Sekizinji bellik
Suw bilen baglanyşykly ýüze çykan mugjyzalaryň beýany.
Giriş
Mälim bolşy ýaly, köpçüligiň gözüniň öňünde bolup geçen haýsydyr bir hadysa ahady (az sanly) çeşmä daýanyp, onuň gözli şaýatlary tarapyndan inkär edilmeýän bolsa, bu habaryň dogrulygyny görkezýär. Sebäbi ýalany inkär etmek adamyň ýasawunda bar. Şonuň üçin adam ýalana ýalan diýmän durup bilmeýär. Husasanam, sahabalar şeýledi. Çünki beýleki adamzat jemgyýetlerinden tapawutlylykda, olar ýalan sözüň jinnek ýalysyna-da tagapyl etmeýärdiler. Hususan, edilýän gürrüň Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam hakda bolsa, hususan, gürrüň berýän kişi meşhur sahabalaryň biri bolsa, şol gürrüňde ýalan bolup bilmez. Çünki haberi-wahid sahyby (gürrüň beriji) şol wagtyň özünde beýleki şaýatlaryň adyndanam çykyş edýär.
Ine, indiki beýan etmekçi bolýan suw bilen baglanyşykly mugjyzalar örän kän sahaba tarapyndan gürrüň berlipdir. Olary tabygynyň müňlerçe ulamasy sahabalaryň hut özlerinden diňläp, ýazyp alypdyr. Öz gezeginde olar hem gylyny gymyldatman ikinji asyryň müçtehidlerine elin gowşurypdyrlar. Müçtehidler hem eda bilen kabul edip alyp, gözüniň göreji deýin gorap saklapdyrlar. Öz gezeginde olar hem soňraky asyryň alymlaryna geçiripdirler. Netijede, bu hadyslar şonça jemgyýetiň müňlerçe ygtybarly nazarlarynyň berk gözegçiliginde biziň asyrymyza çenli gelip ýetipdir.
Hulasa, sagadatlyk asyrynda ýazylan hadys kitaplary üýgewsüz görnüşde Buhary we Müslim ýaly beýik hadys alymlarynyň eline gowşupdyr. Soňra olaryň çynlakaý barlagyndan geçirilipdir. Şübheli bolanlary aýyl-saýyl edilipdir. Ýagny diňe ygtybarly bolan hadyslar jemlenipdir. Ana, şolar hem ders almagymyz üçin bize sunulypdyr.
جَزَاهُمُ اللّهُ خَيْرًا كَثِيرًا[1]
Hawa, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalamyň mübärek barmaklaryndan suwuň çogup akmagy we ençeme adamyň ondan ine-gana içmegi mütewatür habardyr. Bu mugjyza şeýle adamlar tarapyndan gürrüň berlipdir welin, olaryň hemmesiniň şol bir zat hakynda ýalan sözlemegi asla mümkin däl. Diýmek, şeýle hadysa şeksiz-şübhesiz bolup geçipdir. Özi hem bu mugjyza üç sany uly jemagatyň arasynda üç ýola gaýtalanypdyr. Ine, pygamberimiziň (s.a.w) barmaklaryndan suwuň çogup akmagy we ummasyz goşunyň ondan içip doýmagy bilen baglanyşykly şu mugjyza Buhary, Muslim, Ymam Mälik, Ymam Amr ibni Şuaýb we Ymam Katade ýaly ady belli sahyh hadys alymlarynyň kitaplarynda pygamberimiziň (s.a.w) hyzmatkäri hezreti Enes, hezreti Jabir, hezreti ibn Mesud kimin meşhur sahabalaryň (r.a) adyndan ygtybarly çeşmeleri, senetleri bilen birlikde beýan edilýär.
Ine, biz şu ýerde pygamberimiziň (s.a.w) suw bilen baglanyşykly mugjyzasyna mysal edip, diňe dokuz sany wakany gürrüň bereris.
