girişýäris. Beýanymyz gysgaça we umumy bolar.[12]
[1] Tewafuk – täsin gabat gelme ýagdaýy.
[2] Hadysy-bilmana – sözleri gabat gelmese-de, manysy taýyndan dogry bolan hadys.
[3]«Her dürli nogsan sypatlardan päk Subhan bolan Allanyň ady bilen!»
[4] «Oňa hamdy-sena bilen zikir aýtmaýan hiç bir zat ýokdur». («Isra» süresi, 17/44)
[5] «Rahman we Rahym bolan Allanyň ady bilen! (Dininiň mertebesini) hemme dinlerden beýgeltmek üçin resulyny dogry we hak din bilen iberen Oldur. Muňa Allanyň şaýatlygy ýeterlik. Muhammet Allanyň resulydyr». («Feth» süresi, 48/28-29).
[6] Kurany-Azymuşşan – Şany belent Kuran.
[7] Askalani, Fethul-Bari, 6/454; Newewi, Şerhu Sahihi-Müslim, 1/2.
[8] Tewatür – Sözüne ygtybar edilýän jemagat tarapyndan aýdylan, içinde hiç hili ýalan ähtimaly bolmadyk habar.
[9]Sadakte – Dogry aýdýaň!
[10]Suýuti, «Hasais», 1/473; Kady Iýaz, «Şifa», 1/207,247; «Mişkatul-Mesabih», hadys № 5870.
[11] Müsned, 5/266; Ibnul-Kaýýym el-Jewzi, Zadül-Mead (tahkik: el-Arnawud), 1/43-44.
[12] Gynansamam, meýilleşdirişim ýaly bolmady. Bu menden biygtyýar, kalba nähili ylham bolup gelen bolsa, şeýle-de beýan edildi we ýazyldy. Ýokardaky aýdyşymyz ýaly tertipde beýan edip bilmedim.