Birinji mysal
Bu ygtybarly habar Buharyda we Muslimde, galyberse-de, beýleki sahyh hadys kitaplarynda hezreti Enesiň (r.a) adyndan beýan edilýär:
Zewra diýen ýerde üç ýüze ýakyn adam bolup, Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam bilen birlikdedik. (Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam adamlara) ikindi namazy üçin täret almagy buýurdy. (Emma) suw tapylmady. Pygamberimiz (s.a.w) az hem bolsa suw tapyp getirmegi tabşyrdy. Bizem tapyp getirdik. (Pygamberimiz (s.a.w) mübärek ellerini gapdaky suwuň içine batyrdy. Bir seretsem, onuň barmaklaryndan çeşme ýaly lummurdap suw akýardy. Onsoň üç ýüz adamyň hemmesi gelip, şol suwdan hem täret aldy, hem içdi.[2]
Ine, hezreti Enes (r.a) bu wakany şol üç ýüz adamyň adyndan gürrüň berýär. Onuň şu gürrüňini eşiden şol üç ýüz adamyň, eger ylalaşýan bolsalar-ha goldamazlygy, ylalaşmaýan bolsalar-da inkär etmezligi mümkin däl.
Ikinji mysal
Şu mugjyza Buhary we Muslimde, galyberse-de, beýleki sahyh hadys kitaplarynda beýan edilýär. Ony ensardan hezreti Jabir ibni Abdulla (r.a) gürrüň berýär:
Hudeýbiýe saparynda müň bäş ýüz kişi bolup suwsuz galdyk. Şonda Resuly-Ekrem aleýhyssalatu wessalam «kyrba (gowa)» diýilýän deri gaba guýlup goýlan suwdan täret aldy. Soňra-da elini onuň içine sokdy. Bir seretsem, onuň barmaklaryndan çeşme ýaly lummardap suw akýardy. Müň bäş ýüz kişi şol suwdan içdi. Olar suw gaplaryny hem doldurdylar.
Salim ibni Ebil Jad (bu barada) Jabirden «(Şonda siz) näçe kişidiňiz?» diýip soranda, Jabir (r.a) oňa: «Biziň sanymyz on bäş ýüzdi (ýagny müň bäş ýüz), ýöne ýüz müň kişi hem bolsak ýetjekdi» diýip jogap beripdir.[3]
Ine, gündiz ýaly aýdyň şu mugjyza hadysasyny müň bäş ýüz kişi gürrüň berdi diýip kabul etmegiň gerek. Sebäbini aýtmaly bolsa, ozalam belleýşimiz ýaly, ynsan ýasawyna laýyklykda ýalan zady derrew inkär edýär. Sahabalar-a has hem şeýle. Çünki olar dürslügiň, dogrynyň hatyrasyna janyndan-emläginden, enesinden-atasyndan, urugyndan-taýpasyndan geçen ynsanlar. Galyberse-de, olar «Bilip-durup meniň aýtmadyk zadymy aýtdy diýip, ýalan sözleýän kişi dowzahdaky ýerine taýýarlanybersin»[4] manysynda aýdylýan hadysy-şerifi bilýän ynsanlar. Onsoň, sahaba halkynyň ýalan sözüň garşyna gelmän, lam-jim bolup durmagy mümkinmi eýsem?! Ras, olar hezretiň Jabiriň (r.a) aýdyp beren şol gürrüňine seslerini çykaranoklarmy, diýmek ykrar edýärler, ylalaşýarlar.
[1] Alla olara bol haýyrlar eçilsin!
[2] Buhary, 4/233; Muslim, hadys № 2279; Nesei, 1/60.
[3] Buhary, 4/234, 5/156; Muslim, hadys № 1856; Beýhaky, «Delailun-Nubuwwe», 4/110.
[4] Buhary, 1/38; Muslim, 1/10; Kettany, «Nazmul-Mutenasyr», s. 20-24.